Eýran türkmenleriniò medeni, edebi we jemgyýetçilik žurnaly

 

ŽURNAL BARADA


Baº sahypa

Maksady

Redkollegiýa

 

ARHIW


Soòky sany

Ýyllara görä

 

GATNAªYK


Myhman depderi

Habarlaºmak üçin

Dost sahypalar

 

 
Her güne bir nakyl


 

 

 


 
Edebiýat / Döwürdeº türkmen edebiýaty
Ylýas Amangeldi

* * *

Maòa tarap uzamasyn gollaryò,
Ölemden soò
Sowukdyryn.

Umyt edip, diòºirgenip, goýma gulagyò,
Diýme pyºyrdar.
Gury ýapraklar ýerde
ªygyrdar.
Dilim-dilim pyntyklary,
Bahardyr açan.
ªol pyntyklar dälmidir,
Bu güýzde
Saralyp gaçan?
Duºuºykda gerilmedik gujagyò,
Aýralykda gözýaºyna
Ynanylmaz hiç haçan. 

Ölemden soò
Sowukdyryn.
Uzamasyn maòa tarap gollaryò,
(Neneò oòat!)
Sowukdyryn.
Sowukdyryn...

 

* * *

Begener ynsan, begener,
Begenji daglara deger
Çöllerde her ýana ösüp
Selinleriò baºyn eger.
Gökdäki ak bulutlaram,
Ynsan begenjidir meger?!
Bir günem...
Gynanar ynsan,
Gynanar çyndan.
Gynanjy çykmaz içinden.
Bermez daglara azary,
Kalpdadyr selinleò zary.
Gözde ýaº bardyr sähelçe,
Diòe ºol, sygmadyk içe...

 

* * *

Gözüm gidýär, gözüm gidýär,
Çölde ýazyò ýagyºyna,
Ak garlaò ýeke-ýekeden,
Gökden gaýyp gaçyºyna.
Maòa tarap, tötänden
Bir mähremiò bakyºyna.
Teºne gözläp çeºmeleriò,
Urnup-urnup akyºyna...
Gözel görnüp bu dünýeden,
Mazarlaryò ýatyºyna.
Gözüm gidýär, gözüm gidýär.

 

* * *

Sözümden gaýra düºdüm,
Özümden aýra düºdüm,
Ýyly sözlerden üºäp,
Buz bilen gora düºdüm.

Aýtsaòyzlaò bu ýalyn ne?
Çynyòyz ne, ýalan ne?
Etmelimi ýa puºman,
Bu jahana gelenòe?

Neçün, geçjek ýollaryma,
Duzak bolup guruldyòyz?
Ýagta uzan gollaryma,
Palta bolup uruldyòyz?

 

 

«Ýaprak» žurnaly döwlete degiºli däldir we ähli toparlardan, guramalardan, partiýalardan we birleºiklerden garaºsyzdyr.
«Ýapragyò» buýsanýany türkmen halkynyò medeniýeti, sungaty we edebiýaty barada garaºsyz
alyp barýanlygydyr.
 

© Ýaprak