|
Annagurban
Aºyrow,
Türkmenistanyò Milli medeniýet «Miras»
merkeziniò baºlygy, filologiýa
ylymlarynyò doktory
Mahmyt Zamahºary we Gündogaryò ylmy-edebi galkynyºy
Türkmen
halky dünýä ylmyna, dünýä medeniýetine uly goºant goºan
belli alymlaryò, söz ussatlarynyò onlarçasyny bagyºlady.
Biz bu ýerde türkmen topragynda doglup, ýaºap we döredip
geçen Muhammet Musa Horezmi, Abu Reýhan Biruni, Abu
Abdylla Horezmi, Abu Seýit Mäneýi, Abu Nasyr Faraby,
Nejmeddin Kubra, Ysmaýyl Jürjany, Suly, Mahmyt Zamahºary
ýaly onlarça meºhur alymlary göz öòünde tutýarys. Emma
syýasy sebäplere görä, ykbalyò türkmen halkyny dünýäniò
dört künjüne ýaýratmagy bilen baglanyºykly öz
topraklaryndan daº düºüp, dünýäniò ýedi yklymyna ýaýran we
ºol ülkelerde önüp-ösüp, ylmy we çeper döredijiligi bilen
meºhurlygyò belent mertebesine ýeten, gelip çykyºy
türkmenlerden bolan Mahmyt Kaºgary, Nyzamy Genjewi, Hysrow
Dehlewi, Fizuly, Nesimi, Baýram han ýaly beýik
ºahsyýetlerimiziò sany hem barmak basyp sanardan köpdür.
Ýöne, gynançly tarapy, geçen asyrda sowet ideologiýasy
türkmen halkynyò taryhyny öz halkyndan, dünýä meºhur
alymlaryny öz mirasdüºerlerinden, çeper sözüò ussatlaryny
öz muºdaklaryndan ýaºyrmaga çalyºdy we ol belli bir
derejede oòa baºardypdy. Türkmenistanyò öz Garaºsyzlygyny
jeòsiz-jedelsiz, gykylyk-galmagalsyz, asuda we oýlanyºykly
düzülen milli syýasat netijesinde gazanmagy bilen geçmiºi
öz bolºunda – ajysy-süýjüsi bilen, ýagºysy-ýamany bilen,
ºöhrat daragtynyò belent münberine çykan alymlaryny
ynanç-ygtykady bilen öwrenmeklige, iò esasy bolsa, olary
öz mirasdüºerlerine – ºu günki türkmen halkyna we dünýäniò
çeper söze, ylma sarpa goýýan halklaryna ýetirmeklige uly
mümkinçilik döredi. Hut Garaºsyzlygyò netijesinde Hoja
Ahmet Ýasawy, Nasreddin Rabguzy, Patyºa Hoja, Ysmaýyl
Jürjany, Mäne baba–Abu Seýit, Gaýmaz Türkmen, Hüseýin
Baýgara ýaly türkmeniò akyldar-alymlary, ºahyr-ýazyjylary
öz halkyna – mirasdüºerlerine ýetirildi. Olaryò
sylag-sarpasy, abraý-mertebesi öz mynasyp ornunda goýuldy.
Zamahºarynyò ömri we döredijiligi
barasyndaky maglumatlar ilkinji nobatda onuò biziò
günlerimize gelip ýeten ylmy we edebi eserlerinde, ºeýle
hem alymyò döwürdeºleriniò, ºägirtleriniò we ondan soòraky
döwürlerde ýaºap geçen gündogar taryhçylarynyò galdyran
miraslarynda gabat gelýär. Biz bu ýerde öòi bilen Samany,
Ibn Hallikan, Ibn Anbaryý, Ýakut Hamawy, Ibn Kiftiý, Ibn
Esir, Ibn Jöwzi we beýleki ýazarlaryò iºlerini göz öòünde
tutýarys. ªu we beýleki çeºmeleriò berýän maglumatlaryna
görä, dünýä ylmynyò taryhynda Horezmiò guwanjy, Allanyò
goòºusy, Allama – ýagny, köp ugurly alym ýaly abraýly
lakamlary göteren Abylkasym Mahmyt ibn Omar ibn Muhammet
1075-nji ýylyò Nowruz aýynyò 19-na, Çarºenbe-Hoºgüni
gadymy türkmen topragynyò uly Zamahºar obasynda – häzirki
Yzmykºirde dünýä inýär. Zamahºary Mekgede ýaºan mahaly öz
ºägirdi ªyhabeddin Ahmede ýazan hatynda: –Men Mahmyt ibn
Omar ibn Muhammet ibn Ahmet al-Horezmi, ýagny
Zamahºarydyryn, Horezmiò bir obasyndan. Zamahºary meniò
doglan ýurdumdyr – diýip, öz ata-babalary we doglan obasy
hakynda takyk maglumaty beripdir.
Zamahºary baºlangyç sowady
kakasyndan alypdyr. Metjidiò ymamy bolan Omar öz ogluna
okap-ýazmagy öwredýär. Ol takwa, dini-ygtykadyna mäkäm,
arassa ahlakly bir adam bolupdyr. Maglumatlara görä,
Omaryò ojagy köpçagaly türkmen maºgalasy bolup, ol öz
güzeranyny özi dolandyrýan, ýöne ýeterlik baýlygy bolmadyk
bir adam bolupdyr. Hut ºonuò üçin hem, ýagny durmuº
güzerany pes bolanlygy üçin öz obasyndaky metjitde ymamlyk
edýän Omar ilki aºa zehinli ogly Mahmydy ylymly-bilimli,
sowatly adam edip ýetiºdirmegi göz öòünde tutan hem bolsa,
soòra eklenç zerarly ogluny tikinçä ºägirt edip bermegi
niýet edinýär. Ýöne, ylma teºne Mahmyda kakasyny yrmaklyk
baºardýar we ol kämil bilim almak üçin Horezmºalar
döwletiniò paýtagtyna – Ürgenje, häzirki Köneürgenje okuwa
gaýdýar.
Zamahºarynyò kakasy näbelli
sebäplere görä, Mueýedilmülk tarapyndan tussag edilipdir.
Bu ýesirligiò Omaryò dini garaýyºlary bilen
baglanyºyklydygy çaklanylýar. Çünki, Zamah-ºarynyò bütin
maºgalasy mugtezile akymyna eýeripdir. Bu wakanyò takyk
wagty hem belli däl. Ýöne Nyzamylmülküò ogly Mueýedilmülk
1101-nji ýylda öldürilendigini göz öòünde tutsak, onda bu
wakanyò XI asyryò ahyrlarynda ýüze çykandygyny çaklamak
mümkin.
Zamahºarynyò ejesi hem hudaýhon,
takwa, pespäl, ýüregi ýuwka bir aýal bolupdyr. Zamahºary
öz ýatlamasynda bir serçäni tutup, aýagyna ýüp daòyºy we
onuò diwaryò jaýrygyna sümüºi we ýaº Mahmydyò ýüpi çekip,
onuò aýagyny sogruºy hakynda ýazypdyr. Bu wakanyò üstünden
gelen, aýagy üzülen serçä ýüregi awan ejesi öz ogluna: –
Seniò ºu serçäniò aýagyny üzüºiò ýaly, Alla seniò hem
aýagyòy üzsün – diýip gargaýar. Zamahºary barada ýazan
alymlaryò käbiri, hakykatdan hem soòra Zamahºarynyò bir
aýagynyò kesilmegini onuò enesiniò gargyºy bilen
baglanyºdyrýarlar.
Her
hal bir ýagdaý aýan, ol hem Zamahºary arassa ahlakly,
takwa, ynsaby ýörelgesi bolan maºgalada ösüp ýetiºipdir.
Zamahºarynyò ýaºlyk döwri
seljuk-türkmen nesilºalygynyò döwrüne gabat gelip, ol wagt
yslam älemine Alp Arslanyò ogly Mälik ºa hökümdarlyk
edýärdi. Mälik ºanyò hökümdarlyk eden ýyllarynda
(1072-1092) döwletiò paýtagty Mary, has takygy Mälik ºanyò
köºgi döwrüniò meºhur alymlarynyò we ºahyrlarynyò jemlenen
ýeri bolupdyr. Seljuk-türkmen döwleti edil Samanly,
Gaznaly-türkmen soltanlygy ýaly ylmyò, medeniýetiò
hossar-howandarlary bolupdyr. Mälik ºa hem beýleki türkmen
soltanlarynyò däbine eýerip ylma, bilime, medeniýete we
sungata aýratyn sarpa goýupdyr. Yslam medeniýetiniò
taryhynda hut ºu döwürlerde, ýagny, seljuk-türkmen
nesilºalygy döwürlerinde, ilkinji ýokary okuw jaýlary –
medreseler uç-gyraksyz soltanlygyò dürli ýerlerinde peýda
bolup baºlady.
Seljuk-türkmen soltanlygynyò
demirgazyk welaýaty bolan Horezm, aýratyn hem onuò
paýtagty Ürgenç samanlylar patyºalygy ýykylandan soò
güýçli depgin bilen ösüp baºlaýar we ol ylym- bilimiò
janköýeri Mamun ibn Mamunyò döwründe (999-1016) güýçli
medeni merkeze öwrülýär. Gadymy Ürgençde yslam dünýäsinde
ilkinji iri ylmy merkez – Mamunyò akademiýasy döreýär.
XI
asyrda Horezm dürli syýasy wakalaryò jümmüºinde bolupdyr.
Asyryò baºlarynda ol syýasy garaºsyzlygy gazanan hem bolsa,
eýýäm, 1017-nji ýylda Gaznaly-türkmen döwletiniò soltany
Mahmyt Gaznaly Horezmi öz tabynlygyna girizýär. Syýasy
kartada seljuk-türkmen ºadöwletiniò döremegi bilen Horezm
onuò tabynlygyna girýär. Seljuk türkmen nesilºalygynyò
1043-nji ýylda Horezmi boýun egdirmegi bilen hem bu
welaýatyò ylym we medeniýet babatdaky ºöhraty egsilmeýär.
ªol döwürlerde Buhara dini ylymlaryò merkezi hasaplansa,
Ürgenç takyk we ynsanperwer ylymlaryò ojagy hasaplanypdyr.
Hut ºonuò üçin hem Mahmyt Zamahºary baºlangyç bilimi
atasynyò elinde alansoò, Ürgenç sary rowan bolýar.
Güzeranyny zordan dolandyrýan kakasyna agram salmazlyk
üçin Zamahºary Ürgençde hem okaýar hem-de tebigy zehini we
owadan haty arkaly öz durmuºyny dolandyrýar. Zamahºary
Ürgençde birnäçe ýyl okanyndan soò, öz bilimini artdyrmak
üçin Buhara gidýär. Buharada okuwyny tamamlanyndan soòra
Ürgenje gelip, Horezm ºalarynyò köºgünde dürli wezipelerde
iºläpdir. Ýöne ol iºlerden göwni suw içmänsoò,
seljuk-türkmen ºadöwletiniò paýtagty Mara – belli wezir
Nyzamylmülkiò huzuryna gelýär. Ýöne ondan hem garaºýan
tamasy çykmanyndan soò, dürli ýurtlara syýahat edýär.
Dürli derejedäki hökümdarlar bilen duºuºýar. Ol
seljuk-türkmen soltany Soltan Sanjara bagyºlap ýörite
kasyda ýazyp, soltanyò adalatyny we adamkärçiligini ºeýle
wasp edýär:
Halkym diýip gider ünjä, mylaýym
dili süýjüdir,
Tanasaòyz Soltan Sanjar ºalar içiniò
täjidir.
Zamahºary musulman ýurtlarynyò dürli
ýerlerinde, ºol sanda Mekgede hem iki sapar bolanyndan soò,
öz watanyna – Horezme dolanýar we 1144-nji ýylyò Oguz
aýynyò 14-ne, arafa gijesi, ýagny gurbanlyk gijesi aradan
çykýar.
Zamahºary bütin ömrüni okuw-kämillik
bilen geçiripdir. Çeºmelerde onuò esasy halypalary
hökmünde Abu Mudar, Abu Bekr Abdylla, Abu Mansur, Abu Aly
Hasan ýaly döwrüniò meºhur alymlary ýatlanýar. Ylym
dünýäsinde kämillik derejesine ýeten Zamahºary öz bilimini
ºägirtlerine öwretmekde hem zähmetini gaýgyrmandyr. Onuò
diòe bir Horezmde däl, dünýäniò dürli ýurtlarynda hem
ºägirtleri bolupdyr. Olar hem halypalarynyò ýoluny dowam
etdirip, ylymda yz galdyrypdyrlar. Biz bu ýerde Abylhasan
Aly ibn Muhammet, Muhammet ibn Abylkasym, Abu Ýusup Ýakup
ibn Aly ýaly onlarça Zamahºarynyò ºägirtlerini göz öòünde
tutýarys. Olaryò her biri Zamahºarynyò mynasyp ºägirtleri
hökmünde ylma öz goºantlaryny goºupdyrlar.
Zamahºary ylmy jemgyýetçilikde
perzent aladasy, güzeran-eklenç aladalary meniò köp
wagtymy alar diýip, garyndaº-hossarlarynyò
töwella-tagsyrlaryna garaman, ömrüni müjerret – öýlenmän
geçiren we bütin durky bilen ylma we çeper döredijilige
berlen meºhur ºahs hökmünde tanalýar.
Häzirki
hasaplamalara görä, Zamahºarynyò döreden eserleriniò sany
60 töweregi. Olar dini ylymlar (hadys, tefsir, kelam, we
º.m.), dil (grammatika, leksikografiýa), edebiýat, mantyk
(logika), geografiýa ýaly ylmyò dürli pudaklaryna degiºli
bolup, Zamahºarynyò köpugurly-ensiklopedist alymdygyna
güwä geçýärler. Gynansak hem, meºhur alymyò döreden ylmy
we çeper eserleriniò hemmesi biziò günlerimize doly gelip
ýetmändir ýa-da ýüze çykarylanok. Soòky döwrüò
maglumatlaryna görä, alymyò 22 töweregi eseri dünýäniò
dürli dillerinde çap edilipdir. Edil ºonçarak eserleriniò
hem atlary dürli taryhy çeºmelerde gabat gelse-de, häzire
çenli olaryò üsti açylanok. Mümkin, olaryò belli bir
bölegi, dürli syýasy ýagdaýlar sebäpli ýitip gidendir.
Belki-de, entek öwrenilmedik golýazma hazynalaryndan olary,
edil ºunuò ýaly-da ylma ady näbelli täze eserlerini ýüze
çykarmak Zamahºaryny öwreniji alymlara miýesser eder.
Dürli golýazma hazynalarynda hem alymyò 10 töweregi eseri
özüniò yhlasly deròewçilerine garaºýar.
Elbetde,
meºhur alymyò dürli ugurlaryndaky ähli ylmy iºleri hem ºu
günki gün hem ähmiýetini ýitirenok. Ýöne, Zamahºary
diýlende ilki bilen onuò adyny dünýä meºhur eden «Keººaf»
(«Açyklama»), «Mufassal», «Mukaddymatyl edep», «Esasyl-belaga»
(«Dilewarlygyò esaslary») ýaly ylmy kitaplary, ºeýle-de
ºygyrlar «Diwany» göz öòüne gelýär.
Zamahºarynyò döwründe arap dili
ylmyò dili hasaplanypdyr. Türkmen alymy Zamahºary bolsa
diòe bir döwrüò talabyna eýerip, arap dilini kämil bilmek
bilen çäklenmän, eýsem onuò nazary we amaly meseleleri
babatynda dünýä meºhur iºleri döredipdir. Arap dilini
öwrenýän alymlaryò ýazmaklaryna görä alymyò «Al mufassal
fi sanatil ygrap» eseri (gysgaça «Mufassal») arap diliniò
grammatikasy boýunça düýpden täze usul boýunça ýazylan,
ýagny arap diliniò grammatikasyny söz toparlaryna bölmek
esasynda deròeýän ylmy deròewdir.
Zamahºarynyò bu eseriniò häzirki
döwürde hem ýokary okuw jaýlarynda okadylmagy onuò ylmy
gymmatyny görkezýär. Nemes gündogarºynasy Brokkelmanyò
hasaplamalaryna görä «Mufassala» 30 töweregi
ºerh-düºündiriºler ýazylypdyr. Yslam äleminde Zamahºara
aýratyn ºöhrat getiren eseri «Keººafdyr». Alymyò bu eseri
boýunça sapak berýän eýran alymy doktor Ahmet Ahmedi «Keººafy»
dürli bilimler hakyndaky çuò mazmunly eser hasaplaýar.
Alym
«Dilewarlygyò esaslary» atly eserinde diòe bir arap
diliniò nusgawy hazynasynyò söz düzümini doly
aýdyòlaºdyrmak bilen çäklenmän, eýsem bu meselä
çemeleºmegiò özboluºly usulyny hem esaslandyrýar.
Zamahºary «Mukaddymatyl-edep» eserini Horezmiò ºasy Atsyza
bagyºlapdyr. Bu kitap arap dilini öwrenijilere
niýetlenipdir. Eseriò asyl metini arap dilinde. Nusgalarda
türkmençe we parsça terjimeleri hem gabat gelýär.
Mahmyt
Zamahºary ylmy döredijilikden baºga-da, çeper
döredijilikde hem öz sözüni aýdan meºhur söz ussatlarynyò
hatarynda tanalýar. Onuò «Rabygul ebrar we nususyl ahbar»
(«Ýagºyzadalaryò bahary we habarlaryò beýany») atly eseri
kyssa bilen ºygryò utgaºdyrylyp ýazylan we türkmen
edebiýatynda dessanlaryò ösüºine täsirini ýetiren ajaýyp
eserdir. Bu eserde meºhur türkmen alymlary Abdylla ibn
Mübärek, Abubekr Horezmi, Abu Abdylla Merwezi ýaly birnäçe
meºhur ºahslaryò aýdan parasatly sözleri hem getirilýär.
Zamahºarynyò bu eseri «Ýagºyzadalaryò bahary» ady bilen
ilkinji gezek türkmen diline terjime edildi we 6 jilt
görnüºinde halka hödürlendi. Zamahºarynyò «Etwakyl zehep»
(«Altyn halkalar») we «Nowabygyl kelim» («Parasatly sözler»)
eserleri hem dürli öwüt-nesihat beriji kyssalardan düzülen
ajaýyp çemendir.
Zamahºarynyò çeper döredijiligi
barada gürrüò edilende onuò bir ºygyrlar «Diwanynyò» hem
mälimdigini aýtmak gerek. Bu «Diwan» Zamahºarynyò ºahsy
durmuºyny öwrenmekde käbir ygtybarly maglumatlary bermek
bilen birlikde, onuò ruhy dünýäsine – köòül köºgüne
aralaºmagyò altyn açaryny berýär:
Meniò
kalbymda süýji sözden,söýgüden baºga zat ýokdur
–
diýýän ºahyr, mahal-mahal gussanyò gara donuna bürenip,
dogduk diýaryny – Horezmi küýseýär:
Telwas eder saòa sary, bagtyýardyr
küýsän seni,
Horezm – gözümiò nury, ýüregim
küýseýär seni.
Horezmiò
çygly topragy, datly suwy Zamahºarynyò baº arzuwyna
öwrülýär.
Ynan,
oda düºýän, diòe, Watan küýseýär bu ýürek.
ªahyryò
ºygyrlarynda onuò ºahsy durmuºyndaky käbir ºowsuzlyklar,
öýke-kineler hem öz möhürini goýupdyr. Çeºmelerde zehini
daº ýarýan Zamahºarynyò Ürgençde-de, Maryda-da käbir
derejeli adamlardan eden tamasy çykmandan soò, uzak
ülkelere, ýat illere syýahata gidendigi bellenilýär.
Megerem ºahyryò:
Yhlasym gözledim külden, türklere
ýumdum gözümi.
Wah,
olaryò dillerinden, tapmarsyò «wepa» sözüni
– diýen
setirleri ºol öýke-kinäniò netijesidir. ªöhrat, wezipe
ýa-da wezipe bilen gazanylýan wagtlaýyn «abraý» küýseýän
ºahyr, garaºýan umydy çykman, tamasy tala daòylansoò
Ürgenji, Maryny, asyl-ha tutuº türkmen topragyny taºlap,
köòle kine baglap ýollara rowana bolupdyr. Kalbyò haýsydyr
bir künjünde juda gizlin galan kine ºinesi Mekgede
duýgular deòzini gulaçlap ýüzýän akyldaryò küregine
iliºýär.
Zamahºarynyò ºygyrlar «Diwany» bilen
tanºan islendik adam onuò ruhy dünýäsine aralaºyp,
Zamahºaryny has gowy tanaýar. Onuò bilen syrdaº, hemsöhbet
bolýar. Zamahºary bolsa oòa öz dünýäsini açýar.
Arap
dil bilimi we edebiýaty ylmynda uly meºhurlyk gazanan we «araplaryò
we arap dilleriò ussady – mugallymy» diýen hormatly ady
göteren Mahmyt Zamahºarynyò döredijiligi orta asyr ylmynyò
we medeniýetiniò gazanan ajaýyp üstünligidir. Bu barada
baºga bir meºhur türkmen ºahyry Reºideddin Watwat
Zamahºara ýazan hatynda ºeýle diýýär: «Bu hat Horezmiò
buýsanjy, alym, ymam Mahmyt ibn Omar Zamahºara ýazyldy.
Men ºu diýarda we ºeýle beýik adamyò watanynda
ýaºaýandygyma örän begenýärin. Bu adam din we ylym üçin
eden iºleri bilen Allatagala ýakyn adamlaryò biri boldy.
Goý, onuò ömri uzak, iºi rowaç, mertebesi belent bolsun!
Ol adamyò elinden hasasy gaçanda, hasasyny ýerden galdyryp
bereniò iki dünýäsi hem abat bolar we ol kalbyna düwen
maksadyna ýeter…... Onuò abraýy onuò ömründen has uzak
ýaºar. Bu Allatagala ýakyn ynsanyò eden haýyr iºleriniò we
ýazan kitaplarynyò sany-sajagy ýokdur». Meºhur türkmen
ºahyry Reºideddin Watwatyò welilik bilen aýdyºy ýaly, onuò
ylmy we çeper döredijiligi onuò ömründen has uzak bolup,
indi tas müò ýyla basalyk özüniò ähmiýetini ýitirmän,
halka hyzmat edip gelýär.
Awtoryò bu
makalasy
«Miras» ylmy-köpçülikleýin zurnalynyò
2007-nji ýylyò 2-nji sanynda
çap edildi.
|