Eýran türkmenleriniò medeni, edebi we jemgyýetçilik žurnaly

 

ŽURNAL BARADA


Baº sahypa

Maksady

Redkollegiýa

 

ARHIW


Soòky sany

Ýyllara görä

 

GATNAªYK


Myhman depderi

Habarlaºmak üçin

Dost sahypalar

 

 
Her güne bir nakyl


 

 

 


 
Edebiýat / Döwürdeº türkmen edebiýaty
Saparmyrat Türkmenbaºy

RUHNAMA

ikinji kitap

TÜRKMENIÒ RUHY BEÝIKLIGI


SÖZBAªYLAR / Ata-ene mähri / Perzent edebi


ATA-ENE MÄHRI

 

Öwgüli we päk bolan Allatagala ºeýle diýdi: «Biz ynsany palçygyò arassasyndan ýaratdyk. Soòra ony mäkäm karargähde damja — tohum etdik. Soòra bu damjadan lagta gan, lagta gandan bir parça et ýaratdyk. Bu parça etden süòkleri ýaradyp, süòklere et gapladyk. Soòra owal baºdaky bir damja suwdan baºga bir janly zat peýda etdik. Iò gözel ýaradyjy bolan Alla bereketli we beýikdir» (Gurhan, «Mömünler», 12–14-nji aýatlar).

Pygamberiò hadysynda ºeýle diýilýär: «Her biriòiziò ene garnyndaky ýaradylyºyòyz ºeýledir. Kyrk günläp damjasyòyz, ýene kyrk günden lagta gana öwrülýäòiz, ýene kyrk günden bir parça ete öwrülýäòiz. ªol wagt Allatagala zenan ýatgysyna periºdeleri iberýär we size jan berýär hem-de dört zady: ryzkyny, ajalyny, amalyny, bagtlymy ýa betbagtdygyny maòlaýyòyza ýazmagy buýurýar».

Ýatgydaky çaganyò her kyrk günden täze keºbe girýändigi bilen tebipler ylalaºýar. Bu döwürde hulkunyò gyzgyndygy üçin, oglan ösüºde bolýar, gyz onuò ýaly bolmaýar. «Soòra lagta gana öwrülersiòiz» diýýäni bolsa, doò et bölejigi ýalydyr. «Soòra et parçasyna» diýmesi, bir kiçiräk et ýalydyr. Ol üçünji kyrk gündür. Beýik Taòry «Oòa jan berýär», ºondan soò çaga hereketlenip baºlaýar.

«Dört aý dolmasa, jan berilmeýänligi» bilen alymlar ylalaºýarlar. Ilki bilen, ynsan tohumynyò alma ýaly köpürjik sypat bolýandygyny bilgin. Soòra gana we ete öwrülip, keºbe girýär. Soòra bolsa hereketlenip baºlaýar. Çaga ýaºap biljek iò az göwrelilik döwri bir ýüz segsen iki gündür. Iò dolusy bolsa iki ýüz segsen gündür.

Gippokrat: «Ynsan suwuklygy onuò ähli agzasyndan syzylyp akýar. ªonuò üçin adam sagdyn bolsa, çagasy hem sagdyn bolar. Keselli bolsa, keselli bolar» diýip kesgitleýär.

Çaga dünýä inmänkä-de, dünýä ineninden soòra hem durmuºa gadam basyºyna, emdiriliºine, oturyºyna we turºuna, ýöreýºine, süýtden kesilmesine, iýmesine we içmesine, ýetiºmegine, ýigdekçe bolmagyna ata-ene mähri doly siòdirilendir.

Türkmeni türkmen edýän birnäçe ajaýyp ruhy sypatlar ata-ene mähri bilen baglydyr. Olar biziò milli özboluºlylygymyzyò ajaýyplygyndan habar berýär. ªeýle sypatlaryò esasylarynyò birini häsiýetlendirip, men ºu hakykaty aýdyp bilerin:

Türkmen milletparaz däl, dünýewi milletdir!

«Dünýewi millet» kesgitlemesini iki jähetden teswirlemek bolar. Bir jähetden «dünýewilik» milletiò özenini düzýän gymmatlyklaryò ulgamynda dünýewi gymmatlyklaryò dini ölçeglerden ýokarda durýandygyny aòladýar. Bu ajaýyp zatdyr. Çünki XXI asyrda — adamzadyò barha bitewi bir göwrä öwrülýän eýýamynda bölekleýinlik ölçeglerinden gaça durmak bitewüligiò we ösüºiò hökmany zerurlygydyr. Dünýewilik — bitewi hem tutuº adamzadyò baky ileriligini ykrar etmekdir.

Düºünjäniò ikinji jäheti türkmeniò dünýä derejesine, milletara gatnaºyklara öz asyl-ruhy aýratynlyklary boýunça ýaramlylygyny hem-de muwapyklygyny aòladýar. Türkmen ruhy üçin umumyadamzat gymmatlyklary we äheòleri tebigy suratda ýakyndyr. Türkmen diòe bir özüni beýleki milletlerden tapawutlandyrýan sypatlary däl, eýsem, ondan-da beter, özüni özgelere ýakynlaºdyrýan ölçegleri ileri tutmagy gowy görýär. ªonuò üçinem, biziò uýýan ýörelgelerimiz çuòòur ynsanperwer mana eýedir. Bizde synpy, milli, dini we adamlary biri-birinden çetleºdirýän, toparlara bölýän gaýry görkezijiler hemiºe-de soòky orunda goýlup, diòe bir gymmatlyga — bitewi Adama hem Adamzada dereje berlip gelnipdir. Hatda, daºyndan göräýmäge, toparlaýyn artykmaçlyklary tekrarlaýan düºünjelerem içki manysy boýunça bitewilik gymmatlygyny aòladýandyr. Ine, ýönekeýje sözleri — «asyllylyk», «asylzadalyk», «bedasyllyk» ýa-da «bezzatlyk» düºünjelerini alyp göreliò! Düýbüne seredeniòde, göräýmäge olar «asyl» kökünden gaýdyp, adamyò aslyna agram, ähmiýet berýän ýaly. Emma iº ýüzünde — sözleriò milli gymmatlyklar içindäki anyk manysynda bular adamyò ahlak-ruhy sypatynyò ölçegleri bolup durýar. ªonuò üçinem, biz adamyò gymmatyny gelip çykyºy, milli ýa dini degiºliligi bilen däl, öz ahlak sypatlary bilen kesgitleýäris. Hut ºonuò üçinem, biziò milli ºahyrymyz Magtymguly atamyz: «Aryf bolsaò, aslyn sorma ýigidiò, edebinde, ekramynda bellidir!», ýa-da: «Her ýigidiò aslyn bileý diýseòiz, märekede otur-turuºyn görüò!» — diýipdir.

Asyllylyk gan gelip çykyºynyò, baýlygyò däl-de, adamyò ahlak ºahsyýetiniò görkezijisidir. Onsoò adamyò aslyny bilmek üçin onuò gelip çykyºyna däl-de, edep-ekramyna, märekäniò — jemgyýetiò ahlak kadalaryny berjaý ediºine bakmaly. ªonda onuò asly aýan bolar.

Asyl ºahsyýeti kesgitleýär, ºahsyýet öz aslyna güwä geçýär.

Adamyò asly — maºgala, neberedir. Maºgala, nebere diýmek bolsa, milli gymmatlyklaryò anyk amal bolýan ýeridir. Asyl ruhy-ahlak gymmatlyklaryò ulgamydyr. Asyl — adam ºahsyýetiniò durmuº binýady, ruhy özeni, ahlak hamyrmaýasydyr.

Perzendiò binýadam, özenem, hamyrmaýasam ata-enedir.

Ösümligiò tohumyna görä boýy, ýapragy, baldaklary, güli hem-de miwesi bolar. Adamyò ata-enesine görä gylyk-häsiýeti, keºbi we gaýry aýratynlyklary tohumyò ösümlige öwrüliºi pisint bolup, kemala geler.

Eý, ata-ene!

Perzendiò terbiýesini öz terbiýäòden baºla!

Perzendiò kemally bolmagyny isleseò, öz bikemallygyò soòuna çyk!

Perzendiò edepli bolmagyny isleseò, öz biedepligiòi bes et!

Öz-özüòden talap edip bilmeýän asylly, ynsanperwer häsiýetleri perzendiòden talap etmegiò bimany, nälaýyk we hatda gülkünç zatdygyny unutma!

Ilki özüò kämilleº, soò perzendiò kämilleºmegine giriº!

Öwüt däl, görelde bilen terbiýele!

Özüò myhmana saçak ýazman, ogluòa myhmansöýerligi ündeseò, pagtabent oky atan adam bolarsyò!

Özüò uýatsyz bolup, gyzyòa edep-haýa ündeseò, sapaksyz iòòe bilen eºik tikjek bolýan ýaly hala düºersiò.

Perzent terbiýelejek bolýan bikemal ata-ene küreksiz gaýyk sürjek bolýan, syýasyz hat ýazjak bolýan, oraksyz orjak bolýan, ganatsyz uçjak bolýan, aýaksyz ýörejek bolýan närse ýaly biakyl we biderek kiºilerdir.

Bulagyò suwy hapalansa, sakasyndan, çeºmäniò suwy kesilse, gözünden gör!

Ajaýyp edep-ekram, hoº gylyk-häsiýet, gözel ahlak, kemallylyk — bular perzende bir ýerden gelmeli bolsa, elbetde, ata-eneden gelmelidir.

Perzendiòe ogurlyk zady iýdirip, oòa: «Ogurlyk etme» diýip ündeseò, ne netije bolar?! Özi towºan awlap, çagasyna ot iýmegi öwretjek bolýan möjegi görüpmidiò?!

Perzendiò halallygy ata-enäniò halallygyndan gözbaº alar. Haramlyk perzende baºga bir çeºmedenem gelip biler, emma ºeýle halatda ata-enäniò halallygy haramyò öòündäki synmaz böwet bolar.

Tymsal: bir gezek Mahatma Gandiniò ýanyna bir aýal gelip, oglunyò gandy köp iýýändigini aýdypdyr we oglunyò gandy köp iýmesini goýmagyna kömek etmegini haýyº edipdir.

Mahatma Gandi biraz oýlanyp, ºeýle diýipdir:

— Bibim, siz ýene üç hepdeden soò geliò.

Aýal maºgala Mahatma Gandiniò bu sözüni geòläp, çykyp gidipdir. Üç hepde geçensoòam ogluny yzyna tirkäp gelipdir.

Gandi oglana seredip:

— Gant iýmäòi bes et! — diýipdir.

ªondan soò ene minnetdarlyk aýdyp, ogly bilen otagdan çykypdyr, ýöne birsalymdan ene yzyna dolanyp gelip, Gandiden sorapdyr:

— Men bir zada düºünemok: siz hälki aýdan sözleriòizi mundan üç hepdeden öòem aýdyp bilerdiòiz ahyryn. Siz näme üçin bizi üç hepde garaºdyrdyòyz?

— Bibim, onuò üýtgeºik bir hikmeti ýok. Men mundan üç hepde öò siziò ogluòyz ýaly, gandy gowy görýärdim. Ýürekden çykan sözler ýürege barýar. Mundan üç hepde öò men ogluòyza gandy iýme diýen bolsam, bu söz oòa täsir etmezdi.

Halallyk perzende baºga bir çeºmeden gelip biler, emma ºeýle halatda ata-enesiniò haramlygy kemally perzent üçin uly ryswalyk hem jebir bolup görner.

Terbiýe adamzat durmuºynyò hadysasydyr. Haýwanat dünýäsindäki ösdürim haýwanlaryò özüniò däl-de, olaryò erkiniò daºyndaky tebigatyò millionlarça ýyllyk zähmetiniò netijesidir. Adamzada üznüksiz tebigy aýlawdan çykmak üçin akyl görnüºinde berlen azatlyk adam terbiýesini bütinleý baºga bir zada öwrüpdir. Tebigatda hemme zat kesgitli, gutarnykly, ähli hereketler we wezipeler paýlaºylan, ähli gatnaºyklar we iºler aýdyò çözülen. Jemgyýetde, tersine, hemme zat adam erkine, akylyna garaºyp, çözülmedik halda dur. Olary biziò her birimiz gaýtadan, täzeden özümizçe çözmeli, aýdyòlaºdyrmaly, ýerine ýetirmeli. Munuò özi tebigat bilen jemgyýetde wagtyò baºga-baºga mazmunynyò bardygyny görkezýär. Ýaºaýºyò baºga giòiºligi bolan tebigatda Wagt hil taýdan artmagyny, täze hile geçmegini häzirlikçe bes edipdir. Tebigatda geçmiº, häzir hem geljek bölünmezden, bitewülikde ýaºaýar. ªonuò üçinem, haýwan çagasynyò ulalmagy üçin endik ýeterlikdir.

Adamzada berlen akyl wagtyò içinde özgerip, baºga hile duçar bolýar. Aýdyòlygyò ýerine aýdyòsyzlyk, çözülenligiò deregine çözülmediklik, kesgitliligiò ýerine kesgitsizlik, gutarnyklylygyò deregine tükeniksizlik gelýär. Adam azatlygynyò manysy ºol akyl-erk arkaly kesgitsizlik hilini kesgitlilige, aýdyòsyzlyk hilini aýdyòlyga öwürmekden ybaratdyr. Munuò üçin terbiýe gerekdir. Terbiýe — akyl atly erki bir ulgama salmakdyr.

Adam terbiýesiz adam bolup bilmeýär. Bu ýöne bir pelsepe tekrarlamasy däl, bu durmuº hakykatydyr. Haýwanat dünýäsine düºen adamzat çagasynyò adam bolup bilmeýändiginiò mysallary köp ahyryn.

Emma adam perzendiniò edepli, terbiýeli, kemally bolmagy-da jemgyýetde öz-özünden amala aºmaýar. Jemgyýet çaga öz-özünden, taýýar görnüºinde diòe endikleri berip biler. Emma diòe endik bilen kemala ýetip bolmaýar. Kemallylyk üçin akylly-baºly, maksadalaýyk, ahlak ölçegleri bilen ºertlendirilen iº-terbiýe zerurdyr.

Adamzada berlen akyl atly azatlygyò terbiýedäki esasy borjy adamyò tebigy meýiller, ymtylmalar, islegler görnüºindäki erkin tebigatyny ýa-da tebigy erkliligini taraºlamakdan, akyla laýyklykda gaýtadan gurnamakdan ybaratdyr.

Terbiýe — gözelligi gazanmagyò najatydyr. Baºsyz-baratsyzlyk, taraºsyzlyk, tagaºyksyzlyk, ölçegsizlik gözellik däldir. Gözellik — kanunalaýyklyga tabynlykdan gelip çykýar. Tebigat gözelligi tebigatyò dilsiz-agyzsyz baky aýlawynyò kanunalaýyklygynyò netijesidir. Ahlak gözelligi — ahlak kanunlaryna tabyn bolmagyò netijesidir. Tokaýyò gözelligi bilen bagyò gözelligi baºga-baºga zatlardyr. Adamzat ýaºaýºy jeòòel däl, ol bagdyr. Bagyò esasy tebigatdan, emma taraºy adamzatdandyr.

* * *

Çaga — eziz, dünýä deýin mähriban!

Çagada bu owadan dünýäniò ýaradylmyº päkligi, arassalygy, süýjüligi, mähremligi bar.

Ynsanu-haýwanyò, derrendäniò-perrendäniò çagasy owadan bolýar.

Adamlar çaga — çagajyk, oglanjyk, gyzjagaz — diýýär, meger, ezizläp, arzylap, söýüp diýýändir, meger, entek kiçiligi üçin diýýändir... Adamlar çagany çagasyradyp, yzyna dürli goºulmalar goºýarlar. Emma çaga özüni kiçijik saýýarmy? Saýmaýar. Öz adynyò yzyndan «jyk» goºulmasyny hijem halamaýar. Ýaº çaga enesi-atasyny has gowy görýändir. Näme diýip? Birinjiden, ene-ata eýýäm gojalan adamlar. Olar çagajygyò ejesi, kakasy ýaly gije-gündiz iºli, aladasy baºyndan agdyk däl. Ene-atanyò pähim-parasady ýaºaýºyò çürbaºyna baran, olaryò boº wagty kän. Iò esasam, olar çagany çagasyratmaýar. Gürleºeninde edil uly adam bilen gürleºen ýaly gürleºýär, söýeninde ýürekden söýýär, çaga diýip durman sala salýar, maslahatlaºýar. Çaganyò ejesiniò, kakasynyò weli wagty ýok. Ol oglunyò gündeligini görse-de, görmäge borçludygy üçin görýär, käýese sowuk käýeýär. Ýeòsesine çalyp goýbermegem hiç zatça bilmeýär. Çagasyna bir zaman özüne berlen umumy akyllary berýär. Çagasyna özüni görelde etmäge synanýar...

Aýdaly, çaga birinji synpa okuwa barýar. Ol jigileriniò ýanynda, okuwa barmaýan goòºy çagalaryò ýanynda eýýäm özüni uly adam saýýar. Öýde ejesem, kakasam: «Sen, oglum, ullakan bolduò, indi gowy okap, edepli bolmaly!» diýip öwredýär.

Garran adama: «Tüweleme, ýaº görünýäò!» diýeòde, gül-gül açylyºy ýaly, çaga-da: «Tüweleme, ullakan oglan bolupsyò!» diýip görüò! Gör, ol nähili hezil eder!

Garry bolsun, ýaº bolsun, çaga bolsun, parhy ýok, her kimiò göwni bar. Her bir çaganyò öz dünýäsi, öz arzuw-hyýallary bar. Çaga öz ýanyndan mydama özüni uly adam ýaly hasaplaýar. Göwnüni göteriò, çaganyò göwnem howaly bolmaly, özem!

«Ulaldanyò ogly ulalar» diýýändir halkymyz.

Men Gypjakda ýaºap, oba günemasyna öwreniºip baºlapdym. Babamlardan iki-üç öý aòyrda bir gojanyò öýüniò golaýyna, ýol ýakasyna ýaºulular üýºüp, mesawy gürrüò ederdiler. Men ses-selemsiz baryp, arka tarapda oturyp, aksakgallaryò gürrüòini diòlärdim. Bir gezek bir köseleç ýaºuly:

— Äl-äýt, inim, ýumruk ýaly bolup ýaºulularyò ýanynda körüò barmy? — diýdi.

Men gaty ýokuº görüp, ýerimden turdum weli, Iºan aga diýilýän ýaºuly:

— Otur, oglum, otur! Aksakgallaryò gürrüòini, söhbetini diòlemegiò sogapdyr... — diýip, köseleç ýaºula ýüzlendi: — Meret, senem yzgytsyz-ow! Hany, aýt, sen öýde agtyklaryòa diýeniòi diòledip bilýärmiò, bilýän dälsiò?! Gör ahyry, bu boljak oglanyò özi öz aýagy bilen gelip diòleýär...

Köseleç ýaºuly gepini gögertjek boldy:

— Aý, Iºan aga, her hili gürrüò edilýär... Özi ýaly oglanlar bilen oýnasa...

— Sen aksakgal-a, bir syrgynyò ýaºulusy bolup, her hili gürrüò etmeli däl, Meret... Annanyýaz baý aýatda diri bolanda bu oglan seni, meni diòlemäge hem gelmezdi...

Köseleç ýaºuly lah-lah güldi:

— Annanyýaz aga bolanda kim geplärdi... Haý-haý, sözi manyly adamdy-ow...

Iºan aganyò arkamy almasy, üstesine atamy ýatlamasy meniò depämi göge ýetirdi. Köseleç ýaºulynyò soòky aýdan sözlerem, baºky yzgytsyzlygyny ýuwup goýberdi... Adamyò nämesi bar? Sähelçe göwni bar.

Çaga çaga diýmän, kim bolsa-da, nähili adam bolsa-da, mydama hoºamaý, mährem boluò! Mähremlikde Allanyò ýalkawy bardyr!

Çaganyò öz arassa dünýäsi, arassa, owadan göwni bar!

Çagany terbiýelemek üçin çaganyò dünýäsine aralaºmak üçin ýa-ha çaganyò özi ýaly päk, arassa, hyruçly, howalaly bolmaly, ýogsa-da çagany ulaldyp, ony öz derejäòe götermeli. Çaga esger däl, ony buýruk bilen terbiýeläp bolmaýar.

Men obada ýaºanymdan soò ozalky adamlaryò çaga terbiýe berºini gözüm bilen gördüm, ýaºululardan diòledim, taryhdan okadym. Türkmen oglunyò elini halallatdyranyndan soò, ýagny sünnet etdireninden soò naharyny onuò bilen bir tabakdan iýip baºlaýar. Ol ºoòa çenli ejesi bilen, özi ýaly doganlary bilen iýýär. Çaga kakasy bilen bir tabakdan nahar iýip baºlan günündenem gönüden-göni kakasyna meòzäp baºlajak bolýar. Töwirde kakasynyò el göteriºi ýaly göterýär, elini ýuwanynda hem kakasyna öýkünýär.

Görýäòizmi, ýönekeý türkmen däbi bilen çagany neneòsi terbiýeläp bilipdirler...

Çagany söýmeli, ezizlemeli, göwnüni görmeli, emma söýgiò bilen depäòe çykaraýmaly däl! Söýgi talapkär söýgi bolmaly!

Çaga ýaº baºyndan iº öwretmeli. Möjekleriò, gaplaòlaryò öz çagasyna aw öwrediºi ýaly, çaga iºläp iýmäni öwretmeli! Iºlemäni öwrenen çaga hiç haçan hor bolmaz!

* * *

Men çagalygymdan iºe werziº boldum. Iºe werziº bolan adam öz edýän iºinden aýratyn lezzet alýar. Lezzet berýän iº bolsa, ýadatmaýar.

Babam mellekden ot orsa, men hem oragymy alyp, girerdim ýorunjanyò bir gyrasyndan. Daýhan adam ýorunja oranynda kökünden orýar, asyl yzy gara-gyzyl gum bolup barýandyr. Ýorunja ºeýdip orulsa, azyndan alty-ýedi gezek orulýar. Bir ekilen ýorunja alty-ýedi ýyl könelmeýär.

Köne halk-da, oba adamlary haýsy iºiò ýanyna barsa, ºol iºe dahylly ençeme rowaýaty bardyr. Ýorunja barada hem bir rowaýaty ýatlap geçeýin.

Hekaýat: bir zaman bir çarwa adam ýesir düºýär. Alamançylar ýesiri bir baýa satýarlar. Baý adam bolsa mekir eken.

— Han ogul, ºu ýorunjany orup gurat-da, öýüòe gaýdyber — diýipdir.

Hälki çarwa adam bolsa ýorunjany guratjak bolup kökünden orýarmyº, yzyny gyzyl gum edip. Kökünden orlan ýorunja bolsa, kök ýaýradyp, körpeläp bir çykýar weli, göwnüòi göterýär.

Alymlar ýorunja orýan maºyny oýlap tapdy-da, ýorunjanyò iºi gaýtdy, ýylaºa, iki ýylaºa ekäýmeseò, gap bilinden orlan ýorunja derrew guramak, könelmek, uçmak bilen. Gap bilinden orlan ýorunja ýylda aòry gitse dört ýola oruma ýaraýar.

Obada bolsa iº tükenmeýär. Pasylma-pasyl aýlanyp duran ýylyò her paslynyò öz iºi bardyr. ªonuò üçinem: «Çopan iºden garda dynar, daýhan görde» diýilýär.

Ýeriò gadyryny daýhan adamlar bilýär. Meniò babam hem daýhan adamdy. Ol ekinler ýygnalansoò, mellegimizi suwaryp, taba gelen badyna birlaý agdaryp çykýardy. Bu ýyl melleginiò günbataryndan agdarsa, indiki gezek gündogaryndan günbatara agdarar. Agdarylan ýeriò gumy bir-de ilerik süýºer, bir-de gaýrak. Howa sowukdyr, sen bolsa garader bolup iºleýänsiò. Derledigiòçe iºe gyzyºyp, sagdynlaºyp barýansyò. Iº görmedik bolsaò, aýaòyò içi pakgyk-pakgyk pakgarar. Gabarçagyò bire-bir melhemi bolsa gara deriòdir...

Eºekli, ýabyly azallap ýerini sürýänem kändir, ýöne baºaran adam öz eli bilen agdaryp çykar. «Ýeri güýz sür, güýz sürmeseò ýüz sür» diýip, örän ýerlikli nakylam bardyr. Güýzde bir gezek süreniò baºga wagtda ýüz gezek süreniò bilen barabar bolýarmyº. Sebäbi güýzde agdarylan, sürlen ýer gyºyò aòzagynda doòýar, ýagºyò suwunda ýuwulýar, dökünlenilýär. Doòakçylyk günleri ýeri tagtlap suwarýarlar. Melleginde buz doòduryp bilseler, buýsanýarlar. Ýazyò demi ýaýrap baºlanyndan ýaòadan suw tutup, taba geldigi agdararlar. Gözüòe söweýin toprak mähir bilen endiräp durandyr.

Gyºda mellekdäki agaçlar, üzümler hem gyrkylýandyr. Ýöne gyºyò soòragynda ýaza tabyn çaglary.

Hekaýat: gadym zaman bir daýhan öz mülkünde goºa öküzi bilen ýer sürüp ýören eken. Daýhanyò mülki obadan alysdamyº. Ine, günleriò bir güni ºol ýer sürüp ýören daýhanyò ýanyna bir gedaý barýar. Gedaý:

— Men aç, men gedaý, sen maòa pul ber! — diýýär.

— Pul gerek bolsa, agºam öýüme bar. Men iºläp ýörün, meniò ýanymda pul näme iºlesin?! Görmeýärmiò, men bugdaý ekýän...

— Onda sen maòa tohumlyk bugdaý ber! — diýip, gedaý alarladyp barýarmyº.

— Seniò akylyò nirede? Heý, tohumlyk bugdaýy hem iýip bormy? Tohumlyk bugdaýy iýen ile açlyk gelýändir... Seò döw ýaly janyò bar eken. Senem il ýaly iºläp iýäýseò bolmaýarmy?

— Meni Hudaý gedaý edip ýaradypdyr, men iºläp iýsem, gedaýçylygy kim etsin? — diýip, gedaý ýeò bererli dälmiº. Soòra ol: — Men ýadap-aryp geldim, ýatyp dynjymy alaýyn, agºam öýüòe bile gideris, puly ºonda alaryn — diýipdir.

Gedaý mülküò gyrasyna çykyp ýatypdyr. Ýer sürüp öküzleri halys ýadan daýhan öküzleri boºadyp, garbanmaga kowup, özem ýuwnup öýlänlik namazyna durýar. Öküzleriò biri otlap, gedaýyò ýanyna barypdyr, onuò goºhaltasyndan çöregiò ysyny alyp, ukuda ýatan gedaýyò çöregini iýipdir. Daýhan namaz okap durka bu ahwalaty görýär, emma musulman kiºi nädip namazyny bozsun!

Daýhan namazyny tamamlan badyna, ylgap baryp öküzini kowýar. Gohuna ukudan oýanan gedaýyò üstüne hem gygyryp baºlaýar. Gedaýyò gahary gelýär:

— Seniò öküziò meniò barja nanymy iýdi. Sen onuò bahasyny tölejek diýmeden geçen, meniò ýakamdan alyp, gygyryp durmaò näme? — diýipdir.

— Sen meni öküzden aýyrdyò, neneò onsoò men saòa gygyrmaýyn?

— O nähili men seni öküziòden aýrypdyryn?

Daýhan:

— Men muòa göleliginden baºlap, iºläp iýmäni öwredipdim. Ol seniò çöregiòi iýdi, indi onuò gözi kesekiniò goºhaltasynda bolar. Bu öküzi satyp, baºgasyny alaýmasam, indi bu iºläp hezil bermez — diýenmiº...

Iýjek çöregiòi gazanyp iýseò, ol halal çörek bolýar. Halal çöregiò bolsa hümmetem, lezzetem baºgadyr!

Geýjek geýim-gejimiòi gazanyp alan puluòdan geýseò, ol geýim-gejim ýaraºyklam bolar, arzylam bolar, aòsat-aòsat könelmez hem.

Emma, men biljek däl, haçan türkmen haram iýmäni öwrendi?! Meger, baknalyk ýyllary öwrendi...

Adam toprakdan, suwdan, otdan, howadan ýaradylandyr.

Toprakda bolsa ajy-da, turºy-da, ºor-da ýeterlikdir. Gara deriòi döküp, endamyòdaky ºory ýok etmeseò, maòlaýyò ºor çykaýmagy daºda däldir. Ajyòy, turºyòy diòe garader bilen aýryp bolýandyr. Toprakda haºal ot-çöplerem köp bitýär. Sen toprak bilen bagryòy badaºdyryp, toprakdan ryskyòy gazanmany öwrenseò, toprak ýaly mähriban, toprak ýaly agras, toprak ýaly miweli bolarsyò. Seret, daýhanyò mülkünde nähili naz-nygmatlar kemala gelýär?! Adam ogly toprakdan naz-nygmaty kemala getirmegi öwrenip, öz durmuºyny, ýaºaýºyny, ömrüni süýjüdýär...

Hormatly ata-ene! Seniò alyn deriò, zähmetiò, asylly gylyk-häsiýetiò perzendiò üçin mekdepdir. Goý, seniò mekdebiò perzendiòi bagtly, ilhalar adam etsin!

* * *

Türkmene belet bir jahankeºde akyldar: «Türkmen bu dünýä söweºip, mertlik görkezip, jeòde-ýowda ölmäge geläýen ýaly...» diýipdir. Baºga bir akyldar: «Türkmen bu dünýä toý-baýram, ºatlyk edip, gazananyny sowurmaga geläýen ýaly...» diýipdir.

Türkmen toý tutar: «Oglum boldy», «Gyzym boldy» diýip, toý tutar, çileden çykdy diýip, toý tutar, gülüp berdi diýip, toý tutar, çagajygyò galpagyny daýysyna syrdyryp, toý tutar, inji berip, toý tutar, ýörjen-ýörjen boldy diýip, toý tutar, diº çykdy diýip, nogul-nabat seçip, toý tutar, sünnet etdirdim diýip, toý tutar, ata çykdy diýip, toý tutar, garaz, türkmeniò toýy-baýramy köpdür, gaty köpdür...

Türkmeniò baº dilegi: «Gazananyò toýuòa ýarasyn!» diýmekdir.

Hazyna, gazna sözleri hem türkmeniò gazanmak sözündendir.

Bakyò daglara, ak garly daglara bakyò, olar baºyna jowur ak buludy alyp, köne dünýäniò täze ruhy ýaly baºyny belent tutup otyr. Bakyò, jülgelerde hellewleºip oturan daragtlara! Ol daragtlar ýeriò gursagyna köküni urup, ýaºaýºyò ýaºyl tugy ýaly parlap otyr! Bakyò, güllere, ot-çöplere, ählisi adaja ºemala yraò atyp, Zeminiò tugy ýaly pasyrdaºyp otyrlar.

ªu Zeminde, ºu päk, owadan toprakda dünýä gelip, päk zähmet çekmeseò, dünýä sazlaºygyna goºulyp bilmersiò! Dünýä hereket dünýäsidir. Ol ýaºamak üçin ösmelidir, ot ýaºamak üçin ýanmalydyr, suw sadyr atmazlyk üçin akmaly, hereket etmelidir. Ýatyp adam bolan ýokdur. Ýatyp iýen, iýip ýatan — bizden däldir! ªu päk diýarda päk doglup, päk bolup hem topraga garylmak miýesser etsin!

ªu päkize toprakdan päkize nygmat iýip, päkize bolmasaò, dünýäden däl, senden aýypdyr, türkmen! ªu datly topragyò nazy-nygmatlaryny iýip-içip, süýji adam bolmasaò, nazy-nygmatdan däl, senden aýypdyr, türkmen!

Ýurduò ykbaly — biziò golumyzda. Biziò alnymyzda müò sany borç dur, ýene ºol borçlaryò birinjisi — çagalara bagtly, ganatly, hyýalkeº çagalyk bermekden ybarat.

Galpaklyja, gulpaklyja, posalajyk, naºyja çagalar!..

Sen iºden ýadap, durmuº aladasyndan aryp gelýänsiò, hanha, seni gören oguljygyò durºy bilen ºowhuna öwrülip, aýagaldygyna ylgap gelýär: seret, ol seniò dünýäòe ºatlyk, bagt bolup, göni okdurylyp girýär.

Sen keýpsizem bolsaò, ýaramaýanam bolsaò, ylgap gujagyòa dolan ogluòy goluòa al, sen ºonda durmuºyò, dünýäniò boýnuòa uran agyr ýükleriniò zym-zyýat bolup gidenini duýarsyò!

Sen ejesiò, sen düýn peri-peýker ýaly owadan gyz bolan hem bolsaò, bu gün sen goýny torsuk ýaly posalak çagaly enesiò. Sen Aýyò parçasy ýaly gyzjagazyòy, Günüò bölegi ýaly ogluòy gujagyòdan düºürme. Ýaòy goýnuòdan bölünen çaga üçin seniò goýnuòdan asuda, seniò goýnuòdan mährem, seniò goýnuòdan ygtybar, seniò goýnuòdan eziz ýer ýokdur!

Çagajyk seniò goýnuòa dolanynda — seniò goýnuòa bagt, dünýäniò iò beýik bagty dolar, çagajygyò dünýäsi bolsa mähirden, lezzetden püre-pürlener.

Seniò gujagyòdaky çagajygy seniò mähriò, söýgiò dünýäniò ähli bela-beterlerinden, kesellerinden aman saklar!

Seniò gujagyòdaky mähre, söýgä, lezzete dolanan çagajygy hatda goly permanly Ezraýyl hem alyp bilmez!

Sen atasyò, sen düºbüje agtygyòy gujagyòa alyp gataòsy, emma mähriban aýalaryò bilen ýüpek ýaly saçyny sypala! Goý, seniò gabarçakly gollaryò agtygyò beýnisinde ata-babalardan nesilme-nesil geçip gelýän akyl-paýhasy oýarsyn!

Sen agtygyòa ýowuz geçmiºiòi ertekä, owadan ertekä öwrüp aýdyp ber, ºonda seniò agtygyò kämil çykyp, geljegiòi ajaýyp erteki edip, saòa gaýdyp berer.

Sen agtyjagyòy gujagyòa alyp söý, ºonda seniò göwräòden müò arkanyò güýç-kuwwaty çagajygyò dünýäsine dolar, çagajyk bolsa indiki kowum-hyºdynyò söýgüsini, güýç-gudratyny seniò gursagyòa doldurar.

Sen enesiò, arlykdan çykan çagajyk ene mährine dolanyp dünýäniò lezzetini alar. Seniò agtygyò seniò mähriòden ganyp, seniò dideleriòden suw içer. Sen mähriban aýalaryò bilen sypala, agtygyòy sypala, sen ºonda agtygyòy däl-de, gartaºan ýüregiòi sypalap oturanyòa göz ýetirersiò.

Dünýäde gujagy torsuk ýaly bäbejikli gelinden, arkasyna agtygyny hopba edip barýan ak saçly eneden, agtygynyò golundan tutup barýan gojadan beýikde hiç hili gözellik ýokdur!

Söýgini söýgi bilen oýaryp, söýgini söýgi bilen ganatlandyryp bolýar. Söýginiò, mähriò möwç urýan ýerine derdem gelmez, bela-beterem!

Eý, goç ýigit, eý, Aý ýaly uýam, eý, mähriban ene, eý, gujurly, dana atam, siz gujagyòyzda ogluòyzy, gyzyòyzy, agtygyòyzy däl, Garaºsyz Türkmenistanyò geljegini ganat bagladyp uçuryp ýörensiòiz!

Siziò teleýaýlymlarda, sahnalarda aýasy bilen sypap, müºderileriniò derdini bilip, ºol dertden gutarýan «gudratly» adamlara gözüòiz gitmesin. Siziò öz gollaryòyzda islendik «gudratly» kiºiniò güýjünden müò esse güýçli gudratyò bardygyny unutmaò!

Söýüò, söýlüò, türkmeniò Geljegini söýgüden, mähirden, pähimden, parasatdan, gudratdan bina ediò!

Men size ºu ýerde «Durmuº sapaklary» atly ýatlamalar kitabymdan «Tudana sapagy» atly hekaýamy gürrüò bermek isleýärin.

Durmuº — ýokary mekdep. Durmuº üznüksiz öwredýär, üznüksiz sapak geçýär. Durmuº geçirimlilik etmeýär, hamraklygy bilmeýär. Onuò käbir sapaklary ºeýle bir ýowuz, ºeýle bir ýowuz, hiç wagt ýadyòdan-aòyòdan çykmaýar. Durmuº özüniò ºol ýowuz sapaklary bilen adamyò garaýºyny, käteler edim-gylymyny düýpgöter özgerdip goýberýär. Durmuºyò ýowuz sapagy sende täze asyllylygy, seresaplylygy, edehädi oýarýar, garaýºyòy özgerdýär, täzeleýär.

Allatagala adamy bu dünýäniò patyºasy edip ezizläpdir, ol özüniò periºdelerini-de adamyò hyzmatynda goýupdyr. Diòe bir periºdeler däl, ähli tebigat, ähli haýwanat dünýäsi-de adamzadyò gullugynda.

Allatagala her bir ýaradan, döreden zadyna hikmet beripdir. Adam ºol hikmetleri okamagy baºarmaly.

Men häzir tut hikmeti hakda aýtmak isleýärin. Oguz han eýýamyndan bäri tuduò altmyº görnüºi emele gelipdir: peýwendi, ºatut, balhy, gaýçy, nar güýzeki, gyzylaýak, bagabat tutlary...

Tuduò özge daragtlardan parhlanýan bir alamaty bar: ol ähli daragtlardan soò güle — hasyla durýar we ähli daragtlardan öò hasyl berýär.

Tiz hasyla durmak, gysga döwür içinde ýetiºmek — ine, tut hikmeti. Tuduò bu hikmeti maòa diýseò ýaraýar.

Ýöne meniò söhbetim tuduò bu hikmeti hakynda däl-de, mende galdyran ikinji hikmeti hakda.

Biziò iºigimizde äpet ºatut ösüp otyr. Onuò her biri mäºirik deýin tudanasy baldan datly. Tudana biºende hünji deýin lowurdap, kalbyòy heýjana salýar. Agzyòda eräp gidýän baly goýalyºan tudana iýmegiò lezzetini hiç bir zat bilen deòär ýaly däl. Özem tuduò üstüne çykyp, özüò sapagyndan ýolup alyp iýeniòde, dogrusy, onuò süýjüligine süýjülik goºulýar. Tuda çykyp, tudana iýmegiò lezzetini iýip görenler bilýändir.

Geçen ýyl tudumyz ºeýle bir tudana getirdi, heý, goýaý. Üç dogan bolup her gün okuwdan soò tutdan düºmedik. Baly goýalyºyp, aºak gaçanlary serip, kakatdyk. Onuò süýjüligi nogul-nabady gaýra duruzýar. Geçen ýylky süýjüligi ýatlap, bu ýyl her gün okuwdan gelip, tudanalara seredýärin. Entek gök görünýär, doly biºmändir. Doly biºende tuda ak merjen dakylan ýaly bolýar-a, lowurdaºyp, öwüºgin atýar.

Dynçgüni oòat biºmedigem bolsa, tudana iýesim geldi.

Men tuda dyrmaºyp çykdym.

Ine, seteran tudana.

Ýöne gök-dä.

Tudana biºende, sapagyndan aòsatlyk bilen üzülýär, ýöne biºmedik bolsa, sapagyndan üzmek kynrak bolýar.

Tuda dyrmaºmagyòam, tuduò depesinden töweregiòe syn etmegiòem öz lezzeti bar.

Men tuda çykyp, ilkinji tudanany agzyma atdym.

Turºuja!

Bu turºulyk iýmezçe däldi.

Turºulygyòam özboluºlylygy bar.

Birini iýdim, soò ýene birini, soò ýene birini...

Ullakan ºaha aýagymy basyp durun.

Tut ºeýle bir ýaýbaò, ºahalaryò üsti bilen ýöräbermeli.

Ilki ºaha aýagymy basyp, saldarlap görýärin: ºaha meni göterermi? Göterer diýip pikir etsem, ºaha aýak basýaryn. Köplenç, iki aýagymy bir ºahada saklamajak bolýaryn. Men muny bir ºaha döwüläýende-de, ikinji ºahada galmak üçin ºeýdýärin.

Ýöne, elbetde, boljagy bardyr-da, tudana kelläm göçüpdir. Duran ýerimde tudana azalansoò, biraz öòe süýºmekçi boldum. Öòümdäki ºaha oòat seretmän aýagymy basdym. Wah, seretjek welin, ol ýerde ºeýle bir tudana kän, ºeýle bir tudana kän, heý, goýaý. Meniò bar ünsüm ºol tudanalara gönükdi, ºonuò üçin basan ºahamyò göterjegini-götermejegini seljerjek bolup durmadym. Köplenç, iki ºahanyò üstünde durýandyryn welin, o tudanalak ýerde aýak basar ýaly iki ºaha hem ýok eken. Diòe bir ºaha bar. ªol ºaha aýak basyp, tudana el uzatdym.

Elim ýetmedi, çünki üstünde duran ºaham ºakyrdap döwüldi. Men çem gelen çybykdan aslyºdym.

Ähli zat göz ýumup-açasy salymyò içinde bolup geçdi: gaýtdym kelemenläp aºak.

Aºakda ýatyryn.

Ejem bilen doganlarym ylgaºyp geldiler.

Çep bilegim döwlüpdir.

Tas bir aýlap diýen ýaly seýikli gezdim.

Ýöne tutdan ýykylmagym maòa uly sapak boldy: näme iº etjek bolsam, ilki iºi kemsiz biºirýän. Soò aýak basjak «ºahamy» gowy saldarlap görýärin, «ºaha» meni göterjekmi?

Mydama «ºahanyò» göterjek iºini edýärin.

ªo-ol çagalyk ýyllaryò bu wakasy meniò kämilleºmegimde, her bir iºe hüºgär çemeleºmegimde tapylgysyz sapak boldy.

* * *

Dünýä gelip, ýaºap baºlan her bir adamyò ilkinji mugallymy ene-atasy bolýar. Ene-ata, maºgala çaganyò edep-terbiýesiniò esasyny düzýär. ªonuò üçinem, türkmen adama baha bereninde aòyrsyna seredip, baha berýär.

Ene-ata mekdebinden soò orta mekdep, soòra ýokary mekdep çaga edep-terbiýe berýär. Käbir adam ýokary bilim alansoò, ylmyò çür depesine çykyp, aòyrda özüniò bilmeýän zady bardyr öýtmeýär. Käbir adam bolsa, ýokary mekdebi tamamlanyndan soò, tä ömrüniò soòky gününe çenli ylym-bilim almagyny dowam etdirýär.

Hakyky ylymdar adamlar bolsa ylym aldygyça, az bilýändigine akyl ýetirip, gije-gündiz ylym almagyny dowam edýärler.

Adamzat kämillige ýetiºdi. Sokrat, Aristotel, Al-Horezmi, Zamahºary, Magtymguly, Eýnºteýn ýaly müòlerçe akyldarlaryò paýhasy bu günki ýaºaýºyò binýady. Her jümlesi göwher dänesi ýaly gymmat alymlar, akyldarlar, ºahyrlar ýüz müòlerçe. Olaryò haýsy birini okap çykarsyò. Emma olar hem düýnüò akyldarlary. Ol akyldarlary okap, kämillige ýetilýär. Kämillige ýeten kiºileriò mugallymy kim? Durmuº, dünýä, älem! Dünýäniò baº mugallymy, halypasy tebigat: janly-jandarlar, ot-çöpler, tebigy hadysalar. Geçen asyryò altmyºynjy ýyllaryna çenli adamzadyò iò hatarly keseli — inçekeseldi. Emma dermanynyò tapylmagy bilen inçekesel diýilýän beladan üstün çykyldy. Onuò deregine adamzada düwnük keseli apat bolup, howp salyp baºlady.

Näme diýip beýle bolýar?

Adam tebigatyò önümi. Tebigatyò perzendi!

Adam tebigatyò kada-kanunlaryna eýerip, tebigatyò kada-kanunlaryna tabyn bolup, sazlaºykda ýaºamagy baºarmaly. Tebigat — adamzadyò baº mugallymy.

Her bir türkmen raýatynyò nahal ekmegini, Türkmenistan ülkämiziò bagy-bossanlyga bürenmegini ýola goýduk. Ülkämiziò bagy-bossanlyga bürenmegi — bu raýatlarymyzyò kalplarynyò bagy-bossanlyga bürenýänliginiò alamaty bolar. Altyn ruhly altyn ýaºaýºymyza kybapdaº tebigatymyz bolar.

Bag ekmäge bolan küýsegimiz — ruhy dünýämizi baýlaºdyrmaga, gözelleºdirmäge küýsegimizdir.

Bag ekmek, baga idi-yssuwatlyk etmek edebi ruhy galkynyºymyzyò altyn miweleridir.

* * *

Eý, ata-ene!

Durmuº sungatdyr. Bu sungatyò kämillik derejesiniò gönüden-göni seniòem elleriòe, paýhasyòa we erkiòe baglydygyny unutma! Sen öz elleriò, paýhasyò hem erkiò bilen perzendiòi sungat eserini döreden ýaly döretmelisiò, kemala getirmelisiò!

Alla saòa indi amal bolmaly bary-ýogy mümkinçiligi berendir, tebigat saòa indi jisime öwrülmeli bary-ýogy maddany berendir, durmuº saòa indi kemal etmeli bary-ýogy bikemallygy berýändir. Perzendiò sensiz öz-özünden — senden baºga ºertleriò täsiri arkaly kemal tapmak mümkinçiligi bir esse, sensiz bikemal galmagy bolsa ýüz essedir.

Senetkäriò öz eserinde özüniò durmuºynda ýetip bilmedik oòatlyklaryny döreden keºbine berºi ýaly, sen ata-enelik terbiýäò arkaly perzendi özüòden has kämil adam edip ýetiºdirmelisiò.

Biziò artykmaçlyklarymyz hem kemçiliklerimiz perzentlerimizde dowam edýändir. Perzendiòe haýpyò gelsin, kemçilikleriòden saplan!

Ata-ene bolmak uly bagt hem-de ummasyz uly borçdur. Bu diòe bir nesil dowamatyna gatylmak däldir. Bu adamzady döretmek sungatyna dahylly bolmakdyr.

Adamzady döretmek sungaty — perzent terbiýelemek iºidir.

Türkmenler perzent terbiýesine aýalyò göwresinde çaga galan gününden baºlapdyrlar.

Ata-ene edebiniò ºertlerini-de ºol günden berjaý edip baºla!

Türkmen göwreli aýala «Toýly aýal» diýýändir. Biziò bu milli garaýºymyzda türkmeniò adamzat dowamatyna bolan guwanjy ýüze çykýar.

Aýalyò iò bagtly döwri göwrelilik döwrüdir.

Aýalyò iò owadan mahaly göwreli mahalydyr.

Göwreli aýal ýaòy gunça düwen bägüli ýatladýar.

Bägülüò açylyºy beýik gözellik, onda Allanyò syry bar. Adamyò dünýä inmeginde hem ýürek gopduryjy gözellik hem-de düºündirip bolmaýan gudrat bardyr.

Aýal göwreli bolandan soò, ata özüniò atalyk aladalaryny berjaý edip baºlaýar. Aladalar edep bilen berjaý edilmelidir. Ata öz ýanýoldaºynyò beden saglygy, geljekki perzendiniò ruhy saglygyny alada etmelidir. Türkmençilikde göwreli aýaly aýratyn naharlar bilen naharlaýarlar, agyr hem ownuk-uºak zähmetden gorap saklaýarlar. Geljekki perzendiò görmegeý hem sagdyn bolmagyny isleseò, göwreli aýalyòa saýlap-seçip alan miweleriòi iýdir. Türkmeniò göwreli aýal bilen baglanyºykly aòlatmalarynda bir täsin zady görýärin: ºol bir hadysanyò hem umumy aòladylyºy, hem-de juda sypaýylyk, aºa medeniýetlilik bilen aòladylyºy bar. Men muòa türkmen göwnüniò näzikliginiò, türkmen kalbynyò mähremliginiò ýüze çykyºy diýýärin. Adatça, göwreli aýal diýilmez, toýly aýal diýler. Adatça, aº saýlaýar diýilmez, agzy bimaza diýler. Gör-ä, ºol bir many, emma nähili sypaýylyk, nähili gözel inçelik, aýala bolan nähili söýgi bar! Diòe aýalyò öòünde togap ediji millet ºeýle aòlatmalary tapyp biler.

Aýalyò agzy bimaza döwründe oòa iò süýji, iò ýokumly nygmatlary tapyp ber!

Aýal göwrelikä, onuò bäbegi kyrkçileden çykýança, oòa ýaºuly aýallaryò biri ýörite gözegçilik edýär. Ylaýta-da, onuò agzyna seretmeli. ªeýle-de, ýaºuly aýal, köplenç, ýakyn garyndaºy oòa ºol özboluºly döwürde höwür bolýar. Türkmen zenany utanjaòdyr, uýatlydyr, ol göwrelikä ata-enesi, gaýynata-gaýynenesi-hä däl, hatda adamsyndanam birhili uýat edegen bolýar. ªonuò üçinem, ýanynda ýaºy durugºan bike aýal bolsa, onuò üçin juda oòatdyr.

Eý, ata!

Çagaò ahlagynyò aladasy ol dünýä inmänkä baºlanýandyr. Bu barada men saòa bir hekaýaty gürrüò bereýin. Ol aslynda durmuº hakykaty bolup, soò türkmen ahlagynyò gözelligini beýan edýän hekaýata öwrülendir.

Beýik türkmen akyldary Döwletmämmet Azady oglan okatmak bilen ýalkanan kiºidir. Perzendi ýedi ýaºa ýetenden ata-eneler çagalaryny Azadynyò ýanyna getirip:

— Ahun aga, ºu dogmamyza edep hem ylym beräýseòiz — diýer ekenler. ªonda akyldar: — Ylym bereýin, sebäbi ylym almagyò ýaºyna ýetipdir, emma edep has ir — çaga göwrede galan gününden baºlanýandyr — diýer eken. ªonuò üçinem, ºu wagta çenli nähili terbiýe beren bolsaòyz, maòa ºony kämilleºdiräýmek galýar. Adam — agaçdyr. Oòa nowçalykdan, körpelikden ideg etmeli. Agaç ep-esli boý alyp, egri ösüp ugransoò, düzetmek hyllalladyr.

Adam näme bilen bekese, ºonuò bilen ömrüniò ahyryna çenli gider.

«Aýaly — baºdan, çagany — ýaºdan» diýleni, aýala gelin bolup gelen gününden, çaga-da göwrede galan gününden ideg-yssuwat etmeli diýildigidir — diýip, beýik Azady öwredipdir.

Bir gezegem ol öz atasyndan eºiden ºu wakasyny gürrüò beripdir.

Magtymguly ýonaçylaryò obasynda juda halalhon kiºi ýaºaýan eken. Ýatanda-turanda «Hak!» diýip ýören kiºiniò ömründe özi üçin juda ýakymsyz waka bolup geçipdir. Ol bir gezek tötänlikden öz oglunyò goòºularyò bagyndan ogurlyk edenini görüp, heýhaty uçupdyr. Öýüne gelip, aýalyna gürrüò beripdir. Iki bolup bu gelºiksiz hereketiò — özlerine
mynasyp däl wakanyò sebäbini özlerinden gözläp ugrapdyrlar. Birdenem, sebäp aýalynyò ýadyna düºüpdir. Ol:

— Kakasy, günä mende. Men ºu oglan göwrämdekä, agzym bimaza günleriò biri göwnüm gidip, eýesinden soraºman, goòºymyzyò bagyndan alma ýolupdym — diýipdir.

Bu wakada uly hikmet bar. Beden halal bolmasa, ruh halal bolmaz. Ruh halal bolmasa, beden arassalanyp bilmez. Adam beden bile ruhuò ýönekeý jemi däl, olaryò täsin, göze görünmez utgaºygydyr. Bularyò nirede haýsynyò gutaryp, haýsynyò baºlanýandygyny aýtmak çetin. Beden bilen ruhuò serhedi bize görünýän dünýäniò o tarapyndan geçýändir.

Perzendiò binýadyny halaldan tut!

Halal iýdir, halal geýindir, köòlüne halallyk guý!

Haramlygyò netijesi — biedeplik, halallygyò netijesi edeplilikdir. Edep perzendiò bagtynyò girewidir!

Bagt hem, betbagtlyk hem azaºyp gelýän däldir. Halal, edepli bolsaò, bagtyò özi geler, çünki halallyk bagtyò küýsegidir.

Haram, biedep bolsaò, betbagtlygyò özi geler, çünki haramlyk betbagtlygyò iýmitidir. Perzendiòden haramlygyò ysy kükäp dursa, alnyndan betbagtlyk aýrylman geçer!

Adam ömrüniò baºky üç müçesi — çagalyk hem ýetginjeklik müçeleri adam balasynyò edep-terbiýä mätäç döwrüdir. On üç ýaºa çenli bolan çagalyk müçesi perzende has ünsli, has eserdeò garalýan döwürdir. Ýedi ýaºa çenli oòa ºulary bagyº et:

doglanda, toý edip, uly iliò maslahaty bilen gözel at dak!

Bedenini mata gundagy, kalbyny hem akylyny edep gundagy bilen gundagla!

Eý, ene!

Seniò halallygyò çaganyò kalbyny göz-dilden gorap saklajak iò uly keramatdyr!

Biziò haýwanatdan perzent terbiýesi meselesinde alyp biljek uly göreldämiz bar — olam çagany ýürekden söýmekdir. Çaga siziò söýgiòiz bilen boý alýandyr.

Söýgiòizde gazaply hem akylly boluò!

Çagany öz endikleriòize örkläp hem goýmaò, emma ony baºyna-da goýbermäò!

Çagaòyzyò özgeleriò çagasyndan artykmaçlygy bilen magtanmaò! Siziò tarapyòyzdan artykmaçlyk — edebi hem akyly köp bermekdir. Ylaýta-da, çaganyò görk-görmegi bilen öwünmek türkmende juda gelºiksiz görülýändir. Söýgiòizi göwnüòizde besläò, emma iliò ýanynda pespäl boluò! Çagany söýüò, emma söýýändigiòizi onuò özüne bildirmän söýüò!

Daragtyò boý alºy tohumyndan soò toprakdyr suwuna, ºeýle-de bagbanyò jepakeºligi bilen ussatlygyna baglydyr. Tohum barasynda ºuny aýdaýyn:

adama atadan gylyk-häsiýet, eneden bolsa zehin geçýändir.

Perzendiòe salamlaºmagy öwret! Ony adamlardan däl, garasöýmezlikden halas etjek bolup çalyº!

Perzendiòe oòat bilim ber! Nadan ogul ene-atasyna seretmez.

Iò ilkinji miras hem iò ýagºy miras, hemiºe täze miras hem hiç mahal tükenmez miras — edepdir! Çaga bilimden, hünärden, zat-baýlykdan has öò berilýän miras — edepdir! Diòe ilkinji mirasyò gadyryny bilen perzent soòkularyò gymmatyna düºünip biler. Edep bermän, pul bermek, bilim bermän, mülk bermek çaga ýarag beren bilen deòdir.

Perzendiòe hünär ber!

Hünärsiz kiºi — miwe getirmez daragtdyr.

Ýetginjeklik müçesi çagany terbiýelemegiò has kyn döwrüdir, çünki ºonda onuò ºahsyýeti kemala gelip ugraýar, bu bolsa hemiºe agyryly hadysadyr. ªol döwürde sen oòa adam çykmaga kömekleºmelisiò. Öz ugruna kowan ýaly et-de, tanapda sakla, bagda saklan ýaly et-de, ugruna goýber! On dört ýaºa çenli perzendi ata bilen ene bileleºip terbiýeleýärler. On dört ýaºdan oglana, köplenç, atasy garaw bolsun! On iki ýaºdan gyzyna, köplenç, enesi garaw bolsun!

Atasy çagasynyò gulagyny ynjytman burmagy baºarmalydyr, enesi çaganyò gulagyny burup, ynjamagy baºarmalydyr.

Bilim hem hünär alyp, kämil ýaºa ýetenden soò, göwnüòize makul bilseòiz, özi mähetdel bolsa, perzendi öýer, gyz perzendiòi durmuºa çykar! ªonda aljak gelniò, edinjek giýewiò boý-syratyna-da, akylyna-da, gylyk-häsiýetine-de seretmelidir.

Perzendiòi öýli-iºikli et!

Kemally ata-ene perzendini ömürboýy terbiýelär, ýöne ýigrimi bäºe çenli ata-enäniò özi perzende edep berer, ondan soò edebi perzendiò özi alar. Almaly zatlaryny wagtynda alyp bilmedik perzent bu meselede çalnyp, jäht etse, bu onuò adam boldugydyr.

Beýik türkmen piri Baýazit Bistamy çaga görse, gara çyny bilen, uly adam bilen gürleºýän ýaly, ähli ºertleri berjaý edip, gürleºer eken. Muòa geò galan sopulary:

— Eý, pirimiz, bu bir çaga ahyryn. Oòa munça zähmet nämä gerek? — diýenlerinde, pir:

— Siz nirden bilýärsiòiz, belki, men häzir geljekki beýik alym ýa beýik patyºa bilen gürleºýändirin, ºonuò üçinem hemme zat talaba we düzgüne laýyk bolmalydyr — diýipdir.

Eý, ata-ene!

Ata-enelik edebiniò bozulmaz ºerti pirimiziò ºol edähedidir.
 


SÖZBAªYLAR / Öý-iºik eºreti / Ata-ene mähri / Perzent edebi


 

 

«Ýaprak» žurnaly döwlete degiºli däldir we ähli toparlardan, guramalardan, partiýalardan we birleºiklerden garaºsyzdyr.
«Ýapragyò» buýsanýany türkmen halkynyò medeniýeti, sungaty we edebiýaty barada garaºsyz
alyp barýanlygydyr.
 

© Ýaprak