Eýran türkmenleriniò medeni, edebi we jemgyýetçilik žurnaly

 

ŽURNAL BARADA


Baº sahypa

Maksady

Redkollegiýa

 

ARHIW


Soòky sany

Ýyllara görä

 

GATNAªYK


Myhman depderi

Habarlaºmak üçin

Dost sahypalar

 

 
Her güne bir nakyl


 

 

 


 
Edebiýat / Döwürdeº türkmen edebiýaty
Ylýas Amangeldi

 

AGLAMAK

 

Ýaºaýyºyò 

Gözbaºyna meòzeýän gözlerden

Gözýaºyò

Dökmek kynmy näme?

Içi suwdan doly iki deºikden,

Damjajyklar syzdyrmak,

Kynmy näme?

Ataò ölende aglamak,

Eneò ölende aglamak,

Dostuòy, mähribanyòy, balaòy...

Ýitireòde aglamak,

Kynmy näme?

 

Duýman durkaò,

Iò agyryk ýeriòe

Ursalar,

Ilki gözüòden ot syçyrap,

Soòam ajy damjalar damar, damar...

 

Ýüregiò, bedeniò damar-damar,

Her damardan birje damja

Ýazyklaryòa meòzäp,

Ýa meòzäp näzikligiòe

Damar...

 

Aglamak kynmy nämä?

Aòsatmy näme?

 

 

GELJEGIME BAKÝARYN

 

Geljegiòe bakaòda gözden peýda ýok.

Sokur gözli kör ýaly bakan bolýaò,

Emma hiç zat görnenok.

Geljek köçe däl, ýol ýa ýoda däl.

Ol gözýetim bilen gutaranok.

Onda giòiºlik ýok, sowuk, gyzgyn ýok.

ªonda-da oòa bakmakdan araòok.

 

Bir zatlar görünýän ýaly, gözüòe däl aòyòa.

Barýaò ýanyna. Ýa ony getirýäò ýanyòa.

Geljege bakan wagtyò bu mümkin. Ol ºu günüò däl.

Onda hemme zat erkiòe boýun.

Nähili geò bu oýun!

 

Geljege aò bilen bakýaò.

Garrylyk, soò barynyò gutarºy,

Çagajyklaò ulaljagny görýärsiò.

Ýa görmeýärmikäò?

 

Iò ýönekeýi – kakam barka onuò boljamajakdygny,

Heý gördümmikäm?

Görmändirin. Gördimmikäm diýsemem... 

 

Nähili geò!

Seniò ºu günki ýaºap duran günüòem,

Düýnki görüp bilmedik geljegiò.

Ony görmek mümkin däl.

ªonda-da sokur gözli kör ýaly bakan bolýaò.

 

 

GARAªANYM ÜÇIN BAGYªLA

 

Garaºanym üçin bagyºla.

Garaºmaly däldim men.

Duýup garaºýandygmy

Geljek bolansyò gelmeseòem.

 

Gelme senem.

Gelmedikler kän bolupdy, gelenlerden.

Men bütin ömrüme garaºyp ýörün,

Hasabyn ýöredip gelenleriò hem

Gelmesemem bolar diýenleriò.

 

Gelme senem,

Gelseòem, gelmeseòem

Üýtgejek zadam ýok ýaly.

Süýºmez ahyr daglaryò gary?

Seniòki dogry...

Garaºanym üçin bagyºla meni.

 

 

* * *

Bu dünýeden gowy dünýe barmyka

Söwer ýary söýmek,

Söýdürmek üçin?

Çünki gije ýyldyzlaram,

Gözlerin näz bilen gypyºýar.

 

Bu dünýeden gowy dünýe barmyka

Dostdugyòy tanatmak,

Dostuòy tanamak üçin?

Çünki menziller uzak,

Gözýetimde kötel ýollar tapyºýar.

 

Bu dünýeden gowy dünýe barmyka

Girip-çykyp, ýaºap ýörmegiò üçin?

Çünki hiç kimden minnetsiz,

Wagtly wagtynda

Gün dogup ýaºýar.

 

Bu dünýede ºa bol, ýa bol sen geda,

Söýgüliòe gowuº, ýa düº sen jyda,

Ýapyºarsyò her demiòe,

Diýersiò ýyrtyp ýakaò,

Bu dünýeden gowy dünýe barmyka?!

 

Bir günem hassasyò, ýatansyò,

Tükeniksiz gaýgy-gussa batansyò,

Ýene-de geler ºol sowal,

Bu dünýeden gowy dünýe barmyka?

 

Ine-de alyp gitdiler, baºga bir dünýä baka.

Taºladyò ýaryòy, söwer dostuòy,

ªalygy, gedalygy,

Misli barysy hiç eken.

Emma ºeýdip gitmek üçin,

Bu dünýeden gowy dünýe barmyka?

 

 

GIDEMDE

 

Alyp gitjek zadym ýok gidemde,

Näme ýogsa alyp giderim ýaly,

Getiripmidim?

Geýen egin-baºlarym,

Höwürtgäm,

Höwürtgämde guºlarym...

Deòi-duº, syrdaºlarym

Men näme sizi getiripmidim?

Hatda çagalykda oýnan oýnumam,

Bilmerin goýman.

Enemiò ak süýdüne boýalana meòzeýän

Ak kepene dolanyp,

Giderin mähelläò egninde oýnap

Oýnap, oýnap, oýnap.

Bu bolup barºymy görenler,

Bilseler okap aýat,

Bolarlar ºaýat.

Hem diýerler:

„Bar zadyny goýup barýan

Bir ejiz biçärä däl,

Tersine,

Bir bagty çüwene meòzeýär,

Bolup barºyny görsene.“ 

 

Ine ºeýdip giderin men gidemde,

Ine ºeýdip gideýin men gidemde...

 

 

ZYÝARAT

 

Ululy-kiçili, biri has täze,

Birisi könelºen, biri çöküpdir.

Üstleri gussa bilen örtülen,

Birgiden tümmekler

Birgiden tümlükler...

Mesaýy söhbete giriºip bilmän,

Biz olaryò arasyndan barýarys.

Bu giden mähelläò köpüsi

Bize nätanyº. ªonda-da

Dykkat bilen seredýäris,

O gubura, bu gubura.

Hem geçip barýarys ýüzugra.

Ine-de deòine ýetdik görjeklermiziò.

Görüp bilmejeklermiziò.

Görüºip bilmejeklermiziò,

Gülüºip bilmejeklermiziò,

Görünmeýänlermiziò.

Görmeýänlermiziò.

Oturdyk aýat okadyk.

Olara Allahdan iman diledik,

Hemem özümize.

Çalaja ýaº aýlandy käbirimiziò

Gözümize...

Soò dolandyk öýümize...

 

ªeýdip aram-aram zyýarata gidilýär

Görüp bilmejeklermize,

Görüºip bilmejeklermize,

Gülüºip bilmejeklermize,

Görünmeýänlermize.

Görýänlermize.

 

 

Aºgabat. 2007.

 

 

«Ýaprak» žurnaly döwlete degiºli däldir we ähli toparlardan, guramalardan, partiýalardan we birleºiklerden garaºsyzdyr.
«Ýapragyò» buýsanýany türkmen halkynyò medeniýeti, sungaty we edebiýaty barada garaºsyz
alyp barýanlygydyr.
 

© Ýaprak