Eýran türkmenleriniò medeni, edebi we jemgyýetçilik žurnaly

 

ŽURNAL BARADA


Baº sahypa

Maksady

Redkollegiýa

 

ARHIW


Soòky sany

Ýyllara görä

 

GATNAªYK


Myhman depderi

Habarlaºmak üçin

Dost sahypalar

 

 
Her güne bir nakyl


 

 

 


 
Edebiýat / Döwürdeº türkmen edebiýaty
Saparmyrat Türkmenbaºy

RUHNAMA

ikinji kitap

TÜRKMENIÒ RUHY BEÝIKLIGI


SÖZBAªYLAR / Kalbyò eýesi / Türkmen söweºde janyny, toýda malyny gaýgyrmaz


KALBYÒ EÝESI

 

Edep diòe bir adamyò daºky hereketleriniò sazlaºygyny däl, ol ºahsyýetiò kalbynyò tämizligini-de gazanýandyr. Çünki, edep gymmatlygy ýöne bir daºky görnüº bolman, eýsem, içki gözellikleriò jemidir. Türkmeniò gadymyýetden gelýän ruhy kämilligi içki hem daºky gözellikleriò bitewüligini aòlap we ykrar edip bilenliginde görünýär.

Edebiò içki gözellikleriniò hataryna iman edebi girýändir. Ata-babalarymyz akyl-paýhas kämilligine ýetipdirler we adamy içinden terbiýelemeseò, daºky owadanlygyò mazasynyò azdygyna oòat akyl ýetiripdirler. Hereketiò gözellikleri diòe kalbyò gözelliginden gelip çykanda kämillik doly, gutarnykly we bitewi bolýar. Hereket edebi diòe kalbyò edebine daýananda, edeplilik ynamly we kesgitli ruhy gymmatlyga öwrülip bilýär.

Iman edebi — kalbyò edebidir.

Iman türkmeniò ruhy pelsepesiniò gazanan beýik taryhy düºünjesidir. Bu düºünjäniò manysy giòdir we çuòdur, onuò örän köp jähetleri we öwüºginleri bardyr. Çünki, bu baº, merkezi düºünje giòligi taýdan bütin türkmen ruhyýetiniò gabarasyna barabardyr, çägi taýdan milli ruhuò giòiºligine deòeçerdir. Iman gymmatlygynda bir damja suwda giden ummanyò häsiýetleriniò jem bolºy kimin, tutuº türkmen ruhunyò özboluºly taraplary durnuk bolandyr. Iman — türkmeniò ähli ruhy-ahlak gymmatlyklara gatnaºygynyò bir sözde ýüze çykmasydyr.

Meseläniò ºeýle düýplüligine ünsi çekmek bilen, men bu ýerde esasy iki pursaty nygtamak isleýärin. Birinjiden, iman meselesiniò düýpli, köptaraply we çylºyrymly hakykatdygyndan ötri, ony bir gürrüòiò çäginde dolulygyna aýdyòlaºdyrmak mümkin hem däl, megerem, beýle wezipäni öòde goýmak maksadalaýyk hem däldir. ªonuò üçinem, bu ýerde sizi gyzyklandyrjak zat imanyò edep jähetleri bolmalydyr. Ikinjiden, türkmen paýhasynyò düýpli gazanan gymmatlygy bolan iman düºünjesine aò etmek isleseò, seniò özüò ruhy gözlegleriò belli bir tejribesini edinen adam bolmalysyò, seniò özüò eýýäm ruhy-akyl kämilliginiò belli bir derejesine ýeten kiºi bolmalysyò. ªonuò üçinem, meniò bu ýerde tekrarlajak pikirlerim hem beden, hem akyl, hem ruhy ýaºy belli bir ululyga ýetenlere niýetlenendir.

Iman edebini ele almagyò esasy dört sany ºerti bardyr. Bu dördüò birinjisi ºahsyýetiò beden ýaºynyò kämilligidir. Beden ýaº kämilligi oglanlyk müçesiniò ortalaryndan — on ýedi-on sekiz ýaºlardan baºlanýar.

Dördüò ikinjisi — akyl ýaºynyò kämilligi, takmynan, ºol döwür bilen baglanyºyklydyr, çünki ºoòa çenli adamyò akyl, pikir ukyplary doly açylyp ugraýar. Akyl içinden açylýar. ªondan beýläk akyl daºyndan açylmak bilendir, ýagny ukyplaryò diòe daºdan gelýän zadyò — tejribäniò hasabyna kämilleºmegidir.

Dördüò üçünjisi — ruhy kämillik daºky dünýä bilen ruhy gymmatlyklar jähetinden baglanyºyga girmekligiò tejribesidir. Munda adam ömrüniò manysyny düzýän düºünjeler barasynda ºahsyýet ruhy aòlamalara ulaºýar, kalby ruhy gözlegler arkaly baýlaºýar.

Dördüò dördünjisi — ahlak kämilligi ruhy gymmatlyklaryò ºahsyýetiò «menine» siòmegidir, duýgularyò, pikirleriò we ynançlaryò ºahsy baýlyga öwrülip, adamyò hereketleriniò olar arkaly ºertlendirilmegidir.

Dördüò jem bolan ýerinde, adamyò iman edebine taýýarlyk derejesi ýüze çykýar. Aslynda-da, ulalmak — täze derejelere taýýar bolmakdyr. Ol derejeleriò bolsa soòy ýokdur, ºonuò üçinem, kämilligiò çägi ýok diýen pikir hakykatdyr.

* * *

Iman adam ºahsyýetiniò ruhy azatlygynyò meselesidir. Iman — barlyga hut özüò bolup, diòe «men» bolup gatnaºmak, ruhy düºünjelere ºahsy gatnaºygyòy bildirmekdir. Iman adamyò özüniò ýetmeli ruhy derejesidir, adamyò hut özüniò gazanmaly ruhy gymmatlygydyr. Çünki, adama daºyndan öwredip bolmaýan närseler bardyr. Olaryò nämedigini daºyndan diòe salgy berip bolar, emma olara adamyò diòe özi ýetip biler. Näçe akyl hem pikir emellerini ulananyòda-da, aýdaly, gyzgyn suwuò nämedigini düºündirip bolmaz. Emma, ol öz elini gyzgyn suwa sokanda, diòe ºonda ol munuò nämedigine düºünip galar. Iman hem adam ºahsyýetine bil baglamakdyr.

Ýaº adamyò özi yºka düºmese, oòa yºkyò nämedigini düºündirip bolmaz. Yºka düºmek bilen ol hut özüniò ruhy tejribesini ediner. Yºka ulaºmak bilen ol hut özi bolup ýaºap görer.

Iman hem yºkdyr. Imanyò ºerti yºk, netijesi bolsa ruhy hakydadyr. Diòe ºu nukdaýnazardan seredeniòde, imanyò düýp, asyl manysyna pelsepe hakykaty derejesinde doly göz ýetirip bolýar.

Iman aslynda ynanç diýmekdir. Adamy söz bilen daºyndan ynandyrmak çäkli zatdyr. Adam hakykata özi ulaºansoò, özi bolup göz ýetirensoò, diòe ºondan soò ynanyp biler. Hakykata göz ýetirmek diýilýäni bolsa, yºka düºmek we yºk ýoluny geçmek hadysasydyr.

Yºk — ruhy-ahlak kämilliginiò hususy ýoludyr. Bu ýoluò tejribesi hakynda gürrüò edip bolar, emma ony bir adamdan baºga birine geçirmek asla mümkin däldir. Yºk — ruhy ömürdir. Hiç mahal bir adam baºga biriniò deregine ýaºap bilmez, hiç mahal bir adam baºga biri bolup ömür sürüp bilmez. Ahyrky netijede imana getirýän yºkyò ruhy ýoly-da ºonuò ýalydyr. Adama ylym öwredip bolar, emma iman öwredip bolmaz, yºk hem öwredip bolmaz. Biziò geçmiºdäki beýik akyldarlarymyz bu inçe hakykata oòat göz ýetiripdirler, munuò özi türkmen ruhunyò ösüºindäki aýratyn möhüm dereje bolupdyr. Çünki, bu hakykat bir zady — adam ºahsyýetine ruhy gözlegler meselesinde erkinlik, azatlyk, «menlik» bermegiò zerurdygyny ýüze çykarypdyr. Din ýoluna köpçülik bolup düºülýär, emma iman ýoly ýekelikde geçilmeli. Dini söz we aýry-aýry dessurlar derejesinde tekrar edip bolar, emma iman diòe ýürege we kalba degiºli ruhy hadysadyr.

Biziò beýik akyldarlarymyz din bilen imanyò özara baglanyºygyny ykrar edipdirler, emma ºol bir wagtda-da bularyò biri-birine meòzeº bir zat däldigini nygtap geçipdirler. Diniò imandan inçe tapawudyny aòlamakdan türkmen ruhunyò ösüºinde täze döwür baºlanyp, bu ahyrsoòunda ºahsyýetiò ruhy azatlygyna we jemgyýetiò dünýewileºmegine alyp barýar. ªu ýerde iman düºünjesiniò many giòiºligi hakynda aýtmak isleýärin. Iman — Hudaýa ynançdyr. Iman — ruhy gymmatlyklara ynançdyr. Olaryò iò ulusy, iò esasysy bolsa, elbetde, Hudaýdyr. Iman ýüregiòde we ýüregiòden Hudaýyò bardygyny ykrar etmekdir. Hudaýa ýöne ýerden akyl ýetirip bolmaýar. Diòe ýüregiòi bermek arkaly Hudaýa akyl ýetirip bolýar diýip, geçmiº akyldarlarymyz öwredipdirler.

Ynanç subutnamadan döremeýär.

Ynanç duýgudan döreýär.

Imanlylyk Allanyò bardygyna we birdigine göz ýetirmek, bütin ruhy tejribäò arkaly ºu hakykaty duýmakdyr, syzmakdyr. Akyly öwredip bolar, emma imany öwredip bolmaz. Çünki ol hususy häsiýetli, hususy tebigatly duýgy açyºydyr.

* * *

Duýgy açyºlary yºkyò ýolunda amala aºyrylýar. Biziò milli ruhy mirasymyzda yºk ýolunyò çeper-pelsepe teswirleri oòat beýan edilendir. Beýik-beýik pirleriò, keramatlylaryò ömür teswirlerinde esasy pursat yºk ýoludyr. Bu ýolda olar özlerini dürli ruhy güzaplara we kynçylyklara dözüpdirler. Ol kynçylyklaryò we güzaplaryò ahyrky çözgüdi Alla göz ýetirmek, ýüregiòden Alla iman getirmek hasaplanylypdyr. Baýazit Bistami, Ýunus Emre, Ýusup Balasagunly, Hoja Ahmet Ýasawy, Zamahºary, Nejmeddin Kubra, Bahaweddin Nagyºbendi, Jelaleddin Rumy, Nesimi, Nowaýy, Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy — bu yºk sanawyny näçe artdyrsaò artdyrybermelidir. Bu ägirtleriò ruhy gazananlary milletimiziò baky ruhy mirasydyr.

Iman ºahsyýetiò ýeke-täkligine, gaýtalanmazlygyna ýol açýar. Emma ºahsyýet ýeke ýaºap bilmez. Yºkyò düýp manysy ºundan ybaratdyr: yºk ºahsyýete ähli ruhy mümkinçiliklerini açmaga pursat berýär. Ruhy mümkinçilikleriò açylmagy üçin daºky barlyga ikiçäklik gatnaºygy zerurdyr. Islendik görnüºdäki, islendik manydaky yºk bolsa, hut ºoldur, dünýä ikiçäklik gatnaºygydyr. Ikiçäklik — pynhanlyk, hylwatylykdyr. Munda üçünjä-de, hususyýetden mahrum bolan köpçülige-de orun ýokdur. Beýik sopularyò yºky Allany ºahsyýete öwürmek, ºol ºahsyýete ýüregiòi bermekdir, çünki ºahsyýetleriò — iki sany ºahsyò ýok ýerinde hiç hili yºk mümkin däldir. Yºk dünýäsi diòe iki sany ºahsy — «meni» we «seni» bilýär. ªeýle howaly, belent söýgi duýgulary öten akyldarlarymyzyò mynajatlarynda örän çuòòur beýan edilipdir. Bu mynajatlaryò manysyndan çen tutsaò:

yºk — munuò özi barlyga düºünmegiò, ýaºaýºa göz ýetirmegiò ýörelgesidir;

yºk — munuò özi dirilige göwün bermekdir;

yºk — munuò özi ölümi inkär etmekdir.

Yºkyò netijesi Hak ýadydyr. Bu düºünje wagtlaýynlykdan ýüz dönderip, bakylyga gol ýapmagy aòladýar. Hak ýady haýryò, ýagºylygyò hem-de päkligiò hataryna, gowulygyò sanyna geçmekdir. Hak ýadyna geçen adamyò dünýäsi has gözeldir hem kämildir. Onuò kalbynda we aòynda erbetlige hiç hili orun ýokdur. Hak ýady — bakylyk nukdaýnazarydyr. ªol nazardan bakanyòda, adam ömri manylaºýar, adam maksatly-myratly ýaºaýyº we durmuº ölçeglerini edinýär. Bu ölçegleriò düýp manysy bolsa — ruhy we ruhy gymmatlyklary özge zatlardan belentde goýmakdyr.

Türkmeniò iman düºünjesinde ruhy ösüºiò amalyny görüp bolýar. Iman dini manyda bakylyk dünýäsinde ýaºamaga hukukdyr. Imanyò biziò dünýewileºen aòymyz üçin has gymmatly ruhy-ahlak manysy bolsa — ýüregiò ruhy doklugy we ynsabyò berkligidir. Dünýewileºiº halatynda imanyò täze görnüºleri peýda bolupdyr. Olary:

Hudaýa iman;

Watana iman;

halka iman;

ýaºaýºa iman;

ahlaga iman –

görnüºlerinde tapawutlandyryp bolar. Hudaýa iman — Hudaýyò barlygyna we birligine ynanmakdyr. Bu ynanç adamy bimany, biweç wagtlaýynlykdan halas eder.

Ýalan söz bilen bagta ýeterin öýtmek salgyma kowalaºmakdyr. Hakykat — Allanyò ýalkawydyr!

Gadym zamanlarda bir pähim-parasatly patyºa bar eken, il arasynda at-abraýy hem ýokary eken. Ýöne bu patyºanyò bir ýetmezi bar eken, ol ýetmezi hem perzentsizligi eken.

Patyºa bir gün ogullyk edinmek kararyna gelýär. ªol maksat bilenem ol il arasynda jar çekdiripdir: «Ah-how, halaýyk, ertirki gün eºitdim-eºitmedim diýmäò, anna güni patyºa ogullyk edinmekçi bolýar. Ogullyk on ýaºyndaky oglan bolmaly, patyºa tagty ogullygyna tabºyrmak, özi dynç almak isleýär. Kimde-kim patyºamyza ogullyk bolmak islese, anna güni günortan köºgüò öòündäki meýdança ýygnanmalydyr-how».

Diýlen wagty köºgüò öòündäki meýdança on ýaºlaryndaky oglanlardan dolýar.

Patyºa ogullyk bolmak isleýänleriò her birine özi elin bir goºawuç gülüò tohumyny paýlap çykýar-da, ºertini düºündirýär: «ªu tohumlary ekip ýetiºdirip, soòra bir desse gül bogup getirmeli. ªol desse gülleriò haýsy birisi patyºa ýarasa, ºol desse güli ýetiºdiren oglan patyºanyò ogullygy bolýar. Güli ýetiºdirmek üçin üç aý möhlet berilýär. Göni üç aýdan soò, ºu ýerde duºuºmaly».

Üç aý geçýär. Patyºa köºgüniò öòündäki meýdança çykýar. Görse, meýdança al-elwan gül. Gülüò tohumyny alyp gidenler elleri gül desseli özleriniò bagtly pursatyna garaºyp durlar.

Patyºa elleri gülli oglanlary synlap, ýöräp barýar. Ýöne olaryò biriniò ýanynda-da duranok.

Meýdançanyò aòry çetinde eli gülsüz bir oglan gözýaº döküp dur.

Patyºa, ana, ºol oglanyò ýanyna baryp saklanýar:

— Sen näme üçin aglap dursuò? — diýip, patyºa ol oglandan sorapdyr.

Oglan arzy-halyny aýdypdyr:

— Kyblaýy älemim, men siziò beren tohumyòyzy gögertjek bolup gaty yhlas etdim. Her näçe yhlas etsemem, ol tohumlar gögermedi. Men tohumyò gögermändigi, siziò meni ogullyga almajakdygyòyz üçin aglaýaryn.

— Onuò üçin aglama, men seni ogullyga alýaryn. Seniò gülleriò gögermändiginiò sebäbi bar. Men ol tohumlary gögermez ýaly, suwda gaýnatdym. Bu gül getirenler meni aldamak isläpdirler. Bularyò gülleri meniò beren tohumymdan däl-de, baºga tohumdan gögeren güller bolmaly — diýip, patyºa baºyny aºak salyp, oglany gujaklapdyr. — Sen maòa hakykaty aýtdyò, ýalan sözlemediò. Bilgin, ýalan sözlän däl-de, hakykaty boýun alan bagta ýetýändir.

Türkmen ýaºlary Hudaýa ynanmalydyr. Hudaýdan gorkmalydyr. Hudaýdan gorkmak ejizlik däldir, çünki bu gorkynyò ruhy manysy bar. Ol ten duýgusy däldir. Ol wagtdan ýokarda, tenden, maddadan ýokarda duran Beýik Ruhuò hökmürowanlygyny ykrar etmekdir, oòa öz ruhy ýaºaýºyòda tabyn bolmakdyr.

Watana iman — Watany öz janyòdan ilerde goýmakdyr. Ony özüòden has gymmatly närse hökmünde ykrar etmekdir.

Halka iman — millet, il-gün bähbitleriniò öz hususy bähbitleriòden ileriligini ykrar etmekdir. Biz bolmasagam, il-gün bolardy, il-gün bolmasa welin, bizem bolmazdyk diýen ynanja gulluk etmekdir.

Ýaºaýºa iman — dünýä gözelliginiò ýaºaýyº manysyny ykrar etmekdir. Ýaºaýyº her bir adam üçin ahyrky netijede çäklidir. Emma hut giò çäklilik hem onuò gözelligini we manysyny kesgitleýär.

Ahlaga iman — hut ºol çäkli ýaºaýyºda, kesgitli ömürde adamyò anyk ahlak ölçegleri boýunça ýaºamalydygyna ynançdyr. Adamzat jemgyýeti ahlagyò üstünde durandyr. Ahlak — adamlar arasyndaky gatnaºyklaryò sazlaºygy ýok bolsa, adam tebigatynyò bozulyp, onuò azýandygyna taryh ºaýatlyk edýär. ªonuò üçinem iman — ynanç biziò ýaºaýºymyzyò binýadydyr.

* * *

Mähribanlarym!

Türkmenler köne adatlaryny asyrlarboýy tämizläp, kämilleºdirip gelipdirler, dinler çalºanda hem özleriniò däp-dessurlaryny berjaý edipdirler.

Türkmeniò yslamy parahatçylykly ýol bilen kabul etmeginde, öòki ynançlary, adatlary, däp-dessurlary uly orun eýeläpdir. Özleriniò ozalky ýol-ýörelgeleriniò iò gowy taraplaryny yslam bilen utgaºdyryp biljek ýagdaýynda halk yslamy kabul etjekdigini yslamyò wagyzçylaryna düºündiripdir.

Yslamy ýaýradyjylar türkmenleriò aòyrdan gelýän ynançlarynyò-da, däp-dessurlarynyò-da täze dine zyýanynyò ýokdugyna göz ýetirip, halkyò yslama erkin ýagdaýda girmegini gazanypdyrlar.

Elbetde, diniò halka ºular ýaly diplomatik ýollar bilen ornaºdyrylmagynda Gorkut atanyò ornunyò uludygyny göz öòünde tutup, Gorkut ata bizi yslama getiren ºahsyýetdir diýýäris. Türkmen taryhynyò ikinji Gorkut ata eýýamy yslam dininiò wagyz edilen eýýamydyr. Gorkut atanyò wagyzy netijesinde üçünji Görogly eýýamynda türkmen halky köpçülikleýin yslamy kabul etmäge baºlaýar we yslamyò din gylyjyna öwrülýär.

Yslam arassalygy we niýetiò-päliò düzüwligini, sahawatlylygy ündeýär, hilegärligi, gysyklygy, zalymlygy bolsa ýazgarýar.

Yslam dini ynsanperwer din, ol beýleki dinleri ykrar edýär, olara päsgel bermeýär. Yslam dini ýaýran hemme ýurtlarda-da musulmanlar bilen bilelikde baºga dindäki milletler hem ýaºap, öz dinlerini ýöredýärler, olara hiç hili gapma-garºylyk ýok. Gaýtam, bir din beýlekini inkär etjek bolsa, yslam oòa garºy çykýar. Geçmiºde käbir dinleriò içinde azlyk halklaryò dininiò kemsidilýän wagty bolupdyr. Ýöne yslam beýle zada ýol bermeýär. Käbir ýolbaºçylar dini perdelenip, agzalalyk döretmäge synanyºýar. Ony hem esaslandyrjak bolýarlar, ýöne onda esas ýok. Esasy bolmadyk zat hem tiz synýar. Häzirki döwürde dünýäde üç müò din-ygtykat bar. Ýöne dünýädäki dürli-dürli din-ygtykatlaryò imany birdir.

Türkmen halky yslam dinine kalby bilen, köòli bilen, ýüregi bilen ynanyp, ony özüniò ozaldan gelýän ynançlary bilen, adaty, däbi-dessury bilen utgaºdyryp ruhuna siòdiripdir.

Türkmen Gurhanyò, hadyslaryò ähli oòatlyklaryny ýörelge edinen halk. Ol bir Taòra uýýar. Ol ýeke-täk Allanyò gudratyna ynanýar.

— Kimiò guly bolarsyò?

— Allanyò guly bolaryn!

— Kimiò ymmaty bolarsyò?

— Muhammet ymmaty bolaryn!.. — diýip, türkmen çagasyna-da dil bitip ugrandan ºony gaýtaladyp, bu dini nesillerine wagyz edýär.

Diòe oòat zatlar wagyz edilýär.

Wagyz edilýän, ýatda galýan zatlar halkyò ýüregine ornaºýar.

Halkyò ýüregine ornaºýan zatlar ºol halkyò ýoluny ýagtyldýar.

* * *

Adama gylyk-häsiýetleri boýunça baha berýärler. Allatagalanyò emri bilen dünýä inýän her bir çaga almaz ýaly päk, almaz ýaly arzyly, almaz ýaly gymmatbaha. Almaz ýaly çaga kemala gelip, kämillige gol berip, kemini dolduryp, artygyny gyrdap, ýonup-ýylmap, göwhere öwrülýär. Göwhere öwrülibem Allanyò dergähine dolanýar.

Gelende ýüz adama ºatlyk beren çaga, ýaºap, müòlerçe adama bagt berip, ölümine adamlary gynandyryp, jahandan gaýdýar.

Dünýä gelen her bir adamyò bezegi — gylyk-häsiýetleridir.

Allatagala her bir adama özüne mynasyp görk-görmek, boý-syrat berýär, daº keºbini geýim-gejim bilen bezeýär, emma adamyò iò gymmat, arzyly zady gylyk-häsiýetleri bolýar.

Hanha, bir menzilde ençeme agaç hellewleºip otyr. Olara daºdan garap, haýsynyò saýaly, haýsynyò miweli, haýsynyò uzak ýaºaýan, haýsynyò gysga ýaºaýandygyny, portdugyny, berkdigini bilip oturmaly. Miwesiz daragtlar uly, ýaýbaò, haýbatly bolýar, ºahalary al-asmana uzaýar. Miweli daragtlaryò ºahalary aºakdyr, ene ýere ýakyndyr.

Adamyò Allatagala tarapdan berlen gözelligi daºynda, özüniò gazanan gözelliginde bolýar.

Her bir adamyò özüne mahsus gylyk-häsiýetleriniò bolºy ýaly, her bir milletiò hem özüne bap gelip duran gylyk-häsiýetleri bar. Biziò halk bolup, bäº müò ýyllap döwran süren milletimiziò müòýyllyklarda kemala gelen onlarça ajaýyp gylyk-häsiýetleri bar.

Obada toý bolýar, sadaka bolýar. Ine, ºonda kimiò-kimdigini bilip oturmalydyr. Iºjanly, galdaw adam derrew bilini guºap, hyzmata barar. Ine, görseò, ýa mal soýup, ýa gazana ojak gazyp, ýa odun döwüp ýörendir. Ýene biri bardyr, ol dessine beýemçilik edip baºlar: ýaº-ýeleòlere görkezme berip, guramaçylyk iºlerini gül edip ýörendir. Ýene bir adam bar, ol dessine düºek üstüne geçip, öòüne goýlan çäýnekden çaý içip, adam baryny daºyna jemläp, toýy toýa, ýasy ýasa meòzedip oturandyr.

Türkmen gylyk-häsiýetleri: lebzine ygrarlylyk, sözüniò eýesi bolmak, wepalylyk, garadangaýtmazlyk, merdi-merdanalyk, edermenlik, batyrlyk, geçirimlilik, salyhatlylyk, jomartlyk, kanagatlylyk, sabyr-takatlylyk, ruhubelentlik, dözümsizlik, ugurtapyjylyk...

Biz näme diýip «Gorkut ata» kitabyny, «Görogly» ºadessanyny çyn ýürekden söýýäris, çünki biz ol eserlerde ata-babalarymyzyò — hakyky türkmeniò jöwher ýaly ýanyp duran gylyk-häsiýetlerini görýäris, ºol gylyk-häsiýetler esasynda özümizi terbiýeleýäris.

Tymsal: Salyr Gazan obasyna ýagy çozanyny düýºünde oraºan görüp, ýalòyz özi meýlisi taºlap gaýdýar. Ol Garaja çopandan duºmanlaryò obasyny, ilini talap gidenini, köp-köp gabahatlyklary edenini bilýär. Duºmanlara garºy söweºde edermenlik görkezen çopan Salyr Gazan bilen duºmanyò üstüne gidermen bolýar. Ol Salyr Gazanyò töwellasyna bakman, söweºde wepat bolan gardaºynyò aryny almaga gitjek.

Emma, Salyr Gazan Garaja çopany ýoldaº edinip bilmeýär, çünki, ol beg. Beg kiºi çopan bilen söweºe girip bilmez. Ol aryny ýalòyz özi almaly, ýogsam, ertir erni ýyrtyklaryò biri: «Salyr Gazan ar almaga ýalòyz gitmäge gorkup, çopan-çolugyny ýanyna alypdyr» diýip, tagna edäýmegi mümkin. ªeýlelikde, Salyr Gazan ugurtapyjylyk bilen çopany äpet agaja daòyp:

— Çopan, garnyò gorulmanka, garaòky düºmänkä boºamagyò gamyny edewer — diýip, ýalòyz gidiberýär.

Salyr Gazan birsalymdan yzyna seretse, Garaja çopan gelýär, arkasy äpet agaçly.

— A-haw, çopan, arkaòdaky agaç näme?

— Agam Salyr Gazan duºman bilen tutluºyp ýadar, ot ýakyp, çaý-nahar etmäge gerek bor diýdim-dä...

Görýäòizmi, gadym dünýä mahsus giò gylyk-häsiýet, ugurtapyjy söz uruºmalary...

Türkmene muwapyk pespällilik, kiçigöwünlilik, ruhubelentlik, ºahandazlyk, suhanwerlik, gaýratlylyk, ugurtapyjylyk, sabyrlylyk, gerek ýerinde harby hilegärlik, tarhandökerlik, jomartlyk — biziò üçin uly mekdep! «Gorkut ata» kitabynyò gahryman begleri hem, Görogly hem hiç haçan degmedige degmeýär. Üstüne sürnüp gelen duºmana garºy hem ilki hoº söz bilen çykýar. Iò soòunda duºmany diòe ýeòmek bilen çäklenmän, duºmandan dost edinýär. Beýle gylyk-häsiýetler pygambere mahsus gylyk-häsiýetler dälmidir?

Kimde-kimiò pikiri aýdyò, maksady belent bolsa, ºol adamyò içki dünýäsi gözel, owadan, mähriban bolýar. Içki dünýäsi gözel kiºileriò gylyk-häsiýetlerem gözel, saýhally bolýar. Içki dünýäsi, pikir matlaby gözel adamlaryò nazarlary dury, gözleri röwºen, ýüzleri nuranadyr.

Biziò her birimiziò gylyk-häsiýetlerimiz maºgalada, mekdepde, ýaºaýan jemgyýetimizde, tirkeºýän dost-ýarlarymyzyò, okaýan kitaplarymyzyò, dünýägaraýºymyzyò esasynda kemala gelýär. Özüni ýeòip bilýän adamlaryò häsiýeti nusga alarlykly bolýar, diòe öz göwnüne gulluk edip, özüni bilýän adamlaryò häsiýeti ºemal ýaly öwsüp durandyr. Hatda häsiýetsiz adamlar hem bolýar, çünki olar durmuºda ornuny tapmadyk, bimaksat adamlar.

Pikiriòiz gözel, maksadyòyz beýik bolsa, gylyk-häsiýetleriòiz hem owadan bolar, ýaºaýºyòyz hem lezzetli!

Gadymy hem dana türkmen halky gapysynda saklaýan haýwanlaryna çenli öz asylly häsiýetlerini geçirip bilýär. Görogly ýassyk ýaly uly kitabyò ahyryna çenli ganatly Gyratyò häsiýetlerini wasp edip, aòyrsyna çykyp bilmeýär. Sebäbi Göroglynyò Gyraty akylly, düºbi, eserdeò. Ol ýüzüne seredenden Göroglynyò näme isleýänini duýýar. Gyrat Görogly bilen ýürekdeº.

«Mal eýesine çekmese, ºumluk» diýýändir türkmen.

Eziz türkmenim!

Men seniò türkmeniò gadymdan gelýän beýik gylyk-häsiýetlerini çuò öwrenip, döwrüò belentligine galmagyòy, asyllylyga, ruhanalyga, beýik tutumlara ýaran bolmagyòy isleýärin. ªonuò üçin hem men türkmeniò ata-baba kämil edim-gylymlaryny seniò dykgatyòa ýetirmäge çalyºýaryn we seniò ol häsiýetlere imrinjekdigiòe berk ynanýaryn.

* * *

Adama geçirimliligi boýunça baha bererler. Tebigat adam ogluna ençe gözel-gözel häsiýetleri beripdir. Elbetde, olaryò ählisi gözel, birini ikinji orunda goýup, beýlekisini ýokaryk geçirer ýaly däl. Men agyr geçen çagalygymy, ýaºlygymy, bütin ömrümi akyl eleginden geçiren halatym, geçirimlilik häsiýetimi bijebaº edäýesim gelip dur.

Men bir zady magat bilýärin. Eger kalbyòda jennet bolmasa, sen kalbyòy jennet ýaly gözel edip bilmedik bolsaò, öleniòden soò jennete baryp bilmersiò.

Eger seniò kalbyòda Hudaý ýok bolsa, öleniòden soò hem Hudaýyò huzuryna baryp bilmersiò.

Eger seniò kalbyòda dowzah bar bolsa, jennete eltilmersiò, kalbyòda melgun bar bolsa, Biribaryò ýanyna eltilmersiò.

Her bir adamyò gursagynda Wyždany bar. Dindarlar oòa iman diýýärler. Adam ogly dünýäde Wyždany bilen ýaºaýar, Wyždanyny alyp hem bakylyga gidýär. Wyždan biziò ýagºy-ýaman iºlerimiziò terezisi. Wyždan biziò kalbymyzdaky mähek daº.

Eziz oglum, mähriban gyzym!

Wyždan saòa seniò kimdigiòi, seniò dostuò kimdigini aýdyp berer. Aýalyòy, ogluòy-gyzyòy il-ulsuòy aldap bolar, emma Wyždany aldap bolýan däldir.

Wyždan — Allatagalanyò wekili.

Allany, Allanyò wekilini aldap bolmaýar.

Wyždanyò beýikligi — ol geçirimli. Wyždan geçirýär, düýe ýaly, dag ýaly mähnet etmiºiòi dary ýaly edip geçirýär, emma unutmaýar, barysy onuò hakydasynda, ol barysyny ýazýar...

Durmuº ýylsaýyn, asyrsaýyn çylºyrymlaºyp gidip otyr. Dünýä gelen her kim belent mertebä galjak, baý boljak, han boljak, garaz, ýaºaýyº ugrunda göreº barýar. ªol göreºlerde, öòi bilen, kalbyòa ýara salýarlar, içiòden urýarlar, namartlyk edip, alnyòdan çukur gazýarlar. Eger olaryò her birine jogap berjek bolsaò, ömrüòi bolgusyz adamlar bilen göreºip geçirmeli.

Bir içegen kiºi arakdan doýup, bir jöhidiò ýakasyndan tutup, idirdedip uruºjak bolýarmyº. Akylly jöhit bolsa:

— Men saòa näme etdim, ilki düºüniºeli — diýipdir.

— Siz biziò Hudaýymyz Isany haça çüýläpsiòiz?

— Baý-bow, iki müò ýyl mundan ozal edilen etmiº ahyry ol...

— Men ony düýn eºitdim, aryny hem ºu gün senden alýan — diýip, içegen kiºi urºanmyº.

Ar aljak bolmak, içiòde kitüw saklamak asylly kiºä geliºýän sypat däldir. Özüòe edilen ýamanlygy geçirip bilmek, ýamanlyga ýagºylyk är kiºiniò iºidir. Geçirimlilik — adam oglunyò iò saý, iò eziz häsiýetleriniò biridir.

...Men gaty ir oýanýaryn. Gijäniò ümüº-tamºyny, ýyldyzlaryò gögüò ýüzünden ýeke-ýeke öçüºini, dünýäniò gylla ýaryny al-elwan nura boýaýan sabany görmegiò özem bir lezzet. Ýaòy ümüº-tamyº bolan çagy daragtlaryò üstündäki guºlaryò müò dürli owaz bilen saýraýºy dünýäniò islendik orkestriniò simfoniýasyndan ajaýyp. Ümüº-tamyºda guºlaryò özleri görünmeýär, ýöne her biri özüne muwapyk owazy bilen, baý-baý, saýramak saýraýar-a.

Olar Allatagalanyò ýene bir bagyº eden owadan sabaly Gününe begenýär.

Heý, ºeýdip her bir dogan Güne begenip bilýänimiz barmy? Meger, ýokdur. Ynha, ºonuò üçinem, Allatagala guºlara ganat beripdir, bize bolsa bermändir.

Biz her bir dogan Güne guºlar ýaly begenip, lezzet alyp bilmeýäris. Her gün irden täzeden dünýä inen ýaly bolup, ukudan oýanmany köpimiz baºarmaýarys. ªeýle adamlar bolýar, oglanjykka biriniò göwnüne degenini hem bagyºlap bilmän ýör. Netijede, ol geçmiºdäki köne derdini ýany bilen göterip ýör.

Geçirimli bolmaly, erbetligi gursagyòda göterip ýörmän, unutmaly. Diòe ºonda öz kalbyòy özgäniò salan ýarasyndan arassalap bolýar.

Isa pygamber özüni haja çüýletjek bolup gygyryºýan adamlary synlap:

— Eý, Atam Hudaý, sen olaryò günäsini geç! Näme edip ýörenlerine olaryò akyly ýetmeýär ahyry! — diýip, öz duºmanlarynyò günäsini geçmegini haýyº edipdir.

Durmuº bolsa baºga sapak berýär: degdimi, ikini istemez ýaly et. Huna — hun, gana — gan.

Adamzat kämil däl, eger ol kämil bolsa, kiºiniò kalbyna ýara salmazdy.

Hany, Magtymguly ýaly kämil kiºi barmy, penjesine ýumruk ýaly köz alyp: «Eger döze bilseò, kylgyl bu iºi» diýip duran.

Kethudalar maslahatynda dyzmaç begleriò biri Togrul bege eºitdirip-eºitdirmän ýakymsyz sözleri aýdypdyr. Togrul beg eºitmezlige salypdyr. Maslahat gutaryp, Togrul beg ýakynlary bilen galanda, olaryò biri:

— Ol köpeý ogly, jylawyny çeýnäp nejisini aýtdy oturdy welin, sen gulak gabartmadyò, Togrul beg — diýipdir.

— Men-de köpeý ogly bolan bolsam, gulak goýardym, merkinem bererdim, ýöne men köpeý ogly däl, seljuk ogly! Onsoòam, her bolgusyz söze gulak goýup ýörjek bolsaò, han bolup bolmaz! Men o mahal Allama, asmana gulak goýup otyrdym... — diýip, Togrul beg jogap beripdir.

Geçirimli adam birbada iki adamy halas edýär: hem özüni, hem bolgusyzlyk küýseýän kämil däl kiºini!

Ilki özüòizi bagyºlamagy baºaryò! Soòra özgeleri bagyºlamagy baºaryò!

Adamyò günäsini geçip bilýän adam är kiºidir, Allanyò ýalkan kiºisidir. Geçirimlilikde täsin bir güýç, ýalkaw bar. Geçirimlilik adama döwletlilik, hormat bolup gaýdyp gelýär. Men geçirimlilik babatda Buddanyò durmuºyndan bir wakany gürrüò bereýin. Garaºman durkaò her hili wakalar bolýar. Garaºman durka Buddanyò ýanyna biri gelýär-de, birden onuò ýüzüne tüýkürýär. Budda ýüzüni süpüripdir-de, garºysynda durana parahat garap:

— Baºga-da aýtjak zadyòyz barmy? — diýipdir.

Bu awhalaty gören Buddanyò ºägirdi Ananda dergazap bolupdyr:

— Halypam, bu ýelemýüwlediò eden iºine çydap bilemok. Muny ýençmäge rugsat ber.

Budda Anandany saklap:

— Bu nätanyº kiºi seniò ýanyòa däl-de, meniò ýanyma geldi. Bu bir. Ikinjidenem, bu adama içgin syn et. Onda betbagtlyk bardygyny görýärmiò? Ol öz betbagtlygyny, içiniò ýangynyny nädip ýok etmelidigini bilenok. Ol çykalga, teselli gözleýär. Ol öz içki harasadyny baºgaça nädip ýüze çykarjagyny bilenok. Bu adamyò içinde gahar-gazap bar bolsa, meniò içimde söýgi-muhabbet bar. Men hem bu adam ýaly, öz içki ahwalatymy nädip daºary çykarjagymy bilemok. Men bu adamyò kynçylygyny görýärin. Ananda, senem görýärmiò? — diýipdir.

Gaharly kiºi Budda bilen Anandanyò bolºuna aòk bolupdyr. Eger Budda ar almak üçin topulan bolsa, onda ol geò galmazdy. Eger Ananda halypasynyò mertebesini goramak üçin topulan hem bolsa, ol gaharly kiºi geò galmazdy. ªeýle hereket — adaty, garaºylýan hereket. Ýöne birini masgaralandygyò üçin jezalandyrylmazlygyò garaºylmaýan zatdy.

Ol adam Buddanyò giòligine haýran galyp gitdi. Uzak gije Budda hakda oýlandy. Oýlandygyça, öz eden telek iºine düºündi. Budda hormaty artdy.

Ol adam ºol günüò ertesi daòdan Buddanyò ýanyna gelip, aýagyna ýykyldy. Buddanyò aýagyny ogºady.

Budda Ananda ºeýle diýdi:

— Görýärmiò, ýene düýnki ahwalat! Ol meni ºeýle bir sylaýar, ýöne ony söz bilen düºündirip bilenok. ªeýle bolansoò, ol meniò aýagyma ýykylýar. Görýärmiò, adam ºeýle bir biçäre. Ol aýtmak islän zady köp bolanda herekete geçýär. Aýtmak isleýän zadyny dolulygynda, ºireliliginde, öwüºginliliginde aýdyp, ýetirip bilmän kösenýär. Dil, köplenç, ejiz gelýär. Onsoò adam has amatly nyºan, alamat agtarýar. Bu adamyò aýagyma ýykylmasy — öz içki ahwalatyny iò amatly, iò täsirli nyºanda, ahwalatda beýan etdigi.

Düýnki adam Budda ýüzlenipdir:

— Eý, beýik halypa! Sen meniò eden etmiºimi, samsyklygymy bagyºla. Günämi öt! Men eden etmiºime ökünip aòyrsyna çykyp bilemok. Günämi geçmegiò üçin näme etmeli bolsam, men taýýar.

— Ýadyòdan çykar! — diýip, Budda nätanºy köºeºdirmäge çalºypdyr. — Üns berseò, ýüzüne tüýküren adamyò bu gün ýok. Bu gün sen düýnki adam däl. Bu gün sen baºga adam. Bu gün menem baºga adam. Bu gün sen baºga adama öwrüldiò. Jogabyòy bermek üçin ýüzüne tüýkürere bu gün sen düýnki adam däl-ä!

* * *

Her bir adam ýaºaýºyny gazanjyna hem ruhy derejesine görä guraýar. Her bir jemgyýetiò gurluºam gazanjyna, paýhas kämilligine, ruhy jomartlygyna görä gurulýar.

Adamzat ýaºaýºynyò ösmegine haýyr-sahawat iºleri örän uly goldawdyr. Haýyr-sahawat adamzadyò ganynda, ruhunda, tebigatynda bar. Uly dinler döräninden soò, haýyr-sahawat iºi kadalaºdyrylypdyr. Her kim öz gazanjyndan hüºür, zekat, pitre bermek ruhy borja öwrülipdir. Her obanyò metjidi, mekdebi geçmiºde haýyr-sahawatdan — wakyfdan gelýän girdejileriò hasabyna gurlupdyr. Seljuklar zamanynda türkmen halky ummasyz baýap, haýyr-sahawat iºleri görlüp-eºidilmedik derejede ösüpdir. Seljuk ºalary, wezirler, gaýry uly wezipede iºleýän adamlar, uly baýlar öz gazanjyna uly-uly metjit-medreseler, mekdepler saldyrypdyr. Keselhanalar, galandarlar, derwüºler üçin hanakalar gurdurypdyrlar. Metjitlerde sadaka atylýan sandyklar, ºeýle hem sadaka alynýan sandyklar bolupdyr. Baý adamlar baýlygyndan goýup gaýtsalar, garyp-pukaralar gerejigini alypdyrlar.

Her metjidiò özüniò wakyf mülki bolupdyr. Wakyf mülkde daýhanlar gezekleºip iºläp, bol hasyl kemala getiripdirler. Ol hasyly tutuºlygyna mollalar alaýmandyr. Ol hasylyò, metjide gelýän haýyr-sahawadyò belli bir bölegi garyp-gasara, dul hatyna, ýetim-ýesirlere berlipdir.

Gadym zaman bir ýaºuly çopana Hydyr ata duºupdyr. Çopan yhlasynyò ýerine düºeni üçin begenjinden gözlerine ýaº aýlapdyr, sebäbi ol otuz-kyrk ýyllap bakýan dowarlaryna çybyk çalmandyr, sesini gataldyp sögmändir, gününe gargamandyr.

Hydyr ata:

— Çopan, yhlasyò ýerine gowuºdy, beýik Allatagala seni ezizledi. Ynha, men, näme dileseò, üç dilegiò biter — diýipdir.

Goja çopan näme dilejegini bilmeýär:

— Hydyr atam, men bir çopan adam, bütin ömrüme buýrulany etdim. Maòa bu dünýäniò zady gerek däl, ynha, ýöne ogullarym bar, aýalym bar, geòeºip göreýin — diýýär.

Çopan öýüne gelip, bolan ahwalaty beýan edýär. Uzyn gije üç ogly, aýaly, gelinleri urýar maslahaty. Her kime bir zat gerek. Ahyry olar:

— Kaka, mal yzynda entäp, çöl-beýewanda ýaºap, mala öwrülip gitdik. Allanyò «Al, gulum!» diýen güni alaly. Her ogluòa ºäheriò ortarasyndan ºanyò köºgünden zyýada köºk, her ogluòa bir hum tylla dile. Ejem ikiòiz bolsa, näme dileseòiz, özüòiz diläberiò — diýipdirler.

Ertesi çopan malynyò ýanyna gelýär. Hydyr ata oòa duºup:

— Çopan, näme dileseò diläber, men taýyn — diýýär.

Çopan:

— Hydyr atam, maòa Allatagalanyò ºu beren rysgal-döwleti aòryýany bilen bolýar! Meniò etjek dilegim ýok — diýipdir.

— Ogullaryò näme?

— Ogullarym näme dilejek bolsa, hanha mal, yzyna düºsün! Eger Allatagala olardan yrza bolsa, özleri saòa duºarlar, ºonda näme dileseler diläbersinler!

Her halk öz gylyk-häsiýetine, öz içki dünýäsine mahsus zatlara görä rowaýat, tymsal döredýär. Ol rowaýatlar, tymsallar halkyò ýol görkeziji ºamçyragyna öwrülýär.

* * *

Türkmen berk ynanýar:

gülüp, ºat bolup, lezzet alýan çagyò ömrüò hasabyndan aýrylýar. Bäº ýyl gülen gülkiò on bäº ýyl ömrüòi uzaldýar.

Gahar atyna atlanan çagyò, ömrüòden kemilýär. Gahar hem özüòe, hem gapdalyòdakylara kest edýär.

Seljuk soltany Mälik ºa bir ýola örän dergazap bolýar. Salyhatly, ýagºyzada ýaly soltan, gylyjynyò baljagyna ýapyºyp, ýer kimin titräp, ot kimin parlap barýarmyº. Birden ol köºgi terk edip, ylgap diýen ýaly çykyp gidýär. Beýle pursatda kim soltanyò ýanyna baryp bilýär? Soltan çetki dynç alyº jaýyna baryp, ºerap içýärmiº. ªol mahal adamsynyò ahwalatyndan bihabar aýaly soltanyò ºerap içýändigini görüp, gyjyt bermäge baºlanmyº:

— Ýeri, soltan, günä gazanýarmyò?

— Gursagymda tüweleý deý tutaºan belany ýeòilräk bir günä bilen dep edip bilsem hem är boldugym.

Adam dergazap bolan çagy onuò damaryndaky gyrmyzy gany gyzyl oda öwrülip, beýnisi iºlemesini bes edip, ol ynsançylygyò çäginden çykyp, wagºyýana guduzlygyò çägine girýär. Gazap atyna atlanan adamy akyl-huºy terk edýär. Akyl-huºy terk eden adam bolsa ildenem, Hudaýdanam daº düºýär.

Muhammet aleýhyssalam:

— Gahar-gazap adam ogullarynyò ýüregindäki otly kesindi ýalydyr. Eýsem-de, siz adam gaharlanan çagy gözleriniò gyzarýandygyny, gabarylýandygyny göreòzokmy? Gaharly adam dik duran bolsa otursyn, oturan bolsa, ýassygyna gyºarsyn ýa-da gahar-gazabyny köºeºdirmek üçin Taòra sygynsyn! — diýipdir.

Lukman Hekim:

— Gahar-gazabyny basyp bilmeýän adam kämil adam däldir! — diýipdir.

Adam gaharlanan çagy Hudaýyò gazabyna has golaý barýandyr.

Pygamber:

— Söweº wagtynda deò-duºundan üstün çykýan adam batyr däldir. Gaharlanan çagy gaharyndan rüstem gelip bilýän adam hakyky batyr adamdyr — diýipdir.

Men gaharlanan çagym dessine:

— Gahar-gazaby kim oòarmaýar! Hany, zor bolsaò, ºu mahal ýylgyrmany baºar — diýip, özümi synaga salýaryn.

Derýalar gazaplansa, hanasyny weýran edýär. Adam gaharlansa, öòi bilen, özüni weýran edýändir.

Gahar-gazap howply beladyr, sebäbi gaharyò golunda ajaldan ýasalan hanjar, ýyldyrymdan ýasalan tüpeò bardyr! Dünýäniò uly-uly uruºlary kimdir biriniò gahary zerarly turmaýarmy? Nuh pygamber gahary zerarly dünýäni suw aldyrmaýarmy?

Adamyò kalbynda ýagºyzadalyk hem wagºyýanalyk bar. Adam gaharlananda wagºyýanalygyò goluna düºüp, adamçylykdan aýrylýar.

Aýdyºlaryna görä, Hoja Ahmet Ýasawy gaharlanan çagynda möòòürip aglarmyº, ondan aglamasynyò hikmetini soranlarynda ol:

— Eý, Allam, gör, men senden näçe daºda ekenim diýip aglaýaryn — diýipdir.

Ýangyn tutaºsa, ony suw bilen öçürýärler. Emma adam gazabyny ýatyrar ýaly jadyly suw ýok. Ony diòe akyl-parasat bilen ýatyrmaly. Gaharlanan adam parasadyndan jyda düºýär, oòa gapdalyndaky adam delalat bermeli. Iki adam uruºsa, öter ýaly ýol bermeli däl. Uruºjak bolup duran iki adamy aýryºdyryp, ýaraºdyryp goýbermek sogaplaryò iò ulusy.

Soltan Alp Arslan bir gezek gaharlananda, özüne bäs gelip bilmän, birine gamçy çalypdyr. Soòam ol puºeýman edip, wezir-wekillerine:

— Siz näme diýip meni saklamadyòyz? Köºgüò wezir-wekilleri, nedimi soltanyò gazabynyò gyny bolmaly dälmidir? — diýip, olara käýäpdir.

Eziz ýaºlar!

Türkmen: «Gahar — kapyr!» diýýändir. Gahar adamy köp sanly ýaramazlyklaryò üstünden eltýär. Adam öz gaharyna, erkine jylaw salmagy, özüne erk etmegi baºarmalydyr. Ata-babalarymyz gaharly wagtyò netijä gelmeli däldigi, hiç iº etmeli däldigi barada ýöne ýerden wesýet galdyrmandyrlar. Giòlik, geçirimlilik, her bir türkmene mahsus bolmalydyr. Gahar bilen aljak galaò, ýetjek menziliò bolmaz. Geçirimlilik, sowukganlylyk, paýhaslylyk adamyò durmuºynyò rowaçlygynyò kepilidir.

* * *

Egsilmez güýç-kuwwat ynançdadyr. Ynam bu dünýäde ýaºap ýören her bir adamyò ýaºaýºynyò, ºahsy durmuºynyò mizemez binýadydyr. Biz nämelere örkümizi baglap, halys ýürekden ynanýarys?

Beýik Allatagala;

Mukaddes Watana;

Mähriban halka;

Keremli topraga;

Keramatly atalarymyza, enelerimize;

Röwºen geljege.

Ateistik döwletde ýaºandygymyza garamazdan, türkmen halky dininden, metjit-medresesinden aýra düºse-de, Hudaýyndan aýrylmady. Garaºsyzlygyny ýitirip, baknalyga sezewar bolsa-da, topragyna, ata Watanyna bolan söýgüsinden jyda düºmedi. Erkinligini ýitirse-de, erkini ýitirmedi.

XXI asyr — habarlar, maglumatlar asyry. Adamzat jemgyýeti öz ösüºiniò çür baºyna çykdy. Bu gün diòe öz aladasy bilen ýaºaýan adam ýok. Bu gün her bir adam bütin dünýäniò, adamzadyò aladasy bilen ýaºaýar. Bu gün her bir adamyò kellesinde ýüz müò pikir, ýüz müò alada bar. Adatça, her bir adam edähedine görä doga okap, edähedine görä Allatagala derdini aýdyp, delalat etmegini isleýär.

Diòe ýürekden çykan söz ýürege barýar. Eger siz dogany-da ýürekden okaman, edähede görä okaýan bolsaòyz, ol dileg-dogaòyz Allatagala bararmy?

Yslam dini her bir adamyò eginlerinde iki periºdäniò bardygyny, biri sogabyòy, biri günäòi ýazyp oturandygyny aýdýar. Eger günä ýazýan periºdäòiz gije-gündiz ýazyp, sogap ýazýan periºdäòiz bolsa pallap oturan bolsa, dileg-dogaòyzy Allatagala eºideni bilen ynanarmy?

Unutmaò, biz dünýäniò gyzyk iºlerine meºgul bolup, haý-höwese berlip, beýik Allatagalany unudanymyz bilen, Allatagala bizi unutmaýar. Sebäbi, Allatagaladan geçirimli hiç hili gudrat ýokdur.

Siz «Görogly» ºadessanyny ýadyòyza salyò. Görogly söweºde ýa baºga bir ýerde iºi oòman, ºowsuzlyga uçrap ugrasa, dessine söweºden çykyp gidýändir. Bir çete çekilip, ýuwnup-ardynyp, namaz okap, Hudaýyndan ýagºy dileg edip, ýaòadan söweºe girip, duºmanyndan üstün çykýandyr. Durmuº çylºyrymly, hatda Görogly bolsaò hem senden rüstem geljek ºer güýçler bar. ªeýle ýagdaýda diòe özüòe ynanyp, maòlaýyòy diwara urup durman, has beýik Güýje — Hudaýa ynanmaly! Ynanç — Güýç! Ynanç — ýeòip bolmaýan Güýç!

Çagakaò eziz ejeòiò, gerçek kakaòyò söýgüsi seni bagtyýar edýändir.

Ýaºlykda gözleri ýyldyrymly hüýr-melegiò söýgüsi seni bagtyýar edýändir.

Söýgüli iºiòe, mähriban halkyòa, Watanyòa bolan söýgi saòa egsilmez gujur-gaýrat berip, bagtyýar edýändir.

Ýazlaryò gül-pürçük bolup açylan gözelligi, ummanlaryò çaýkanyp ýatyºy, depesi ak garly daglar möçbersiz söýgüsi bilen seni bendiwan edýändir.

Allatagalanyò söýgüsi olaryò ählisini özünde jemleýän älem ýaly bimöçber, älem ýaly owadan, bütin ömrüòe söýgi deòzinde ýaºar ýaly güýç-gaýrat berip bilýän söýgi, diòe Allatagalanyò söýgüsine mynasyp bolmagymyz gerek.

* * *

Iman edebiniò üç sany ºerti bardyr. Bularyò birinjisi — akyl ºerti, ikinjisi — göwün ºerti, üçünjisi bolsa — hereketlilik ºertidir.

Akyl ýa-da düºünje ºerti imanyò nämedigini akyl derejesinde bilmekdir. Munuò özi türkmen aòyýetiniò asyrlaryò dowamynda iman barasynda toplan pikir-hazynasyna dahylly bolmakdyr. Ata-babalarymyzyò bu meselede eden akyl açyºlary köpdür, pikirler we garaýyºlar çuòdur. ªolaryò esasylaryndan habarly bolmak, olara akyl ýetirmek, manysyna düºünmek zerurdyr. Emma, munuò özi deslapky iºdir. Bu orta ýoldur, Adam ºahsyýetiniò ruhy kämilligi we ruhy bitewiligi üçin akyl derejesinde saklanman, göwün menziline geçmek gerekdir. ªeýle edilmese, orta ýolda galynsa, ýarty ºahsyýetler, bikemal ºahsyýetler peýda bolýar. Olaryò sypaty ºundan ybaratdyr: iman kemalyna ýetmedik adamyò akyly Hudaýdadyr, ýüregi bolsa maddadyr. Olaryò akyly-ha ruh bilen, ýürekleri bolsa — baýlyk bilen meºguldyr. Ruhy tarapdan alanyòda, munuò özi barypýatan betnyºanlykdyr. Akylyny ruha, ýüregini madda beren kiºiniò ömri boº iºleýär, ol ömür güllemeýän agajy ýada salar.

ªonuò üçinem, iman edebiniò ikinji — göwün ºertini berjaý etmek gerek. Munuò manysy ýüregiòi-de ruha bermekdir. Munuò özi adamyò ruhy yºka düºmegini aòladýar. Iman diòe diliòde däl, ýüregiòde-de orun almalydyr. Eger ºeýtmeseò, bütin ruhy iº owadan, emma netijesiz gürlemekden, pikirlenmekden aòry geçmeýär. Göwün ºertiniò berjaýynyò netijesinde adam nebisden we ºübheden bütinleý el üzýär. Nebis — ten ºahsyýetidir. Hakyky adam iman edebini berjaý edip, tenden, maddadan ýokary galyp, ruhy ºahsyýet bolup bilýändir. Nebis ynsanyò iò uly ýagysydyr, iò howply duºmanydyr, çünki nebsiò süýji tagamy bardyr. Emma, onuò netijesi welin, juda ajydyr. Nebis adam bolmaly diýip ýaradylany peseldip, haýwan derejesine ýetirýändir. Nebisjeòlik ýa-da betnebislik ten duýgularynyò çäginden ýokary galyp bilmezlikdir. Türkmen aòyýetiniò gazananlaryny umumylaºdyrsaò, nebsiò aºakdaky görnüºlerini tapawutlandyryp bolar:

Baýlyk nebsi.

Jynsy-ten nebsi.

Hereketsizlik nebsi.

Garyn nebsi.

Jan nebsi.

Hökümparazlyk nebsi.

Bularyò bary-da ol ýa beýleki görnüºde, ol ýa-da beýleki derejede haýwanata mahsusdyr. Diýmek, nebis adamy yza çekiji, peseldiji zatdyr. Iman bolsa, onuò tersine, tebigatyò ruhlulykdan mahrum bolan ölçeglerinden azat bolmagyò ýoludyr. Baýlyk nebsi iýmek-içmek küýseginiò dowamydyr. Beýle nebis ähli zatlary, ºol sanda adamyò özüni-de baýlyga, pula gurban etmäge eltýär. Ol adam ºahsyýetini weýran edýär. Adam — ruhdur, adama diòe adam bolup ýaºamak mümkinçiligi tebigylykdyr. Eger ol mundan ýüz dönderse, nebsiò yzyna düºse, soòy weýranlykdyr. Munuò netijesi harsydünýälikdir.

Jynsy nebis zyna hem ºöwketparazlyga alyp barýar. Nebis akyldan mahrumdyr we çäk diýilýän zady bilýän däldir. Zyna söýginiò, maºgalanyò, ahlagyò ýagysy bolup, bu gymmatlyklaryò baryny weýran edýär.

Hereketsizlik nebsi — ýaltalyk hem ukudyr. Adam dünýä ýaºamak üçin gelýär, ýaºamak üçin bolsa iºlemek zerurdyr. Uky hem çäkli, dynç hem çäkli bolanda, adam ºekilli ýaºamak mümkindir.

Garyn nebsi — iýmekde we içmekde çäksizlikdir. Arak, tirýek, çilim ýaly zatlara maýyl bolmakdyr. Bu nebis hassalyga we ömrüò gysgalygyna alyp barýar.

Jan nebsi — janyòy, öz arrygyòy ähli zatlardan eý görmekdir. Jan nebsi namartlyga, dönüklige we haýynlyga sebäp bolýar.

Hökümparazlyk nebsi — ºöhratparazlyk, wezipeparazlyk we özgeleriò üstünden gara güýç arkaly höküm sürmek görnüºinde ýüze çykýar.

Nebisden halas bolmagyò çykalgasy iman ýoluna düºmekdir. Imanly adam nebsiò garºysyna göwün goýýandyr. Ömür ýolunda nebse ulaºyp, günä gazanylaýan halatynda hem çykalga bardyr. Ol çykalga — toba etmekdir.

Toba — ruhy ºahsyýet hökmünde gaýtadan dogulmakdyr. ªonda adam öz nebis betnyºanlygyndan doly arany açyp, deregine imanly göwün ediner.

Toba — öz-özüòi döretmekdir. Emma, toba örän seýrek hadysadyr. Nebsiò laýyna bir batansoò, ondan çykyp bilýänler juda azdyr. Adama bagt mümkinçiligi üç gezek, iman mümkinçiligi bolsa, bary-ýogy iki gezek berilýär. ªonuò üçinem, imanyòy bir gezek ýitireniòden soò, tapmak juda çetindir.

Men Ýaºulularyò ilkinji maslahatynda bu zatlar hakda giòiºleýin aýdypdym. Adamlaryò toba, iman hakdaky düºünjeleriniò düýpli bolmagynda din hadymlaryna uly borç düºýändigini ýene bir ýola nygtamak isleýärin. Hoja Ahmet Ýasawynyò:

Her göreniò Hydyr bil,

Her gijäòi gadyr bil,

Barça oòat, sen ýaman,

Barça bugdaý, sen saman –

diýen sözleriniò aòyrsynda ýatan giò mana düºünmäge ymtylmaly. Türkmeniò imany gursagyndadyr, ruhundadyr.

Ynanjyò gowºamagy jemgyýetiò gowºamagyna getirip biler. ªonuò üçin her bir adamdaky berk ynanç jemgyýetimiziò berkliginiò alamatydyr.

Biz Garaºsyzlygymyzyò ilkinji günlerinden dine aýratyn üns berdik. Obalarda, ºäherlerde ajaýyp metjitleri gurduk. Gypjakda gurlan metjidiò dünýäde iò uly metjitleriò biridigine guwanýarys. Biz mundan beýlägem metjitleri gurarys, dine uly üns bereris.

Ýöne din döwlet syýasatyna goºulmaly däldir, din iºgärleri diòe öz iman wezipelerini ýerine ýetirmelidirler. Din iºgärleri özüne ynanylan wezipäni hyýanatçylykly ulanmaly däldirler. Olar döwlet syýasatyna hemaýat bermelidirler.

Zadyòy ýitirip, ýene tapyp bolar. Öwezine zat gazanyp bolar. Pikiri unudyp, soò ýene ýada salyp bolar. Zat hem, akyl hem wagtlaýynlyk ýaºamak seriºdesidir. ªonuò üçin olary wagtyò içinde ýene tapsa bolar.

Emma, iman beýle däldir. Iman wagtdan bakylyga geçmegiò seriºdesidir. Juda gymmatlygy üçin, ol seýrek berilýändir. ªonuò üçinem, iman edebiniò akyl ºertini bitirip, oòa barýan ýoluò salgyny al, göwün ºertini bitirip, imanyòy tap, hereket ºertini bitirip bolsa — ömrüò ötinçä imanyòy berkit! ªonda bakylyk paýyòy alarsyò!
 


SÖZBAªYLAR / Her kim özüne bagban / Kalbyò eýesi / Türkmen söweºde janyny, toýda malyny gaýgyrmaz


 

 

«Ýaprak» žurnaly döwlete degiºli däldir we ähli toparlardan, guramalardan, partiýalardan we birleºiklerden garaºsyzdyr.
«Ýapragyò» buýsanýany türkmen halkynyò medeniýeti, sungaty we edebiýaty barada garaºsyz
alyp barýanlygydyr.
 

© Ýaprak