Eýran türkmenleriniò medeni, edebi we jemgyýetçilik žurnaly

 

ŽURNAL BARADA


Baº sahypa

Maksady

Redkollegiýa

 

ARHIW


Soòky sany

Ýyllara görä

 

GATNAªYK


Myhman depderi

Habarlaºmak üçin

Dost sahypalar

 

 
Her güne bir nakyl


 

 

 


 
Edebiýat / Döwürdeº türkmen edebiýaty
Ylýas Amangeldi

ÖLEN GÜNLERIM

Geçen gün – öli gün diýilýär. Meniò arkamda elli bäº ýyla ýakyn ölen günlerim bar. Hersi bir gubur bolsa, giden mazarystanlyk... Meniò mazarystanlygym... Belki... belki, öli däldirler? Belki ölselerem mazar däldirler? Ýok, gaçyp gutuljak ýerim ýok, hersi öz elim bilen guburyny ýigrimi dört sagatlap gazyp jaýlan ölülerim... Bolmanda olaryò biri üçin gözüme ýaº aýladymmykam? Diòe doglan günümde, olam ýaºamak üçin aglanjam bolaýmasa? Ýöne bilýärin, üstünden ºunça ýyl geçenden soò bilýärin, olaryò käsiniò çukuryny begene-begene gazypdym, begene-begene gömüpdim... Käsini gömüp bolamsaò «Ine bu günümem geçdi» diýipdim hem ertirki geljek gün mundanam gowy gün bolar diýen umyt bilen gabrystanlygymdan çykyp gaýdypdym. Emma, ertirki günlerimiòem hiç birisi ondan üýtgeºik gün bolmandy. Biraz ºadyýan, biraz ºowly, hatda nädip geçeninem bilmän galan günlerimem bolupdy. Ynha, indem görüp otyryn, ýatlap otyryn, ýatlamalarym bilen diriltjek bolýaryn olary. Ölüleriò saklanýan jaýyna baryp, ol ýerde ýatanlary diriltjek bolmakdan enaýy däl bolup oturºym. Iò ýamanam ertirki günümem edil ºu günki günümi jaýlaýyºym ýaly jaýlaryn. Elim pilli, eden iºime ökünip hem «Bu edenimi hernä gören ýokdur-da» diýip töweregime garanjaklaýan. Hem düºünýän, her kimem öz mazarystanlygyndan gaýdyp geldi. Her kim öz ölüsini gömdi. Baºgalara elleri deger ýaly däl, elleri degse-de baºyny galdyrara ýagdaýlary ýok. Olam, senem, menem – hemmelerem bu meselede deò müýnli... Maòa-ha ºeýle, onsoò hemme kiºä-de ºeýledir. ªeýle däl bolanda, ýa gülüp, barmagyny çommaldyp, ýa aglap pilime ýapyºyp gelen bolardy ahyryn...

Özümiòem elimden gelse kömek etjeklerime «Düýnki jaýlap geleniò imanly bolsun» diýmäge-de dilim baranok. Gaýta, «ertiriòiz haýyrly bolsun» diýen many-da olaryò ýüzüne ýylgyryp bakmaga çalyºýan. Olaram ºeýle. Hiç kim edil toýdan gelýän ýalam däl welin, mazarystanlykdan, onda-da öz mazarystanlygyndan çykyp gelýäne meòzänok. Diòe iò soòkuja tümmegini gömüp oturanyò haly periºan...

Ýakynda gömen günlerimiò birinde özümem iò soòkuja günlerimiò birini gömüp oturan ýaly boldum. ªu günkümmi, ertirkimmi, ýa-da ýene on-on bäº gündenmi özüm bilip, mümkin bilmän iò soòky günümi gömjek ýaly boldum. Ony maòa gijeki bir düýºüm pyºyrdap gitdi. Ertesi huºumda ony gaýtaladym. Mazarystanlygyma aýlandym. Aladam onda entek ölülerimi gömere ýer barmy ýa-da hakykatdanam hemmesi ºeýdibem gutarjakmy, ºony görmek. Her näçe yhlas etsemem gören zadym bolmady. Özüme geò galdym. «Ajal ýakaòdadyr, mydam hemdemiò» meniò iò gowy görýän setirim ahyryn. Ýa ºu güne çenli onuò manysyna düºünmän gaýtalap ýördümmikäm? Ýa hernäçe beýik ºahyr, akyldar, weli, pygamber aýtsa-da, öz gören düýºjagazyò pyºyrdysyça-da ýokmyka? Maòa-ha ºeýle eken...

Ol pyºyrdy häzirlikçe, kim bilýär näçe günlük, naçe aýlyk, näçe ýyllyk... näçe minutlyk ýalan bolup çykdy. Pilim elimde ertirimiòem mazaryny gazaryn diýip umyt edip otyryn. Demimi sogurmaga geljek periºde bir gün giç gelse begenip ölülerimi gömüp ºol ýaºajak ýörjek. Edil oraza-da agzy bekliniò bir ýuwdum suwy ýuwutmaga rugsadyò berlen pursadyna ýetenine begenºi ýaly her ölüme begenjek. Olar maòa ºeýle bir mähriban, ºeýle bir eziz... ölmeleri kesilmese bolýar. Men olary söýe-söýe jaýlamaga razy.

ªol begenç bilen düýn, gowy görýän dostlarymdan biri gapymdan gelende «Seni göresim gelip ýördi» diýsem «Aý, goýsanaý» diýdi. Oýun bilen, henek atyp aýtmaýanyma düºünse-de düºündi, emma ºeýle ýürekden aýdýanyma düºünmedi. Menem ýylmyldap düºündirjek bolsam, beteri çykjak. Bir gün düºüner diýdim-de haçanam bolsa bir gün düºünjekdigine begenip oòmaly boldum.

Baºga bir gowy görýänimiò gapysyndan özüm baryp «Bir hili, göresim geldi-de geläýdim» diýsem «Senem adamlaò ugruny tapmaga ökdeleýäòaý» diýdi. Ugruny tapjak bolup diýmänime olam düºünen bolsa gerek, emma... Dogrusy, dostlarymyò günäsem ýok. Olar nirden bilsin meniò iò soòky günümi, günlerimi gömüp ýörenimi? Bilseler baºgaça bolardy, elbetde baºgaça bolardy. ªu ynamam maòa bessir. Onsoòam, özüm bilýänmi näme, islendigimiziò iò soòky mazarynyò daºynda aýlanyp ýörenini? Men ºu wagta çenli hakyky demini sanap ýatanlar bolaýmasa kime ºeýle göz bilen garadym? Hiç kime. Sen ile nähili göz bilen garan bolsaò ilem saòa ºonuò ýaly garar ýogsada. Ýa göwnüò ºol pyºyrdyò çyn bolanyny, onam hemme kiºiò edil özüò ýaly öòünden bilenini isleýäòmi? Ýa «Öleòden soò boljak ähli hormatyò, dirilikde ýeke birini göresem» diýýärmiò? Eger sözümiò ýalan çykmajagyny bilsem synanºyp görerdim. Ol neressäò ölüºi ýaly otuz bäº ýaºymdakam däl, elli bäº ýaºymdakam öljegimi bilsemem diýerdim. Gurbannazar neresse ýetdimikä ºol arzuwyna? Kim bilýär ýetendir, bolmanda bir dosty çyn ýürekden «Meòem seni göresim gelip ýördi» diýip ony gujaklandyr? Kim bilýär?

Bar arzuwyò, goý, çyn ýürekden bolsun, gujaklamak, gujaklanmakmy? Hawa. Size näme gerekdi? Belki men kördürin, görýän däldirin, bu dünýede ºondanam gowusy barmy? Bu imanly bolmak dälmidir, imany bolana duºmak dälmidir? Imanyò görer göze görünmegi dälmidir?..

Elim pilli bu günümem gömüp otyryn. Haýsy günümdi bu? 23.10. 2006.                 

 

***

Her gün bir günüò ölýär. Ýöne bir günüò dogulýaram ahyryn! Buºluk diýip ertir namazynyò azanynyò sesiniò ýetjek ýerinden uzakda bolsaòam daò säheriniò ümüº-tamyºlygyndan uzakda bolup bilmersiò. Nähili süýji ümüº-tamyºlyk! Ukuda bolsaòam, oýa bolsaòam. Buºlukçyò buºlugyny berdimmikäm? Hernä az beren-ä däldirin? Men näme bersemem, näçe bersemem garºymdan Güneºi getireniò gaýtargysyny berip biljekmi? Ýekeje ºöhlesiniò bahasyny ödemäge tutuº ömrüm ýetjek däl Ol bolsa ºeýle ºöhlelerden milliardlarçasyny iberýär. Emma näme üçindir özümi bergili saýmaýaryn. Ýogsa men bilýärin ahyryn bergili bolmagyò nämedigini? Bäº manat bergiò gijelerine rahat ýatyrman, gündiz köpçülikden gaçyp ýörmeli edýär. Ýa bäº wagt bergimi berýänim üçinmikä? Eger ºeýle bolsa, bäº wagt bergisini bermän gezip ýörenlerem-ä gaty arkaýyn. ªeýle arkaýynlykdan daº edewersin!

Dünki günüm heniz ölmänkä geò bir waka bolup geçdi. Iki bolup awtobusa mündük. Oturara ýeke boº ýer bar. Ýanymdaky agam bolansoò ol geçip oturmalydy. Men onuò oturaryna garaºdym Agam iki adamlyk oturgyçda ýeke özi oturan aýala ýa özüniò boº ýere süýºmegini, ýogsa-da ºol ýere geçere maý bermegini soraýan ºekilde ýöneldi. Ol dolmuç aýal agama «Hökman oturjakmy?» diýen ýaly bir zat diýdi. Agam dik durmakdan ýadansoò zor edip diýen ýaly ºol boº ýere geçip oturdy. Ol dolmuç aýalyò bolºuny men halamadym, agamyò welin gaºlary çytylyp gahary bogazyna geldi. Hernä artykmaç söz aýtmady. Biz awtobusyò iò soòky barjak duralgasynda düºmelidik. Menem boºan oturgyçlaryò birine geçip oturdym. Emma, gözümiò gytagyny ol dolmuç aýaldan hem agamdan aýyramokdym. Agam doly köºeºdi. Dogrusy gaharynyò geleninem töweregine aòdyrman köºeºdi. Soòky duralga ýetdik. Bizem düºdük. Diòe ºol dolmuç aýal düºmän yzyna gitdi. Seredip otursak ol akyly üýtgän bir aýal eken...

Agam ikimiz welin, her zatlary akylymyzdan geçirendiris. Men ol aýala ºer gözläp ýörite özüni ºeýle alyp barýandyr öýdüpdim. Kemakyldyr öýtmek welin hiç kelläme gelmändir. Durmuº ºeýle bir geò welin, ondaky bolýan zatlar hakynda özüòçe bir zat diýmek derýanyò düýbünde balyk bardyr ýa-da ýokdur diýen ýaly. Bir göräýmäge derýa bolarda düýbünde balyk bolmazmy diýersiò. Emma çeòòek oklarsyò welin gurçugyòa ýapyºýan ýokdur. Eger balyk bar bolsa olaryò birinden-biri täzeje gurçugy ýuwudardy ahyryn! Emma, ýene-de ýok diýip bilmersiò. Bardyr diýmegem kyn. Kim bilýär, balyklar derýanyò o kenaryna ýakyn bir ýerdedirler? Kim bilýär, gurçuga gabatlaºýany ýokdur, ony görýän däldirler? Kim bilýär bu ýerde hakykatdanam ýekeje balygam ýokdur, bizden ürküp ymma gidendirler.

Men bolsam ölen günümiò, dogan günümiò gürrüòini edýän. Ölüden nirden habaryò bar, diriden nireden habaryò bar?! Gowsy ýat, ýene-de bir günüò ölümine razy bol. 24.10. 2006 senem menden razy bol.

 

***

Ölen günlerimiò birinde bir çopan dostuma duºdum. Çopan bolmagyò adamyò häsiýedine täsir edýändigi gürrüòsiz. Bir topar mal onuò eline seredýär. Oty ol berer, suwy ol berer. Dilsiz-agyzsyzka derdini bilip dermanyny tapar. Höwüre gelen malynam ol wagtynda bilmeli. Çünki, ol çopan. Siz maºgalaòyzyò çopanysyòyz diýlen ýeri bar. Siz ýolbaºçy bolsaòyz goluòyzyò astyndakylaryò çopanysyòyz diýlen ýerem bar. Hem sada adama çopan ýaly diýýärler. Malyò yzynda gezip ýörºüne özem mala öwrülipdir diýýänlerem bar. Bu aýdýanlarymyò hiç birem meniò çopan dostuma degiºli däl. Ýöne, gitjek ýeri nire, çopan bolany üçin hemmesi oòa-da degiºli. Onuò baºyny dik tutup, göwresini dik tutup, dogrusy tutuº durkuny dik tutup, epeý ýöremesi bar. Misli gözüniò ýeten ýeri onuò maly-da olam ol ýerleriò çopany, eýesi ýaly. Salamlaºarsyò welin birden çopanlygymy edip artykmaç, geliºmejek bir sözi aýdaýmaýyn diýýän ýaly çekinjeò ýylgyrar. Aýtjagyny gönläp aýtmaz. Emma, sözleri söwdagäriòki ýaly içi güjükli, aýlawlam däldir. Rahatlyk beriji giò gürrüòdir.

Ine, öli günlerimiò birinde bu çopan dostuma duºdum. Oòa duºanymy tekrarlabam durmazdym, eger ol maòa ºonda Mäne babadan söz açmadyk bolsa. Onuò Mäne babadan habarlydygy meni geò galdyrmandy. Mäne babany çopan bol, çoluk bol kim tanamaýar, kim ondan habarsyz?! Emma, Mäne babadan mysal getir diýseò welin köpümiz ýaýdanar durarys. Men bu bolºumyza geò galýan, ýöne häzirki gürrüòimiz o barada-da däl. Bu barada goý, her kimiò özi pikir etsin. Çopan dostumuò Mäne babadan getiren mysaly meni haýran etdi. Mäne baba ogluna beren öwütleriniò birinde «Oglum dostuò müòem bolsa ýene azdyr, duºmanyò ýekeje bolsa ýene-de kändir» manysynda bir söz diýen eken. Dürdäne sözler. Mäne babada, Mäne baba ýaly ägirtlerde dürdäne söz kän, munda geòlär ýaly zat ýok. Bu sözleriò çopan dostumyò ýadynda galanam geò däl. Çünki olam eºidenini ýadynda saklap, soòam ýeri gelende ony aýdyp bilýän ýigit. Meni haýran galdyran, dogrusy haýran galmakdanam beter pikirlenmäge mejbur eden baºga zat.

Ol sözler soòky ölen günlerime-de geçip gitdiler. Olary azyndan birki-üç gezek ýatlandyryn. Hem baºga bir ägirdiò «Dost isleseò Allah ýeter» diýen sözleri...

Müòüò ýerine biri... Mümkin Mäne babaò müòüniò birinjisi Oldur. Ýok, Ondan soò dokuz ýüz togsan dokuzysynyò geregi ýok. Kimiòki dogry?

Meniò ýüregim, süòkümdäki ýülüklerime çenli Oòa dost bolmak isleýär. Ol-a müò dost eken, ýer ýüzüniò ähli ýaºaýjysy bir ýaòa Olam bir ýaòa diýseler, Onuò gapysyna gul bolmaga ylgaryn. Emma, edil ýaòy mysal getiren çopan dostum, dostlarymyò içinde çopany ºol öòümden çyksa arama atanak çyzyp bilerinmi? Diòe olmy näme, dostlarym müò bolmasa-da, ºükür, toýumy-ýasymy sowarlygym, begenjimi-gynanjymy paýlaºarlygym bar. Olaryò içinde alymam bar, ºahyram, aýdymçam, daýhanam... Olaryò hemmesine «Hemmäòize derek Ony saýladym» diýip bilerinmi? Meni Oòa hyzmat etmekden, diòe Onuò pikirini edip gezmekden goýýaòyz diýip bilerinmi? Ýok. Onda Ol müòüò birinjisi bolýarmy? Ol-a asla! Onda çözgüt nirede? Çözgüt ýene Onuò özünde eken. Ol dost bolanlara dost eken. Duºman bolanlara bolsa duºman. Elbetde bu müminlere degiºli. Bir musulman, baºga bir musulman bilen üç günden artyk öýkede gezmeli däldir diýen manyda tabºyrygy bar. Mäne babada Onuò dosty bolanlaryò dostudygyny bilen soò ogluna bu öwüdi aýdandyr belki.

Hoja Ahmet Ýasawy aklyma gelýär. Altmyº üç ýaºyndan soò Serwerimiz Resulyllahdan nämäm gowy diýip galan ömrüni Güni görmän geçiren Beýik Hoja. ªeýdip ýerzeminde bir ýa üç-bäº ýyl ýaºan däl, ömrüniò soòky gününe çenli, gaty köp ýyllap. Ýöne ºolam ºägirtlerine ders bermesini goýmandyr. Dostlaram onuò elini öpmegi, olam dostlarynyò elini öpmegi goýmandyr...

Eger ömrümiò bir güni ölmän galsa, dostlarymyò gözlerinde galar...

Belki ol ºu gün, 25.10. 2006-dyr?

 

***

         

Düýnki günümiò nähili öleninem bilmändirin. Bir görsem günleriò ölýän wagty – agºam düºüpdir. Näme üçin beýle bolduka diýip ol güni baºdan aýaga ýada saljak boldum. Adaty bir gün. Bolan waka-da ýok, ýaºalmadyk sagadam. Günler üýºmegimiò üsütne ýene bir gün atylypdyr, ömrüm üýºmegindenem bir günüm alnypdyr. Oòa gitdi, muòa gitdi – ýele gitdi... Tutuº bir gün. Beýle günlerim bir ýa-da ikem däldir. Günüò dogan soò ýaºjagy belli. Edil ynsanyò dogansoò öljeginiò belli bolºy ýaly. ªeýle bolansoò ony ýele-yga gidirmezligiò ýoluny bir bilsediò.

Ölen günlerimiò birinde bir dostum häzirki döwrüò menem musulmandyryn diýip ýörenleriniò dine düºüniºleriniò gürrüòini etdi. Ol: «Biz oglumyzy sünnete ýatyrsak ähli sünnet ugry berjaý boldy diýip hasap edýäris. Sünnetde çagany sünnete ýatyrmakdan baºga many bardyram öýtmeýäris. Parz, ýagny hökman edlimeli buýruklar diýip enemiz-atamyz, ýakynlarymyzdan biri ýogalsa ºony jaýlamak, üç-ýedi etmek bilen gutarýar. Ogul öýersek nika gyýdyrarys, kä wagtam hudaýýoly, sadaka bereris. Bolany. Musulmançylyk bäº wagt namaz bilen berjaý bolýandyr diýen düºünje ýok. Namaz okamak, molla bolmak diýip düºünýäris. Belki bir döwürde bulary berjaý etmegem kyn bolandyr. Onsoò musulmançylygam ºeýele çäklere çenli daralandyr. Ýöne indi beýle däl-ä...» diýdi. Entegem ol köp zatlary aýtdy. Pikire gidirdi. Musulmançylyk, musulman bolmak, Allahy razy etmek hakynda pikire gidirdi.

Ýeri gelende bu pikirler ýene çogup çykar. Men bolsam häzir ýaºamagyò, bir gün diýilýän on iki sagady nädip geçirmelidiginiò pikirini edýän. Bu ýerde-de edil musulmançylygy çäklendiriºimiz ýaly çäklendirmeler döredip ºoòa görä-de ýaºap ýören bolaýmalyò? Edil haýwanat bagyndaky ýaly...

Hiç bir çäklendirmesiz ýaºamak ynsa-jynsa mahsus zat däl. Bu bir uç gyraksyz, gözýetime çenli öz kölegäòden baºga hiç zat görünmeýän giòiºlikde ýeke galmak ýaly hopukdyryjy. Ynsanyò ºuòa höwes edýän wagtlaram bolýar. Emma, bu höwes ºeýtanyò aly bolsa gerek. Ynsan ynsanlaryò arasynda ynsandyr. Indi, ºol ynsan haýsy çäklere uýgun ýaºamaly, haýsy talaplary berjaý etmeli, on iki sagadyny nädip geçirmeli? Dogrusy bu sowal nähili gülkünç görünýär. Edil dinsizleriò arasynda Allah bardyr diýeòde gülkünç görüºleri ýaly. Öz agyò tutup bokurdagyò dolýar, töweregiòdäkiler bolsa gülýärler...

Bu gije ölen günlerimiò ikisini birden jaýlaýan bolaýmaýyn? Hem 26-syny, hem 27-sini.

 

***         

Ýene bir gün dünýeden ötdi. Günleriòem kyýamat ahyry bar bolsa gerek. Olaram edil biz ýaly, biziò bilen bilelikde gaýtadan dirilerler. Dogrusy meni dirilderler. Ine bu günäòde ºer iºe meºgul bolduò, ine bu günde-de az hem bolsa haýyr iº etdiò, bu günüòde welin ne haýyr, ne ºer iº etdiò diýip ölen günlerimi dirildip göz öòümden geçirerler... Bu dünýede howandar çykmadyk günlerimiò o dünýede özüme howandar çykaryna garaºaryn. Emma, bu mümkin däldir. Adamyò bir ädim ätmezden ençeme menzil ýoly aºmagy mümkin bolup biler, emma diriljek günlerim maòa howandar çykmaz.

Ýadyma düºýär. Ölen günlerimiò birinde, heniz oglankam, suwda ýüzüp ýören bir süri gaza daº zyòdym. Gazlar ºeýele bir kändi, daº oklasaò ýere gaçjak däldi. Hakykatdanam meniò oklan daºym ýere gaçmady. Boýunlary uzyn, kelleleri göwrelerinden ýokarda gagyllaºyp ýüzüp ýören gazlaryò birine zyòan daºym degdi. Janawar kellesine daº degensoò ºo bada, känbir pasyrdabam bilmän suwa çümüp gitdi. Edenime puºman etdim, daº zyòan elimi diºläp, içimi çekdim. Hyrra yzyma öwrülip gazlaryò ýanyndan gaçdym. Bu etmiºimi hiç kimem bilmedi. Gazlaryò eýesem öýe gelmedi. Bir-iki gün geçirip özüm bardym. Ýene maòa hiç kim hiç zat diýmedi. Emma, bilýän ol günüm diriler... Nähajyk öldüren gazymam... Men oglandym, çagadym diýip bilmen. Çünki çagaò zyòan daºyna gaz ölesi ýok. Bilmändirin, öldürmek niýetimde ýokdy diýsemem, onda näme üçin zyòdyò diýiler. Daº birazajyk, sähelçe ýokardan giden bolsady, gazlaram azajyk kellelerini aºak egen bolsadylar. Bolmanda egilip ýerden alanym gyýçak daº däl-de kesek bolsady, belki gaz ölmezdi. ªindi-ºindem köpçüligiò öòüne çykmaly bolsam köplenç ºol gazlar ýadyma düºýär. Müýnürgäp gidýän. Ýogsa öòümdäkiler gazlar däl adamlar, menem oglan däl, elimde-de daº beýlede dursun, kesegem ýok... Özüm bilip-bilmän gahardan ýa aºa keýpi çaglykdan göwnüne daº atan ynsanlarym ýeke gayò çenem däldir. Baryny bir ýere jemleseò ºol süri gazdanam kän bolarlar. Menem bärsinde elim daºly ýetiºibildigimden olaryò göwünlerini öldürýändirin... Allahym, diòe Sen, diòe Seniò Beýikligiò güýji ýeter bizi bagºlamaga...

Günleriò ölmesem bize bagly däl, dirilmesem. Gaýta, daºy alyp-almazlyk, zyòyp-zyòmazlyk bize bagly. Bize bagly däl zatlar, bize bagly bolan zatlary ýa günä, ýa sogaba, ýa haýyra ýa ºere öwrüp durlar...

Ýene bir günümi jaýladym. Hernä bu 28.10. 2006 sogabyma ºaýat günlerden bolsunda, Allahym... Elimdäki daºlarymy öz köòlüme zyòdyr, Allahym...

 

***           

Göwnüme bolmasa bu günümiò ömri gysga boldy. Hiç zada ýetiºmedim. Agyr hassa ýatan aýal doganym bar, ony soramaga gidip geldim. Biraz limonlarymy timarladym. Gaty köpden bäri görmän ýören daýzam bar, olaryò hudaýýolusyna Gökdepä gidip geldik. Yzymda öýe iki dostum gelip meni tapman gidipdirler. Soò olaryò biri gaýtadan geldi. Häli gelemde ýokduò diýýär. ªu gün hakykatdanam men ýok ýaly. Soò ºol dosstum bilen olaryò öýlerine gitdik. ªol ýerde-de agºam düºdi. Elime pilimi almaly boldum. Tarpa-taýyn ýogaldymy? Hakykatdanam, bir ýüregi agyrly bende ýaly wagtyndan öò amanadyny tabºyrdymy bu günüm? Ýogsa nähili gowy baºlady, gowam gutardy. Arman ömri gysga boldy. Ýüregimi jigletdi-de öldü-de gitdi. Ýitgimi dostuma bildirmän zordan saklandym. Ol meni mazarystanlygymdan öýüme alyp gaýtdy. Hernä hiç zady görmedem, bilmedem. Mümkin olam geçen gününi depin edýärkä menem onuò ýanynda bolandyryn? Bir hili gussly seredeni ýadymda. Dostum, gaýgy etme, men hakykatdanam hiç zady görmedim, senem görmediò. Ertirki günümiziòem ºular ýaly geçmegini Allahdan diläli. Aýam tamamlnyp barýar. Biz 29.10. 2006-ny jaýlap geldik. ªu aýymyò iò ömri gysga gününi. Belki ertirki gün mundanam gowy bolar-da biz ony hasam begene-begene jaýlarys. Ömür günlerimiziò mazarystanlygynda ºeýele günlerimiziò guburunyò bardygyna begene-begene...

 

***               

Nähili geò! Her günki günüme ölmejek ýaly garaýaryn. Ölenden soòam ölmejk zat ýok diýýärin. Biz biri-birimize-de ºeýle. Biri tä ýogalýança, ýa agyr kesele uçurap bäºy ýassyga ýetýänçä oòa ölmejek ýaly garaýarys. Birden ýogalýaram welin, ajaldan gaçyp gutljak ýok, ýeten gidibermeli diýýäris. Belki, adaty ynsanlardan tapawutly derejä ýetip bilenler bu geòligi aºýandyrlar-da, ºondan soò weli ýa pir çykýandyrlar.

Öòüòde üç metirlik diwar. Gutarýan ýeri göklere çenli uzap, gözden ýitibem gidenok. Beýikligi öz boýuò ikisiçe-de ýok. Emma, aýagyò aºagynda merdiwan ýa ºoòa meòzeº bir zat bolmasa, aºyp bilmejegiòi bilip dursuò. Hemmesi düºnükli, edil ºol diwar ýaly, düºnükli, her kimiò baºynda ölüm bar, ajaldan gutulan ýok. ªonda-da, edil ýaòy men biriniò göwnüne degdim, biri gelip meniò göwnüme degip gitdi. Göwnüne degileniò islendik pursatda ýogalyp biljek, hatda razylaºmaga, öýkeledenim üçin bagyºla diýmäge-de ýetiºmezligiò mümkin. Azajyk parhlyrak bolsaòam boljak. Sen öljek ahyryn! Men öljek ahyryn! Ol öljek ahyryn! Her günki günüò ölüp dur, gömeýärmiò? Wah, görsem weli bolaýmajakmy men. Özüni bilen weli diýip ýönelige aýtmaýan ekenler.

Günjagazym, mähriban doganjygym, jigijigim, dorusy sen maòa doganam, jigem, hatda mähribanam däl bolmagyò mümkin. Kimem bolsaò razy bolaweri. Düýbünden, tersimden gelýänem bolsaò, ýa men tersiòden barýanam bolsam, edil uçup ýören garlawaçlaryò näçe köplük bolsalaram, näçe çalt uçsalaram çakyºmaýyºlary ýaly çakyºmajak bolaly. Sen saga sowulsaò, men çepe sowulaýyn, sen çepe sowulsaò men saga. Çaknyºykdan peýda ýok, ol diòe ýoldan goýýar. Geç-de git deòimden, aýp etmäýin. Menem deòiòiden geçip gitsem aýp etme. Razy bol. Öòi-soòy gitjek ýerimiz ýok, barjak ýerimiz belli. Ikimize-de ahyrda eli pilli gölegçiler garaºyp otyr. O dünýäni ret etseòem, muny ret edip bilmersiò. Belki-de muòa doly göz ýetirseò, o dünýänem ret etmersiò. Bir gün, meniò ºu jaýlap ýören günlerim ýaly bir gün geler-de, meniò özümi jaýlar. Senem öz günüò jaýlar, onam öz güni. Ajaldan gaçyp gutulma ýok. Emma muòa ºu gün, özüò günleriòi jaýlap ýörkäò düºünmek, göz ýetirmek edil üç metrlik diwardan merdiwansyz-zatsyz aºjak bolan ýaly...

ªu ýerde ölen günlerimiò birinde eºiden bir rowaýatymy aýdyp bereýin. Hakyky bolan waka diýip gürrüò beripdiler. Bir obada iki adam bir mellek ýeriniò üstünde oòuºmandyrlar. Biri meniòki diýýär, beýlekisem ýok meniòki. Oòuºarly dälmiºler. Bu dawaò arasyny açyp biljegem tapylmandyr. Soòy erbetlik bilen gutarmasy ýakynlaberende o ýerden bir ahunyò ýoly düºüpdir. Dawagärler ahunyò gelýänini görüp begenip: «Ahun aga, ýalan sözlemez, ºol kimiòki diýse ýerem ºoòky bolamy» diýip öz aralarynda karara gelipdirler. Oýnança ahunam gelip ýetipdir. Saglyk amanlykdan soò dawagärler çözüp bilmeýän meselelrini ahuna aýdyp berip, ýeri haýsy hem bolsa birimize bagyº et, biz seniò aýdanyòa razy diýipdirler. Ahun sesini çykarman, dyz epip oturypdyr. Soòam ýere gulagyny goýup diòºirgenipdir. Soò dikelipdir-de: «Men bu ýerde kimmiºim? Siz ºu ýeri paýlaºyp bileòizok ahyryn. Jogaby ondan eºitmek gerekdi» diýipdir.

- Hawa, ahun aga eºitdiòizmi, ýer näme diýýär?

- Ýer-ä... ýer-ä siziò hiçiòize-de maòa eýe bolsun diýenok. Gaýta, kim ºu ýerde galsa, men ºoòa eýe bolaryn, ºony ýygnaryn diýýär.

- O nähili?

- Nähilisi ýok. Hemmämizem ol öz goýnuna ýygnar.

- Ýygnamasyna ýygnar-la welin, haýsymyz galsak ºony ýygnajagy ýeser eken.

- Gaýta, bir bela betere uçuraman, gaýadan uçman, ot belasyndan, suw belasyndan gitmän, ýaºap ýörenje ýeriòde ýogaljagyò, jaýlanjagyò belli bolsa gowy dälmi näme?

- Gowy bolsa ahun aga, siziò özüòiz ýaºaýyò, ene süýdünden halal size bagyº etdik. Biz baºgarak bir ýerde mekan tutjak bolaýaly...

ªeýdibem «Gowy dälmi näme?» diýmesini ýalana çykarman, ahunyò özi ºol ýere göçüp gelmeli bolupdyr. Soò ºol ýerde kazasy dolup, ahun ºol ýerde-de jaýlanypdyr. Bir uly öwliýaòam gonambaºysy bolupdyr...          

Men bu zatlary näme üçin ýazýaryn? Dogrusy, näme üçin ýazýanymy özüm-özüme eýder-beýder düºündirerin. Esasy mesele, okap oturan näme üçin okaýarka? Ol näme üçin okaýanyna düºünip bilermikä?

Bu günki jaýlan günüm aýyò iò soòky güni 31.10. 2006. Ertir Täze aý baºlanýar. Seredip oturýan welin, bu gün ýeke güni däl, tutuº aýy jaýlapdyryn. Ýeke-ýekeden... özümem bilmän. Allaha ºükür, tutuº aýdan bir günem öz kastyma çykmandyr...                  

 

***

Täze aýyò iki gününi ýolda geçirdim. Magtymguly Pyragyò, beýik ºahyryò ýurduna gidip geldim. Ýolda köp göwün ýüwürtdim. Ýoluò dowam edip gidip oturºyna aklym haýran boldy. Dagdanam aºýar, düzdenem, derýadanam, deòizdenem. Islän ýerinde sowulýar, dogrulanýar... dowam edýär. Ol ýollar bilen her kim barjak ýerine çenli baryp bilýär. Sowulsa-da, dogrulansa-da, beýige galsa-da, aºak inse-de seni barjak ýeriòe eltýär. Özüò azaºmasaò, onuò azaºmagam, ýalòyºmagam mümkin däl. Barjak ýeriniò nirededigini bilmeýänler azaºýaram, ýalòyºýaram. O ýola düºmän bu ýoldan gidemde göni barjagam ekenim. Häli sowulmadyk bolam-da azaºjagam däl ekenim... Emma ýollarda günä ýok. Seniò sowulyp azaºan ýeriò baºga birine gysga, dogry ýoldur. Bir ýoly kötel görseò, ýene bir ýoly aýlawly, bir ýoly gorkuly görseò, bir ýoly uzak, ahyrynda-da bilmedik-görmedik ýoluòa düºüp çen bilen ýol alyp ugrasaò, ýoluò näme günäsi bar? Hiç bir ýol baºdan-aýaga ºaglap ýatan düz ýol bolmaýar. Her ýoluò öz öwrümem bolýar, kötel ýerem. Kötel bolsun, uzak bolsun, kyn bolsun, duºmanyòdan sowulyp dostuò öýüne barýan ýola düº. Düz, ýeòil, ºaglap duranam bolsa dowzaha barýan ýoldan gaça dur. Allahym, bize ýollaryò dogrusyny saýlamaga  hemaýat et. Öz huzuryòa ýetmek üçin ädilýän aýaklarymyzy gyºyk basdyrma.

Bu gün ýylyò on birinji aýynyò üç güni öli güne öwrüldi. Olar meni azaºdyran däldirler-dä hernä?

 

***

Ölen günlerimi ýazmakdan biraz dynç aldym. Sizem ony okamakdan dynç aldyòyzmy? Dogrusy ýazmak okamak bilen deò däl. Ýyllap ýazylan zady bir aýa ýetirmän okap çyksa bolýar. Emma, ömri boýy bir kitaby ahyryna çenli okap çykyp bilmeýänlerem bilýän. Bularyò bary hiç. Men okajaklar üçin ýazsamam, okajaklar meniò üçin okanok. Onsoò ýagdaýlaryna seretsinler.

Okajaklar üçin ýene bir günüò ýatlamasy. Onuò ölenine esli wagt geçdi. ªol gün men garyndaºlarymyò biriniò maºynyna mündüm. Ýaº tapawudymyz on bäº ýyl töweregi bardyr. Içimden menem on bäº ýyldan ºeýle halda bolaýarmykam diýenimi duýman galypdyryn. Onuò keselbentdigini bilýärdim. ªonda-da maºynyndan düºenok diýen ýaly. Mydam kireý edip ýör. Serediºimden içimdäkini bilen ýaly özi öz ýagdaýyndan söze baºlady.

«ªu wagt baºga birine ºeýdiýsem ynanmazam. Çynym bilen ölesim gelýär. Ölüp bilemok. Sag ýerimem ýokdur ýogsa. Bagrym çüýrük. Süýji keselim bar. Böwreklem agyrýar. Aýaklam çiºýär. Ýüregim sanjap oýanýan. Ýatamogam-la. Uzak gijede iki-üç sagatdyr. ªeýdip otursam janyma gowy ýaraýar. Maºynyò rulunda oturan ýaly kresloda oturyp daòymy atyrýan. Iýýänim uzak güne iki döwüm çörek, bir käse gatyk ýa süýt. Kä wagt ºugundur gaýnatdyryp iýýän. Onam janyòa gowy ýaraýandyr diýensoòlar iýäýýän. Iºdäm çekip, hezil edip zat iýenim ýadymdan çykyp gidipdir. Dünýäò sähelçe-de gyzygy ýok. Kireý edýänim güýmenje bolaýýar. Ýogsa ºundanam güýmenje bolarmy? Hammalçylykda bu-da bir. Kimi beren puluny gysgana-gysgana berip üºýär, kimisem eliniò tersi bilen oklan bolup düºýär. Pul bermäò diýäýjek welin olam aklyòdan azaºmak ýaly görünjek. Iò gowusy ölmek-le welin olam baºardanok. Janyma kast etmäge-de güýjüm ýeter öýdemok. Güýç diýýänim gaýrat-da. Birden onam oòarman ýarym öli, ýarym diri bolup galsam has erbedi boljak. Ahyry bir günä öldürersiò diýip gezip ýörün. Sogap iº etsin. Günälerini ýuwsun diýip Alla saòa pursat berýändir diýýä biri. Eý wah-eý, sogaby tüýs gazanjak wagtym gazandymmy men indi altmyºdan soò gazanar ýaly. Biz ýalyò günäsi artmasa, ýaºany bilen sogaby köpelmez. Seni maºynyma mündürdim. Öýüòe eltip düºürerin. Senem maòa «Taòry ýalkasyn» diýip düºersiò. Taòra galsa ýalkanmajagymy bilýän. Umyt üzülmez diýýäò. Baý gaty kän gezek gördüm umydymyò üzülenini. Taòry ýalkasyn bereniòden bäº manat beräý diýýändir öýdüp bir pikir edäýme. Sen meni tanaýaò-a, güzeranymam bilýäò. Men ºu maºynyò aýnasynyò aòyrsyndaky görnüºiò üýtgäp durºuna özümi aldap gezen bolup ýörün. Adamlaò oglum, aýtygym diýip aldanyp ýörüºleriniòem meòkiden tapawudy ýokdur. Bir ogluny goltuklan bolar. Olam bir gün ulalyp ýüzüne tüýkürer welin baºga bir ogluny goltuklar. Olam ýüzüni kese-kese sowan bolup baºlar welin agtygyna ýapyºar. Agtygam ulalansoò ogly ýaly bir adam-da. ªeýdip-ºeýdibem göre girer. Yzynda iki ogly mellegini paýlaºyp bilýän däldirler. Hemme adam edil beýle däl diýýäò. Tapawutlary sähelçedir. Ölüp bilseler öljekdirler, ýöne hiç kim muny boýnuna almaz. Hä, öýòüze geläýdikmi. Bolýar, bile ýalkasyn». Men maºyndan taòryýalkasyn diýmän düºüp bilmedim. Bu adam bilen men sizi has içgin tanyºdyrybam bilerdim. Ýöne häzir däl. Ýene bir gün, ýene bir kitapda. Bu gün Sanjar aýynyò 18-i geçdi. Gijäme gaplandy.

 

***

Düýn öýüme iki myhman geldi. Biri gözli biri kör. Olar tanyºlarymdy. Emma öýüme ilki geliºleridi. Ýadyma düºýär, olary ilkinji gezek göremde, ilki tanyºlygymyzda haýran galypdym. Gözlüsiniò owadan, mährem, eýesine ygtybarly gulluk etmek, ähmiýetli hiç bir zady sypdyrmajak bolup garanjaklaýan bäbenekler, göreçler. Beýlekisinde-de «Gözlerim çala ýolumy saýgarmagyma ýetýär. Siz bir onuò ºeýle biçäredigini görüp gynanmaò» diýýän ýaly gözüni gözlerden sowýan ýaº ýigit. Öýlenenem däl bolsa gerek. Men onuò halyna gynanyp, hemem gabadyna geldi-de «Gözlüler görmesiz zatlary görüp köp günä galýarlar. Allah seni ºol günäleri gazanmakdan halas edipdir» diýen mazmunda göwünlik beriji söz aýtdym. Ol neresse-de «Her kim maòa gözsüzligimiò zyýany ýok diýen ýaly edýärler. Emma, meniò göresim gelýär. Kuranyò harplaryny görüp bilsem, baºga armanym ýok» diýen ýaly bir zatlar diýdi. Maòa jogap berjegem bolmady-da gürrüòdeºlige  iriºmek isledi öýdýän. ªoòa çenli ol ýeke agyzam geplemän otyrdy. Göwnüme bolmasa bu sözleri ol köp aýdan bolmaly. Aýdymyò sözlerini ýat tutan aýdymçy ýaly, säginmän, gelºirip diýdi. Men çyn ýürekden oòa göwünlük berjek bolºuma utandym. Ony idekläp ýören, gözli ýoldaºy oòa gaty kän gezek, menden kän gowy edip göwünlik berendir. Dolan suwly gabyò üstüne ýene suw gumagym nämä gerekdi? Duýgudaºlygymy beýle janygyp oturman, iki agyzda-da aýdyp bilerdim. Özümi onuò ýerine goýsalar bir sagadyna-da çydamasam gerek, ýene-de kör bolmak gowy diýen bolýan. Onda-da janymy pidalap. Emma men ýalan sözlemedim. Her sözümi ýürekden aýtdym. Olaryò içinde ýerine düºmedik ýekejesem ýokdy. ªonda-da... Soò oýlanyp görüp, etmiºiòe düºünilºi ýaly boldy. Ýazyjylykda-da ºeýle. Çynyò bilen ýazýaò, çynyò bilen bir zatlar aýtjak bolýaò. Soòam, bularyò barynyò sendenem müò esse gowy edilip aýdylandygyna göz ýetirýäò. Üstesine-de adamlara diýýänleriòi özüòe berjaý et diýseler aºagyndan çykyp biljegiòem nägümana.

Biri gözli, biri görmeýän myhmanlarym, menem hem göresi gelýän hemem görüp bilmeýän edip gitdiòiz. Hemmeden öòürti özüm görýän ýaly bolup bakýan töweregimi menden öò milliardlap gözler görüp gidipdirler. ªonuò üçin ony görmegiòem, görmezligiòem uly bir ähmiýetem ýok ýaly. Ýene-de gabaklarym biygtyýar açylýar. Niçigem bolsa gözüò göreni gowy, eliò tutany, aýaklaryò ädileni gowy. Eger ºeýle bolmasa Allah olary bize bermezdi. Eger bermedik bolsa, ýa-da beribem yzyna alan bolsa, biz ol agzalaryò islendiginiò özümizde ýokdugyny gowy tarapa ýorarys we Allah nähile etse ºonuòam dogry bolýandygyna akyl ýetireris. Hatda ajalyò ýetip ölmegem gowulyk ahyryn. Gündiz gutaryp gijäniò gelmegem, soò gijäniò gutaryp gündiziò gelmegem gowy. Ýogsa birisi ýagtylyk, beýlekisem tümlük... Sanjar aýynyò on dokuzam geçdi. Bu gün wakalara baý gün boldy. Men oòa köp gezek dolanaryn.

         

***

 

 

«Ýaprak» žurnaly döwlete degiºli däldir we ähli toparlardan, guramalardan, partiýalardan we birleºiklerden garaºsyzdyr.
«Ýapragyò» buýsanýany türkmen halkynyò medeniýeti, sungaty we edebiýaty barada garaºsyz
alyp barýanlygydyr.
 

© Ýaprak