Eýran türkmenleriniò medeni, edebi we jemgyýetçilik žurnaly

 

ŽURNAL BARADA


Baº sahypa

Maksady

Redkollegiýa

 

ARHIW


Soòky sany

Ýyllara görä

 

GATNAªYK


Myhman depderi

Habarlaºmak üçin

Dost sahypalar

 

 
Her güne bir nakyl


 

 

 


 
Edebiýat / Döwürdeº türkmen edebiýaty
Saparmyrat Türkmenbaºy

RUHNAMA

ikinji kitap

TÜRKMENIÒ RUHY BEÝIKLIGI


SÖZBAªYLAR / Türkmen söweºde janyny, toýda malyny gaýgyrmaz / Hatyra edebi


TÜRKMEN SÖWEªDE JANYNY, TOÝDA MALYNY GAÝGYRMAZ

 

Toýlar türkmen durmuºynyò salamaty, türkmen kalbynyò baharydyr. Türkmen dünýäsiniò köp aýratynlyklary toýlarda ýüze çykýandyr. Türkmen üçin günler üç topara bölünýär: adaty günler, ýas güni hem-de toý günleri. ªularyò içinde toý aýratyn bir durmuº pursatydyr. Türkmeniò toýy baºga hiç bir halkyòka meòzemeýär, onda türkmen halkynyò ýaºaýºa ruhubelent gatnaºygy aýan bolýar. Türkmeniò örän köp hulk, ruhy özboluºlylygy toý bilen baglanyºyklydyr. ªolaryò iki sanysyny aýratyn belläp geçesim gelýär. Bularyò birinjisi, tutumlylykdyr. Türkmen toýuny uludan tutmagy halaýar. Ikinji bolsa, elaçyklykdyr. Toý tutýan türkmen elinde baryny orta goýmasa, göwnüne jaýlap bilmeýär. Men bu iki häsiýetiò ikisinde-de milletimiziò bir ruhy rüstemligini — sözüò oòyn manysyndaky göçgünliligi görýärin. Gadymy türkmen dessanlaryny öwran-öwran okap, bir täsin ahwalata göz ýetirýärsiò. Türkmen dessanynda durmuºyò esasy iki tarapy suratlandyrylýar. Bir-ä söweº meýdany, biri-de toý mähellesi. Soòky derejeli ownuklyklary, kömekçi we goºmaça pursatlary aýranyòda, dessanda hemiºe ºol ikisi — söweº hem-de toý esasy giòiºlik, baº durmuº hakykaty bolup galýar. Hut ºu täsin ahwalatda-da türkmen kalbyna mahsus ºol bir ruhy häsiýet aýan bolýar. Ol aslynda bir häsiýetdir, ýöne nirede — söweºdemi ýa-da toýda — ýüze çykýanlygyna laýyklykda bu häsiýet dürlüçe atlandyrylypdyr. Munuò umumy ady soòuny saýmazlyk bolup, söweº meýdanynda kakabaºlyk, toý meýdanynda bolsa göçgünlilik adyny alandyr. Türkmeni türkmen edýän gylyk — söweºde janyny, toýda bolsa malyny gaýgyrmazlykdyr. Adamyò mertligi, mertebesi hut ºol ölçegler bilen ölçelipdir. Hormat hem sylag, abraý hem mertebe söweº güni janyndan, toý güni bolsa barça malyndan geçip bilýän adamlaryò paýyna düºüpdir.

Türkmen ýigidi meýdanda däli, märekede göçgünli gerekdir!

Türkmen toýuna tutumly taýýarlyk görüp, toýuny göçgünlilikde geçirip bilýän milletdir. Göçgünlilik durmuºyò adatylygyndan baºga bir hereket depginine geçmekdir, ºatlygyòy, ºadyýanlygyòy ýürekden aòladyp bilmekdir. Munuò özi ruhy-göwün açyklygynyò bir görnüºi bolup, aýratyn ruhy gujur-baºarnygy, baºga bir edim-gylym aýratynlygy aòladýar. Türkmen toýuna gatnaºan gaýry milletli biri maòa bir gezek ºeýle diýdi: — Siziò täsin halkyòyz bar, toý diýip, ömürboýy gazananyny bir günde ile paýlap otyr!

Men bu sözlerde öz kalbynda bolmadyk täsin ruhy gözellige gözigidijiligiò äheòlerini duýdum.

Türkmen dünýä juda göwnügiò, erkin laçynyò ýaºaýºa belent dag depesinden garaýºy ýaly, ýokardan aºak garan ýaly seredip bilýän ruhana millet. Türkmen bu dünýä «döküp-saçmaly dünýä» diýip, ruhy-pelsepewi kesgitleme beripdir. Bu ýaºaýyº özüniò dört sany esasy pursatynda hem döküp-saçmaly dünýädir. Iº edeniòde pikiriòi, gujuryòy we maòlaý deriòi döküp-saçmaly dünýädir.

Ýas gününde gaýgy-hasratyòy ýürekden döküp-saçmaly dünýädir bu.

Söweº meýdanynda batyrlygyòy we janyòy döküp-saçmaly dünýädir bu.

Toý gününde bolsa hanymanyòy, golda baryòy ile döküp-saçmaly dünýädir bu.

Dünýä ºu hili gatnaºyga türkmen gatnaºygy diýilýär. Türkmen ýaºaýºy — ýaºaýºa lükgeligiò bilen berilmekdir. Janyòy, gussaòy hem ºatlygyòy, malyòy aýamak türkmen düºünjesinde ýalandan ýaºamakdyr.

* * *

Dünýä ýaºaýºynyò iò owadan sypatlary türkmen toýunda açylýar.

Ýaºaýºyò aýratyn esasy dört pursatynyò biridigi sebäpli asyrlaryò dowamynda türkmen toýunyò özboluºly, edebi — toý dessurlary we olary berjaý etmegiò tertip-kadalary kemala gelipdir. Türkmen öz kalbynyò aýratynlyklary boýunça ilden çetleºmegi, aýrybaºgalaºmagy, bukulmagy halamaýan märekesöýen milletdir, ºonuò üçinem, ol toýy uly il bolup toýlaýar. Ruhubelent, durmuºsöýer halkdygy sebäpli, durmuºyò köp halatlarynda toý toýlamaga sebäp we esas tapyp bilipdir. ªol sebäpli-de, bizde toýlaryò örän köpdürli görnüºleri bardyr. Men bu ýerde olaryò diòe esasylary barada gürrüò etmekçi.

Çaga garaºýan, göwreli aýala toýly aýal diýilýär, çünki, çaganyò dünýä inmegi bilen bäbek toýy tutulýar. Munda azan okalyp, bäbege at goýlup, piºme, nogul-nabat seçilýär. Täze doglan çagany türkmen tutumly toý bilen garºy alýar. Munda uly many bar, munuò özi ýaºaýºyò gözelligini, adama berlen ömrüò bagtlylykdygyny ykrar etmekdir.

Çaganyò saçyny syryp, türkmen galpak toýuny toýlaýar. Bäbegiò galpagyny daýysyna syrdyrýarlar. Oòa halat-engam ýapýarlar. Çünki türkmende «Är — daýa» diýen ynanç bardyr.

Çaga ilkinji diº çykanda, diº toýuny toýlaýarlar. Munuò özi çaga dogumlylygy, rysgallylygy we garadangaýtmazlygy arzuw etmekdir.

Oglan çaga ekabyr çykansoò, sünnet toýy edilýär. Sünnetiò manysy çaganyò elini halallamak, erkek kimin mertligi arzuw etmekdir.

Türkmen toýlarynyò içinde iò ulusy durmuº toýudyr. Toý diýlende türkmen düºünjesinde, adatça, durmuº toýy göz öòüne gelýär. Bu tebigy ýagdaýdyr. Türkmen gymmatlyklarynyò içinde maºgala uly orun eýeleýär. Her bir durmuº toýy bolsa, täze maºgalanyò dörändigini buºlaýar. Maºgalanyò saklanmagy, ata-baba ölçeglere we dessurlara laýyklykda ýaºalmagy milletiò durnuklylygynyò we ebediliginiò girewi hökmünde görülýär.

Durmuº toýy bilen baglanyºykly türkmeniò özboluºly dessurlarynyò öz ähmiýetli düºünjeleriniò birgiden ulgamy kemala gelipdir. Durmuº toýuna, adatça, ogul öýermek diýilýär. Sebäbi toý tutulmagy arkaly gelin alnyp berlen oglana özbaºdak öý tutupdyrlar. Munuò özi müòlerçe ýyllar mundan ozal dörän oguz däbidir. Öýlenmekçi bolýan ýigit türkmen sährasynyò bir ýerine ýaý atypdyr, onuò düºen ýerinde gerdek gurlup, ýurt tutulyp, toý toýlanypdyr. Öýlenmek — öý gurmak bilen baglanyºykly dörän düºünjedir. Toý gyz üçin durmuºa çykmakdyr. Sebäbi, ol türkmen jemgyýetiniò doly hukukly agzasy hökmünde durmuºa goºulyp gidýändir. Ondan öò bolsa oglanyò ata-enesiniò öýünde ýaºaýºy ýaly, gyz hem özbaºdak däl-de, ata-enesiniò maºgalasy, durmuºy bilen ýaºaýandyr.

* * *

Türkmeniò durmuº toýuna taýýarlyk dessury gudaçylykdan baºlanýar. Gudaçylyk özboluºly dessurdyr. Ogul öýermek isleýän ata-ene ýakyn garyndaºlary bilen maslahatlaºyp, öz ýanlaryndan öz göwün diýjek gelinligini saýlap goýýarlar. Gelinlik saýlananda iki sany zatdan ugur alynýar. Bularyò birinjisi, guda bolunjak maºgalanyò asly, il içindäki at-abraýy, maddy ýagdaýy we olar bilen garyndaºlyk açmagyò mümkingadarlygydyr. Ikinji esasy zat bolsa, gelinligiò baºarnygy, görk-görmegi we gylyk-häsiýetidir. ªu iki meselede ata-ene oòyn çözgüde gelenden soòky möhüm iº — ogluò pikirini bilmekdir. Oglan niýet edinilýän gelinlige öz makullygyny bildirenden soò, diòe ºondan soò, gudaçylyk iºi çynlakaý häsiýete geçip biler. Eger-de oglanyò öz halaºýan gyzy bar bolsa, ata-ene hem ýigidiò bu islegini makullasa, ºondan soò gudaçylyga barylýar.

Keseki maºgala gudaçylyga barmagyò öz ºertleri we dessurlary bardyr. Gudaçylyk, garyndaºlyk açmak inçe iºdir. Munda gönümel hereketler, aç-açanlyk känbir oòlanylmaýar. Bu iºiò baºyny baºlaýja, gudaçylyga ýardam berijä türkmençilikde osmakçy diýilýär. Osmakçy, köplenç, garry aýallardan bolýar. Osmakçy aýal-gyzlaryò köpçülik bolup barýan ýerlerinde peýda bolýar, geljekki gelinligi oòat öwrenip, zerur maglumatlary assyrynlyk bilen toplaýar. Onuò esasy wezipeleriniò biri-de degiºli gyz, onuò durmuºa çykmak islegi, ata-enesiniò bu meseledäki pikirini öwrenmekdir. Ol osmakladyp, gepiò arasynda gyzyò, ata-enesiniò degiºli meselä garaýºyny-da ýüze çykarmaga synanyºmalydyr.

Osmakçy öz iºini bitirip, geljekki gudaçylyk iºiniò baºa barjagyna nähilidir bir umyt dörese, nobat — gezek sözaýdyja berilýär. Sözaýdyjy, adatça, hoºgüni gyzyò öýlerine barýar. Ol osmakçydan tapawutlylykda açyk hereket edýär. Gyzyò atasy öýüne baryp, Taòry myhmany bolup, gudaçylyk niýetini aýan edýär. Sözaýdyjy, köplenç, ºahyrana we aýlawly gürleýär. Ol: «Sizde bir göwher gaºly ýüzük bar eken, ºol ýüzügiòize pylanylar hyrydar» diýip, niýeti açyk mälim edýär. Ýanyna ak gant alyp gaýdan sözaýdyjy öz iºiniò oòuna boljagyny umyt edýär. Gyz tarapynyò sözaýdyja kesgitli we gutarnykly jogap bermegi hökman däldir. Oòa, köplenç, ikuçly, gümürtik jogap beripdirler. Munuò özi gudaçylyk dessuryna indiki gatnaºyjylara — sawçylara ýol açypdyr.

Sawçylar giden bir topardyr. Bu toparda il içinde sylanylýan ýaºuly-da, gepini-sözüni düºündirip biljek dilewar adam-da, gyz tarapynyò zenanlary bilen gürleºmeli baýry aýal-da, ýigidiò ýakyn hossary-da bolupdyr. Sawçylyk, köplenç, Gün ýaºyp, aýak ýygnanandan soò amala aºyrylýar. Çünki gudaçylykda esasy zat gyzyò we onuò maºgalasynyò at-abraýydyr. ªonuò üçinem, sawçylyk dessury assyryn, il gözünden ýaºyryn amala aºyrylmalydyr. Eger gudaçylyk baºa barmasa, arada düwün, ýa ýakymsyz bir zat galmaz ýaly, gyzyò abraýyna-da, ýigit tarapyò adyna-da zeper ýetmez ýaly edilmelidir.

Gudaçylyga gelenleriò sözi alynmajak bolsa, myhmanlaryò öòüne çörekli saçak açylman goýlupdyr. Eger gyzyò ata-enesiniò garºylygy beýle kesgitli däl bolsa, bu meselede, garaz, bir umyt bar bolsa, onda saçak açylyp goýlupdyr. Sawçylyga baranlar saçakdaky öò döwlen çörekden datman, onuò içindäki bitin çöregiò gyrasyndan gädip, duz dadypdyrlar. ªondan soò olar öz matlabyny açyk aýdypdyrlar. Bu, köplenç, «ªu taraplarda biziò ýitigimiz bar, ºony idäp geldik» diýen manyda aòladylypdyr. Gyz tarapy gelenleri göwnemakul görse, pikirlenmek, maslahatlaºmak üçin birnäçe gün puryja soraýarlar.

Sawçylaryò getiren çörekli, nabat-nogully, saçagy gyz tarapy anyk karara gelinçä, açylman goýulýar. Aýdylan möhlete çenli saçak ellenmän goýlan bolsa, sözüò gaýtaryldygy, eger indiki gelnende, saçak açylyp, çörekler orta goýulsa, sözüò alyndygy hasaplanýar. Sözüò alynmagynyò esasy ºertleriniò biri gyzyò hut özüniò bu gudaçylyga razylyk bermegidir.

ªeýlelikde, gudaçylyk türkmen ýaºaýºynyò möhüm dessurydyr. Munuò manysy durmuº toýunyò örän wajyp hem çynlakaý bir zatdygyna syrygýar. Gyzyò hem, oglanyò hem geljekki ykbaly oýlanylyp, ölçäp-dökülip çözülýär. Gudaçylyk iºi baºa baransoò, galyò kesilip, toý sähedi bellenilýär. Gyz hem, oglan hem toýa taýýarlykly barmalydyr. Ylaýta-da, gyz özüniò toý ºaýyny bek tutupdyr. Onuò ýanynda bukjasy bolmalydyr. Bukjada gyzyò egin-eºikleri, ata-enesiniò beren ºaý-sepleri bolupdyr. Gyzyò bukjasyny taýýarlamak üçin toýuò öò ýanynda üme edilýär. Ümede gyzyò joralary, ýakyn zenan hossarlary gelinligiò dokuzyny düzüw etmäge kömekleºýärler.

Türkmen däbinde gyz toýy bolmandyr diýen ýalòyº pikir bar. Bu beýle däldir. Gyz toýuna türkmende «gyz ýygyn» diýilýär. Oòa, köplenç, aýal-gyzlar hem-de gyzyò ýakyn erkek hossarlary gatnaºypdyr. Häzirki wagtda bolsa gyz ýygyn oglanyò öýleniº toýundan känbir tapawutlanmaýar. Ol ýigidiò toýundan bir gün öò bolýar.

Türkmeniò toý edebinde durmuºa çykýan gyza ata-enesiniò sargytlary, ündewleri uly orun tutýar. Enesi gyzyna öý iºlerini düzetmek, hojalygy alyp barmak, geljekki hossarlary we goòºy-golamlary bilen oòºukly gatnaºmak barada wesýetler etse, atasy gaýynlary sylamak, adamsyny hormatlamak barada ýagºy öwüt-ündewleri edýär.

Toý güni gelnalyjy gelip, gyzyò baºyna kürte atyp, ony oglanyò öýüne alyp gidýär. Gyzyò atasy öýünden çykarylmagy birgiden dessurdyr. ªonda gyz alnyp çykylanda, gapy tutulýar, diòe gapy tutýanyò serpaýy berlenden soò, gelinligi daºary çykaryp bolýar. ªol ýerde gyzyò üstüne dürli seçgiler seçilýär.

Gelnalyjyny garºylamak toýuò iò ºowhunly we bagtly pursatlarynyò biridir. Gelniò gelýänini ilki bilene buºluk haky berilýär. Gelnalyjy ýörite ýakylan üzärlikleriò arasyndan geçirilipdir. Täze gelen gelni garry aýallar maòlaýyna sylýarlar, oòa bagt arzuw edýärler.

Nika gyýmak üçin kazy, pyýadakazylar we eli gaýçyly aýallar ýygnanyp, öýde oglan bilen gyza nika gyýýarlar. Nika gyýlanda, olara ýörite taýýarlanylan süýjülik suwundan içirýärler.

Durmuº toýunda ýigidiò hem gyzyò edep kadalary türkmençilikde takyk iºlenip düzülendir. Nika gijesiniò ertesi gelin öz gaýynlarynyò ýanyna salama barýar. Gelin kürtesini aýyrman, ilki gaýyn atasy bilen, soòra gaýyn enesi bilen tagzym edip salamlaºýar. Ol öz ýany bilen olara, beýleki hossarlaryna getiren sowgatlaryny ýanyndaky gyzyò kömegi bilen gowºurypdyr.

Ýigit toýa taýýarlykly barmak üçin, nika gijesi bilen baglanyºykly ähli dessurlardan habarly bolmalydyr. Toý güni özüni agras, edepli hem sypaýy alyp barmalydyr. Arak-ºerap içmekden, beýleki närselerden saklanmalydyr. Türkmenlerde gyzyò ýanynda boýdaºy, ýigidiò ýanynda bolsa naýyby bolýar. Olar gyzyò we ýigidiò adyndan toý dessurlarynyò dogry we doly berjaý edilmegini gazanmaga çalyºýarlar.

Durmuº toýunyò öò ýanynda ýigidiò öýünde geòeº toýy, toýuò soòundan bolsa ýerge toýy bellenilýär. Munuò özi toýa taýýarlyk, soò bolsa toýy özboluºly jemlemekdir. Geòeº toýunda toý güni geçiriljek çäreleriò kimler tarapyndan ýerine ýetirilmelidigi anyklanýar, iºler paýlanylýar.

Toý güni toýa gatnaºýan adamlaryò toý edebini berjaý etmegi zerurdyr. Toý edýänleriò ýakyn garyndaºlary, gyzyò boýdaºlary, ýigidiò dostlary aýak üstünde durup, hyzmat edip, toýy at-abraý bilen sowmaga çalyºmaly. Olar diòe ertesi gün arkaýyn dynç alyp bilýärler. Toýda hemmeler toýa gelen myhmanlara oòat hyzmat etmelidir. Toýda myhman garºylamagyò, hyzmat etmegiò edebi zerurdyr. Her bir kiºiniò ünsden düºürilmezligi, toýda iýip-içip, toý ºagalaòyna goºulmagyny gazanmak zerurdyr.

ªeýle-de, toýa myhman bolmagyò edebi-de zerurdyr. Toýa ýörite toý eºiklerini geýip barmaly. Üst-baºyò tämiz, toý ºagalaòyna laýyk bolmaly. Toýda özüòi mynasyp, akylly-baºly alyp barmaly. Köpçülikde, ºagalaòda kiºiniò göwnüne degjek sözleri aýtmakdan, gelºiksiz, ýeòles hereketleri etmekden saklanmaly. Tötänlikde bolýan zatlar — gap-çanak döwüläýse, üst-baºyòa nahar-beýleki döküläýse, goh-galmagal edip, toýdakylaryò keýpini bozmak juda edepsizlikdir.

Türkmençilikde çagyrylan toýuòa hökman barmak, çagyrylmadyk toýuòda görünmezlik esasy edep kadalaryndandyr. Toýda baºyò aýlanmaly däl, göwnüò açylmaly. ªagalaòa goºulman, bir çete çekilip oturmak, käbir kemçilikleri agzap, toýa at dakmak, toýa göwnüýetmezçilik etmek, arak-ºerap içip, dawa-jenjel turuzmak uly aýypdyr.

Türkmen toýlary bagºysyz, pälwansyz geçmeýär. Bulardan baºga-da, kämahal at çapyºygy-da, küºt, ýüzük, düzzüm ýaly oýunlar-da guralýar. Toýçy bolsaò, bulara iºjeò gatnaºyp, toý edýänleriò ºatlygyna goºulmak parzdyr. Eliòden gelse, toýa hyzmat etmek uly abraýdyr. Toýy eýesi baºlaýar, il-gün bolsa sowýar. ªonuò üçinem, nahar-ºam atarmaga, çaý gaýnatmaga, toýa gelen ýaºululara, alysdan gelen myhmanlara, bagºy-sazandalara hyzmat etmek — il ogly bolmakdyr. Türkmençilikde toýy abraý bilen sowmaga gatnaºmagy özüne kesp edinen adamlar aýratyn tanalýar we olara üýtgeºik sarpa goýulýar. Beýle kiºilere iliò hyzmatyna ýaraýan adamlar diýilýär.

Iliò toýuna goºulmak — durmuºyò ºatlygyny ykrar etmekdir. Toý — göwün baharydyr. Baharyò iºine ýardam etmek, toýy toýa meòzetmäge ýardam etmek türkmenlikdendir.

Biziò adatymyzdan däp döräpdir, däbimizden dessur döräpdir.

Ogul öýermek, gyz çykarmak — adat.

Ogul öýerilende, gyz çykarylanda toý tutmak — däp.

Toý tutulanda birnäçe dessurlar berjaý edilýär. Mysal üçin, gelin gelende, rysgally bolsun diýip, bir eline un, bir eline ýag çalynýar.

Nika gyýlanda süýji durmuºda ýaºasyn diýip, süýjülik suwy paýlanýar.

Gelin ýanýoldaºynyò hyzmatynda bolsun diýip, oòa guºak çözdürmek, ädik çykartmak dessurlary ulanylýar.

Ata-babalarymyz ähli döwürlerde haýsy dine uýsa-da, doga okanda, baºyna telpek, tahýa geýipdir.

Zenanlarymyz ýüzüni açyp gezmegi otparazlar döwründen bäri dessur edip gelipdir.

Ir zamanlardan bäri özünden ulyny sylamagyò nyºany hökmünde zenanlar ýaºynypdyrlar.

Ata-babalarymyzyò nika, tam, galpak, çile, sünnet, ýaº toýlarynda göreº tutdurmak, it, horaz, bedene uruºdyrmak, bagºy aýtdyrmak, halat ýapmak dessurlary bar.

Halkymyzyò däp-dessurlaryny ruhy isleglerine görä ösdürmek häsiýeti bar.

* * *

Halkymyzyò medeniýeti, sungaty, aýdym-sazy, edebiýaty, ºekillendiriº sungaty, halk döredijilik eserleri — bular bahasyna ýetip bolmajak dünýä gymmatlyklaryna girýär. Sungat ýaly, adamyò ömrüni uzaldýan, derdine derman bolýan, ºypa berýän baºga bir gymmatlyk ýok. Sungat älem giòiºliginde ºöhle saçýan Gün mysalydyr. Hakyky sungat ynsana ruhy güýç berýän dermandyr.

Sallançakda aglap ýatan çagany biziò halkymyz hüwdiniò imrindiriji owazyna maýyl edip uka batyrýar.

Görogly beg ýaly ençeme halk dessanlarymyzyò gahrymanlary söweºe çykmazyndan ozal eline tamdyrasyny alyp, «bäº keleme söz» aýdyp, ýigitleri ýeòºe ruhlandyrypdyr.

Ajaýyp sungat eseri dertli adama sagaldyjy em bolup täsir edýär.

Biziò halkymyz çaga gyzamyk örse, ony dutaryò owazy bilen sagaldýar.

Hakyky sungat milletiò ruhuny galkyndyryjy misilsiz güýçdür.

Aýdym-saz halkymyzyò ruhy ganatydyr. ªol ganat bilen türkmen halky asyrlaryò çuòlugyndan häzirki günlere çenli gelip ýetdi. ªol ganat bilen türkmen halky ajaýyp günlere gujak açýar.

Aýdym-saz tutuº asyrlaryò dowamynda halkymyzyò mukaddes umydynyò hökmürowan syrdaºy bolup geldi.

Türkmen halk mukamlaryna ata-babalarymyzyò ruhunyò bir ülºi siòendir. Her kim ony diòlese, düºünip diòlese, onuò ruhy galkynar.

Türkmen halkynyò Aºyk Aýdyò piriò adyny ezizläp saklamagy ýöne ýerden däldir. Biziò halkymyz hemiºe ynsabyò, halallygyò, asyllylygyò, kanagatlylygyò arzuwyny çekip, ºoòa gulluk edip gelendir. Aºyk Aýdyò pir hem bu ynsanperwer ýoly juda inçelik bilen çyn zehinleriò köòül taryna sepläp bilipdir.

Aºyk Aýdyò tutuº Gündogar halklarynyò ruhy sütünleriniò biri, adamkärçiligiò, ynsanperwerligiò, kanagatlylygyò gönezligini aýdym-sazyò gudraty bilen ýüreklere ýetirmegiò beýik piri hasaplanýar.

Türkmen topragynda taryhyò irki zamanlaryndan baºlap, öz ussatlygy bilen tutuº Gündogarda meºhurlyk gazanan bagºylaryò ençemesi ýaºap geçipdir.

VII asyrda ýaºap geçen bagºy Berbad Merweziniò at-owazasy sasanylar nesliniò patyºalyk eden döwürlerinde külli äleme dolupdyr. Berbadyò 360 mukamy, ºeýle hem 30 sany saz toplumy bilen ýedi sany aýdym toplumyny döredendigini saz sungaty hakyndaky gadymy çeºmeler habar berýär. Berbad Merwde sazçylyk mekdebini döredipdir. Ol ajaýyp sazanda, bagºy hem kompozitor bolupdyr. Beýik ulama, akyldar Abu Nasr Faraby biziò saz sungatymyz hakda «Saz ylmyna giriº» atly kitap ýazypdyr. Ol kitaby Ystambulyò Köprüli kitaphanasyndan tapyp, «Miras» merkezimize terjime etdirdim.

Öz sözlerine saz düzüp, çalyp hem aýdyp bilýän adama türkmenler ozan diýipdir. Gorkut ata türkmenleriò meºhur ozany bolupdyr.

Halkymyz aýdym-sazyò ýaragyò bitirip bilmejek iºini-de bitirip bilýändigine ynanýar. XIX asyrda ªükür bagºynyò öz agasyny zyndandan puluò-baýlygyò, ok-ýaragyò, gylyjyò güýji bilen däl-de, göwün beren sungatynyò güýji bilen halas edendigini halkymyz sazyò gudraty hökmünde arkaba-arka guwanç bilen ýatlap gelýär.

Asly awºar türkmenlerinden bolan Nedir ºanyò türkmen sazyny, türkmen dutaryny gowy görendigini, ýanynda mydam üç-dört bagºy saklandygyny, käte olardan dutar alyp, saz çalandygyny Agöýli serdar gürrüò berer eken.

Aýdylyºyna görä, Aleksandr Makedonskiý Orta Aziýa eden ýöriºleri döwründe, öz ýöriºlerini dabaralandyrar ýaly saz tapmak üçin, saz baryny diòlänmiº diýýärler. ªonda bir üýtgeºik saz onuò gulagyna ýarap, göwnüne jüòk bolupdyr. ªol sazy-da ol özleriniò dabaraly ýöriºinde çaldyrar eken. Ol saz «Nar agajy» diýen türkmen halk sazy bolmaly. Bu türkmen sazyna dünýäde muºdaklar kän. Görnükli rus kompozitory Glinka «Nar agajy» sazyny meºhur «Ruslan we Lýudmila» eserine bijebaº edip alypdyr.

Taryhda harby ýöriºlerde ilkinji gezek harby saz orkestriniò ulanylmasy Türkmenistan bilen baglydyr. Harby orkestre ol döwürde «mehter» diýipdirler. Seljuklaryò harby güýçleri gaznalylar bilen boljak Nusaý söweºine mehteriò dabaraly sazlary bilen gadam urupdyrlar. Mehterde köp sanly «dowul» atlandyrylan uly deprekler, «kes» atly kiçi deprekler, demir gapak ºekilli biri-birine urlup çalynýan «ziller», baºga-da «bory», «surnaý» ýaly tüýdükler hem-de beýleki saz gurallary bolupdyr.

Türkmenleriò arasynda ºadyýan, zok, gopuz, gargy tüýdük, dilli tüýdük, goºa dilli tüýdük, dutar (tamdyra), gyjak ýaly saz gurallary bolupdyr.

Gopuz ºolaryò iò gadymylarynyò biridir. Gorkut ata eýýamynyò ruhy owazyny — gopuz owazy hasap edýärin. Gopuzda «Giýew» sazy ýerine ýetirilende, atasy öýüne gaýtarylyp getirilen gelniò yzyndan ogrynça giýewlemäge gelen ýigidiò hereketleri, gelniò daºary çykyºy birin-birin gadymy döwürdäki ýaly göz öòüòe gelýär. «Çopan we möjek» hakyndaky gopuz heòi hem örän dartgynly bolup, köne çarwaçylyk ýaºaýºyndan habar berýär.

Gargy tüýdük gargy gamyºdan ýasalýar. Gargy tüýdügiò döreýºini biziò halkymyz Isgender Zülkarnaýn bilen baglanyºdyrýar. Rowaýata görä, Isgenderiò depesinde iki sany buýnuzy bolanmyº. Bu aýbymy açmasyn diýip, her gezek ol saçyny syryp beren adamy öldürýärmiº. Ýöne bir gezek saçyny syran görmegeý ýigidi öldürmäge dözmändir, ýöne bu syry hiç ýerde agzyndan gaçyrmazlygyny talap edipdir. Günler, aýlar geçip, ol ýigit içinde bu syry saklap, solup-saralyp barýarmyº. Onsoò ol çola ýere gidip, bu syry adam ýok ýerinde daºyna çykaryp, içini sowatmak isläpdir. ªu maksat bilen çöl ýerde bir gurruk guýynyò içine girip, «Isgenderiò ºahy bar!» diýip gygyrypdyr.

Wagt geçipdir. Hälki guýynyò üstünden bir çopanyò ýoly düºüpdir. Görse, guýynyò içinde gargy gamyº gögerip otyr diýýä. Çopan gamºy kesip alyp, ondan tüýdük ýasapdyr. Çopan tüýdügini çalyp görse, ondan «Isgenderiò ºahy bar!» diýen owaz çykyp, dumly-duºa ýaýrapmyº.

Gargy tüýdükde «Nowaýy», «Aýjemal», «Haýt ýykan», «Owadan gelin», «Öwezim» ýaly ençeme sazlar ýerine ýetirilýär. Gargy tüýdügiò gapdalyndan ýörite aýdym aýdýan adamlar hem bolupdyr.

Dilli tüýdük inçejik gamyºdan barmak boýy uzynlykda kesilip ýasalýar. Dört sany ses kertigi hem inçejik dili bolýar. Dilli tüýdükde türkmen halk heòleriniò köpüsini çalmak bolýar. Çaganyò aglaýºy, ejesiniò çagasyny hüwdüleýºi, çagasyna habar gatyºy, çagasynyò begenjiniò sesi... bularyò bary dilli tüýdüge dil bitirip bilýän tüýdükçiniò ussatlygynyò nyºany.

Goºa dilli tüýdük — iki dilli tüýdügi biri-birine sarap, goºalandyryp çalynýar.

ªadyýan — bir garyº uzynlykdaky agaçdan ýasalýan saz guraly. Onuò öò ýüzünde dört, yzynda hem bir ses kertigi bolýar, ujuna-da üfläniòde ses çykarmak üçin dilli tüýdük geýdirilýär.

Oguz hanyò ýedi görnüºli goºun düzüminiò biri «ªadyýan goºun» diýlip atlandyrylypdyr. Bu goºunyò esgerleri ýanynda ºadyýan atly sesi batly saz guralyny göteripdirler. Olar duºmanyò güýjüniò nähiliräkdigini, nähili tertipde hereket etmelidigini ºadyýanyò dürli hili owazy bilen goºunyò ähli düzümine habar ýetiripdirler.

Türkmeniò iò meºhur saz gurallarynyò biri dutardyr. Oòa tamdyra-da diýilýär. Ol tut agajyndan ýasalýar. Dutar ady «tut» we «tar» sözleriniò birikmeginden emele gelendir.

Adamlaryò hemmesi aýdym-sazy deò kabul etmeýär. Her bir saz guraly her adama dürlüçe täsir edýär. Mysal üçin, dep, tar, beýleki kiriºli saz gurallary adamlary tansa çykaryberýär. Tansa çykmadyklar hem, kim eli bilen, kim aýagy bilen, sazyò äheòine goºup, hereket edip oturýar. Onda näme üçin tamdyra çalnanda, hiç kim tansa çykanok? Çynlakaý keºbe girip, oýlanyp baºlaýar, pikire çümýär? Sebäbi tamdyrada çalynýan mukamlarda halkymyzyò baºyndan geçiren agyr günleriniò zaryny, ynsan balasynyò müòde bir heserini, hasratyny, gam-gussasyny, begenjini, söýgüsini... eºidýäris.

Tamdyra-da, gyjak-da türkmen toýlarynyò bezegi bolupdyr. Türkmen aýdym-sazsyz, bagºysyz geçen toýy toý hasap etmändir. Dutar bilen gyjak türkmeniò bäºinji eýýamynyò ruhunyò owazydyr.

Türkmeniò dürli tire-taýpalaryna mahsus bolan «garsak», «kaºyk-çemçe» ýaly aýal-gyzlaryò tans oýunlarynyò hereketlerinde türkmen tansynyò gadymylygyny görýäris.

Aýal-gyzlaryò «hymmyl», «nanaý» oýunlary geçmiºimiziò däp-dessurlary, toý dabaralary bilen baglanyºyklydyr.

Türkmen milli oýunlarynyò dürli görnüºlerinde tansyò belli bir ülüºleri saklanyp galypdyr.

* * *

Milli oýunlarymyz türkmen halkynyò geçmiºde nähili ruhy ahwalatlary ýaran edinendiklerini ýüze çykarmaga ýardam edýär.

Gazuw-agtaryº iºleriniò netijesinde ýüze çykarylan tapyndylardan çen tutsaò, aºyk oýny iò gadymylygy bilen tapawutlanýar. Aºygyò dünýä halklarynyò ählisiniò diýen ýaly iò gadymy oýunlarynyò biri bolandygyny nazarda tutsaò, onda türkmenleriò bütin dünýä halklarynyò ösüºi bilen deò gadam urandyklaryna ýene-de bir gezek ynanýarsyò.

«Akja süòk», «Dokuz gumalak», «Takylatdy», «Altyn gabak» ýaly oýunlaryò entek miladynyò baºlarynda-da Türkmenistanyò häzirki çäklerinden daºarda — Merkezi Aziýada, Altaýda, Syrderýa, Itil (Wolga) derýalarynyò boýlarynda ýaºan ata-babalarymyzyò ürç edip oýnan oýunlary bolandyklaryna arheologik tapyndylar kepil geçýär. Oýunlar biziò halkymyzyò öçmejek taryhydyr, nesilleriniò ºejere ýazgysydyr.

Çagalaryò arasynda iò gyzykly oýunlaryò biri «Aýterek-Günterek» diýen oýundyr. Iki tarap bolup oýnalýan bu oýun Oguz han atamyzyò döwri bilen baglydyr. Oguz hanyò Aý han, Gün han diýen ogullarynyò höwes bilen oýnan bu oýunlary ºolaryò atlary bilen biziò günlerimize gelip ýetipdir.

«Aýtabak–Güntabak» oýny hem öz gözbaºyny Oguz hanyò ogullarynyò oýnundan alyp gaýdýar.

Oguz han döwründen bäri dowam edip gelýän göreº, ýaglyga towusmak, altyn gabak, at çapyºygy, owlak gapdy, çowkan, goç almak ýaly gadymy milli oýunlarymyz türkmen toý-tomaºalarynyò bezegi bolupdyr. Olar adamlary parahatçylykly durmuºy söýmek ruhunda terbiýeläpdir.

Düzzüm, içýanagzy, aºyratdy, üçböküm, takylatdy, lukur, peçiz, bäºdaº ýaly oturyp oýnalýan oýunlar hem türkmenleriò medeniýetli dynç almagy baºaran halkdygyna güwä geçýär. Bular ýaly oýunlar adamlarda iò gowy gylyk-häsiýetleri terbiýelemäge ýardam edipdir. Olary terkidünýälikden, gybatdan saklapdyr. Terkidünýälik, gybat etmek türkmeniò häsiýetinde asla bolmandyr. Biziò ýaºulularymyz, çemini tapsa, ºu günler hem keçe-keçe oýnaýar.

«Keçe-keçe» oýnuna käbir ýerlerde «Ýüzük tapdy» hem diýýärler. Birnäçe adamyò arasynda gizlenen ýüzügiò kimdeligini biläýmekde iº bar. ªonuò üçin bu oýun örän gyzykly bolup, adamlarda parasatlylygy, synçylygy terbiýeleýär. «Keçe-keçe» oýny adamlaryò gylyk-häsiýetine belet bolmagy öwredýär.

Halkymyzyò arasynda adamlarda iò oòat gylyk-häsiýetleri terbiýelemäge gönükdirilen ºular ýaly oýunlaryò sany ýüze ýetýär.

Eziz watandaºlar!

Dünýä halklarynyò arasynda türkmen halky iò köp toýly-baýramly halk hasap edilýär. Toýlarymyzyò, baýramlarymyzyò köplügi türkmeniò ruhunyò belentliginden alamat. Bu türkmeniò adama uly hormat goýýandygyndan alamat. Her bir adam üçin türkmen ýigrimiden gowrak toý döredipdir. Toýlara mynasyp bolmak her bir adamyò mukaddes borjudyr.

Her bir türkmen Allatagalanyò eçilen ömrüni toý bilip ýaºamalydyr. Ömrüòi toý deýin geçirmelidir.

Ruhlaryòyz belent bolsun!

Toýlaryòyz toýlara ulaºsyn!

Toýdan bolsun!
 


SÖZBAªYLAR / Kalbyò eýesi / Türkmen söweºde janyny, toýda malyny gaýgyrmaz / Hatyra edebi


 

 

«Ýaprak» žurnaly döwlete degiºli däldir we ähli toparlardan, guramalardan, partiýalardan we birleºiklerden garaºsyzdyr.
«Ýapragyò» buýsanýany türkmen halkynyò medeniýeti, sungaty we edebiýaty barada garaºsyz
alyp barýanlygydyr.
 

© Ýaprak