Biz üç dogandyk — bir syna ýalydyk.
Ruhumyz belentdi.
Çünki, bizi ezizleýän, biziò üçin
kökenek gerýän mähriban ejemiz bardy.
Ejemiz — arkadagymyzdy, medetkärimizdi,
mähribanymyzdy, kakam hakda kän-kän gürrüòleri bilýän
egsilmez hazynamyzdy.
Günümiz agyr geçýän-de bolsa, ruhumyzda
galkynyº bardy. Biz günümize kaýyldyk.
Gujagynda oturdyp, baºymyzy sypap,
jedirdimize buýsanjak ejemiz ala daòdan iºe gidip, garaòky
gatlyºanda hem iºden gelýärdi. Her kim özi üçin, fronta
giden üçin iºlemeli bolýardy. ªygar ºeýledi. Iki adamlyk
iºlemek dilde aòsat. Biziò ejemiz bolsa, üç adamlyk
iºlemeli bolýardy, sebäbi onuò üç sany gözmonjugy ýaly
çagasy bardy... Üç çaga!.. Üç çagany ekläýmek gaýratly
kaka bilen ejä hem o zamanlar aòsat-aòsat baºartmaýardy.
Uruº ýyllaryny gözi bilen gören adamlar bilýändir, obadan
gelip, çagasyny ºäherde azaºdyryp, çagasyny internada
aldyrjak bolýan adamlar az däldi. Näme, olar çagasyny
söýýän dälmidir? Söýýändir, onda-da neneòsi söýýändir!
Ýöne iýdirmäge-geýdirmäge zady bolmasa neýlesin?! Uruº
döwründe çagasyny açlykdan öldüren bir däl, iki däl, üç
däl, köp ahyry!..
Eje!
Men her gezek öz ýanymdan ejemiò adyny
tutanymda ýa ýadyma salamda kalbyma, bütin dünýäme nur
çaýylyp, mähir ºuglasy owsunyp gidýär! Eger bu goja
Zeminiò üstünde bir gudrat bar bolsa, ol gudrat — ejedir!
Türkmen ejäni arzylap, Ene diýýär!
Men size ºu ýerde ene gudraty barada öz
baºymdan geçen bir wakany gürrüò bereýin. Ýer
titremesinden soò, ýetim galyp, Gypjakda babamlarda ýaºap
ýören döwrüm bir gudrat gördüm. Bir gyº güni öýdäki
bäº-alty dowarymyzy bakmaga äkitdim. Wah, men tizara gar
ýagjagyny, syrgyn geljegini bilip durdum. Ýöne daýzamyò
iòirdisine galmazlyk üçin göwnemesem-de äkitdim. Çak
ediºim ýaly, köp wagt geçmänkä howa sargylt keºbe girip,
gar torgaýlap ugrady. ªeýle bir ýagdy welin, sähel salymda
ileri-gaýra tanalmaz ýaly boldy. Çar ýan ak gara bürendi.
Hernä, Hudaý diýen ýerim bar eken, hernäçe kösensem-de,
soòundan obanyò bir çetinden girdim, mallary agyla saldym.
Daýzam garyò ýagmasyny menden görýän ýalydy, ol dowarlary
sanap: «Biri kem» diýdi. «Derrew tapyp gel! Ýogsam öýe
gelme!» diýip, daýzam gaharlandy. Wah, dowarlar aslynda
tükelem eken-le, ýöne goýunlaryò biri agylyò garaòky
çüòküne baryp durupdyr. Daýzam bolsa, dowarlary sananda
garaòkyda durany görmändir, menem görmändirin. Men bir
goýnuò nirede aýrylyp galandygy, ony nireden agtaramda
tapjakdygym hakda oýlanýan.
Daºarda gar syrap dur. Meniòem aýagym
ýalaòaç, egnimde-de sowukdan gorap biljek galyò eºik ýok.
Herhal, aýakýalaò, egni ýuka bolsam-da, gözlege çykdym.
Teý, tapamok.
Öýe dolandym. Daýzam ýiten toklyny
tapmasam, içeri goýbermejekdigini gaty açyk aýtdy. Mende
daºarda aýazly gijäni geçirmekden baºga alaç galmady.
Men näme-näme bolandygyny doly bilemok,
gözümi açsam, gapdalymda Ata kol maòa seredip ýylgyrjaklap
otyr. Ata kol oba lukmany, «ukol» sözüni «kol» diýip
aýdýandygy, özem bu sözi köp gaýtalaýandygy üçin oba
adamlary onuò adynyò yzyna «kol» sözüni ýelmäpdiler.
— Goç ýigit, özüòe geldiòmi? — diýip,
Ata kol maòa habar gatdy.
— Salawmaleýkim, Ata aga!
— Waleýkimessalam. Berekella, agyr
kesel bolsaòam, Taòry salamyny unudaòog-ow. Beg nesli-dä!
— Ata aga, men nirede?
— Sen ýat ýerde däl. Arkaýyn ýat, öz
öýüòdir bu. Tüweleme, koluò güýjüni gördüòmi? Men seni
bary-ýogy ikije gezek kol etdim. Gör, eýýäm özüòe gelip
ugradyò. Häzir bir käse çaý içeòsoòam, bir kol ederin
welin, hakyt gulanalma bolýaò onsoò.
Dogrudanam, meniò ýagdaýym gowulaºyp
ugrady. Ýöne aýagym özümki däl ýalydy. Ata aga aýagyma
gary ºeýle bir sürtýärdi welin, aýagym sowukdan ýaòa
gyp-gyzyl bolupdyr.
— Biraz çyda, ýogsam, bütin ömrüòe
aýagyò azar bermegi mümkin, aýagyòy birazajyk sowuk
dalapdyr.
Men ýat içerde ýatyºyma penjireden
daºaryk seretdim. Entek daò doly atmandyr.
— Ata aga, siz meni nädip tapdyòyz? —
diýip, men ýene gyzyklandym.
— Wah, men süýji ukuda ýatyrdym, ýöne:
«Oglum, näsaglady, kömek et, halas et!» diýip, ejeò
Gurbansoltan gije gapymy kakyp, ýatyrmady.
— O nähili ejem gapyòyzy kakdy? —
diýip, men ör-gökden geldim.
— Nämä geò galan bolýaò? Bu ýerde näme
bar geòlär ýaly? Gurbansoltan ýarygije öýe geldi: «Ata,
oglum, garyò aºagynda galdy, sen kömek et!» diýdi. Meniò
öòüme düºübem seniò ýanyòa eltdi. Sen hiç zady bilmän,
üstüòi gara basdyryp ýatyr ekeniò. Ejeò seniò özüòi bilmän
ýatyºyòy görüp, ºeýle bir gözýaº döküp aglaýar, ºeýle bir
aglaýar. Men oòa: «Soltan, aglamasana, ynha, häzir ogluòa
bir kol ederin welin, derrew sagalar ötägider» diýsemem,
hiç özüni ele alyp bilenok.
Ata koluò gürrüòleri meni haýran
galdyrdy. Belki, Ata kol ýalan sözleýändir, belki, maòa
göwünlik bermek üçin ýalan sözleýändir? Aý, ýok, Ata koluò
gara çyny. Ýöne meniò ejem ýok ahyryn! Ejem jan Aºgabat
ýer titremesinde ýogaldy ahyryn. Bu hakda Ata kol bilýän
bolmaly. Onda ol näme üçin beýle gürrüòler edýär?!
— Hany, ejem?! — diýip, men ynamsyz
soradym.
— Ejeò ýaòyja-da bardy — diýip, Ata kol
töweregine garanjaklady. — O görgüli: «Oglumy halas et!»
diýip, ýöne elewräp dur. Seniò bäri bakanyòy görensoò,
biraz rahatlandy, ýogsam, ýöne gözýaº döküp, ýalbaryp otyr
ol. Ýogsa-da, nirä gitdi ol? Gurbansoltan! Aý,
Gurbansoltan!
Ejemiò adynyò tutulmagy ýüregimi
elendirdi. Durkum bilen göze öwrülip, gapa mukyt seredip
durun. Gapy açylyp, ejem içeri giräýermikän?
Ata kol goòºy otaga seretdi, daº çykyp
seretdi. Hiç ýerde ejem ýok.
Birden Ata koluò ýüzi üýtgäp ugrady.
Ol, megerem, ejemiò ýer titremede ýogalandygyny ýatlan
bolsun gerek. Onuò ýüzi duw ak boldy. Ol galpyldap dur.
Titir-titir edýär.
Soò görüp otursam, ýalòyz galan
perzendiniò ýagdaýynyò agyrdygyny bilip, ejem janyò ruhy
aýaga galypdyr. Ejemiò ruhy daòdanlar oba lukmany Ata
agany aýaga galdyrypdyr, ºeýdibem meni ölümden halas
edipdir.
Ejem jan o dünýäde-de oglum diýip rahat
ýatyp bilenok.
Soò-soòlar Ata kol bu ahwalaty
oturan-turan ýerinde gürrüò berdi ýördi.
Eýsem, muny gudrat diýmän, baºgaça
nähili atlandyrjak?
Meniò ejemiò elem süýjüdi, nahar
edeninde iýip doýup bolmazdy!
Meniò ejemiò dilem süýjüdi, baºymy
sypalap, ezizlän çagy men guº bolup asmana uçýardym,
ejemiò mährinden, söýgüden püre-pürlenýärdim!
Meniò ejem durºuna mähri-mylakatdy,
ýüzüne seredeniòde açlygyòam, horlugyòam, kyn günüòem
unudanyòy duýman galýardyò.
Göwnüme bolmasa, urºuò açlyk ýyllary
meni, doganlarymy ejem mähir-muhabbeti bilen doýrup, mähri
bilen açlykdan-gallaçlykdan alyp çykan ýalydy. Men çagalyk
ýyllarymda erbet üºänimi hem ýadyma salyp bilmeýärin,
ýogsam, uruº ýyllary gyº hem gaty elhenç gelipdi. Diýmek,
ejem bizi söýgüsi, mähri, aladasy bilen sowukdan alyp
çykan bolmaly!
Agyr zamananyò hem ýeòil günleri
bolýar.
Pajygaly zamananyò hem eziz günleri
bolýar.
Ajy ýyllaryòam süýji günleri bolýar.
ªol pajygaly zamanada näme süýji gün
bolan bolsa — ol günler kakamyzy ýatlap, kakamyzyò uruºdan
geleninde garºy almagy hyýalymyzda janlandyran
günlerimizdi. Biziò bolsa kakamyzy ýatlamaýan, kakamyza
garaºmaýan, kakamyzy düýºümizde görmeýän wagtymyz ýokdy.
Diýmek, biz hemiºe biygtyýar ýaºapdyrys.
Biziò dag ýaly kakamyz bardy! Ol goly
awtomatly, gapdaly granatly duºmana hüjüm edýärdi, mert
durup, duºmanlary atýardy. Kakamyz geldigi jahan ýaza
çykyp, adamlaryò ini ýazylyp, durmuº gadymy akabasyna
düºäýmelidi! Kakamyz bolsa, ynha, uruº gutardygy
geläýmelidi! Uruº hem gutarmalydy! Heý, meniò ýolbars ýaly
kakam duºman bilen söweºer-de, duºman ýeòilmezmi! Ýeòler!
Duºman ýeòilse-de, hökman kakam geler!
Nyýazmyrat bilen men mekdepde
okaýardym. Muhammetmyrat bolsa çagalar bagyna gatnaýardy.
Nyýazmyrat bilen mekdepden çykyp,
Muhammetmyrady çagalar bagyndan alyp, öýe dolanardyk.
Her gün ºeýledi.
Eziz ýaºlar!
Ejeleriòizi depäòize täç ediò! Siziò
ömrüòize bagt nurun çaýýan ejeòizdir, kakaòyzdyr.
Durmuºyò tagamy — ata-enä goýýan
hormatyòdadyr!
Bu gözel dünýä ata-eneòden alan
aýaklaryò bilen seýran edýänsiò, bu gözel dünýäni
ata-eneòden alan ýüregiò bilen söýýänsiò, eýsem, ºu
dünýäniò özüni saòa beren, seni-de ºu dünýä beren ataò
bilen eneò ahyryn!
Emma ata-enäniò gymmaty seni dünýä
getirmek bilen gutarmaýar, olar hemiºe seniò bilendir,
olar hemiºe seniòkidir, sen dünýä geleniòden soò, olar bir
özleri üçin däl, seniò üçin hem ýaºaýandyrlar, seniò dünýä
geleniòden soò, olar diòe özleri bolup däl, sen bolubam
ýaºaýandyrlar.
Alaòda, ataò bilen eneòden alýarsyò,
emma bereòde perzendiòe berýärsiò. Bergi edeniòde birinden
alyp, bereniòde bolsa, baºga-baºgasyna berýärsiò.
Perzendiòe bolan söýgiò ýaryny ata-eneòe berseò,
perzendiòe edýän yhlasyò ýaryny ata-eneòe bagyº etseò,
perzendiò üçin edýän aladaòyò ýaryny ata-eneòe siòdirseò,
nähili bagtly borduò, eý, Adam ogly!
Adam ogly dil çykaranda, ilkinji aýdýan
sözleri «eje, kaka» diýen sözler, emma bu sözleriò hakyky
manysyna düºünmek üçin adama tutuº bir ömür gerek bolýar.
Ata-ene sen bolup ajaly ýeòýär,
bakylyga tarap ýol salýar.
Ýaºlyk — bahar, garrylyk — gyºdyr, adam
perzent öndürip, öz ömrüniò gyºyny bahara öwürýär.
Atasyny sylamadyk — ýurduny sylamaz,
enesini söýmedik — topragyny söýmez.
Ata-enä söýgi Watana söýginiò birinji
ýüze çykyºydyr. Watan söýgüsiniò kämilligi ata-ene
söýgüsine baglydyr.
Adamyò ilkinji söýgüsi — ata-enä bolan
söýgüdir.
Ata-enäniò söýgüsi ºertlendirilmedik
söýgüdir, ol hatda perzendiò wepasyna-da bagly däldir,
ºonuò üçinem dünýäde bir söýgi bar bolsa — ol ata-enäniò
perzendine söýgüsidir, iki söýgi bar bolsa, olaryò
birinjisi-de ºoldur.
Dünýäniò adamzada berip biljek iò uly
derdi — bagyr awusy — perzent ölümidir.
Perzentsiz öten adam gözüni açyp
gidýändir. Perzent goýup gidýäniò gözleri razylyk bilen
ýumular, çünki ölenden soò, ol bu owadan dünýä perzendiniò
gözleri bilen sereder. Ýumulan gözlere gum dolmaz.
Dogryòy dostuò makullar, ýalòyºyòa
duºman begener, günäleriòi diòe ataò bilen eneò bagyºlap
biler.
Seni kemçilikleriò bilen bilelikde
söýüp bilýän diòe ataò hem eneòdir. Dostlaryò gowyòa,
duºmanlaryò erbediòe mätäçdir.
Çagakaò iò uly hossaryò, ulalaòda iò
ýürekdeº dost-ýaryò ataò bilen eneòdir.
Adamlar ulalandan soòam, ullakan
çagadyrlar. Adamy diòe onda çaga sypatlaryny görüp, oòa
haýpy gelýän kiºi çyndan söýüp bilýändir. Bu duýgy diòe
iki kiºä — ata-enä berilýändir.
Eneli günler iò bagtly günler, ataly
günler iò manyly günlerdir.
Mirasyò — çagalaryòa, at-abraýyò —
il-günüòe, derdiò hem armanyò — ata-eneòe galýandyr.
Dostuò hem ýada öwrülip biler, aýalyòam
ýada öwrülip biler, hatda... çagalaryòam daºlaºyp biler,
emma ataò-eneò hemiºe ýakynyò bolup galar.
* * *
Çagasyny göterip ýören ata-enäni
gördüm, ata-enesini göterip ýören perzendi weli görmedim.
Näme? «Bu tebigy däl, bu mümkin däl, bu
göz öòüne getirilende hatda gülkünçrägem» diýýärsiòizmi?!
Emma bir hakykaty aýdaýyn: bizi hemiºe tebigy dällikler,
mydama mümkin dällikler halas edýär. ªonda gülkünçdir
öýden zatlarymyzyò juda çynlakaý ekendigine akyl
ýetirýäris. Bu babatda size bir türkmen rowaýatyny gürrüò
bereýin.
Bir biweç hem bikemal perzent enesiniò
gargyºyna galypdyr. Ene gargyºy ne ýaman, ýaòky ýigidiò
endam-janyny görülmedik elhenç ýara tutupdyr. Görgüli
beýle ýowuz derde nädip çydajagyny bilmändir. Hiç bir
tebipdenem em-melhem çäresi bolmandyr. ªonda onuò halyna
ýüregi awan bir kiºi dertlä keramatly bir piriò salgyny
beripdir. Dertli ýigit baryp, ºol keramatlyò aýagyna
ýykylypdyr. Pir hem oòa ºeýle diýipdir:
— Ene gargyºyna galmak — ýowuz bela.
Derdiòden gutulaýyn diýseò, ºuny et: eneòi kyrk günläp
arkaòdan düºürmän, hopba edip gez. Her hili nygmatlar
bilen naharla. Näme diýse-de, arkaòdan düºürme. Seniò
halyòa ýüregi gyýym-gyýym bolup, eneò göwsüne süýt iner.
Ana, ºol süýdi sähra gülüne eýläp, melhem et-de,
ýaralaryòa ýap. ªonda derdiòden gutularsyò.
Elbetde, piriò aýdyºy ýaly hem
bolupdyr.
Eneòi arkaòa götermek durmuºda bolmaýan
zat däl eken. Arman, munuò üçin bize uly derde sataºmak
gerekmi?!
ªuòa meòzeº bir ajaýyp hekaýat Gorkut
atamyzyò kitabynda beýan bolupdyr.
Namartlaryò gepine giden Derse han ogly
Bugajy öz eljagazy bilen atyp, oòa ölüm ýarasyny salýar.
Oglan meýdanda ýykylyp galýar.
Garga-güzgun gan görüp, oglanyò üstüne gonmak isleýär.
Emma oglanyò güjügi kowalap, garga-güzguny gondurmaýar.
Oglan ºol meýdanda ýatyrka, boz atly
Hydyr peýda bolýar. Üç gezek eli bile oglanyò ýarasyny
sypalap:
— Gorkma, ýigit, saòa bu ýaradan ölüm
ýokdur. Dag çeçegi bile eneò süýdi ýaraòa melhemdir —
diýip, gözden gaýyp bolupdyr.
Enesi perýatlap gelende, Bugaç han
Hydyr atanyò sözlerini oòa habar berýär. Kyrk inçe billi
gyz sähra aýlanyp, daga aýlanyp, dag çeçegini üýºürýärler.
«Oglanyò ejesi emjegin bir sykdy, süýt gelmedi. Iki sykdy,
süýt gelmedi. Üçünjide özüne zarp eýledi, gany doldy.
Sykdy, gan bile süýt garyºyk geldi. Dag çeçegi bile süýdi
oglanyò ýarasyna ýapdylar. Han oglanyò kyrk günde ýarasy
oòaldy, sap-sag boldy».
Ine, ºeýdip tebigy hakykatyò ejiz gelen
ýerinde bizi ruhy hakykatlar halas edýär.
Tebigy hakykat diýýänim ºertlilige
ýugrulan daºky hakykatdyr, ruhy hakykat diýýänim
tebigylyga eýe bolan içki hakykatdyr. Sen içiòde-hyýalyòda
ata-eneòi arkaòda götermegi werziº et! ªonda sen durmuºda
kemally perzent bolarsyò, ata-eneò hyzmaty bilen ýaºarsyò,
göwünleri bilen deò goparsyò. Onsoò adamlar sen hakda: «Ol
atasyny aýasynda, enesini arkasynda göterip gezýär»
diýerler, özem olaryò aýdany hakykatyòam hakykaty bolar!
Ata-enesine wepaly perzent daºyndan, il
gözüne näçe geò hereket etse-de, dura-bara il-gün oòa
düºüner, perzendiòkini dogry tapar diýip, baºga bir
türkmen rowaýaty öwredýär. Onda aýdylyºyna görä, bir
oglanyò atasy Allanyò öòündäki etmiºi üçin jynsy üýtgäp,
doòza öwrülipdir. Oglan atasyndan ýüz döndermändir.
Atasyndan daºlaºmazlyk üçin, dyrnagyny ösdürip,
sakgal-murtuny bolºy ýaly goýberipdir. Her kimem beýle
ýigitden gaça durupdyr. Oglanyò bolup ýörºüni gören pir
oòa erbet käýinipdir. ªonda ýigit:
— Eý, pirim, siziò aýdýanlaryòyz dogry.
Ýöne meniò atam doòza öwrüldi. Emma men ondan ýüz dönderip
biljek däl. ªonuò üçinem onuò endamyny gaºap, sypalap,
hyzmat etmek üçin dyrnaklarymy ösdürdim. Ataò doòuz bolsa,
ogluò aladasy köp boljak eken. ªol iº-alada bilen,
saç-sakgalyma-da elim degenok. Doòzuò haram endamyna elim
degmesin diýip dyrnaklarymy, ýüz-gözünden ogºanymda,
dodaklarym degmesin diýip sakgal-murtumy ösdürdim —
diýipdir.
ªondan soò, pir näletsiòen atany
ýekirse-de, perzentlik borjundan ýüz döndermedik
oglanyòkyny makul tapypdyr.
ªuòa äheòdeº baºga bir rowaýaty men
Ruhnamanyò birinji kitabynda gürrüò beripdim.
Eý, türkmen perzendi!
Perzendiò nähili perzentdigi —
gowulygy, ýaramazlygy ata-enesine goýýan hormatynda,
hyzmatynda äºgär bolýandyr. Her kim ata-enesine goýýan
hormaty bilen tanalýandyr. Ata-enesini hormatlamaýan adam,
her näçe gowy diýilse-de, ynanmaryn.
Edebiò ýagºysy ata-eneòi sylamakdyr.
Ähli edepleriò baºy ata-eneòi
hormatlamak, derejelemek edebidir. Ata-eneòi derejelemek
olary öz derejesinde — ata-ene ornunda görmekdir, bu uly
sylagdyr, çünki, ata-enelikden uly dereje ýokdur.
Ataò-eneò öòünde akyl edebini berjaý
et!
Akyl edebiniò manysy ataò-eneò
gadyr-gymmatyna, tapylgysyzlygyna akyl ýetirmekden
ybaratdyr. Akyl edebiniò birinji ºerti-de ataò-eneò
kimdigine, kimlerdendigine, öz gelip çykyºyòa akyl
ýetirmek, öz nebere kökleriòi bilmekdir. Türkmençilikde
ºejeräòi — nesil daragtyòy oòat bilmek, ýedi arkaòa belet
bolmak her bir perzendiò borjy hasaplanylýar, çünki ýedi
arka — arkalylyk, asyllylyk, seniòem il sanyndadygyòyò
güwänamasydyr. Ýedi arkaòa ºular girýändir:
1. Ogul.
2. Agtyk.
3. Çowluk.
4. Ýuwluk.
5. Gowluk.
6. Ýatlyk.
7. Atlyk.
Ine, seniò ýedi ataò diýilýäniò sanawy:
1. Ataò.
2. Azan ataò.
3. Ylym ataò.
4. Gaýyn ataò.
5. Oguz han ataò.
6. Nuh ataò.
7. Adam ataò.
Türkmençilikde özüòe iò ýakyn ýedi
garyndaº ºulardyr:
1. Dogan.
2. Doganoglan.
3. Dolanan.
4. Garyndaº.
5. Babadaº.
6. Obadaº.
7. Nebere.
Akyl edebiniò ºerti öz ýedi arkaòy
düzýän adamlaryò diòe bir atlaryny däl, eýsem ömrüni, eden
iºlerini, gylyk-häsiýetini bilmekden, öwrenmekden we
mydama hakydaòda göterip gezmekden ybaratdyr.
Olary hakydaòda götermek, olary
perzentleriòe geçirmek nebere, millet bolup ölüme garºy
çäre görmekdir.
Eždatlaryò ruhy hemiºe diridir, olar
gaýyplykdadyrlar. Gaýyplyk ýokluk däldir. Olaryò ruhy
hemiºe seniò ýanyòdadyr, ºat günüòde ºatdyr, gyssanan
günüò, saòa ýardam bererler, aljyran günüò, saòa söýget
bolarlar.
Öz ýedi ataò kimdigini bil, öwren,
perzentleriòe öwret! Olar seniò gan hem ruhy
binýatlaryòdyr! Sen öz ömür binaò haýsy binýatlaryò
üstünde gurlandygyny bilmelisiò!
Biz geçmiºe seredip, geljegi görýäris.
Biz geljegi görmek üçin, geçmiºe
bakýarys.
Men türkmenlerimiziò ýedi, dokuz däl,
ondanam aòyrky ata-babalarynyò atlaryny bilºine, olar
baradaky maglumatlary ýygnap, kagyza ýazyp ýörºüne kän
gabat geldim. Munuò özi mertebelilikdendir. Atalarymyzyò
öòündäki baº borjumyz olary unutmazlykdyr. Olary
unutmazlyk olara mynasyp ömür sürmek islegine iterýär.
Eždatlaryò hakynda her haçan akyl-pikir
et! Olara düºünjek bol! Sen olaryò arzuw-umydyna meòzeºmi
ýa baºga bir zatmy, direlip geläýenlerinde, olar saòa
guwanjakmy ýa lapykeç boljakmy, sen öz gowulyklaryòda,
mertebäòde, at-abraýyòda olardan öòe geçipmiò, olarça
barmyò ýa-da olar bilen deòeºdirilende, hiç zatmyò? — Ine,
ºu akyl sowallary seniò öz içki «meniòi» hemiºe
gyzyklandyryp dursun! Kämilligiòi ºeýle ölçegler bilen
ölçe!
Seniò ºahsyýet kämilligiò görkezijisi
ºudur:
seniò ömrüò iki pasyldan ybarat —
kämillige çenli, kämillik döwri. Eger seni özüò däl, ataò
ady bilen tanap, «pylanyò ogly» diýseler — bu ömrüò
birinji paslydyr.
Perzent ata-enesiniò öòünde söz edebini
berjaý etmelidir. Söz edebiniò ºertleri anykdyr hem-de
inçedir. Olar perzendiò akyl edebinden gelip çykýar we
onuò ºahsy medeniýetiniò, ekramynyò hem-de sypaýylygynyò
görkezijisi bolup durýar. Söze erk edip bilmek uly
sungatdyr. Söz adamlaryò bir-biri bilen gatnaºygynyò
seriºdesidir. ªol gatnaºyklar oòyn bolsa, munuò özi söz
edebiniò ýokary derejesi, ol gatnaºyklar ýaramaz bolsa-da,
ol söz edebiniò perzende gowy berilmändiginiò alamatydyr.
Eý, oglum!
Ataò-eneò ýanynda seniò sesiò
olaryòkydan belent däl-de, pes hem-de mylaýym eºidilsin!
Gaty geplemek hökmürowanlygyò nyºanydyr, emma sen
ata-eneòe hökmürowan däl-de, olaryò hökümini ýerine
ýetirijisiò! Ýuwaº, mylaýym, mylakatly, diòe manysy däl,
owazy bilen-de özüne çekiji gürle!
Ataò-eneò sözüni çekmelisiò! Olar bilen
gürleºmek seniò üçin ýöne gep alyºmak däl-de, eýsem,
halyndan habar alyºmakdyr. Ataò-eneò ýöne diliniò owazyna
däl, eýsem, ýüreginiò hem paýhasynyò owazlaryna diò
salmagy baºar!
Men size bagt hakda bir hekaýat aýdyp
bereýin.
Bir obada üç dogan ýaºaýar eken. Üç
dogan her gün bagtly bolmagy arzuw eder ekenler. Ýöne
olaryò garaýyºlary, islegleri birmeòzeº däl eken. Olaryò
yhlasy bilen bir ýagºyzada gelip, olary sähralyga
gezelenje äkidipdir.
Sährada uly dogan içini hümledip
gezelenç edip ýörºüne, bir uly çukuryò üstünden barýar.
Görse, çukuryò içinde Bagt otyrmyº.
— Näme islegiò bar? — diýip, Bagt uly
dogandan sorapdyr.
— Näme islesem bitermi? — diýip, uly
dogan galkyjaklapdyr.
— Näme bersem özüòi bagtly saýyp
biljek? — diýip, Bagt uly dogandan sorapdyr.
— Köºk ýaly howlym bolsun!
Köºk ýaly howlyny gören uly dogan
ylgapdyr howlusyna tarap.
Ortanjy dogan gelipdir. Olam ullakan
bir çukuryò içinde Bagtyò oturandygyny görüpdir.
Bagt ortanjy dogandan sorapdyr:
— Näme isleýäò?
— Köºk ýaly howly bilen bir horjun
tylla.
Ortanjy dogan görse, agasynyò köºk ýaly
howlusynyò gapdalyndan ýene bir köºk ýaly howly peýda
bolupdyr, gapdaljygynda-da tyllaly horjun durmuº.
Ortanjy dogan bir horjun tyllany
arkasyna atyp, köºk ýaly howlusyna ýelk ýasapdyr.
Biraz wagtdan soò ýaòky çukuryò ýanyna
körpe dogan gelipdir.
Görse, ullakan çukurda Bagt otyr.
Bagt körpe dogana ýüzlenipdir:
— Arzuwyòy aýt? Näme isleýäò?
— Seniò özüò näme isleýäò? — diýip,
körpe dogan sorapdyr.
— Men ºu uly çukurdan çykmak isleýärin.
Körpe dogan Bagty çukurdan
çykarypdyr-da, ýene öz ýoly bilen ýöräberipdir.
Bagt näme edendir öýdýärsiòiz?!
Dogry, Bagt körpe doganyò yzyndan
ylgapdyr.
* * *
Oguz han Türkmeniò öz ogullaryna dakan
atlarynda onuò dünýä bolan garaýºynyò alamatlary görünýär:
Asman gözelliginden — Gün han, Aý han, Ýyldyz han, Ýer
gözelliginden — Dag han, Deòiz han, Gök han. Iki älemi —
Asmany hem Zemini aldym diýýän Oguz han Türkmen älemler
bilen sazlaºykly, ylalaºykly we arkalaºykly ýaºamak
isläpdir. Alty ogul — älemiò bitewiligini kemala getirýär.
Men muny her bir döwrüò, eýýamyò adam atlarynda ºol
döwrüò, eýýamyò adamlarynyò ruhy dünýäleriniò
görünýändigini nygtamak
üçin aýdýaryn.
Gorkut ata Türkmeniò at dakyºynda ºu
gün üçin geò görünýän many bar. Ady adamyò daºky tebigy
ýa-da jemgyýetçilik gurºawy däl-de, eýsem, onuò içki,
ºahsy mazmuny kesgitleýär.
Mazmun bolsa, sypatlar arkaly ýüze
çykýar.
Gorkut ata at dakdyrmak üçin «hünär
görkezmeli».
Hünär görkezmek kämil ºahsyýet hem-de
jemagatyò deòhukukly agzasy bolmakdyr.
Hünär görkezmek özüòi jemagata ykrar
etdirmekdir. «Derse han ogly Bugaç han boýunda» Gorkut ata
bugany urup öldüren oglanjyga Bugaç diýip at goýýar. At
diòe adamyò ºahsy hyzmatyna we sypatyna laýyklykda
berilýär. ªahsyýet ýokmy, at hem ýok.
Hünär ýokmy, at hem ýok.
Gorkut ata milleti tebigatdan jemagata
geçirdi. Jemagat Hudaýa bir gez ýakynlaºdy.
Gorkut ata ºahsyýetleri öòe çykardy.
Elbetde, ol ºahsyýetiò häzirki nukdaýnazardan nähilidigi
baºga mesele. Gep, umuman, jemgyýetçiligiò ruhy
ölçegleriniò ºahsyýete gönügenligindedir.
Her eýýamyò adam atlarynda ºol eýýamyò
adamlarynyò ruhy ahwalaty görünýär. Türkmeniò oòony bürgüt
bolan üçünji eýýamynda Togrul, Çagry ýaly bürgüt atlary
ýörgünli bolupdy. Ýöne türkmeniò oòony goç bolan dördünji
eýýamynda adam atlarynda naçarlyk güýçli duýulýardy:
Allaberdi, Öwlüýäguly, Hojageldi, Ýowbasar... Biziò
Garaºsyzlyk, baky Bitaraplyk eýýamymyzda eýýäm beýle atlar
möwritini ötürip barýar. Bu günki çagalara dakylýan
atlarda ertirki güne umyt-ynam duýulýar, atlarda adamlaryò
ruhy ahwalatynyò belentligi görünýär!
* * *
Gorkuda «ata» adynyò berilmegi gadymy
oguz-türkmen milli terbiýesiniò käbir özboluºlyklaryna
esaslanýar. Taryhy durmuºda Gorkut dürli oguz
patyºalarynyò ogullaryna atabeglik edipdir. Onuò öz
döreden dessanyndaky ºahsyýeti ähli taraplary boýunça
atabeglige doly laýyk gelýär. Onuò öz ºahsy durmuºy,
maºgala durmuºy ýok diýen ýalydyr. Ol il-gün üçin ýaºaýar.
Gorkut ähli ylymlardan, sungatdan, ºygyrdan, keramatdan
baº çykarýar.
Dessanyò boýlarynyò mazmuny hem-de
wakalaryò guralyºy-da döredijiniò atabeg bolandygyny
aòladýar: on iki boýuò onusy ogullar, olaryò görkezen
gahrymançylygy hakyndadyr. «Gorkut ata» — ogullaryò
gahrymançylyklary hakdaky eserdir.
Gorkut ata Türkmen döwründe terbiýe
meselesiniò, onda-da ogul terbiýesiniò esasy meselä
öwrülendigini görýäris. Gorkut hem terbiýeçi, ýaºuly.
ªonuò üçin hem ol haýsydyr bir adamyò meselesini
alanok-da, anyk bir ogluò meselesini alýar. «Pylan gojanyò
pylan ogly». Ruhy mugallymyò we terbiýeçiniò ºeýle
görnüºde pikirlenmesi döwrüò türkmen jemgyýetinde
maºgalanyò esasy birlige öwrülendigini görkezýär.
Maºgalanyò gymmatyny bolsa, ataly-ogul kesgitleýär.
Ogul — döwlet baºy.
Ogul bar — ýurt bar.
Ogul bar — millet bar.
Ogul — bakylyga puryja we nesil
üznüksizliginden nyºan.
Rowaýat: soltan Mahmyt Gaznaly
ilatyò arza-ºikaýatyna mydama uly üns beripdir, dergähine
gelen her bir adamyò sözüni üns berip diòläp, onuò
islegini bitirmäge çalºypdyr.
Bir gezek soltanyò huzuryna gorkudan
ýaòa saòòyldaýan egbar kiºi gelipdir, ol soltanyò aýagyna
ýykylyp, aglap, derdiniò agyrdygyny aýdypdyr. Soltan ol
kiºini ýerinden turuzyp, arzy-halyny howlukman, aljyraman
gürrüò bermegini talap edipdir. Gelen kiºi soltanyò
ýasawullarynyò birinden arz edipdir. Jebir çekeniò
habaryna görä, ýasawulyò günde-günaºa gelip, meýlis
guraýandygyny, gyzynyò namysyna degendigini, kä günler
dosty-ýarlary bilen gelip, tä daòdana çenli meýlis
guraýandygyny gürrüò beripdir. «Eger arz etseò, öldürerin»
diýendigini aýdypdyr. Jebir çeken görgüli indi ýasawula
iýdirip-içirere hiç zatlarynyò galmandygyny, bu hakda
ýasawuluò eºitmek hem islemeýändigini aýdyp, çykalga
tapmaýandygyna, barja süýºürintgileriniò gutarandygyna
gynanyp, zar-zar aglapdyr.
Soltan jebir çekene ºeýle diýipdir:
— Men saòa hemaýat ederin. Saòa sütem
eden kim bolsa-da, soltanyò ogly bolsa-da, jezasyny çeker.
Häzir öýüòe gaýt. Seniò bilen meniò adamlarym gatnaºykda
bolarlar. ªol nekgende gelende sen biziò adamlarymyza
habar ber. Nädip habarlaºjakdygyò barada seniò bilen meniò
adamlarym anyk gürleºerler. Sen habar bereòsoò, yzyny özüm
oòararyn.
Soltan üç gün garaºýar. Üçünji gün
agºam nekgendäniò gelendigi baradaky habary eºiden soltan
ºol öýe ugraýar.
Soltan nökerlerine öýüò daºyny gabamagy
buýurýar. Soltan jebir çekeniò öýüne kürsäp girýär-de,
ilki bilen çyrany depip öçürýär. Soòam pälazanyò kellesini
pyzlandyryp goýberýär.
Içeri dym-dyrslyk bolýar.
Ähli kiºi soltanyò bir zat diýerine
garaºýar.
Soltan demsalymdan soò çyrany ýakmagy
buýurýar. Çyrany ýakýarlar.
Soltan gorky bilen ýerde ýatan kellä
seredýär. Soòam uludan demini alyp, töweregine
garanjaklaýar:
— Derrew ýok ediò! Içerini tertibe
salyò.
Soltan bir gyra çekilip, öý eýesine
ýüzlenýär.
— Men gaty aç, iýer ýaly bir döwüm nan
ber!
Öý eýesi täzeden saçak ýazýar.
Soltan nany suwa batyryp, iºdämenlik
bilen iýmäge baºlaýar. Ol hiç kime seretmän, baºyny aºak
salyp çörek iýýär. Aòyrsyna il gonan soltan öý eýesiniò
özüne aòkarylyp seredýändigini aòyp, çalaja ýylgyrypdyr:
— Men seniò geòirgenmäòe düºünýärin.
Ýöne sen menden aýyplaºma. Meniò ýanyma baryp gaýdanyòdan
bäri men bir döwüm çöregem iýemok. Üç günläp bokurdagymdan
hiç zat geçmedi. Seniò gürrüò beren zatlaryò meniò
ýasawullarymyò edip biljek haýasyzlygyndan çökder göründi.
Onsoò bu çökder etmiºi edýän meniò oglum bolaýmasyn diýen
güman döredi. ªu gümanam meni maýyrdy. Gije uklap hem
bilmedim. Üç günki çeken içki güzaplarymy hiç bir güzap
bilen deòeºdirer ýaly däl. Ýöne, her näme-de bolsa,
meseläni adalatly çözmeli, ºa kürsüsinde meni Allatagala
oturtdy. Onsoò oòa ikilik etmäge ygtyýarym ýok. Gelen
dessime çyrany söndürmegimiò hikmeti oglumyò ýüzüne gözüm
düºse, atalyk söýgim erkimden rüstem geler öýdüp gorkdum.
Çyra ýakylanda etmiºi eden pälazanyò oglum däldigini
görenimde, gerdenimden maýryp barýan ýük aýryldy.
Ýasawuluò kellesiniò ýerde ýatandygyny görenimde, süòòümde
ýeòillik döredi. ªol pursat hem üç günüò açlygy özüni
bildirdi.
Soltan ýazylyp-ýaýrap naharlandy.
Gorkut atanyò ogul bilen atanyò
arabaglanyºygy, ogla berilmeli terbiýe, ogluò kemala gelºi
baradaky pikirleri goýazydyr we gaýtalanmazdyr.
Ogul terbiýesi, gyz terbiýesi, adam
terbiýesi — bularyò bary degiºli döwürde terbiýeçilik
ulgamynyò kemala gelendigini aòladýar. ªeýle ulgam bolsa
özboluºly hem-de gutarnykly ruhy medeniýeti göz öòünde
tutýar. Terbiýäniò goldanýan, iº ýüzünde ulanýan ahlaky
ölçegleri we gymmatlyklary bolmaly.
Ahlak — terbiýäniò hem seriºdesidir,
hem maksadydyr.
Adamy ilki gulagy, soòra gözleri
terbiýeleýär.
Oguz han Türkmen dünýäde ilkinjileriò
hatarynda elipbiý döredip, öz nesillerine terbiýe we bilim
bermegi ýola goýan, atalyk mekdebini döreden ºahsyýetdir.
Onuò döreden mekdebinde, esasan, serkerdeleriò çagalary
söweº we serkerdelik tilsimatlaryny öwrenipdirler,
dünýäniò ençeme dillerini özleºdiripdirler. Dünýäniò ähli
ylmy öwredilipdir. Oguz han Türkmen: «Bilegi zor birini
ýykar, bilimi zor müòüsini ýykar. Eger bilimiòiz bilen
bilegiòiziò güýji birleºse, onda her biriòiz müò kiºä taý
bolarsyòyz» diýipdir. Taryhda türkmen ýigitleriniò
özlerinden ýüz ýigrimi esse artyk duºmany hem ýeòmegi
baºarandygy barada maglumat kän. Oguz han eýýamynyò bir
çopany Syrak on müòlük duºmany hile-aldaw bilen Garagumuò
jümmüºine eltip, suwsuzlykdan gyrandygy rowaýata öwrülip,
biziò günlerimize gelip ýetdi. Ine, türkmeniò söweº
tilsimleriniò biri! Türkmeniò söweº tilsimatlarynda diòe
bir gara güýç, gaýduwsyzlyk, batyrgaýlyk däl,
ugurtapyjylyk, duºmany çoçgara çolaºdyrmak, öz-özüni
gyrmagyny baºarmak, çykgynsyz güne salmak esasy ýol bolup
durýar. Taryhda türkmenleriò san taýdan deò bolmadyk
söweºlerde ýeòiº gazanmaklarynyò esasy sebäbi söweº we
serkerdelik tilsimatlaryna ussatlygy bolmaly. Alp Arslan
on bäº müò esger bilen Wizantiýanyò 50 müò esgerini amana
getirýär, Malazgirt söweºi bu gün dünýä taryhynda
deòsiz-taýsyz söweº hökmünde ºöhratlanýar. 1279-njy ýylda
Ärtogrul gazy bilen duºmany mugyra getirmäge giden 400
atly ýöne bir 400 atly däl, ýok, olar atalyk mekdebinde
tälim alyp, her biri Oguz han Türkmeniò wesýeti boýunça
müò duºmana taý bolmagy baºarjak, tälimli, sowatly goç
ýigitler bolmaly. Munuò ºeýledigini ºol gidiºden ýigrimi
ýyl geçensoò, Kiçi Aziýada Ärtogrul gazynyò üçünji ogly
Osman gazynyò ýolbaºçylygynda 1299-njy ýylda olaryò beýik
Osman türkmenleriniò döwletini döredip, sebiti ele
almaklary hem ºaýatlyk edýär. Bu tötänlik däl.
Atalyk mekdebini tamamlanlar, hökman
synagdan geçirilipdir. Entek ýaòy murty taban ýaº Sanjaryò
atalyk mekdebini tamamlandaky ilkinji synagyny aýdyp
bereýin. Olaryò üstüne garahanlylaryò hökümdary Kadyr han
çozuº edýär. Olaryò güýçleri kän, ýeòjekdigi görnüp dur.
Atabeglik mekdebinde az goºun bilen köp goºuny ýeòmek
öwredilýär. Soltan Sanjar hem gowy çykalga tapýar.
Garahanlylaryò hökümdarynyò yzyna adam salýar. Hökümdar
awa çykanda ony güpbasdy edýär. Hökümdarlarynyò ele
salnandygyny eºiden garahanlylar zut gaçmak bilen
bolýarlar, ºeýdip, ýaº Sanjar öz döwletini göni gelen
howpdan halas edýär.
Biz «Gorkut ata», «Görogly» eserlerini
edebi mirasymyz hökmünde öwrenýäris, çeper eser hökmünde
kabul edýäris, aslynda bolsa, ol eserler öz döwürleriniò,
eýýamlarynyò atalyk okuw kitaplarydyr.
Men ýokarky gürrüòler bilen
pederlerimiziò perzendi il-günüò gerekli adamy edip
ýetiºdirmek üçin turuwbaºdan ýörite alada-iº
edinendiklerini nygtamak isleýärin.
Bu gün çagany döwrüò ösen talaplaryna
laýyklykda ösdürip ýetiºdirmek her bir ata-enäniò, ºeýle
hem döwletiò gaýragoýulmasyz wezipesi bolmalydyr.
Bir tarapdan ata-ene, beýleki tarapdan
döwlet çaganyò ganaty bolmalydyr.
* * *
Garaºsyzlyk eýýamynyò bagtyýar
perzendi!
Sen pederleriò ruhy dünýäsini içgin
öwren, ºonda dünýäòe älemgoºar ýalkymy düºen ýaly bolar,
köp zatlary öwrenersiò. Adama gowulyklara öýkünmäge
çalyºmak mahsusdyr.
Ataò-eneò hem hökümet seniò
hossarlaryòdyr. Ata-ene, hökümet hossary, arkadagy bolan
perzent bagtyýarlygyny duýmasa aýypdyr!
Ataò-eneò ýanynda gelºiksiz, nälaýyk
sözleri diliòe alma! Hoºzyban bol, süýji gürleº! Eger
haýsydyr bir meselede baºgaça pikirde bolsaòam, öz
mamladygyòy hoº sözler, delilli hem sypaýy sözler bilen
düºündirjek bol!
Ataò-eneòe gaty-gaýrym, zoòtar,
degnasyna degýän sözleri aýtma! Hakykat zoòtar, göwne
degiji hem gödek bolýan däldir.
Ataò-eneò ýanynda ýumºak sözle! Seniò
sözleýºiò, gep-gürrüòiò gyzykly hem özüne maýyl ediji
bolsun!
Ataò-eneò bilen gözüniò içine seredip,
ýokardan bakyp, ýüzüòi kesä sowup gürleºme! Beren soragyny
jogapsyz goýma, ýarym-ýaltalyk, men-menlik, gahar bilen
jogap berme!
Ataò-eneò bilen «siz» diýip gürleº!
Adyny, lakamyny tutma!
Ataò-eneò ýanynda gaty gülme, ýaòsyly
pyòkyrma.
Ataò-eneò ýanynda dymmagy baºar!
Asla sözüni bölme!
Perzent ata-enesiniò öòünde hereket
edebini berjaý etmelidir.
Ata-eneòe birkemsiz hyzmat et!
Ata-enäniò hyzmatynda bolmak uly bagtdyr. Emma, näçe
hyzmat etseòem, olaryò öòündäki bergileriòi üzüp
bilmejekdigiòi mydama ýadyòda sakla!
Bir rowaýata görä, bir ýigit mydama
enesiniò hyzmatynda bolupdyr. Bir gün enesi ogluna: «Meni
öòki gezen ýerlerime aýla, ölmänkäm bir göreýin» diýipdir.
Oglan enesini arkasyna alyp, onuò gyz, gelin bolup gezen
ýerlerine aýlapdyr. ªol gün oglan periºdä duºup, özüniò
enesine eden we edýän hyzmatlary hakda gürrüò beripdir.
Soòam: «Men ejemiò maòa eden hyzmatlaryny üzlüºdimmikäm?»
diýip sorapdyr. Periºde: «Sen eneò bir gijelik jepasyny
üzlüºipsiò» diýip jogap beripdir.
Watan bilen, ata-ene bilen üzlüºmek
ýokdur, olara ölinçäò hyzmat etmek bardyr!
Ataò-eneò buýruklaryny, ýumºuny,
tabºyrygyny ýerine ýetir! Bu iºden lezzet alýan perzent
kemally perzentdir. Olary bitirmejek bolup, bolar-bolgusyz
bahanalar tapma, ata-ene perzendiniò bitirip bilmejek
iºini, oòa biabraýlyk ýa ºek getirjek iºi buýurýan däldir!
Ata-eneò gargyºyndan, käýinjinden hem
nägileliginden daºda bol!
Ata-eneden razylyk alman, ýola çykma!
Uzak ýoldan geleniòde, ilki bilen, ata-eneò bilen
salamlaº, hallaryndan habar al!
Ata-eneò ýanyòa, öýüòe gelse, öòünden
çykyp garºy al! Özi gelip girýänçä, göwnübir oturmak,
gyºaryp ýatmak, «Geldiòmi!» hem diýmezlik uly
biedeplikdir.
Ata-eneò öýden çykanda, özi: «Gal»
diýýänçä, ugrat! Mejalsyz, ýarawsyz bolsa, ýaltanma, baºga
birine tabºyrma-da, barýança ýoldaº bol!
Ata-eneò çagyrsa, eglenmän ýanyna bar!
Ilki eneò, soòra ataò ýanyna bar!
Ata-eneò möhümini öz iºiòi gaýra goýup,
wagtynda bitir!
Ýumuºçyl bol! Ataò-eneò üçin herketde
bolsaò, ömrüò bereketli bolar. Diòe çagakaò däl,
ulalaòda-da, ata-eneò üçin el-aýak bol! Çünki, el-aýagyòy
ºolardan alansyò!
* * *
Perzent ata-enesiniò öòünde göwün
edebini berjaý etmelidir.
Ata-eneòe mähirli, mährem hem-de hamrak
bol!
Ata-eneò — iò oòat dostuò, iò wepaly
mähribanlaryòdyr.
ªatlananda, ºadyýan bol! Gaýgylansa,
göwünlik ber! Olar bilen ýürekdeº bol! Çünki, sen olaryò
ýüreginden önensiò. Olaryò ugrunda bagryò girýan bolsun,
çünki, sen olaryò bagryndan önensiò!
Perzent ata-enesiniò ýüreginiò örki,
bagrynyò bagydyr.
Köp gepleýär, artyk gepleýär diýip
dargursaklyk etme! Geplemegi ºolardan öwrenensiò.
Dertli bolsa, derdini paýlaº! Çünki,
bäbeklikden çagalyga, çagalykdan oglanlyga, oglanlykdan
ýigitlige, ýigitlikden ululyga geçmek möwritiniò agyrysyny
we yzasyny — adam ösüºiniò yzasyny olaram seniò bilen deò
çekiºendir.
Hassalyk sebäpli jebir-jepa berse,
ýüregiòizi aýrylap, günä galmaò! Bäbekkäò derdiò özüòe
däl, ata-eneòe bolandyr, olar garryka derdini sen
almalysyò!
Ata-enäni ynjytmazlyk aladasy her
ädimiòde, her iºiòde, her amalyòda berk ýadyòda bolsun!
Olary ynjytjak piºelerden daºda dur.
Halamajak iºinden gaýt, begenjek
iºinden ýüz öwürme! Ata-enäniò göwnüni awlamak, ýeke gezek
begendirmek — iò uly sogapdyr.
Garrap, tapdan düºende, ýöremekden,
gürlemekden, görmekden galanda tekge bol! Ata-eneò özüòe
aýtmasa-da, ýüzüòden, hereketiòden, bolºuòdan seniò özüne
nähili garaýandygyòy bilip oturandyr.
Perzent ata-enesiniò öòünde kömek
edebini berjaý etmelidir.
Eºigi özüòkiden oòat bolsun!
Iýýäni özüòkiden oòat bolsun!
Arzuwyna ýetir!
Ähli geregini tapyp ber!
Golda baryò, bar zadyò eýesi ºolardyr!
Olardan zadyòy gysganma!
Ruhuna sadaka ber!