Eýran türkmenleriniò medeni, edebi we jemgyýetçilik žurnaly

 

ŽURNAL BARADA


Baº sahypa

Maksady

Redkollegiýa

 

ARHIW


Soòky sany

Ýyllara görä

 

GATNAªYK


Myhman depderi

Habarlaºmak üçin

Dost sahypalar

 

 
Her güne bir nakyl


 

 

 


 
Edebiýat / Söhbetdeºlikler

Magtymgulynyò Beýikligi Haka we halka hyzmatynda
„Ýaprak“ žurnalynyò Baº müdüri Ýusup Gojuk bilen söhbet


Allah Tagalanyò ady bilen!

Yslam medeniýetiniò öwrediºi ýaly we Eýranda hem däp bolºy ýaly ol ýerde çap edilýän „Ýaprak“ žurnalynyò Baº müdüri Ýusup Gojuk bilen söhbetdeºligimizi Allah Tagalanyò ady bilen baºlaýarys. Biziò söhbetdeºimiz bolan Ýusup Gojuk kim? Onuò gysgaça terjimehalyny öwreneliò.

Ýusup Gojuk
1968-nji ýylda doglan, ýokary bilimli.
Tehran Uniwersitetiniò pars dili we edebiýaty boýunça okuwyny gutarýar. 1986-njy ýyldan bäri hekaýa ýazýar. ªu güne çenli onuò 19 kitaby Eýranyò belli neºirýatlary tarapyndan köp tiražda çap edildi.
Ol maºgalaly. Daýan we Aýdyò atly iki ogly bar.
Daýan 9 ýaºynda we Aýdyò 2 ýaºynda.
Yusup Gojuk häzirki wagtda her üç aýdan Eýranda çap edilýän, halkara derejesine eýe bolan „Ýaprak“ atly žurnalyò eýesi we baº müdiri.

 

-Ýusup aga, söhbetdeºligimizi Siziò çap edýän „Ýaprak“ žurnalyòyz barada dowam edeliò.

-„Ýaprak“ žurnaly 1998-nji ýylyò nowruz baýramçylygynda çap edilip baºlady. Biziò žurnalymyzyò sahypalary iki dilde ýagny türkmen we pars dillerinde çap bolýar. Bu hakda giòiºräk aýdaýyn; Biziò žurnalymyz umuman 86 sahypadan ybarat, bularyò aglabasy pars dilde ýazylan materýallara degiºlidir. Klassiki we häzirki zaman türkmen ºahyrlarynyò goºgulary tutuºlygyna türkmen dilinde, emma arap alfawitinde çap edilýär. Žurnalymyzyò birnäçe sahypalary bolsa türkmen dilinde we häzirki wagtda Türkmenistanda ulanylýan alfawitde çap edilýär. ªol sahypalarda žurnalyò ºol sanynda pars dilinde çap bolan her bir material hakda gysgajyk maglumat berilýär. Esasy zat bu žurnalda ähli materiallar türkmenler hakda.  

-Eýranda ýaºaýan türkmenler üçin  türkmen dilinde okadylýan baºlangyç ya-da orta bilim berýän mekdepler barmy? Ýa-da türkmen çagalary ene dilini diòe enesiniò ýanynda öwrenmeli bolýarlarmy?

-Eýranda türkmen dilini öwredýan resmi mekdep ýok. Ähli mekdeplerde sapaklar pars dilinde berilýär. Elbetde, türkmen çagalary köplenç türkmen ahunlaryndan türkmen dilinde dini sapaklary alýarlar. Türkmen dilinde Gurhan bilen tanyº bolýarlar. Emma, esasan bu ugurda eneler uly rol oýnaýarlar. Mysal üçin meniò özüm türkmen dili bilen ilki öz maºgalamda tanyº boldum, emma, has çuòòur öwrenmekde türkmen klassiki edebiýatynyò okalmagy köp kömek berdi. Bir zady belläp geçesim gelýär; Türkmenistanda türkmen dilinde ors sözleriniò agdyklyk ediºi ýaly häzirki Eýran türkmenleriniòem dillerinde pars sözleri ornaºyp gidipdir. Elbetde biliºiòiz ýaly türkmeniò akyldarlarynyò eserlerinde köp sanly arap we pars sözleri bar, onuò sebäbi hem ºol akyldarlaryò okan mekdep-medreselerinde okuw kitaplarnyò ählisi diýen ýaly pars dilinde ýazylan kitaplar bolupdyr. Munuò özi olaryò eserlerinde täsirini goýupdyr. Häzirki wagtda günbatar ýurtlarynyò arasynda iòlis diliniò uly rol oýnaýºy ýaly gadymy döwürlerde hem gündogorda pars dili köp ulanylypdyr.

-Ors halky arak içmegi halaýyºlary ýaly, kitap-gazet okamagy hem halaýalar. Adamlar metrolarda, awtobuslarda, parklarda, umuman her ýerde kitap okaýalar... Bize eýranlylaryò, esasan-da eýran türkmenleriniò kitap, gazet okamak endigi barda bilmek gyzykly? Adamlar okamagy halaýarlarmy?

- Umuman Eýranda bäº müòe golaý žurnal çap bolýar. Bu sanlar meniò pikirimçe eýran halkynyò kitap söýerdigini aòladýar. Muòa garamazdan dünýäde sputniki antenalaryò we internetiò gelmegi kitabyò rolyny her bir öýde azaltdy. Bu iki ösen köpçülikleýin habar beriº seriºdeleriniò ösen görnüºleri bolsa-da kitabyò täsir ediºi ýaly täsir galdyrmaýar. Emma gynansakda halk bulara gyzyklanyp kitapdan daºlaºýarlar. Eýranda döwlet tarapyndan kitap we žurnal çap etmäge salgyt ýatyryldy. Bu iº medeniýet ugrunda iºleýän adamlara goldaw bermek üçin edilýän çäredir. Eýran türkmenleri gaty bir kitap muºdaklary bolmasalar-da türkmenler hakda kitap çap bolsa, hökman ony okamasalar-da alýarlar. ªu ýerde bir zat meniò ýadyma düºýär. Çaga mahalym elime pul düºen wagtynda ony hiç bir zada harçlamazdan diòe kitap satyn alýardym. Kä wagtlarda oba gidip injir, böwürslen, çigit getirip, olary ºäherde satyp pulyna bolsa kitap alýardym. Käte her hepdede çap bolýan çagalar žurnalyny almak üçin pul isläp, ejem bilen köp dawalaºýardym. Ol bolsa iýmit üçin pul bermegi makul bilýärdi. Häzirki wagtda men her mahal oba gidenimde öz ýüregimiò kitap küýsäp kynçylyk çekenini ýatlap özüm bilen köp sanly çagalar üçin kitaplary satyn alyp sowgat äkidýärin. Emma döwür üýtgäpdir, häzirki döwriò çagalary kitap sowgadyma gyzyklanman aýry zatlara gyzyklanýarlar. Diýmek döwür baºgaça bolupdyr.

-Türkmen ebebiýatynyò pars diline terjime ediliºi nähili? 

- Her bir diliò özüne görä süýjiligi bar, terjime edilse her naçe oòat bolsa-da onuò esasy nusgadaky süýjüligni ýetirip bolmaýar. Terjimeçi iki dile hem çeper bolmaly we terjime edende terjime edýän diline ýakyn barmaly. Diýmek terjime edilen her bir zat ºol bir dilde ýazylan ýaly görünmeli. Ony okaýan adamda terjime edilen bir zady okaýan duýgusy döremeli däl, ºeýle bolanda çeper terjime diýip aýtsak bolar. Eýran halky Magtymgulyny iki ýol bilen tanaýarlar; birinjiden men we maòa meòzeº türkmen ýazyjylary ºol rewoliýsiýa üstün çykandan soò Magtymgulynyò eserlerindaki çuòòur mazmunlar barada we ºol mazmunlary pars edebiýatynyò wekilleriniò eserlerindäki beýan edilýän mazmunlar bilen deòeºdirip köp makalalar ýazyp, bütin Eýranda çap bolup ýaýraýan „Keýhan“ , „ Etelaat“ , „ Resalat“ ýaly meºhur gazetleriò sahypalarynda çap etdik we eýran halkyna tanatdyk. Ikinjiden bolsa soòky bir näçe ýylyò dowamynda has hem Türkmenistan garaºsyz bolandan soò Eýran döwleti bize žurnal we kitap çap etmäge giò ýol açdy. ªonuò netijesinde köp makala we kitap türkmen edebiýaty we medenýeti barada çap boldy. Onyò ýany bilen türkmen ägirtleriniò eserleriniò pars dilinde terjime bolup çapdan çykmagy ýola goýuldy.

-Siziò özüòiz haýsy türkmen ýazyjy-ºahyrlary halaýarsyòyz?  

-Türkmenistan garaºsyzlygy almazyndan öò, men Tähranda ýokary okuw jaýynda okaýan mahalym, Tähranyò milli kitaphanasyna gatnap ºol ýerde saklanýan Türkmenistanda çap bolan kitaplary hem-de žurnallary uly höwes bilen okaýardym. ªol žurnaldyr-gazetleriò arasynda bir topar hekaýalar we ºygyrlar bilen tanyº bolýardym. Olaryò arasynda Berdi Kerbabaýew, Rahym Esenow, Ata Gowºudow, Aman Kekilow ýaly uly ýazyjylar we Kerim Gurbannepes ýaly uly ºahyrlar bilen tanyº boldym. Bilýäòizmi näme, Türkmenistanyò garaºsyzlygyndan öò, Kerim Gurbannepesiò „MENIÒ ÝIGIT WAGTYM, SENIÒ GYZ WAGTYÒ“ we ºular ýaly goºgulary Eýran türkmenleriniò arasynda has giòden ýaýrapdy. Bu goºgular her bir ýigidiò dilindedi. Men hem elbet-de ºolaryò biri. Sebäbi ºol zamanlar Eýran bilen Yragyò arasyndaky urºyò gutaran wagtydy we Kerim aganyò goºgusy bolsa uruº hak-da bolansoò ºeýle owadan goºgularyò ýureklerde orun tutmagy bolsa tebigy hadysadyr.

Men häzirki zaman ºahyrlaryò arasynda Kerim aganyò ºygyrlaryny söýýärin . Sebäbi onuò sözleri Türkmen obalaryndaky ýaºaýan adamlar ýaly sada we sapaly. Onuò setirlerindäki ritm, her bir türkmene tanyº. Ol ºahyr häzirki zaman sözler bilen ýazan eken. Men yalòyºam aýdýan bolsam ºeyle düºündiresim gelýär: Magtymguly türkmen ºygyrýetini asmanlarda gurdy. Ol döwurde sufizm gaty ýayrapdyr. Magtymguly bolsa ýeke-täk Hudaýi tanamak ýolunda köp muºakgat görüp ruhy taýdan oòa ýakynlaºyp goºgy ýazypdyr.

Kerim aga bolsa meniò pikirimçe, türkmen edebiýatynda goºgyny halkyò arasyna getiren ºahyr. Bu näme diýmek? Ol akyldar sadaja, emma manyly sozler bilen aýtjak sözüni aýdypdyr. Ýene bir söz bilen aýdanymyzda ol oz goºgulary bilen halk we poýeziýanyò arasyny ýakynlaºdyrypdyr.

-Siziò pikiriòizçe, Magtymguly-Pyragynyò her bir türkmeniò ruhunda tagt gurup bilmeginiò syry nämedekä? Magtymgulynyò güýji nämede? 

-Magtymguly, bu meniò iò uly hormat goýýan ynsanymdyr. Bu beýik akyldaryò goºgulary elmydama diri. Bilºyòyz ýaly türkmen halkynyò medeniýetiniò köki-damary Yslam medeniýetindendir. Her bir adatymyz, däp-dessurymyza ser salaòda Yslamyò täsirini göre bilýärys. Mysalyò iò sadasy "Salam" sözi. "Salam" diýmek arap dilinde "men saòa boýun" diýmek ýa "saglyk" diýmek. Ine, bu täsir iò ýonekeýje sözumizde görnüp dur. Men bu zatlary agzap geçmegimiò sebäbi, ºu netijäni alasym gelýär: ªu döwre çenli Gurhane-Kerimiò Allah-tagalanyò tarapyndan inenine 1400 ýyldan gowrak ýyl geçýär. Oòa garamazdan ºu kitabyò hiç bir sözi üýtgemezden we sözleri köne bolmazdan ºu döwre çenli gelip ýetipdir. Magtymguly iºanyò goºgularynda Gurhanyò täsiri uly. Onuò bir goºgusynda ºeýle bir setir bar:

Magtymguly aýdar ýok dunýede höwesim
Ýeke dinde bolup galdy yhlasym

Ikinji setirde görºümiz ýaly, bu ºahyr diòe dine yhlas edip ýaºaýan eken . Magtymguly goºgularynyò köpüsinde ýol sözuni ulanypdyr :

Joºgun geldi Hakdan, bardy söz açdy
Bu ýollardan dogry baran düz açdy

Ýa-da:

Hak özi ugradar ýola bendäni
Ýola girip umytly bol sendäni

Ýa-da bu:

Magtymguly aýdar barha, ýol tany
Bäº gün synamaga iberdi seni

Görºümiz ýaly Magtymguly bu we ýene kop goºgularynda Ýol sözüni Hudaýa bolan ynam we akida manasynda ulanypdyr. Ol hat-da ºol ýolda öz janyny pida etmäge hem razy bolupdyr:

Ýol ustünde ölsem, ýola atsalar
Razy men üstümden basyp ötseler

Ýagny, eger men öz Allaha bolan ynamym üçin hem aradan aýrylsam we aýry adamlar üçin basgançak bolsam, we adamlaryò Allaha bolan ynamlary üçin bir araçy bolup bilsem, men bu ölüme razy – diýýär Beýik Magtymguly.

Men bu zatlary aýdýanymyò sebäby näme? Meniò pikirimçe Magtymguly Hudaýa doly ynanypdyr we Gurhanyò 1400 ýyl geçensoò näme uçin ºeýle güýçli we üýtgemäni galanyna göz ýetirip, goºgularyna Ruh bermek üçin we halkyò arasynda goºgulary uzak wagtlap diri galmagy üçin, goºgylaryny Gurhanyò aýatlary bilen bezäpdir we Gurhandaky mazmunlary goºgy arkaly öz türkmen halkyna ýetiripdir. Ine, meniò pikirimçe Magtymguly-Pyragynyò her bir türkmeniò ruhunda tagt gurup bilmeginiò syry ºu. Magtymgulynyò güýji sudur. Magtymgulynyò Beýikligi Haka we halka hyzmatyndadyr.

-Siz “Gökdepedäki uruº” atly romam ýazdyòyz we ony pars okyjylaryna hödürlediòiz. Bu roman barada gysgaça aýtsaòyz we romandaky wakalary nireden öwrendiòiz?

- Men ºu mahala çenli pars dilinde çap bolan tahmynan 20 sany kitabym we Eýranyò Keýhan, Ettelaat, Resalat, jumhuriýe eslmi  we ºuòa meòzeº gazet-žurnallarynda çap bolan köp sanly makalalarym bar. Olaryò arasynda türkmeniò edebiýaty we medeniýeti barada  oýlanmalar, Türkmenleriò durmuºy barada hekaýalar bar. Emma, men olaryò arasynda Gökdepe urºy barada ýazan romanymy halaýaryn. Ony ýazmak höwesi kiçilikden mende döredi. Onuò özüne degiºli delili bar: Men kiçikäm, Gylyçjan hajy atly bir goja biziò goòºymyzdy. Ol elmydama penjiräò öòünde oturyp, hezil edip biziò oýnumyza ser edýärdy. Bir gün men gaty keselledim we öýde ýatmaly boldum. Gylyçjan hajy biziò oýnumyza endik edeni üçin, näme üçin biziò oýnamaýandygymyzy gyzyklanyp, meniò hassa bolanymy eºdip, meni soramaga geldi . Ol meniò ýanbaºymda oturdy-da „Niräò agyrýar?“ diýdi. Men bolsa „Ennam-janym, hasam beter kelläm agyrýar“ diýdim. Ol mähir bilen elini kelläme çekdi we „Em bolsun! Bela-beter dep bolsun!“ diýdide turup gitdi.  

Men az wagtdan soò gowylaºdym. Garry ejem maòa ºeýle gürrüò berdi: Gylyçjan hajynyò eli hemme dertlere melhem. Sebäbi ol adam, uruºda birnäçe basybalyjy-kapyrlary öldüripdir. ªonuò üçinem onuò ºeýle keramatly eli bar. Onuò ulanan gylyjy we tüpeòi hem ºeyle. Olary hassa adamyò baº ujunda Gurhan bilen goýsalar, ol adam dertlerden gutulýar. Meniò pikirimçe bu ynamlar mukaddes ynam. Watanyny mertlerçe goran adamlara bolan hormat-sylag.  Ine, ºeýdibem bu duýgy mende ºol zamandan bäri galdy we Gökdepe barada ºeýle ynam bilen ýazmaga höwes döretdi. Bu kitapda men türkmenleriò merdana halkdygyny, dönükluk etmäni, eýsem iò soòky demlerine çenli Gökdepe Galasyny (Toprak simwoly) gorandyklaryny we ýeòilselerde ganym duºmanyò öòünde dik durup ölendiklerini ýazdym. Men muny ýazýan mahalym, köp duýgylary baºdan geçirdim. Çagalaryò göz ýaº edip aglaýan seslerini dogrudanam ýazýan mahalym eºidýärdim. Tolgunýardym. Dogrusyny aýtsam, men ýazýan mahalym ata-babalarymyzyò ºeýle agyr ýagdaýlara düºendiklerine gynanyp aglap ýazan mahalym köp boldy. Emma, men olaryò gaýduwsyzlygyny, gyz-gelinler ellerine palta alyp erkekleriò ýanynda ganyma garºy söweºendiklerini ýazdym. Bir tarapdan çagalary goramaklyk, ýene bir tarapdan umytsyz urºa girmeklik, ýazýan mahalym meni köp ezdi . Bu kitap 4 ýyl myndan öò Eýranda hekaýa bölümde „ýylyò kitaby“ adyny aldy we baýraga mynasyp boldy. Men bu kitaby ýazmankam, Türkmenistana gelip Gökdepe Galansyny gözüm bilen gördüm. ªol ýyllarda Gökdepe metjidi gurlup ýördi.

-Eýranda internet barmy we meºhurmy? Sputnik antennalary gadagan diýip eºitdik. Bu dogrumy? 

-Howa. Internet bar. Eýranda döwletden aýry, hususy firmalar hem öz hyzmatlaryny muºderilere hödürleýärler. Olaryò sany ep-esly köp. Hasam beter Tehran ºäherinde. Olara töleg usuly dürly-dürli . Bir görnüºy her aýda, her näçe iºlän bolsaò ºonça-da tölemek. Bir görnüºi aýda bellenen puly töläp aýyò dowamynda çäksiz ullanmak we ºuòa meòzeº. Elbetde, hyzmatlaryò nyrhy internet hyzmatyò çaltlygyna-da bagly.

Tehranda „kafi net“ hem köp. Emma, köp adam olardan diòe telefon (pc to pc we pc to phon) üçin ulanýarlar. Umuman alaòda, bir zaman Mobail telefoni moda bolan bolsa, häzirki wagtda internetden peýdalanmak halkyò arasynda bir moda öwrülüpdir . Eýranda okuw merkezlerde internet okuwçylara we mugallymlar uçin mugt. Türkmenleryò ýaºaýan ýerlerinde, ulanyjylar Tehran ýaly uly ºäher ýaly köp bolmasa-da az däl. Umuman aýdanymyzda, gurply we bir az eli jübüsine ýetýän adam, Eýranyò her bir kunjünde ýaºaýan bolsa-da internetden peýdalanýarlar.

Sputnik antena barada eºideniòiz dogry. Döwlet tarapyndan ony ulanmak  gadagan. Emma, oòa garamazdan köp adamlar gizlin ony ulanýarlar. Halkyò internete meýil edýäniniò bir sebäbi ºu mesele bolmagy ähtimal.

-Türkmenistana ilkinji gezek geleniòizde gaty begenen we gaty gynanan zadyòyz näme? 

-Meniò begenen zadym: bu ýurt türkmenleriò ýurdy bolansoò Türkmenistan ady bar. Bu meni begendirýärdi we ºu mahalam begendirýär. Ýer ýüzünde köp ýurtlar bar, ºolaryò biri-de Türkmenistan. Men muòa guwanýaryn. Ilkinji gezek Türkmenistana gelemde hiç bir ýerde özümi keseki duýmadym.

Meniò gynanan zadym: türkmenleriò birnäçesi türkmen dilini bilmeýänligi. Eýranda mekdepler pars dilinde sapak berýärler, türkmen dilinde mekdep we sapak ýok. Emma, oòa garamazdan Eýrandaky türkmenleriò hemmesi öz ene dillerinde gürleºmegi oòarýarlar. Türkmenistanda bolsa ene dilini bilmeýän türkmenler az däl. Elbetde, häzirki wagtda bilºimiz ýaly türkmen dili döwlet dili diýlip yglan edildi we oòa döwlet derejesinde üns berilýär. Bu gowi. Sebäbi, türkmen dili meniò pikirimçe hor galypdyr. Ony gorap saklamak biziò uly borjumyz.

Ýene-de bir gynanan zadym: Türkmenistanda aýallar erkeklerden köp iºleýärler. Men türkmen aýallary köçede iºläp ýörenini göremde, geò galdym we gynandym. Sebäbi, Eýranda hiç bir aýal-maºgalanyò bu iº bilen meºgul bolýanyny görmersiò. Eýranda aýallar arassa iºlerde iºleýärler. Men köçäni süpurmek iºi erbet kär diýjek bolamok, emma, ol iº Eýranda erkekleriò iºi.

Ýene-de bir gynanan zadym: Türkmenistanda goltugy kitapdan doly adama sataºmadym. Ýokary okuw jaýlarda okaýan talyplaryò hem ellerinde kitap ýok. Eýranda kitap alyp köçä çykmak gadymdan bäri bir moda. Kitap eliòde bolsa halkyò ýanynda hormatyò artýan ýaly. Kitap eliòde bolsa Eýranda saòa köp hormat bilen ser edýärler. Emma, gynansakda Türkmenistanda beýle däl. Men Türkmenistana gelemde günüò dowamynda kitap magazinlara baryp köp-köp kitap alýardym. Bir gün köp kitap alyp, ýaºaýan ýerime aºmak üçin awtobusa mündim. Goltugymda doly kitap görüp bir näçe türkmen ýaºlary maòa ser edip, gülüp – masgaralap baºladylar. Ýarym orsça, ýarym türkmençe kemsidiji sözleri aýdýardylar. Aý-garaz, men ºonda geò galdym we gynandym.

Ýene bir zat aýdasym gelýär: men Türkmenbaºy adyndaky milli kitaphanasynda saklanýan Pars dilindäki golýazmalaryò teswiri atly kitap hem çap etdim. Men ony tutuº bir ýylyò dowamynda ýazdym. Ol Eýranda owadan ºekilde çap boldy.

Çagalar ºahyry Hemra ªiriò goºgylaryndan köpüsini seçip alyp, pars diline geçirdim we „Çagalaryò gözel dünýäsy“ at bilen bir kitap çap etdim.

-Ýusup aga, beren gyzykly gürrüòleriòiz üçin Allahýalkasyn diýýäris. Size döredijilik üstünliklerini we maºgala rahatlygyny arzuw edýärin.

-Sizem meniò iò gowy arzuwlarymy kabul ediò.

(www.agajan.8m.com. 2001-nji ýylyò Bitaraplyk aýy. Aºgabat.)

 

 

«Ýaprak» žurnaly döwlete degiºli däldir we ähli toparlardan, guramalardan, partiýalardan we birleºiklerden garaºsyzdyr.
«Ýapragyò» buýsanýany türkmen halkynyò medeniýeti, sungaty we edebiýaty barada garaºsyz
alyp barýanlygydyr.
 

© Ýaprak