GARYNDAªLYK ADATY
Eziz türkmenim!
Türkmen garyndaºçyl halkdyr.
Garyndaºlyk duýgusy türkmende iò ösen duýgularyò biridir.
Bu türkmeniò soòky üç ýüz ýylda baºdan geçiren yza
gaýtgynly taryhy durmuºy bilen baglanyºyklydyr. ªol
asyrlaryò dowamynda ösüº hörpi haýallaºan, san taýdan
azalan türkmende gan-nebere, garyndaºlyk duýgusy taryhy
yzagaýtmanyò öwezine gelen bir duýgy boldy. «Iki dogup,
bir galan ýaly», «Ýitirip tapan ýaly», «Ölme-de, ýit
diýleni» diýen ýaly jümleler ºol döwrüò önümidir.
Döwletiò, milletiò — Watanyò
bähbitlerine ters gelmedik ýerinde, garyndaºlyk hem,
garyndaºçyllyk hem oòat zatdyr. Türkmeniò taýpalara,
tirelere, uruglara bölünendigi sebäpli, garyndaºlygyò
çäkleri-de özge milletleriòkiden has giòdir. ªu tarapdan,
biziò «garyndaº» düºünjämiziò many çäkleriniò durnukly hem
gutarnykly däldigini görüp bolýar. Aslynda many çäkleriniò
üýtgäp durýanlygy, aýdyòsyzlygy dilimiziò esasy many
aòladyº aýratynlyklarynyò biridir. XXI Altyn asyrda bu
babatda uly özgermeler bolup geçýär. Ruhumyzyò we aòymyzyò
amaly ýüze çykmasy bolan düºünjelerimiz aýyl-saýyllaºýar,
anyklaºýar we many taýdan durnuklaºýar. Munuò özi birbada
göze ilmeýän içki dil üýtgeºmesi bolup, onuò aòyrsynda ruh
we aò üýtgeºmeleri ýatýar.
ªu uly akymyò içinde «garyndaº»
düºünjesiniò serhetleri-de döwre görä aýyl-saýyl bolup
barýar. Häzirki wagtda ata hem-de ene tarapyndan üç arka
ýakynlykdaky adamlara garyndaºlar diýip bolar. Ata
tarapyndan bular — dogan, doganoglan we dolanan, ene
tarapyndan bolsa çykan we çykanyò iki arkasydyr.
Ene we aýal dogan tarapyndan muòa ýegen
we ýegenujy diýilýäni girýär.
Çyn garyndaº — süòk hossardyr.
Süòk hossar diýilýäniò rowaýatyny men
Ruhnamanyò birinji kitabynda beýan edipdim. ªu ýerde diòe
bir zady nygtamak isleýärin: adamyò ömründäki gymmatlyklar
diòe bir dirilik däl, eýsem, ölüm bilenem
baglanyºyklylykda kesgitlenilýär. Türkmençilikde merhumyò
jesedini içki öýüne — lahata salmaga, jesedi kepene
salynmazdan ozal ýuwmaga diòe süòk hossarlaryò haky
bardyr. ªeýle dessurlar türkmende garyndaºlygyò güzeran
däl, gaýyby — pelsepe manysynyò we ähmiýetiniò bardygyna
ºaýatlyk edýär.
Türkmen pelsepesinde garyndaºsyza
kuwwat ýokdur diýip tekrarlanýar. Munuò özi garyndaºlygyò
ýeke-ýalòyzlykdan özboluºly halasgärlikdigini görkezýär.
Kuwwat diòe bir durmuºdaky güzeran mümkinçilikleri, maddy
eluzynlyk däldir. Agyr illi, köp garyndaºly kiºiniò
buýsanjy-da belentdir. Ol özüniò kökleriniò çuòlugyna we
berdaºlydygyna buýsanýar. Bu buýsanç duýgusy adamyò
özüni-de tijemegine, nebere at-abraýyna mynasyp bolmaga
çalyºmagyna itergi berýär. Türkmende «Adam çykýan ýer»
diýdirmek neberä, garyndaºlara berilýän iò ýokary bahadyr.
* * *
Türkmende adam ºahsyýetine onuò diòe
özüne seredip däl, eýsem, çykan neberesine, maºgalasyna
bakybam baha berilýändir. Ilki bilen, neberä
seredilýändir, ondan soò adamyò özüne seredilýändir. ªeýle
ähmiýetliligi üçinem, bizde garyndaºlyk edebiniò ºertleri
elekden geçirilendir we anykdyr.
Adam boljak bolsaò, türkmen boljak
bolsaò, garyndaºlyk edebini berjaý et!
Garyndaºlaryò bilen süýji dilli bol,
hemdem, hemsöhbet, hemdert bol, çünki sen olar bilen
kökdeºsiò! Sen sebäpli olaryò ýüzi gyzmaly bolmasyn. Bu
duýgy diòe bir saòa däl, ähli türkmene muwapykdyr. Her bir
türkmen her bir iºde, ilkinji nobatda, hossarlarynyò,
garyndaºlarynyò dillerini gysga etmezlik barada oýlanar.
Garyndaºlara biperwaý, sowuk bolma!
Ýakynkaò, ýat boljak bolmak nä görgiò?! Ýakynlygyò lezzeti
ýatlygyò sowuklygyndan oòat ahyryn! Ganyò ýakynka, ruhuòy
ýat etme! Bu dünýäde süòòüòi we kalbyòy ýyladýan
mähribanlygyò birem garyndaºlykdyr.
Garyndaºyòa goldan gelse, kömek-ýardam
ber! Türkmen arkalaºykly halkdyr, biriniò baºyna iº düºse,
keseden biperwaý seredip durup bilýän däldir, hökman tekge
berýändir. Durmuº kerwenpisint zatdyr, hatarda ner
bolanda, ýük ýerde galýan däldir. Baºarsaò-a il ogly bol,
ony baºarmasaò, oba ogly bol, onam baºarmasaò, ata-enäniò
ogly bol! Baºarsaò, at gazan, ony baºarmasaò, at ýitiren
bir bolma! Maddy harjy pesräk garyndaºlaryòdan harajadyòy
gysganma, il beýikdir, biriò on bolup geler.
Garyndaºlaryò toýuna-ýasyna barmazlyk
edepsizligiò iò ýaramazydyr. Ýadyò toýuna çagyrylanyòda
barylýandyr, garyndaºyòka çagyrylmasa-da, barlar.
Garyndaºdan çakylyga garaºyp, öýke-kine etmek
ownukçyllykdyr, beýle zat türkmençilikde ýokdur. Çakylyk,
köplenç, daºkyrak adamlara edilýändir. Öz garyndaºyòdan
aýratyn çakylyga garaºmak özüòi ýokary tutmakdyr.
Garyndaºyò toýunda hyzmata garaºylýan däldir, garyndaºyò
toýunda hyzmat görkezilýändir.
Garyndaºyò ýasynda aýak salyp oturmak
gelºiksizdir, ýaºuly bolsaò, aýat-doga okap, öz borjuòy
ýerine ýetirmeli, ýaºkiçi bolsaò, ähli ownuk-düºek
hyzmatlara häzir bolmaly.
Garyndaºyò zyýapatynda elek bilen suw
daºalýandyr.
Garyndaº — garyndaºdyr, ol islege
berilmeýär, olar bilen oòºukly gatnaºyk etmek islegiò däl,
borjuò iºidir. Näletkerde dörese, tutuº garyndaºlary ryswa
edýändir, ºonuò üçin her iº edeniòde, diòe özüò däl,
garyndaºlaryò at-abraýy hakynda-da pikir etgin.
Garyndaºlykda at-abraý — mukym,
biabraýlyk — mysapyr bolsun!
Adam boljak bolsaò, bigänelikde däl,
märekede ulal!
Hünäriò, gylygyò, aºyò bolsun!
* * *
Ile çörek berýän diýen at alsaò, il
ownuk-uºak kemçilikleriòi geçirmäni baºarýandyr, çünki, il
beýikdir!
Durmuº degirmeniniò daºyny aýlamaga ner
kuwwaty gerekdir, beýle kuwwat garyndaºlaryòa
mähribanlygyòdan gözbaº alýandyr.
Garyndaºlaryòa ulumsy, tumakly bolsaò,
ýatlaram seni ýat görer, garyndaºlaryòa mähriban bolsaò,
garyndaºlygyòy ýatlaryò hasabyna artdyrarsyò.
Ömrüòi jemagat bilen ötürgil!
Ýagºy är garyndaº aýbyny açýan däldir.
Ol garyndaº aýbyny gaýraty, namyslylygy bilen ýuwup
aýyrýandyr.
Herki bolºuò aslyòdandyr, asyllykaò
bedasyla ogºama, bedasyllyga dalaºma!
Garyndaºlaryò bilen mylaýym gürleº! Uly
bolsa: «aga», «daýy», «daýza», «gelneje» diýip, kiçi
bolsa: «ini», «jigi», «uýa», «ýegen» diýip gürleº! Söz —
gudratdyr, ol garyndaºlar arasyndaky mähribanlygy
artdyrar.
Garyndaºlaryò bilen mal-mülk, miras,
zat üstünde tersleºme! Iò oòat miras ötenleriòden galan
at-abraý we olardan alan edep-terbiýäòdir.
Eždatlaryòdanam kämil boljak bol,
perzentleriòi özüòdenem kämil çykarjak bol!
Ykbal, iº, okuw sebäpli ýat ile düºüp,
dogduk mekanyòa gelen wagtlaryò garyndaºlaryòa salama
barmagy endik et! Her syrgyna, her öýe girip,
saglyk-amanlyk, hal-ahwal soraº! Garrylaryò göwni galkar,
ºeýle garyndaºlarynyò bardygyndan göwni biter, ýaºlaryò
buýsanjy artar, özlerine görelde, nusga tapynarlar.
Garyndaº ýigidiò öýlense, kiçilik et!
Garyndaº iniò öýlense, agalyk et!
Uly bolsaò, garyndaºyò toý serenjamy,
kiçi bolsaò, garyndaºyò toý hyzmaty boýnuòdadyr.
* * *
Gyz durmuºa çykyp, baº salnanda, ºaýly
tahýasy baldyzyna berilýändir. Ýedi gün geçýänçä, kürteli
gelniò ýanynda baldyzlary oturýandyr.
Çaganyò ilkinji galpagy daýysyna
syrdyrylýandyr.
Çaganyò diº toýunda daýy-daýzalary
köke-süýji seçýändir.
Gelin gaýdyp gelende gaýynata-gaýynenä,
gaýynaga-gaýynekejä sowgatly gelýändir.
Garyndaºlykda algy-bergi etmek adatdyr.
Garyndaºyòdan zady gysganma, ol senden abraýly garyndaº
adyny gysgananok ahyryn!
Durmuºda abraýly garyndaºyò ady bilen
öwünýän, abraýly garyndaºyò adyna buýsanýan, emma
kömek-ýardama, bitiräýmeli iºe gezek gelende, baºgaça
bolýan adamlar duº gelýär. Bu gelºiksiz ýagdaýdyr. Abraý —
ähli garyndaºlara deò berlen paý, kömek etmek hemmä deò
berlen borçdur. Özüne almaly bolanda ilgeziklik edýän,
özünden bermeli bolanda döwtalaplygyny ýitirýänden
garyndaº gaçýandyr.
Garyndaºyòy kyn gününde golda! Özüò
mätäç däl, özüòe mätäç bolnanda, seniò garyndaºlygyò
hakyky bahasy bildirýändir. Goldasaò, senem goldanarsyò,
dalda bolsaò, seniò özüòe-de dalda bolan tapylar.
Garyndaºlyk duýgusy ajap duýgudyr.
Çünki ol duýgy hem süòòüòden, hem kalbyòdan gaýnap çykýan
tämiz we arassa duýgudyr. Garyndaºlyk duýgusy milli
duýgynyò deslapky görnüºidir. Enesini söýmedik, Watanyny,
garyndaºyny söýmedik milletini söýýän däldir. Garyndaºlyk
duýgusy ýürek-ruhy duýgy bolan milli duýgynyò baºlangyjy
we tebigy esasydyr. Diòe ºol duýgynyò basgançaklary arkaly
ýokary galyp, millete guwanç, millete buýsanç duýgusynyò
belentligine ýetip bolýandyr.
Oòat adam öz perzentlerinden beýleki
çagalary-da görüp bilýän, söýüp bilýän adamdyr. ªeýle adam
olara kömek edip bilse, baºy gök dirär, olara kömek edip
bilmese, onuò ýüregi daglanar. Elinden kömek gelmese,
kömek etmek hyýaly hem arzuwy bilen ýaºar.
Garyndaºlara göriplik — kalbyò
betnyºanlygydyr. Ata-babalaryò öòünde dönük hem bigaýrat
bolmakdyr. Ata-babalar üçin garyndaºlaryò bary-da deò
perzentlerdir. Perzentler soò-soòlar baºga-baºga adamlar
bolýandyrlar, aslynda bolsa olaryò bary birdir.
Garyndaºlyk — sarsmaz, mäkäm
baglanyºykdyr. Çünki garyndaºlyk adamy iki tarapdanam —
gan-beden tarapdanam, ruhyýet tarapdanam
baglanyºdyrmakdyr. Bu gözel baglanyºyklaryò hiç birini-de
üzmejek bolgun!
Garyndaºlyk — Allanyò biçimidir.
Garyndaºdan aýrylyp gitjek ýeriò ýokdur. Bikemal
garyndaºyò gep-gybatyny etme, oòa oòat garyndaº bolmagyò
nusgasyny görkez!
Garyndaºdan öýkeleme, öýkesini ýaz,
garyndaºdan göwün etme, göwnüni gör!
* * *
Eziz ýaºlar! Siz pikir öwrüò, oýlanyp
görüò! Öz obaòyzy, öz obadaºlaryòyzy söýºüòiz ýaly, tutuº
halkyòyzy, ýurduòyzyò ähli künjegini des-deò söýüp
bilýärmisiòiz? Söýüp bilýänsiòiz, sebäbi türkmen halky
halk bolup, millet bolup, dünýäniò ýüzünde bäº müò ýyl
bäri ýaºap ýör. Her bir türkmeniò beýnisinde, ruhunda,
kalbynda türkmen atly beýik millete söýgi bar.
Emma halkyò içinde agsak-towsagy hem
bolýar.
Türkmen garyndaºly halk. Her kimiò
ejesiniò doglan obasy onuò daýy obasy, ähli obadaºlary
bolsa daýylary bolýar. Her kimiò kakasynyò doglan obasy —
agalarynyò obasy bolýar. Ynha, duran ýeriòde iki oba
garyndaºyò taýyn. Halkymyz ºol köne ýörelgäni dowam edip,
garyndaºlyga belent sarpa goýup gelýär. Hatda gowy
görmeýän, has dogrusy, halamaýan garyndaºy hem bolsa, ºol
garyndaºy toý tutsa, baºardygyndan garyndaºlyk hormatyny
saklap, sowgatly barýar, ºol garyndaºynyò bir zady
aýrylaýsa, mal alyp barar. Her bir türkmeniò toýunda,
dabarasynda, ýasynda, üýºmeleòinde ähli garyndaºlary
barar.
Emma garyndaºlyk — garyndaºlyk bolýar.
Käbir düºünjesi pes, emma nähilidir bir ýol bilen wezipe
alan adamlar bildirip ýa bildirmän düºewüntlije orunlary
garyndaºlaryna bermegi özüne belentlik, mertebe bilýär.
Men Aºgabat ºäherkomynyò birinjisi
mahalym bir raýonyò raýkomynyò birinji sekretary bir
hünärmeni aýratyn ilerläp, haýsy uly wezipä teklibini
sorasam, ºol kiºini berip baºlady. Men sorap-idäp görsem,
ol onuò ýakyn garyndaºy eken. Emma otuzynjy ýyllar bir
sebäp bilen Mara göçüpdir.
Bir degerli wezipä ýene ºol kiºi
hödürlendi. Men raýkomyò birinjisini çagyryp:
— Her gezek ºu adamy teklip edip dursuò
welin, garyndaºyò dagy däldir? — diýip soradym. Hälki ant
içip, awy ýalady:
— Ýok-la, Sapar Ataýewiç, ikimiziò
doglan oblastymyzam bir däl. Ýöne men munuò iº
baºarjaòlygyna belet — diýdi.
— Sen bussyr-ýussur etme, hakykaty aýt.
Ol partbiletinden ant içip, gözüni
gyrpman, ýüzüme seredip, ýalan sözläp dur. Iò erbedi, ºol
teklip edilýän adamyò eli egri, baran ýerinden aparjak,
tutan ýerinden goparjak adam.
Men:
— Sen onuò iº baºarjaòdygyna göwnüò
ýetýän bolsa, ony raýispolkoma baºlyk goýaly, sebäbi seniò
ornuòa uzagyndan hünärmen gerek. Seni Magaryf ministrine
orunbasarlyga hödürlemegi göz öòünde tutýaryn — diýdim.
— Sapar Ataýewiç, maòa biraz puryja
beriò, men ºol hünärmeni ýene azajyk iºde synaýyn,
öwreneýin.
Men sözümiò ýerine düºenine ynandym.
Oòa puryja berdim. Raýkomyò birinjisi nädendir öýdýäòiz?
Zawodlaryò birinde partorg bolup iºläp ýören ºol
garyndaºyny alty aýa ýetirmän öz eli bilen «garalap»,
iºden aýyrdy. Sebäbi ol öz ornuny, öz wezipesini halas
etmelidi ahyryn.
— Sapar Ataýewiç, siz wagtynda duýduran
ekeniòiz. Men ony doly tanamaýan ekenim. Ol iº baºarjak,
ýolbaºçy bolup biljek adam däl eken. Sag boluò, siz meniò
gözümi açdyòyz — diýip, ol baºga perdede bilbil bolup
saýraýar.
Görýäòizmi, ol kiºiniò
«garyndaºlygyny»?! Garyndaºparazlygyny?!
Beýle mysallar köp...
Türkmen halky sekiz asyr dagynyk halda
ýaºady. Döwleti gurmak, goramak, döwlet bähbitli
endiklerini ýitirenler az däl. Käbir adamlara galsa, ol öz
dogan-garyndaºlary bilen ähli wezipeleri paýlaºyp,
ullakan, baý döwleti ºahsy emlägine öwüräýjek! Beýle pis
düºünjeler nireden geldi?!
Daº-töweregiòize syn ediò, siz ºonda
türkmeniò uly halk bolandygyna, kämil halkdygyna gözüòizi
ýetirersiòiz. Her bir adam özüne muwapyk, özüne meslekdeº,
pikirdeº kiºi bilen dost bolýar. Her bir türkmen gyz
çykaranda ýa ogul öýerende garyndaºyndan gaçyp, gowy
maºgalany gelin edinjek bolýar, gyzyny gowy maºgala berjek
bolýar. Owarram, öz garyndaºym diýip ogluna garyndaºynyò
mynasyp däl gyzyny alyp bermeýär. Ýa türkmende: «ªu meniò
garyndaºym, ºonuò üçin ºol gyzy söýýän» diýýän ýok.
Garaºsyz, baky Bitarap Türkmenistan baý
hem kuwwatly, dünýä ýaò salýan ajaýyp döwlet! Türkmenistan
biziò ýeke-täk döwletimiz, mukaddes Watanymyz! Sekiz
asyrlap ata-babalarymyzyò arzuw eden döwletini
garyndaºlyk, para-pul ýaly maýda bähbitleriò pidasy etmek
bolmaz!
Mukaddes Watana mukaddeslik bilen
gulluk etmeli!
Beýik Türkmenistany garyndaºlykdan,
maýda bähbitlerden sap, päkize hem beýik söýgi bilen
söýmeli!
* * *
Eziz türkmenim!
Külli türkmen Oguz han Türkmenden
gaýdýandyr. Külli türkmeniò garyndaºlygy Oguz handan
baºlanýar. Biziò barymyz dogandyrys, çünki, biz Oguz hanyò
tohumyndandyrys. Biziò barymyz garyndaºdyrys, çünki biz
Oguz hanyò enesiniò reheminden — garnyndan çykandyrys.
ªonuò üçinem milletsöýüjilik — uly garyndaºlykdyr.
Öz durmuºyòda diòe bir synalarymyzyò
däl, eýsem, ýüreklerimiziò — kalplarymyzyò hem
garyndaºlygyny gazanjak we berjaý etjek bol!
Ýürekleriò garyndaºlygy — birek-biregiò
ruhy doganlygyny gazanmagy baºarmakdyr. Süòòi
garyndaºlaryò sanly bolsa-da, ýürek garyndaºlygyò uly
bolsun!
Külli türkmene garyndaºym diýen duýgyòy besläp bilseò,
seniò kämil ºahsyýet boldugyòdyr!