DOGANLYK MUKADDESLIGI
Eziz türkmenim!
Ýaradanyò bu owadan dünýäsinde adam
bagtyny amal edýän zatlaryò biri doganly bolmakdyr.
Doganlar bir baldakdan ösüp çykan pudaklardyr. Iki sany
pudagyò üzòelikde ýaºap bilmeýºi ýaly, doganlyk adamy
kökerip goýan üzülmez baglanyºyklaryò iò berkidir. Çünki,
bu baglanyºyk aòyrdan — biziò enemiz bolan tebigatdandyr.
Doganlygyò özge baglanyºyklardan hemiºe rüstemligi-de
ºondandyr. Bir pudagyò diòe ýolunandan soò, beýlekiden
aýra düºüºi ýaly, dogandan diòe ölüm aýra salyp biler.
Aýrylanlygy üçinem biz türkmenlerde adam ýogalsa, «Pylany
aýryldy» diýilýändir. Çünki ajal bir pudagy
beýlekilerinden aýyrýar.
ªat günüòde, bagtly günüòde hemmeler
daºyòdadyr, emma gamly günüò ilki doganyò ýanyòa geler.
Çünki synanyò bir ýeri syzlasa, onuò agyrysy
beýlekilere-de deò ýaýraýandyr. Bir synaò näsaglap,
beýlekileriò sagdynlygyny görmek çetindir.
Damar baglanyºygy, gan birligi
doganlygy ýaºaýyº jähetinden täsin zada öwürýär. Men,
umuman, adam gatnaºyklarynda hemiºe bir geò-täsin
kanunalaýyklyga üns berip gelýärin: iki kiºi biri-birine
golaýlaºanlarynda, olaryò daºlaºasy, biri-birinden daºda
bolsalar, ýakynlaºaslary gelýär. Bu, elbetde, adam
«meniniò» ikileýin tebigat bilen baglanyºyklylygydyr.
ªahsyýet käte ýeke galyp, özgelerden dynç almak, käte-de
özgelere goºulyºyp, özünden dynç almak isleýär. ªu hakykat
dogan babatynda hasam özboluºly ýüze çykýar. Biziò
ömrümiziò ilkinji, özem, megerem, iò bagtly döwri —
çagalyk we ýetginjeklik döwri maºgalada — doganlaryò
arasynda, doganlaryò ýanynda geçýär. Gawunlaryò
biri-birinden reòk alºy ýaly, gan-tohum bitewüliginiò
üstesine ºol döwürde doganlaryò endikleri-de,
hüý-häsiýetidir edim-gylymlary-da meòzeºleºýär. Bu
birtaraplaýyn hereket — meòzeºleºmek uzagyndan doganlaryò
biri-birinden berçikmegi ýaly bir zada getirip biler. Ine,
biz türkmenlerde «basdaº dogan» diýen bir jümle bar.
Biri-biriniò yzyndan dogan, ara çaga düºmedik bir jynsdan
bolan doganlara basdaºlar diýilýär. Olar sözüò beýleki
umumy manysynda-da biri-birine basdaº, ýagny bäsdeº bolup
ulalýarlar. Basdaºlyk gylygy biri-birinden kem galmazlyk
islegini döredýär. Gany bitewi doganlar ruhy jähetde
biri-birinden tapawutlanmaga — daºlaºmaga çalyºýarlar. Bu
bir wagtlaýyn bolýan tebigy-psihologik halatdyr. Emma
doganyòdan daºlaºma!
* * *
Doganyò dost bolsun, dostuò dogan!
Dogan seniò bir bölegiòdir, dost ruhuò
bir bölegidir. Hakyky doganlyk ºu iki tarapyò birleºýän
halatydyr, doganyò bilen ýürekdeº, kalpdaº bolsaò, ol diòe
bir teniò-ganyò däl, eýsem, ruhuòam bir bölegine öwrüler.
Türkmen doganyny ar-namysy yzlaºýan,
ner-bugra dek dyzlaºýan, garºydaº bilen gala-gala
sözleºýän hatardaº hasaplaýandyr.
Doganyòy dost, ýakynyòy dogan, ýadyòy
ýakyn et!
On doganyò bolsa, onusyny-da iki dogup,
bir galaò ýaly görgün!
Bir dogran biler, birem — dogan
diýlenidir!
«Sygryò ºahyna ursaò, dagdaky sugunyò
sahy syzlar» diýleni dogan hakyndadyr. Çünki dogan bilen
dogany damar baglanyºdyrýandyr.
Türkmende doganlyk edebiniò ºertleri
kagyza ýazylmadyk, emma ýüreklere ýazylan kanunlar
hökmünde görlüpdir.
Aga-ini edebiniò ºertleri ºulardyr:
Her iº bolsun, aga baº bolsun!
Ini agadan ata-enä hormat goýmagy,
arzylamagy öwrenýändir. Ata ýogalsa, aga ata ornunda
galýandyr. Aga agalyk edýändir, ini ilçilik edýändir.
Türkmeniò bu düzgüni atamyz Oguz handan galan ýaºaýyº
kanunydyr. Oguz han Türkmen üç uly ogluna ýaý, üç kiçi
ogluna bolsa ok beripdir. ªondan soò ol kiçiler ulularyò
ilçisi bolsun diýipdir. Ok, ýaý nirä atsa, ºol tarapa-da
gitmelidir. Ilçiniò borjy bolsa, ulular bilen il
bolmakdyr. Il bolmagyò manysy ulynyò diýeni bilen bolmak,
ulynyò görkezmelerini berjaý etmek, ula gulak asmak
diýmekdir. Ilçi aganyò erkine tabyn bolup, onuò erkini we
aýdanyny ýöretmelidir.
Maºgalada we jemgyýetde aga inisine
görelde bolýandyr. Aga inä garaw, ini aga ýaraw bolar. Aga
ininiò daºynyò galasydyr, ini agasynyò haýyr iºleriniò
alajydyr.
Aga barka, märekede ilki ini
sözlemesin, aga märekede inisiniò kemini çözlemesin.
Çaga ilki nahara elini uzadar, aga ile
ýaýman, ininiò aýbyny düzeder.
Çaga ilki ata-enesinden öwrenen sözleri
bilen gürlär, biraz ekabyr çykansoò, agasyndan öwrenen
sözleri bilen gürlär. Ini agasynyò keºbindäki, hüýündäki,
endigindäki, bolºundaky ýigit bolup ýetiºer.
Ini agasynyò boýuna çenli ösmäni arzuw
edip ulalar. Oòa deòleºip bilse, çagalykdan saýlanyp,
arzyly ululyga ýetdim hasaplar.
Dünýäò ähli ýerlerinde çaganyò ýedi
ýaºynda okuwa baºlamagynyò sebäbi Allatagalanyò ºu ýaºda
çaga akyl berýänligindendir. Ýedi ýaºa çenli çagaò
beýnisine juda bir agram berilmese sagdyn öser, öwredilýän
zatlary çalt we ýeòil özleºdirer. Çaganyò ýedi-sekiz ýaºda
bütin ömrüne ykbalyny kesgitlejek gylyk-häsiýet
edinýändigini, ºonuò üçin ata-enelere çagalarynyò asylly
ahlak gylyk-häsiýetleri edinmegine ýardamçy
bolmalydyklaryny, terbiýe bermegi yhlas-iº edinmeklerini
sargyt etmek isleýärin. Çaganyò kalbynda on dört-on bäº
ýaºda yºka gapynyò açylýandygyny, bu ýaºda çaganyò
edim-gylymlarynyò durnuklaºýandygyny, üstüniò
ýetirilýändigini, ýakyn syrdaºlary bolmaklarynyò
zerurdygyny, bu ýaºda çagalaryò öz bagtlaryna, ömürlerine
binýat alýandyklaryny, bu ýaºda çagalaryò soòuna doly akyl
ýetirmezden, köplenç halatlarda, her hili ýaramaz
endiklere, aýratyn hem keýpi-sapalara ýykgyn etjek
bolýandyklaryny, bu ýaramazlyklardan ata-enäniò çagasyny
günübirin saklamalydyklaryny, öòüni almalydyklaryny we
dogry ýola atarmalydyklaryny ýatlatmak isleýärin.
Ýaºlykda dogan bilen doganyò arasynda
dawa-jenjel bolman bolmaz. Bolaýan ýagdaýda ata-ene
jogaby, ilkinji nobatda, uly oglundan — agadan
soramalydyr. Sebäbi doganlaryò arasyndaky ýagdaýy, bolup
geçen we geçýän zatlary aga doly hem dogry bilýär.
Çagalaryò terbiýesinde köp babatda agadan hasabat
soralmagy onuò jogapkärçiligini artdyrýar. Onsoò ol özüne
ynanylan wezipäni ödemäge çalyºýar, jigilerini
tertip-düzgüne, asyllylyga çagyrýar.
Ata-enäniò çagalaryny terbiýelemekdäki
esasy aladasy olaryò bidüzgünçilikleriniò wagtlaýyn öòüni
almak däl-de, ºeýle ýagdaýlaryò gaýtalanmazlygynyò öòüni
almakdyr. Terbiýäniò esasy maksady çagada öz-özüne
erk-gözegçilik etmek endigini terbiýelemekden ybaratdyr.
Çaga bitertiplik etmeli däldiginiò düºündirilmegi, çaganyò
muòa akyl ýetirmegi meseläniò oòyn çözgüdine ýardam eder.
Akylly-baºly maslahat berlen, ºeýle hem eden hatasy
boýnuna goýlan çaga geljekde betlik etmezlige çalyºýar.
Çagalar öz aralarynda ýüze çykýan
dawalarda hemiºe ululardan delalata, adalata garaºýarlar,
ulularyò özüni mamla hasaplamaklaryny isleýärler. Ulular
çagalaryò arasyndaky oòºuksyzlyga çäre tapmaga
çalyºsalar-da, käte çaganyò nähak hereketlerini
düºündirmegi unudýarlar, geleòsizlik edýärler. Ata-ene
çaga terbiýesinde ownuk zadyò, ikinji derejeli zadyò
ýokdugyny unutmaly däldir, çaga näçe mähir köp siòdirilse,
ºol çaga sagdyn hem-de akylly bolar. Çaga siòdiren
mähriòiz, yhlasyòyz size bagt bolup dolanar.
* * *
Türkmende doganlar ºol bir eºigi geýip
ulalýandyrlar. Bu ýeter-ýetmezlikden däl, munuò manysy
dogany dogana mähriban etmekden ybaratdyr. Mähriò bir
ýüpüne daòylan doganlar hakyky doganlar bolup ýetiºer.
ªonda ini: «Agam bar — ne gamym bar?!», aga-da: «Inim bar
— ilim bar!» diýer.
Ini ulularyò dünýäsine ata-enesiniò
görkezen ýoly bilen agasynyò yzyna düºüp barýar. Ini
agasyndan çemçe tutmagy, kitap açmagy, galam tutmagy, dost
tutunmagy, ýakyn-ýatlar bilen gatnaºyk açmagy öwrener.
Çaga ata-enesiniò öwüdi, agasynyò göreldesi bilen ulalar.
Ini mekdebe agasynyò gatnan ýollary
bilen barar. Ini agasynyò egninden çykan eºikleri geýip,
onuò geçen menzilini özi bolup gaýtadan geçer.
Dost bile dostuò ýüregi, dogan bilen
doganyò bagty dartyºar. Çünki ýürek göwnüò, bagyr bolsa
ganyò menzilidir.
Doganlyk edebiniò baºy agzybirlikdir.
Agzybirlikde aganyò agzy bilen
gürlenilýändir. On dogan bolsa, on kelle bolup pikir
ediler, emma netijesinde aganyò agzy bilen gürleniler.
Aga bolsaò, agalyk edebini berjaý et!
Ulularyò ýardamçysy, kiçileriò armaçysy
bol!
Kiçilere naharlanmak, salamlaºmak,
sözleºmek, iºlemek, okamak, dynç almak edebiniò
göreldesini görkez! Ula geòeº, kiçiniò pikirini bil!
Ula — ini, kiçä — aga bol!
Çagalaryò ýanynda dana, danalaryò
ýanynda ini bol!
Uly durka — oturma, uly otyrka — ýatma!
Salamlaºmak edebiniò ºertleri:
ula salamy ilki ber, kiçä eliòi uzadyp,
salamlaº! Oturan ýeriòden däl, aýak üstüne galyp,
salamlaº! Salamdan soò, uly saglyk-amanlyk soraºýandyr.
Gürrüò gutarandan soò, sagbollaºman
gidibermek edepsizlikdir.
Nahara uly baºlar, ilki çörekden döwüp,
soò kiçilere geçirer. Töwir galdyrman, nahardan turulýan
däldir. Rysgal-bereket gider. Nahar baºynda köp gürlemejek
bol, ylaýta-da ululardan köp gürleme.
Iºe, söze ilki uly baºlar.
Ini agadan okuw okamak göreldesini
alar. Agasy okamaýan çaga-da okamazlyga endik eder.
Aga iºiò kynyny özi eder, ýüküò agyryny
öz gerdenine alar, howpy ilki özi garºylar. Inisini aýar,
çünki iniler neberäniò geljegidir.
Doganyò adyny tutman, ula «agam»,
«bibim», kiçä «inim», «uýam» diýip ýüzlenmek
türkmençilikdendir. Çünki ºonda biz hasam
türkmenleºýändiris, ýüreklerimiz ýumºap, mähir deòzi joº
urýandyr.
Ini bolsaò, inilik edebini berjaý et!
Sözde, naharda, mirasda, alyºda,
paýlanyºda nobatyòa garaº! Inilik hakyòa kaýyl bol!
Bibileriòi hem uýalaryòy ýaman dilden,
ýaman gözden gorap gez!
Naçaryò gara baºy ölinçä agasynyòkydyr!
Ýigit ölse, aýalynyò ýüregi daglanar,
uýasynyò bagry paralanar!
* * *
Aýalyò — kalbyò, uýaò — süòòüò
dowamydyr.
Ýat maºgala düºen uýasyny unudanyò
ýüregi daºdandyr.
Doganyna dogan bolmadyk ýada dost bolup
bilmez.
Naçaryò ýüreginde doganyò orny
baºgadyr.
Dogan didary bagtly, gamsyz çagalygyò
didarydyr.
Ol ºo hezil döwre gaýdyp barmak üçin
hakyda gapylaryny açýar. Sen iò asyl çagyòa gaýdyp
barýarsyò. Unudylany ýada salýarsyò, öteni gaýdyp
alýarsyò. ªeýdip, argyn kalbyò çagalyk demi, çagalyk
hakydasy bilen argynlykdan dynç alýar, durmuºyò
ºertliliklerinden azat bolýar.
Naçar uýadan hoº sözüòi, gol ýardamyòy
gysganma!
Uýaò eneòden soòky mähribanyòdyr.
Öz gyzyòda aýal doganyò gaýtalanýanyny
duýduòmy?!
Uýaò eneòden soòky duºýan
ar-namysyòdyr.
Bihepbe giýew sowulmaz töhmete meòzär.
Uýaò öòünde ýazykly ýaly bolarsyò. Öz halanydyr, öz
saýlanydyr, emma giýew bihepbe çykanda, onuò derdeseriniò
baryny uýaò baºyna atasyò gelmez. Uýaòy ºowsuzlykda ýeke
goýma. Uýa bagtly bolsa, bagtyny dogany bilen paýlaºar,
uýa betbagt bolsa, diòe doganyndan garaw islär.
Dogan bihepbe bolsa-da, kesip aýryp
bilmersiò. Ol seniò bir ºahaò ahyryn. Onuò ýagºysyny
ýaýyp, ýamanyny ýaºyrmak doganlyk edebindendir.
Adam ölýänçä, türkmen maºgalasynyò baºy
bozulýan däldir. Aga ata ornunda, bibi ene ornunda
oturanda, hemme zat öòküsi ýaly ýerbe-ýer bolýar. Munuò
özi türkmen maºgalasynda mähir ojagynyò saklanmak
kanunynyò bozulmazdygyna ºaýatlyk edýär. Aga — arkaò gara
dagy, bibi — öýüò söýesidir. Dag — ýykylmazdyr, öý —
ýumrulmazdyr.
Dogan doganyò aýnasydyr. Dogan doganyò
arkadaýanjydyr. Onuò gözlerine bakyp, öz gözleriòi
görersiò, sesini eºidip, öz sesiòi tanarsyò, gapdalyndan
bolºuna syn edip, öz hereketleriòe gözüò düºer. ªonda
özüòiò bir däl-de, birnäçedigiòe düºünersiò.
Dogan — ilkinji watandaºyòdyr. Onuò
bilen bir rehemde ýatansyò.
Dogan — ikinji watandaºyòdyr. Onuò
oturan gujagynda oturansyò.
Üçünji watandaºyò-da doganyòdyr. Sen
onuò baºyny sypan ene aýasynda ulalansyò.
Adamyò bäº hili dogany bardyr:
Süýtdeº dogan.
Doganoglan.
Dolanan.
Öweý dogan.
Kyýamatlyk dogan.
Bir atadan, bir eneden bolan dogan —
süýtdeº dogan, bir arka aòry dogan — doganoglan, iki arka
aòry dogan — dolanan, enesi aýry dogan — öweý dogan, ýegre
dostluk: ruhy dogan kyýamatlyk dogandyr. Dogan okaºyp, gan
gatylyp, kyýamatlyk dogan bolunýar. Emma bu türkmende juda
seýrekdir, ol adatdan daºary zady talap edýär, onuò
jogapkärçiligi juda uludyr. Ol hakyky bolanda, gan taýdan
dogan däl adamlar o dünýäde dogan hasabynda görüljekdir.
Adatça, diòe ýeke-ýalòyz ýigitler biri-biri bilen
kyýamatlyk dogan okaºýarlar. ªeýdip, türkmen käte
tebigatyò mähir ýetmeziniò öwezini dolýar.
* * *
Adamyò bir ömri, birnäçe-de ýaºy
bolýar.
Öz ýaºy.
Kakalyk ýaºy, ejelik ýaºy.
Atalyk ýaºy, babalyk, mamalyk ýaºy.
Daýylyk ýaºy.
Agalyk, bibilik ýaºy.
Dünýä inip, adam öz ýaºyny ýaºap
baºlaýar. Jigisi bolanda, ikinji ýaºyny — agalyk, bibilik
ýaºyny, perzendi bolanda, üçünji — kakalyk, ejelik ýaºyny,
agtygy bolanda, dördünji — atalyk, babalyk, mamalyk
ýaºyny, ýegeni bolanda bolsa daýylyk, daýzalyk ýaºyny
ýaºap baºlaýar. ªonuò üçinem, ata-eneler hemiºe öz
perzentleri bilen ýaºytdaºdyrlar. Çünki ºondan öòki
ömründe olar entek ata-ene däldiler ahyryn.
Saòa agalyk bagtyny beren iniòe, saòa
daýylyk bagtyny beren ýegeniòe mähriban bol!
Türkmeniò doganlyk edebi gözeldir.
Çünki oòa agraslyk, haýalylyk hem-de göwnejaýlyk
mahsusdyr. Aýal dogan bilen ýürekdeº, içgin, emma agras
gatnaºykda bolunýandyr. Zenanlar erkek doganynyò ýanynda
ýüzi-de, ýüregi-de açyk, emma özüni utanç-haýaly alyp
barýandyrlar. Diòe erkek dogan bilen ikiçäk oturmak
göwnejaýlykdyr.
Türkmende zenanlar diòe ýakyn erkek
garyndaºlary bilen elleºip görüºýändirler.
Türkmende ýigit agraslygy, gyz
alçaklygy oòat görülýändir. Ýigit suwjuklygy gyz
ýeòlesligindenem ýaramaz görülýär. Gyz haýasy agraslyk
bilen alçaklygyò utgaºygydyr.
Türkmende dogansyz, ýeke ýigit diòe
ömürde däl, eýsem, ölümde-de kemsidilen hasap edilýär.
Çünki uýanyò gerekligi ölen günüò hasam ýiti bildirýär:
ýigidiò agysyny aglamaga, bagryny paralamaga, ölüm
derdiniò beren ajysyny dünýä ýaýmaga naçar dogan gerekdir.
Hiç kim uýaòça aglap bilmez.
Aglap bilmedik agylaryny aglamaga naçar
gerekdir ýigide!
«Dostuò bolmasa, günä Hudaýda däl,
doganyò bolmasa, günä özüòde däl». Emma doganyòy dost edip
bilmeseò, günä sendedir. Doganyòy dost etmek iki esselik
bagtdyr.
Dogan — doganlyk edebini tutanyòda dost
bolýandyr. Ner-bugra dek doganyò, edepli, ekramly,
mylaýymzada uýaò ömrüò jähetlerini artdyrar.
Jigiòi çagaka hüwdüleýºiò ýaly,
ulalaòdan soòam apala!
Uýaò maºgala gurandan soòam, öz atasy
ojagyna ýat däl, öòki mähribanyò bolup gelip duraryny
isleseò, oòa ýüregiòden orun ber!
Dogan dogandyr, ol islege berilýän
däldir. Onuò isleýºindäki dogany bolup bilseò, olam seni
islegiòdäki, hyýalyòdaky arzyly mähribany hökmünde görer.
Eziz oglum, mähriban gyzym!
Türkmen türkmene dogandyr!
Birek-birege mydama mähriban boluò, dogan boluò! Ana,
ºonda müºgiliòiz asan bolar, iºiòiz hem bagtyòyz ºow alar!