Eýran türkmenleriniò medeni, edebi we jemgyýetçilik žurnaly

 

ŽURNAL BARADA


Baº sahypa

Maksady

Redkollegiýa

 

ARHIW


Soòky sany

Ýyllara görä

 

GATNAªYK


Myhman depderi

Habarlaºmak üçin

Dost sahypalar

 

 
Her güne bir nakyl


 

 

 


 
Edebiýat / Döwürdeº türkmen edebiýaty
Ylýas Amangeldi

Däde Gorkuta ýüzlenme

 

1.

Kabul etseò huzuryòa geldim men, dädem,
Saòa çenli uzak ýol geçdim dähedem-dessem.

Domrulyò däliligin dilesem, maòa bermezmiò,
Sähel dälilik berseò, bu pelege per bermerin.

Dünýeden nägile etme, malyny dilemäýin,
Enem-atam bolsa-da janyny dilemäýin.

Köpri gursam il-günüme, azar bolmasyn,
Gollarym hiç kese däl, diòe Allaha uzasyn.

Ýüzüm kybla mahaly gelsin Ezraýyl,
Baºym seždedekä gelsin, nätse men kaýyl.

Ýarym ýanymda, belki, janynny janyma gatar,
Ogullarym ojagyma bolanja közüni atar...

Senem ºonda ýanymda bolarmyò, dädem,
Huzuryòa geldim men dähedem-dessem...

2.

Dek düýnem gorkulydyò, eý, dädem Gorkut,
Pyºdyl baºyn gizledi, dilegleriòden gorkup.

Bir-birini satdylar, hile gurup tilkiler,
Hudadan gorkmadylar, senden welin gorkdular.

Olaryò bu bolºy gülküdi, ýa ilime alamat,
Gülki bolmak tilkilere köneden gelýän adat.

Ýa olar bildilermi egsilmez güýjüòi seniò,
Ýa görüp bilmedilermi iliniò görjegni seni.

Ýa olar senden däl-de, ilden gorkdularmyka –
Ogullaryndan gorkanyò eli bararmy ata?

Ah, Gorkut dädem, ah, Gorkut dädem, men nädem,
Has öòe gitmeliler ýetmän, gaýdýarka bärden?..

3.

Dädem saòa aýandyr, haýyr ºeriò arasy,
Synama bakyp diýdiler: “Bu-la haýryò ýarasy”.

Ýagºy söz ýaranjaòlyk, mertlik gedemlik bilindi,
Pyntyk ýalyja kalbym ýetmiº ýerinden dilindi.

Bize “goýun” diýdiler, “dinozawrlardyk” biz,
Köpelýänler diýselerem, azalýanlardyk biz,

Tabydyny götertmeýän, beýik ömürler ýokdy,
Ýurdumyzda altyn-zer däl, kömürem ýokdy...

Tozanly çöl, ºor getiren gara suw, hem KPSS,
Ordenli garry köpekden gelýärdi gyryljak ses.

Aòryòyz Gorkut ata däl, aslyòyz maýmyn diýdiler,
Milletem maýmyndan beter, bir-birini iýdiler.

ªahyrlar ýakalaºdylar, piwo satanlar gönendi,
Maºgalalar bozulyp, ýumry satanlar gönendi.

Halal baºa bela geldi töwür bilen sünnetden,
Adamlar peýda tapdylar arza bilen gybatdan...

Seni inkär etmegiò muzdy, baýragy ne eken,
Indi bilendir belki bu sada türkmen...

4.

Diòe bir zada düºündim, seni diòlänim üçin,
Bu dünýäni dünýe bilmän, älemde güòleýän üçin,

Seniò kesgitli sözüòi, kert gaýa deòänim üçin,
Her gününe bir daº alyp, daºlary eleýän üçin,

Dabanlary gyzyl gan, yzyò yzlap gelýän üçin,
Külden depe bolmajagyn hakykatdan bilýän üçin,

Özi ile geò bolup, illeri geòleýän üçin
Gözünden akýan ýaºynyò hiç soòy gelmeýän üçin,

Aòynda seò paýhasyò, guº kimin uçar güsürdäp,
ºonda hat-da ýüregi, oòa päsgeldir gürsüldäp...

5.

Tüsseli howada uçsa guº, ýokmazmy ganata gara?
Läbik suwda galan balyk neneò bökmesinkenara?

Domrulyò däliligin diläýin, ber maòa dädem,
Göwsi gözel awlagly daglara baº uram, gidem.

Sen näme diýjek bolduò, düºünip bilemrinmi?
Beýdip, aýtjagyn aýdanlar bu golaýa gelmez indi.

Allahym geçsin ýazygym, günälerimi,
Her namazda okasam boý soòy dilänleriòi...

Ýaºasam, ýöresem, dursam, ýansam ýa sönsem,
Goý däli diýsinler maòa, besdir saòa söýensem.

Ýagºyny sende kesgitläp, ýamany seò bilen bilsem,
Seni nusga edinen danany tapsam, diòlesem...

Gara gaýa bakdym-la, bakdym doýmaýa-doýmaýa,
Gaýadan çeºme bulak, akdy-la goýmaýa-goýmaýa.

Dag baºyndan duman çökdi bu oglan höwesime,
Zar bolupdyr dereler arlaýan gaplaò sesine...

Seni ýatlap otyrkam, belki, eý Gorkut atam,
Hyrlysyna söýenip gelmezmi gorkulan atam...

6.

Aýagyndaky çokaýy, gysmasa bolýar atamyò,
Üstüne münen bedewi, tesmese bolýar atamyò.

Bilinden sypmasyn syýy geýen gyrmyz donunyò,
Gül biter daman ýerinden gyrmyz ganynyò onuò.

Atam öler, eý, dädem, ölümi seni penalar,
Meni namaza, imana dolar, dilindäki senalar.

Barmaly ýerine ýetmän, ol gaýtmaz bärden,
Ýurdy, seni söýüºi baºgady, olaryò dädem...

Aýagynda çokaýy, gysmasa bolýar atama,
Üstüne münen bedewi, tesmese bolýar atama...

Soò, ony ýygnan Gökdepe gökdäki depe bolar,
Üstlerinde Gün ýaºyp, üstlerinde Gün dogar...

Tümmek-tümmeklere gurban, bary bir ýaly,
Emma ºehit tümmegine taý geljek barmy?!

Dädem, indi niçe asyr bakýarsyò dünýä,
Ondan bir nesliò gitse, bir nesliò gelýä.

Nesiller nesile gurban, bary bir ýaly,
Emma il söýen nesle taý geljek barmy?!

“Men Watany söýýän” diýmek aòsat-la, dädem,
Ýöne sözüò yzynda durmak aòsat däl, dädem.

Paýhasyò Nýutony, Eýnºteýn, Paskaly sen,
Iliòi söýmäò syryn aç, özüòe gulak asýana sen.

Uçan guºuò ganatyna garalyk ýokmasyn diýip,
Suw bulanyp balyklar kenara bökmesin diýip...

Dileg edeli, dädem, dädem, dädelerim....
Pederlerim, didelerim...

 

 

«Ýaprak» žurnaly döwlete degiºli däldir we ähli toparlardan, guramalardan, partiýalardan we birleºiklerden garaºsyzdyr.
«Ýapragyò» buýsanýany türkmen halkynyò medeniýeti, sungaty we edebiýaty barada garaºsyz
alyp barýanlygydyr.
 

© Ýaprak