Eýran türkmenleriniò medeni, edebi we jemgyýetçilik žurnaly

 

ŽURNAL BARADA


Baº sahypa

Maksady

Redkollegiýa

 

ARHIW


Soòky sany

Ýyllara görä

 

GATNAªYK


Myhman depderi

Habarlaºmak üçin

Dost sahypalar

 

 
Her güne bir nakyl


 

 

 


 
Edebiýat / Döwürdeº türkmen edebiýaty
Ylýas Amangeldi

Artyklyk

(Hekaýa)

Bu Durdynyò düýºi däldi. Emma ol düýºde ýaºap ýören ýalydy. Biri yzyna düºürjek bolup öòünden çekýän, ýene biri bolsa öòüne saljak bolup yzyndan itekleýän ýalydy. Bu güýçleriò ikisem birleºip Durdyny bir tarapa alyp barýardy. Ol hereketlerini öz erkinden çykyp edýänini çalarak aòýardy. Ugry demirýola tarapdy. Ol otlynyò aºagyna özüni oklap bar zatdan dynmakçydy. Ony ýiti isleg gynaýardy. Ol isleg ºeýle bir ýitidi, ilki endam-janyny gyýym-gyýym etdi. Häzir bolsa damagyny çalmak niýetine münüpdi.

Onuò nämä bolan islegdigini bilmekden öò, ºol islegiò özüniò nämedigine düºünmek gerek. Çünki suwsuz çölbeýewanda teºnelikde galany bir damja suwa bolan islegiò islendik zada razy ediºi ýaly häzir Durdam boýny zynjyrlyja güjüge dönüp ºol isleginiò yzyndan selkilläp barýardy. Ýa-da islegi ony ýesir alyp, gollaryny baglap öòüne salyp barýardy. Ikisiniò haýsysy bolanda-da Durdyò erki isleginiò elindedi. Ädimleri özüniòki däldi, dury pikirlenmek, edýän iºiniò tersdigine düºünmek ýokdy. Gürs-gürs urýan ýüregi bir urgusynda ters diýse, beýlekisinde dürs diýýärdi. Gözleri elek-çelekdi. Emma hiç zady saýgarmaýardy. Ýogsa köçäò gyrasynda çigit satyp oturan daýzanyò ýanynda saklanyp bir guýguçjyk çigit alanda-da, ºol çigde güýmenip pikiri üýtgese üýtgäp biljekdi.

Demirýol ºäheriò o çetindedi. Pyýada barardan daºdy. Durdy öýlerinden çykmanka oòa nähili ýetjekdiginiò çyzgysyny aòynda çyzypdy. Talyp hakynyò soòkuja on müòüniò bäºisini berende taksi ony ºäheriò çetine çykarjakdy. Bir hepde mundan öò obada ýaºaýan daýylarynyòkydan gaýdyp gelýärkä ol demirýoly gowy synlapdy. Häzirki barjak ýeri onuò gözüniò öòünde açyk görnüp durdy.

Saklan taksisiniò sürüjisi geplemezek adam eken. Diòe aljak pulunyò pikirini öwrüp oturan ýaly, Durdyò ýüzüne-de bakanokdy. ªäherden çykylyp çola ýerde Durdy düºüp galmakçy bolanda-da ol sesini çykarmady, on müòlüge gaýtargyny ýedi bersemmikäm ýa-da bäº bersemem bolarmyka diýip pikir etdi. Durdyò gaýtargysyna parhsyzdygyny görüp bäº müòlügi uzatdy. Soò ýene pul çykarmak niýeti bar ýaly elini jübüsine salan boldy. Onýança-da Durdy gapyny ýapdy.

Günbatardan ösen sergin ºemal taksiçiniò bermedik kömegini berip Dudyny öz erkine gaýtaryp getirjek bolýan ýaly onuò ýüzlerini, saçlaryny sypap geçdi. Oò bilenem kanagatlanman Durdyny durºuna gujaklady. ªemalyò sowujak “teni“ Durdyò endamlaryny jümºüldetdi. Durdy aòyna aýlanjak ýaly etdi. Öz niýetinden gorkan ýaly töweregine garanjaklady. Demirýoluò ugruna seretse bir otly ýetip gelýärdi. Aýakaldygyna ylgasa… Durdy ylgamady. Onuò niýeti heniz biºmedik ýara ýaly ýüreginde yza berip durºuna ýarylyp bilmeýärdi. Onsoòam onuò göz öòüne getirýän ölºünde otlynyò öòüne ylgap barmaly däldi. Onuò beýnisinde baºyny goýmaly demirýol relsine, üstünde süýnüp ýatmaly ýagly agaçlara çenli hemmesi aýan görnüp durdy. Ýazyò sowujak ºemaly öz ejizligine düºünen ýaly ýitip gitdi.

Geçen otlam ºakyrdap gözden ýitip batýardy. Durda aýagynyò aºagyndaky çagyllaryò sesi geçen otlynyò sesinden gaty eºidilip ugrady. Ol reslere ýakyn gelipdi. Saklandy. Çagyllaryòam ºagyrdysy galdy. Ol aýagynyò burnuna seretdi. Gözleri köwºünde däldi. Ol ýogyn, ýasy, gara ýag ºpallara geò galyp bakýardy. Otlynyò tekerlerinden syçran ýaga kirlän ak çagyl daºlary sanaýan ýaly ýeke-ýeke gözden geçirýärdi. Demirýoluò polat relsleri göwnüne sowujak ýaly bolup hälki ºemaly ýatlatdy. Ýazyò bu günki mylaýym howasynda ol egni ýuka köýnekli bolsa-da yssylaýardy. Ýüregi sowugy küýseýärdi. Niýetine düwüºine görä ol aòyrdan otly çala görünende demirýoluò üstünde kese ýatmalydy. Ol aýaklaryny uzadyp, kellesini gara relsden daºyna çykaryp, oòa eginlerini berip, arkan ýatyºyny aòynda görýärdi. Otlynyò agyr tekerleri onuò döºünden, ýüregini ezip geçmelidiler. ªonda ol hiç bir agyrynam duýup ýetiºmeli däldi…

Agyry… Diºiniò agyrsyna-da çydaman bökjekläberýän ynsan ölümden gorkanda-da agyryny göz öòüne getirip gorkýan bolsa gerek. Durdy iki-üç günlikde uniwersitetlerinde geçirilýän sanjymyò agyrysyndan gorkusyna sapakdan gaçypdy. „Bar zatdan dynmak“ hakynda netijä gelende-de ol ilki bilen bu iºiò agyrsyz bolmagy hakynda oýlanypdy. Onuò pikiriçe otlynyò tekerleri ejiz göwresini ýüzüniò ugruna parçalap geçmelidi.

Durdyò gulagyna otlyò sesi gelen ýaly boldy. Ol demirýoluò ugryna seretdi. Gündogara tarap uzap ýatan demirýol tükeniksiz merdiwana meòzäp gözýetimde ýitip gidýärdi. Durdy onuò uzun ºekiline maýyl bolup bakdy. Emma sesiò geliºi barha aýyl-saýyl eºidilip ugrady. Durdy günbatarsyna seretdi. Uzyn merdiwanyò gutarýan ýerinde bir gara nokat görünýärdi. Bu otly bolmaly. Durdy hasyr-husur göwnünde göz öòüne getiriºi ýaly iki sany gara agajyò arasynda gaty demirleriò birine ýeòsesini berip, beýlekisine aýaklaryny atyp ýatdy. Bu ýatyºyna ýatsa otlynyò tekerleri onuò boýnundan düºjekdi. Durdy damagy çalynan towuk ýaly bolup ýatmagy islemedi. Ol biraz gobsunyp ýokary süýºdi. Gaty demir onuò pilçesine gabat geldi. Ýeòsesi çagyllara degdi. Diòe elleri ýatmaly ýerini tapman rahatlanyp bilmeýärdilr. Durdy olary ahyry özüne tarap uzap gelip soòam otlynyò gelýän tarapyna uzap gidýän demir relsisiò üstünde goýdy. Elleri ýatmaly ýerlerini sypdyrmajak bolýan ýaly relsi penjelediler.

Otlynyò sesi barha golaýlaýardy. Näme üçindir ol zoguny çaldy. Durdyò günbatara – otlyò gelýän tarapyna seredesi gelenokdy. Eger seredäýse otly sakga durberjek ýalydy. Ol özüniò derleýänini duýdy. Birden gygraýmaýyn diýip hyrçyny diºledi. Relsleri penjelän elleri onuò hapa ýagyny syzdy. Relsler otlynyò agramyna titräp baºladylar. Durdy göwresini gaplan galpyldyny saklamaga dyrjaºýardy. Emma özüne zor saldygyça-da beter galpyldaýardy. Otly ýene-de zoguny çaldy. Ol bu gezek has uzyn gygyrdy. Otlynyò sürüjüsi ýolda bir zadyò ýatanyny gören bolmaga çemlidi. Durdy otlynyò özüne barha ýakynlaýandygyny görmese-de, on iki süòòi bilen syzýardy. Ol her näçe zoguny çalsa-da badyny gowºatmaýardy. Ýene-de sähelçe salymdan Durdynyò diýýän „bar zady“ gutarmalydy. Näme üçindir birden Durdynyò ºol „bar zadyò“ üstünden atanak çyzjak güýji göresi geldi. Ol çalt ýüzüni günbatara öwürdi. Ýeòsesine degip duran çagyllar ýakymsyz ºagyrdap gitdi. Günbatardan elhenç gara bela ýakyn gelipdir. Durdy gorkusyna halas bolmak üçin towlanyp göwresini relsden düºürmekçi boldy. ªaglap gelen otlyò sesi onuò gulagyny gapdy. Demirýoluò gyrasyna dökülen çagylyò üstünden togalanyp barºyna oòa dünýe çöwrülen ýaly boldy. Birdenem dünýe çöwrülmesini goýup diòe tirkeº-tirkeº wagonlar deòesinden geçmäge baºlady. „Bar zat“ barlygyna-da galdy…

Durdy sähelçe ýetiºmedik bolanda bu wagonlaryò geçiºini görmeli däldi. Mümkin teninden çykan ruhy görse görer, emma gara gözler görmek ukybyndan galmalydy. Sähelçe… Durdy häzir ºol sähelçä begenibem bilenokdy, gynanybam. Döº kapasayndan çykyp bilmäninemi ýa-da ýaº gursakdan zor bilen çykaryljak bolanynamy ýürek henizem çapalanyp durdy. Älem-jahanda dem alara howa ýetmeýärdi. Asyl ol ýok ýalydy. Suwdan çykarylan balygyò gyssanyp, hiç bir peýdasyz agzyny açyp ýumuºy ýaly Durdy dem alman ýöne „haº-haº“ edip ýatan ýalydy. Ine-de wagonlaryò iò soòkusy geçip gitdi. Otlyò ýelginine goºulan hälki semal dag tarapdan has batly gelip Durdyò aman galanyna begenenjine ony garsa gujaklady. Durda ýüregi küýseýän sowuklygyny getirdi. Derden ýaòa myžžyk bolan tene ºemal buz bolup degýärdi. Ol ºemal däldi-de, bir halasgäriò „özüòe gel“ diýip üstünden guýan bir bedre sowuk suwy ýaly boldy. ªemal maksadyna ýetdi — Durdyny özüne getirdi. Dünýäò lerzan urup durmasy gowºap ugrady.

Heniz öýlenmedik, adamlaryò güle deòeýän ýaº ýigdiniò häzir çagyla bulaºyp ýatyºy ynanar ýaly däldi. Üç oguly durmadyk, „ªunym bir aman galsyn“ diýip onuò adyna Durdymyrat dakan ejesi häzir ýeke dikarynyò bu bolup ýatyºyny görse özünden gidip çaºjagy gürrüòsizdi. Eger Durdy gelýän otlynyò öòünden sowlup ýetiºmedik bolanda enesi görgüli gör ne hala düºerdi?!

Biz Durdyò ejesini ýüregiòizi gyýmak üçin ýatlatmadyk. Ony çagyla bulaºyp ýatan, üsti-baºy gara ýag Durdyò özi ýatlady. Göge seredip ýatan Durdyò gözüne ejesi göründi. Ýöne ol periºan halda däl-de, gazaply, oglunyò bolup ýtyºyna erbet gaharlanýan ºekilde göründi. Durdy ejesini käýitmejek bolup, bar güýjüni jemläp, ýerinden turjak boldy. Birdenem ýatasy geldi. ªu ýatyºyna ýatmakdan ýadaýança ýatasy geldi. Bu islegi onuò aòyndan ejesiniò ºekilini bozdy.

Durdynyò gözi asmandan uçup barýan uçara düºdi. Ol ºäheriò golaýyndaky aýroportdan ýaòy uçan bolmaga çemeli. Onuò göge göterliºi ºeýle bir owadandy, Durdy uçaryò galkyºyny birinji gezek görýän ýaly ony gözden ýitýänçä synlajak bolup nädip dik oturanynam bilmän galdy. Dikeleni bilen gözleri garaòkyrap gitdi. Birazdan özüni dürsedi. Gara ýag ellerinò ýagyny ýüzyne çalmajak bolup goºarlarynyò, bilekleriniò ýag degmedik ýerleri bilen ýüzüne ýelmeºen daº bölejiklerini syryºdyrdy.

Indi näme etmeli? Indiki otlynyò gelerine garaºmalymy? Durdy biygtyýar demirýoluò ugry bilen günbatara seretdi. „Gara bela“ garaºasy gelmedi. Ikindä agan gün demirýoluò gara relslerini ýalbyradyp görkezýärdi. Durdyny bagryna basasy gelýän ýaly olar oòa tarap uzap ýatyrdylar. Ýöne bu özüne çekiji bu ýalpyldynyò aòyrsynda hapa gara ýagyò ýatandygyny Durdy indi bilýärdi. Onuò öýlerine gidesi geldi. Öýlerine tarap bir-iki ädim ätdem. Öýlerinde-de ejesi, kakasy bardyr. Bu etmiºine olaryò nähili garajakdyklaram belli. Ýuwaº-ýuwaºdan dynasy gelen „bar zady“ ýene-de janlanyp ugrady. Ol gaòyrlyp demir ýola bakdy. Ýene-de bir ädim ätse aýagynyò aºagynda ýaýrap ses edip gidýän ak çagyllardan çykaýmalydy. Durdy ºol ädimi ädip bilmän saklandy. Dostunyò barmagy ýadyna düºdi. „Ýok men barmak däl. Artyk çykan barmajyk däl“. Durdy ätdirmeýän ädimini batly ädip tas taýyp ýykylypdy. Hernä indiki basan aýagynyò asty arassa toprakdy. Ol gaty-gaty ýöräp demirýoldan daºlaºdy. Ol göni Artygyò ýanyna barýardy.

Artyk Durdyò iò ýakyn dostydy. Ene-ataò näme üçin gerekdigi düºnükli. Dostuòam adama näme üçin gerekdigi Durda düºnükli boldy. Belki ýaºulylaryò Hydyr ata diýýänleri her kimiò iò ýakyn dostudyr. Ýöne Durdyòky ýaly zerurlyk döremänsoò her kim dostuny klasdaº, kursdaº, gullukdaº, tabakdaº, dertdeº, syrdaº… diýip atlandyryp hernäçe özüne mähriban, ýakyn tutjak bolsa-da, oòa Hydyr atadyr öýtmeýär. Kim bilýär biziò her birimiz baºga birimiz üçin Hydyr atadyrys? Munuò ºeýledigine düºünmeýänimiz üçinmikä Hydyr ata adamlara görünmän gezýär diýýänimiz?

Durdy üçin Artyk dosty häzir Hydyr atady — ýeke-täk halasgäridi. Mynjyradyp, dogram-dogram edip geçjek gara beladan gorkyòa togalanyp gitmek entek halas bolmak däldi. Durdy gidere ugur tapman indiki geljek otlynyòam öòünde ýataýdygy kim bilýär gorky golaýyna-da gelmez. Onsaò onuò dadyna ýetiºjek ýok.

ªu pikirler göwnüne gelen ýaly Durdy yzyndan ýene-de görnüp biljek „gara beladan“ gaçyp ädimlerini çaltlandyrdy. Geläýse-de relsden düºüp bilmejek „gara bela“ gündogardanam, günbatardanam görünmeýärdi. Durdy her ädiminde içinden: „Kesdirende näme? Kesdirende näme?.. Kesdirende näme… kesdirende näme…“ diýip, birnäçe gezek gaýtalady.

Kesilen Artygyò artyk barmagydy. Onuò külbikesiniò gapdalyndan çykan gysgajyk ýene-de bir barmagy bardy. Dyrnaklary zadam ýerinde bu barmak beýleki barmaklardan has inçe hem gysgajykdy. Özem külbikä goºant ýaly onuò iò aºaky bogunyndan çykyp gaýdýardy. Artyga adynam ºu barmagyna ýanap dakypdyrlar. Ol ilki görende Durdyòam ünsüni çekipdi.

Soò Durdy ikisi aralarynda syr saklamaýan dost boldular. Baºga biri bolanda Durdy çagaka kakasyna „Meni uçar sürýänleriò ýanyna mündürersiò“ diýip azar beriºini gürrüò bermäge utanardy. Diòe çagaka däl soòam, häzirem bir gezejik uçara münüp bilse sürüjileriniò ýanyna barasynyò gelýänini ol Artyga hyjuw bilen aýdyp beripdi. Öýüne äkidip toplan uçar modellerini görkezipdi. Olaryò arasynda mekdepde okan döwürlerinde awia modelçileriò kružoguna gatnap öz eli bilen ýasanlaram bardy. Uçarlaryò atlaryny, uçuº tizliklerini, näçe ýük, näçe ýolagçy göterýänine çenli ýatdan gürrüò beripdi. ªonda dosty oòa:

— Uçarlary beýle gowy görýän bolsaò, okuwa-da ºol ugurdan girseò bolmaýarmy?

— Kakam dagy okap bilmersiò, kyndyr diýip gorkuzdylar-da. Indi bilýän, olar meni ýeke ogullary bolamsoò gözüniò alnyndan aýyrmajak bolan ekenler. Okuwy gutaryp gelibem o ýurtdan bu ýurda uçar ýörersiò diýdiler. Özüme-de garaòky göründi…

— Garaòky görnen bolsa indi traktorçylygy öwreniber.

— ªeýtmeli boldy. Atam näme diýýär: „Gitdigi yzyna bir mele gulpagy tirkäp geler. Ine gelniòiz diýer welin ºonda bilersiòiz“. Gelin bu ara nireden gelýä diýsene.

Durdy soò öz saýlan „gara saçyna-da“ öýenip bilmedi. Halaºan gyzynyò ene-atasynyò Durdylara göwni ýetmedi. Belli bir zadam aýtman olar öz deòiòizi gözläò diýdiler. Durdy hernäçe jan etse-de, uçar sürüjisi bolmak arzuwyny traktorçylyga çalºyºy ýaly ºol gyza öýlenip bilmejekdiginem ýuwaº-ýuwaºdan boýun alyp barýardy. Halaºan gyzy ene-atany razy etmek bilen söýgiò arasyny açyp bilmedi. Dogrusy, gyzyò aýdyºy ýaly özüni oò ýerine goýup pikir edende bu mesele Durdy üçinem garaòkydy…

Ýene garaòkylyk. Esasan bu garaòkylyklar sebäpli Durdyda „bar zatdan dynmak“ islegi edil garaòky, çyg topraga gömülen dänäniò ºineleýiºi ýaly ºineläp baºlady. ªine ºu gidiºine ösüp gidip otursa ýaº beýni ýarylan ºänik ýaly çatlamalydy. Muòa Artyk dostunyò artyk barmagyny kesdirmegi iò soòky itergini berdi.

— Näme üçin kesdirdiò?

— Hemme kiºiò gözi ºonda. Oò maòa bolanam bir bolmadygam.

— Ýeri köwüler durarda?

— Dogtarlar kesilen ýeriniò yzam bildirmez diýdiler.

— Kesdireòsoò ony alyp gaýtdyòmy?

— Ony alyp gaýdyp näme edeýin?

— Diºiòi sogurtsaòam, alyp öz eliò bilen gömseò gowy diýýärler.

— Aý, senem, aýdylan gepe ynanyp ýörsüòaý. Gömeòde näme, gömmäòde näme?

Durdy soò dostuna hiç zat diýmedi. Emma beýnisinde „Hemme kiºiò gözi ºonda… bolanam bir, bolmadygam… gömeòde näme, gömmäòde näme…“ diýip gaýtalandy durdy. Ol birden özüni Artygyò kesdiren barmagydyryn öýtdi. Durmuº, dünýe bäº barmak ýaly, Durdy bolsa özüni ondaky artykmaç ösüntgi ýaly gördi. Özünden öò dünýä inip uzak ýaºamadyk doganjyklary hakynda ejesiniò gürrüòleri Durdyò ýadyna düºüp onuò özüni artykmaç hasaplamak duýgusynyò üstüne nebit bolup sepilipdi. Dostunyò kesilen barmagy ony uzyn gün gününe goýmady. Sähel bahana tapsa göwni ýykyldy.

„Durdym, gynanma, olar hakykatdanam biziò deòimiz däldir. Ýogsa adam hataryndaky adam bolanlarynda bir delil getirmän beý diýmek bolmaz ahyryn“.

Kakasynyò bu baºlan gürrüòine ejesem goºuldy. Olar iki ýerden „gyzlaram idili zat däldir“ diýmege çenli baryp ýetdiler. Durdy „Uf“ diýenini bilmän galdy. Soòam diline almajak sözlerini gaharyna dilinden sypdyrdy. „Doýdum men sizden. Bar zatdan dynyp bolsady“. Ters gürrüò edenine gahary gelip utanjyna o jaýa geçdi. Ýüregi agzyndan çykyp gelýärdi. Damagy dolsa-da aglap bilmän kösenýärdi. „Seò ýalyò dynan zadam bolmaz, bigaýrat“. Bu sözlerem onuò özüne diýjek zady däldi. Ýeke ogul bolansoò ene-atasy ony ºeýle gowy görüp ulaldypdy, olam özüni gowy görýärdi. Kakasy oòa halaºan gyzyny alyp berjek bolup aýalyna „Galyòly gürrüòde oòuºmazlyk edäýmegin, toý edýäne hudaýyò özi ýeirýändir“ diýip tabºyrypdy. Emma galyòly gürrüòe ýetilmedi. ªonda kakasyny köºeºdirjek bolup Durdy: „Baºga-da gyz kändir, göwnemeseler maòa-da ºol gerek däl“ diýipdi. Kakasy oglunyò kalbyndakyny syzyp duransoò: „Gerek däl diýmäge howlukma, bir alajyny tapjak bolaly“ diýipdi. Ýok alajy nädip tapjak? Durdy o gyzdan ýüz öwürmäge kaýyl bolupdy. Ine birden bu günem ºol gyz sebäpli nädip ejesine-kakasyna: „Sizden doýdum“ diýenini bilmän galdy. Bir gyz üçin ºeýle ýagdaýa düºenine utandy, kemsindi, ejizledi. Özi sebäpli içerileriniò baºga bir içeriden kem saýylmasyna ol hasam çydap bilmeýärdi. Bu kem saýylmak Durdyda özüni artykmaç ýaly duýmaga getidi. „Doganjyklarym ýaly ir ölüp gidemde ejem pahyr bir aglar diòerdi. Ogully bolmagyò arzuwynda ýaºar ýörerdi. Ogulsyzlygyna kemsinse-de Allah bermedi diýip kemsinerdi. Häzir ogly barka kemsinmeli bolanyny ol näme bilen düºündirsin? Bu sowal onuò ýüreginde düwün bolup galar, men sebäpli.“

Garaòky jaýda aglamaly gözleri aglap bilmän hanasyndan çykyp gelýän Durdyda ýüregini gyýyp barýan isleg döredi. Ony ýiti islegi gynap baºlady. Ol ºeýle bir ýitidi ilki endam-janyny gyýym-gyýym etdi. Soò bolsa damagyny çalmak niýetine mündi. ªol islegi ony sähel salym mundan öò otlyò öòünde keserip ýatmaga mejbur edipdi.

„Gara beladan“ halas bolan Durdyò häzir Artygy göresi gelýärdi. Eliniò daòysyny çözdümikä, çözmedimikä diýip oýlanýardy. Hakykatdanam kesdirip aýyrdan barmagynyò, barmagam däl-de artykmaç etiò yzy bildirmeýärmikä? Kesilip aýrylansoò yzy bildirmejek zat ýok bolsa gerek.

 

 

«Ýaprak» žurnaly döwlete degiºli däldir we ähli toparlardan, guramalardan, partiýalardan we birleºiklerden garaºsyzdyr.
«Ýapragyò» buýsanýany türkmen halkynyò medeniýeti, sungaty we edebiýaty barada garaºsyz
alyp barýanlygydyr.
 

© Ýaprak