Türkmen ruhunyò beýikliginiò köp taraplarynyò ýüze çykýan,
köptaraply we çylºyrymly gatnaºyklaryò ulgamynyò belli
bolýan ýeri öý-iºikdir. Bu ýöne ýere däldir. Öý —
maºgalanyò ýaºaýyº mesgenidir. Biziò ömrümiziò köp bölegi
öýde — maºgalada geçýär. ªonuò üçinem, ruhubelentligiò,
eºretli ömür sürmegiò ºertleri san taýdanam, köp
jähetliligi taýdanam öý edebiniò ulgamy bilen
düzgünleºdirilýär.
Öý — öwlüýädir!
Türkmençilikde synmaz kanuna öwrülen bu
kesgitlemäniò anyk manysy öý — mukaddeslikdir diýmekden
ybaratdyr. Millet jemgyýetden ybaratdyr, jemgyýetiò esasy
birligi, jemgyýetiò esasy daýanjy bolsa maºgaladyr.
Jemgyýetiò ahlak, ruhy we edep kämilligi-de maºgalanyò
kämillik derejesine baglydyr. Jemgyýet maºgaladan
baºlanýar. Jemgyýeti sagdyn we arassa saklajak bolsaò,
maºgalany sagdyn hem arassa saklamaly. Jemgyýetiò
azmazlygyny isleseò, maºgalanyò azmazlygynyò aladasyny
etmeli. Jemgyýetde durnuklylyk, abadançylyk we parahatlyk
bolmagyny isleseò, maºgalanyò durnukly, abadan we parahat
bolmagyny gazanmaly. Jemgyýetiò dynçlygy we oòºuklylygy
maºgaladan baºlanýar.
Ýurtsuz millet bolmaýar, öýsüz hem
maºgala. Manyly hem ºireli türkmen dilinde ýurt sözüniò
esasy iki manysy bardyr. Birinjisinde ýurt milletiò öýi,
ikinjisinde bolsa ýurt maºgalanyò, neberäniò öýüdir.
Türkmen üçin iò eziz künjek ata ýurdudyr. Ataò ýurduna
bolan mähirli duýguda türkmeniò ata-baba gymmatlyklara
wepaly bolmak, ata-baba mukaddeslikleri, öten-geçenleriò
hakydasyny ýitirmän saklamak islegi ýüze çykýar. Öý-iºik
edebi-de hut ºol duýgudan baºlanýandyr. Bu edebiò iò
ilkinji ºerti-de ataò ýurduny taºlamazlyk, ata ojagyny
öçürmezlik ºertidir. Ýurt, jemgyýet bähbitli zerurlyk
ýa-da adatdan daºary ýagdaý bilen baglanyºykly päsgelçilik
bolmasa, hiç mahal ataò ýurduny, eneò ojagyny taºlap,
baºga ýerden öý tutunma!
Emma türkmen maºgalasy, adatça, köp
çagaly bolýar. Maºgala her näçe uly bolsa-da, bir gapydan
girip-çykmak, bir saçakdan çörek iýmek gadymdan gelýän
kadadyr. Alty-ýedi ogluny öýeren atanyò on-ýigrimi agtygy
bilen agzybirlikde ýaºaýºyny görüp, daºary ýurtlularyò
haýran galmalaryna özüm ençeme gezek ºaýat bolupdym. Ýöne
soòky ýyllar beýle ýaºaýyº ýörgünli däl. Ata öýeren ogluna
öý gurup berip, ak pata bilen özbaºdak durmuºa atarýar.
Türkmençilik düzgünine görä, ata ýurdy körpe ogla
galdyrylýar. Ala-böle ºeýle edilmeginiò sebäbini tapjak
bolup, oýlanyp gördüòizmi? Sebäbi ýaºlyk, körpelik maºgala
geljeginiò, nebere dowamatynyò nyºanydyr. Ata-babalaryò
ruhuny, dessuryny hut körpe ogul ilkinji bolup geljege
ýetirmelidir. Diýmek, türkmeniò bu dessurynda geçmiº bilen
geljegiò bitewiligine ymtylma bar. Bu bitewülik bolsa
bakylyga ymtylmakdyr.
Hiç bir sebäpsiz ata ýurduny taºlamak
atalaryò mazaryny unudan ýaly ýowuz biweçlikdir,
näletkerdelikdir. Türkmen muny uly betbagtlyk hasaplapdyr.
Türkmenistanyò çägindäki arheologik
gazuw-agtaryº iºleri täsin dessurlaryò üstüni açýar:
dört-bäº müò ýyl mundan ozal ýaºap öten ata-babalarymyzyò
çagalykda ýogalan perzentlerini jaýlaýyºlary häzirki
döwürdäkiden belli bir derejede tapawutly bolupdyr.
Ata-babalarymyz neresse çaganyò ruhy öý-öwlüýäni her hili
belalardan goraýandyr diýip hasaplapdyrlar. Olar neresse
çaganyò ruhy ata ýurdundan çykyp gitmek islemeýär diýip
düºünipdirler. ªonuò üçinem, öý gurmagyò ilkinji
adamkärçilik hem edep ºerti ata ýurdunda ýaºamak, eger jaý
lagºan ýa könelen bolsa, hut ºu ýurtda täzeden jaý
gurmakdyr. Ata ýurdunda bolsun, ýa baºga täze mellek
ýerinde bolsun, öý gurmak iºi ata-babalaryò ruhuna
aýat-doga okamakdan baºlanypdyr. Bu mundan beýläk hem
ºeýle bolmalydyr. Munuò ata-babalaryò özboluºly ruhy ak
patasyny almak manysy bardyr. Eýsem, täze mellek,
ýaºalmadyk ýer diýilýänem bäº müò ýylyò dowamynda
atalarymyzyò, megerem, ýüzlerçe gezek öý tutan ýerleridir.
Watanymyzyò ºäherleriniò köpüsinde,
ºeýle-de obalarda giò howlularda ýaºalýar. Howly etmek
üçin saýlanyp alnan mellek ýerlerinde jaý salmagy,
göwnejaý bolar ýaly, ata-babalarymyzyò öý tutmak däplerine
laýyklykda ýerine ýetiriò. Olaryò ediºi ýaly, täze jaýyò
binýadyny sähetli günde tutmak gerek. Jaýyò gurluºygyna
atly-abraýly, halalhon ýaºulularyò biri ak pata berse, bu
edeplilikden alamat bolar. Jaý doly gurlup gutarylandan
soò, ony boº goýman, tizräk göçüp gelmelidir. Eger ara
wagt düºjegem bolsa, taýyn bolan jaýda hökmany suratda
duz-çörek goýulmalydyr.
Türkmen öýi aºakdaky böleklerden ybarat
bolýar: eýwan — iºik, ýaºaýyº otaglary, myhman jaý, aºhana
— ojak, iº otagy. Jaý salanyòyzda, hökmany suratda myhman
otagy bolsun, çünki ata-babalarymyz muòa öýüò zynaty diýip
düºünipdirler. Eýwanyòyz giò, ýagty hem-de penjireleri uly
bolsun. Ýaºaýyº otaglarynyò içinde eje-kakanyò otagy,
gyzlaryò otagy, oglanlaryò otagy türkmençilikde özara
tapawutlandyrylýar. Olar biri-biriniò içinden geçmän,
hersi aýratyn bolup, ählisinde eýwanyò içinden geçip
barylýan aýratyn gapy bolýar. Öýde otag bölüniºiginiò
bolºy ýaly, maºgalada her bir agzanyò orun bölüniºigi hem
bolmalydyr. Edep sözüniò bir manysy-da «tertip-düzgün»
diýmekdir. Maºgala — anyk tertibiò, maºgala agzalarynyò
özara gatnaºygynyò, anyk orunlaryò we borçlaryò özara
sazlaºygynyò we bölüniºiginiò ulgamydyr. Ata — ata
ornunda, ene — ene ornunda, gyz — gyz ornunda, oglan —
oglan ornunda bolmalydyr. ªeýle aýdyòlyk we kesgitlilik
bolan maºgala, olary doly ýerine ýetirýän maºgala edepli
maºgala diýip bolar. Bu aýdyòlygyò bulaºan öýünden döwlet,
rysgal hem abraý gider.
Jemgyýetdäki bibatlyk öýdäki
bibatlykdan baºlanýandyr. Jemgyýet maºgaladan, ýurt öýden
bozulyp baºlanýandyr. Ýurduò aladasyny etjek bolsak, öýi
gözden salmaly däldiris. Bu bolsa diòe döwletiò däl,
eýsem, hemmämiziò we her birimiziò iºimizdir — her
birimiziò mümkinçiligimizdir we borjumyzdyr.
Eý, türkmen, ºu sada, emma yrylmaz
hakykata düºün!
Öýüòde oòºugyò, tertibiò we
sylag-hormatyò hemiºelik rowaç bolmagyny gazan! Öýüò öý,
maºgalanyò maºgala bolmagy döwletiò haýrynadyr, emma bu
haýyr biziò hemmämiziò we her birimiziò ellerimiz we
tagallamyz bilen amal edilýändir. Bu döwletiò haýrynadyr,
ýöne her birimiziò bähbidimizedir.
Öýde tertip ýok bolsa, ýurtdan tertibe
garaºma!
Öýüne ikilik eden, ýurduna wepa bermez!
Haram adam öýüni ýykmak üçin döwletiò
hem halkyò zadyny öýüne daºar.
Hapa adam il-günden bigäne bolmak üçin
döwletiò hem halkyò zadyny öz adyna geçirer.
Döwlet tapaýyn diýseò, öýüòi halaldan
tut!
Haramlyk binýadynyò üstünde halallyk
diwaryny galdyryp bolmaz.
Bagt hemiºelik bolanda bagtdyr, döwlet
yrylmaz bolanda döwletdir, baýlyk halal bolanda
bereketlidir. Ähli ýygnan emlägiò, baýlygyò gözüò alnynda
kesekden gurlan bina ýaly pytrap, dünýäden gözüò açyk
armanly gitmejek bolsaò, ogluò azyp, gyzyò köçä çykanyny
görmejek bolsaò, öýüòi halaldan tut!
Haramyò keýpini halalyò rehnedinden
saýgarmany baºar! Keýp geçer gider, yzynda ünji, gorky
hem-de ryswalyk galar. Rehnet özüò ötýänçäò geçmez, seniò
bilen gabra girip, ýatjak topragyny ýumºadar, tümlügi
kowjak çyra bolar.
Rehnet özüò öteniòden soòam, döwlet,
abraý hem rysgal bolup, öýüòi aman saklar, perzentleriòi
iliò öòünde ýüzli, eli uzyn eder.
Öýüòe zat getirjek bolanyòda, öýüòden
zat çykarjak bolanyòdaky ýaly soòuny pugta oýlangyn!
Haram har eder, halal hal bolar!
Gala salynma, öý edin! Gala — goranmak
üçin, öý il-gün bilen baryp-geliºmek üçindir. Il-günden
goranýanyò etmiºi hem aýby bardyr, il-gün bilen
gatnaºýanyò açyk ýüregi hem at-abraýy bardyr. Il-gün
zadyòa mätäç, kömegiòe tamakin däldir, halal bolsaò, il
adyòa aºyk, abraýyòa ºärikdir.
Öýüòe almagyò süýjüsi köp iýilýän
gandyò süýjüsi ýalydyr — köp iýseò, süýjülik keselini
getirer. Öýüòden bermegiò ajysy dermanyò ajysy ýalydyr —
seni keselden saklar.
Öýüòe barýan ýol hem öýüòden çykyp
gitmek üçindir, hem öýüòe gaýdyp barmak üçindir. Bu ýol
ikitaraplaýyn hereketdedir. Diòe öýüòe daºap däl, eýsem,
öýüòden çykarybam, öý bolunýandyr. Diòe alyp, öý
bolunýandyr öýtseò, juda ýalòyºýansyò. Dünýäniò ýoly
ikitaraplaýyndyr: gelmek üçin gidilýär, gitmek üçin
gelinýär. Bularyò diòe biri bolanda, ýaºaýyº togtar,
ýaºaýyº togtasa, ömrüò kesiler, öýüò ýykylar.
Il-gün ýigrenjiniò hazan ýeliniò
ýurduòda ýumurtga togalamagyny islemeseò, halkyò söýgi
ºemaly üçin öýüò hem ýüregiò iºiklerini açyp goý!
Özgeleriòem haramlygy meniòkiden kem
däl diýip pikir etmegiò özi seniò haramlygyò özgäniòkiden
eýýäm, bolmanda, bir esse köpdügini aòladýar.
Öý — öwlüýädir, zar-zelilleriò we
mätäçleriò ýykylmagy üçin öwlüýäniò iºigi açyk durmalydyr.
Öý — mukaddeslikdir. Allanyò guran
mukaddesligini öz eliò bilen haraplama!
Öýüò penjireleri seniò ýüregiò nurana
gözleridir, öýüò gapylary seniò köòlüò mährem elleridir,
ýagºy niýet bilen gelene didarlaºmak üçin gözleriòi aç,
bagra basmak üçin gujagyòy ger!
* * *
Howluda ýaºaýan türkmeniò öýi
derwezeden, köp gatly jaýda ýaºaýan türkmeniò öýi iºikden
baºlanýar. Derweze hem-de iºik öýüò kalbyna barýan ýoldur.
ªonuò üçinem, ata-babalarymyz bularyò bezegine hem-de
göçme manydaky aòladylmasyna aýratyn ähmiýet beripdirler.
Gözel-gözel nagyºlar salnan agaç ýa-da ºindiki edilýän
demir derwezeleriò öýüò baýlygyny, iliòkiden artyklygyny
güjeòlemek üçin däldigine düºünmek türkmeniò kalbyna
düºünmekdir. Siziò köpiòiz, megerem, ünsem beren dälsiòiz,
men welin, ºeýle derwezeleriò aýratyn ºekilli nagyºlaryny
kän gezek okapdym. Olarda türkmeniò öý, döwlet, maºgala,
rysgal, abadançylyk baradaky pelsepeleri beýan edilipdir.
Olar ýöne bir owadanlyk däl, olar gözellikdir. Gözellik —
manyly we pelsepewi ýaraºyklylykdyr. Elbetde, halkymyz
soò-soòlar bu zatlary unudyp ugran eken. Halkymyzyò gözel
ýaºaýºynyò ºu manyly tarapy indi ýene janlanar diýip pikir
hem umyt edýärin.
Türkmen howlularynyò derwezesiniò
ýokarsynda ýa-da iºigiò ýokarsynda dürli keramatly zatlar
dakylyp goýulýar. Bu dessuryò gaty gadymyýetdendigine
taryhy maglumatlar ºaýatlyk edýär. Ýadyòyzda bolsa,
«Akpamyk» ertekisinde ýedi dogan awa gideninde
ene-atasyna: «Gyz jigimiz bolsa, iºigiò ýokarsynda gurjak,
oglan bolsa, ok-ýaý asyò» diýip sargaýandyrlar. Bu zatlar
öýüò ruhuny, maºgalanyò hususyýetini aòladypdyr. Biziò
ähli welaýatlarymyzda derwezäniò ýokarsynda, köplenç, dag
goçunyò ýa-da tekesiniò ºahy, kämahal hem atyò naly
kakylýar. ªah kämahal elde-de ýasalaýýar. Bular türkmeniò
dürli eýýamlardaky ruhy oòonlarydyr. Goçuò kellesi
Garaºsyzlygymyzdan öòki dördünji — Magtymguly
eýýamymyzdaky ruhy oòonymyzdyr. Ol, bir tarapdan, öýüò
ruhuny görkezýär, beýleki tarapdan, öýüò abadançylygyny we
rysgalyny goraýan janaweri aòladýar. Men käbir ýerlerde
ºahyò ýa nalyò deregine agaçdan ýa demirden ýasalan ýürek
ºekiliniò içinde bürgüdiò suratynyò goýlandygyna-da gabat
geldim. Setanda-seýranda duº gelýän it ºekilleri bolsa,
Gorkut ata eýýamynyò gurt oòonynyò biraz özgerdilen
görnüºidir. Türkmeniò milli-durmuº pelsepeleriniò
ºekilleri bir netijä iterýär:
edep — pelsepe bilen esaslandyrylan
milli ahlak we durmuº kadalarydyr. Türkmeniò öý edebi-de
derwezäniò hem-de iºigiò pelsepewi alamatlaryndan
baºlanýar.
Alamaty ºekiller howlynyò içindäki,
ýaºaýyº jaýynyò böleklerindäki köp zatlarda bardyr. Dürli
etraplarda göwrüminiò hem görnüºiniò tapawutlanýandygyna
garamazdan, tamdyryò ýüzünde goçuò ºahynyò ºekilini goýmak
adatdyr. Çünki tamdyr mukaddeslikdir. Türkmende
mukaddeslige bolan gatnaºyk hökman bir görnüºde
aòladylýar. Ruhumyzyò aýratynlygy ºeýle. Men Oguz hanyò
döreden elipbiýiniò halylarymyza geçip, biziò günlerimize
gelip ýetendigini Ruhnamanyò birinji kitabynda nygtapdym.
Men bu gün tamdyrdaky ºekilleriò hem Oguz hanyò döreden
elipbiýiniò anyk harplarydygyny, ýöne bu gün biziò ol haty
doly okap bilmeýändigimizi goºmak isleýärin. Biz dürli
alamatlar we ºekiller arkaly öz gymmatlyklarymyzy
mukaddesleºdirýäris. Mukaddesleºdirmek sözde-de,
ºekillerde-de, hereketlerdir dessurlarda-da, hatda
ümsümlik arkaly-da amala aºyrylypdyr. Edep mukaddeslige
esaslanýar. Mukaddesligiò ýok ýerinde edep hakynda
gürrüòem bolup bilmez. ªonuò üçinem, edebe gadagan ýa
rugsat edilen kadalaryò, «eýt», «beýt» diýen gury
öwretmeleriò toplumy diýip düºünmek türkmen ruhunyò
çuòlugyndan bihabar galmakdyr. Men muny edebi öwretjek
adamlara, ylaýta-da, mugallymlara sargyt diýip aýdýaryn.
Soòky 70 ýylyò dowamynda ruhumyz telperleºip,
mukaddeslikleriò manysy unudaòkyrlanylany üçinem, edebiò
gadyr-gymmaty ýitirildi-dä! Ýönekeý, gurak nesihatlar
bolsa çaganyò indi ösmeli, ºol sebäpden ruhy iýmite mätäç
kalbyna noº bolup bilmeýär.
Mukaddeslikleriò unudylmagy — ine,
sowet döwründe baºymyza inen, göze görünmez belalaryò
biri. ªunuò netijesinde edep-terbiýäniò hem güýji gaçdy.
Ol gury akyl satmalara öwrüldi.
Mugallym! Sen sözi manysy bilen, ruhy
mukaddesligi bilen öwret! Mukaddeslik — ruhy ºänigiò süýji
maòzydyr, nesihat bagynyò gülüdir. Edebi mukaddeslik
özeni, mukaddeslik binýady bilen bile öwredeniòde, diòe
ºonda çagalar, ýaºlar, asyl-a ulularam seniò aýdýan
sözleriòe ºirä ymtylýan balarylary, güle telwas edýän
bilbiller bolup topularlar.
Mukaddesligi ýerasty hazynany açan ýaly
açmak üçin türkmeniò heòòamasty geçmiºine beletlik gerek.
Mukaddesligiò ulanyºdan galan köne
teòòeler ýaly bolman, täsirli hem gerekli bolmagy üçin,
onuò janly durmuºa gatylmagy gerek. Munuò üçin bolsa
özümiziò ganymyzda we aòastymyzda baslygyp galan ata-baba
edep gymmatlyklarymyzy janlandyrmagymyz gerekdir. Diýmek,
içki ºert, içki itergi gerek. Daºky ºertleri bolsa ýurduò
Prezidenti hökmünde döwlet aòyýetinde milli gymmatlyklara
esasy orny bermek bilen men üpjün edýärin.
Içki ºert diýýänimi has
aýdyòlaºdyraýyn.
Aýdyòlaºdyrmaga bir tymsal-deòeºdirme
kömek eder. Göz öòüne getiriò, siz gumak ýoldan
barýarsyòyz. Ýadyòyzda-küýüòizde baºga-baºga zatlar, emma,
ine, birden tozan siòen köwºüòiziò ujuna bakanyòyzda,
öòräkde gum içinde bir bölejik tylla gözüòiz düºdi diýeli.
Bu size nähili täsir eder?! Geò galmak bilen tyllany ele
alarsyòyz.
Indi, eger-de siziò deregiòize gezip
ýören bir janaweriò ºol tylla gözi düºende nähili bolardy?
Bu ýalpylda bir sereder-de, ýoluny dowam etdirerdi.
Diýmek, tyllanyò gymmatyny duýmak üçin içki ºert, içki
duýgy gerek.
Türkmen mukaddeslikleriniò tyllalyk
gymmatyny duýujy milli duýgularyòyzy kalbyòyzda oýarjak
boluò! ªonda kalbyòyz tylla kimin hemiºelik öwüºginlere we
gymmatlylyga eýe bolar!
Türkmeniò iºiginiò we derwezesiniò
hemiºelik açyk bolºy ýaly, rysgally howlyòyzyò gözelligi
görnüp durmagy üçin, haýatlaryòyz diwardan däl, bezegli
aýmançalardan bolsun! Halalyò müýni ýokdur, halal
türkmeniò ile görkezmekden gorkara haram zady-da ýokdur!
Köçä çykanyòyzda, ýüzüòizi ýapyp çykaòzok ahyryn!
Haram baýlygyòy ile güjeòlemegiò ne
hikmeti bar?!
Halal döwletiòi ilden ýaºyrmagyò ne
manysy bar?!
Howlyòdaky myhman jaýyò, saçagyòdaky
myhman paýyò seniò halallygyò bir güwäsidir.
Öýüòde öý saklamagyò edebini berjaý et!
Onuò ºertleri derwezäòden hem iºigiòden
baºlap törüòde gutarýandyr. Derwezäòi, aýmançalaryòy göze
ilgiç, hopukdyryjy däl-de, göze ýakymly, oòyn duýgulary
dörediji reòkler bilen reòkle. Ol reòk seniò garºy gelen
myhmana aýdan ilkinji hoº sözüò bolup eºidilsin!
Biziò döwrümiziò mukaddesligi bolan
ýaºyl Baýdak öýüò depesinde parlap dursun! Gaty
könelmänkä, täzelemegi unutma! Göwnüò täzelenen, ertire
ynamyò terlenen ýaly bolar.
Howlyòda ýüzi goçak ºekilli tamdyryò
bolsun! Çöregi, köplenç, dükandan alýanam bolsaò,
mahal-mahal tamdyryòa nan ýapyp dur! Tamdyryò rysgalyò
entek azrak bolsa, indi artjagyna, köp bolsa, soòy hem
bereketi bilen boljagyna ynamyòy artdyrar!
Jaý, küme, ýatak, hammam we beýlekileri
guranyòda, howly ýeriòi aýawly, tertipli we gelºikli
bölüºdir. Çünki, aýawlylyk — göwnüò, tertiplilik — akylyò,
gelºiklilik bolsa — kalbyò hajatydyr. Allanyò aýawly,
tertipli hem gelºikli guran dünýäsinde geleòsiz, tertipsiz
hem betgelºik ýaºamak özüòi kemsitmekdir.
Howlyòy hem öýüòi arassa, tämiz hem-de
rejeli sakla! Arassalyk we päkizelik köòlüò islegidir,
çünki köòülde Allanyò ady ýazylandyr. Çagalaryòa her gün
öýi syryp-süpürip, arassa hem tertipli saklamagy, howlyny
tämiz saklamagy endik etdir! Gerek bolsa, özüòem
kömekleºmegi kiçilik bilme!
Öýüòi, howlyòy hamana myhman
çagyrylandaky ýaly tämiz sakla! ªonda birnäçe gün öòünden
syryp-süpürýärsiò, adaty bolºuòdan has tertipli, has
göreldeli bolmaga jan edýärsiò. Näme üçin sen diòe
myhmanyò däl, eýsem, öz öòüòde ºeýle görünmeli däl, näme,
özüò myhmança ýokmy?
Öýüò bilen, howlyò bilen dost bol,
ýürekdeº bol! Olar bilen sessiz gürleºmäni endik et. Onuò
geçmiºi — seniò geçmiºiò, çagalygyò, ýaºlygyò ahyryn, onuò
ömri — seniò eneò-ataò, mähribanlaryò ömri ahyryn. Olaryò
jesedi topraga, duýgulary hem hakydasy ºu öýe siòendir.
Ataò adyny, eneò ojagyny ýitirme!
Bu howly, bu öý seniò aglan hem gülen,
ºatlanan hem gamlanan günleriò dünýäsidir. Ýagty jahanda
diòe saòa degiºli dünýä bar bolsa, ol dünýä ºu ojakdyr.
ªatlanan günüò ºu öýde aglan günleriòi
ýada sal, ºonda päliò pes bolup, men-menlikden
saklanarsyò!
Gamly günüòde ºu öýde ºatlanan
günleriòi ýada sal, ºonda ýüregiò giòär, geljege umydyò
artar.
Öýüòdäki tertip maºgalaòdaky tertip
bilen sazlaºsyn. Ýersiz goh-galmagal, oòºuksyzlyk,
biri-biriòe sowuklyk öýüò göwnüni ynjydýandyr.
Tertip-düzgün üçin atanyò baºçy, enäniò serenjamçy bolmagy
gerekdir.
Öýde ýaºamagyò edebini berjaý et!
Öýde iýip-içmegiò edebini berjaý et!
Öýde geýinmegiò edebini berjaý et!
Öýde dynç almagyò edebini berjaý et!
Öýde iºlemegiò tertibini berjaý et!
Diòe ºu edep ºertlerini berjaý
edeniòdäki bolºuò seniò hakyky, tebigy bolºuòdyr. Çünki,
adam öýünden çykandan soò, belli maksatlar üçin tebigy
bolºundan ýasama bolºa geçip ugraýar. Köçede barýan
ýigidiò ýa gyzyò egin-eºigi, geýniºi, tämizligi bir baºga,
öýdäkisi bir baºga bolup bilýär. Elbetde, il-güni
hormatlamak, ile çykmak üçin tijenmek gerek. Ýöne seniò
özüòiò ilden näme kemiò bar?!
Öýüò märekeden näme kemi bar?!
Sözüòi diòläp, akylyòa; geýmiòi synlap,
duýgyòa; iºiòi görüp, baºarnygyòa; öýüòe seredip, ömrüòe
baha bererler.
Howlyòy bag-bakja, gül-pürçüge büre!
Türkmeniò jokrama yssysynda olaryò höziri üýtgeºikdir.
Yssyda sowadyjyly öýe kürsäp girip, ondan çykman ýatsaò,
howlyòam tozap hem gugaryp otursa, juda gelºiksizdir. Bu
suw gytçylygyndan däldir, bu ýaltalykdan hem
edepsizlikdendir. Ýaltalyk — beden edepsizligi, ýaltalyk —
ömrüò betnyºanlygydyr.
Öý — öý eýesiniò baºarnygynyò keºbidir!
Öý — öý eýesiniò ruhunyò keºbidir!
Öýüni, howlusyny tertipli, arassa
saklamagy baºarmaýan kiºiniò gowy ýolbaºçy boljakdygyna
men ynanmaýaryn. Adama baha berlende, ilki bilen, onuò
üst-baºyna, gep-sözüne, öýündäki agzybirlige, sylaºyga syn
edip baha bermeli. Öýi akan-dökän, howlusy ygam-sagym
çaºyp ýatan zatly kiºiden gowy ýolbaºçy çykmajakdygyna
berk ynanýaryn. Adamy tanamagyò iò aòsat ýoly — onuò
öýünde myhman bolup görmek. Myhmançylyga baryp, köp
zatlary öwrenibem gaýdyp bolar, diòe iýip-içibem gaýdyp
bolar. Myhman bolanlar öýüòdäki arassaçylyga,
tertip-düzgüne gözügidijilik bilen baha berýän bolsalar,
diýmek, bu seniò baºarnygyòa berilýän bahadyr.
* * *
Men islendik meselede düýpli oýlanyp,
düýpli iºleri amala aºyran adamlara aýratyn hormat
goýýaryn, halkyò öòüne düºen ýolbaºçylardan gelejege
seretmegi, gelejege gelejegiò nukdaýnazary bilen
aralaºmagy maslahat berýärin, ündeýärin, talap edýärin.
Garaºsyzlygyò ilkinji günlerinden men
Türkmenistany, her türkmen öýüni mugt gazlaºdyrmak,
elektrik togy bilen mugt üpjün etmek meselesini
galdyranymda: «Sapar Ataýewiç, bizde sowuk gyº ýok,
çaý-nahar üçin odun bol» diýip, ikinji derejeli iºleri öòe
geçirmegi maslahat berenler köp boldy. «Beýle zat dünýäniò
hiç bir döwletinde-de ýog-a?! Halka gazy, elektrik toguny
mugt bersek, döwletimiz batar» diýenlerem tapyldy. Ol
pikirler ºol gün bilen ýaºaýan, düýpli meselede düýpli
oýlanmaýan adamlaryò pikiridi.
Türkmenistanyò mugt gazlaºdyrylmagy,
elektrik togy bilen üpjün edilmegi derwaýysdy, wajypdy,
gaýragoýulmasyz meseledi, üstesine ol syýasatyò hakykata
öwrülendiginiò biz janly ºaýady. Ýadyòyzdadyr, sowet
eýýamynda türkmen gazynyò hözirini Russiýa, Ýewropa
görýärdi. Türkmen bolsa ýylgyn bilen tezek ýakýardy, hatda
kömür tapmak hem hyllallady...
Türkmenistanyò gazlaºdyrylmagy —
türkmen topragynyò tokaýlyklarynyò halas edilmesidi!
Türkmenistanyò daglarynyò arçalarynyò, Garagum çölüniò
ojardyr sazaklarynyò, derýa boýlarynyò ýylgyndyr toraòòy
tokaýlyklarynyò çapylmasynyò öòüniò alynmagydy. Dogry,
dagyò arçalary, çölüò ojarlary, derýalaryò boýlaryndaky
tokaýlar goralýardy. Ogurlajak bolup, gözenegiò aòyrsyna
düºýänlerem köpdi. Çalt ogurlap gaçmak üçin äpet maºynlary
ojarlaryò üstünden goýberip, äpet traktorlary ýylgynlaryò
üstünden goýberip, bir maºyn odun aljak diýip, on maºynlyk
tokaýy paýhynlaýardylar. ªeýlelikde, ojaryndan, sazagyndan
aýrylan çöller, arçadyr kerkawyndan aýrylan daglar,
ýylgyndyr toraòòysyndan aýrylan jeòòellikler çölleºýärler.
Türkmenistany gazlaºdyrmak bilen biz
ýurdumyzyò ümmülmez meýdanlaryny çölleºmekden goradyk.
Indi palta sesini eºitmeýän ojardyr sazak, toraòòydyr
ýylgyn, arçadyr kerkaw tokaýlary pajarlap baºlady.
Tebigaty paýhynlamakdan halas etmek bilen birlikde biz
tebigata öz ýarasyny bejermäge mümkinçilik döretdik.
Tebigat boºlugyò duºmany. Tebigat
dessine dürli ösümlikler bilen boºlugy doldurýar, ýarasyny
bitirýär.
Emma bu ýeterlik däldi. ªonuò üçinem,
men Türkmenistany bagy-bossana öwürmek barada Permana gol
çekdim. ªeýlelikde, biz tebigata boºluklary doldurmagy,
türkmen tebigatynyò pajarlamagy üçin ýardam berip
baºladyk. Türkmen topragynda daragt ekmek ählihalk iºine
öwrüldi. Türkmen topragynda güýz hem ýaz pasly ekilýän
agaçlar san-sajaksyzdyr.
2020-nji ýyla çenli döwlet
maksatnamasyny doly amala aºyrsak, Türkmenistan gür
tokaýly, bagy-bossanly owadan ýurda öwrüler. Häzir her
ýylda millionlarça düýp miweli baglar, millionlarça düýp
saýaly agaçlar ekilýär. Türkmen topragynda önýän datly
miweleriò bol bolmagy — halkyò jan saglygynyò,
sagdynlaºmagynyò, görmegeýleºmeginiò, owadanlaºmagynyò
açary ahyry.
Men saýaly, miweli agaç ekmegi esasy
döwlet iºi hasap edýärin, çünki her bir daragt ekilende
diòe türkmen topragy gözelleºmän, türkmen halkynyò özi
hem, kalby hem gözelleºýär.
Türkmenistan bagy-bossana öwrüler! Muòa
hiç hili ºek-ºübhe bolup bilmez. Ýakyn gelejekde
Türkmenistan dünýäniò tebigatynyò iò gözel ýurduna
öwrüler. Türkmenistanda ýerleºen dünýäde uly çölüstan
dünýäniò gözüniò öòünde bagy-bossanlyga öwrüler!
Türkmenistanyò gazlaºdyrylmagy bilen
her bir maºgala öz hojalygynda hammam gurdy. Hammam bolsa
saglygyò kepilnamasy ahyry.
Türkmenistanyò gazlaºdyrylmagy bilen
her bir hojalyk limonjaý, gyºda iýer ýaly dürli otlary,
pomidor, hyýar eker ýaly ýörite ýagty jaýlar salynýar. Bu
çäreler eýýäm öz netijesini berip baºlady. Häzir özüni
oòaran daýhan adam gyºyna pomidor, hyýar, badamjan ýaly
gök önümleri, iýilýän dürli otlary ýörite ýyladylan
eýwanlarda ekýär. Ynha, arly gyº iýjek nazy-nygmatyò
taýýar! Eýsem, bu kyn zatmy? Ýok. Esasy zat — gaz bar,
sähelçe azap bilen çykdaýjy etseò, ýylyò gyº paslynda-da
terje gök önümleri öndürip bolýar. Eýsem, bu saglyk
dälmidir?!
Biziò zähmetsöýer halkymyz bar.
Halkymyz topragynyò owadan, rysgal-bereketli bolmagy üçin
arman-ýadaman iºleýär. Daragt ekmegi her bir türkmen parz
iº bilýär. Diýmek, biziò her eken daragtymyz bilen
halkymyzyò saglygam, görmegeýligem, sagdynlygam, ruhy hem
kalby gözelligem artýar.
Bizde bag ekmegiò, ýetiºdirmegiò däbe
öwrülmegi edebimiziò oòyn bir ugrudyr.
Altyn ruhly altyn jemgyýet gurmak —
biziò Garaºsyz döwletimiziò baº ugry.
Ruhubelent ýaºaýyº — biziò Garaºsyz
döwletimiziò baº ugry.
Eýsem, bu sepgide nädip ýetmeli?
Ruhubelent bolmak üçin dokuzyò düzüw, iºiò, ýaºaýºyò ºow
almaly. Halkyò ruhubelent bolmagy, altyn ruhly altyn
ýaºaýºyò döremegi üçin men, ilkinji nobatda, halkyò
ýaºaýyº-hojalyk ºertlerini gowulandyrmak iºine aýratyn üns
berdim. Halkyò aladasyz ýaºamagy, iºlemegi üçin maºgalalar
üçin gazy, togy, suwy, duzy mugt etdim. Ine, ýaºaýyº üçin
zerur bolan ºu zatlaryò mugt bolmagy adamlaryò göwünlerini
galkyndyrdy. Adamlar hiç bir zadyò aladasyny etmän, erkana
ýaºaýarlar, iºleýärler. Maldarçylykdan, ekerançylykdan
salgytlaryò aýrylmagy her bir türkmen maºgalasynyò
baýamagyna giò ýol açdy.
Ine, ºu çärelerimiz ýurdumyzyò ykdysady
ösüºiniò dünýäde birinji orna çykmagyna ºert döretdi.
Salgyt endiºesi bolmadyk türkmen halky
owadan-owadan jaý gurunýar. Howlularynda jenneti bag
döredýär.
* * *
Bag-bakja — seniò howlyò lybasydyr!
Öz egniòi bezäp, howlyò ýalaòaçlygyna
göwnübir bakmak öz ojagyòy sylamazlykdyr. Türkmen topragy
bereketlidir, bir agaç ösmese, beýlekisi ösýär. Hatda
Garagumuò jümmüºinde bag-bakja ösdürip ýören ýaºulular
häli-ºindi duº gelýär. Türkmen topragynda ºeýle bir
ösümlikler bar, olara adamyò içýän suwundan artyk suw
gerek bolmaýar.
Maºgala bolup, agzybirlikde isripsiz
iýip-iç!
Sada, gelºikli hem arassa geýin!
Baýlyk — malyòy aýawly sakla, puluòy
tygºytly sow! Aýawlylyk hem tygºytlylyk halallykdan
nyºandyr.
Baýlygy saklamagy baºar. Men bu sözi
ýöne ýere aýdamok. Puly gazanmakdan hem beter saklamak
kyn. Puluò köp bolsa, etsem-petsemleriò hem artyp ugraýar.
Öýde iºläp, dynç al, dynç alýarkaò, iºe
meºgul bol.
Öýüò iºi gutarmaz, çünki, ol öýüò
ömrüniò dowamatydyr. Dowamat serenjamy talap edýär. Öý hem
beden ýalydyr — bedeniò iºi gutarsa, öldügiòdir. Öý
bedeniò ýaly gije-gündiz iºläp durmalydyr. Öýümiò hemme
zady bitik, serenjam berere zadam ýok diýmek ýaltalykdan
alamatdyr.
Ilki öýüòi, soò özüòi beze!
Öýüòde öýüò adamy, iºiòde iºiò adamy,
il içinde iliò adamy bol!
Öýüòde mediwanlyk edebini berjaý et!
Mediwan — öýünde myhman garºylaýan
adamdyr. Öýde ýaºamaýan islendik adam onuò myhmanydyr.
Çagyrylsyn, çagyrylmasyn, tanyºu-nätanyº bolsun — myhmany
öòünden çykyp garºy al. Özi ýüz dönderýänçä, mürähet et.
Öýe girse, hökman oturt. Oturandan, öòünde saçak goýgun.
Beýtmek türkmeniò gadymdan gelýän däbidir. Däbiò manysy
ºudur: ýagºy niýet bilen gelen myhman hödür-keremiòe göwni
açylar, ýagºy niýeti öòküdenem berkär, çynlakaýlaºar.
Ýaman niýet bilen gelen duzuòy datsa, bu iò uly böwetdir.
Çünki, duz-çörek — keramatdyr, onuò keramaty niýetini puja
çykarar.
Ata babalarymyz öýüne gelen kiºä üç
gije-gündiz hyzmat edip, soò habaryny alar ekenler. Sen
gelen myhmanyò habaryny almaga howlukma!
Duz dadylandan soò, habaryny çaý
baºynda diòle! Özi arkaýyn bolsa, ony gyssama, öýüme geldi
diýip, ýüzüòi turºutma, darykma. Bir käse çaýyò däl, seniò
göwnüò myhmanydyr. Keýpine, rejesine, ýaºyna, düºünjesine
görä, mesawy gürrüòler et. «Öz öýüòizde ýaly boluò!»
diýme, öz öýünde ýaly bolary üçin, alçaklyk,
hoºgylawlylyk, göwnaçyklyk bilen hemsöhbet bol! Myhman
halky gaty duýgur bolýandyr, ýalandan mürähet göwni
syndyrar. Eždatlarymyzyò nakyllarynda nygtalyºy deýin,
myhman az otursa-da, köp synlaýar. Eždatlarymyz myhmana
atasyndan uly hormat goýupdyrlar, geleni — döwletlilik
hasaplapdyrlar.
Öýüòe myhman gelende, geplemän oturmak,
sowuklyk bildirmek, barmysyòam diýmän, öz aladaò — iºiò
bilen bolmak, bir otagda ýeke goýmak, özüò nahar iýip, ony
çagyrmazlyk, bir isleginiò bardygyny duýubam, bilmezlige
salmak, ýanynda öýdäkiler bilen gizlin ýa-da gödek gürrüò
etmek uly aýyplardandyr. Naharyò-ºamyò ugruna çyk,
nahardan öò we soò elini ýuwdur. Egin-eºiginde,
keºp-synasynda, gep-sözünde, düºünjesinde kemi bar bolsa,
görmedikden bol.
Myhmany törde oturt. Tör — töräniò
ornudyr. «Tör», «töre» sözleri bir kökdendir. Örän gadymy
eýýamlarda ata-babalarymyz törde tumar-heýkellerini
saklapdyrlar. Ýekehudaýlylykdan öò olara çokunypdyrlar.
Soò-soòlar tör töreleriò — soltanlaryò, ýaºulularyò orny
bolupdyr. Tör, türk — asyl diýmekdir. Myhmanyò aºagyna
düºekçe ýaz. Onuò bilen bile naharlan, emma özüòi, öýüòi,
rysgalyòy, naharyòy onuò ýanynda öwme, magtama.
Myhman seniò edep-terbiýäòe guwansyn,
içinden seniò ýaly ogul-gyzy arzuw etsin, ana, ºonda ol
daºyndan duz-keremiò, söhbetdeºligiò üçin müò gezek alkyº
okar. Seni özüne görelde saýar.
Iliò öýüne baranyòda, myhmanlyk edebini
berjaý et!
Özge öýe baranyòda, gapyny kakman,
ardynjyraman girme. Bu meselede atalarymyzyò özboluºly
dessury bolupdyr. Olar öýüò daºynda durup, «Habarlaº!»
diýip, gygyrýan ekenler. Her bir jaýa gireniòizde — öý
bolsun, edara bolsun — salam berip gir. Salam — öýüò
ilkinji hormatydyr.
Öýe gireniòde, ilki sag aýagyòy ätläp
gir. Erkek adam bilen elleºip görüº, aýal maºgala ýakynyò
bolmasa, eliòi uzatma. Türkmençilikde erkek bilen
salamlaºmagyò düzgüni aýallaryòkydan, ýaºuly bilen
salamlaºmagyò ºertleri ýaºkiçileriòkiden, tanyº bilen
salamlaºmak nätanyºyòkydan tapawutlanýar. ªu tapawutlar
hem türkmeniò salamlaºmak edebiniò gadymy hem inçe, kämil
iºlenip düzülendigini görkezýär.
Myhman baran öýüò duzuny dat! Bizde
saçak, desterhan düýe ýüòünden dokalýar. Çünki, düýe
arassa mal, ýüòi-de halallygyò, päkizeligiò alamaty
hasaplanýar. Öz öýüòde namazlyk, düýe ýüòünden dokalan
saçak, kündük we beýleki zatlar saklamak parzdyr. Türkmen
hemiºe we islendik pursatda myhman almaga taýýar ýaºaýan
halkdyr. Myhman öýe rysgal hem sogap getirýändir.
Myhmançylykda özüòi edepli alyp bar! Bu
edebiò ºertlerini seniò üºügiò, ene-ataòdan alan göreldäò,
ºahsy kemallylygyò salgy berer. Ýörite çagyrylan ýa
möhleti öòünden gürleºilen bolmasa, myhmançylykda kän
eglenme. Köplenç, görme-görüº üçin, iº bilen,
saglyk-amanlyk soraºmak üçin az wagtlyk myhmançylyga
barylýar. Eger zyýapata çagyrylan bolsaò, eliò boº barma!
Zyýapatyò sebäbine, ºanyna görä, sowgat elt!
Öý eýesiniò — mediwanyò mümkinçiligine
görä edýän hezzet-hormatyndan artykmaç zada tamakin bolma.
Myhmanyò göwnüni görjek bolup, karz-kowal etmek, ilden,
goòºudan karz almak aýypdyr.
Myhman almak, myhman barmak durmuºyò iò
lezzetli taraplaryndandyr. Bu mesele türkmen edebinde uly
orun tutýandygy üçin, halkymyz bu edebiò anyk ºertlerini
jikme-jik iºläp düzüpdir.
Türkmeniò öý edebi milletiò ruhy-ahlak ýaºaýºynda ýeten
belent derejesiniò görkezijisidir. ªol derejä mynasyp bol,
öý edebiniò baýlaºmagyna we kämilleºmegine ýardam et!
SÖZBAªYLAR
/ Watançylyk ruhy /
Öý-iºik eºreti / Ata-ene mähri