Mähriban türkmen milletim!
Edebiò ýagºysy Watany söýmekdir.
Watan gymmatlygy Watanyò ezizligi bilen
kesgitlenilýär. Çünki Ol adama berlen sanlyja ezizlikleriò
biridir. Eziz diýmek bolsa — biri bar, ýeke-täk diýmekdir.
Ýeke-täk ezizlikleriò hatarynda
Watandan baºga Allanyò birligini hem-de janyò birligini
ýatlap bolar.
Bu üç ezizligiò haýsy has ýokary,
olaryò ezizden ezizi haýsy diýip soralsa, ºeýle diýgin:
ezizlikleriò haýsy haýsyna gurban bolýan bolsa, soòkusy
ýokarydyr. Jan Watana, Watan bolsa Alla gurbandyr. Eýsem,
jandan eziz diòe Watan, Watandan ýokarda bolsa, diòe Alla
bardyr. Çünki, Alla Watandan soòam gerekdir, Watan bolsa,
jandan soòam zerurdyr. Düºün: kyýamat-magºarda Watan
gaýyplyga, wepat edeninden soò bolsa, jan gaýyplyga
öwrüler. Haýsy pursatda gopjagyny bir Alla bilýän harasat
gününe çenli Watanyò goýnunda ýatjaksyò.
Eý, türkmen balasy, özüòi akylly hem
lezzetli bir gijelik söhbete myhman alýana gör, näçe wagt
minnetdar bolup gezýärsiò, elkinlikde özüòi birnäçe
gijeläp myhman alana, gör, näçe aýlar minnetdar bolýarsyò,
iº ýa okuw, talap ýa sapar sebäpli, özüòi birnäçe ýyllap
gujagynda ýaºadan ýat ºähere ömürboýy alkyº aýdýarsyò,
oýlan, eýsem, seni kyýamata çenli goýnunda saklajak Watan
topragyna söýgi-alkyºyòy nädip beýan edersiò?!
Sen janyòdan el üzeniòden soò, ýok, jan
senden ýüz öwrenden soòam, saòa ýüz berýän, ýumºak
topragyny saòa düºek edip berýän Watan dälmidir?
Watanyò üsti hem eziz, asty hem
ezizdir, çünki, üstünde — jan, astynda bolsa — iman
bardyr. Jan hem, iman hem Watanyò barlygy mynasybetlidir.
Bäº gün ömri Watanda geçirmek
isleýärkäò, nädip baky ukyny Watan goýnunda geçirmek
islejek däl?!
Bäº gün ömre müò gün salam, baky düºek
üçin müdimi minnetdarlyk bolsun!
Sen janyò erkinde dälsiò, jan seniò
erkiòdedir.
Alla seniò erkiòde däldir, sen Allanyò
erkindesiò.
Emma, pikir et, Watan seniòki, senem
Watanyòkysyò.
Ömrüò hem Watandadyr, kazaò hem
Watandadyr.
Wagtyò hem Watandadyr, bakylygyò hem
Watandadyr.
Sen wagtdan çykyp gidersiò, emma
Watandan çykyp gitmersiò.
Adamda iki kämillik bardyr:
Akyl kämilligi,
Duýgy kämilligi.
Akyl kämilligi — danalyk, duýgy
kämilligi — ruhanalykdyr.
Danalyga ylym hem üºük bilen,
ruhanalyga terbiýe hem edep bilen ýetilýändir.
Danalyk artykmaçlykdyr, ol her kime
ýetdirmez, ruhanalyk zerurlykdyr, özüòde akyl bolmasa,
akyldarlaryò akylyna sygnyp, edep tapyn.
Duýgy kämilligi — Watany söýmek.
Akyl kämilligi Watanyò nämedigine
düºünmekdir.
Iò lezzetli hem iò kämil duýgy — özüòiò
Watanyò bir parçasydygyòy duýup gezmekdir, çünki, bu duýgy
seni ýalòyzlykdan halas edýär.
Dirikäò — Watan ruhunyò, öleniòden soò
— Watan teniniò bir parçasysyò.
Sen Watansyz oòup bilmersiò, çünki,
Watan diòe seniò daºyòda däl, eýsem, içiòdedir hem. ªonuò
üçinem, Watanyòy taºlap, hiç ýere gidip bilmersiò. Eger
ykbalyò ºum gelip, ölüp, gaýyplyga öwrüleòden soò, ýat
toprakda Watandan aýra ýatyp bilersiò. Emma bu
betbagtlyklaryò içinde iò uly betbagtlykdyr — ötmeýän,
gutarmaýan betbagtlykdyr. Seniò garyp mazaryò ýat topragyò
inine siòmedik düwün bolup galar.
Sen özüòi ýitirmän, Watany ýitirip
bilmersiò. Sen Watansyz oòup bilmersiò, emma hakyky
kämillik ºudur: ºeýle bir kämillige ýet, goý, Watan sensiz
oòup bilmesin!
Bu beýik hem ümmülmez Watana
dahyllydygyòy duýup bilseò, bagtyò suratyny görersiò.
Watanyò mährini syz, Watanyò
mähribanlygyny duý, Watanyò söýgüsine sygyn!
Watana sygynsaò, Watan ýüregiòe sygar:
bu beýik daglar, bu tereò derýalar, bu giò sähralar, bu
mähriban oba-ºäherler — bary seniò ýüregiòde ýerleºer.
ªonda ýüregiò Watanyò ululygyna barabar ulalar. ªonda kiçi
däl, uly bolarsyò, bölek däl, bitin bolarsyò, parça däl,
tutuº bolarsyò.
Kiçilikden ulaldýan, böleklikden
bitirýän, parçalykdan tutumlyga ýetirýän Watana alkyº hem
ºan-ºöhrat bolsun!
Ululyk — Watana barabarlykdyr. Watan —
ululyk çägiòdir. Hiç haçan Watanyòdan uly bolup bilmersiò.
Watan — ölçegiòdir. Ululygyòam —
Watanyòdan alarsyò, agramyòam — Watanyòdan alarsyò,
reòkiòem — Watanyòdan alarsyò. Watanyò asman bolsa,
baºarýanyò — uçmak, Watanyò sähra bolsa — baºarýanyò
ýöremek, Watanyò dag bolsa — baºarýanyò dyrmaºmak, Watanyò
deòiz bolsa — baºarýanyò ýüzmek bolar.
Alla seni ýaradyjydyr, Watan seni
gurnaýjydyr.
Watanyòy beýgeltseò, özüòem
beýgelersiò, Watanyòy harladygyò — özüòi harladygyòdyr.
Dirikäò kalbyòy hem teniòi Watan mähri
bilen ýylat, öleniòden soò, bu mähir sowuk topraga ýaýrap,
seni ýyly gujakda ýatyrar.
Göbek ganyò daman ýeri seniò üçin
Älemiò merkezidir.
Çagalygyò geçen ýerleri gözüòe yssy
görner, çünki, ol ýerde seniò bigamlygyò, päkligiò we
neresseligiò ýatandyr.
Oglanlygyò geçen ýerleri gözüòe yssy
görner, çünki, ol ýerlerde seniò ºadyýanlygyò, hezilligiò
we bagtlylygyò ýatandyr.
Ýigitligiò geçen ýerleri gözüòe yssy
görner, çünki, ol ýerlerde seniò söýgiò we ömrüòe umydyò
ýatandyr.
Orta ýaºyò geçen ýerleri gözüòe yssy
görner, çünki, ol ýerlerde seniò kämilligiò ýatandyr.
Garrylygyò geçen ýerleri gözüòe yssy
görner, çünki, ol ýerlerde seniò armanyò ýatandyr.
Watan — ömrüòdir.
Watan gözleriòde galar, sen Watanyò
gujagynda galarsyò. Ölüm ýassygyndakaò, gözleriò nurunyò
öçýänliginiò sebäbi, gözleriòdäki Watan mähriniò paýawlap,
közüniò ýürekde köreýänligindendir.
Watan seniò köküò — damaryòdyr.
Seniò ata-babalaryò ystyhany ºu Watan
topragynda ýatandyr, sen ºol kökden ösüp çykan daragtsyò.
Atalaryò ystyhany ýer alyp, atalaryò gany siòip,
mukaddeslige öwrülen topraga seniò damarlaryò kök bolup
ýaýrandyr. Ol kökler çuòdur, ykbalyò hem durmuºyò ýowuz
ýeline ömür daragtyò egilmän, sarsman dursa, sen minneti
ºol çuò köklerden çekmelisiò.
Atalaryò periºde nazary, eneleriò ýürek
mähri siòen Watany, heýem, özge toprak bilen deò tutup
bolarmy?! Öz kökleriò arkaly sen ömür daragtyòa ýaºaýyº
nemini getirýänsiò. Seniò ykbalyò, seniò ömrüò, seniò
ahlagyò, seniò akylyò, seniò ruhy barlygyò ºu Watanyò
reòkindendir we ºu Watanyò reòkindedir. Watanyò haýsy
reòkde bolsa, seniòem reòkiò ºoldur. Öwzaýyò, rejäò,
tüýsüò we hiliò Watanyòdandyr.
Duýgularyò açylanda, Watanyò — sähraò
hem daglaryò gülälekleriniò açylyºyna meòzeºdir.
Pikirleriò açylanda, olaryò goýazylygy we tagamy, Watanyò
— sähra hem dag läleleriniò burk urºuna meòzeºdir.
Watandan aýrylyp gidere ne gapyò bar,
eý, türkmen?! Ýat ýerlerde myhman bolup bilersiò, emma hiç
mahal mediwan bolmarsyò. Mysapyr bolup bilersiò, emma eýe
bolup bilmersiò, çünki ýat ýerler eýelidir.
Ýat ýerlerde ýaºaýyn diýip bir künç
edinip bilersiò, emma Watan edinip bilmersiò.
Çünki Watan alynmaýar, Watan diòe
berilýär.
Watan bellenilmeýär, Watan belleýär.
Watan döredilmeýär, Watan döredýär. Sen
— Watanyò döreden zadysyò!
Ýat ýerlerde ýaºap bilersiò, emma diòe
ºu Watanda türkmen bolup bilersiò. Öz topragyndan aýrylan
daragtyòky ýa guramak, ýa azmak bilendir. Azmak tüýsüò
üýtgemegidir, türkmen tüýsüò üýtgänden soò, nädip
türkmenligiòe galjak?! Watandan aýra düºmek ömrüò gutaryp,
ýöne sulba bolup ýaºamakdyr.
Watandan aýrylmak — öz-özüòi
ýitirmekdir. Özüòi ýitireniòden soò, sen kim, näme
bolarsyò?!
Watan seniò geçmiºiò, Watan seniò ºu
günüòdir. Eger geljegimem bolsun diýseò, hergiz Watanyòdan
aýrylma!
Aýrylma, her pursatda, her demde
dideleriòe öz Güneºinden nur berip duran Watanyò ak
gündizlerinden!
Aýrylma, her pursatda, her demde
hakydaòa hem kalbyòa dür däneleri ýaly ýyldyzlaryndan ºu
günüò eºretini we ertiriò ynamyny berip duran Watanyò gök
gijelerinden!
Ykbally bolaýyn diýseò, Watanyò
ykbalyndan aýrylma!
Döwletli bolaýyn diýseò, Watandan
ryskyòy aýrylama!
Owadan bolaýyn diýseò, Watan
gözelliginden ät galma!
Kämil çykaýyn diýseò, Watana ýykyl!
Beýik bolaýyn diýseò, Watan beýikligine
akyl ýetirjek bol!
Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar,
Watandan aýrylan ölinçä aglar! Köklerinden aýrylan daragt
aglaman neýlesin?! Dirilik nemi gözýaº bolup endamyndan
çykyp gutaransoò, daragt guraman neýlesin?!
Ýaryny ýitirmek — ýaryòy ýitirmek,
Watanyòy ýitirmek — baryòy we baryny ýitirmekdir.
Hergiz baryndan aýrylma!
Hergiz baryòdan aýrylma!
Aýrylma, Watanyò käbeleriò saçy kimin
ak gunduz gündizlerinden, türkmen!
Aýrylma, Watanyò kyblalaryò kämilligi
kimin älemleriò gapylaryny açýan göwherli gijelerinden,
türkmen!
Aýrylma, Watanyò balalaryò geljegi
kimin ak ºäherlerinden, türkmen!
Aýrylma, Watanyò gözelleriò namysy
kimin päk säherlerinden, türkmen!
Oba-kendinden, ýol-ýodasyndan,
jigerbendinden, çöl-adasyndan, dagyndan-deòzinden, Watanyò
gün meòzinden aýrylma, türkmen!
Aýrylma — ýüregiòi Watanyòdan aýrylama,
türkmen!
Köküòden aýrylma — gurar gidersiò!
Örküòden aýrylma — azaºarsyò, ýitersiò!
Özüòden aýrylma — ýara bolup azarsyò,
ºirin jandan aýra düºen süýek bolup ýazarsyò!
Ömrüòden aýrylma — il-gün bilen
ömürsiò, il-gün bilen bir sansyò, il-gün bilen hatarsyò!
* * *
Watan düºünjesi giòdir. Watan duýgusy
çuòdur. Watançylyk edebi Watanyò nämedigine düºünmekden we
göz ýetirmekden baºlanýar. Her bir türkmeniò kalbynda
döreýän watançylyk duýgusy watan düºünjesine akyl ýetirmek
bilen berkidilmelidir. Aslynda-da biziò milli okuw
däplerimizde «edep bilime, ylma esaslanýar», «esasy —
ylym, miwesi — edep» diýen ýörelge güýçlüdir. Munuò özi
biziò hereketlerimiziò düºünjeler tarapyndan
sazlaºdyrylýandygyny aòladýar. Oòat ylym oòat ahlaga, oòat
ahlak bolsa oòyn hereketlere getirýär. Amal ylym, taglym
tarapyndan kesgitlenilýär. Amal bilen ylmyò, düºünje bilen
hereketiò, söz bilen iºiò, pikir bilen ahlagyò birligine
gymmatlyk diýmelidiris.
Baºlangyçda ylmyò, netijede hem edebiò
goýulmagy dogrudyr we kanunalaýyklykdyr. Sebäp diýeniòde,
edep hukuk kanunlaryndan tapawutlylykda adamy mejbur
etmäge däl-de, adam erkinligine bil baglaýar. Edep ylym
hökmünde ruhy we ahlak gymmatlyklara adamyò gözüni açmak
arkaly, ºol gymmatlyklar boýunça ýaºamagy onuò öz-özüne
buýurmagyny gazanmakdyr. Gymmatlyklara gözüòi açmak,
elbetde, ºahsyýetiò duýgy-düºünjesini terbiýelemekligi
aòladýar. Edebiò maksady her bir adamyò içinde doly bahaly
ºahsyýeti kemala getirmekdir. ªahsyýet bolsa
aò-düºünjesiz, akyl-paýhassyz kemala gelmeýär. Eger hukuk
ulgamy diýilýäni raýaty jemgyýetiò kanunlaryny ýerine
ýetirmäge daºyndan boýun etmeklik bolsa, edep içinden —
akyl we duýgy tarapdan täsir etmekdir. Edebiò güýji
mejburylyga ýüz urman, ºahsyýeti akyl we duýgy delilleri
bilen jemgyýete ýaramly edip ýetiºdirýändigindedir. Misil
tutup aýdanyòda, hukugyò delili — taýak, edebiò delili
bolsa pikir we duýgy gymmatlygydyr.
Edep sözi köne, gadymy türkmen
sözleriniò biridir. Ol gaty gadymy zamanlarda-da dürli
manylara we many jähetlerine eýe bolupdyr. Bularyò
hemmesini aºakdaky esasy manylara syrykdyrmak bolar:
terbiýe,
tertip,
utanç-haýa,
sypaýylyk,
däp-dessur.
Ýüzlerçe ýyllaryò dowamynda ºu manylar
dürlüçe röwüº alyp, ahlaky gymmatlyklaryò bitewi ulgamyny
kemala getiripdir. ªu kitapda hem edep milli türkmen
ahlaky ýörelgeleriniò ulgamy manysynda teswirlenilýär.
Bularyò maksady bolsa XXI asyryò — türkmeniò Altyn
asyrynyò ºahsyýetini kemala getirmekdir.
Watan gymmatlygy düºünje hökmünde
azyndan üç gymmatlygy öz içine alýar. Watan — birinjiden,
Döwletiò; ikinjiden, Ýurduò; üçünjiden bolsa, Milletiò bir
bitewülikde göz öòüne getirilmegidir.
Döwlet Watanyò birinji jähetidir.
Döwlet mukaddesliginiò içinde bäº sany
gymmatlyga akyl ýetirmek watançylyk edebiniò akyl
gönezligini kemala getirer. Bularyò birinjisi Ruhnamadyr.
Ruhnama — türkmen milletiniò Baº
kitabydyr.
Ruhnama — türkmeniò ýüzüniò tuwagydyr.
Ruhnama — bir kitaba jemlenen türkmen
dünýäsidir.
Baº kitap — millionlarça ºahsyýetden
ybarat giden bir milleti tutuº göwrä, bitewi ºahsa öwürýän
kitapdyr. Göwreler özlügini bes edip, biri-biri bilen
birigip bilmez, çünki, göwre maddadyr. Emma göwünler,
kalplar, ýürekler we akyllar birigip, äpet bir tutuºlyga
öwrülip bilýändir, çünki olar maddadan has ýokary
derejedäki güýç-kuwwatyò — barlygyò görnüºleridir. Göwün,
kalp, ýürek we akyl ruhy güýç-kuwwatyò görnüºi hökmünde
ruhuò kanunlary boýunça ýaºaýar. Haçan-da Ruhnamany ele
alanyòda, bir damjajyk bolup türkmen ruhunyò Ummanyna
gatylýandygyòy ýada salgyn! ªonda Ummana goºulýan damjanyò
rahatlygy, hoºlugy we ºatlygy kalbyòa aralaºar. Ruhnamanyò
türkmen ruhunyò ummanyna eltýän güzerlik manysyny ýada
salsaò, ýüregiòde bu kitaba çemeleºmek edebiniò ºertleri
tebigy suratda peýda bolar.
Bu ºertiò düýp manysy bolsa Ruhnamanyò
sözlerini manylary bilen birlikde öwrenmekden ybaratdyr.
Ruhnamany manysyna düºünip oka! Manysy ulanman okalýan
kitap tebibiò beren melhemini ulanman göterip ýörmek ýaly
bir zatdyr. Manysyny ezmän okalýan kitap aby-haýýat suwuny
içmän, ýöne eliòi batyryp görmek ýaly bir zatdyr.
Ruhnamany manysyna girip oka, manysyny
ulanyp oka, manysyny ezip oka!
«Tuwak» manysy aklanmak, haklanmak,
delillenmek, ykrar edilmek, sana geçmek diýmekdir.
Ruhnamany okasaò, aklanarsyò,
haklanarsyò, ýaºaýºyò hem ömrüò delil tapynar, maksadyò
hem niýetiò ykrar bolar, türkmen hatarynda sana geçersiò!
Ruhnamany howlukman, her bir pikir
dänesini kalbyòa siòdirip-siòdirip oka! Göwnüò nobatdaky
pikir bilen mazaly dokunandan soò, dowamyna geçip oka!
Teòòeli hazynanyò üstünden baryp, aljyran kiºiniò elewräp
ýörºi ýaly, belli bir dürdänesiniò baºyny tutup bilmän
oturma! Pikirlerini gyzylyò gyryndysy ýaly edip çöpleºdir,
paýhas goruòa at!
Boº ýerde namaz okap oturan bendä gabat
geldiòmi?! Namazlyk — bendesi bilen Allanyò didarlaºýan
giòiºligidir.
Saçaksyz, boº ýerde goýlan nygmaty
gördüòmi? Saçak rysgaly egninde göterýän mukaddeslikdir.
Ruhnamany saçak kimin, namazlyk kimin
ýazylan zadyò üstünde goýup oka!
Ruhnamany kalbyòam, bedeniòem tämizläp,
ºondan soò eliòe al!
Ruhnamany doga kimin oka, doga okamak
bendesiniò sözlemegi däl-de, Allanyò sözläp, bendesiniò
diòlemegidir, Ruhnamany «menligiòi» aradan aýryp, oòa
berlip oka! Ony oòa ýüregiòi berip, mähriòi berip oka!
Ruhnama türkmeniò sesidir, ºol sesi diòläp oka!
Kitap okamak — söhbetdeºlikdir.
Söhbetiò ýürekdeº bolmagy üçin, ruhy hylwatlygy gazanyp
oka!
Ruhnama aýawly garamagy öwren! Ol hiç
mahal ýaramaz ýerde ýatmasyn, baºga zatlaryò aºagynda
galmasyn, onuò ýyrtylmagyna, sahabynyò hapalanmagyna,
sahypalarynyò eplenmegine ýol bermezlik üçin, Ruhnama
daºlyk tut!
Ruhnamany ömrüò ötinçä oka! Çagalykda,
ýetginjeklikde, oglanlykda, jahyllykda, ýigitlikde,
kämillikde, gartaòlykda we garrylykda gaýtalap-gaýtalap
oka, çünki, her ömür menziliòde, Ruhnamanyò many
dürleriniò täze-täze taraplary açylar. Ömrüò her
möwsüminde dünýäniò täze taraplary, baºga owazlary
açylýandyr!
Watançylyk Kasamy watançylyk edebiniò
ikinji bir ulgamydyr. Eziz Watanyò bir tejellisi — jäheti
bolan döwletiò iki mukaddesliginde — Kasamda we Senada
edebiò üç sany görnüºi berjaý edilmelidir. Bular: Söz
edebi, Kalp edebi hem-de Hereket edebidir. Söz — kelamdyr.
Hemme zat sözden baºlanýar we hemme zat sözde tamam
bolýar. Söz — baºlangyç, söz — tamam. Hemme ýollar söze
baryp ýetýär we diòe söz hemme zatlara baryp ýetýär.
Mukaddes Kasamy we Döwlet Senasyny
kelemäòi gaýtalan ýaly ýerine ýetirgin! Sözlerini ýoýman,
owazyny bulaºdyrman ýerine ýetir. Çünki söz diýeniò
namysdyr. Söz edebini kalp edebi bilen utgaºdyryp berjaý
et. Kalp edebi — ýürekden sözlemek, aòryò bilen sözlemek,
gara çynyò hem tutuº barlygyò bilen sözlemekdir. Sözüò bir
ajap çeºmäniò çuòdan gelºi ýaly, aòryòdan gelsin! Bir dil
bilen däl, eýsem, kalbyò bilen sözle! Sözleýärkäò, diliò
ýürege baglylygy ýitmesin, ýürek bagyndan üzülen söz
ºahadan tänen ýaprak kimin jansyzdyr. Diliòi ýürek
örküòden boºatsaò, söz many ugur-utgasyny ýitirer.
Kalp edebi berjaý edilmän aýdylan sözüò
ýürekden çykan sözden tapawudy birmeòzeº zikgelenen mis
hem-de tylla teòòeler ýalydyr. Misiò soòy — zeò,
tyllanyòky — jöwherdir. Söz kalpdan çykanda, gözler
jöwherlenýändir. Söz boºlukdan gelende, gözlerde zeòpisint
kölege, dilde kölegelilik peýda bolýandyr.
Söz — ten, kalp — jandyr.
Söz edebiniò, kalp edebiniò ºertleri
berjaý edilende, Kasamy we Senany agras, çynlakaý hem-de
ýürekden ýerine ýetirmelidir. Kalbyò ýerine boºluk bolanda
ses güýçli, emma pöwhe çykar, çünki boºlukdan çykýan ses
ºeýle bolýandyr.
Hereket edebi bilen söz hem kalp
edebiniò azabyny ýerine gowºur! Adamyò adamdan parhy
sözländen hem beter hereket edende aýan bolýandyr! Sözüòi,
ynanjyòy hereketleriò bilen tassykla! Hereket — peýandyr,
nämäniò-nämedigi diòe peýanda, ahyrky netijede belli
bolýandyr. Kimiò ozandygy, kimiò ýeòlendigi çapyº ýolunda
däl-de, pellehanada belli bolýandyr. Hereketleriò — seniò
pellehanaòdyr. Hereket — wepadyr. Söýgiòi diliòe alma,
wepaòy görkez!
Biziò watançylyk Kasamymyz türkmeniò
örän gadymdan gelýän ynanmak hem ynandyrmak
dessur-adatlarynyò nusgasynda tebigy suratda dörändir.
Ata-babalarymyz, köplenç, dört zatdan ant-kasam
edipdirler: ene süýdünden, çörekden, öwlüýäden hem-de
Gurhandan. Bularyò düýp manysy bitewülige wepalylygyòy
tassyklamakdan ybarat bolupdyr. Kasama biwepalyk etmek
bitewülige haýynlyk etmek hasaplanypdyr. Doganlaryò
arasyndaky antda ene süýdi ölçegdir, çünki doganlar bir
enäniò süýdüni emendirler. Söweºe gidýän ýigitler çörekden
ant edipdirler, çünki çörek olaryò bitewüliginiò,
birliginiò nyºanydyr. Bir ynanç — maksat arkaly bitewülik
bolanlar öwlüýäden ant edipdirler, çünki öwlüýä ynanç
birligidir. Musulman ymmatynyò bitewüligine wepalylyk
kasamy Gurhandan ant içmek görnüºinde kabul edilipdir.
Watançylyk Kasamy — türkmene,
Türkmenistana wepalylyk ähtidir. Watan abraýy, Watan
birligi üçin özüòden geçmäge taýýarlygyò tekrarnamasydyr.
Biziò Döwlet Baýdagymyzda, Döwlet
Tugramyzda hem-de Türkmen döwletiniò Tugunda Watanyò
yºaraty taýdan bitewileºdirilen jemaly bardyr. Men
Ruhnamada türkmen ruhunyò bäº müò ýyllyk döwrüni bäº sany
uly eýýama bölüp, her eýýamy dürli oòonlar bilen aòlatdym.
Sebäbi oòon — yºarat, nyºan many umumylaºdyrmasy üçin örän
amatlydyr. Tugra hem yºaratdyr. Ol giden bir ululygy —
türkmeni we Türkmenistany kiçijik aòlatmalar arkaly beýan
etmäge mümkinçilik berýär. Ol türkmen ruhunyò we
barlygynyò jemalyny aòlatmak artykmaçlygyna eýedir.
Tugumyzdaky we Tugramyzdaky bäº göl bäº welaýatyò mizemez
hem baky jebisliginiò yºaratydyr. Tugramyzdaky bedew keºbi
biziò Watanymyzyò taryhynyò gadymylygynyò, öz ösüºinde
ýyndamlygyò hem-de arassa — halallygyò nyºanydyr. Bedew
türkmen üçin mal hem däldir, ulag hem däldir. Bedew
türkmeniò kalbynyò we durkunyò yºarat suratydyr. Bedew
pany dünýäde baky döwran sürmegiò seriºdesidir. Ol azatlyk
hem erkinlik ölçegidir, çünki bedew münen türkmeni hiç bir
zat tabyn edip bilmez.
Tugumyzdaky we Tugramyzdaky Aý, bäº
ýyldyz, ýaºyl reòk, beýleki nyºanlaryò hemmesi türkmeniò
ykrarynyò we bakylygynyò nyºanlarydyr. Biziò her birimiziò
ýüzümiziò suraty aýry-aýrydyr, dürli-dürlüdir, emma biziò
kalbymyzyò bitewi suratlary bar — olar Tugumyz we
Tugramyzdyr. Bir zada üns etdiòizmi: haçan-da döwlet
Senamyz ýaòlananda, haçan-da Tugdur Tugranyò öòünde
duranymyzda kalbymyzy üýtgeºik gudratly duýgular gaplap
alýar. Sebäbi olarda tutuº milletiò güýç-kuwwaty jem
bolandyr. Onuò täsirinden ýaòa kalbyò heýjana gelýär.
ªeýle heýjanly täsiri türkmen sährasynyò
uç-gyraksyzlygynyò öòünde durkaò, türkmen daglary bilen
ýüzbe-ýüz bolup, bu ýüzbe-ýüzlükde öz kinniwanjalygyòy
aòlaýarkaò ýa-da gijeki ýyldyzly Älemi synlaýarkaò, baºdan
geçirýärsiò.
Tuguò we Tugranyò gaºynda durýarkaò,
göz edebini we pikir edebini berjaý et! Göz edebi —
synlamak edebidir. Munuò düýp manysy ºeýledir: bir
hakykaty göz öòüne getirmekden ybaratdyr. Bu hakykaty aýan
etmek üçin deòeºdirmä ýüzleneýin. Alymlar älemiò ol çetine
çenli uzaklyk, ýagny Älemiò giòligi 13 milliard ýagtylyk
ýyly diýip kesgitleýärler. Muny haýsydyr bir aralyk
görnüºinde aòlamak mümkin däl, çünki, bu biziò kiçijik göz
öòüne getirmämize sygardan juda uly zat. Ýöne bu hakykata
diòe matematiki amallarda syn edip bolýar. Alty million
500 müò türkmeniò gabat garºysynda durmak fiziki mümkin
zat däldir. Emma bu ruhy taýdan mümkindir — Tugra we Tug
ºol alty ýarym millionyò bir ölçege getirilmesidir. Hut
ºonuò üçinem Tugramyzda we Tugumyzda alty ýarym millionyò
barlygy jemlenendir, ol barlyk kalbyòa guýlup ugranda,
kalbyò heýjana geliberýär!
Döwletiò bu mukaddes nyºanlaryny mazaly
synla! Bu ajaýyp jemallara gözüòi hem kalbyòy dokundyr!
ªonda ýüregiò hasam päklenip, pikirleriò durlanyp, sen
öòkiòdenem has türkmenleºýäniòi duýarsyò.
Kasam hem Sena ýerine ýetirilende,
baºyòy dik hem buýsançly tut! Eliò aýasyny açyp,
barmaklaryòy göneldip, eliòi ýüregiò üstünde goýup, ýerine
ýetir! Ýüregiò urgusy eliòe geçip, ondan bütin durkuòa
ýaýrasyn! ªonda ýüregiò urgusy külli türkmeniò ýürek
urgusyna goºulyp, türkmen bakylygynyò bitewi owazy
ýaòlanyp gider.
Tugy hem Tugrany öz baºyòdanam ýokarky
belentlikde tutup ýöre! Diwaryò ýüzüne dakylanda, olar
adam boýundan has ýokarda dursun! Olara seredilende,
baºyòy belent tutup seretmegi endik edin! Tugra hem Tug —
baºymyzyò täjidir, Tug al-asmanda pasyrdap, türkmeniò
belentligini dünýä jar etsin! Döwlet Tugumyz türkmeniò
ruhy kimin belentde bolsun! Tugly hem Tugraly bolmak,
Döwlet mukaddeslikleriniò öòünde baº egip, tagzym etmek
düºünip bilene uly bagtdyr. Ata-babalarymyz ºol bagta
ýetip bilmän gitdiler. Mukaddesliklere wepaly bolmak
olaryò dirilikde ynjan ruhuny ºat etmekdir.
* * *
Watan düºünjesiniò ikinji düzüjisi
ýurtdur. Biz Türkmenistan atly beýik ýurduò eýeleridiris.
Mende ýurt hem-de ýurtlulyk duýgusy ir kemala geldi.
Elhenç tebigy heläkçilik zerarly diòe mähriban ejemden,
eziz doganlarymdan däl, eýsem, atam ojagyndanam jyda
düºdüm. Emma adamyò tebigaty ºeýle eken, ol kalbynyò
çuòlugynda öý, mesgen duýgusyny götermese, ýaºap bilmeýär.
Ýitirilen ojak duýgusynyò ornuny meniò kalbymda
oglanlykdan ýurt duýgusy eýeledi. Ylaýta-da talyplyk
ýyllarymda Watanymdan alysda ºol ýurt duýgusyny men juda
ýiti duýup ýaºadym. ªol wagtlar meniò bar hyýalym ata ýurt
bilen baglanyºykly boldy. Merkezi gazetlerde
«Türkmenistan» diýen ºeýle seýrek söze gabat gelen
wagtlarym üýtgeºik hasratly süýjüligi syzardym.
Setanda-seýranda tomusky dynç alºa gaýdaýsam, diòe otla
münerdim, sebäbi otly bilen Türkmenistanyò köp ýerlerine
syýahat edip bolýardy. Emma bu syýahatyò hiç mahal yzy
üzülmän, hyýalymda Türkmenistanyò ºol otlynyò barmaýan
ýerlerine syýahat ederdim. Arzuwym ýurdumyò ähli künjüni,
ähli oba-ºäherlerini aýlanmakdy, görmekdi.
Ýurt duýgusy süýji, kalbyò juda
alyslygyndan dömüp çykýan mähriban hem täsin duýgudyr.
Söýmediklere betbagt diýýärler. Dogry. Ýöne hut ýurduny
söýüp bilmedikler, hakykatdanam, ruhy betbagt adamlardyr.
Bu duýgyny, bu söýgini hiç bir baýlyk bilen satyn alyp
bolmaz, bu duýgyny hiç bir zat, hiç bir gymmatlyk bilen
çalºyp bolmaz. Bu duýgynyò süýjüligi we lezzeti bilen
dünýäniò hiç bir zady deòleºip bilmez. Bagtly bolmak
isleseòiz, ata ýurduòyza söýgini ýüregiòizde oýarmaga
çalºyò!
Biz Türkmenistan atly beýik ýurtda
ýaºaýarys. Her bir türkmen balasy mähir edebiniò, bilim
edebiniò hem-de iº edebiniò ºertlerini bilmelidir we
berjaý etmelidir.
Mähir edebiniò ºerti ýurduòy söýmekdir.
Nesihatym: siz öz söýgiòizde asylly boluò! Ata ýurduòyza
bolan söýgiòizde gyzyò söýgüsi ýaly asyllylyk bolsun!
Türkmen gyzy däliräp, akylyny aldyryp däl-de, asyllylyk
bilen, sagdyn söýgi bilen söýýändir. Nesihatym: siz öz
söýgiòizde edepli boluò! Ýurduòyza bolan söýgiòizi
ýerlikli-ýerliksiz güjeòlemäò, sessiz hem pessaý söýüò.
Pessaý akýan derýanyò ömri hem uzakdyr — ol baharyò sili
ýaly göz açyp-ýumasy salymda geçip gitmez, pessaý akýan
söýgi derýasy hökmürowandyr — onuò öòünde hiç bir böwet
durup bilýän däldir. Her bir pursatda ata ýurduò mährine
çekip duran damaryòyz söýgüden doly bolsun! Türkmen
balasynyò esasy damary ata ýurda çeken damar bolmalydyr.
Ýurduòyzyò gök ýagyºly baharlaryny, sary epgekli tomsuny,
çaga dogran enä meòzeº güýzüni, türkmeniò kalby ýaly ak
garly gyºyny söýüò! Söýmekden armaò, çünki bu söýgüde
siziò ýüregiòiziò armaçysy goºalanar! Ýurt söýgüsi
pasla-da, ömür möwsümine-de bagly däldir, ol tükenýän,
gutarýan däldir, çünki ol çeºmesi özünde bolan ýeke-täk
barlykdyr.
Bilim edebiniò ºerti ata ýurduòy
bilmek, tanamak, öwrenmek iºidir. Türkmenistan dünýäde iò
gözel hem iò baý diýardyr. ªeýle uly ýurduò miras galmagy
ata-babalarymyzyò gahrymanlygynyò, mertliginiò esasy hem
gutarnykly subutnamasydyr, bize baºga subutnama, baºga
delil gerekmez. Bu ýer giòiºliginde beýik Garagum çöli,
Köpetdag, Köýten, Balkan ýaly beýik daglar bardyr. Türkmen
raýaty, balasy olary-da, goja Hazaryò suw
giòiºliklerini-de, Amyderýa, Murgap, Tejen, Sumbar
derýalaryny-da bäº barmagy ýaly bilmelidir. Bilmek —
akyldandyr. Sagdyn ýurt söýgüsiniò çeºmesi bilmekdir. Bu
giòiºlikde ýaºaýan ähli janly-jandarlar, gül-pürçük
baglar, gür tokaýlaryò agaçlary hem siziò üçin ezizdir.
Dogan dogany tanamalydyr, dogan dogany söýmelidir, dogan
dogany sylamalydyr. Çagalykdan ýurt mähri bedeniòe hem
ýüregiòe siòse, çyn merdana, hakyky türkmen bolup
ýetiºersiò. Bu ýurduò tikeni-de ýat ýerleriò gülünden
mähirlidir, göze yssydyr. Çünki, olara ata-babalarymyzyò
mähri siòendir. Olar diòe Günüò ýylysy däl, eýsem, ºol
ata-baba mähri bilenem ýaºaýandyrlar.
Oka, öwren, bil! Bilmek söýgiòi
artdyrar.
* * *
Garaºsyz Türkmenistan Merkezi Aziýanyò
günbatar böleginde, demirgazyk giòligiò 42048’ bilen
35008’-inde, gündogar uzaklygyò hem 52027’ bilen 66041’
aralygynda ýerleºýär. Onuò çägi günbatardan gündogara
tarap 1100 kilometre, günortadan demirgazyga bolsa 650
kilometre çenli uzalyp gidýär. Ol demirgazyk ýarym ºaryò
aram guºaklygynyò çöller zonasynda ýerleºýär.
Türkmenistanyò tutýan meýdany 488,1 müò
inedördül kilometre barabardyr. Onuò ýeriniò 80 göterimine
golaýyny Aziýanyò iò uly çölleriniò biri bolan Garagum,
galan bölegini bolsa baýyrlyklar, daglar, derýalar,
köller, suw howdanlary, medeni oturym (oazis) tutýar.
Türkmenistan tutýan meýdany boýunça Orsýetden,
Gazagystandan hem-de Ukrainadan soòra Garaºsyz döwletleriò
Arkalaºygyna (GDA) degiºli ýurtlaryò arasynda dördünji
orunda durýar. Onuò tutýan meýdany Angliýanyòkydan 244 müò
km2, Italiýanyòkydan 187 müò km2, Ýaponiýanyòkydan bolsa
166 müò km2 köpdür.
Türkmenistan demirgazykda Gazagystan,
demirgazyk-gündogarda Özbegistan, günortada Owganystan we
Eýran, günbatarda bolsa Hazar deòzi boýunça Azerbaýjan we
Orsýet bilen araçäkleºýär.
Türkmenistanyò iò demirgazyk araçägi
Daºoguz welaýatynyò Saparmyrat Türkmenbaºy etrabynyò
«Parahat» daýhan birleºiginiò Ýaògala harabaçylygynyò
golaýyndaky Üstýurduò belent çüòki hasaplanýar. Ýurdumyzyò
gündogardaky iò çetki nokady Köýtendagyò gündogar gerºi
bolan Hezretaksar depesi, günbatar nokady Hazar deòziniò
kenaryndaky Suwe burny saýylýar. Ýurduò günorta nokady
Serhetabat etrabynyò ilersindäki Çilduhtar diýlen oba
hasaplanýar. Baky Bitarap Türkmenistanyò bütin serhediniò
uzynlygy 4600 kilometre golaýdyr.
Bitarap Türkmenistan ýerasty hem
ýerüsti tebigy gymmatlyklara, baýlyklara juda baýdyr. Bu
ýerde nebitiò, tebigy gazyò, ýoduò, bromuò, bentonitiò,
nahar duzunyò, natriý sulfatynyò, gipsiò, dürli gurluºyk
materiallarynyò we beýleki käbir gazylyp alynýan
baýlyklaryò uly gorlary bar.
Türkmenistanyò iò esasy ýerasty baýlygy
nebit we gazdyr. Ýurduò çäginiò dörtden üç böleginiò nebit
we gaz babatdaky geljegi uludyr.
Türkmenistanda nebit häzirki wagtda
Günbatar türkmen pesliginden alynýar. Bu ýerde nebit bilen
ugurdaº gaz hem çykýar.
Türkmenistanyò çägini 7 sany iri gazly
topara bölmek mümkin. Günbatar Türkmenistan, Merkezi
Garagum, Böwrüdeºik-Hywa, Türkmenabat, Üòüz aòyrsy
Garagum, Murgap, Garabil-Bathyz.
Günbatar Türkmenistanda gaz nebit bilen
ugurdaº Günbatar türkmen pesliginde neogen çökündileriniò
gatlaklaryndan alynýar.
Türkmenistanyò çäginde Tüwergyrda, Uly
Balkanda, Köýtendagda daºkömrüò çykýan ýerleri bar.
Tüwergyr kömür käni Türkmenistanyò günbatarynda
Garabogazkölden 60 kilometr çemesi gündogarda ýerleºýär.
Bu ýerde Gapakly, Çaýyrly, Amanbulak, Salakbent, Üçtagan,
Çagyl ýaly onlarça kömürli känler bar. Tüwergyryò kömri
goòur kömür bolup, ýura döwrüniò çökündileriniò arasynda
duº gelýär. Ol galyòlygy 0,3 metrden 2 metre çenli bolan
birnäçe gatlakdan durýar. Geçirilen gözleg-buraw iºleri
netijesinde Gyzylgaýa we Çagyl obalarynyò aralygynda 10
metre çenli galyòlykdaky kömür gatlaklarynyò barlygy
anyklanyldy. Umuman, Tüwergyr sebitlerinde 2 milliard
tonna çemesi kömür bar diýlip çaklanylýar.
Tüwergyrda, Köýtendagda we beýleki
käbir ýerlerde paleogen çökündileriniò arasynda marganesiò
birleºmesi duº gelýär. Köýtendagda ýura döwrüniò hek
daºlarynyò arasynda linza we ºtok görnüºinde gurºunyò we
sinkiò gorlary bar. Köýtendagda mezozoý çökündileriniò
arasynda mis magdany hem duº gelýär. Günbatar Köýtendagda
köp sanly barit magdanynyò çykýan ýerleri mälimdir.
ªolaryò käbirinde baritiò düzüminde gurºun we sink hem
bar.
Soòky geçirilen barlaglar netijesinde
simap almak üçin çig mal bolan kinowaryò çykýan 200-e
golaý ýerleri anyklanyldy. Simaply minerallar Köýtendagda,
Uly Balkan daglarynda hem duºýar. Köpetdagda witeritiò,
flýuoritiò çykýan ýerleri hem bar.
Ýer gabygynda köp ýaýran himiki
elementleriò biri alýuminidir. Ol, esasan, boksit
magdanyndan alynýar. Boksit Türkmenistanda Tüwergyrda
tapyldy. Ol ýura döwrüniò çäge-toýun çökündileriniò
düzüminde duº gelýär.
Türkmenistan kükürde, nahar we kaliý
duzlaryna, natriý sulfatyna (mirabilite), magniý
duzlaryna, nebitdakyla (ozokerit), ýoda, broma baýdyr.
Türkmenistanyò çäginde mineral duzlaryò
ähli görnüºleri diýen ýaly duº gelýär. Garabogazkölde
natriý sulfatynyò, biºofitiò, epsomitiò ägirt uly mukdary
bar. Mundan baºga-da, bu ýerde magniý, stronsiý, rubidiý,
bor, brom we baºga seýrek duº gelýän elementler hem gabat
gelýär. Häzirki wagtda «Garabogazsulfat» önümçilik
birleºigi ýylda bir million tonna golaý natriý sulfatyny
öndürýär.
Türkmenistan nahar duzuna baýdyr. Iò
uly duz känleri Hazar boýundaky Guwluköl, Jebel
stansiýasynyò golaýyndaky Babahoja, Günorta-Gündogar
Türkmenistanda Soltan Sanjar hem-de Magdanly känleridir.
Mundan baºga-da, Bathyzdaky Ýeroýlanduzda,
Demirgazyk-Günbatar Türkmenistanda Zeòòibaba, Duzgyr
belentliklerinde we beýleki käbir ýerlerde hem nahar
duzunyò köp mukdary bar. Häzirki wagtda senagat möçberinde
Babahojanyò we Guwlukölüò duz känleri peýdalanylýar.
Türkmenistanda ýaºma, halsedon, oniks
ýaly gymmat bahaly we bezeg daºlary hem duºýar. Ýaºma
Tüwergyrda duºýar. Ol dürli reòkde bolup, jaýlaryò içki
diwarlaryny bezemekde ulanylyp bilner.
Tüwergyrda halsedonyò hem dürli
görnüºleri duºýar. Bu gymmat bahaly daº Uly Balkan
daglarynda-da bar.
Türkmenistanda gymmat bahaly daºlaryò
iò owadany mermer görnüºli oniksdir. Ol ir wagtlardan bäri
zergärçilik önümlerini öndürmekde ulanylýar. Oniks
daºlarynyò esasy bölegi Köýtendagyò karst gowaklarynda
jemlenipdir. Mermer görnüºli oniks Köpetdagda hem duºýar.
Türkmen halky iki ýarym müò ýyl bäri
gowaça ekýär. Biz bol pagta hem bugdaý hasylyny
ýetiºdirmegi oba hojalygyndaky esasy wezipämiz
etmelidiris.
Bize ata-babalarymyzdan tebigy
baýlyklary boýunça dünýäde iò baý ülke miras galypdyr.
Ata-babalarymyz alys ýurtlary basyp alsalar hem ýene ata
Watanyna dolanyp gelipdirler. Ata-babalarymyzdan miras
galan Watany, ene topragy gözüò göreji deý gorap saklamak
biziò mukaddes borjumyzdyr. Bu toprakda özüne bendileýji
güýç-gudrat bar. Bu toprakdan baºga bir ýurda sapara
gitseò, birki günden soò ýüregiò atygsap ugraýar: toprak
özüne çekýär, tizräk ata Watana dolanyp barmak isleýärsiò.
Aglap dünýä inenimizde, göbek ganymyzy
özüne siòdiren, bizi çagalykdan apalap, ösdürip-kemala
getiren, ºirin nazu-nygmatlary bilen ekläp-saklan,
hasratly günümizde köºeºdirip diòdiren, bagtly çagymyz ada
ºemaly bilen ºatlygymyzy dünýä ýaýan ene toprak-da ºudur.
Bagtly çagymyz depämiz gök direse-de, biz göklerde
ýaºamzok, ýene ºu topraga gaýdyp gelýäris! Büdränimizde,
bize baºga direg bolýan ýok, ýene ºu topraga ýapyºýarys!
Hatda peýmanamyz dolanda-da, bizi baºga zada däl, ºu
topraga dözýärler. Biziò agylarymyz hem gülkülerimiz ºu
ene topragyò goýnuna siòip galýar.
Diòe ºu ene topraga we ºu ýurda söýgi
iò belent söýgüdir. Çünki diòe ºu söýgüde adamyò bütin
ömrüne barabar çäksizlik hem tükeniksizlik bardyr.
* * *
Ata ýurdumyzyò iò köp bölegini Garagum
sährasy tutýar. Garagum diýmek beýik gum, beýik sähra
diýmekdir. Oguz han Türkmeniò kakasynyò Gara han ady-da
beýik han diýmekdir. Ata-babalarymyzdan bize ºu beýik
sähra miras galypdyr. ªu ägirt uly mülk galypdyr. Ol uly
hazynadyr. Emma biz üçin ol diòe hazyna däl, biziò üçin ol
ata ýurtdur. Dünýäde iò uly many hem iò uly hezzet ata
ýurduòa bolan söýgüdir. Watan söýgüsi iò belent sungatdyr.
Çünki diòe ºu söýgi, diòe ºu duýgy bize özümizi Adam bolup
duýmak bagtyny berýär. Watan ýöne baýlyk, ýöne hazyna däl,
hazyna — baýlygymyz biziò özümizden baºga, ikinji bir
zatlardyr, biziò elimizdäki zatlardyr. Watan bolsa biziò
özümizdir, biziò özümiz Watanyò aýasyndadyrys. Biz —
ºahalar, ata-enemiz bolsa daragtdyr. Biziò hemmämiz Watan
atly daragtyò ºahalarydyrys. ªonuò üçinem Watan bolmasa,
bizem bolmazdyk.
Millet — belli bir ýurt tutunan, belli
bir topraga köküni uran halkdyr. Öýsüz maºgala bolmaz,
ýurtsuz — millet. Beýik Türkmenistan ata-baba mülkümiz,
mähriban öýümizdir. Biziò haýsydyr birimiz bolmasagam, bu
Watan bolar, emma ºu Watan bolmasa, biziò hiç birimiz hem
bolmazdyk.
Bu Watanyò diòe ºu günki däl, eýsem,
ertirki rysgalynam alada edip, men Garagumuò jümmüºinden
Türkmen kölüni gurdurýaryn. Garagum çölüniò jümmüºinde zeý
suwlary arassalanyp, biziò ýene onlarça ýyllardan içjek
süýji suwumyza öwrüler. Bu toprak, hakykatdanam, Ene-dä!
Ol balalarynyò ajysyny öz ýüregine siòdirip, oòa derek
diòe süýjülikleri perzentlerine gaýtaryp berýär!
Men Garaguma, Uzboýuò ýakalaryna kän
aýlanyp gördüm. Göçülen ýurtlar, gömülen akabalar,
unudylan mazarystanlyklar... hemiºe gözüme ýaº aýladýardy.
ªonda men dünýäde iò hasratly owazyò göçülen ýurduò
üstünden öwüsýän ºemalyò dilinden çykýandygyny gördüm.
Türkmenistan diýarymyzyò ömürbaky ýaºajak ýurt bolmagy
üçin ömrümi bagyº etmegi baº maksadym saýdym.
ªäherler, obalar, köºkler, eýwanlar,
mejlishanalar, köçeler, ºaýollar, howlular, bazarlar,
dükanlar, metjitler — ine, ºu Watan kalba üýtgeºik bir
owaz, üýtgeºik bir lezzet salýar. Men eziz Diýara aýlanyp
görmegi juda halaýaryn. ªäherlere, obalara, bugdaýly
meýdanlara baranymda görmedik dogan-garyndaºyny ilkinji
gezek görýän oglanjyk ýaly begenýärin. Görmedik
dogan-garyndaºyny görmek isleýän oglanyò çyn höwesi meni
Diýarymyzyò täze künjeklerine atarýar.
Eý, eziz türkmenim!
Seniò öòüòem ºu toprak, soòuòam ºu
toprakdyr. Çünki, biz ºu toprakdan önýäris, ºu topraga-da
siòip gidýäris!
Seniò aslyòam millet, seniò nesliòem
milletdir!
Bu diýýänim asman ýaly howalaly, emma
toprak ýaly-da sada hakykatdyr. Bu diýýänim göwün ýaly
ºahyrana, emma akyl ýaly-da çyn hakykatdyr. Geçen
arkalaryòa göz aýla, edil öz arkaòdan näçe adamy
atlandyryp bilersiò?! Ýedi, sekiz, on, on bäº? Aòyrsy?!
Aòyrsy — türkmen milletidir! Eýsem, geljek nesliòden
näçesini göz öòüne getirip bilersiò?! Ogul, agtyk, çowluk,
ýuwluk, gowluk, atlyk... Ondan aòyrsy? Ondan aòyrsy-da —
diòe türkmendir!
Beýik Taòra sygnyp, ºu Watanyò —
Döwletiò, Ýurduò, Milletiò ºanyna, diýmek, öz hatyraòa
mähir, söz hem-de hereket edebiniò ºertlerini berjaý kyl!
ªonda ýüregiò jaý tapar, akylyò kanagat, ömrüò bereket
tapar.
* * *
Biziò ata-babalarymyzyò elmydama
gapylary açyk bolupdyr. Olar gulp diýen zadyò nämedigini
hem bilmändirler. Ogurlyk, kesekiniò zadyna el uzatmak
diýen zat biziò halkymyzyò arasynda bolmandyr. Eger-de
obada ogry bar bolsa, bütin oba ondan ýüz öwrüpdir, onuò
bilen hiç kim salamlaºmandyr, hiç kim ony myhmançylyga
çagyrmandyr. Türkmen üçin ºundan elhenç jeza bolmandyr.
Iliò üýºen ýerlerinde wejera edipdirler. Ogrynyò elini
kesmek usuly hem ulanylypdyr. Ogryny oba näletläp, obadan
çykaryp kowupdyr. Soò ony hiç bir oba kabul etmändir. Adam
özüni ýalòyz duýan wagtynda, ol düzelip baºlaýar,
adamlaryò özi hakdaky pikirini üýtgetmäge çalyºýar. Munuò
özi biziò milli özboluºlylygymyzdyr, munuò özi biziò täsin
ruhy terbiýämizdir, bu biziò taryhymyzdyr —
türkmençiligimizdir.
Türkmençilikde kyýamatlyk dogan
okaºylsa, süýtdeºden aýry görülmeýär. Görogly bilen
Agaýunus Öwezi kyýamatlyk ogul edip alýarlar.
Türkmenler myhmana uly hormat goýupdyr.
Hatda duºmany öýüne myhman bolup gelse-de, onuò hununy
geçipdir. Ýa-da myhman bir etmiºli bolup gelse, öý eýesi
ony yzyndan öç almaga gelenleriò eline bermändir.
Ata-babalarymyz myhman garºylamagy häsiýetine siòdiripdir.
Her gün nahar biºirende «myhman paýyny» goºup biºiripdir.
Ilimiz gadymdan bäri «Myhman ataòdan
uly» diýen paýhasa eýerip gelýär.
Ata-babalarymyz adamlaryò agzybir
gatnaºykda bolmagy üçin köp tagallalar edýän eken. Eger
bir säw bilen ara tow düºen bolsa, sylanýan ýaºulular
bilen töwellaçy barylýar. Töwellaçynyò töwellasy alynmasa,
türkmençilikde erbet görülýär.
Bir ýere gitjek bolnanda, bir iºiò baºy
tutuljak bolnanda, kesp-hünär öwrenip, iºe baºlajak
bolnanda halypadan, ýaºuludan ak pata alynýar. Görogly
Harmandäliniò ýanyna gitjek bolanda Agaýunus:
«ªähri-Bossanda Aºyk Aýdyò pir bardyr! ªonuò hyzmatyna
baryp, bir aý-kyrk gün hyzmatynda bolgun, haýyr-patasyny
alyp, onsoò barsaò, abraý taparsyò» diýýär.
Biziò ata-babalarymyz köp iºleriò
baºyny geòeº bilen tutupdyr. ªol geòeºlerde ýa bir adamyò,
ýa-da tutuº iliò ykbaly çözülipdir. Geòeºe, esasan, iliò
ýaºululary, han-begleri ýolbaºçylyk edipdir. Olar meseläni
orta atyp, iliò pikirini jemläpdir. Kähalat geòeºilýän
mesele hakynda iki pikir ýüze çyksa, haýsy tarapyò sesi
köplük bolsa, ºolaryò gepi sana geçipdir.
Biziò halkymyzyò öz-özüni dolandyryº
düzgüninde geòeº, maslahat esasy orny tutýar. Bu soòky
ýüzýyllyklaryò döreden däbi däldir. Maslahat geçirmek,
il-halk bilen geòeº edip, mesele çözmek Oguz han atamyzdan
gözbaº alýar.
Türkmenistany Russiýanyò basyp
almazyndan öòki türkmençilik zamanynda syýasy ýagdaýlaryò
çylºyrymly bolmagy zerarly, umumy taýpa maslahatlary
ýygy-ýygydan geçirilipdir. ªonda ilatyò ähli agzalaryna
degiºli möhüm harby-hojalyk meseleleri, uruº yglan etmek,
ylalaºyk gazanmak, ºertnama baglaºmak, täze ýere-ýurda
göçmek, suwaryº desgalaryny, ýaplary gazmak, arassalamak,
bent gurmak we olara gözegçilik etmek, ilaty, ekinleri,
mallary duºmandan goramak, gala salmak, ýeri-suwy tireler
arasynda paýlamak ýaly meseleler ara alnyp
maslahatlaºylypdyr hem-de belli karara gelnipdir.
XIX asyrda türkmen taýpalarynyò
oturymly ýerleri belli bir derejede kadalaºýar. Özara
oòºuksyzlyklar azalýar we merkezleºen döwlet döretmäge
meýiller döräp baºlaýar. Esasan hem Bäherden, Bamy,
Gökdepe, Sarahs etraplarynda teke türkmenleriniò
agalygynyò we agzybirliginiò güýçlenip baºlamagy goòºy
döwletleriò patyºalaryny ynjalykdan gaçyrýar.
XIX asyryò ortalarynda Eýran bilen
Hywanyò arasynda türkmen topragy ugrundaky göreº has-da
ýitileºýär.
1855-nji ýylda Sarahs söweºinde,
1857–58-nji ýyllarda bolup geçen Garrygala söweºinde,
1861-nji ýylda Mary söweºinde daºarky güýçleriò
derbi-dagyn edilmegi türkmen tire-taýpalarynyò
agzybirliginiò netijesidi. Bu söweºlerde teke, ýomut,
gökleò, salyr, ärsary we beýleki tireler birleºip, ýow
gaýtardylar.
Eýsem, türkmen bäº müò ýyllyk taryhda
ýetmiºden gowrak döwleti nähili gurupdyr? Olary nähili
saklapdyr? Sekiz asyrlyk döwletsizlik döwründe ýurduny
nähili gorapdyr?
Elbetde, munuò aslynda türkmeniò
gahrymançylykly ruhy — halkymyzyò edermenlik, mertlik ýaly
ajaýyp gylyk-häsiýetleriniò jemi ýatandyr. Türkmenler
özüniò söweºjeòlik sypatlarynyò aýdyò mysallary bilen
taryha giren halk. Döwletiò wezipesini türkmençilik hem
adat tutupdyr we halky agzybirlikde dolandyrypdyr.
Ata-babalarymyz türkmen halkyny
elmydama azatlykda, garaºsyzlykda, bagtly durmuºda
görmegiò arzuwy bilen ýaºapdyrlar. ªol arzyly döwre
ýetýänçä, halkymyz uzak taryhy döwürlerde ençeme ganly
söweºleri baºdan geçirmeli bolupdyr. Ata Watan üçin, onuò
garaºsyzlygy üçin ýüz müòlerçe adam janlaryny gurban
edipdi. Türkmen halkynyò üstüne ýaman niýet bilen gelen
duºmanlaryò hijisi-de halkymyzyò ýüzüni ýere salyp
bilmändi. Çünki türkmen Watan üçin mert durup, janyny orta
goýmagy baºarypdy. Ata-babalarymyzda biziò ºu günki
neslimize görüm-görelde bolup biljek beýik ygrarlylyk,
Watana buýsanç, çäksiz söýgi bardy. Watana bolan beýik
buýsanjy we söýgini bolsa hiç bir güýç basyp bilmez...
Geçmiºde biziò halkymyzyò gylyç
oýnadyp, jyza parladyp, duºman bilen gaýduwsyz söweº
gurmagy baºaran är ýigitleriniò bolandygyny biz taryhdan
gowy bilýäris. ªolar bilen bir hatarda, goºunbaºy hökmünde
harby ussatlyk görkezip, türkmen halkynyò taryhynda at
galdyryp, oòa ºanly sahypalar ýazan, bütin dünýä diýen
ýaly owazasy dolan Oguz han, Frat, Süren serdar, Ärsak ºa,
Bumyn han, Atylla, Mahmyt Gaznaly, Çagry beg, Togrul beg,
Alp Arslan, Jelaleddin Meòburny, Ärtogrul Gazy, Aba
serdar, Gowºut han, Soltannyýaz beg ýaly serkerdelerimiziò
hem bolandygy buýsançly ýagdaýdyr.
Bizde guwanara milli gahrymanlarymyz
kän. Çünki biziò halkymyz üçin harby sungat ýat däl. Her
bir ýüòi ýeten ýigidi esger hasaplap, aty mydama
eýerlengi, ýaragy taýýar duran halk öz harby sungatyny
arkaba-arka ýaº nesle öwredip geldi.
Harby sungatymyzyò gözbaºy müòlerçe
ýyllyk taryhy bolan türkmenleriò nesilbaºysy Oguz han
döwründen ugrugyp gaýdýar.
Biziò ady rowaýatlara öwrülen atamyz
beýik Oguz han döwletiò güýjüniò we halkyò
abadançylygynyò, ilkinji nobatda, döwletiò içinde tertibiò
berjaý edilmegine baglydygyny, her bir adamyò — begzadanyò
hem, garamaýagyò hem öz borç-ygtyýarlaryny takyk ýerine
ýetirmelidigini aýdypdy.
Ýurdy gorap saklamagyò goºuna hem-de
ºol goºunda harby sungatyò düzgünleriniò berk ýerine
ýetirilmegine baglydygyny-da Oguz han wesýet edipdir.
Özi-de muny durmuºda subut edipdir.
Oguz hanyò goºun düzümi ýedi görnüºden
ybarat bolupdyr. Bularyò her haýsynyò ýöriºde ýa-da
söweºde özüniò ýerine ýetirýän wezipesi bolup, hemmesi
bilelikde uly bir güýji emele getiripdir.
Oguz handan soòky gurlan türkmen
döwletlerinde-de, soòky sekiz asyrlyk özbaºdak
döwletsizlik döwründe-de mydama türkmenleriò harby
syýasatynyò özeni ýurduò, iliò-günüò bütewiligini üpjün
etmekden ybarat bolupdyr.
Hiç haçan türkmen ýersiz-ýere özgäniò
üstüne sürünmändir, özgäniò ýurduna göz gyzdyrmandyr,
özgäniò üstüne goºun sürmändir. Özgä meçew bermändir, özgä
gylaw bermändir. Gaýtam urºanlary ýaraºdyrjak bolupdyr.
Öz üstüne ýygyn çekip gelseler welin,
türkmen garadan gaýtmandyr. Ýüòi ýeten goç ýigitler Watan
üçin, iliò-günüò ar-namysy üçin baºlaryny eteklerine
salypdyrlar. «Düýä münüp, hataba bukmandyrlar». Her biri
duºmana aldajy gurt bolup darapdyr. Magtymgulynyò aýdyºy
ýaly: «Doòuz kimin topulyp, aýy kimin asylypdyr».
Oguz hanyò wesýetine diò salyp görüò:
«— Bir kiºi günäkär bolsa, ol kiºi
patyºa oturan ýere ýakyn bolsa-da, uzak bolsa-da, ol
günäkär kiºi patyºanyò urugyndan bolsa, ýa özge urugdan
bolsa-da, hanyò bir kiºisi barsa we temmi berse, oòa hanyò
inisi we ogullary ýa-da beglerinden hiç kim arkasynda
durup, gol ýapmasyn. Eger kim günäkäre arka dursa, ol arka
duran kiºini patyºa iºigine getirip, arkasyny gylyç bilen
çapyp, iki bölmek gerek, tä görene göz, eºidene gulak
bolsun. Oguz neslinden, bozok ogullaryndan bir kiºini
patyºa etsinler. Iki kiºini patyºa götermesinler. Sebäbi
han bir bolsa, il düzeler, iki bolsa, il bozular. Öten
akyldarlar aýdypdyrlar: «Iki gylyç bir gyna sygmaz», «Bir
aýaly iki är almaz» diýip. Bir ýurda iki töre sygmaz».
Ine, bäº müò ýyllap türkmen halkynyò
sygnyp gelen wesýeti. Bu wesýetiò berjaý edilmegi
türkmeniò ömrüne dowamat beripdir. Oguz hanyò bäº müò ýyl
mundan öò aýdan wesýeti hiç mahal hem ähmiýetini
ýitirmändir. Göktürkmeniò ýadygärliklerinde hökümdaryò
Taòry tarapyndan iberilendigi, ony oòat gylyk-häsiýetleriò
bezändigi, adalatly, merhemetli, mähirli, jomart bolandygy
bellenilýär. Garahanly döwleti Orta Aziýada gurlan ilkinji
beýik türkmen musulman döwleti bolupdyr. Olaram Oguzyò
wesýetini berjaý edipdirler. ªu günki nesil tarapyndan
Oguz hanyò wesýetiniò ýerine ýetirilmegi Watanymyzyò
jebisliginiò, abadanlygynyò, mizemezliginiò kepilidir.
* * *
Türkmen zenanlary halkyò baºyna howp
abanan halatynda erkekler bilen bir hatarda gahrymançylyk
görkezipdirler. «Gorkut ata» kitabyndaky Burla hatyny alyp
görüò. Ol ençeme oguz gyzlaryna baº bolup, batyrlarça
söweºip, duºman hanlarynyò birini öldürýär. «Burla hatyn
kim?» diýip duºman soranda, kenizleriniò ählisi: «Men
Burla hatyn!» diýip, öòe çykýar. Burla hatyn bolup öòe
çykmak — ölüm. Ýöne Burla hatynyò kenizleri öz howandary
üçin ölmegi özlerine mertebe bilýärler. Edil ºeýle waka
Baýram han Türkmen bilen hem gaýtalanýar. Baýram han ýesir
düºýär. ªonda duºman: «Baýram han haýsyòyz?» diýip, ýesir
düºenlerden soraýar. Bu soraga ähli ýesirler: «Men Baýram
han!» diýip, öòe çykýarlar. Ine, bu sypatda türkmenleriò
merdanalygy äºgär görünýär. Ýa-da Gökdepe galasyny
goramakda türkmen aýal-gyzlarynyò görkezen
gahrymançylygyny söz bilen beýan edip bolarmy?
Türkmen urºa uruº diýmändir, «toý»
diýipdir. Toýda özüni nähili howpsuz-hatarsyz, erkin
duýºuò ýaly, söweºde-de özüòi toýdaky ýaly alyp barmaly,
gorky-ürki ýat bolmaly, aljyramaly däl diýen niýet bilen
batyr ýigitler söweº meýdanyny özleri üçin toý meýdany
hasaplapdyrlar.
Uruº-söweº — yzan-da-çuwanlygyò ýeri.
Toý — ºagalaò-ºatlygyò ýeri.
Söweºde ýeòseò — seniò üçin toý — ºol.
Görogly beg hem söweºe «toý» diýipdir.
Hindistanda bolan mahalym maòa bir
ºekiljigi görkezdiler. Gündogaryò baºga bir milletiniò
peºeneli adamy ýylgyryp, elini arkasyna tutup dur.
ªekiljigi beýlesine öwreniòde bolsa, arkasynda tutup duran
elinde gylyç görýärsiò. ªeýlelikde, onuò ýüzi ýylgyryp,
elinde bolsa gylyç tutup dur. Elbetde, munuò özi belli bir
döwrüò pelsepesidir.
Beýleki bir tarapdan, bu ºekil öz
ata-babalarymyzyò buýsançly halk bolandygyny ýene bir
gezek ýatlatdy.
Hiç bir babatda türkmen gözi gülüp
durup, ýüregi ýigrençden doly halk bolmandyr. Beýle
häsiýete namartlyk diýilýär. Namartlyk bolsa, biziò
halkymyzyò ýek ýigrenýän zady. Ylaýta-da, harby meselede
namartlyga orun bolmandyr. Asla, türkmen namartlar bilen
iº salyºmagy hem mertlik hasaplamandyr.
Ata-babalarymyzyò: «Gaçany kowujy
bolma» diýen halk pähimi hem türkmen halkynyò mertliginiò
bir beýanydyr, onuò harby sungatynyò guwançly keºbidir.
Gaçany kowmaýºy ýaly, türkmen ýigitleri
mälim etmezden hem söweºe baºlabermändir.
1880-nji ýylyò Bitaraplyk aýynyò
11-inde gije Gökdepe galasyny goraýjylara Marydan 2000
adam kömege gelýär. Güýjümiz köpeldi diýip, Gökdepäni
goraýjylar ºol gije duýdansyz hüjüme geçibermeýärler. ªol
günüò ertesi olar Skobelewiò goºunynyò alkymyna baryp:
«Marydan kömek geldi, biz taýýar, geliberiò!» diýip habar
berýärler.
«Görogly» ºadessanynda beýle ýagdaýlara
kän duºýarys. Ýekeje mysal: Görogly Reýhan Arapdan ar
almaga baranda, görse, Reýhan Arap uklap ýatyr diýýä.
Görogly ºonda: «Namartlyk edip, uklap ýatan adamy
öldürmäýin-le» diýip, turanda özüniò gelenini bilsin
diýip, atyny onuò daºyndan üç mertebe aýlap, bir güjüme-de
ok atyp gidýär.
Harby sungatda-da türkmen ogly halk
pähiminden ugur alypdyr. Halk pähiminde bolsa ºeýle
diýilýär: «Ýatana ýylan hem degmändir».
Söweºde serdara uly orun degiºli
bolupdyr. Çaknyºykda garºydaºyòdan rüstem gelmek, agyr
goºuny söweºden kän bir ýitgisiz alyp çykmak serdaryò —
goºunbaºynyò söweºjeò tilsimlerini kesgitläpdir.
Harby demokratiýanyò kada-kanunlaryna
laýyklykda türkmenler han, goºunbaºy, serkerde
saýlap-seçenlerinde nesilden-nesle geçirmek düzgünine
eýermändirler.
Türkmenler öz serkerdelerini
seçenlerinde, diòe ºonuò ukybyna-gujuryna,
aòyna-düºünjesine seredip, hemmetaraplaýyn ölçerip-döküp,
çynlakaý pikir alyºmak arkaly saýlapdyrlar. Diòe bir
goºunbaºy, han, serkerde saýlanjak adamyò özüniò däl,
hatda maºgalasynyò hem ähli ahlak sypatlaryny nazarda
tutupdyrlar.
XIX asyryò ortalarynda Sarahs
türkmenleri özüni han saýlamak islänlerinde, Gowºudyò
agasy aýalynyò myhman kabul etmegi baºarmaýandygyny
aýdypdyr: «Han saýlansaò, öýde bar wagtyò bolýar, ýok
wagtyò bolýar, elmydama myhman geler. Gelen myhmany kabul
etmeli bolar. Meniò aýalym bolsa, myhman kabul etmegi
oòaranok. Ýöne Gowºut serdar, han bolup biler. Serdar
bolmak üçin ata-babalarymyzyò aýdan ýedi talaby Gowºutda
dogry gelýär» diýip, hanlykdan ýüz öwrüpdir.
Asla, güýjüòe baýrynyp, zor bilen
goºunbaºy, serkerde bolaýyn diýip hem pikir etmändirler.
Diòe uly il ynam bildirse, özüne-de ynamy güýçli bolanda,
harby ussatlygyna göwni ýetse, ºonda ol goºunbaºylyga razy
bolupdyr.
Serdar, serkerde, goºunbaºy harby
tälime ussat bolanda, ol her hili ýagdaýlarda-da
üstünlikli hereket etmäge ukyply bolýar.
Garahan türkmenleriniò ºalygynyò
has-hajyby, meºhur türkmen akyldary Ýusup Balasagunly müò
ýyl owal «Bilimnama» («Kut etgu bilig») atly meºhur
eserinde goºun ýolbaºçysynyò söweº üstünliklerini beýik
sungat hökmünde taryp edipdir.
«Bilimnamada» söweºde duºmany ýeòmek
üçin goºun serkerdesine mahsus bolmaly sypatlar ºeýle
kesgitlenýär:
Birinji: dogry söz — ýoluny açar,
Gepi iki çyksa, ynamdan gaçar.
Ikinjiden: jomart bolmaly serdar,
Bahyl bolsa onuò goºuny dargar.
Üçünjiden: bolmaly ol dogumly,
Eger gorkak bolsa, baºy ölümli.
Dördünjiden: baºy çyksyn hileden,
ªeýle bolsa, syrtmak salar
ºire-de...
diýipdir.
Ýöne hile namartlyk däldir. Söweºdäki
hile duºmana al salmagyò bir täridir. Hile — söweºjeò
ata-babalarymyzyò harby sungatynyò bir görnüºidir.
Soòky sekiz asyryò dowamynda türkmen
halkynyò özbaºdak döwleti bolmandygy üçin, onuò bütewi
goºuny hem bolmandyr. Ýöne, bu ýagdaý türkmenlerden
serkerde ýigitleriò bolmandygyny aòlatmaýar. Ilat
ondan-oòa göçüp-gonup ýörse-de, olar öz mekanlaryny
daºarky howpdan goramagy baºarypdyrlar.
Mertligi, dogumlylygy, birsözlüligi,
jomartlygy, ugurtapyjylygy bilen türkmen ýigitleriniò
dabarasy dag aºyp, at-owazasy illere ýetipdir.
Orta asyrlarda köp döwletler türkmen
ýigitlerini esgerlige alypdyrlar, harby ýolbaºçylar
belläpdirler.
Goºun serkerdeligini türkmen asylly
adamlara ynananlarynda döwlet ýolbaºçylary öz tagtlaryndan
hatyrjem bolupdyrlar.
Görnükli akyldar, döwlet we harby iºgär
bolan Baýram han Türkmen Hindistanyò taryhyna ajaýyp
sahypalar ýazypdyr. Ol harby serkerde hökmünde Mogollar
imperiýasynyò, Hindistanyò ähli çäginde, Päkistanda oòat
goºun birikmelerini döredipdir. Goºunyò söweºe ukyply
bolmagy üçin ähli çäreleri görüpdir, serkerdeleriò ornuny,
esgerleriò biliminiò nähili bolmalydygyny, olaryò haýsy
dilde geplemelidigine çenli kesgitläpdir.
Baýram han Türkmeniò bu häsiýetlerini
soòra onuò ogly Abdyrahym han dowam etdiripdir.
Batyrlygyò, goºuna ýolbaºçylyk etmegiò ýokary ussatlygyny
görkezendikleri üçin olara «Hanlaryò hany» diýen döwlet
derejesi berlipdir. Hindistanyò taryhynda olaryò harby
sungatyna aýratyn orun degiºlidir.
ªol döwürlerde Eýranda-da, Türkiýäniò
sebitlerinde-de, Kawkazda-da, Orsýetde-de, beýleki ençeme
ýurtlarda-da türkmen esgerleri köºkleri gorapdyrlar,
türkmen esgerleri ynamdar, wepadar, arassa adamlar
bolupdyrlar.
Halkymyzyò gahrymançylyk, batyrlyk,
mertlik häsiýetleri goòºy ýurtlaryò, ºeýle hem dünýä
halklarynyò arasynda-da ºöhrat tapypdyr.
Owganystanyò ozalky Prezidenti
Burhanuddin Rabbany bilen Aºgabatda duºuºanymyzda ol:
«Siziò halkyòyzyò taryhynda Watanyny goranda ýa-da baºga
bir söweºde henize çenli ýeòlip gaýdan türkmen bolmandyr.
Söweºde ýa-ha ýeòiº gazanypdyr ýa-da baºyny goýup
gaýdypdyr...» diýip, halkymyzy ýürekden taryp etdi.
Ata-babalarymyzyò söweºjeòlik ukyplary
olaryò «gurt oýny», «it urºy» ýaly meºhur söweº
tilsimlerinde has aýdyò ýüze çykypdyr.
Hile bilen yza gaçyp, buky ýerde
güýçden gaçan duºmany parçalamak täri Oguz hanyò goºunynyò
«it urºudyr».
Görogly beg: «Men hem bu urºy itden
öwrendim, Kähi gaçyp, kähi kowmagyò gerek» diýip, Oguz han
döwründe dörän «it urºunyò» asyl manysyny
häsiýetlendirýär.
Türkmen durmuºynda türkmen itine
aýratyn orun degiºlidir. Iti halkymyz tebigatdan saýlap
alyp, kämilleºdirip, ony daºynyò goragçysy hökmünde özüne
wepaly ýoldaº edip ýetiºdiripdir.
Ýaòykentden tapylan türkmen köpeginiò
irki nesliniò ºekiliniò müòlerçe ýaºynyò bardygy ýüze
çykaryldy. Diýmek, türkmen özüniò garadangaýtmaz, edermen,
düºbi köpegi bilen taryhyò çarkandakly ýollaryny irki
döwürlerden bäri bile geçipdir.
Läheò göwreli, gazan kelleli, aýy
penjeli, agzy kelteden ýasy, gözleriniò, gulaklarynyò
arasy giò, döºi ýaýbaò, aýaklary kelteräkden kuwwatly,
gulagy, guýrugy kesik türkmen iti örän hüºgär we duýgur
bolupdyr. Türkmen onuò urºujylyk häsiýetlerini özüniò
söweº tilsimlerinde ulanyp, oòa «it urºy» diýip at
beripdir.
«Oguznamada» Oguz hanyò goºunynyò
Yspyhan ýurdunda agyr garºylyga duº geliºleriniò, ýedi
günläp galany alyp bilmeýiºleriniò beýany bar.
Bu ýagdaýdan soò Oguz hanyò goºuny
galany nähili söweº täri bilen boýun egdirip boljakdygy
barada geòeº edýär. Ahyrda «it urºy» tilsimi bilen Oguz
goºunlary Yspyhany eýeleýärler.
Türkmenler öz söweºjeò häsiýetlerini,
köplenç, garadangaýtmaz, batyr, hile gurmagy baºarýan,
ýyrtyjy haýwanlaryò urºujylyk sypatlary bilen
utgaºdyrypdyrlar.
«Gurt oýny» uruº tilsimi-de ºolaryò
biridir. Möjek ordasynyò gije ýarymdan agandan soò, daòa
ýakyn goýun sürüsine daraýºy ýaly, «gurt oýnunda-da» goºun
gündiz güýjüni asgyn görkezen bolup, yza çekilip, gije
ýarymdan agansoò, duºmanyò üstüne hüjüme geçýär.
Taryhda seljuk-türkmen goºunlarynyò
duºmana «gurt oýnuny» görkezip, uly ýeòiº gazanandyklary
barada maglumatlar bar:
1039-njy ýylyò Oguz aýynyò üçünji
ongünlüginde Desi-Bezirgenanda bolup geçen seljuk-gaznaly
urºunda Togrul begiò, Çagry begiò, Musanyò atlylary gije
ýarymdan soò «gurt oýnuny» gurup, güýji artyk duºman
goºunyny çym-pytrak edýärler.
Toý-tomaºada adamlaryò göwnüni açmak,
ruhuny götermek maksady bilen ýerine ýetirilýän dürli
oýunlaryò hem türkmenleriò harby sungaty bilen bagly
bolmagy ýöne ýere däl. Eýsem-de bolsa, toý gidip duran
mahaly ýagynyò dökülýän wagtlary az bolmandyr. Toýunda-da
türkmen ýigidini eli gylyçly, ok-ýaýly, naýzaly...
görende, ýagy heder edipdir. Üç-dört bolup bir çanagyò
daºyna üýºen adamlara mydama bir çemçäniò kem berilmegi
çemçe ýetmezçiliginden däl, ýok, bu türkmeniò nahar
iýende-de hüºgär bolmagy üçin tapylan çäre. Özüne gezegiò
— çemçäniò ýeterine garaºyp oturanyò hüºgärligi sak
bolýar, ol duºmanyò ýakynlandygyny aòlap bilýär.
Toýuò toý ºekilli geçmeginde harby
sungatyò ähmiýeti uly bolupdyr. Gahrymançylyk häsiýetli
ºadessanlarymyzda altyn gabak atmak, göreº tutmak, at
çapmak — bularyò bary toýuò bezegi bolan bolsa-da, munuò
özi halkymyzyò öz milli harby sungatyny durmuº-ýaºaýºynyò
özenine öwrüp bilen halkdygyny görkezýär.
Türkmen halkynyò irki döreden iri halk
döredijilik eserleriniò, esasan, harby-gahrymançylyk
babatda bolmagy ýöne ýerden däl. Çünki, türkmen her zatdan
ozal Watany, ony goramagy ilkinji orunda goýupdyr. Watany
öz ömrüniò manysy hasaplapdyr.
Türkmen ºahyrlarynyò içinde
harby-gahrymançylyk mowzugynda goºgy ýazmadyk ýekeje-de
söz ussady ýok. Olar batyr ýigitleriò edermenliklerinden,
watansöýüjiliklerinden ylham alypdyrlar.
Türkmen söweº ýaraglarynyò hiline
aýratyn üns beripdir. Ýarag edineninde, özüne mynasybyny
saýlap alypdyr. Her öòýeten guraly ýarag hasaplamandyr.
Görogly beg hem ýurt aºyp, özüne
mynasyp ok-ýaý gözläp, baryp Yspyhan ilinden çykýar.
Ok-ýaý türkmenleriò ilkinji milli
ýaragy bolupdyr. Ok-ýaý olaryò gündelik durmuºynda esasy
orun eýeläp, yrymlaryna, däp-dessurlaryna mäkäm
ornaºypdyr.
Durmuºda agzybirligiò güýjüni beýan
etmek üçin hem tymsaly ok-ýaý bilen baglanyºdyrypdyr.
Oguz han ogullaryny ýanyna çagyryp,
olaryò birine sagdagyndan çykaryp, bir ok beripdir-de:
— Al, döw! — diýipdir.
Ogly oky aòsatlyk bilen iki bölüp
taºlapdyr. Oguz han sagdakdaky oklaryò hemmesini
birikdirip, ogluna äberipdir:
Ogly näçe synansa-da, baºarmandyr.
— Eger, siz agzala, ýagny heriòiz bir
kelle bolsaòyz, onda ýaòky bir okuò aòsat döwlüºi ýaly,
sizi aòsat ýeòerler. Eger agzyòyz bir bolsa, ºu bir ýere
birleºen oklar ýaly sizi hiç haçan syndyryp bilmezler.
Türkmen ok-ýaýa simwoliki many
beripdir. Maºgalada ogul bolmagyny arzuw edip, öýüò
töründen, ok-ýaý asyp goýupdyr.
Hatda ir zamanlarda erkek adamlar
dünýäden gaýtsa, olaryò baºujundaky mazar daºlarynyò
ýüzüne ok-ýaýyò ºekilini çekmek däp bolupdyr. ªeýle
ºekiller Hazaryò demirgazyk-gündogar ýakalaryndaky orta
asyrlara degiºli mazarlarda häzire çenli saklanyp
galypdyr.
Gylyç hem türkmenleriò gadymy söweºjeò
ýaragy bolupdyr. Ok-ýaý uzak aralykdan söweºmek üçin gerek
bolsa, gylyç ýüzbe-ýüz bolnanda ulanylýan ýarag.
Gylyçlaryò köp görnüºi bolupdyr: egri
gylyç, düýrme gylyç, uz gylyç we beýlekiler.
Türkmenlerde gylyjyò ala-böle egri
bolmagynda uly many bar. Egri gylyç diòe hüjüm edýäniò
gylyjy, ol yza gaçýanyò gylyjy däl. Atyò üstünde öòe
barýarkaò, kesip-çapyp barmaly gylyç ol. Yzyòa gaçanyòda,
ol gylyç saòa kän peýda bermeýär. Sebäbi, egri gylyç bilen
sançmak kyn. Diýmek, türkmenler gylyjy hem hüjüm üçin, öòe
gitmek üçin ýasapdyrlar, gaçmak üçin ýasamand