ADAMY DOSTUNDAN TANARLAR
Dostluk adam azatlygynyò
meselesidir.
Allatagala öz ýaradan adamynyò ruhy
küýseg hökmündäki azatlygyny kepillendirmek üçin dostlugy
tapypdyr. Çünki dostluk ruhy ýalòyzlykdan boºamagyò bir
ýoludyr. Dostluk adamyò köptaraplaýyn, çylºyrymly
gatnaºykly ýaºaýyºda öz ºahsyýetini ruhy taýdan
kepillendirmeginiò we ykrar etmeginiò hadysasydyr.
Durmuºdan özdeºiòi tapyp, ýaºaýºyò
dostluk atly täze ýüzüni özüò üçin açyp, ýalòyzlykdan
gutulyp bolýar. Men «gutulyp bolýar» diýýärin, çünki
ýalòyzlyk adama doga berilýän ruhy dertleriò biridir.
Doglanyòdan tä ýogalýançaò geçýän ömür menzilleriò — munuò
özi kem-kemden, barha we barha nobatdaky ýalòyzlyklary
ýeòip barmagyò ýollarydyr. Çaga doglan pursatyndan enesini
aòlaýança, bütinleý ýalòyzdyr. Eneòi bilmek sansyz
ýalòyzlyklary ýeòip geçmek ýolunyò baºlangyjydyr. Enäni
aòyp, birinji gezek, atany tanap, ikinji gezek,
doganlaryòy bilip, üçünji gezek ýalòyzlyk bentlerini gyryp
taºlaýarys. Emma ýalòyzlygyò öòli-soòly aradan aýrylmagy
adamyò ömrüniò ruhy güli bolan dostluk bilen
baglanyºyklydyr. Dost — durmuºyò ýüküni deò çekiºýän
diýmekdir. Dostluga agyr ýük ýokdur.
Dostluk — iki tende bir ýürek bar
diýmekdir. Dostluk — ömrüò uly ºatlygy, dostlugyò iò uly
ºatlyklarynyò biri — öz içki dünýäòi ynanýan adamyò
barlygy. Meni hiç wagt aldamadyk Bagt — bu dostluk.
Dostlugyò iò ilkinji borçlarynyò biri dostlaryò
isleglerini öòünden aòmakdyr. Bu dostuò öz içki
«meniòdiginiò» alamatydyr. Adama dostluk ýaly ylham
berýän, dostluk ýaly kömek berýän ikinji bir zady
bilmeýärin.
Dostluk adamyò dünýä gatnaºygynyò
düýpli hadysasydyr. Islendik ruhy hadysa barasynda gürrüò
edilende, ruhy hereketiò gönügen ugry bilen bu hereketiò
ýaýraw giòiºligini aýdyòlaºdyrmak gerek bolýar. Çünki,
ºeýtsek, biz düºünjeleriò we sözleriò many giòeliºine,
arasyndaky many gatnaºyklarynyò üýtgeýºine akyl ýetirip
bileris.
Beýik Altyn asyr zamanymyzda Ruhnamanyò
güýji bilen ºeýle many täzeleniºi baºdan geçiren iki sany
düºünjäni görkezeýin. Olaryò biri söýgi, beýlekisi dostluk
düºünjeleridir. Söýginiò gönükdirilen nyºany-da, onuò
mazmun ýaýrawy-da bu gün üýtgedi. Söýgi hem, dostluk hem
adam ruhunyò ymtylmasydyr, kalbyò duýgusydyr. Duýgular
bolsa ºahsyýetler arasyndaky ruhyýet gatnaºyklarydyr.
Magtymguly eýýamynda ºahsyýet diýip biz
diòe adama düºünýärdik. Altyn asyr eýýamynda bolsa aslynda
adam bolmadyk ºahsyýetler döredi.
Ol ºahsyýetler — Watandyr hem-de
Milletdir.
Bularyò ºahsyýet hökmünde aòlanylmagy
netijesinde Söýgi hem-de Dostluk gymmatlyklarynyò many
ýaýrawy-da giòeldi.
Eger, ozallar söýgi hadysasy erkek
bilen aýalyò, dostluk hadysasy iki adamyò arasyndaky
gatnaºyk bolan bolsa, Altyn eýýamda bular Watan hem Millet
babatdaky gatnaºyk görnüºinde ýüze çykdy. ªindiki türkmen
Watana, milletine söýgi bildirip, Watany hem milleti bilen
dost bolup bilýär. Gep biziò ruhumyzyò tebigatynyò
üýtgänligindedir. Bu üýtgeºiklik Watanyò, milletiò
ºahsyýetleºmeginden ybaratdyr. ªahsyýetleºmegiò aòyrsynda
bolsa XX we XXI asyrlarda bolup geçen ruhy dünýewileºmek
hadysasy ýatýar. Dünýewileºmek manysy ºu topraga kök
urmak, türkmeniò ºundan baºga diòe bir tebigy däl, eýsem,
ruhy-ynanç watanynyòam bardygyna göz ýetirmekdir.
Türkmen ruhunyò tebigatynyò üýtgemegi
düýpli hadysa bolup, bu özgeriº her bir ownuk ýa anyk
meselede biziò bütinleý baºgaça reòk alýandygymyzy
aòladýar. ªol anyklyklaryò biri-de dostlukdyr.
Milli ruhuò tebigatynyò üýtgemegi biziò
her birimiziò tebigatymyzyò ruhunyò üýtgemegine getirýär.
Dost diýlende biziò ata-baba gelýän adaty aòymyzda
deò-duºrak adamlar göz öòüne gelýär. Indi dostlugyò manysy
giòdir. Hakyky dostlugyò öz üýtgeºik gözelligi bar, oòa
düºünmäge çalyºmalydyr! Dost gatnaºygy baky bolmalydyr.
Janyòy ynanyp bilýän dostlaryò bardygy — bu seniò hakyky
adamdygyò güwänamasydyr. Diòe hakyky adamlarda hakyky,
baky, wepaly dostlar bolýandyr. Iò berk dostluk dostlar
üçin iò agyr pursatlardan baºlanýandyr. Agyr pursat,
baºyòa iº düºmegi — dostlugy aýyl-saýyl edýän terezidir.
Söýgi ähli kiºä elýeterdir, ýöne dostluk welin, beýle
elýeter däldir, dostluk — ýürekleriò sapagydyr. Ýürekdeº
dosty ýok adamyò gowulygyna ºübhäm bar, beýle adam hakyky
ýalòyz betbagtdyr. Bu dünýäniò ähli sylag-hormaty ýeke
dosta degýän däldir. Dostluk ºatlygyòy iki esse
artdyrýandyr, gaýgy-aladaòy bolsa iki esse egisýändir.
Dostlugy bize edermenlikde arkadag bolsun diýip Allatagala
berendir, nogsanlyklarda hemra bol diýen däldir. Hakyky
dostluk ºeýle anyk, ºeýle takyk saýlanyp-seçilen
garyndaºlykdyr.
* * *
Iò uly iki dostuò bardyr, hiç mahal
dönüklik hem biwepalyk etmeýän, hiç mahal senden ýüz
öwürmeýän, hiç mahal seni taºlap gitmeýän, sözüne ikilik
etmeýän iki sany dost bardyr — bular Watan hem-de
Milletdir. Watanyò dostdugyny unutma, Milletiò dostlugyny
unutma!
Ýene-de iò uly dostlugyò — ataò bilen
eneòiò dostlugydygyny unutma!
Bular bilen dost bolup bilmeseò,
deò-duºlaryò arasyndanam hakyky dostlugy tapyp
bilmejekdigiòe güwä geçip bilerin. Ata-babalarymyzyò
«Özüòi süýt bilgin, dostuòy — gaýmak» diýen pähimi
dostluga nähili garamalydygyny öwredýär. Dünýä pelsepesi
we dünýä syýasaty, esasan, ine, ºu pikire gulluk edýär.
Ýöne Sokrat adama «Özüòi tana!» diýýär, Budda bolsa «Özüòi
söý!» diýýär. Adam sözüò oòyn manysynda özüni söýmelidir.
Özüni söýmeýän kiºi özgä nädip gadyr-hormat goýsun?! Men
ýaºlaryò, özlerinem, dostlarynam gaýmak saýmaklaryny
isleýärin. Pähim-parasat getirýän söýgi hakyky söýgüdir.
Her kim, ilkinji nobatda, özüni tanamaga, özüne akyl
ýetirmäge çalyºmalydyr. Ana, ºonda ol dostlaryna-da,
ata-enesine-de, adamlara-da içgin akyl ýetirmegi baºarar.
Ähli zat adamyò özünden baºlanýar. Dost bagtdyr, baýlyk
welin bagt däldir. Dost seniò bagtyòa bagt, ömrüòe
rowaçlyk, röwºenlik goºýandyr. Dost — iºiò hem ömrüò ºow
almagyna ýardam berijidir.
Peýdaly dostlar ºulardyr: gönümel dost,
ýürekdeº dost, köp zat eºiden we okan dost.
Peýdasyz dostlar ºulardyr: ikiýüzli
dost, ýürekdeº däl dost hemem ýaòra dost. Dostlaryò seniò
kimdigiò aýnasydyr. Özüòiò kimdigiòi tanajak bolsaò,
dostlaryò kimlerdigini hakydaòdan geçir. Dostlaryò nähili
adamlar bolsa, sen hem ºolar pisint adamsyò.
Ýagºy dost toýuòa çagyrsaò geler,
baºyòa bir iº düºende welin dostlaryò çagyrylmazdan
gelmelidir. Ejemiò: «Batyr — uruºda, dana — gaharda, dost
— horlukda tanalýandyr» diýen sözleri çagalykdan bäri
hakydamdan çykanok.
* * *
Dost tutunmak hajaty ruhy hajatdyr. Ol
adamyò ýeke ýaºap bilmezlik tebigatyndan döreýär.
Adam ýalòyzlykdan — özünden gaçyp, ºol
birwagtda-da haýsydyr bir özdeºini tapyp, dostly bolýar.
Dost bolmagyò düýp manysy hut ºundan ybaratdyr. Watanyny
we halkyny özdeºiò hökmünde tapmak nämäni aòladýar? Munuò
özi özüòde bardyr hasaplaýan iò oòat häsiýetleriòiò
Watana, halka mahsusdygyna göz ýetirmekdir. Watan we
millet ºahsyýetler hökmünde bakydyrlar, mähremdirler,
mähribandyrlar we hemiºe göwnaçykdyrlar. Olar
akyllydyrlar, çünki, kimiò-kimdigini we nämäniò-nämedigini
görüp oturandyrlar. Olar geçirimlidirler, çünki, seniò
gögeleligiòi, ýetiºmänligiòi, ýalòyºýandygyòy bilip
oturandyrlar. Bulara wepaly dost bolmak özüòdäki ºol
kemçiliklerden saplanmagy baºarmakdyr. Haçan-da Watana
kämil çykmak arkaly wepaly dostlugyòy subut edeniòde, sen
Watanyò özüne meòzärsiò — Watan we millet ýaly bakylyga
öwrülersiò. Hakydaò Watan hakydasyna, kalbyò Watan kalbyna
goºulyºar. ªeýdip, sen Watan düºünjesiniò bir bölegine
öwrülersiò, çünki, biziò Watan diýýänimiz diòe bir
tebigatdan däl, eýsem, bizden öòki Watan ogullarynyò
manyly iºlerinden we ajaýyp ömürlerinden kemala gelendir.
* * *
Ýalòyz dogduò, adamzat, indi saòa dost
gerek!
Ýüzlerçe tanyºlaryò içinden sen ýüregi
özüòki bilen urgudaº, pikirleri seniòki bilen ugurdaº,
sözleri seniòki bilen manydaº birini (birnäçesini) tapyp
alýarsyò. ªol hem seniò dostuòdyr.
Dostluk Allanyò ýaradan iò beýik ruhy
nygmatlarynyò biridir. ªonuò üçinem, dostlukda ruhy barlyk
özüniò bütin gözelliginde, çuòòurlygynda we bitewüliginde
peýda bolýar. ªuòa laýyklykda, dostlukda barlyga mahsus
aýratynlyk bardyr — ol ikitaraplaýyn, iki jähetleýin
barlykdyr. Bir tarapdan, dost seniò özdeºiòdir. Dost seniò
ikinji «meniòdir». Beýleki tarapdan bolsa, dostda ºeýle
bir zatlar bardyr, özüòde ýok bolan ºol zatlar saòa
öz-özlügiòden azat bolmaga, özüòden dynç almaga
mümkinçilik berýändir. ªu iki tarapyò birligi dostlugy
ruhy hadysa öwürýär. Durmuºyò anyk amalyýetinde bu ruhy
tebigat ºeýle iki netijäni berýär: birinjiden, sen dostluk
çarçuwasynyò mähir çäklerinde, dostluk mekanynyò ruhy
giòiºliginde öz ruhdaºyòy tapyp, onuò bilen ömür söhbetine
girip bilýärsiò, oòa özge hiç kime ynanmaýan, ynanyp hem
bilmejek syrlaryòy we dertleriòi ynanýarsyò. Dostlugyò
mähir baglary ikinjide sözüò oòat manysynda bir ýüp bilen
kökerilip goýlupdyr. Özüòe öz isleýºiò ýaly, belki,
özüòdenem oòat düºünýän adamy tapmak seniò üçin, megerem,
iò uly bagtdyr.
Ikinjiden, sen dostuòda öz ymtylýan, öz
arzuwlaýan artykmaçlyklaryòy görýärsiò. Onsoò, dost seniò
üçin kämillige barýan bir güzerdir. Dost güzeri arkaly
kämilleºmek kämil çykmagyò iò paýhasly we iò gözel
ýoludyr. Çünki ºonda kämil çykmagyò jana ýakymsyz
derdeserleri mümkingadar derejede az bolup çykýar.
Dostlugyò ºerti mähriò alyºmagydyr,
dostluk binasy söýgi mekanydyr. Dostlugyò lezzeti we
höziri ºundan ybaratdyr: dostluk bize biziò öz
tebigatymyzdan gelip çykýan oòaýsyzlyklary-da, durmuºyò
biziò boýnumyza dakýan resmiliklerini, ºertliliklerini we
sowuklyklaryny-da aradan aýyrmaga mümkinçilik berýär.
Çagalyk — biziò iò asyl tebigy çagymyza
gaýdyp barmaga mümkinçilikdir.
Dostluk — biziò iò asyl ruhy çagymyza
gaýdyp barmaga mümkinçilikdir.
Hemme kiºiniò dosty — hiç kiºiniò dosty
däldir. Hakyky söýgi gyt diýýärler, emma hakyky dostluk
has hem seýrekdir. Çyn dostluk haýal ýetiºýändir, adamlar,
hakykatdan-da, dostlugy biri-birine subut edenlerinden soò
ol gülleýär, synaglardan geçenden soò ol synmaz güýje
öwrülýär. Hakyky dostlukda bahylçylyk bolýan däldir.
Baºyòa iº düºende, hakyky dostlar özlerini tanadýandyr,
baºyna iº düºende duºman paº bolýandyr. Dosta mätäç wagtyò
dost seni tapýandyr. Adam ömür ýolunda täze tanyºlar, täze
dostlar tapmasa, ol bahym ýalòyz galar. Ýöne
ata-babalarymyzyò: «Donuò täzesi ýagºy, dostuò könesi»
pähimini hergiz unutmaò! Onsoòam, doganyò dost bolman
biler, ýöne köne dostuò welin doganyòdyr.
* * *
Oglankam eºiden bir rowaýatym ýadyma
düºýär: bir oguz beginiò iki ogly bolupdyr, ol iki ogul
entek kiçijikkä duºmana olja bolýarlar. Duºman bulary
zyndana atýar. Aý geçýär, ýyl geçýär, olaryò ikisem döw
ýaly ýigit bolup ýetiºýär. Günleriò bir güni duºman olary
meýdana çykaryp:
— Men siziò ataòyzdan ar aldym. Ataòyz
üç ýola söweº etdi, üçüsinde-de men onuò ýygynyndan asgyn
geldim. Indi siz ýigit çykdyòyz, size rehimim gelýär.
Siziò heriòize bir hanjar berjek, haýsyòyz haýsyòyzy
öldürip bilseòiz, galan öýüne gidibermeli. ªertim ºeýle,
ertir sizi söweº meýdanyna alyp çykjak, ilim bilen tomaºa
etjek — diýýär.
Uzyn gije iki dogan pikir alyºýar.
Ulusy:
— Inim, men dünýä gelip, senden köp
ýaºadym, dünýäni senden köp gördüm. Men pursat araryn, sen
gursagymdan hanjaryòy dik-de, enem-atamy begendir. Olaryò
aglamakdan ýaòa kör bolan gözlerine ºugla bol!
— Dünýä-de, ýaºaýyº-da, Allanyò beren
ömri-de süýjüdir, ýöne onuò dady dogan dadyça ýokdur. Men
seni öldürip, dünýäden lezzet alyp ýaºap-da bilmen, ýeri
basgylap gezip-de.
— Inim, akyl eýle! Eger, birden-birimiz
diri barsak, ene-atamyzyò göwni azajyk hem bolsa ynjalar.
Aglamakdan ýaòa kör bolan iki gözüniò biri röwºen bolar!
— Onda sen meni öldür!
— Ýok, ýok, sen ýaº, seniò gören zadyò
ýok, men bolsa, senden iki ýaº uly.
— Aý, aga, ikimiziòem gözümizi açyp,
akylymyzyò ýetip gören zadymyz — zyndan! Seniòem menden
köp gören zadyò ýok. Sen meni öldür, sebäbi sen
ene-atamyzyò gözüni açyp gören ilkinji perzendi. Men
bolsam...
— Sen, inim, atamyzyò-enemiziò körpesi.
Ähli söýgüsi — mähri saòa siòendir olaryò. Öldür, inim,
ata-babamyzyò Hudaýdan dilän bir adalaty bardyr: öò gelen
dünýäden öò gitsin, soò gelen soò... Öldür meni, inim!
— Ýok, ýok, agam! Men Kabylyò gününe
düºüp ýaºap bilmen!
— Zeleliò ýaryndan gaýdan peýda! Bütini
ýitirenden ýartyny ýitiren ýagºy. Ikimiziò birden-birimiz
diri galsak, ene-atamyzyò iki betbagtçylygy bire geler!
Olaryò kalbynda iki guburyò deregine bir gubur galar...
Garasaý, doganlar uzyn gije kimiò-kimi
öldürmelidigi barada jedel etseler-de, belli netijä gelip
bilmeýärler. Üçünji ýol bolsa ýok. Ahyry uly dogany:
— Inim, takdyrymyz ºeýledir! Ýogsa,
oguzlar nire, biziò munda zyndanda oturmagymyz nire?
Atamyz Oguz begi nire, ogullarynyò zyndana düºmesi nire?
Göktaòry-da kapyr duºmanyò tarapyna bakandyr! Ikimiz
dünýäden misil alaly. Dünýäde güýçli öldürýär, ejiz ölýär.
Güýçli güýçsüziò hudaýy! Kimiò ykbalynda ölmek bar bolsa,
Taòry ýazandyr! Urºaly, goý, duºman hezil etsin. Birimiziò
diri galan ýerimiz bolýar — diýýär. Daòyò öòýany Hudaýa
mynajat edip, olar uka batýarlar. Daòdan olary jarçynyò
sesi oýarýar:
— ªu gün biziò patyºamyz öz halkyna
tomaºa görkezjekdir, eºitdim-eºitmedim diýmäò-how. ªäheriò
köºk meýdançasyna üýºübermelidir-how! Iki oguz ýigidi
biri-biri bilen ölümli urºy görkezip, tomaºa
berjekdirle-how!
Doganlary söweº boljak meýdana alyp
gelýärler. At gaýtarym meýdana gelen milletden ýaòa
ýokardan alma gaçsa, ýere düºjek dälmiº, depäòe düºjekmiº.
Kapyr patyºa:
— Eý, ýigitler! Häzir iki sany oguz
ýigidi orta çykyp, oguz urºuny görkezjekler. Oguz urºuny
görüò, öwreniò! — diýip, il-ulsuna ýüzlenýär, ýöne
kalbynyò bir ýerinde ýatan ýaman niýetini aýtmaýar. Ol
doganlaryò diri galanyny hem soòundan gapyllykda öldürjek
eken.
Doganlara gylyç, hanjar, gürzi, gönder
diýen ýaly tamam ýaraglary berýärler. Sowut, jöwºen ýaly
tamam söweº geýimini geýdirýärler. Uruº baºlanýar. Bütin
jemagat: «Haýsy ýeòerkä?» diýip, jedel edip, ýeòene pul
goýup, ala-gohmuº... Olar biri-birlerine edil duºman ýaly
naýza urup, galkan tutup, ýa almaly, ýa ölmeli söweºe
girýärler.
Hudaýyò dogan edip ýaradanyny kapyryò
duºmana öwürmegi Hudaýa ýakmaýar. Hudaýyò gudraty bilen
agasy silkinäge-de, birden bedew ata öwrülýär, inisi
nämäniò näme bolandygyna hem düºünmän galýar.
Agasy — bedew at ýakynlap baryp:
— Mün gerºime, atlan! — diýip, iò soòky
gezek adam dilinde gürläpdir.
Inisi dessine atlanýar, at aòk bolup
galan mähelläniò ortasyndan bir gezek aýlanyp, urdurylyp,
niredesiò oguz düzlügi diýip, ýüzin salaýypdyr.
Körpe dogan oguz iline aýlanýar, ýöne
ümbilmez çagajykka giden oglan atasyny hem bilenok,
enesinem, obasynam. Oba-oba aýlanyp, ahyry bir ýerde öý
tutup, garry oguza — atam, garry oguz aýalyna — enem
diýip, ýaºap baºlapdyr.
Türkmeniò özi iýmän, atyna iýdirmesi
ºondan galypdyr.
Türkmeniò özi geýmän, atyna geýdirmesi
ºondan galypdyr.
Türkmeniò aty bilen sessiz gürleºip,
sözsüz düºünip bilmesi ºondan galypdyr.
Türkmen atynyò duºman bilen söweºde bir
ýigitçe döwüºmesi, depip-gapyp, diºläp parçalamasy ºondan
galypdyr...
Biz dostluk, doganlyk diýýäris. Aslynda
dostluk, doganlyk biri-birine gaty ýakyn gymmatlyklardyr.
* * *
Eziz oglum, mähriban gyzym!
Ilki bilen, dosta wepa edebini sakla!
Ilki bilen-ä, doly seljermän, doly göz
ýetirmän, nätanyº bilen dost bolmaga howlukma, rast, dost
bolduòmy, soò hiç mahal dosta biwepalyk, dönüklik etme!
Dönükligi hiç bir zat bilen aklap bolmaz! Dostluk diòe
wepanyò üstünde saklanýandyr. Dosta biwepalyk edeniòden
soò, duºmanyò özüòi apardygy biläý!
Dosta ygrarlylyk edebini sakla!
Ygrar — sözüòde durmakdyr. Dosty
ýamanlasalaram, garalasalaram, dostuòy özüòden gowy
tanaýanyò ýokdugyny ýadyòa sal! Dostuòa ynamyòy ýitirseò,
özüòe bolan ynamyòyòam gutarýandygyny unutma!
Dosta ynam edebini sakla!
Dostuòa syryòam, janyòam ynanylýandyr.
Dosta akyllylyk edebini sakla!
Akyllylyk bilen onuò ýalòyºlaryny, kemçiliklerini ýüzüne
aýt, ýöne geçirimli bol!
Dost tapyn, dostsuz ýaºamak ruhy
peslikdir.
Dost tutun, dostluk edebiniò ºertlerini berjaý et!