|
Ýunus Emre
(1240-1320)
XIII
asyryò ikinji ýarymynda XIV asyryò baºlarynda
türkmenleriò we türki kowumlaryò arasynda, ºeýle-de, tutuº
Gündogar ýurtlarynda özüniò kämil ºahyrana döredijiligi we
ýiti täzeçil pikiri bilen ºöhrat tagtyna çykmagy baºaran
ussat ºahyrlaryò biri Ýunus Emredir. Onuò asly türkmen
bolup, ol Horasandan Anadola göçüp baran Hajy Ysmaýylyò
nesillerindendir. Ol Hajy Bekdat, Jelaleddin Rumy ýaly
beýik söz ussatlary bilen döwürdeº bolupdyr.
“Men haýsy
mertebä (basgançaga) aýak bassam, hemiºe öòümde bu türkmen
gojasynyò (Ýunus Emräniò) yzyny gördüm” diýip ýazan Rumy
ylymda we döredijilikde Ýunus Emräniò has öòe gidendigini
kiçigöwünlilik bilen belleýär. Rumy ýaly ºahyryò ºeýle
baha bermegi Ýunus Emräniò mertebesi belent ºahs
bolandygyna güwä geçýär. Onuò häzirki wagta çenli iki
kitaby, ylmy-didaktiki eser bolan “Nusgalaryò beýany” we
sopuçylyk goºgularyndan ybarat “Diwan” atly kitaby
bellidir.
Ýunus Emre
dünýäde söýüp we söýlüp ýaºamagy ündeýär:
Geliò
tanyº bolalyò,
Iºi ýeòil kylalyò.
Söýeliò, söýüleliò
Dünýä hiç kime galmaz.
Aslynda
ºahyryò goºgulary söýgi mowzugyna ýugrulandyr. Emma ºahyr
söýgini ikä bölýär.
1. Ylahy
söýgi, ýagny Hudaýa bolan söýgi.
2. Beºeri
söýgi – adaty ynsan söýgüsi.
Ýunus
Emräniò köp goºgulary ylahy söýgini beýan edýär. Ýöne onuò
beºeri söýgi baradaky goºgulary-da az däl.
Ozaly bilen
ºahyryò “Nusgalaryò beýany” diýen kitabynyò gysgaça
mazmuny bilen tanºalyò! Onda Adam Ata toprakdan, otdan,
suwdan we howadan ýaradylanda, bu dört element bilen ýagºy
we ýaramaz gylyk-häsiýetlerem onuò tenine garylypdyr.
Munda ynsana jan bilen Mertebe, Utanç-haýa, Hormat, Abraý,
Edep-ekram, Durnuklylyk, Ahlak päkligi berildi diýýär.
Olary teniòde janyò barka, ömürboýy arassa saklamak
nygtalýar. Eger olaryò birini hapalasaò, onda adamdan
mahluga öwrüljekdigiò aýdylýar. Ýunus Emräniò bu kitaby
ynsan ruhuny tämiz saklamak, päklemek baradaky gymmatly
çeºmedir.
Ýunus
Emräniò goºgulary barada aýdanda, onuò öz içki dünýäsini
söz mülküniò üsti bilen paýhas nuruna çaýýar. Ol öz
goºgularynda kiçigöwünli, emma belent owazly, sada, ýiti
manyly, ºahyrana, çeper, akgynly setirler arkaly öz
göwnüòdäkini halky dilde beýan edýar.
Eger ºahyryò
ýaºan döwrüniò biziò döwrümizden ýedi ýüz ýyl çemesi öò
bolandygyny göz öòünde tutsaò, onda Emräniò türkmençe
eserlerini okanyòda, guwanmakdan ýaòa gözüòe ýaº aýlanýar.
Sebäbi bize belli bolan taryhy maglumatlara görä, ol
döwürde arap, pars dili we ýazuwy hökmürowanlyk edipdir.
Hatda seljuk türkmenleriniò döwlet dili hökmünde pars
dilini kabul edendikleri hem gizlin däldir. Ine, ºeýle
döwürde Ýunus Emre öz ene dilinde-türkmen dilinde ºygyr
döredipdir. Bu uly gahrymançylykdyr we milli diliòi janyò-teniò
bilen söýmekdir.
ªahyryò
döwürdeºi Garaman ogullary soltanlygynyò soltanlarynyò
biri Garaman ogly Mehmet begiò 1277-nji ýyldaky permanynda
ºeýle ýazylypdyr: “Bu günden soòra, diwanda, dergähde,
bergähde, mejlisde we meýdanda türkçeden baºga dil
ulanylmajakdyr. “
ªeýle
özgeriºler bilen ruhlanan ºahyr:
Gury idik,
ýaº olduk,
Aýak idik, baº olduk,
Ganatlandyk, guº olduk
Uçduk alhamdülylla – diýýär.
ªeýdibem,
diliò gurap barýan agaç bolandygyny, täzeden pyntyklap
baºlan ýaº daragta dönendigini, halkyò dil we milli
duýguda aýagasty bolman, eýsem indi baº bolandygyny,
ruhunyò galkynyp, guº bolup uçandygyny guwanmak bilen
beýan edýär.
ªahyr
goºgularynda geçirimli, sabyr-takatly, egsilmez hyjuwly
adam hökmünde görülýär. Onuò ýaºaýºa söýgüsi tükeniksiz.
Allanyò ýoluna wepaly, oòa aºyk. Ýöne bu ylahy yºk hakyky
durmuºdaky gözellige bolan beºeri söýgi bilenem käteler
utgaºyp gidýär. Ol durmuºy açyk we anyk görýär.
Nogsanlyklara göz ýummaýar. Durmuºy hertaraplaýyn öwrenip,
bolºy ýaly röwüºde jemläp görkezýär. Ýaºaýºy bolºy ýaly
ºahyrana beýan etmek ussatlaryò iºidir.
Ýunus Emre
türkmen ºahyrlarynyò köpüsiniò halypasydyr. Pikir
meòzeºligi edebiýatda köp duº gelýär. Pikiriò ösdürilmegi
ýa-da baºga görnüºde gysgaça beýan edilmegi ýol berilyän
ýagdaýdyr. ªeýle bolansoò Ýunus Emre:
Ýunus Emre
diýr, hoja,
Gerekse bar müò haja,
Ählisinden ýagºyja,
Bir köòüle girmekdir –
diýse,
Döwletmämmet Azady:
Käbe
weýran etmeden müò mertebe,
Bir köòül ýykmak ýamandyr, eý dede–
diýse,
Magtymguly Pyragy:
Bir ajy
doýurmak hajdyr ýaranlar– diýýär.
Bu ýagdaý
Azadynyò hem, Pyragynyò hem Ýunus Emräniò döredijiligi
bilen tanyº bolandygyny, ony öz halypasy saýandygyny
aòladýar.
Ýunus
Emräniò nirelerde ýaºandygy we aradan çykandygy jedelli
mesele. Her hal onuò ºygrynyò muºdaklary ºahyryò Esgi
ºäherdäki guburyna zyýarat edýärler. Emma bir zat – o-da
ºahyryò 1320-nji ýylda aradan çykandygy belli.
Ýunus Emre
özüniò uly ºahyrdygyny entek dirikä duýupdyr. ªeýle-de
bolsa ol kiçigöwünlilik, sypaýylyk bilen bu hakykaty aýdyp
goýberýär.
Ýunus
seniò sözleriò manydyr bilenlere,
Söýleniºer sözleriò döwri zaman içinde.
ªahyryò öz
aýdyºy ýaly, onuò goºgulary ähli döwürlerde, zamanlarda
ºygyr senedine sarpa goýýanlaryò, sözüò manysyna
düºünýänleriò senasynda ýaòlanýar.
ªahyryò
gubury ene Watany bolan doganlyk Türkiýede bolsa-da, onuò
gadymky ata Watany bolan Türkmenistanda hem hatyrasy
belentden hormatlanýar. Ýurdumyzyò paýtagty Aºgabatda
Ýunus Emräniò ýadygärligi bina edildi, ady köçelere
dakyldy. ªahyryò goºgulary (“Güldesse”, “Söýeliò, söýleliò”)
Türkmenistanda birnäçe gezek neºir edildi. Türkmen halky,
dünýä jemgyýetçiligi ÝUNESKO-nyò kararyna laýyklykda 1991-nji
ýyly beýik türkmen ºahyry Ýunus Emrä söýgi ýyly diýip
belläp geçdi.
Ylym özüò bilmekdir
Ylym ylym
bilmekdir,
Ylym özüò bilmekdir.
Sen özüòi bilmeseò,
Bu neneò okamakdyr.
Okamakdan
many ne?
Kiºi Haky bilmekdir.
Çün okydyò-bilmeseò,
Ha bir gury emekdir.
Okadym,
bildim diýme,
Çoh sagat kyldym diýme,
Hak ýoluny bilmeseò,
Manysyzja ýelmekdir.
Dört
kitabyò manysy
Bellidir bir elifde.
Sen: “Elif diýrsiò, hoja,
Manysy ne diýmekdir. “
Ýunus Emre
diýr, hoja
Gerekse, bar müò haja.
Ählisinden ýagºyja,
Bir köòüle girmekdir.
Içdik alhamdülylla
Hakdan
gelen ºerbeti,
Içdik alhamdülylla.
ªol gudrat deòzini,
Geçdik alhamdülylla.
ªol
garºyky daglary,
Bakjalary, baglary,
Saglyk – sapalyk bile
Açdyk alhamdülylla.
Gury idik,
ýaº olduk,
Aýak idik, baº olduk,
Ganatlandyk, guº olduk,
Uçduk alhamdülylla.
Bäri gel,
baryºaly,
Ýat olsaò tanyºaly
Atymyz eýerlendi,
Gitdik alhamdülylla.
Direldik,
çeºme olduk,
Birleºdik, derýa olduk,
Soòra deòize dolduk,
Daºdyk alhamdülylla.
Taptygyò
tapysynda,
Gul olduk gapysynda.
Ýunus, misgin, çyg idik,
Biºdik alhamdülylla.
Ýüzüòi Ak ede bir söz
Sözi
manyly kiºiniò,
Ýüzüni ak ede bir söz.
Sözi biºirip diýeniò,
Iºini sag ede bir söz.
Söz ola –
kese söweºi,
Söz ola – bitire baºy.
Söz ola – awuly aºy
Bal bile ýag ede bir söz.
Manyly
sözi biºirgil,
Ýaramazyny çaºyrgyl,
Sözüò akylly düºürgil,
Diýmegil, çag ede bir söz.
Gel, ahy,
eý, ºähriýary,
Sözümizi diòle, bäri,
Müò bir göwher-u dinary,
Gara toprak ede bir söz.
Kiºi biler
söz demini,
Diýmäge sözüò kemini,
Bu jahan jähennemini,
Sekiz uçmah ede bir söz.
Ýöri, ýöri
ýoluò bile,
Gapyl olma biliò bile,
Keý sakyn keý diliò bile,
Janyòy dag ede bir söz.
Ýunus,
imdi söz ýolundan,
Söýle sözi asylyndan,
Keý sakyn o ºeýh ýanyndan,
Seni yrak ede bir söz.
Maglumatlar
Almagül Ýusubowanyò
«Türkmen edebiýatynyò taryhy ösüº döwürleri»
atly kitabyndan alyndy.
«Baºkent» bilim merkeziniò neºirleri.
Aºgabat 2005.
|