Adam kämilligi diòe bir ýaºaýºa däl,
eýsem, ölüme-de akyl hem göz ýetirip bilenligi boýunça
kesgitlenilýändir. Edil ºonuò ýaly, milletiò kämilligi-de
diòe bir onuò ýaºaýºa degiºli edep ulgamyny däl, eýsem,
ýas, pata dessurlaryny we edep kadalaryny-da iºläp
düzenliginde aýan bolýar. Çünki aslynda dirilik hem ölüm
ýaºaýºyò iki sany baglanyºykly taraplary bolup, bularyò
bitewüligine göz ýetirmek hakyky, ýagny doly kämillik
bolup biler. Ýaºaýyº bitewüdir, gutarnyksyzdyr we
dowamlydyr, munuò bir ujy dirilik, beýlekisi ölüm, bir
halkasy dirilik, beýleki biri-de ölümdir. Diýmek, ölüm
ýaºaýºyò gutarnykly nokady däl-de, diriligiò çalºygydyr,
ölüm ýaºaýºyò soòy däl-de, onuò içindäki bir pursatdyr.
Türkmeniò ýaºaýºyò bir pursaty bolan
ölüm bilen baglanyºykly edep ulgamyna hatyra edebi
diýilýär. Munuò özi dirileriò merhumlary sarpalamak
edebidir. Gynansagam, adamyò ºu dünýädäki ömri çäklidir,
ömür ölüm pellesinden soò, adam diòe ruhy barlykda
ýaºaýar. Ruhy barlyk diýýänim merhumyò yzynda galanlaryò
hakydasydyr. Hatyra edebi bu hakydany ulgamlaºdyrmagyò
kadalarydyr, diýmek, ol dünýäden öteniò ruhy bakyýetini
diriler tarapyndan düzgünleºdirmegiò ulgamydyr.
Türkmençilikde: «Bäº gün ömür»
diýilýär. Beýle düºünje gadymyýetden kök alyp gaýdýar.
Milli ruhumyzyò ikinji eýýamynyò ruhy baºtutany Gorkut ata
Türkmen öz dileglerinde mert ýigitlere üç otuz, on ýaº
arzuwlapdyr. Munuò jemi ýüz ýaº bolýar. Magtymguly Pyragy
hem adam ömrüni ýüz ýaº bilen paýawladýar. ªunça ýaºy bäºe
böleniòde her ömür menzili ýigrimi ýyldan ybarat bolýar.
Oguz han atamyza ºondan ýedi ýyl artyk ýaºap ötmek
miýesser edipdir. ªonuò üçinem, türkmençilikde ýüz ýedi
ýaº Oguz han müçesi hasaplanýar, oòa ýeten kiºiler bagtly
saýylýar.
Emma, hernäçe ýaºasaò-da, dünýäniò
kanunyna görä, bir gün amanadyòy tabºyrmaly. Bu ajy
hakykatdan türkmen uly-uly sapaklar edinipdir. Hatyra
edebini döredip, diòe bir dirilige däl, eýsem, ölüme-de
ruhubelent garaýºy terbiýeläpdir. Her bir adam özüni bilip
ugrandan, ölmüni boýun alyk bolmalydyr. Ölümden gorkmaly
däldir, ölümiò öòünde ejizlemeli däldir. Mertligiò ulusy
ölümiò gözüne gorkman seredip bilmek, namartlygyò iò pisi
ölüm öòünde ejizläp, masgara-ryswa bolmakdyr. Ölüm
bolmasa, dirilik hem bolmazdy. Ölüp bolmasa, doglup hem
bolmazdy.
Diòe baºlanmaýan ýol gutarýan däldir.
Dirilik ölüm bardygy bilen tagama
gelýändir.
Ölüm — sapakdyr.
Ölüme ýeòles çemeleºýän adam ömre-de
sarpa goýup bilmez.
Ömri ýatdan çykarmak terkidünýälige,
ölümi ýada salmazlyk dünýäparazlyga getirýändir.
Ýaºaýyºda hiç mahal islenilmeýän, emma
islegiòe bakman, ömür gapyòdan bir gün hökman özüniò ýowuz
ädimlerini ädip girýän myhman bardyr. Onuò ady ajaldyr.
Kim ömrüni maksatly hem manyly geçirse, ajalyò gözüne
arkaýyn we ruhubelent, gorkman hem ejizlemän garap
bilýändir. Maksat — ömrüò mazasy we ölümiò bela
gerdanydyr.
* * *
Ölüm ýassygynda ýatan hossaryòa çaga
sereden ýaly seretmek hatyra edebiniò baº ºertleriniò
biridir. Indi görnüp duranja ölüm güzerine ýetip barýan
hassanyò göwnüni ynjytmagyn! Onuò bilen ömür saparynda
ýoldaº bolmak borjuòdyr welin, emma ölüm ýassygynda oòa
ýürekden hem umytdan bolmak iki esse borjuòdyr. Ölüm
ummanynyò gämisine ýeke münüp, ömür kenaryndan barha
daºlaºyp barýan adamyò ýalòyzlygyna biperwaý bakmagyn!
Iýse-iýmese, islän tagamyny il aºyp getirmelem bolsa,
tapyp getirgin! Peýda etse-etmese, diýen däri-dermanyny
pul seçip tapmalam bolsa, tapyp getirgin! Derdine çydaman,
gyòyrlyk etse, aglasa-eòrese, derdini bile çekiºgin!
ªulary berjaý etseò, ýüregi giòär, ajal bilen gurlan
darkaºda arkaly bolar, eziz janyny ýeòillik hem rahatlyk
bilen eýesine gowºurmaga gaýrat tapynar.
Hassanyò ýanynda aýdym aýtmak, saz
çalmak, ºowhun hem galmagal etmek uly aýypdyr.
Hassanyò jan berip baºlandygyny görseò,
kelemesini öwrüp, oòa Alladan iman dile.
Adam jan tabºyransoò, merhumyò eºikleri
çykarylýandyr. Ony kybla bakdyryp, ýumºak düºegiò üstünde
ýatyrgyn. Gözi açyk gitmesin, emaý bilen gözlerini
sypalap, ýumdur. Ellerini döºüniò üstünde, aýaklarynyò
baºam barmaklaryny ýüpjagaz bilen daòyp goý.
Äòi açylmaz ýaly, ýaglyjak bilen
eòegini daòmalydyr. Üsti boº ýatmazy üçin, üstüne mata
örtmelidir.
Ynsanyò ýogalanyny adamlara ur-tut
habar bermek gerekdir. Türkmençilikde «Pylany öldi» diýen
ýaly gödek sözler bilen ýas habary berilýän däldir. Oòa
derek «Ýurduny täzeledi», «Amanadyny tabºyrdy», «Eýesine
gowuºdy», «Hak jaýyna gitdi» diýen sypaýy hem gynançly
sözler bilen aýdylýandyr.
Türkmeniò hatyra edebinde ölüm habary
gelende, agy dessury ýerine ýetirilýändir. Merhumyò öýüne
barýan erkek kiºi iki eli bilen ýüzüni tutup, gapa ýa
diwara söýenip, galmagalsyz aglaýandyr. Aglany
köºeºdirmek, ýüregini ýumºatmak zerurdyr. ªondan soò ol
aglamasyny goýup, bir çete geçip, ses-selemsiz oturýar.
Aýal-ebtatlar bolsa agy aglamasyny dowam etdirýärler,
goºulyºyp aglaýarlar, çünki zenan ýüregi näzikdir. Emma,
olaryòam aglamasynyò çeni bardyr, ýas ýerindäki ýaºulular
olardanam aºa köp we aºa gaty ses bilen aglamaly däldigini
talap etmelidir.
Türkmen dessurynda ýogalan bendäni
mümkin boldugyça tiz topraga tabºyrmak esasy kadalaryò
biridir. Emma, bu hemiºe mümkin bolup durmaýar. Süòk
hossarlarynyò bary hoºlaºmaga gelip ýetiºýänçä, jesedi
birnäçe wagtlap saklamaly bolýar. Muòa türkmençilikde
«Merhumy myhman almak» dessury diýilýär, çünki jan çykan
jeset indi bu dünýälik däl, ony diòe wagtlaýyn myhman alyp
bolar diýen düºünje gaty gadym eýýamlardan saklanyp
galypdyr.
Merhumy myhman almagyò berk kadalary
bardyr. Merhum ýeke goýulmaly däldir, onuò ýanynda hökman
adam oturmaly. Onuò ruhy ýekelikde, ýalòyzlykda ynjamasyn,
howatyrlanmasyn. Garaòky gijeler ýanynda ºem ýa elçyra
ýakyp goýulmalydyr. Onuò ýanynda iýmek-içmek, güzeran ýa
gaýry dünýewi gürrüòleri etmek edepsizlikdir. Diriniò
sylagyndan merhumyò sarpasy pes bolmaly däldir. «Dirä —
güman, ölä — aýan» diýleni hakykatdyr. Myhman alynýan
döwürde jesediò ynjamazlygy üçin ähli zatlar edilmelidir.
Onuò ýanyny alyp, merhumyò oòat gylyk-häsiýetleri,
artykmaçlyklary, bitiren gowy iºleri barasynda pessaý hem
sypaýy gürrüòler edilmelidir. Onuò ýatan jaýynyò golaýynda
hem ümsümlik doly berjaý edilmelidir. Ölini sylap
biliºleri bilen dirilere adamçylyk bahasy kesilýändir.
Merhum jaýlanmazyndan öò jesedi
ýuwup-artmak türkmen hatyra edebiniò hökmany kadasydyr.
Çünki päkizelik diòe dirä däl, merhuma-da zerurdyr. Bu
dünýäde arassalyk we päklik bilen ýaºalyºy ýaly, o
dünýä-de arassa barylýandyr. Jesedi ýuwmak iºine-de diòe
ýüregi arassa, niýeti päk adamlara ynanylýandyr. Merhum
erkek kiºi bolsa, ony erkek adam, merhum aýal maºgala
bolsa, aýal adam ýuwmaga haklydyr. Jesedi ýuwup-artmak
örän uly sogapdyr. Özem muòa, ilkinji nobatda, öleniò süòk
hossarlary hukuklydyr.
Merhumy ýuwmagyò hökmany ýerine
ýetirilmeli tertibi ºundan ybaratdyr: jesediò aýagyna,
eòegine daòylan ýüpleri emaý bilen çözüp aýyrmaly. Soòra
bolsa synja gyldyrmaly. Kämillik ýaºyna ýeten bolsa,
tehäret etdirip, ilki sag goluny tirsegine çenli, soòam
çep goluny tirsegine çenli üç ýola ýuwmak gerek. Ýüzüni-de
ýuwmaly. Soòra bolsa tutuº bedenini üç sapar ýuwup-ardyp,
tämiz gamºyò ýa «düºek atynyò» üstünde çep egninde
ýatyryp, sag tarapyny, sag egninde ýatyrybam, çep tarapyny
ýuwmalydyr. Bu tertip üç gezek gaýtalanmalydyr. Ýuwmak
üçin ulanylýan suw mylaýym bolmaly, sabynlap ýa-da çogan
garyp ýuwmalydyr. Soòra endamda suw galmaýança, arassa
mata bilen süpürmek gerek. ªondan soò onuò gulaklaryny,
agzyny, burnuny, beýleki agzalaryny pamyk bilen berkidip
goýmalydyr. Suw tapylmadyk halatynda jesede teýim
etdirilýär. Teýim etdirýän adam jesediò ýanynda oturyp,
ellerini ýere urup, soòam jesediò ýüzüni sylmaly. Soò ýene
ýere urup, iki goluny tirsegine çenli sylmalydyr.
Söweºlerde ºehit bolan kiºiler jennete
öz gany bilen barýandyr.
Jeset ýuwulandan soò, oòa hoºboý ysly
gül suwuny, ambar, atyr sepip, kepene dolanmalydyr.
Merhumyò saçlary daralmaýar, emma aýagynyò, eliniò
dyrnaklary aýrylýandyr.
Kepenlik mata ak biýzden edilip,
uzynlygy bäº gary ýa-da alty arºyna barabar bolmalydyr.
Adamyò jaýlanyº dessury dini dessurlara degiºli bolandygy
üçin, türkmen ulamalary bu iºi örän takyk we çürt-kesik
göz öòüne getiripdirler. Olaryò wesýetlerinde kepeniò
birnäçe görnüºleri — kepeni zeruryýet, kepeni sünnet we
kepeni kipaýa tapawutlandyrylýar.
Baºga mümkinçilik bolman, ele ilen mata
kepenlik ýerine ulanylanda, oòa kepeni zeruryýet diýilýär.
Mümkinçilik hem harajat bar ýerinde,
kepeni sünnet edilýändir. Erkek kiºi üçin ulanylýan kepeni
sünnet üç bölekden ybarat bolýar. Izar, lifaf we kamys.
Izar bilen lifaf jesediò dabanyndan depesine çenli, kamys
bolsa, boýnundan aýagynyò aºagyna çenli ýetmelidir.
Üçüsiniò hem ini jesedi doly örter ýaly bolmalydyr.
Zenanlarda bulardan baºga syna abend we leçek ulanylýar.
Syna abend boýy üç gez, ini goltukdan dyzynyò aºagyna
çenli bolmalydyr. Leçegiò boýy iki gez, ini bir garyº
bolýar.
Kepen ak matadan bolsa gowudyr.
Jesede ilki lifafy, soòra izary, ondan
soò bolsa kamysy geýdirmeli. Aýallara ilki syna bendi,
üstünden lifafy, onuò üstündenem izary ýazýarlar. Kamysy
geýdirip, baºyna leçek oraýarlar. Ilki çep tarapyny, soòra
sag tarapyny izar, soòam lifaf bilen örtýärler. Kepene
dolanandan soò, hoºboý ysly gül suwlaryny sepmek gerekdir.
Kükregine göwüs dogasyny: «Bismillähi-rahman-rahym» dogany
salyp goýmalydyr.
Kepen geýdirilenden soò, jesedi tabyda
goýmaga taýýarlyk görülýär. Soòky döwürlerde köp gezek
ulanylýan tabytlar ýasalyp ugraldy. Tabyt merdiwan ºekilli
bolup, bäº, ýedi ýa dokuz üzeòòiden ybarat bolýar.
Jeset ºo durºuna tabyda goýulýan
däldir. Aºagyna haly düºelip, soòra tabydyò üstünde
goýulýar. Jeset daºaryk çykarylanda, ilki baº tarapy,
soòra aýak tarapy çykarylýandyr. ªondan soò ýörite düºekli
ýerde tabydy goýup, jynaza okalýar. Gapyòa çäge düºürmegiò
bu günki durmuºda zerurlygy ýok hasaplaýaryn. Sebäbi biziò
üpjünçiligimiz gowy, elimiz uzadan ýerimize ýetýär. ªonuò
üçin çägä derek arassa düºek ýa-da ýörite mata ulanmak
oòaýly bolar. Jynaza namazy okalyp bolnandan soòra, jesedi
gonamçylyga alyp ugramaly. Tabydy merhumyò süòk hossarlary
götermeli, kyrk ädimden soò, beýlekiler bilen gezekleºip
gitmeli. Türkmençilikde tabyt götermek, bolmanda, oòa el
degrip galmak uly sogap hasaplanýar. Merhum jaýlanýança
aýat-doga okalmaýar.
Merhumlar gonamçylykda belli-belli
ýerlerde jaýlanylýar. Garyndaºlar, köplenç, bir ýerräkde
ýerlenilýär. Emma, öòünden öz mazar ýeriòi bellemek, bu
barada öòünden sargyt etmek gelºiksiz hasaplanylýar.
Uzak ülkede galan mazardan gum getirip
jaýlamak türkmen hatyra edebiniò rugsat berýän zatlarynyò
biridir. Ýöne munuò berk düzgünleri bardyr. Ýörite gap
äkidip, ºol ýerden toprak alyp, ony gaba salýarlar.
Mazaryò baºynda aýat-doga okalýar. Ýurduna getirilen
topragy-da jeset jaýlan ýaly edip, ähli dessurlary berjaý
edip jaýlamalydyr. Soòra bolsa, ähli belli günlerini
belläp, sadakalar berilmelidir.
Gabyr gazylanda näçe çuò bolsa,
ºonça-da göwnemakul görülýär. Ýöne onuò çuòlugy adam
guºaklygyndan az bolmaly däldir. Mazar gazylanda dörän gum
üýºmegine haýrandepe diýilýär. Merhum ýere dulanylmazyndan
öò tabydy bilen haýrandepäniò üstünde goýulýar. Soòra
merhumy üstüne ýapylan matadyr beýleki ýapgylary aýryp,
diòe kepeni bilen içki öýde ýerleºdirjeklere alyp
berýärler. Olar jesedi emaý bilen içki öýde ýatyryp,
kepeniò daòylaryny çözýärler. Merhumyò ýüzüni üç ýola
ýelpeýärler. Türkmenlerde jeset mazar çukurynyò özünde
goýulman, kybla tarapdan edilen içki öýde goýulýar. Oòa
lahat diýilýär. Jesedi lahadyò içine salyp, onuò agzyny
çig kerpiç bilen ýapmalydyr. Lahadyò agzyny biºen kerpiç
ýa agaç bilen ýapmak bolmaýar. Eger toprak çägesöw bolup,
lahadyò opurylmak howpy bar bolsa, onda mazar çukurynyò
özünde ýene bir çukur edilip, jeset ºonda jaýlanylýar. Oòa
türkmenler «ºak» diýip at berýärler.
Jesedi ýerlemek hatyra edebinde esasy
pursatlaryò biridir. Ony jaýlamaga rugsady diòe süòk
hossarlar berip bilýändir. Jeset ýerlenip, lahadyò agzy
çig kerpiç bilen berkidilensoò, süòk hossarlar üç gezek
gum oklaýarlar. Diòe ºondan soò beýleki duranlaryò gum
oklamaga haky bardyr. Gabyr diòe ºol çukurdan alnan gum
bilen basyrylýar, mazaryò üsti örküç ºekilli edilip
goýulýar. Mazaryò baº we aýak uçlaryna daº goýlup,
merhumyò ady, atasynyò ady, doglan we ýogalan ýyllary
ýazylýar.
Merhum depin edilenden soò, ºol ýerde
oturyp, aýat okalmalydyr. Mazarlykda uzyn aýat okalmasyn.
Käte mazarlykda uzyn aýat okaýarlar. Aýady bir adamyò
okany ýeterlikdir. ªondan soò, hossarlarynyò biri merhumyò
algyly, bergili adamlaryna ýüzlenip, algy-bergiò kimiò
boýnuna galandygyny yglan edýär. ªol pursat ýogalanyò
nähili adamdygy baradaky mesele goýlup, oturanlar üç gezek
berlen soraga üç gezegem: «Gowy adamdy!» diýip, jogap
berýärler.
Gölegçiler ýas ýerine gelip, pillerini
ýerde ýatyryp däl-de, tama söýäp goýmaly we ýene bir gezek
aýat-doga okalandan soò, märekä taòryýalkasyn aýdyp,
rugsat berilýär.
Merhumyò belli günlerini bellemek örän
gadymy oguz dessurlarynyò biridir. Bu dessur köklerini
yslamdan öòki türkmen ynançlaryndan alyp gaýdýar we manysy
boýunça merhumy hatyralamagy, merhum bilen hoºlaºmaklygy
aòladýar. Merhumyò belli günleri üçi, ýedisi, kyrky, ýüzi
hem-de ýylydyr. Hut ºol günlerde jesediò dargamagynda täze
döwür baºlanýar. Munuò özi jesedi birbada jaýlamadyk
otparazlaryò jaýlanyº dessurynyò yslam döwründe täze
röwüºe geçmegine, täzeçe düºünilmegine getiripdir we belli
günler diýen adatyò döremegine esas bolupdyr.
Merhum ýogalandan soò geçen üç günüò
dowamynda onuò gany gutarnykly doòýar. Türkmen-oguzlar
ºondan soò merhumyò gany ºu dünýäde galan ganybir
garyndaºlar bilen çekiºmegini bes edýär hasaplapdyrlar.
Diýmek, üç gün ganybirleriò ýas möhletidir.
Ýedi günden soò merhumyò gözi
zaýalanyp, gözi gören, gatnaºan kiºiler üçin ýas möhleti
tamam bolýar.
Kyrk günüò dowamynda merhumyò
aºgazan-garny ýarylýar, kyrk gün garyndaºlar üçin ýas
möhletidir.
Ýüz günden adamyò ýüz-keºbi tanar ýaly
bolmaýar, onsoò ýüzüni görenler, ýagny onuò duzuny iýip,
gatnaºykda bolanlar, esasanam, ýakyn garyndaºlary,
nebereleri ýasdan çykýar. Merhumyò aýyny bellemek käbir
obalarda soòky döwürde döredi. Munuò gadymdan gelýän
däbimiz bilen baglanyºygy we zerurlygy ýokdur.
Süòk hossarlar üçin ýas möhleti bir
ýyldyr, çünki, bir ýyldan soò jesetden diòe süòk galýar
diýip ynanç edilipdir. Süòk hossarlara ata, ene, äri ýa-da
aýaly, doganlary we çagalary degiºlidir. Ata-babalarymyz
merhumyò ruhy bir ýyllap saklanýar, bir ýyldan soò ruh
ýurduny täzeleýär diýip ynanypdyrlar. Merhumyò ruhy bir
ýyllap, özüniò ýatlanylmagyny küýsäpdir. Merhumyò ruhy hoº
bolar ýaly juma agºamlary öten-geçenleri ýatlap, aýat-doga
okamagy durmuºyòyza giriziò.
Türkmen edebi boýunça belli günlerde
sadaka berilmelidir we degiºlilikde toparlaýyn ýasdan
çykylmalydyr. Belli günlerde ºatlyk alamatlary bolan
iºleri etmek, nahar çekilende, doýman-dolman iýip oturmak,
degiºmek edepsizlikdir. Nahar çekilende, diòe bir eliòde
tabak bolmalydyr. Ýasa barylmagynyò manysy merhumyò
hossarlaryna gynanç bildirmekdir. Ýas ýerinde ýogalan
adamyò oòat taraplary hakynda gürrüò edilmeli.
Dogan-garyndaºlar bolup galanyòda, öten ata-babalaryò
ömri, nebere ºejeresi barada gürrüò edilmelidir. Munuò ºol
ýerdäki ýaºlar üçin uly terbiýeçilik ähmiýeti bardyr.
Obadaºlaryòyzyò, gatnaºan ýakyn adamlaryòyzyò
ýogalandygyny eºitseòiz, ýörite habar berlerine garaºyp
durman, ýas tutýan öýe baryò, merhumyò üçüne, ýedisine
gatnaºyò, ýasyna, sadakasyna görünsem ýeterlik diýen pikir
bilen çäklenmän, ýanlaryna baryp, merhumyò ýakynlaryna
hökman gynanjyòyzy bildiriò.
Merhumyò maly tereke edilenden soò,
gadymy oguzlar otuz ýylyò dowamynda aº sadakasyny
beripdirler. ªonda uly mal öldürilip, köp märeke
çagyrylýar. Aº sadakasy berlenden soò, ýogalan bende
merhumlar dünýäsinde gutarnykly orun aldy hasaplanypdyr.
Merhumyò mazaryna zyýarat etmek
sogapgünleri, anna hem-de ruhgünleri bellenilipdir.
Gonamçylyga barlanda ähli merhumlara salam berilmelidir.
Soòra degiºli mazaryò kybla tarapyna baryp, arkaòy kybla,
ýüzüòi mazara tarap edip, ilki salam berlip, soò doga
okalýar. Garaºsyz we baky Bitarap Türkmenistanda
Garaºsyzlyk aýynyò 6-sy, Türkmenbaºy aýynyò 12-si we
Magtymguly aýynyò 8-i ählihalk Ýatlama we Matam
günleridir. ªol günler degiºli adamlaryòam, baºga
merhumlaryòam mazarlaryna zyýarat edilse, aýat-dogalar
okalsa, dogry bolar, sogap bolar.
Emma gabrystanda ýatmak, mazarlary
depeläp ýörmek, üstünde oturmak, ahy-nala bilen uludan ses
etmek edepsizlikdir. Hatyra günleri gonamçylyga baryp,
müjewüriò ýolbaºçylygynda abadanlaºdyrmak, arassalamak,
gury ot-çöpleri aýryºdyrmak gerekdir.
Mazaryò baºynda dikilýän gadyr agajynyò
ýagdaýyndan türkmenler mazara ideg edilýändigini ýa
edilmeýändigini bilipdirler. Gadyr agajyna her barlanda
dürli mata bölekleri asylypdyr. Idegsiz mazar dirileriò
ruhy göýdükliginiò alamatydyr. Türkmeniò: «Ölüsini sylan
baý bolar, dirisini sylan — beg», «Ölüsini sylamadyk —
dirisini sylamaz» nakyllarynyò çuòòur adamkärçilik manysy
bardyr. ªonuò üçinem, hatyra edebiniò ähli
düzgün-kadalaryny berjaý etmek adamkärçilikdendir,
türkmençilikdendir.
* * *
Ir zamanlardan bäri biziò halkymyzyò
arasynda Aý, Gün, ýyldyzlar bilen bagly ynançlar, yrymlar
bar. Bu ynançlar müneçjimlik bilen bagly ylymdan gelip
çykypdyr. «Sähetli günler», «bisähet günler» il arasynda
ýyldyzlara seredilip kesgitlenipdir. Ylaýta-da, Myrryh
ýyldyzyna bolan garaýyºlar güýçli bolupdyr. ªol ýyldyz:
«Bilmedige bildirerin, bileni hem öldürerin» diýýärmiº.
Entegem ºol ýyldyz gitjek ugruòda dogsa, ºol gün sähetli
gün hasap edilmeýär.
Türkmen göwnünden turan, ýüregine laýyk
zatlary durmuºyna siòdiripdir. Ony döwrüne görä
kämilleºdiripdir. Ony öz durmuºynda ýol-ýörelgesine
öwrüpdir, adat edinipdir. Türkmen adatlary ilimiziò
gündelik amal etmeli bolan ýaºaýyº düzgünleridir. Her bir
adatda türkmeniò milli häsiýetine, ruhuna kybap gelýän
aýratynlyklar bar.
Ata-babalarymyz dürli dinleriò
täsirinde bolan bolsalar-da, öz adatyny ýitirmändir. Indi
asyrlarboýy adatymyz yslam dini bilen utgaºykly dowam edip
gelýär.
Merhumy jaýlamak adatynda türkmenleriò
özboluºly däp-dessurlary bar. Ýasda erkek adamlaryò telpek
geýmek däbi otparazlar döwründen bäri dowam edip gelýär.
Ol «baºymda gam bar» diýen manyny aòladýar. Ýasda aýallar
bürenjek atynýar. Ölen adamyò hossarlary kyrk gün
geçýänçä, aýdym-saz diòlemeýärler, belli günleri geçýänçä
toý tutmaýarlar.
Merhumyò üçi berilýänçä ýas tutýan öýde
nahar biºirilmeýär, merhumyò ýakynlary, goòºy-golamlary
ýas tutýanlara nahar biºirip eltýärler. Türkmençilikde ýas
ýerine eltilýän saçaga täk çörek dolaýarlar. Ýas ýeri üç
çöregiò birini alyp galyp, öýüòde mydama jübütlik,
abadanlyk bolsun diýen manyda, iki çörekli saçagy eýesine
berýär ýa-da deregine süýji-köke gaýtarýar.
Toý ýerine diòe jübüt çörekli saçak
eltilýär.
Duz-tagamdan soò töwir galdyrmak biziò
ilimizde berk berjaý edilýär. Türkmen Gurhandan doga okap,
töwir galdyranda, özüniò ata-baba adatyna görä, öz türkmen
dilinde doga-dileg edýär.
Öwlüýäniò deòinden türkmen aýat-doga
okap geçýär. ªu günlerde hem türkmen gonamçylygyò deòinden
maºyndaky magnitafonynyò ýa-da radiosynyò sesini öçürmän
geçýän däldir. Bu biziò ata-baba gelýän ýol-ýörelgämizdir.
Mähriban oglum! Eziz gyzym!
Bu zatlary takyk aýtmagymyò hikmetine
düºündiòmi? Men bu zatlary giò ülkämiziò ähli ýerlerinde,
ähli tire-taýpa aralarynda däp-dessurlaryò dürlüçe
bolmazlygy, ähli däp-dessurlaryò ähli türkmen
oba-ºäherlerinde birmeòzeº berjaý edilmegi üçin, onsoòam
bu zatlary takyk we doly bilmegiò üçin nygtadym.
Hatyra, Ýatlama günleri her oba bir ýere ýygnanyp,
sadaka bersin, aýat-doga okasyn. Gonamçylyklary tertibe
salsynlar. Gonamçylyklaryò daºyndan gök zolak aýlamak
gerek. Obada ýaºap geçen atly-abraýly adamlary ýatlaò,
aýratyn hem olaryò gowy taraplaryny köpräk ýatlaò!
Öten-geçenleriò ruhlary bizden razy bolsun. Ýaºulularyò:
«Toýa barmasaò barma welin, ýas ýerine hökman görün!»
diýmeleri bardyr. Bu söz ýöne ýerden aýdylýan däldir.
Baºyòa iº düºende adama goldaw-hemaýat gerekdir. Ýakyny
ýogalanyò ýanyna barlyp, oòa göwünlik bermegiò ähmiýeti
uludyr. Adam ºeýle pursatda göwünlige, hoº söze,
dosty-ýaryna has mätäçdir. Adam agyr gününde-de, ºat
gününde-de göwündeº küýseýändir. Hoºamaý söz süòk
döwýändir. Hoº söz synan göwne seýik bolýandyr. Adamlara
hoº sözleriòizi gysganmaò, köpräk aýdyò!