Eýran türkmenleriniò medeni, edebi we jemgyýetçilik žurnaly

 

ŽURNAL BARADA


Baº sahypa

Maksady

Redkollegiýa

 

ARHIW


Soòky sany

Ýyllara görä

 

GATNAªYK


Myhman depderi

Habarlaºmak üçin

Dost sahypalar

 

 
Her güne bir nakyl


 

 

 


 
Edebiýat / Döwürdeº türkmen edebiýaty
Saparmyrat Türkmenbaºy

RUHNAMA

ikinji kitap

TÜRKMENIÒ RUHY BEÝIKLIGI


SÖZBAªYLAR / ªahsyýet edebi / Ruhuòyz belent bolsun!


ªAHSYÝET EDEBI

 

Eziz türkmen milletim!

Edep netijedir. Her bir netijäniò öz esaslary, sebäpleri bar. Edebiò esasy akyl ýetirmedir. ªahsyýet edebiniò esasy öz-özüòe akyl ýetirmekdir. ªahsyýet edebi edebiò beýleki görnüºlerinden ºu tarapdan tapawutlanýar: özge edep kadalary adamyò özgä, daºky dünýä gatnaºygynyò ºertlerini kesgitleýär. ªahsyýet edebi bolsa, adamyò öz-özüne gatnaºygyny düzgünleºdirýändir.

Türkmeniò millet hökmünde ruhy-medeni ösüºinde ºahsyýet edebiniò aýratyn manysy we aýratyn orny bardyr. Gaty irki döwürlerden baºlap, türkmen akyldarlary adam kämilligini nädip gazanmaly diýen meseläniò üstünde pikirlenip geldiler. Bu meselede ýetilen akyl sepgitleriniò biri ºeýle diýýär: «Adam kämilligi onuò öz-özüne bolan gatnaºygynda amal bolýan gymmatlykdyr. Adama daºyndan täsir etmek, ony gözükdirmek, terbiýelemek zerur zat, ýöne munuò öz çäkleri bardyr. Daºyndan täsir etmek adamyò ruhy taýdan öz-özüni ele alýança netijelidir we ýerliklidir. Emma, ösüºiò ºol hetdine ýetilenden soò, ösüº diýilýän zat bir giòiºlikden — adamyò daºky dünýä bolan gatnaºygyndan ikinji bir giòiºlige — adamyò öz içki dünýäsine geçýär. Adam özüni aòlandan soò, «menini» duýandan soò, onuò öz-özüne gatnaºygy esasy ruhy we akyl hereketlendiriji güýjüne eýe bolýar. ªondan soò adamyò özi özüne täsir etmek arkaly ösüp, gözügip, kämilleºip baºlaýar. ªonuò üçinem, ösüºiò esasy barlygyna öwrülen içki dünýäniò ruhy-ahlak ýaºaýºyny kadalaºdyrmak maksadyndan ºahsyýet edebi iºlenilip düzülipdir.

ªahsyýet näme? ªahsyýet adamyò «meni» diýip jogap berersiò. Bu jogap, umuman, dogrudyr. Emma, adatça, göz öòüne getiriliºindäkiden «men» has çylºyrymly we köpjähetli ruhy hadysadyr. Eýsem-de bolsa, öz «meniòizi» tapjak bolup görüò. «Men» niredekä we ol nämekä? Adamyò aýagy «meni» däl, eli «meni» däl, beden agzalarynyò hiç birinde-de «men» ýok, ºol bir wagtda-da «meni» bedenden aýry göz öòüne getirmegem mümkin däl. Edil özgeler bilen bolºy ýaly, adam öz «meni» bilen gatnaºyga girip, gürleºip, jedelleºip, ony ýigrenip ýa ondan razy bolup bilýär. Diýmek, ºahsyýet iki jähetli çylºyrymly ruhy hadysadyr. Akyldarlar adamy kämil etmegiò iò netijeli hem iò ynamly ýolunyò ºahsyýetiò öz-özüne bolan gatnaºygynda ýatandygyna ir göz ýetiripdirler.

Dünýä bilen ikiçäkligiò ruhy we ahlak manysy öz-özüò bilen ikiçäklikden düýpgöter tapawutlanýar. Adama özüni eý görmek mahsusdyr. Ol daºyndan gelýän sese garanda içinden gelýän sese has gulak asgyç bolýar. ªonuò üçinem, jemgyýet öz gymmatlyklaryny adamyò içki gymmatlygyna öwrüp bilen halatynda, diòe ºonda terbiýe iºinde hakyky netijeleri gazanyp biler. Daºky gymmatlygyò içki ynanja öwrülmegi üçin adamy kämilleºmegiò zerurdygyna ynandyrmak gerekdir. Adamyò içinde iki «men» bar — «esasy men» we «goºmaça men». Türkmen akyldarlary tebigatdan bolan «meni» nebis, ikinji, ruhdan bolan «meni» köòül diýip atlandyrypdyrlar. Nebse bikemallyk, biakyllyk mahsusdyr, köòle kämillik mahsusdyr diýip hasap edilipdir. Çünki, birinji — tebigatdan, ikinji — ruhdan, medeniýetdendir. Hakyky kämillik adamyò içinde ruhuò tebigaty ýeòmeginden ybaratdyr. Özem bu ýeòºi diòe adamyò özi gazanyp biler. Adamy terbiýelemegiò iò oòat ýoly bu terbiýäni onuò öz eline bermekdir, has dogrusy, onuò ruhy-medeni «menine» bermekdir. Adam nebsi tebigatdan bolup, tebigatyò kanunlaryna görä-de ýaºamak isleýär. Emma, jemgyýet baºga bir giòiºlik, baºga bir kanunlardyr, onda tebigat kanunlary ýöremeýär, eger olary goldanjak bolsaò, uly ruhy-ahlak kynçylyklary we hatda betbagtlyklary ýüze çykýar.

ªahsyýet edebiniò düýp manysy öz-özüòi jemgyýetçilik ruhy-ahlak talaplaryna tabyn etmekden ybaratdyr.

Boýun egmegiò oòady nebsiò göwne boýun bolmagydyr.

Tabynlygyò oòady özüòi özüòe tabyn etmekdir.

Çyn ýeòiº öz-özüòi ýeòmekdir.

Orta mekdebi tamamlap, geologiýa ekspedisiýasynda iºlän ýyllarym ºeýle bir hekaýaty okapdym. Onda bir ajaýyp heýkeltaraº hakda gürrüò berilýärdi. ªol heýkeltaraº ölmez-ýitmez eserler döredip, il arasynda adygypdyr. Ýaºaýºy gowulaºypdyr. Ol ºeýle bir ajaýyp heýkeller ýasapdyr, seredip, heýkeldir öýder ýaly dälmiº. Hakyt diri adama meòzeýärmiº. Ol haýsy adamyò heýkelini ýasasa, soòundan onuò haýsynyò heýkeldigini, haýsynyò janly adamdygyny tapawutlandyrmak aòsat düºmändir.

Herki zadyò baºlangyjy hem soòy bolýar. Heýkeltaraº hem özüniò ölüm karkarasynyò ýakynlandygyny aòypdyr. Ýöne, teý, ölesi gelmändir. Ajaldan gaçyp gutulmak isläpdir. Oýlanyp-oýlanyp, ajaldan sypmagyò bir ýoluny tapypdyr. Ol özüniò on sany heýkelini ýasapdyr. Özem ºeýle bir yhlas bilen ýasapdyr welin, görseò, ynha, heýkeltaraº bir adam däl, heýkelleri bilen on bir adam. Heýkellerden ýekeje-de kem-köst tapar ýaly däl.

Ine, bir gün Ezraýyl amanadyny almak üçin heýkeltaraºyò ussahanasyna gelipdir. Heýkeltaraº Ezraýylyò gelýändigini öòünden duýup, döreden heýkelleriniò arasynda gizlenipdir.

Ezraýyl ussahana girip seretse, içerde bir heýkeltaraº däl-de, on biri durmuº. Ezraýyl bu ahwalata ör-gökden gelipdir. Beýle ýagdaý Ezraýylyò durmuºynda öò gabat gelmän eken. Allatagala bir döreden adamynyò ikinji nusgasyny etmeýär. Ähli adamlar gaýtalanmasyzdyrlar, ýeke-täkdirler. Doganlaryò ýüz keºpleri meòzeº bolup biler, ýöne olarda hökman tapawut bardyr, gylyk-häsiýetlerinde-de tapawut bardyr.

Ezraýyl sanap görse, gaºynda biri-birine meòzeº on bir sany adam dur. Oòa bolsa, diòe bir adamyò jany gerek.

Ajal pygamberi her näçe oýlansa-da, çykalga tapmaýar. Ol lapykeç bolup, yzyna gaýdýar. Hudaýyò ýanyna baryp, arzyny aýdýar:

— Men kyn güne düºdüm. Bir adamyò janyny almaga bardym welin, ol ýerde on bir sany meòzeº adam dur. Men ol on bir heýkeltaraºyò haýsysynyò janyny almaly?

Allatagala onuò bu sözüne hezil edip gülüpdir. Soòam Ajal pygamberine nädende hakyky adamy hakyky däl adamdan tapawutlandyryp bolýandygynyò syryny öwredipdir.

— Bar, ýene heýkeltaraºyò ussahanasyna barybam, meniò öwreden sözlerimi gaýtala.

Ezraýyl geògalyjylyk bilen sorapdyr:

— Aýdyºyò ýaly etsem, hakyky heýkeltaraº öòe çykarmy?

— Hökman çykar, alada etme.

Ezraýyl ikinji gezek heýkeltaraºyò ussahanasyna barypdyr-da, «heýkeltaraºlaryò» hiç biriniò ýüzüne garaman, sesini biraz gataldyp ºeýle diýipdir:

— Bu heýkeller diri adam ýaly, edilen iº, umuman, erbedem däl. Meniò pikirimçe, mundanam gowy edip bolardy. Bu ýerde howlukmaçlyk edilen bir kemçilik bada-bat göze ilýär. Eger ºu göze dürtülip duran kemçilik bolmadyk bolsady...

Bu sözleri diòlän heýkeltaraº gaharlandy, özüniò gizlenip durandygyny ýadyndan çykaryp, Ezraýylyò alkymyna dykylyp bardy:

— Hany, ºo diýýän kemçiligiò? Hiç hili kemçilik bolmaly däl.

Ezraýyl gülüpdir:

— Ele düºdüò gerek?! Ine, adamyò ýeke-täk kemçiligi: ol öz-özüni hiç wagt unudyp, aòyndan aýryp bilenok.

Adam özüni öwlüýä ýykylyp alnan ýaly biçak söýýär. ªol aºa söýgi hem adama köp ýerde kössek bolýar.

Edebiò baºy-da öz-özüò öòünde edepli bolmakdyr. Öz-özüò öòünde edepli bolmak ºahsyýet edebidir.

* * *

ªahsyýet edebiniò baº ºerti öz-özüòe akyl ýetirmekdir. Öz kemçiliklerini ilden öò görýän, öz kemçiliklerini ilden oòat bilýän adamyò geljegi bardyr. ªahsyýet edebiniò akyl ºertine meºgul bolup, ol özüniò hüý-häsiýetinde, özgelere gatnaºygynda, biliminde, iºinde, pikirinde, garaz, bütin ºahsy ýaºaýºynda bärdengaýtmalary, säwlikleri, çiglikleri, bikemallyklary görer we olary düzetmegiò, ýagny kämillige ýetmegiò ýollaryny agtarar. Munuò özi kyndyr, bu juda kyn iºdir. Adam ºeýle bir ýaradylypdyr, oòa özüne boýun egmekden özgä boýun bolmak aòsat düºýär. Näme üçin? Sebäbi özgä boýun egmek oýalykda daºky, görer göze bolýan, «ýalan» iºdir. Munuò özi etmek däl, eden bolmakdyr. Özüne boýun bolmak has çynlakaý zat bolup, munuò üçin döwülmek, tüýsüòi, içki barlygyòy özgertmek gerekdir. Bu inçe hadysany bir tymsal bilen düºündireýin. Aýdaly, seniò öòüòde belent dag dur, seniò wezipäò ºol dagdan geçmek diýeli. Dagdan aºmak seniò ýeòºiò bolýar diýeli. Seni dagyò o tarapynda görenler ýeòºiòi ykrar etmeli diýeli. O tarapa düºmegiò iki ýoly bar: sen ýa-ha kösenip, emgek baryny görüp, belent, kert gaýalardan janyò suw üstünde bolup geçip, o tarapa çykmak, ýa-da sen köpräk wagtyòy ýitirip, dagyò daºyndan aýlanyp, ºol ýere barmaly. Ine, özgä boýun bolmak — daºyndan aýlanmak, özüòe boýun bolmak — üstünden geçmekdir. Elbetde, ikinjisi kyn, ýöne ol hakyky ýeòiºdir, gutarnyklydyr we jedelsizdir. Elbetde, birinji aòsat, ýöne ol çyn däl-de, çynaberimsizlikdir, daºyndan dogry ýaly, içinden bolsa — ýalanlykdyr.

ªahsyýetiò akyl hereketiniò edebine öz bolºuòy mydama gözegçilik astynda saklamak ºerti girýändir. Akylyò gözegçiliginiò aýrylýan ýerinde edep hem ýitýändir. ªahsyýet öz öòünde edýän hereketleri üçin jogap okamalydyr. ªonda ol özgäniò öòünde jogaby taýýar kiºi, özgeleriò öòünde müýnsüz kiºi bolar.

Akyla eýer, soòundan ökünmeli boljak hereketlerden saklanmagy baºar! Elbetde, nebis öz hözirine bakyp, seni her hili nämynasyp iºlere iterjek bolar. ªonda sen akyla we ahlaga daýanyp, diòe soòy rahatlyk we müýnsüzlik bolan iºleri ýerine ýetirersiò.

Her iº etseò, akyla we ynsaba geòeºip et! Akyl bilen ylalaºmasaò, soòundan puºman edersiò, ynsap bilen ylalaºmasaò, soòundan güzaba galarsyò.

Akyl — Allanyò gözüdir, ynsap — halkyò gözüdir.

Ynsap özüòe etmejek iºiòi özgä-de etmezlikdir.

Özüòe etmejegiòi özgä etseò, özgelerem sen babatda ºo hili bolarlar, onsoò sen olaryò öòünde ýüzsüz, delilsiz we aklamasyz bolarsyò.

Ynsap ýüregiò içki emridir. Bir nälaýyk, gelºiksiz iº edersiò, belki-de, hiç kim görmez, hiç kes aòmaz. Baºda oòadam ýalydyr. Emma, eden iºiò aòlamasy ýuwaº-ýuwaºdan içiòe ornap, kalbyò çuòlugynda nägilelik, närazylyk we makullamazlyk duýgulary gelip ugrar. Bu duýgy gitdikçe güýçlenip, seni ruhy we ahlak ynjysyna salar, soòabaka ahwalyò hasam kynlaºar. Sen öz-özüòe igenip, öz-özüòi ýekirip, öz-özüòi kötekläp, özüòe özüò jeza berersiò. Bu — ynsabyò möwjüdir.

ªahsyýet iki tarapdan — akyl bilen ynsap tarapyndan goragly bolanda, edebe taýýarlykly bolar. Bu goraglaryò güýçlüdir, çünki biri Allanyò, beýlekisi halkyò goragydyr.

Edepli ºahsyýet üçin Hak hem, halk hem diòe daºky zatlar bolman, eýsem, içiò hökmürowanlarydyr. Onuò akyly Ýaradanyò ölçegleri boýunça ýaºar, ynsaby-da halkyò ýörelgelerini goldanar. Akyl bile ynsap bolsa — daºda däl, içdedir.

Kämil ºahsyýet daºarky gymmatlyklary özüniò janly içki ölçeglerine öwren ºahsyýetdir. Islendik gymmatlyk diòe içe geçende, haýsydyr bir mana we ähmiýete eýedir. Daºda galýan zat gury howaýylyk bolar.

ªahsyýete gapdalyndan baha bermegiò mähek daºy amaldyr. Amalsyzlyk diòe bir adamdan däl, gymmatlyklardanam göwnüò geçmegine sebäp bolýan ºumlukdyr.

Gymmatlyklaryò manydan we gadyrdan gaçmagy özgä et diýip, özüò etmezlikden baºlanýandyr. Jemgyýetçilik ahlagynyò ýagdaýy ºahsyýete baglydyr. ªahsyýet öz ädimlerinde gymmatlyklary puja çykarsa, bu iò ýaramaz zatdyr.

ªonuò üçinem, akyldarlaryò kämillik ýörelgesi — özüòe bek bolmakdyr. Olar ile däl, ilki özlerine nesihat edýärler, ilki özlerini ynandyrýarlar, ilki özleri bilen jedelleºip, hakykatyò durnagöz kimin düýbüne ýetip, diòe ºondan soò, özgä tarap ýüz öwürýärler.

ªahsyýet edebinde kämilligi içinden gözlemek we içinde tapmak ºertdir. ªahsyýetiò arassalygy özi tarapyndan gazanylýandyr. Hapysa bolsaò, ynjarlar, närazy bolarlar, gaçarlar, emma, sözüò ähli manylarynda arassalanmak diòe öz iºiòdir. Bedeniòem, kalbyòam, ynsabyòam, ýüregiòem arassa bolsun!

Ynsabyò görkezijisi utançdyr.

Ynsap — jandyr, utanç — bedendir. Jan bolmasa, beden ölüdir.

Eliò dyrnagyny ilden utanyp, aýagyò dyrnagyny özüòden utanyp almalydyr.

Ilden utanyp, daºky eºigiòi, özüòden utanyp, içki geýimiòi tämiz saklamalydyr.

Özüòden utanmagy endik etmeseò, ildenem utanmak diýen zady bilmersiò.

Öz diýeniòi etmeseò, özgäò diýenini-de etmezlige endik edersiò.

Akylyò bolmasa, Alladan gorkyny bilmersiò, ynsabyò bolmasa, ili sylamagy bilmersiò.

Alladan gorkmadyk ölümden gorkar, ilden çekinmedik ryswalykdan gorkmaz.

Alladan gorkan ölümden gorkmaz, ilden çekinen nebisden gorkar.

Öz ynsabynyò we akylynyò synagyndan geçen, iliò içinde baºyny dik tutup gezer.

Rowaýat: Delili bir baýyò öýünde ogurlyk bolýar. Baýyò tyllalary ogurlanýar. Olary kim ogurlap biler? Baý ogurlygyò daºdan gelip edilmändigini, kimem bolsa öýdäkileriò biriniò ogurlandygyny aòýar. Ýöne, tutulmadyk, ogry däl. Näme etjegini bilmedik baý Ekber patyºanyò baº weziri Birbalyò ýanyna barýar:

— Eý, hormatly Birbal, seniò ugurtapyjylygyò äleme doldy. Seniò bilmeýän zadyò ýok diýýärler. Onsoò, ine, menem senden kömek sorap geldim.

— Aýdyber.

— Aýtsam, öýümdäki tyllalarym ogurlandy.

— Güman edýän adamyò barmy?

— Eý, hormatly wezir! Men ogurlygy hyzmatkärlerimiò biriniò edendigine ynanýaryn. Ýöne haýsynyò edendigini takyk bilmeýärin.

— Bolýar, men bir usuly ulanyp göreýin. Meniò ol usulym öòki gezekler-ä takyk çykypdy. Sen öz hyzmatkärleriò ählisini meniò ýanyma getir.

Hyzmatkärler alty sany eken, olar Birbalyò dergähine gelýärler. Birbal alty sany des-deò kesilen samany olaryò öòünde hatarlap goýýar.

— Ine, deò ululykdaky alty sany saman. Görüò. Samanlar deòmi?

Hyzmatkärler barmakboýy alty sany samany içgin synlap, jogap berýärler:

— Altysam des-deò.

— Hany, onda heriòiz birini alyò.

Hyzmatkärleriò hersi bir samany alýar.

— Baýyò tyllasyny biz, nesip bolsa, ertir bileris. Häzir her biriòizi aýratyn otagda ýatyrjak. Ertir irden meniò ýanyma gelersiòiz we eliòizdäki samany görkezersiòiz. Tyllany kim ogurlan bolsa, ºonuò elindäki saman bäºden bir öser. Kimiò elindäki saman beýlekileriòkiden uzyn bolsa, ana, ºol adamyò hojaýynynyò tyllasyny ogurlandygy. ªol hyzmatkäre hem ertir jeza bereris.

Hyzmatkärleriò her birini aýratyn otaga salýarlar. Baýyò tyllasyny ogurlan biraz samsygrak bolýar. «Ertir Birbal meniò syrymy bilmez ýaly, men bu samanyò bäºden bir bölegini döwüp aýraýyn» diýip, ol hyzmatkär pikir edýär. Pikir ediºi ýaly samanyò bäºden bir bölegini döwüp aýyrýar.

Ertir alty hyzmatkär samanyny Birbalyò öòünde goýýar.

Tylla ogurlanyòky beýlekileriòkiden bäºden bir gysga.

* * *

ªahsyýet üçin esasy zat ynsap duýgusydyr. Bu duýgy ony ähli ýerde halas eder, abraýly eder. Utanç — ynsap duýgusydyr.

Geýinmek, naharlanmak, sözleºmek, iºleºmek, gatnaºmak edebiniò ähli ºertlerini berjaý etmegiò-de içki ºerti utançdyr.

Utançly adam owadan, tämiz, laýyk we gelºikli geýner, çünki utanç duýgusy oòa içinden adamlaryò keýpini bozmajak bolsaò, ºeýle-ºeýle geýin diýip salgy berer.

Utanjaò adam edepli, usully hem arassa naharlanar, çünki utanç duýgusy oòa içinden iliò duýgusyny ynjytmajak bolsaò, ºeýle-ºeýle boluºda naharlan diýer.

Utançly adam sypaýy, hoºgylaw hem süýji sözleºer, çünki utanç duýgusy oòa içinden morta, gödek söz bilen kalplary ynjytma diýer.

Utançly adam ynsaply iºleºer, çünki içinden oòa utanç duýgusy iºini özgäò üstüne atmak haramlykdyr diýip seslener.

Utançly adam özgeler bilen edepli gatnaºar, çünki utanç duýgusy oòa içinden biedeplik dünýäni betnyºanlyga eltýändir diýip seslener.

Adamyò akyly gaýyk kimindir, zehin atly küregi bolmasa, gaýyk butnawsyzdyr.

Adamyò ynsaby jan kimindir, utanç atly dili bolmasa, jan owaz edýän däldir.

Kämil ºahsyýetiò sypatlary ºulardyr:

Göwni diòe haýyr iºe hyýal eder.

Elleri diòe haýyrly iºiò baºyny tutar.

Aýaklary diòe haýyrly ýola gadam urar.

Baºynda diòe oòat pikirler gopar.

Dili diòe ýagºy sözleri sözlär.

Gözi diòe ýagºylygy gözlär.

Gursagynda gözel duýgular bolar.

Öòünde haýyrly maksady, yzynda sogap iºleri, sagynda ýagºylygyna guwanjy, çepinde eden ýalòyºlyklaryna ökünji ýörär.

Bagtyò girewi edepli pikirlere, edepli sözlere we edepli hereketlere endik etmekdir.

Edepli ýaºamagy endik edinseò, ömrüò sapaly geçer.

Biedeplik ynsap gülüni guradar, akyl daragtyny çüýreder.

Gözleriò mydama özüòde bolsun. Özgede kiçijik kemçilik görseò: «Bu mende-de barmyka?» diýip pikir et. ªonda özüòde has uly kemçiligiò bardygyny görersiò.

Ilki özüòe gara, soò özgelere!

Akyl bagtyò kepili, ynsap kämilligiò güwäçisidir.

Ynjamaýyn diýseò, ynjytma!

Akylyò diliòe, ynsabyò eliòe, ahlagyò aýagyòa gözegçilik etmese, rahatlyk hem hözir tapdyrmaz.

Eliò egri, aýagyò egri, diliò egri bolsa, ýörejek ýoluò çarkandakly bolar.

Akylyò hem ynsabyò bilen nebsiòi öldürseò, rysgal-döwletiò özi üstüòe geler.

Bagta garaºma, onuò üstüne bar, ºumlugyò özi gider öýtme, onuò üstüne akylyòy hem ynsabyòy küºgür.

Ynsaply adam özüniò ynsabyndan minnet çekýändir. Özüniò ynsaplydygyny bilýän kiºä özge lezzet gerekmez.

Özüniò ynsaplydygyny bilýän kiºini dyza çökerip bolmaz.

Güýç — halallykdadyr. Halaldygyny bilýäni gorkuzybam bolmaz, ürküzibem, ejizledibem bolmaz, boýun egdiribem.

Halallyga ýeten — ýeòilmezdir. Ol uruldygyça güýçlener, ýenjildikçe, kuwwata geler. Ony ýok edibem bilmezler. Onuò bedenini ýok etseò, ruhy müò esse güýçli garºydaº bolup, ýagysynyò baºyndan iner.

Kämillik — öz-özüòi çäklendirmegi baºarmakdyr.

Özüòi çäklendir, ºonda dünýä seniòki bolar.

Kämil çykmak isleseò, özüò bilen dalaº, özüò bilen tutluº, özüò bilen garpyº.

Özüòi gözle, özüòi tap, özüò bolmasaò, giden dünýäò näme manysy bar?!

ªahsyýet edebi — adam bolmakdyr.

Adam bolmak — özüò bolmakdyr.

Özüò bolmak — gaýtalanmazlyk, öýkünmezlik, özgäò ornuna we derisine girmezlikdir, ýasama hem emeli bolmazlykdyr.

Özüò bolmak — ºänik däl, maòyz bolmakdyr, harpyk däl, çäç bolmakdyr, gabyk däl, kösük bolmakdyr.

Ömrüò ahyrynda: «Özüm bolup ýaºadym!» diýmek, bagtdandyr.

Gaýtalamaò we gaýtalanmaò!

Göwün bossanynda biten ynsap gülleri gaýtalanýan we gaýtalaýan däldir.
 


SÖZBAªYLAR / Hatyra edebi / ªahsyýet edebi / Ruhuòyz belent bolsun!


 

 

«Ýaprak» žurnaly döwlete degiºli däldir we ähli toparlardan, guramalardan, partiýalardan we birleºiklerden garaºsyzdyr.
«Ýapragyò» buýsanýany türkmen halkynyò medeniýeti, sungaty we edebiýaty barada garaºsyz
alyp barýanlygydyr.
 

© Ýaprak