Eýran türkmenleriniò medeni, edebi we jemgyýetçilik žurnaly

 

ŽURNAL BARADA


Baº sahypa

Maksady

Redkollegiýa

 

ARHIW


Soòky sany

Ýyllara görä

 

GATNAªYK


Myhman depderi

Habarlaºmak üçin

Dost sahypalar

 

 
Her güne bir nakyl


 

 

 


 
Edebiýat / Döwürdeº türkmen edebiýaty
Saparmyrat Türkmenbaºy

RUHNAMA

ikinji kitap

TÜRKMENIÒ RUHY BEÝIKLIGI


SÖZBAªYLAR / Goòºuçylyk dessury / Garyndaºlyk adaty


GOÒªUÇYLYK DESSURY

 

Türkmen topragynyò üstünde näçe urºuò bolandygyny hiç bir taryhçy takyklap bilmez, anyk bir zady welin, biziò her birimiz bilýäris: mukaddes topragymyzyò her daban ýeri biziò merdana ata-babalarymyzyò gyrmyzy gany, enelerimiziò ajy gözýaºy bilen eýlenendir. Bu topragyò her bir gysymyna ata-babalarymyzyò eliniò ýylysy siòendir. Bu topragyò her ädiminde ata-babalarymyzyò yhlasy, söýgüsi ýatandyr. Müòlerçe ºahyrlar bu topragyò waspyny edip geçendir. Heý, onsoò bu toprak keramatly bolmazmy?

Bitaraplyk — sabyr-takady hiç haçan elden bermeýän türkmenleriò päk kalbynyò, ynsanperwer aò-düºünjesiniò miwesidir. Keseden gelen basybalyjylaryò biziò ata-babalarymyzy eline ýarag alyp, ata çykmaga mejbur edendigine garamazdan, olar goòºy ýurtlar, ähli halklar bilen parahat ýaºamaga hemiºe çalºypdyrlar.

Biziò Türkmenistan döwletimiziò häzirki çäkleri Hindistan we Ýakyn Gündogar bilen bir hatarda dünýäde ilkinji döwletleriò döräp, kämilleºen sebitleridir. Taryhy çeºmeler häzirki Türkmenistanyò çäklerinde miladydan öòki III-II müòýyllyklarda iki sany uly döwletiò gurlandygyny beýan edýär. ªol iki kuwwatly birleºme öò sähralyklarda we derýaly ýaýlalarda biri-birinden üzòe ýaºan il-halklary özünde jemläpdir. Eždatlarymyz Aziýanyò we Ýewropanyò ähli künjeklerinde özlerini skifler, massagetler, saklar, dahlar, sarmatlar, alanlar ýaly atlar bilen tanadypdyr.

ªol wagtdan baºlap, türkmenleriò ata-babalary her döwürde köp dürli halklary birleºdirýän beýik döwletleri gurupdyr. Eýsem, türkmenler öz hökmürowanlygyndaky ºol ýerlere nähili häkimlik edipdir? Eger biz hyýalymyzda birnäçe müò ýyl alysda galan wakalara siòe ser salsak, döwletiò daºary syýasatynyò binýady bolan hemiºelik Bitaraplygyò gözbaºlarynyò türkmen halkynyò hakyky milli däp-dessurlarynyò jümmüºindedigini, ata-babalarymyzyò ynsanperwerligi, hoºniýetli goòºuçylygy, myhmansöýerligi we parahatçylygy bilen ömürbaky tapawutlanandygyny göreris.

Türkmenler goòºy ýurtlar bilen özara gatnaºyklaryò iki tarap üçin-de bähbitli bolmagyna hemiºe uly ähmiýet berýärdi we berýär. Biziò ata-babalarymyz gaýry ýurtlaryò ilçilerini hiç haçan kemsiden, olaryò mertebesine ºek ýetiren däldir. Iki döwletiò arasynda baglaºylan ºertnamalary birkemsiz berjaý edendir. Bu däbiò gözbaºlary gojaman gadymyýetden baºlanýar.

ªol döwürden üç müò ýyla golaý wagt geçenden soò bir jahanºynas her bir türkmeniò «...söz berse, ony hiç haçan, hatda öz janyna we azatlygyna wehim salynsa-da bozmaýandygy» barada geò galyp we gözügidijilik bilen ýazypdyr.

Türkmenler sypaýylygyny, myhmansöýerlik däbini ähli döwür-zamanalarda saklapdyr. Myhman — Ýaradanyò iberen adamy diýlip hasap edilipdir. ªonuò üçin biziò ilde dil biten çagadan baºlap, bakyýet ýoluna taýýarlanýan gojalara çenli hemmeler: «Myhman — ataòdan uly» diýen nakyla eýerýär.

Biziò ata-babalarymyz öz döreden döwletleriniò çäklerinde ýaºaýan gaýry halklary, dini baºga adamlary hiç haçan kemsiden däldir. Tersine, türkmenleriò anyk ýörelge edinýän parahatçylyk söýüji syýasaty, adalatlylygy, ynsanperwerligi olara orta asyrlarda Aziýanyò, Gündogar Ýewropanyò we Demirgazyk Afrikanyò ähli künjeklerinde ýetmiºden-de köp ululy-kiçili döwletleri, ºol sanda beýik soltanlyklary gurmaga kömek etdi.

ªeýle täsin ahwalatyò syrly täri nämede? Ilkinji nobatda, ol türkmenleriò gylyk-häsiýetinde, ýasawynda, kalbynyò näzik sazlaºygyndadyr. Türkmenler hiç haçan gaýry milletden we baºga dinden bolan adamlaryò göwnüne degen, mertebesine zeper ýetiren däldir. Mysal üçin, ermeni halkynyò wekilleri, taryhçylary Garagoýunly türkmenleriò döwletiniò häkimleriniò ermenileriò din-ybadatlaryny berjaý etmekde, buthana edim-gylymlaryny öòki ýaly amal etmekde olara kömek berendigi, öz raýatlary bolan ermenilere, gürjülere we beýleki milletlere arka çykandygy hakynda minnetdarlyk bilen ýazýarlar.

XII asyrda ýaºan ºamly Mihail türkmen soltanlarynyò Kiçi Aziýada öz raýatlaryna musaýylyk, isaýylyk bolsun ýa otparazlyk — ata-baba uýýan dinini saklamaga, ybadat-dessurlaryny berjaý etmäge rugsat berendigi hakynda ýazýar. Rum soltanlygynyò seljuk türkmenlerinden bolan häkimi Gylyç Arslan II-niò (1188-nji ýylda aradan çykan) ýakowitleriò kethudasyna iberen haty saklanyp galypdyr, onuò ilkinji setirleri: «Kappadokiýanyò, Siriýanyò, Ermenistanyò beýik soltany Gylyç Arslan — biziò soltanlygymyzyò dosty bolan, ýeòiºleriò bize hemra bolmagy barada doga edýän, Bar-Saumy ybadat öýünde mesgen tutan we biziò soltanlygymyzyò ºan-ºöhratyna guwanýan kethuda ynsana» diýen sözler bilen baºlanýar. Gylyç Arslanyò isaýylaryò öz döwletinde ýerleºen ähli ybadat öýlerini salgytlardan boºadandygyny bellemek gerek.

Biziò ata-babalarymyz dünýäde tanalyp baºlanan ilkinji günlerinden ºol döwrüò ähli ynsanlary türkmenlerde jemagat kanunlarynyò adalatly düzülendigine haýran galypdyr. Ýunanly we rimli taryhçylar olaryò rehimdarlygy, ogry-kezzaplary ýigrenendigi hakynda ýazýar, olaryò ata-enä sarpa goýýandygyny we aýal-gyzlarynyò edep-ekramlylygyny wasp edýär. Miladynyò baºynda rim taryhçysy Pompeý Trog eždatlarymyz hakynda ºeýle ýazýar: «Adalatlylyk diýen düºünje olara kanunlar bilen öwredilmän, eýsem, olaryò aòyýetiniò miwesidir. Kiºiò zadyna el gatmak olarda iò agyr günä hasaplanýar... Eý-ho, eger beýleki hanlyklarda hem kiºiniò maly babatda ºunuò ýaly durnuklylyk we halallyk bolsady, elbetde, ähli asyrlarda we ähli ülkelerde munça jeò-dawalar bolmazdy».

Döwlet dürli milletlerden bolan adamlaryò biri-birine sarpa goýmagyny, goòºusynyò ºatlygyna begenip, gam-gussasyny paýlaºmagyny, özara sylaºygy esasy ýörelge edinmelidir we baºga milletlerden bolan ynsanlaryò arasyndaky gatnaºyklaryò medeniýetini ösdürmelidir, jemgyýetde oòºuklylygy saklamalydyr. Bu döwletiò berkarar bolmagyny üpjün eder. ªu günki türkmenler öz ata-babalary ýaly, milletara gatnaºyklary ösdürip we kämilleºdirip, derejesini ýokarlandyrmagy baºardy. Öz halkynyò dini ybadatlaryna, däp-dessurlaryna hormat goýmak bilen, olar beýleki halklaryò diline, däplerine hem sarpa goýýar we milletparazlaryò hem-de milletçileriò howalaly gopbamlyk we diòe özüòi bilmek ýaly zyýanly nogsanlyklaryny ýazgarmaga hemiºe taýýardyr.

Biz mundan beýlägem goòºy halklar bilen ikitaraplaýyn gatnaºyklarymyzy ýokarlandyrarys, kämilleºdireris.

Goòºy üçin türkmeniò gapysy mydama açykdyr.

* * *

Türkmeniò goòºuçylyk edebi adamara gatnaºyklarynyò ýokary milli derejesine ºaýatlyk edýän gymmatlyklardandyr. Goòºuçylyk gatnaºyklary — türkmeniò ahlak-ruhy gözelligini görkezýän ajaýyp dessurlarynyò biridir.

«Goòºy» aslynda «gonmak, gonuºmak» köklerindendir. ªundan çen tutsaò, goòºular bir ýerde ýaºaýan, bir çäkde ömrüni ötürýän adamlardyr. Eger adam üçin iò gymmatly zat ömür bolýan bolsa, onda goòºy her birimiz üçin aýratyn ähmiýete eýedir. ªonuò üçinem, goòºuçylyk edebi ömre dahylly içki gymmatlyk, milli dessurlaryò ulgamynda aýratyn zeruryýet bolup durýar. Çünki ömrüò nähili geçjegi onuò nirede we kim bilen ýanaºyklylykda geçjegine gürrüòsiz baglydyr.

Goòºy — ömrüòe dahylly kiºidir.

Goòºy — ykbalyòa täsirli kiºidir.

ªahsyýetiò nukdaýnazaryndan, belli bir manyda aýalyò hem adamyò, ogluò ýa gyzyòam ömrüòe dahyllylyk babatdaky özboluºly goòºyò diýip bolar. Olar ömür sypatyndaky ýakynlaryò — ömrüòe berlen içki goòºularyòdyr, goòºularyò bolsa günemaòa berlen daºky ýakynlaryòdyr. Diýmek, goòºyò hem keseki, ýatlar däl-de, öz biriòdir.

Goòºyò — günemaòa täsirlilik, ömrüòe ºäriklikdir. Ata-babalarymyzyò goòºuçylyga aýratyn ähmiýet bermegi-de olaryò meseläniò ºeýle düýplüligine düºünendiklerindendir. Türkmen üçin goòºuçylyk ähmiýetsiz, ondaky derejeli durmuº halaty ähmiýetsiz tötänlik däldir. Goòºuçylyk hälki bir ýat ºäheriò ýat köçesinde az pursatlyk tötänleýin bolan gabat geliºme däldir. Türkmen üçin goòºuçylyk ömür gymmatlygyna dahylly ýaºaýyº medeniýetidir. Bu, elbetde, hemme milletler üçin asla-da beýle däldir. Goòºynyò onunjy derejeli zat hökmünde seredilýän ýurtlarynyòam barlygy hakykatdyr. Ylaýta-da, uly-uly ºäherlerde it eýesini, piºik bikesini tanamaýar diýilýän goòºuçylyk ýagdaýlary kemala gelipdir. Munuò özi ol ýerlerde adamara gatnaºyklarynyò juda sowuklaºmagynyò bir görkezijisidir. Adamlar kirpiniò düýrügip, öz içine gidiºi ýaly, öz sümelgelerinden çykman oturýarlar. Olar goòºy-golam bilen gatnaºanlaryndan öýündäki it bilen, piºik bilen dostlaºanyny gowy görýärler. ªeýle ýagdaýlarda goòºuçylyk gatnaºygy salamlaºmakdan aòry geçmeýär, hatda biri-birine duºanda, salamyny gysganýanlaram bar. Ondan-da beter, goòºusynyò kimdigini bilmän, ötüp gidýän adamlaram bar.

XXI asyrda — türkmeniò Altyn asyrynda beýleki gymmatlyklarymyz bilen bilelikde milletimiziò goòºokara gatnaºyklarynyò ulgamyny-da saklap galmalydyrys. Ak mermerden gurdurýan beýik binalarymyzyò daºky görnüºiniò milli ºekillere baý bolºy ýaly, olaryò içindäki öýlerde hem baý milli ruhy gymmatlyklarymyz ýaºamalydyr.

* * *

Eziz milletim!

Biz ak mermerden türkmene laýyk jaýlar gurýarys. Men siziò ºol jaýlaryò içinde türkmen bolup, türkmeniò milli ahlak-ruhy edebini berjaý edip ýaºamagyòyzy isleýärin.

ªonuò üçinem, diòe bir daºyny bina etmek bilen çäklenmän, men Altyn asyryò türkmeniniò içini-de, ruhy dünýäsini-de bina etmek üçin Ruhnama kitabymy, beýleki edebi-ºahyrana kitaplarymy ýazdym. Häzir bolsa sen ºol binanyò täze ymaraty bolan Ruhnamanyò ikinji kitabyny okap otyrsyò.

Türkmen gyºu-ýaz, tomsu-güýz öýünden çykman oturan halklaryò hataryna girmeýär. Öýden çykmazlyk, garasöýmezlik «menligiò» aºa hetde ýetenliginden, ºahsyýet bilen jemagat arasynda beýik diwaryò gurlanlygyndan habar berýär. ªeýle öýler meniò çeper aòymda hemiºe garaòky, Taòrynyò Güneºiniò nurundan binesip hinleri janlandyrýar. Men, hatda ºeýle öýlerde sözüò hakyky manysyndaky maºgalanyò bardygyna-da ºübhe edýärin.

Goòºuçylygyò ýok ýerinde maºgala-da ýokdur!

Elbetde, ol öýde ata-ene, ogul-gyz bolsa bardyr, emma maºgala — bu aýry-aýry adamlar däl-de, olaryò arasyndaky mähribanlyk, ezizlik gatnaºyklardyr. Hut ºol gatnaºyklar adamlary biri-birine bentläp, maºgalany düzýär. Onsoò iki sany kiçi ulgamyò özara birigip, uly ulgamy kemala getiriºi ýaly, bir maºgala beýleki bir maºgala bilen goòºuçylyk gatnaºyklaryna girýär. Goòºuçylyk gatnaºyklary barha ulalyp, tutuº halky, milleti kemala getirýär.

Türkmende: «Kyýamat güni goòºudan» diýen nakyl bar. Men köp ýerde bu nakyla nädogry düºündiriº berilýändigine, kä ýerde onuò ýüzleý teswir edilýändigine gabat gelýärin. Bu nakylyò manysy milletimiziò kyýamat baradaky dünýägaraýºyndan gelip çykýar. Ahyrzaman, kyýamat düºünjeleri beýik «Awestadan» — türkmen topragyndan gözbaº alýar, dünýäniò häzirki beýik dinleri-de kyýamata garaýyºlaryny Zaratustra pygamberiò ylhamyndan susup alandyrlar.

Ahyrzamanda zaman — wagt akmasyny bes eder. ªondan soò Allanyò buýrugy bilen ähli zatlar ýaòadan direlip, kyýamat hasaby baºlanar. Dünýäde süren ömrüòe hasap geçilende, ýamanlyklaryòy boýnuòa goýmak, ýagºylyklaryòa güwä geçmek üçin tutuljak esasy ºaýatlaryò biri seniò goòºyò bolar. Wagtyò daºyna çykyp, kyýamaty ilkinji görüp bilen Zaratustra pygamber goòºuçylygyò ýöne bir güzeran, dünýä meselesi däl-de, pelsepe — iman meselesidigine ünsi çekipdir. Hasap gününde mizan terezisiniò günä tarapynyò agyr ýa ýeòil gelmegi goòºyòa, goòºyò sözüne baglydyr.

Goòºyò — ºu dünýädäki synçyò, o dünýädäki ºaýadyòdyr.

ªonuò üçinem, goòºuçylyk edebini berjaý et! ªonda ºu dünýäò abadan, o dünýäò bolsa abat bolar!

Näme üçin Allatagala goòºyny esasy ºaýatlaryò hataryna goºupdyr?! Sebäbi goòºy seniò ömrüò synçysy bolup, ähli eden-edýän iºleriòi ýakyndan synlaýan iò belet kiºiòdir. Sen az pursatlyk ýagdaýlarda — toýda, märekede, hatda iºde-de öz hakyky bolºuòy, öz hakyky ýüzüòi gizläp bilersiò. Sen az wagtlyk özgäò derisine girip, baºga biri bolup görnüp bilersiò. Emma beýtmek ömürboýy mümkin däldir. Goòºyò bolsa ömürboýy seniò gapdalyòdadyr, ýanyòdadyr. Heý, onsoò mundan ynamdaram ºaýat bolarmy?!

Goòºy — iò ýakyn aralykdaky ildir!

Goòºynyò gözi — uly iliò gözüdir.

Goòºynyò gulagy — uly iliò gulagydyr.

Goòºynyò dili — uly iliò dilidir.

Ol örän ýakyn aralykdan seniò öýüòde, maºgalaòda ýola goýlan tertip-düzgüniòe seredýär, ol ýakyn aralykdan maºgalaò inip-çykyºyna, oturyp-turºuna baha kesýär, ol seniò öýüò döwlet-rysgalyny, at-abraýyny, seniò edep-ekramyòy, mertebäòi we pesligiòi hamana surata alan ýaly synlap otyr. Goòºy seniò öýüòden çykýan agzybirlik, abadanlyk nyºany bolan mähirli, hoºamaý sözleri-de, seniò öýüòden gelýän agzalalyk alamaty bolan goh-galmagaly-da, seniò ýüregiòden çykýan hoº güftaryòy-da, galp bolsaò, kiçi dilden bärden çykýan ºelaýyn sözleriòi-de diòläp otyr. Goòºynyò gören, eºiden zatlarynyò bary-da iliò diline geçýär. Onsoò uly il sen hakynda goòºyò dili bilen gürleýär, uly il saòa goòºyò pikiri boýunça baha berýär, uly il saòa goòºyò gözleri bilen seredýär, uly il seniò ýürek urgyòy goòºyò gulagy bilen diòleýär.

Goòºy — diòe Allanyò däl, uly iliò ºaýadydyr.

Goòºy — diòe kyýamatyò däl, ºu ajap döwranyòam baha ölçegidir.

Goòºy — mähek daºydyr, sen sap altynmyò ýa-da mis garyndysymyò — goòºy bahym kesgitlär.

Kalby sährasy ýaly açyk, ýüregi öýüniò iºigi ýaly açyk türkmen hemiºe goòºuçylyga ymtylyp gelipdir. Aslynda-da, türkmen açyklygy, nurlulygy, ýagtylygy söýýän, gatnaºygy, barºyp-geliºmäni gowy görýän, märekesöýer milletdir. Göwnüni gizleýän, garasöýmez, içimtap, «içimi bilsin Gully han» diýilýän adam türkmende guwanç döretmeýär. Ýaºyrylýan, gizlenilýän, örtülýän zat bolsa gowulyk däldir diýen düºünje bar türkmende. Eýsem, diòe aýyp, diòe pislik ýaºyrylýar ahyryn. Gözel göwni, göwher göwni ýaºyrmagyò ne hajaty bar?! Göwher il-güne-de ºuglasyny, nuruny saçsyn!

* * *

Goòºusyny sylamaýan adam il-gününi-de sylamaz.

Goòºy bilen oòºuksyzlygy adamyò ýaramazdygyny görkezýän esasy zatlaryò biridir. Men-menlik, özüòi, maºgalaòy goòºyòdan artyk saýmak adamyò pesligidir. Beýle häsiýet türkmene geliºmez. Birniçeler baýlygyna, wezipesine baýrynyp, goòºy-golama göwnüýetmezçilik etse, ýakynynda ýaºaýan kiºileriò sylag-hormatyndan mahrum galsa, halk hem, Hak hem beýle adamy halamaz. Goòºularyò özara oòºuksyzlygy, köplenç, ownuk güzeran meseleleriniò üstünde turýar. Aýdaly, bir daban ýer, suw, beýleki meselelerde, körpe çagalaryò oýun-urºunyò üstünde dawalaºyp, goh-galmagal edip, ownujak zady hil bir uly kynçylyga öwrüp ýörmek mydama durmuºda gabat gelip dur. Muòa kiçijik meseläò ullakan gohy diýerler. ªeýle ýagdaýlarda arkalylyk gerekdir. Goòºyò eºekarka bolsa, sen arkaly bolmalysyò. Ol tumºugyny asmana tutup, arkan-arkan gaýyºsa, sen geçirimli hem giò bolmalysyò.

Eziz türkmenim! Bu zatlary ownuklyk hasaplama! Adamyò beýikligi ºeýle ownuklyklarda özüni bildirýändir. Durmuºdan dahylsyzlykda, boº hem howaýy ýerde akyl satmakdan ne many?! Milletiò akyl hem ahlak-ruhy çelgileri iò bir adaty halatlaryò içki jähetlerinden getirilip çykarylýandyr. Goòºy — adaty, görnüksiz jähet ýaly, il-gün belent mesele ýaly, emma bular durmuº hakykatynda baglanyºykly, biri-birinden üzòe däl barlyklardyr. Goòºusyny tanamaýanyò il-gününi tanaýandygyna ynanma! Goòºusynyò mertebesini saklap, onuò durmuºy bilen gyzyklanmaýanyò il-gün baradaky sözleriniòem, pikirleriniòem gara ºaýylykdygyny unutma! Sözüò hem pikiriò sütüni amaldyr. Sütünsiz zat howaýylykdyr, çünki ol howada asyl-asyl bolar durar. Biziò akyl derdeserlerimiziò köpüsi-de ºeýle howaýylyk zerarlydyr. Boº pikir, boº söz endikli kiºiler ýönekeý halkyò söze hem pikire bolan ynamyny gaçyrýandyklary bilen howpludyr. Ata-baba gelýän türkmeniò söze keramat, söze mukaddeslik, söze ar-namys hökmündäki ynanjyny we düºünjesini dikeltmek islesek, ýokarky howaýy akyl derdeserlerinden azat bolmalydyrys. Onuò alajy-da sözi we pikiri durmuº, amal sütünleriniò üstünde gurnamakdyr.

Goòºyò bilen gündelik gatnaºyklarda-da, aýratyn ähmiýetli halatlarda-da goòºuçylyk edebini berjaý et! Bu edebiò manysy goòºy hakyny üzmekden ybaratdyr. Goòºynyò sendäki edep hakynyò birinjisi, seniò öz goòºularyòy ýagºy tanamak bergiòdir, ýagny bilmek edebidir. Goòºy maºgalanyò hakydasyna dahylly bolmalydyr, olar kim, asly, bitiren we bitirýän asylly iºleri, il-gün üçin peýdaly taraplary, at-abraýy, döwlet-rysgal derejesi, guwanjy, buýsanjy, maºgala mertebesi — bularyò baryny bilmek, gadyrlamak edeplilikdendir.

Goòºyò bilen rysgalyò bir bolmaz, emma at-abraýyò birdir. Çünki, hataryòda, syrgynyòda oòºuksyzlyk bolsa, at-abraýyòa, abadançylyga ºikes ýeter. Abadançylyk agzybirlikdendir. Agzybire — Taòry biýr, agzybire — Taòry birdir.

* * *

Goòºa gatnaºygyòda Taòrynyò birligine bolan ynanjyò bildirilýändigine beýik pirimiz Mäne babanyò ömür edebinden bir hekaýat ºaýatlyk edýär. Mäne babanyò güzerany pes, eli ýuka bir garyp goòºusy bar eken. Pirimiz ºol goòºusyna öz döwletinden sadaka bermegi ýola goýupdyr. Günlerde bir gün ºol goòºusy piriò ýanyna baranda, Mäne babanyò howlusyndaky garynjalara däne sepip ýörendigini görüp, geò galypdyr. Onuò haýran galan soragly nazaryna pir ºeýle jogap beripdir:

— Bularam seniò ýaly maòa goòºudyrlar. Olara goòºy hakyny bermek meniò borjumdyr.

Türkmeniò goòºokara däbi iò gözel däplerimiziò biridir. Üýtgeºik tagam biºirilende, geò-enaýy naharlar edilende, goòºa dadyrmazlyk aýypdyr. Her bir biºirilýän naharda goòºyò paýy bardyr. Birinji çanak, adatça, goòºyò haky diýlip atlandyrylýar. Düýäniò ýa sygryò owuz süýdünden, bagyòdan alan ilkinji miweleriòden, täze tamdyrda biºirilen ilkinji çöregiòden goòºulara dadyrmak, paýlamak dessurdyr. Bu dessur berjaý edilende seniò rysgal-döwletiò artyp, zadyò bereketli bolar. Bereketiò, artyklygyò aòyrsynda goòºularyò saòa bolan mähremligi, razylygy, göwnühoºlugy ýatýandyr. Baýlyk ruhy mukaddeslikler gatylanda, çyndan rysgal-döwlete öwrülýändir. Seniò çytyklygyò, gysgançlygyò zadyò ºübhelidiginiò alamatydyr.

Ýat goòºyò bilen garyndaº, garyndaº goòºy bilen dogan bol! Özüò ýagºy bolsaò, seni älem arzuwlar. Seniò ýagºylygyò iliò diline goòºyòdan baryp ýetýändir. Goòºularyò bilen saz-söhbet edebini saklap, gatnaºgyn! Olar bilen alçak, mähriban bol! Telewizoryò ýok, radionyò gyt wagtynda uzyn gyº gijelerinde, salkyn tomus agºamlarynda goòºular bilen mesawy söhbet etmek oòat dessurlardandy. Dessan diòlenilýän, gyzykly hem pähimli rowaýatlar aýdylýan ºeýle gyº gijeleri, tomus agºamlary türkmen durmuºynyò iò ajaýyp görnüºleri bolup galdy. Olar biziò üçin edep mekdebidi. Ekabyr bolýançaò, eneò eteginde oturyp, Hydyr gören aýallaryò, ekabyr çykaòsoò, ataò ýanynda oturyp, Hydyr kimin ýaºulularyò gürrüòlerini diòlemek goòºuçylykda bolup geçipdi. Bu görnüºler tebigy, ýürege ýakyn hem türkmen durmuºynyò özi ýaly pessaý owazly pursatlardy. Men hut ºeýle agºamlarda salamyò nämedigini bilipdim. Taòry salamy diýmegiò manysy ºeýledir: Allatagala Adam atany ýaradyp, oòa jan girizenden soò, onuò gaºyna barypdyr. Aòk-taòk bolup oturan Adama Taòrynyò özi birinji bolup: «Essalawmaleýkim, Adam!» diýip, salam beripdir. ªonuò üçinem, türkmende Taòry salamy diýilýändir. Essalawmaleýkim — Adama hem onuò nesillerine Taòrynyò ak patasy, göwün arzuwy bolup ýaòlanypdyr. ªol sebäpli senem goòºyò bilen alçak, salamçyl bolgun! Kiçilerine guwanç, ýaºulularyna tagzym, gyz-gelinlerine sylag we hoºniýet bildirgin! Iº-aladadan boº wagtyò öýde ýeke özüò oturman, goòºyò öýüne süýji gürrüòdeºlige, söhbete barsaò, ömrüò lezzeti artar. Telewizor gowy zat, hemiºe möhüm habarlary, pähim-paýhasy paýlap dur. Emma seýregem bolsa, goòºara gürrüòlerem gowy zatdyr.

Goòºyò gybatyny etme! Il-günüò ýanynda goòºyò aýyp-kemçiligini peçan edip, ýetmezine we kynçylygyna heºelle kakyp ýörmek türkmene uslyp däldir. Düºünseò, beýtmek özüòi-de masgaralamakdyr. Oòarsaò, abraýyna dahylly, kämilligine täsirli bol! Onuò maºgala durmuºyndaky kynçylyklaryny, derdeserlerini ýeòmäge kömek etjek bol! Seniò eden gybatyò goòºyò gulagyna deger, onuòam senden göwni galar, arada sowuklyk döräp, belki-de, soòabaka duºmançylyga öwrülip gider. Goòºyò bilen duºman bolmak Hudaýyò ºu dünýädäki iò uly jezalarynyò biridir. Ylla dowzahda ýaºan ýaly bolarsyò.

Aýratyn ähmiýetli günlerde goòºyòdan hyzmatyòy gaýgyrmaly däldir. Goòºyò jaý salýan bolsa, toý tutýan bolsa, öýünde ýas bolsa, bilmediksirän bolup oturmak türkmeniò ýek ýigrenýän häsiýetidir. Emma toýa ýa ýasa görünmek bilen oòmak hem goòºy hakyny berjaý etdigiò däldir, ol bary-ýogy tanyºlyk hakyny ödedigiò bolar. Goòºyò toýunda ýa ýasynda dik durmalysyò. El kömegi, güýjüò ýetdiginden pul kömegi seniò boýnuòdadyr. Goòºular agzybir, sylaºykly bolanda, gelen gelne nika goòºynyò öýünde-de gyýylýandyr, çykarylýan gyzam goòºynyò, ylaýta-da, garyndaº goòºynyò öýünden çykarylýandyr. Myhmanlar goòºy öýlere paýlanyp, goòºyò toý ºatlygyna goºulyp, aladasynyò bir bölegini goòºular öz üstüne alýandyr. Ýas ýerinde merhumyò üçi geçýänçä, känbir nahar-ºor edilmez, ºonda goòºularda tagam taýýarlanylyp, ýas ýerine getirilip, merhuma degsin edilýändir. Goòºyò gyz-gelni öz uýalaryò ýalydyr, olaryò ar-namysy seniòem mertebäòdir.

* * *

Adam oglunyò göwün guºy dünýä seýran etmek isleýär, adam ogly näçe ýer-ýurdy gördügiçe, ºonça täze-täze ülkeleri görmek isleýär. Adam ogly ilki göwün guºuny uçuryp, soòra özi onuò yzyna düºýär. Adam ilki arzuwlaryny ýola ataryp, soòra arzuwlarynyò yzyndan ýollara rowana bolýar.

Gadym-gadym zamanlardan baºlap, biziò ýurdumyzdan kerwen ýollary dünýäniò çar tarapyna uzapdyr. Ýat ýurtlaryò harytlary getirilipdir, ýat ýurtlara haryt alnyp gidilipdir. Barylmadyk, görülmedik ýurtlar hakda ertekä berimsiz hekaýatlar döredilipdir.

Beýik Allatagala: «Men Rahmandyryn, garyndaºlygy men ýaratdym we oòa öz adymdan paý berdim. Kim garyndaºlaryna barýan bolsa, men hem ºonuòka barýaryn, kim garyndaºlary bilen gatnaºygyny kesse, men hem keserin» diýipdir.

Adam ogly garyndaºlary, goòºy-golamlary, göwündeº dost-ýarlary, meslekdeºleri, iºdeº ýoldaºlary bilen gatnaºýar. Ynsanperwer gatnaºyklar ýaºaýºyò gan damarlarydyr. Gowy adam durmuºda gowy adamlar bilen gatnaºýar, özünden has gowy adamlar bilen dost bolýar, ºeýlelikde, ýyllar geçdigisaýyn ol adamyò abraýy artyp, mertebesi göterilip, adamçylygy has gowulaºýar. Tersine, «Pis — pisi tapar» diýliºi ýaly, ýaramaz adamyò gözlegi özi ýaly, özünden has ýaramaz adam. Iki sany ýaramaz adamyò dostlugy bolsa ullakan obany bulap biler.

Bir zada dykgat ediò: Allatagalanyò yradasy bilen dünýä ýüz ýigrimi dört müò pygamber gelipdir. ªol pygamberleriò ählisi hem jahanda dostlugy, parahatlygy, abadançylygy, söýgini, ynsanperwerligi wagyz-nesihat edipdir. Emma durmuº üzül-kesil gowulaºyp gidiberenok.

Ýönekeý bir mysal: daýhan bir pel bulgar burçuny ekýär. Tötänlikde onuò bulgar burçly peliniò içinde ýekeje düýp gyzyl burç gögerýär. Biologlaryò tassyklamasyna görä, gyzyl burçuò tozanlary güýçli. Netijede, daýhanyò bir pel burçunyò ählisiniò tagamy gyzyl burç ýaly ajy bolýar.

Meýdanda otlap ýören sygyr uzyn gün saýlap-seçip otlaryò ýagºysyny, ýokumlysyny iýýär. Eger ol säwlik bilen bir penje ajy kekre iýäýse, onuò ähli süýdi kekre ýaly ajy bolýar.

Ynsanperwer gatnaºyk goòºulardan baºlanýar. Goòºy-golamy bilen gatnaºmaýan adamyò gowulygyna hiç kim kepil geçip bilmez.

Soltan Sanjar abywertli uly ulama, akyldar ºahyr Enwerini öz köºgüne iºe alýar. Oòa ºäheriò islän ýerinden jaý alyp berýärler. Enweri jaýyna göçüp barýar. Ol iki-üç gün goº-golamyny ýerleºdirip, durmuºyny ýola salýar hem duldegºir goòºusynyò bir häsiýetine geò galýar. Ol goòºusyny çaýa çagyryp:

— Goòºy, sen her gün iòrik garalanda iºiòden gelýän ekeniò. Howlyòa giren badyòa bir gygyrýarsyò, öýüòe giren badyòa ýene bir gygyrýarsyò, ikinji gata çykanyòda ýene bir gygyrýarsyò, munuò hikmeti nämedir? — diýip soraýar.

— Iºden aryp-ýadap gelip, howlyma giren badyma meni hokranyp, gazygynyò daºyndan aýlanyp duran bedew atym garºylaýar. Men beýik Allatagalanyò ºeýle ajaýyp bedew at bagyº edenine hoº bolup gygyrýaryn. Öýüme girenimde güler ýüzli aýalym meni gujak açyp, saçak ýazyp, rysgal-bereketi ýaýradyp garºy alýar, ikinji gezek men Allatagalanyò maòa ºeýle gözel wepaly ýary, rysgal-döwleti berenine hoº bolup gygyrýaryn. Jaýymyò ýokarky gatyna çykanymda bolsa körpeje ogullarym: «Kaka-da, kaka» bolºup, meniò gujagyma dolýarlar, men mynasyp perzentlerimiò bardygyna hoº bolup gygyrýaryn — diýipdir.

Enweri ýylgyryp:

— Onuò ýaly bolsa, dördünji ýola hem gygyrmagyòyz gerek, çünki, size örän gowy goòºy göçüp geldi — diýipdir.

Gatnaºyk açyldygysaýyn, dostluk, doganlyk açylýar. Gatnaºyk açyldygysaýyn gözýetim açylýar, rysgal-döwlet açylýar. Gadym zamanyò kerwenleri täze ülkeleri, ýurtlary açmak bilen bir hatarda halklaryò gözýetiminem, rysgal-döwletinem açypdyr. Gadym zamanyò jahankeºdeleri, galandarlary, derwüºleri, dünýä gezen diwanalary halklaryò gözýetimini giòeldip, dostluga, doganlyga ýol açypdyr.

SSSR-iò aòyýetini ýatlalyò: ol aòyýet daºary ýurtlaryò ählisine ºübhe-müòkürlik bilen seredýärdi, kapitalistik ýurtlary bolsa duºman hem nadan ýurtlar hasaplap, daºary ýurtlar bilen gatnaºmaýardy. Netijesini hem özüòiz gördüòiz. Dükanlar boºdy, puluòa almaga haryt ýokdy, haryt tapylsa, pul ýokdy.

Garaºsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz turuwbaºdan «Açyk gapylar» syýasatyny yglan edip, dünýäniò ähli döwletleri bilen hoºmeýilli, dostana gatnaºyklary ýöredýär. Biziò baº syýasatymyz — dostluk, doganlyk, özara bähbitli hyzmatdaºlyk!

Dogan-garyndaºlaryò, goòºy-golamlaryò, dost-ýarlaryò bilen dostana gatnaºyºymyz ýaly gatnaºmak isleýän gowy adamlar bilen gatnaºmakdan bähbit gelýär, zelel gelmeýär. Sebäbi biz durmuºda birek-birekden köp-köp zatlary öwrenýäris, öwredýäris, ºeýlelikde, biziò ýaºaýan durmuºymyz kämilleºýär.

Ata-babalarymyz ýöne ýere goòºy arada goòºokarany däp eden däldir.

Jümle-jahanyò, älemiò, ýyldyzlaryò dartylma kanuny esasynda saklanyp durºy ýaly, adamzat ýaºaýºy gatnaºyklaryò esasynda durandyr. Saçakly, sowgat-serpaýly myhman barsaò, saçakly, sowgat-serpaýly hem gaýdarsyò. Gülüp garºy alsaò, gülüp hem garºy alarlar.

* * *

Ir zaman, ýetginjek wagtlarym bir ýola bazara baranymda bolan ºu waka ºindizem ýadymda. Jygyllygyò mal saraýynda bir goja süýtli, göze gelüwli sygryny satjak bolýardy. Daºynda mähelle köpdi. Her kim bu tohum maly aljak.

— Ýaºuly, alty ýüz elli manat... Ber maly, bahasy ýetdi — diýip, alyjy halysalla ýalbarýardy. Ýaºuly sygryny bermedi. Yzýany baºga bir adam geldi, ol sygryny bazara çykaran gojany tanaýan eken. Salamlaºdylar, hal-ahwal soraºdylar, soòra ol:

— Bä, tohum maly bazara çykaraýan ekeniò-ow... Ene süýdünden halal, alty ýüz manadym bar, berseò-ä sygra eýe çykjak...

Goja sygry berdi. Alty ýüz ellä berilmän duran sygryò alty ýüze berlenine diòe men däl, tutuº mähelle haýran galdy. Ahyry bir kiºi:

— A-haw, ýaºuly, alty ýüz ellä bermedik sygryòy zyýana galyp, alty ýüze beräýdiò-le, munuò sebäbi nedir? — diýdi. Goja:

— Adamlar, bu janawar haýyrly mal boldy, üç-dört ýyl akly-gatykly edip, ýylyna bir göle berdi. Pul zerur bolup, satmaly boldum, ýogsa bazara çykarar ýaly mal däl bu... Onsoò elli manat bähbidimden galsam-da, tanaýan, halal adamyma berdim — diýdi...

Türkmen: «Keçäòi satsaòam goòºyòa sat, myhman baraòda bir burçunda ýene özüò oturarsyò» diýendir.

Türkmen: «Itiòi hem kesekä berenden goòºyòa bergin, seniòem öýüòi gorar» diýendir.

Türkmen mal edinjek bolsa, arzana çapmaz, gymmat hem bolsa, eli haýyrly, döwletli adamdan satyn alar.

Türkmen at edinjek bolsa-da, it edinjek bolsa-da, satýanyò ýedi puºduna ýetik bolmasa, aòsat-aòsat almaz!

Türkmen gelin edinjek bolanynda gyzyò ýedi arkasyny, dogan-garyndaºlaryny yzarlar: gana gatyljak gan niçik gan? — Anyklar!

Bir adam jaýyny satjak bolýarmyº. Alyjynyò biri:

— Pylany aga, munuò ýaly jaýlar, pylança berilýär, sen gaty gymmat bahalaýarsyò. Seniò aýdan bahaòa mundan has gowy jaý alyp bolýar ahyry — diýeninde, jaý satjak bolýan:

— Meniò goòºularym gowy adamlar, ºonuò üçinem men jaýyma gymmat baha kesýärin — diýipdir.

* * *

Ömür saparynda goòºyòa dogan bol!

Uzak ýerden, uzak ilden myhman gelende, goòºusynyò myhmanyny öýüne çagyrmak türkmeniò ynsansöýer däbi. ªeýtmek bilen sen kesekiniò ýanynda öz goòºyòa hormat-sylagyòy, onuò bilen agzybir, oòºukly ýaºaýºyòy görkezýärsiò. «Her gülüò bir ysy bar» diýliºi ýaly, myhman seniò öýüòe gelende, täze oòat zatlary özi üçin açýar. Ylaýta-da, goòºyò kakasy ýa ejesi, ýakyn ýaºulusy gelende, öýüòe myhman çagyrmak borçdur. ªeýtseò, olar öz ogullarynyò, gyzlarynyò sylaglylygyna guwanarlar. Saòa bolsa alkyº okarlar.

Goòºy arasynyò gatnaºyklary gözeldir, nepisdir hem-de inçedir. Olar seniò agramyòy takyk kesgitlejek, ölçejek gatnaºyklardyr. Goòºyò geregi çykanda, seniò öýüòe gelmän, aýagyny süýräp, uzak ýerlere gitse, özüòi doly bahaly türkmen hökmünde duýup bilermiò?! Tükenen wagty duz almak üçin, geregi çykanda ownuk-uºak esbapdyr gurallar üçin goòºyòka barmak türkmen adatydyr. ªonda rysgalyòa rysgal goºular. Döwletliden döwlet ýokar.

Çytyk ýüzüò bilen goòºyòy ynjytma!

Sowuk sözüò bilen goòºyòy ürküzme!

Gep-gybat bilen goòºyòy gozgama!

Uruº-dawa bilen goòºyòy göçürme!

Öz öýüòdenem bereket gider, çünki, gazanjy özüò edýänsiò, bereketiò il-günden gelýändir.

Adamyò ömri bäº sany adama baglylykda geçýändir. Olar — aýalyò, garyndaºyò, dostuò, iºdeºiò hem-de goòºyò. ªularyò içinde ömrüòe iò täsirlileri aýalyò, dostuò hem-de goòºyòdyr. ªonuò üçinem, goòºa aýratyn garamalysyò. Aýalyò duºmasa, ömrüò içiòden köýer, dostuò dönüklik etse, aýbyò açylyp, ryswa bolarsyò. Goòºyò bilen agzala bolsaò, ne içde, ne daºda rahatlyk taparsyò. ªonuò üçin size etjek nesihatym: goòºyòyz bilen agzybir, dogan ýaly bolup ýaºaò!
 


SÖZBAªYLAR / Doganlyk mukaddesligi / Goòºuçylyk dessury / Garyndaºlyk adaty


 

 

«Ýaprak» žurnaly döwlete degiºli däldir we ähli toparlardan, guramalardan, partiýalardan we birleºiklerden garaºsyzdyr.
«Ýapragyò» buýsanýany türkmen halkynyò medeniýeti, sungaty we edebiýaty barada garaºsyz
alyp barýanlygydyr.
 

© Ýaprak