RUHUÒYZ BELENT BOLSUN!
Eziz watandaºlarym!
Edebiò maksady oòat ahlagy terbiýelemek
we olaryò amalyny tapmakdyr. Oòat gylyklaryò içinde-de iò
oòady, elbetde, ruhubelentlikdir. Ruhubelentlik adamyò baº
ömür gymmatlygydyr. Sen ruhubelent bolmasaò, ýaºan ömrüòe
haýp, ruhubelent bolmasaò, ýaºaýºyò görnügi hem yssysy
bolmaz.
Ruhubelentlik baºyòy dik tutup,
mertebäòi duýup, durmuºyò ºatlygyna we hezilligine
barabarlykda ýaºamakdyr. Durmuº ýoly, adatça, iki zadyò —
üstünligiò we kynçylygyò gezekleºmegi görnüºinde dowam
edýär. Durmuº hiç mahal birsydyrgyn bolmaýar. Ol ak hem-de
gara zolaklardan ybarat bolýar. Biz ony tibet kanuny diýip
ºertli atlandyrýarys. Ahlagyò mähekdaºy bolan
ruhubelentlik ºol durmuº ahwalatlarynyò ikisinde-de juda
zerurdyr. Üstünliklere ýüzüò düºüp, iºleriò ºowly gidip,
durmuº gözeli saòa hoºsurat jemalyny görkezýän günleri-de
ruhubelent bol! Bir üstünlige ýetip, indikini amala
aºyrmak üçin, durmuº mähribanlygynyò dowamatly bolmagy
üçin ruhubelentlik gerekdir. Durmuºdan bir peºgeºi
gazanyp, onuò bilen çäklenmek mümkin däldir. Çünki, ömür
diýilýäniniò özi çäksizlikdir, has dogrusy, ajal atly
nokadyò, çägiò içindäki çäksizlik, dynuwsyzlyk hem
hereketdir. ªol sebäpden, bir ýetilen nokatdan indikisine
bat alyp, okdurylmak üçin ruhubelentlik gerekdir. Çünki,
ruhubelentlik seniò ýaºaýºa bolan yºkyò gowºamazlygydyr,
batly akyp duran durmuº derýasynyò depginine seniò öz
ömrüò depgininiò barabar gelmegidir. Bu soòsuz hereketde
rahatlyk wagtlaýyndyr, okgunlylyk bolsa — hemiºelikdir.
Wagt hereketiniò tozanyna garylyp galmazlyk üçin ol
herekete eýermegi, ömrüò tizligini wagtyò tizligine
deòeçer etmegi baºarmalydyr. Dünýäde hemme zat hereketde,
ýaºaýyº — üznüksiz akgynlylyk, soòsuz depginlilik
diýmekdir. Ýalandan däl, çyndan ýaºamak isleseò, onuò
bilen aýakdaº gitmelidir. Munuò üçin bolsa, üstünlikler
mahalyndaky ruhubelentlik gerekdir. Munuò manysy bolsa,
bir ýetilen sepgitden has uly sepgide atygsamakdyr.
Hereketde durgunlyk bolmaz. Durgunlyk diòe ölümde
mümkindir, durgunlygy diòe ölüm halaýandyr.
Emma, ruhubelentlik kynçylykly günlerde
has hem zerurdyr. Çünki, kynçylykly mahal beden hem ruhy
hereketiò aòrybaº derejede haýallaýan mahalydyr. Has
kynçylykly günler bolsa, hereketiò doly togtap,
gözlegleriò petige direýän günleridir. ªeýle mahallar we
ºeýle günler adama, köplenç, daºky däl, eýsem, hut içki
hereketlendiriji we yº açyjy güýç we itergi gerek bolýar.
Bu güýç, bu itergi, elbetde, ruhubelentlikdir.
Sussupeslik, göwnüçökgünlik, bizarlyk, owarramçyllyk we
ºulara meòzeº ahwalatlar we gylyklar adamyò ganym
duºmanydyr. Sen duºmanyòy daºdan däl, içiòden gözle! Sen
duºmanyòy özgeden däl, özüòden gözle! Olar seniò ömrüòe,
ömrüò manysyna we hözirine el urýan jellatlardyr. ªeýle
kynçylykly döwürde sende bary-ýogy iki zadyò barlygyna
düºünmegiò, olaryò saòa artykmajy bilen ýeterlikdigine
düºünmegiò özi eýýäm ruhubelent bolmaga doly esasdyr.
Bularyò birinjisi — jan saglygy, ikinjisi bolsa — baºyò
dikligidir. Durmuºda, birek-birege edilýän arzuwlarda
häli-ºindi gaýtalanyp duran, megerem, ºol gaýtalanma
netijesinde-de köplerimiz üçin bimanylyga öwrülen ºol iki
gymmatlygyò asyl, tebigy manysyny teswirläp bereýin.
Jan saglygy diýmek näme? Munuò özi diòe
bir beden rahatlygy, janyò agyrysyz-ynjysyzlygy däldir.
Ömrüòi ykrar etmegiò nukdaýnazaryndan onuò has düýpli, has
ähmiýetli manysy bardyr. Jan saglygy — bu seniò ömrüò
dowam etmek mümkinçiliginiò doly saklanýanlygydyr. ªol
mümkinçilik saklanýarka, eliòde ömür dowamatyò, ertirki,
birigünki, ondan soòky günlerdäki ýaºamak kepili we umydy
barka, sen näme üçin sussuòy pes tutmaly, göwnüòi çökgün
saklamaly?! Eýsem, seniò alnyòda duran kynçylyklary-da sen
hut öz ömrüò, durmuºyò ezizligine we hözirine zeper
ýetirýändigi üçin hossa bilýärsiò ahyryn. Emma, jan
saglygy mynasybetli ömrüò, durmuºyò, ýaºaýºyò öòküsi ýaly
eliòde bolsa, dowam edýän bolsa, onda näme diýip gama
batmaly, göwnüçökgün bolmaly?! Düºün, jan saglygynyò
barlygy kynçylyklary wagtlaýyn we ötüp geçmeli bir zada
öwürýändigine düºün! Janyò sag bolsa, ömrüò dowam eder,
ömrüò dowam etse, alnyòy alyp duran kynçylyklar ºu günden
düýne, düýndenem öòòine öwrüler. Jan saglygynyò ýüzi —
geljege, kynçylyklaryòky bolsa geçmiºe sarydyr. ªonuò
üçinem, entek janyò sagka, özüòi-de, özgäni-de
gönertlemäge hakyò asla ýokdur.
Eýsem, sussupeslik, göwnüçökgünlik we
gaýry ruhy ejizlikler bilmezden özüòi hem özgäni
günäkärlemegiò görnüºleridir. Allatagala saòa azatlyk
diýen beýik peºgeºi berensoò, baºga näme etsin?!
Jan saglygy — beden azatlygy, baºyò
dikligi bolsa — akyl azatlygydyr. ªu iki azatlyga eýe
bolubam, özüòi gulçulyga, baglylyga — sussupeslige,
göwnüçökgünlige salmak aklap hem, esaslandyryp hem
bolmajak peslikdir.
Gautama Budda kyrk ýyllap bir pikiri:
sammasati — dogry ýatlamak pikirini birsyhly gaýtalapdyr.
Dogry ýatlamak pikiri adamyò özi babatda has möhümdir.
Adam, köplenç, özüniò kimdigini, aslyny tanaman-bilmän
heläk bolýar. Adam gaty köp zady ýatda saklap-öwrenip
biler, ýöne ol özüni öwrenmäge az wagt sarp edýär hem
özüni gowy bilmeýär.
Gautama Budda öz taglymatyny gadymy bir
waka esasynda — bir depeden ikinji bir depä böken
ýolbarsyò ºekili çekilen nyºan bilen aòlatdy. Ýolbars iki
depäniò ortasyndan böküp geçip barýar, aºakda — iki
depäniò aºagynda bolsa, goýun sürüsi bar. Rowaýata görä
ýolbars köpeljek bolup ýören eken, ol bir depeden ikinji
depä bökende dogupdyr, ondan bir ýolbarsjyk aºakdaky
süriniò üstüne gaçypdyr.
Ýolbarsjyk özüniò kimdigini bilenok, ol
goýun sürüsinde ulalýar, ol goýunlar ýaly diòe ot iýýär,
ýolbarsyò iýmeli etini iýmeýär. Ýolbars özüni ýolbars
däl-de, goýun hasaplap ulalýar.
Günlerde bir gün garry ene ýolbars aw
gözlegine çykýar. Onuò ýoly ºol goýun sürüsiniò üstünden
barýar. Görse, içinde bir ýolbars arkaýyn otlap ýör.
Goýunlaram ondan ürkenok. Garry ýolbars bu ahwalaty görüp,
awy unutdy, ýaº ýolbarsdan gözüni aýyrman synlady. Ýaº
ýolbars goýunlar näme etse, ol hem ºony edýär, edil
goýunlaryòky ýaly ot çürtüp iýýär, ylganda-da goýunlara
meòzäp ylgaýar.
Garry ýolbars sürä topulýar. Ol
kowalap, ýaº ýolbarsy tutýar-da, çeºmäò kenaryna alyp
gelýär.
Ýaº ýolbars ýalbarmaga durýar:
— Ýalbarýaryn, meni öz sürime goýberiò.
Garry ýolbars ýaº ýolbarsyò özi hakda
nädogry pikirdedigini bildi-de, oòa suwa seretmegi we öz
keºbini görmegi buýurdy. Ýaº ýolbars suwa seretdi we öz
keºbini gördi. Görse, ol goýun däl-de, gapdalynda duran
ene ýolbarsa meòzeº ýolbars. Öò goýunlaryò arasynda mäläp
ýören ýaº ýolbars suwda öz keºbini görensoò, ýer sarsdyryp
öwran-öwran arlady.
Garry ýolbars:
— Men öz etmeli iºimi etdim — diýdi. —
Indi galany özüòe bagly.
Ýaº ýolbars garry ýolbarsa:
— Men özüm barada nädogry pikirde
ekenim. Özümi tanamaga eden kömegiòiz üçin men sizden
çäksiz minnetdardyryn. Köp-köp sag boluò!
Gautama Budda mydama aýdýan eken:
— Halypanyò baº wezipesi ºägirdiò
kimdigini açyp görkezmek, ºägirdiò özüni görmegi.
Meniò aýdanlaryma aò eden bolsaò, jan
saglygyna iki hili düºüniº durmuºda gabat gelýär. Biri —
ýaltanyò düºüniºinde jan saglygy hereketsizlikden,
gymyldysyzlykdan lezzet almak bolsa; iºjeòiò düºüniºinde
jan saglygy kynçylygy ýeòip geçmek üçin hereket
mümkinçiligi we hereket kepilidir.
Baºyò dikligi — akylyòy iºletmek,
ömrüòi akylly-baºly meýilleºdirmek, kadalaºdyrmak,
sazlaºdyrmak, garaz, ömrüòe eýelik etmek mümkinçiligidir.
Akyl uly güýçdür. Akyl bilen hemme zatlara ýetse bolar.
Akyl bilen baýlygam, malam, mülkem, dost-ýary hem, garaz,
bagtly ömür üçin zerur zatlaryò baryny gazanyp bolar. Emma
olaryò biri bilenem akyl gazanyp bolmaz.
Akyl — gutarmaýan baýlykdyr.
Akyl — biwepalyk etmeýän dostdur.
Akyl — öçmeýän söýgüdir.
Akyl — çözgütdir.
ªonuò üçinem, adamlaryò aglaba
köpüsinde, tas hemmesinde ruhubelent bolmazlyga hiç hili
esas ýok diýip pikir edýärin. Muòa diòe bahana bolup
biler, emma, çyn sebäp bolup bilmez. Jan saglygyna
daýanyp, baºyò dikliginde akylyòy iºlet! Beýik atamyz Oguz
han Türkmeniò bir aýdan pähimini tymsal ornunda getiresim
gelýär. Ol: «Bir at arryklykda-da, orta semizlikde-de, aºa
semizlikde-de oòat çapsa, oòa gowy at diýip bolar, bularyò
birinde oòat çapyp bilmese, gowy at diýmek bolmaz» diýýär.
Adam hem ºol pisintdir. Adam üç halda-da — syrkawlykda,
üstünlikde we kynçylykda ruhubelent bolup bilmese, oòa çyn
adam diýip bolmaz.
Rowaýat: Zews bilen Gera asmanda
oturan ýerlerinden Ýerde adamlaryò ýagdaýyna, ýaºaýºyna
syn kylmaga baºlapdyrlar. Gera adamlaryò gülki-ºagalaòy
unudyp, bir kesemen tötek gazanjak, maºgala-günema
endiºesini gowulandyrjak bolup çekýän
kösençliklerine-horluklaryna gynanmak gynanypdyr.
— Eý, howandarym! — diýip, Gera Zewse
ýüzlenipdir: — Adamlaryò gözgyny durmuºyny görýärmiò!
Olara haýpyò gelsin! Olara kömek-hemaýat et, eý, keramatly
Hudaýym! Gör ahyryn, adamlar nähili garyp ýaºaýarlar.
Seret, ol adama! Aýagyndaky çepeginiò bagjygam ýok.
— Eý, meniò Geram! Her adam maòlaýyna
ýazylanyndan artyk baýlygy berseòem almaz.
— Meni aldamak islediòmi, Gera ynanar
öýtdüòmi? Sen onuò ýörejek ýoluna bir halta tylla okla.
ªonda sen onuò tyllany alýanyny-almaýanyny görersiò.
Tyllany alan adamlaryò durmuºy düýpgöter özgerer.
Bolçulykda ýaºap baºlarlar. Goý, adamlar bolçulykda
ýaºasynlar.
— Gera, maòa ynan, ýöräp barýan ýoluna
bir halta tylla taºlanymda-da, ho-ol, aýagyndaky çepegine
bagjyk tapman ýören tyllalary görmez.
— Sen görer ýaly pytradyp taºla.
— Goý, seniò diýeniò bolsun — diýip,
Zews ýyldyrym çakdyryp, gök gürletdi, soòam aýagy çepekli
garyp adamyò öòüne bir halta tyllany pytradyp goýberdi.
Aýagy çepekli garyp tyllanyò deòine
gelende asmana seretdi. Megerem, ol ýagºyò
ýagjak-ýagmajagyny anyklamak islän bolarly. Garyp kiºi
tyllanyò deòinde saklandy, birdenem, nämedir bir zady
ýadyndan çykaran bolarly, yzyna öwrülip zut gitdi.
Tylla köçede çaºyp ýatyºyna galyberdi.
Türkmende nesibe diýip örän gowy
düºünje bar. Nesibe bilen baglanyºykly rowaýat hem bar.
ªol rowaýatda bir ýagºyzada adam obanyò bir ýarlykly
garybyna kömek etmek isleýär. Kömek etmek maksady bilen
ýagºyzada bir tokga içi tyllaly düwünçegi onuò geçjek
paýapylynyò ortarasynda goýýar. Garyp kiºi bolsa ºol gezek
öz baºarnygyny barlap görmek niýeti bilen paýapyldan
gözüni ýumup geçýär, tyllaly düwünçegi görmeýär, gaýtam,
aýagy bilen depip, düwünçegi suwa gaçyrýar. Suwa gaçan
düwünçege ünsem bermeýär.
Türkmen nesibeli halk, rysgally halk.
* * *
Eziz watandaºlarym!
Her üç halda-da ruhubelent bol we
özüòe-de, özgä-de gatnaºygyòda ruhubelentlik edebiniò
ºertlerini berjaý et!
Üstünlikde eselme, kynçylykda peselme!
Üstünlikde: «Ata münen atasyny tanamaz»
diýdirme, kynçylykda özüòi ýitirip, ryswa bolma!
Üstünlikde herrelme, kynçylykda
müzzerme!
Üstünlikde ºowlulygyò, kynçylykda
ºowsuzlygyò hemiºelik däldigini unutma!
At-owazaò, ornuò, derejäò, baýlygyò
ulaldygyça, göwnüò öòküdenem kiçelsin!
Üstünligiò akylyò hem göwnüò
synagydygyna, kynçylygyò mertebäò hem buýsanjyò
synagydygyna düºün!
Üstünlikde, barka bermegi endik et,
kynçylykda, ýokka almaga ýeriò bolar!
Üstünlikde, ºowunaka, adamlara ýitirip
tapan ýaly bol, kynçylykda ýiteniòde, olaryò özi seni
taparlar!
Jan saglygyòda ºükür etmegi öwrenseò,
hassalykda göwnüòi giò tutmagyò hötdesinden gelip
bilersiò.
Durmuºyò bar syry durmuºyò öz-özüligi
däl-de, eýsem, seniò durmuºa gatnaºygyòdadyr. Üstünlige
göwnügiò garasaò, baºyò aýlanmaz, azmarsyò, kynçylyga
ruhubelent garasaò, aljyramarsyò, özüòi ýitirmersiò,
azmarsyò. Bar gep seniò özüòdedir. Ruhubelent bolsaò,
kynçylykda-da azmarsyò, üstünlikde-de azmarsyò!
Üstünlikde päliòi azdyrma, päliòi pes
tut, kynçylykda göwnüçökgün bolma, göwnüòi giò tut!
Üstünlikde nebsiòe, kynçylykda göwnüòe
buýur!
Üstünlikde özgä, kynçylykda özüòe
pitjiò atma!
Üstünlikde özgä, kynçylykda özüòe
sygyn!
Üstünlikde süwümsiz, kynçylykda
durumsyz bolma!
Üstünlikde saýrama, kynçylykda
zeýrenme!
Üstünlikde süýjiòi gizleme, kynçylykda
ajyòy sözleme!
Üstünlikde men-menlige, kynçylykda
peslige, gaýgy-hasrata syrnyh bol!
* * *
Eziz watandaºym!
Ruhubelentlik ahlagynyò we
ruhubelentlik edebiniò ýedi sany ºerti we ýedi sany esasy
bardyr.
Olaryò birinjisi — kalbyòy
hemiºe arassa we mähirli saklamakdyr.
Kalbyòy arassa we mähirli saklamak —
dünýä hemiºe aºyk gözler bilen bakmakdyr. Aºyklyk seniò
içki ruhy joºgunyòdyr. Ol saòa islendik kynçylyga döz
gelmäge kömek eder. Kalbyòy arassa saklamak kynçylyklardan
bir gez ýokarda bolmakdyr. Dünýäde kynçylyk ýok, ejizlik
bar diýleni hakykatdyr. Dünýä aºyklyk ºeýle bir ruhy
haldyr, ºonda sen ownuklyklardan belentde bolarsyò. Sähel
zat üçin göwnüòe gaýgy getirmersiò. Hatda uly
kynçylykda-da, aºyklyk baºyòy hem kalbyòy durmuº
çarkandaklyklaryndan sag-aman alyp çykmaga puryja berer.
Muòa düºünmek isleseò, aºyk bolan ýigidiò bolºuny ýadyòa
sal. Onuò üçin dünýä mydama pasly bahar, mydama ala
ýazdyr. Onuò kalbynyò howalalygyna akylyò haýrandyr. Sen
durmuº babatda-da hut ºo hili howalalykda we
ruhubelentlikde bolmalysyò. ªonda seniò öòüòde
üstünlikleriò we bagtyýarlygyò gapylary açylar. Seniò
iýýän zadyò — seniò bedeniòdir. Seniò duýýan zadyò — seniò
kalbyòdyr. Seniò pikir edýän zadyò — seniò özüòsiò.
Durmuºy näme diýip we nähili diýip kabul edýän bolsaò,
durmuº ºol zadyòam özüdir. Ony hossa bilseò, ol hossadyr,
ony gözellik bilseò, ol gözellikdir.
Ruhubelentlik ahlagynyò ikinji
bir ºerti minnetdarlyk duýgusy we minnetdarlyk
gatnaºygydyr. Düºün, bu durmuºdan juda köp zatlary
alandygyòa düºün! Ýekeje adamyò adam bolmagy üçin näçe
gujuryò, näçe zadyò sarp bolýandygyny göz öòüne getir! Sen
durmuºdan gaty köp zady alansyò. Durmuº diýýänim — il-gün,
Watan, ýakynlaryò, dost-ýarlaryòdyr. Öz-özüòden adam
bolaýandyryn öýtmegin. ªu zatlara düºünmeklik seni hemiºe
minnetdarlyk duýgusyna getirer. Edilen ýagºylyklaryò
astyndan çykmaga güýç-gujur berer. Ähli ýagºy iºler
minnetdarlyk duýgusyndan baºlanýandyr. Özüòi algyly däl,
bergili saý. Bir gün ºol bergileriò aºagyndan çykmak
pikiri we yhlasy bilen ýaºa. Minnet etme, minnetdar bol.
Minnetdarlyk — özüòe edilen ýagºylyklara düºünmek we munuò
minnetini çekmekdir.
Ruhubelentlik edebinde üçünji
ahlak we amal — erkdir. Erkiò ýok ýerinde ruhubelentlik
mümkin däldir. Beýle diýenimde, men, ilkinji nobatda,
özüòe erk etmegi göz öòünde tutýaryn. Özüne erk edip
bilmedik adam hiç bir zat gazanyp bilmez, hiç bir menzile
ýetip bilmez. Özüòe erk etseò, ähli ýollar açykdyr, özüòe
erk edip bilmeseò, çar ýanyò petikdir. Dünýä özüne erk
edip bileniòkidir. Özüòi islege görä däl-de, zerurlyga we
talaba görä ýaºamaga mejbur et! Isleýän zadyòy däl, zerur
zady etmäni baºar. Özüòi ele alsaò, dünýäni ele alarsyò.
Özüòe erk etmek, ilkinji nobatda,
duýgularyòa erk etmekdir. Aýaklaryò islän ýerine däl,
akylyò hem bähbidiò görkezen ugruna gitsin! Elleriò islän
zadyny däl, zerurlygyò görkezýän zadyny tutsun. Diliò
göwnüòe gelen sözlerini däl, ýaºamak üçin zerur sözleri
diýsin. Duýgy islegi biakyldyr.
Özüòe erk etmek, ikinjiden, pikirleriòe
erk etmekdir. Öòüòde duran wezipelere laýyk pikir iºini
amala aºyr. Ýaºaýºyòy üpjün etjek pikirleriò yzyna düº.
Pikirleriòi özüòi ykrar etmegiò seriºdesine öwür.
Netijesiz zada pul çykdajysyny, zat çykdajysyny etmeýºiò
ýaly, durmuºyòa zerur bolmadyk pikirlerdenem ýüz dönder.
Özüòe erk etmekligiò üçünji jäheti
wagtyòa erk etmekdir. Wagt — ömürdir. Wagtyòy nähili
ulanyp bilýän bolsaò, üstünligiò we ömrüò ºoòa-da
baglydyr. Wagt suwuna akylly miraplyk etgin! Ähli
üstünlikleriò girewi wagtyòy tygºytly we sarpaly ulanyp
bilºiòe baglydyr. Köpler uly-uly iºleri, zerur iºleri
amala aºyrmak üçin wagtyò ýetmeýänliginden zeýrenýärler.
Bu ýalòyºdyr. Sen näme etmeli bolsaò, sende ºonça-da wagt
bardyr. Geleòsiz daýhanyò suwy bisarpa tutup, ekinini
zaýalaýºy ýaly, köpler wagty bisarpa tutup, ömrüni
zaýalaýarlar, beýik maksatlara ýetmän galýarlar.
Soòundanam wagtyò az bolandygyndan zeýrenmegi gowy
görýärler. Onsoò maksatlar gury hyýal, ýetilmejek arzuw
bolup galýar. Akylly az pul bilenem köp zady bitirýändir,
geleòsiz köp pul bilenem, derekli iº bitirip bilýän
däldir. Wagta gatnaºyk hem edil ºonuò ýalydyr.
Öz-özlüginde wagt azam däldir, köpem däldir. Onuò möçberi
seniò oòa gatnaºygyò boýunça kesgitlenilýär. Kimler ýüz
ýaºabam derek tapanok, boº geçýär, kimler otuz-kyrk
ýaºda-da dünýäniò iºini bitirip, geçip gidýärler. Wagty
özüòe, öz maksatlaryòa we bähbitleriòe iºlemäge mejbur et!
Ruhubelentligiò dördünji ahlagy
— kanagatlylykdyr. Kanagat durmuº üstünligine we
kynçylygyna ruhy gatnaºykdyr. Adamyò bir häsiýetli
tebigaty bar: bereniò köp ýaly, alanyò az ýaly
görünýändir. ªu hili «ýalylar» aradan aýrylyp, durmuºy
hakyky bolºunda görmek üçin kanagat gerekdir.
Özüòe sähel üstünlige monça bolmagy
öwret!
Göwnüòi sähel üstünlikden razy bolmaga,
indiki üstünliklere tarap gitmäge endik etdir!
Özüòe uly kynçylyga-da döz gelmegi
öwret! Kanagat durmuº ºowsuzlygynyò güýçli urgularynyò
öòüne tutulýan synmaz polat galkandyr. Ýagºy iºler tiz
bolmasa-da, sabyr bilen bitýändir. Diòe tizlik bilen ýykyp
bolýandyr, gurmak üçin wagt we kanagat gerekdir. «Giç ýat,
ir tur — alty piºegi artyk ur» diýlenidir. Ömür iºi
zergäriò iºi ýaly irginsizlik we kanagat bilen bitýändir.
Ruhubelentligiò bäºinji ahlagy —
maksatlylykdyr. Hemiºe gursagyòda belent hyýal, baºyòda
maksat bolsun. Maksatsyz ýaºamak — ömrüòi ýele bermegi,
boº geçirmegi karar etmekdir. Her günüò, her hepdäniò, her
aýyò öz maksady bolsun, her ýylyò, tutuº ömrüò öz maksady
bolsun. Uly maksatlary tutun, olary amala aºyrmak üçin
kiçi maksatlary aýdyòlaºdyryp, baryny bir iºe jem etmegi
baºar. Maksat tutup, oòa gönügeniòde, maksadaokgunlylyk,
tutanýerlilik, erjellik, irginsizlik zerurdyr.
«Baºarmaryn» diýme, entek synanyºyp görmän, baºarmajagyòy
näbilýäò?! Adamyò hyýalyna diòe baºarjak, ýetip biljek
pikirleri gelýändir. Bir gezekde baºartmasa, ikinji gezek
synanyº, ikinjide baºartmasa, üçünji, üçünjide baºartmasa,
dördünji... gezekler atyp gal! Ahyry baºararsyò, diòe
baºaranyòdan soò, many, gözellik we bagt taparsyò. Diòe
baºaranyòdan soò, öz-özüòe sylag we hormat taparsyò. Iº
bitirmegiò lezzeti lezzetleriò seresidir. Iº bitirmek
ýeneki üstünliklere badalga berýär. Iº bitirseò, abraýyò
hem artar.
Ruhubelentligiò altynjy ahlagy —
ºadyýanlyk, ýedinji ahlagy — irginsiz gözlegdir.
Göwnüòi ºadyýan tut, gülki, keýpihoºluk hemiºe hemraò
bolsun! Göwnaçygyò mydama ýoly açykdyr. ªadyýan bolsaò,
hemmeler daºyòdadyr, gülseò, hemmeler seniò bilen bile
güler. Aglasaò, ýeke özüò aglamaly bolarsyò. Çünki,
adamlar ºatlyga mätäçdirler, hezillige maýyldyrlar. ªatlyk
kalplary gözelleºdirýändir. Aýdym-saza, degiºmä ömrüòden
uly orun ber. Olar ýaºamaga we gurmaga, kynçylygy ýeòip
geçmäge beýik ruhy goltgy berýär. Olar pese taºlanan
kalbyòy al-asmana göterip bilýär. Aýdym-saz, degiºme,
sungat göwün dümewiniò bire-bir emidir, ruhy ýadawlygyò
däri-dermanydyr.
Hemiºe gözlegde bol! Bir ýerde, bir
pikirde, bir sepgitde durma, indiki alyslyklara —
üstünliklere ümzük et!
* * *
Eziz watandaºlarym!
Ruhubelentlik türkmeniò Altyn asyrynyò
baº ahlak gymmatlygydyr. Maòa köpçülikden hemiºe haýyºlar
gelýär. Olaryò köpüsinde täze jemgyýetimiziò ýaºaýyº
ediklerini döretmek hakynda gürrüò edilýär, teklipler
aýdylýar. Adamlar ýurduò, jemgyýetiò özgermegine iºjeò
gatnaºmak höwesi bilen joºýarlar. Ruhubelentlik
endiklerini gündelik durmuºymyza ornaºdyrmak zerurlygy
duýulýar. ªonuò üçinem, ºu ýerde men edilýän teklipleriò
birini çemlemekçi bolýaryn.
Goý, her bir tutumdan, dabaradan,
ýygnakdyr beýleki çärelerden soò, okuwyò, iºiò tamamlanan
pursatynda birek-birege: «Ruhuòyz belent bolsun!» diýmek
dessury girizilsin. ªonuò ýaly her çäre üç gezek batly hem
ynamly: «Ruhuòyz belent bolsun!» diýip gaýtalamak bilen
jemlenilsin. Özara gürrüòdeºligiò ahyrynda-da adamlar
bir-birege: «Ruhuò belent bolsun!» diýip arzuw etsinler.
Tele ýa radiogepleºik tamamlananda-da: «Ruhuòyz belent
bolsun!» arzuwy ýaòlansyn. ªeýle dessur durmuºymyza
ornaºsa, durmuº has gözelleºer, kalbymyza ynam we
ruhubelentlik ornaºar.
Indi türkmeniò Altyn asyrynyò ºahsyýeti
üçin möhüm bir zady gozgamakçy. Milletiò milli
özboluºlylygyny saklamak üçin biz familiýalary türkmençe
almak isleýäris. Men bu meselede Oguz handan gelýän ýoly
girizmeli hasaplaýaryn. Familiýa üçin aýratyn goºulma
zerur däldir. Diòe belli bir tertipde — ilki adamyò öz
adyny, soòra kakasynyò, iò soòunda-da atasynyò adyny
ýazmak ýeterlikdir. «Gyzy», «ogly» diýen sözlerem bu ýerde
artykmaç hasaplaýaryn. Aýdaly, adamyò ady Çary, kakasynyò
ady Myratberdi, atasynyò ady Hakberdi bolsa, onda Çary
Myratberdi Hakberdi ýa-da gyz babatda Gözel Myratberdi
Hakberdi diýip ýazmak amatly we ýeterlik, düºnükli we
gelºikli bolar. Munuò özi biziò adamyò üç arkasyna bakmak
ýörelgämize hem doly laýyk gelýär.
Pasportda «Ýörgünli ady» diýen setir
girizeliò. Onda ºahsyò il içindäki ýörgünli ady ýazylsyn.
Sebäbi her gezek adamyò adyny, kakasynyò adyny, atasynyò
adyny doly tutup ýörmek kyn düºer. Biz Oguz han Gara han
ogly ýa-da Magtymguly Azady ogly diýemzok ahyryn. Her kim
il içinde bir at bilen ýörgünli bolýar. Isleýänler
özlerine at alsynlar. Ýöne ähli zat pasportda resmi
bolsun!
Atlarymyzda ruhy ahwalatymyz
duýulmalydyr. Çagalarymyza owadan atlary dakalyò. Her bir
türkmen, ilki bilen, türkmen diýen adyna, ata-enesiniò
dakan adyna mynasyp bolsun.
Altyn döwre mynasyp bolmaga çalºyò!
Janyòyz sag, baºyòyz dik, ruhuòyz
belent bolsun!
* * *
Adamdan ýalòyz bir ýadygärlik galýar,
ol hem onuò durmuºda bitiren iºleridir. Saýlap alan altyn
ýolumyzda özümizden soòkulara beýik ýadygärlik galdyrmak
her bir türkmen raýatynyò gursagynda bolmalydyr, ºol
mukaddes maksat bilen iºlemelidiris, ýaºamalydyrys.
Biziò Garaºsyz, baky Bitarap
Türkmenistan döwletimiz on iki ýylyò içinde içerki
ykdysady ösüºde her ýyl bassyr ýigrimi göterim töweregi
ösüº gazanyp, ösüp barýan döwletleriò sanawyndan çykyp,
ösen döwletleriò sanawyna goºuldy. Bu beýik ykdysady
Galkynyºy BMG-niò ösüº syýasaty komiteti dünýä jar etdi.
Men ºu ýerde bir zady aýratyn nygtamak isleýärin: geçen on
üç ýylyò içinde diòe bir ykdysadyýetimizde däl, eýsem,
syýasatymyzda hem-de ruhyýetimizde Beýik Galkynyº bolup
geçdi. Özem ol jemgyýete hiç hili azarsyz hem zyýansyz
amala aºyryldy. Biz bu gün dünýäde ylalaºdyryjy bitarap
döwlete öwrüldik. Ruhnamanyò birinji hem ikinji kitaplary
biziò ruhyýetdäki Beýik öwrüliºiklerimiziò altyn
miwesidir.
Men häzir Ruhnamanyò ikinji kitabynyò
soòky setirlerini ýazyp otyrkam Muhammet pygamberiò arka
atan ömrüni yzda galdyryp, geçen durmuº menzilimi aò-ynsap
mizanyna goýýaryn.
Geçen agyr durmuº ýoly, ýetimçilik,
mätäçlik meniò erkimi egsip bilmedi. Men durmuºa mydama
okgunly hem ruhubelent çemeleºdim. Irginsiz okadym,
öwrendim.
Ruhnama kitaplarym, ºygyr diwanlarym —
meniò ruhy dünýämiò çeper beýanydyr.
Ruhnama kitaplarym, ºygyr diwanlarym —
ruhy terjimehalymdyr.
Pygamber ýaºyny arka atyp, miweli
daragt deýin öz ruhy miwelerimi mähriban halkyma
hödürleýärin.
Men manyly ömrümi öz ºahsy durmuºymy,
durmuºyò lezzetlerini, hözirlerini terk edip, mähriban
halkyma bagyº etdim. Iki garpyz bir elde tutdurmaýar.
ªonuò üçin, ºahsy hözirlerimi terk etmeli boldum. Özüme
ºeýle dözümli, gazaply daraºandygym üçin özümi birjigem
günäkärlemeýärin.
Meniò mähriban raýatlarym üçin ýaºaýyº
lezzetleri bir ýa iki zatda däl, kän zatda. Men muòa
guwanýaryn. Ýöne meniò saýlan ýolumda ömrüò manysy hem
lezzeti ýeke-täk bir zatda — halkyò bagtyýar, altyn
ýaºaýyºda ýaºamagyny gazanmakdadyr.
Meniò durmuºdan alýan lezzetim —
watandaºlarymyò ýüzleriniò ýylgyryp durmaklarydyr.
Meniò bagtym — meniò halkymdyr.
Men babadaýhanlarymyzyò ene toprakdan
alýan her bir hasylyna guwanýaryn.
Men gallaçylaryò ene ýerden alýan her
bir batman gallasyna guwanýaryn. Nebitçilerimiziò,
gazçylarymyzyò her bir üstünligi maòa ganat berýär.
Men özümi Türkmenistan döwletimiziò bir
synasy hasaplaýaryn.
Men özümi türkmen halkynyò bir synasy
hasaplaýaryn.
Men türkmen halkynyò gaýgy-hasraty
bilmän, diòe ºatlykda hem baýramda ýaºamagyny isleýärin.
Men her bir türkmen raýatynyò durmuº
eºretlerinden doly peýdalanmagyny isleýärin.
Sowet döwründäkiden — mundan ýigrimi
ýyl owalkydan bu gün gallany kyrk esse köp öndürýändigimiz
Beýik Galkynyº, Beýik öwrüliºik dälmidir eýsem?!
Men her gün säher: «Men bu gün mähriban
raýatlaryma nähili ýagºylyklary edip bilerin?!» diýen
pikir bilen iºe giriºýärin.
Men öz baºarnygymy, zähmetimi halkymyò
güler ýüzlerinde görýärin.
Syýasatdaky, ykdysadyýetdäki,
ruhyýetdäki rewolýusion galkynyºlarymyz meniò yhlasymyò,
gije-gündizki oýlanmalarymyò, aladalarymyò ýerine
düºendigine kepillik edýär.
Döreden ýolumyò dogry ýol bolandygyna
bu gün çäksiz begenýärin.
Geçilen menzil, bitirilen iºler ºu
günümizi we geljegimizi has kämil etmäge ýol salgy berýär.
Mähriban türkmen halkym!
Siz meniò ömrümiò manysysyòyz.
Men her günümi diòe siziò
bagtyýarlygyòyz üçin aladalar bilen geçirýärin.
Meniò ganatym — halkymdyr.
Meniò bagtym — halkymdyr.
Dünýe dursun, türkmen halkym dursun!
Dünýe dursun, Türkmenistan döwletim dursun!