|
Jelaleddin Rumy
(1207-1273)
Muhammet
Jelaleddin Rumy 1207-nji ýylyò Ruhnama aýynyò 30-ynda Balh
ºäherinde (Häzirki Owganystanyò demirgazygynda,
Mazaryºerif ºäheriniò 15 km. Günbatarlygynda) uly dindar
alym bolan Soltan Belediò maºgalasynda dünýä inýär. Onuò
ata-babalary bir asyr ºondan öò bu ºähere göçüp
gelipdirler we öz döwründe Horezmde hökümdarlyk eden
türkmen patyºalarynyò howandarlygyndan peýdalanypdyrlar.
Munuò ºeýle bolandygyny ºahyryò babasy Jelaleddin Hatib
Hüseýiniò horezmºa Alauddin Muhammediò gyzyna öýlenendigi
bilen düºündirip bolar.
ªahyryò
kakasy Soltan Belet dindarlaryò arasynda çäksiz uly abraýa
eýe bolupdyr. Ol sopulyk ylmynda “soltanlyk ”derejesine
ýeten dünýädäki “ýedi soltanyò” biridir.
Rumy bäº
ýaºyndaka Mekgä zyýarata gitmek bahanasy bilen Soltan
Belet ähli maºgala agzalaryny alyp, Balhdan göçüp gidýär.
Ýolda olar Nyºapurda ýaºaýan ºyh Attaryòkyda düºleýärler.
Bu waka 1212-nji ýylda bolup geçýär. Attar bäº ýaºly
Jelaleddini görüp, bagryna basýar we oòa “Astarnama” (“Syrlar
kitaby”) eserini berip: “Bu çaganyò gözlerinde ºygyr
äleminiò kuýaºynyò nury bar” diýýär.
Soltan Belet
soòra maºgalasy we ýanyndakylar bilen ilki Bagdada, Mekgä
barýar, ondan gaýdyp, Malatnede biraz ýaºap, Arzinjana
göçýär. Dört ýyl bu ºäherde ýaºansoò, Lorandada (häzirki
Garaman ºäheri) ýerleºýär. Bu ºäherde 1225-nji ýylda
Jelaleddin asly Samarkantly baýyò gyzy Göwhere öýlenýär.
Meºhur alym
Bahauddin Soltan Belediò ºöhraty basym külli Rumustana
ýaýraýar. ªol wagtlar Seljuk türkmenleriniò kiçi Aziýadaky
döwletiniò paýtagty Konýa ºäheridi. Rum soltany Alauddin
Keýkubad I (1219-1237) Soltan Beledi Konýanyò iò uly
medresesine baº müderrislige çagyrýar. ªeýdibem, 1228-nji
ýylda olar Lorandadan Konýa hemiºelik göçüp gelýärler.
Jelaleddin
24 ýaºyndaka kakasyndan jyda düºýär. Bu wagta çenli köp
ylymlary okan ýaº alym kakasynyò ornuny eýeleýär. Ýöne tiz
wagtdan kakasynyò dosty Burhaneddin Muhankit Termezden
gelýär we ol ýaº alyma hossarlyk we howandarlyk edýär.
Onuò bilimini artdyrmak üçin Halaba we Damaska iberýär.
Jelaleddin Halapda meºhur Halawiýe medresesinde
Andaluziýadan gelen Muhiddin ibn al –Araby ýaly uly
alymdan sapak alýar.
1240-njy
ýylda Jelaleddin ºol döwrüò ylmynyò aòyrsyna çykyp, Konýa
dolanýar we 1241-nji ýylda ýene-de baº müderrislige eýe
bolýar. Belki-de, onuò durmuºy ºeýle ýagdaýda dowam
etse-de ederdi. Emma 1244-nji ýylyò Sanjar aýynda Konýa
derwüº-sopy ªems Tebrizi gelýär. Ol Jelaleddin bilen
tötänden duºuºýar. Soòra olar ömürlik dost bolup galýarlar.
Jelaleddin
Rumynyò ªems bilen ýakyn gatnaºygy baº müderrisi edebiýat
meýdanyna alyp gelýär we birwagtky ºyh Attaryò welilik
bilen aýdanlary amala aºyp baºlaýar. ªondan soò Rumy köp
wagtyny medresede däl-de derwüºleriò arasynda goºgy aýdyp,
saz çalyp, tans edip geçirýär. Bu ýagdaý ylym bilen
meºgullanýanlaryò birnäçesine ýakmaýar we olar ªemsi
öldürmegiò kül-külüne düºýärler.
Iki beýik
ºahsyýetiò dostlugynyò berkemegi we güýjemegi göripleriò
ýigrenjiniò artmagyna getirýär. Ýagdaýy duýan ªems 1246-njy
ýylyò Nowruz aýynyò 11-inde gizlin ýagdaýda Konýadan çykyp
gaçýar. Dostunyò we ruhy halypasynyò birdenkä gürüm-jürüm
bolmagy Rumyny gam kölüne batyrýar. Kiçi ogly Soltan
Balady onuò gözlegine iberýär. Rumynyò hormatyna ªems bu
gezek Konýa gaýdyp gelýär. Rumy täzeden dünýä inen ýaly
bolýar. Ol ªemsi görende, Allanyò ýerdäki keºbini gören
ýaly begenýär. Emma bu ºatlykly we döredijilikli günlerem
uzaga çekmeýär. 1247-nji ýylyò ortalaryna ªems ýene
ýitirim bolýar. Bu gezek hemiºelik. Onuò gije gizlinlik
bilen ogurlanyp öldürilenligi barada çaklamalar bar.
Rumy öz
garºydaºlarynyò ýanynda hiç syr bildirmezlige çalºyp,
gaýgy-gussany duýga, duýgusyny goºgularyna siòdirýär.
ªeýdibem, onuò döredijilik ýoly uzap gidýär. Rumy dostuna
bagyºlan “ªems Tebriziniò diwany” diýen gazallar kitabyny
döredýär.
ªahyr
sopular jemgyýetiniò halypasy bolmak bilen medresede hem
sapak bermegini dowam etdirýär. Sopular jemgyýetiniò ºyhy
Hisamiddin Hasanyò teklibi we haýyºy boýunça Rumy ºygyrlar
diwanyny döretmäge giriºýär. Bu diwanyò adyna “Mesnewi”
diýýär. Ol goºgular ikileme, ýagny iki setir görnüºinde
özara kapyýalaºyp (sazlaºyp) gidýär. ªeýle goºgy formasy (görnüºi)
soòra diòe pars dilli ºahyrlaryò däl, eýsem tutuº dünýä
edebiýatynyò ajaýyp eserlerine öwrüldi. Rumy “Mesnewisini”
alty bölege bölýär we hersini bir depder diýip atlandyrýar.
Bu kitapdaky goºgular 26632 beýtden ýa-da 53264 setirden
ybarat.
ªahyryò
mesnewilerinde diòe pelsepe-sopuçylyk garaýyºly eserler (goºgular)
bolman, eýsem, grekleriò, gadymy rimlileriò, ermenileriò,
araplaryò, gündogaryò we beýleki halklaryò ägirt uly halk
döredijiliginden peýdalanylan rowaýatlar, basnýalar,
hekaýatlar hem öz beýanyny tapýar.
Jelaleddin
Rumy 1273-nji ýylyò Bitaraplyk aýynyò 12-sinde aradan
çykýar. Ony soòky ýoluna ugratmaga musulmanlar bilen bir
hatarda hristianlar, grekler we beýlekiler hem barýarlar.
Olaryò öòünde Rumynyò esaslandyran tans oýnaýan
derwüºleriò-sopular jemgyýetiniò agzalary barýar. ªahyr
Konýanyò patyºasy tarapyndan bina edilen mawzoleýde,
kakasynyò ýanynda jaýlanýar.
Üzüm hakda hekaýat
Düºünmeseò
söz ukyply her ýerde,
Dostlary duºmana öwürmek üçin.
ªol bir söz ýaòlansa dürli dillerde,
Ýürekde ýigrenje orun biýr, mümkin.
Türk, pars,
arap, grek – bolupdyr hemra,
Bir elaçyk kiºi sataºyp ýolda.
Näsazlyk döredip aralarynda,
Dördüsne bir teòòe berip sowalga.
Pars diýdi
dostlarna: – Ýörüò, bir ugur
Baralyò bazara, alalyò engur.
Sözüniò arasyn kesdi-de arap,
Diýdi: - engur däl-de, alalyò eýnab.
Türk diýdi:
– Ne goh bu, gören dek ýowy,
Doslarym, näme bar üzümden gowy?
–Siz nähili adam – diýipdir grek–
Stafil almak hem iýäýmek gerek.
ªol bir zat
hakynda gürleºseler-de,
Bir-biriniò sözlerine düºünmän,
Öz-özlerin heläk edip bu ýerde,
Baºga-baºga dilde gürläp daºyndan.
ªeýdip gelip
bilmän belli karara,
Dördüsi-de bolupdyrlar awara,
Gaharna bäs gelmän urºupdyr näler,
Diºler, gapyrgalar döwülýänçäler.
Bolsa
ýanlarynda dil bilýän adam,
Bir sözde barysyn ýaraºdyrardy.
–Dördiòize gerek zady almaga,
Kömek etjek–diýip soraºdyrardy.
Araòyzda
dawa-jenjel ýitse bor,
Rahatlykda islegiòiz bitse bor.
Söz düºnüksiz bolsa jenjel döredýär,
Düºnükli söz daº ýüregi eredýär.
Ker bilen nähoº
hakynda hekaýat
Kere “adam
bolgul, düzel” diýdiler,
“Goòºyò ençe gündür kesel” diýdiler.
“Nädip
düºünºerkäm?” Pikirlendi ker,
“Men näme diýerkäm? Ol näme diýer?
Goòºy goòºa
juda ýakyn bolmaly,
Borçly men halyndan habar almaly.
Eger
dodagyny gymyldatsa, men
Diýjegin aòlaryn paýhasym bilen”.
“Saglygyò
nähili?” diýerin baºda,
Maòa jogap berip diýer: “Ganymat”.
“Alla
tizleºdirsin, ýatgyl garaº-da,
Näme iýýäò?” Jogap: “ªüle ýa ºerbet”.
Aýdaryn:
“Köpräk iý, peýdasy kändir,
Haýsy hekim gelýär, haýsy ýakyndyr?”
ªonda ol
hekimiò aýdar adyny,
Diýrin: “Minnetdarlyk bildir adyna. “
Dostum,
seniò üçin gör, neneò ºat men,
Hekim hassalykdan dyndyrar hökman”.
Ker öýünde
taýyn bolup söhbete,
ªatlanyp näsagyò ýanyna bardy.
Durºy bilen
dönüp ýagºy niýete,
“Dostum, saglyk neneò?” halyn sorady.
Nähoº
pyºyrdady: “Ölüp barýaryn”.
“Alla tizleºdirsin” jogap berdi ker.
Ol sözden
soò rahat dem almagam kyn,
Diýdi: “Sen iò mojuk duºmanym, meger”
Ker onuò
dodagnyò gymyldysyna,
Özüçe düºündi, ºeý diýdi ýene:
“Näme iýýäò?”
Näsag dillendi: “Zäher”
“Peýdasy kän, köp iý ºam bilen säher.
Bejerýän
hekim kim, derman tapylar”
“Git, gynama –Ezraýyl dur gapyda”
һatlan,
dostum – diýdi ker oòa göni–
Bu ýagdaýdan halas eder ol seni. “
Ker yzyna
gaýdyp barýar öwünip:
“Sypaýy söz bilen goldadym näler.
Hem göwünlik
berdim, awladym göwnün,
Maòa bir asyrlap minnetdar bolar”.
Hoº bolupmy
ýa-da görüpmi gaty,
Soòky sözi eºideliò nähoºdan:
“Beýle
duºman bormy adam ymmaty,
Pis açanyò, meger, ýüregi daºdan”.
Maglumatlar
Almagül Ýusubowanyò
«Türkmen edebiýatynyò taryhy ösüº döwürleri»
atly kitabyndan alyndy.
«Baºkent» bilim merkeziniò neºirleri.
Aºgabat 2005.
|