Eýran türkmenleriniò medeni, edebi we jemgyýetçilik žurnaly

 

ŽURNAL BARADA


Baº sahypa

Maksady

Redkollegiýa

 

ARHIW


Soòky sany

Ýyllara görä

 

GATNAªYK


Myhman depderi

Habarlaºmak üçin

Dost sahypalar

 

 
Her güne bir nakyl


 

 

 


 
Edebiýat / Döwürdeº türkmen edebiýaty
Saparmyrat Türkmenbaºy

RUHNAMA

ikinji kitap

TÜRKMENIÒ RUHY BEÝIKLIGI


SÖZBAªYLAR / Her kim özüne bagban / Kalbyò eýesi


HER KIM ÖZÜNE BAGBAN

 

Eziz türkmen halkym!

Biziò her birimiz Allatagalanyò sung eden açylmadyk hazynasydyrys. Alla bizi hazyna diýip ýaradypdyr, emma biz üsti açylmadyk hazynadyrys. Hazynamyzyò açary-da özümizdedir. Her birimiz öz paýymyza berlen hazynany ýeke-täk açar — zähmet bilen açyp bileris. Zähmet bolmasa, ömürlerimiz ýer astynda gömlüp galan, üstünden barylmadyk hazyna kimin ýaºaýyº hakydasynda üstüni wagtyò gumy basyp, baslygyp galar.

Zähmet adamyò öz-özüni ykrar etmegidir. Bu durmuºda adamyò bardygynyò, bolandygynyò gözli ykrary — zähmetdir. Zähmet adamy kämillige, ýaºaýºy bolsa — gözellige ýetirýär. Adamzat tebigatyò iò kämil närsesidir.

Bu kämillik iki pursatdan ybaratdyr. Alla öz sungy bilen tebigatyò iò kämil derejesi bolan adamy ýaradypdyr. Munuò özi kämilligiò birinji ýarymy, deslapky kämillikdir. Munuò aòyrsynda Ýaradanyò zähmeti, has dogrusy, gudraty we keramaty ýatýar. Kämilligiò gutarnykly, ikinji ýarymy üçin adamyò öz zähmeti zerurdyr. Ýaradan baºlapdyr, kämilligi gutarnykly etmek adamyò elindedir we erkindedir. ªonuò üçinem zähmet — Allanyò yradasynyò adamzat erkine geçmegidir.

Dünýä akyldarlary zähmeti söýginiò göze görünmesi hökmünde teswirleýärler. Söýgi üç hilidir:

— beden, jynsy söýgüsi;

— ruhy söýgi;

— zähmet söýgüsi.

Jynsy söýgi — külli janly-jandaryò nesil dowamatyny üznüksiz edýär.

Ruhy söýgi — ruhy dowamaty amal edýär, gözel ahlagy kemal edýär.

Zähmet — maddy söýgüdir, söýginiò maddylaºmagydyr.

Zähmet azyndan iki pursat boýunça söýgüdir, ol beýleki söýgüler ýaly miwe, hasyl, netije berýär. Netije diýilýän gymmatlyk adamzadyòam, dünýäniòem ýaºaýºynda iò möhüm pursatlaryò biridir. Diòe netije arkaly ýaºaýyº mana gelýär. Onuò ýoklugynda ýaºaýyº boºluga meòzeýär. Zähmetiò netijesi gün-güzeran abadançylygy we durmuº gözelligidir. Güýz diýilýän pasly döredip, tebigat wagtyò hasylyny, netijesini amal edýär. ªu manyda netije — wagtyò belli bir aralykda ösüºiniò jemidir. Hasylsyz ömür, netijesiz iº bimanylykdyr, ºerdir. Gymmatlyk hasyldan, miweden, netijeden gelip çykýar. Bular bolmasa, adamyò ýaºasy-da gelmezdi, onuò dünýäden, ýaºaýyºdan göwni geçerdi. Gymmatlyk — tükeniksizlik içindäki gutarnyklylykdyr. Dünýäniò ýaºaýºy üçin, bir tarapdan, wagtyò tükeniksizligi gerek, wagt akmasyny goýsa, ýaºaýyº togtar. ªol bir wagtda-da, bu üznüksizligiò belli-belli aralykda jem bolup, hasyla durmagy, netije bermegi gerekdir. Zähmet göze görünýän netije bilen ýaºaýºy gözelleºdirýär, zähmet arkaly ozal bu durmuºda bolmadyk zatlar, närseler peýda bolýar.

Ynsan zähmetiniò söýgä kybapdaºlygy bagt düºünjesi bilen baglanyºyklydyr. Söýgi ynsany bagtly edýär, oòa özüni bagtyýar duýmaga, özüni bagtly saýmaga mümkinçilik berýär. Bu ýerde bagt — ruhy lezzetleriò utgaºygydyr. Zähmet adama tükeniksiz we bimöçber ruhy lezzet berýär. Adamyò jan saglygyny üpjün etmekden baºga-da, ol adamyò ruhuny bagtyýar edýär. Zähmet arkaly adam ömür boºlugyndan, biweçliginden, göwnüçökgünlik, bihepbelik we özgä elgaramalyk ýaly nägehandan halas bolýar.

* * *

Diòe ömrüò zähmet atly söýgüsine duçar bolan adam bagtly bolup biler. Diòe zähmetiò bagty hakyky bagtdyr. Berilýän zat bagt däldir, diòe gazanylýan zat bagtdyr. Çünki bagt adamyò daºyndan gelýän hezillik däl-de, adamyò özünden — içinden gögerip çykýan, kemala gelýän gymmatlykdyr.

Zähmet — ömrüò wepasydyr.

Zähmet — ýaºaýºyò rehnetidir.

Zähmet adama özi bolmaga mümkinçilik berýär. Her bir adam üçin ähli çagalaram ezizdir. Emma, öz bagryòdan hem ýüregiòden önen perzendiò ezizligi baºgadyr. Edil ºonuò ýaly, öz zähmetiò bilen gazanylan baýlyklaryò höziri-de emgeksiz berlen zatlaryò yssylygyndan bütinleý baºga zatdyr.

Zähmet — zehiniò açarydyr.

Dünýäde zehinsiz adam ýokdur. Aslynda adamzadyò özi tebigatyò beýik zehinidir. Bu zehiniò açylmagy, amala aºmagy diòe zähmet arkaly mümkindir. Zähmet ýöne bir eklenç çeºmesi däldir. Gün görmek, düýbüne seredeniòde Allanyò berýän ryskyna baglydyr. Zähmetiò manysy has çuòdur, has düýplüdir. Zähmet — bagtyò çeºmesidir. Bagtly bolmak üçin rysgal gerekdir, emma ýeterlik däldir, rysk bagtyò özi däl-de, ºertidir. Alla rysk berer, emma bagty taýyn edip bermeýär, bagtyny adam öz zähmeti bilen özi gazanmalydyr. ªu manyda bagt öz-özüni amal etmek, öz-özünden razylyk derejesinde zähmet çekmekdir.

Adam aºyk bolanda, özündäki mähir atly söýgi gujuryny ýüze çykarýar, özündäki baslygyp ýatan gujury boºadýar, azat edýär. Onsoò ol bagtyýarlyk duýgusyny baºdan geçirýär, çünki bagt — azatlykdyr, azat bolmakdyr. Zähmet hem edil ºonuò ýalydyr, özüòdäki gujury, zehini we baºarnygy oýarmakdyr, bu oýanyºdan lezzet alyp, aºygyòky ýaly bagtyýar bolmakdyr. Hut ºu sebäpli-de, zähmetiò bagtynyò ornuny tutup biljek hiç bir zat ýokdur. Söýülmek — bagt, emma söýmek iki esse bagtdyr. Zähmetsiz baýlyga eýe bolmak ýakymly zat, emma zähmet çekip, onuò miwesini görmek hakyky bagtdyr.

Rehnet atly gymmatlyga diòe zähmet arkaly ýetip bolýar. Rehnet maddy nygmatdanam, ten keýpindenem, ýürek lezzetindenem ýokardaky zatdyr. Rehnet — ömrüò miwesini görmekdir. Hut zähmet ömre rehnet, bagta bolsa kepillik berýär.

Bägülüò gunça ýaryp, içinden açylyºyny ýada salyò. ªeýle pursaty göreniòde, janyò hezil edýär, gözleriò lezzet alýar. Gül bilen bilelikde seniòem göwnüò açylýar. ªonda siz bir hakykatyò pikirini edip gördüòizmi?! Eýsem, ºeýle pursatda diòe bir biziò göwnümiz bagtyýar bolman, bägülüò özi hem bagtly bolýandyr. Biziò göwnümiz bu gözellikden, bägülüò özi bolsa, ºol gözelligi kemal edýän zähmetinden bagtly bolýandyr.

Adamzat bägülüò gunça açyºy ýaly edip, öz zähmeti bilen öz zehinini, öz barlygyny açýandyr. Adam eli gyzyl güldür. Adam akyly-da gyzyl güldür. ªonuò üçinem, zähmet adamy-da bezeýär, dünýäni-de görke getirýär.

* * *

Mähriban türkmen halkym!

Allanyò ýaradan zähmet atly bagtyndan namut hem ät galma! Azapsyz ýeriò ady bolmaz, emgeksiz baýlygyò gadyry bolmaz! Gazanylman, ºeýle berlen baýlygyò adam ruhy üçin many-maòzy ýokdur, ol owadan, emma ýasama gül ýalydyr. Keýpiò soòy görgi we azardyr, rehnet bolsa, tükeniksiz ruhy bagtyýarlykdyr. Alla adamy erkin edip, esasy meseleler babatda diòe öz-özüne garaºly edip ýaradandyr. Erkinligiò manysy bagta diòe öz erkiò bilen ýetip bolýanlygyndan, betbagtlyga-da diòe öz erkiò sebäpli sataºylýanlygyndan ybaratdyr. Zähmet hem öz erkiò çägindäki bagt çeºmesidir. ªonuò üçinem, sözüò hakyky manysynda bagtly bolmak isleseò, çagalygyòdan zähmete werziº bol! Iºlemegi, zähmet çekmegi, iº edip, miwesini görmegi, ömür sürüp, wepasyny görmegi ýaºlykdan öwren. Bagt uly zatdyr, emma hiç bir ululyga birbada ýetip bolýan däldir, ähli ululyklar kiçiliklerden, ähli irilikler ownuklyklardan baºlanýandyr. Çylºyrymlylyklar ýönekeýliklerden baºlanýandyr. Çagalykda iò bir ýönekeý iºleri ýerine ýetirmegi, oòat ýerine ýetirmegi öwren. Oòat ýerine ýetirmek — netijeli ýerine ýetirmekdir.

Eýsem, kiçilik näme? Kiçilik — amal edilen ululykdyr. Bir ululygy amal edeniòden soò, ol seniò üçin kiçilige öwrüler, onsoò sen has uly ululyga dalaº edersiò. Adamzat ºeýdip, barha ulalyp, barha beýgelip barýandyr. Çagalygyòy ýada sal. Oýun çagalygyò baky hemrasydyr. Emma, çaga üçin oýun oýun däl-de, zähmetdir. Çünki ulynyò zähmet çekip kämilleºiºi ýaly, çaga oýun arkaly ulalýandyr. Çaga üçin üst-baºyny arassa saklamak hem uly zähmetdir, çünki, ol ºeýtmek arkaly öz-özlügini saklap bilýär. Çaga üçin hat ýazmagy, hat okamagy öwrenmek hem uly zähmetdir. Ol bular arkaly aòyny, pikirini iºletmegi öwrenýär.

* * *

Zähmet — ulalmak seriºdesidir. Merdiwanyò basgançagyndan basgançaga geçip, ýokary galynyºy ýaly, adam zähmet arkaly kämillige tarap göterilip gidýär. Adamzat balasy üçin ulalmak iki görnüºdedir — daºky taýdan ulalmak we içki ulalmak.

Birinji tebigatyò emri, ikinji bolsa — içki ruhuò emri bilen bolup geçýär. Ikinjisi beýleki ºertler bilen birlikde adamyò öz erkine baglydyr. Munuò üçin adamyò kämillige aòly-düºünjeli ymtylmagy gerek. Beýle ymtylmanyò esaslary çagalykda goýulýandyr. Her bir ata-ene çagasyna zähmet çekmegi, zähmetiò süýjüsini duýmagy öwretmelidir. Iºden gorkmazlyk, iºe werziºlik çagalykdan baºlanýandyr. Adam çagaka nämä endik etse, ulalansoòam ºol endikler oòa ýar bolar. Ýaltalyk, bikärlik — ºum süýjülikdir. ªonuò üçinem, çaganyò beýle ºum süýjülige maýyl bolaýmagy tebigydyr. Eýsem, çaga bikärlik, ýaltalyk süýjüliginiò ºumdugyny nireden bilsin?! ªol sebäpden, perzendi bu nägehanlardan aman saklamak ata-enäniò boýnuna düºýär.

Öwreniºilen kynçylygyò howpy ýokdur. Çaga zähmete werziº bolsa, endik etse, zähmet onuò zandyna goºular, zandyna reòk berer. Netijede, kynçylyk bolup görünýän zatlary ýeòip geçmek onuò üçin müºgil bolmaz. Bu babatda-da adam öz ata-enesine görä bolýar. Atasy zähmetkeº, enesi janypkeº çaga iºe ir werziº bolýar. Gören zady çaganyò gözünde gowy galýar. Adam perzendi iki ýaºyna çenli iò ýönekeý iºleri ýerine ýetirmegi, iò sada zähmet gurallary bilen iºlemegi öwrenip bilmelidir. Türkmende «Ata kesbi — ogla halal» diýilýär. Zähmet meselesinde obanyò kesbi oba, ºäheriò kesbi ºäher çagasyna muwapyk bolmalydyr. Obadaky zähmet oba hojalygy, ºäherdäki zähmet akyl, senet bilen aýrylmaz baglanyºyklydyr. Emma, adama akyl zähmetiniòem, el zähmetiniòem endikleri deò derejede zerurdyr. Daýhançylykmy, maldarçylyk, mugallymçylykmy — gullukçylyk — her hünäriò öz tilsimleri, syrlary bardyr. Emma, ähli hünärleriò, islendik iºiò esasy syry birdir — ol özüòi zähmete dözüp bilmek ukybyòdyr.

Mähriban oglum, eziz gyzym! Sen ýaºlykdan özüòi zähmete, emgege dözmäni öwren! Ýaºlygyò çagalykdan, zähmetiò oýundan soò gelýändigi sebäpli, iº endigi kynlyk bilen edinilýär. Ýaºaýºa ukyplylyk — zähmet çekmäge ukyplylyk, durmuºa taýýarlyk — zähmet çekmäge taýýarlykdyr.

ªonuò üçinem, adam ºekilli ýaºamak isleseò, zähmet çekmegi baºar! Zähmet baºarnygy üçin iºiòe höwes, hünäriòe söýgi gerekdir. Öz ýürek söýen iºiòi tap! Çekýän zähmetiòden lezzet almasaò, ömrüò gyzygy, durmuºyò manysy bolmaz. Zehiniòe, baºarnygyòa, höwesiòe kybap iºi gözle!

Äheòòir bolma, iºeòòir bol!

Oòarmaýan, halamaýan, baºarmaýan iºiòe bulaºmak uly derdeserdir, özüòe azap, özgelere dert bolarsyò. Iºiòem gadyryny gaçyrarsyò, özüòem arzyòy gaçyrarsyò! ªonuò üçinem, adam ýaºlygyndan diòe aljak gyzyny, çykjak ýigidini däl, eýsem, ondanam öò iºlejek iºini, meºgullanjak hünärini saýlamagy baºarmalydyr. Baºarmaýan iºiòe baº goºup, janyòy ýakma, baºarýan hünäriòde janypkeºlik görkez!

Iºjanly bol! ªonda janyò hezil eder. Iºiòi oòarsaò, öýüò abadan, özüò gerekli, hünäriò arzyly bolar!

Bagta zähmet bilen ýetilýändir. Yhlaslylyk, zähmetsöýerlik bagtyò ýaranydyr. Zähmet, yhlas gudrat döredýär. Mikelanjelo bilen baglanyºykly bir wakany gürrüò bereýin. Dünýä meºhur ussat bazaryò içinde aýlanyp ýör eken. Ol mermer daºynyò satylýan ýerine barypdyr. Ol ýerde äpet bir harsaò daº ýatan eken. Mikelanjelo daºyò daºyndan aýlanyp, uzak synlapdyr. Ussat satyjydan daºyò bahasyny sorapdyr.

— Wah, geregiò ºu daº bolsa, mura-mugtuna al. Bu daº bir derde ýarar öýdemok. On iki ýyl bäri ýatyr ºu daº ºu ýerde. On iki ýylyò içinde ºu daºa hyrydar bolup, bahasyny soran kiºi bolmady. On iki ýyldan soò bu daºa hyrydar çykan sen bolduò. Derdiòe ýarar öýtseò, baº üstüne, al.

Ussat bu daºy äkidip, bir ýyllap iºleýär. Bir ýylyò içinde ussat heýkeltaraº ol daºdan dünýäde iò ajaýyp heýkel ýasaýar. Heýkelde bibi Merýemiò gujagynda ölüp barýan Isa pygamberiò keºbi döredilipdir.

Ussat iºini tamamlap, bazardaky mermer satýan söwdagäriò ýanyna gidipdir we oòa ºol daºdan nähili heýkel döredendigini görkezmek isleýändigini aýdypdyr.

Satyjy heýkeli görüp, gözlerine ynanmandyr:

— Sen nireden aldyò beýle owadan mermeri?

— Bu seniò maòa mugt beren, on iki ýyllap hyrydar tapylmady diýýän mermeriò.

— ªol tagaºyksyz daºdan ºeýle ajaýyp eser döretmek nädip kelläòe geldi?

— Men bu hakynda oýlanmadym — diýip, Mikelanjelo jogap beripdir. — Mende ºeýle uly heýkel döretmek pikiri öòden bardy. Men bazara baranymda aòymda bir ýagty ºöhle döredi. Men ºol ºöhläniò yzyna düºdüm. Seniò on iki ýyl bäri ýatyr diýen daºyòa gözüm düºdi. Göwnüme bolmasa, meniò döretjek Isa pygamberim ºol daºyò içinde ýalydy, göýä, Isa pygamber: «Men daºyò içinde. Meni halas et!» diýýän ýalydy. Men ýüregimiò emri boýunça hereket etdim. Ýüregimiò aldamandygyna göz ýetirdim. Men senden alan daºymdan gerekmejek bölejikleri aýyrdym we Isa pygamber bilen bibi Merýemi halas etdim.

Men bu wakany ýatlamak bilen, öz ýüregiòi diòlemelidigini, diòlemegi endik edinmelidigini nygtamakçy bolýaryn. Ýüregimiz biziò iò wepaly geòeºdarymyz. Ýürek aldamaýar. Küýsegimize gulluk edip, oòa gulak asyp, gyltyma kowalaºyp, köplenç, öòümizde kynçylyk döredýäris.

* * *

Biz näme diýip ata-babalarymyzyò ýoluny saýlap alyp, ony döwrüò talaplaryna görä kämilleºdirip, halkymyzyò, döwletimiziò mukaddes ýoly diýip yglan etdik?! Sebäbi biziò ata-babalarymyzyò ýoly müòýyllyklarda synagdan geçen mukaddes ýol, türkmen halkynyò edim-gylymlaryna, gylyk-häsiýetlerine, ruhuna, aòyna ºaplaºyp duran ýol!

Ol ýol nämeden ybarat?

Ynançdan, päklikden, ygtybarlylykdan, ynsanperwerlikden, söýgüden, mähirden, doganlyk-dostlukdan, ganybirlikden!

Biziò ata-babalarymyz ynanjy bilen güýçlüdi. Olar serdaryna, kethudalaryna, aksakgallaryna ynanýardylar.

Olar Watanyna, halkyna, ýurduna ynanýardylar.

Olar topragyna ynanýardylar.

Biziò mukaddes topragymyz müdimi hazyna!

Olar ºu topragyò üstünde agzybirligi, parahatlygy, dostluk-doganlygy ygtybarly gorap bilseler, bala-çagalarynyò, oba-iliniò bolelinlikde, doklukda ýaºap biljekdigine ynanýardylar. Olar mukaddes topragy Allanyò ýalkap beren bereket-baýlykdan doly hazynasy hökmünde hormatlaýardylar, keramatdygyna, mukaddesdigine ynanýardylar.

Ata-babalarymyz öz güýjüne, gaýratyna ynanýardylar!

Ata-babalarymyz Asmanda Allatagala, Zeminde Adama ynanýardylar!

Olar gonamçylykda ýatan ata-babalarynyò ruhuna halys ýürekden ynanýardylar.

Ata-babalarymyz durmuº pudaklaryny hazyna hasaplaýardylar.

Ata-babalarymyz ýedi zady — ýedi hazyna hasaplapdyrlar. Türkmeniò iºi, ömri ºol ýedi hazyna bilen berk baglanyºyklydyr.

Eýsem, türkmeniò ýedi hazynasy haýsy zatlar?! Türkmeniò ýedi hazynasy diýip, men ºu aºakdakylara düºünýärin.

Toprak — türkmeniò ýedi hazynasynyò baºydyr.

Biz, meger, dünýä döräp, edilmedik adyllygy etdik. Türkmeniò müòläp gektar ýerini hakyky daýhanlara mugtuna berdik. Toprak zähmet çekýäne, derini dökýäne rehnetini sahylyk bilen eçilýär, bolçulykda, eºretde ýaºadýar. Eker ýaly ýeri bolan daýhan hor bolmaz.

Biziò bereketli topragymyz bar. Bu toprak eken bir dänäòi müò edip, iki müò edip, gaýtaryp berýär. Ýylda iki-üç gezek hasyl alyp bolýan sahy topragymyz bar biziò. Bu jomart toprakda pagtanyò, bugdaýyò, ºalynyò, gök we bakja ekinleriò bolçulygyny döretmesek, topragyò öòünde bizden aýypdyr. Eždatlarymyz mundan bäº müò ýyl öò hem bu toprakdan hasyl alypdyrlar, bugdaý ekipdirler, pagta ýetiºdiripdirler. Bu gün dünýäniò bilermenleri ak bugdaýyò Watany — Änew, türkmen topragy diýip, biragyzdan ykrar etdiler. Häzirki döwürde özleºdiren 2 million gektar ýerimizden bol hasyl alýarys. Gelejekde ekerançylyk ýerlerimizi on esse köpeltmäge küpürsäp ýatan tarp, boz meýdanlarymyz bar.

Ikinji hazyna — gylýalçylyk.

Türkmen mydama bedew atlaryny erkinligiò, azatlygyò, abadançylygyò, durmuºyò, Watanyò Tugy hasaplapdyr. Halkymyz seýisleri keramatly adam hökmünde hormatlapdyr, sylapdyr, söýüpdir. Türkmen patyºalarynyò, soltanlarynyò iò arzyly weziri — mähter bolupdyr. Mähter bütin ýurduò söweºjeò — kazylyk atlaryna, tohum atlaryna, ýylkylaryna jogap beripdir. Türkmenler dünýäde ilkinji bolup ýabany atlary eldekileºdiripdirler, atlary seýislemegi uly mekdebe öwrüp bilipdirler.

Gypjakda ýaºap baºlan günlerim men oba oglanlary bilen kolhozyò athanasyna gidip, atbakara atlary suwa ýakmaga, aýagyny ýazmaga, seýislenýän atlary ýuwuºmaga kömek edýärdim. Men atlar bilen gaty ysnyºdym, çünki, atlaryò gözlerinde ºeýle bir mähir bardy, hatda bedew atyò baºyny sypalap, ýürekden ýylgyrsaò, ºol ýylgyryºyòa dörän mähremligi atyò gözünde görüp bolýardy. Men janly-jandarlaryò içinde atlar hem itler ýaly ýürekdeº jandar bardyr öýdemok.

Men aty çeºmeden suwa ýakmaga gidenimde hut Görogly bolup uçýardym. Bedew at maòa öz rowaýaty ganatyny berýärdi.

Bedew atlar bilen sözleºmän, düºüniºip bolýardy, asyl-ha, dil artykmaçlyk edýärdi. Her gün agºamara iºlerimden dynyp, athana baranymda meniò mydama suwa ýakýan atym horguryp, bolubilenini bolýardy. Meniò ýaly ýarymgöwün oglana ondan uly bagt barmy?! Men adamda görmedik mähir-mylakatymy atlarda görýärdim. Haçan-da «Görogly» ºadessanyny doly okap çykanymdan soò, men Görogla düºündim, men türkmene düºündim.

Ynha, indi bolsa «Görogly» ºadessanynyò diòe Görogly barada däl-de, türkmen aty Gyrat hakyndaky dessandygyna ynanýaryn.

Eziz ýaºlarym!

«Görogly» ºadessanyny öwran-öwran okaò, siz ºonda Görogly ýaly öz ýurduny söýýän gerçek goç ýigit bolup ýetiºersiòiz. Siz türkmen halkynyò beýikligine ºol dessany okap hem göz ýetirip bilersiòiz!

Hossarsyz çagym bedew at meni ganatlandyrdy, «Görogly» ºadessany bolsa, geljegime uly umyt berdi, ynam döretdi.

Biz türkmen taryhynyò iò täze — bäºinji eýýamynyò ruhy oòony diýip, bedew aty ýöne ýere saýlap almadyk. Bu eýýamda, hakykatdan hem biziò ruhumyz bedew atlarymyz deýin owadan hem ýyndam, ruhubelent hem mähriban bolmalydyr.

Üçünji hazyna — halyçylyk.

Türkmende topragyò, bedew atyò mukaddes bolºy ýaly, haly sungaty hem mukaddes sungatdyr. Biziò ençe müò ýyllyk taryhymyz, aòyýetdir ruhyýetimiz, kalbymyzyò gözelligi türkmen halysynda ýatandyr. Türkmen halysy dünýäniò hatyraly köºkleriniò, muzeýleriniò, millionerleriniò kaºaò saraýlarynyò bezegidir.

Türkmen halyçysy mydama abraýly, baý, gurply durmuºda ýaºapdyr. Türkmende halyçy däl maºgala barmy? Üçünji hazyna ýürekden uýup, haly sungatyny keramat derejesine göterip bilen halkymyz ähli zamanlarda baý ýaºapdyr. Çünki, ähli eýýamlarda hem hala ýokary baha kesilipdir.

Dördünji hazyna — maldarçylyk.

Halkymyzda ºeýle bir ynanç bar — ýigrimi ýyllap sürüsini hor etmän, urman-sögmän bakyp bilen çopana Hydyr ata duºarmyº. Ýigrimi ýyllap goýun malyny söýüp, eziz görüp, bakyp bilseò, Hydyr ata duºmasa-da, uly baýlyga duºarsyò, çünki, goýun malynyò yrýa zady ýok. Eti derman. Goýun malynyò ýüòi mydama gymmatlygyny ýitirmeýär, çünki, halkymyz goýnuò ýüòüni halyçylyk, dokma senagaty üçin peýdalanypdyr. Derisinden eýläp, aýakgap tikipdirler. Hullasy, goýnuò çörünem yrýa etmän, mellegine döküp, ekininden bol hasyl alypdyrlar.

Sowet eýýamynda biziò halkymyzy çarwa halk diýip, dünýä ýaýdylar. Sebäbi, çarwa halkyò — mekany-da, haty-sowady-da, toprak bilen baglanyºygy-da bolmaýar. «Patyºa Russiýasy çarwa halky dünýä siwilizasiýasyna goºmaga geldi» diýip, basybalyjylykly syýasaty aklamaga çalºyldy.

Türkmen halky hiç zaman-da çarwa halk bolmandy.

Dünýäniò baº halysyny — türkmen halysyny dünýä sungatyna beren halk, heý, çarwa bolarmy?! Dünýäde ýetmiºden gowrak döwlet guran halk, heý, çarwa bolarmy?!

Türkmen halky mydama gök, miwe, bakja önümlerini örän köp iýipdir. Türkmen halkynyò syrdamlygy, söweºjeòligi, görmegeýligi — onuò gök önümleri gaty köp iýýändiginden gelip çykýar. Süýt, gatyk, çal — onuò arzyly naharlary.

Halkymyz düýe çalynyò, agaranynyò derman iýmitidigine örän ir zamanlardan göz ýetiren halk.

Hekaýat: Lukman Hekim ölüm ýassygynda ýatyrka, aksakgallar:

— Hekim, sen halkyò müò derdine derman tapýan beýik lukmandyò, hekimdiò. Indi biz sensiz nähili ýaºap bileris? — diýipdirler.

Lukman Hekim:

— Düýeden uly hekim bolmaz! Düýe saklaò, çalyny, agaranyny içiò, düýe ýüòünden don, jorap ediniò, kesel ýanyòyza gelmez — diýenmiº.

Türkmen topragynyò suw gyt ýerlerinde, Garagumda düýe malynyò gadyry bir aýry. Düýeler her günde onlarça kilometr ýol geçip, çölüstanyò iò derman ot-çöplerinden iýip, halkymyzyò saglygy üçin zerur bolan süýt-gatyk önümlerini berýär. Düýe malyny saklap, depseò deprenmez baý bolan adamlaryò köplügini kim bilmeýär?!

Düýe gadymdan türkmeniò öz maly.

Namazgadepeden tapylan düýe süòklerinden çen tutup, alymlar Türkmenistanyò çäginde düýäniò baryp alty müò ýyl öò hem bolandygyny, onuò iº maly, ulag hökmünde ulanylandygyny kesgitlediler.

Türkmen Beýik ýüpek ýolunyò agyr menzillerini arwanaly kerwenleri bilen geçipdir.

Türkmen göçüni ineri bilen çekipdir. Öz kuwwatly, gujurly-gaýratly ineri barada türkmen: «Hatarda ner bolsa, ýük ýerde galmaz» diýen pähimi döredipdir.

Türkmen: «Kejebäni çekmäge ak maýa gerek» diýipdir. Üstüne kejebe gurap, gelni tagtda oturdan ýaly düýäniò üstünde getiripdir.

Türkmen düýe malyny — dünýe maly hasaplapdyr.

Lukman Hekimiò düýäniò lukmanlyk orny baradaky sözleri rowaýat däl-de, hakykatdyr. Ol tebipçilik ylmynda düýäniò möhüm ähmiýetini ýüze çykarýar.

Bäºinji hazyna — guºçulyk.

Häzir guºçulyk ýurdumyzda iò çalt ösýän pudaklaryò birine öwrüldi. Her obada müòläp-müòläp towuk, hindi towugyny, ördek-gazy, hatda düýeguºuny hem saklaýanlar köpelip gidip otyr. Käbiri, aòsadyna bakyp emeli usulda jüýje çykarsa, baºga birleri basyryp, jüýje çykarýar, sebäbi basyrmadan çykan jüýjäniò, towugyò eti süýji, ol dürli kesellere durnukly hem bolýar. Hindi towuklaryny goýun sürüsi ýaly uly süri edip, meýdanda bakyp ýörenlerem köp.

On müòläp towuk saklaýan guºçularyò arasynda Ýewropa ýurtlary ýaly häzirki zaman towuk ýataklaryny gurnup, döwrebap kesp edinenlerem bar, özleriçe bakyp, guºlaryny köpeldýänlerem bar.

Altynjy hazyna — kitap.

Türkmeniò bilim hazynasy — baky hazyna. Bu hazynany hiç kim ogurlap bilmeýär. Bu hazyna könelmeýär, möwritini ötürmeýär. Bu hazyna eýesiniò mydama arkadagy, howandary. Bu hazyna eýesini baý hem bagtly edýän egsilmez hazyna.

Türkmen halky bilime, sowatlylyga Oguz han eýýamyndan bäri gaty uly üns berýär. Hut Oguz hanyò özi her bir oguzyò sowatly bolmagy, okamagy ugrunda irginsiz alada edipdir. Ol her bir raýatynyò diòe bir dili däl, ýedi dil bilmegini wagyz-wesýet edipdir. Oguz hanyò: «Bilegi zor birini ýykar, bilimi zor — müòüni» diýen pähimini türkmen bäº müò ýyllap kalbynda apalap saklapdyr, bu pähime uýupdyr. Türkmeniò türkmen bolup galmagynda, asyrlaryò apatlaryndan aman-esen aºmagynda we ýaºamagynda bu nakyl örän uly orun eýeleýär. Oguz hanyò ýola goýan atabeglik mekdeplerinde serkerdelik hem söweº tilsimatlary bilen birlikde dünýäniò köp dilleri öwredilipdir, köp ugurlar boýunça okadylypdyr. Türkmen halky mydama ata-babalarymyzyò wesýetlerine uly ähmiýet beripdir, berlen wesýetler esasynda ýaºapdyrlar. Geçmiºde ýetmiºden gowrak döwlet guran türkmen keseki bir halkyò pähim-parasadyna däl-de, öz içinden dörän akyldarlaryna sygnyp ýaºapdyr. Türkmen yslam dinine hem Magtymgulynyò ºygyrlarynyò üsti bilen akyl ýetiripdir. Garahan türkmenleri Ýusup Balasagunlynyò «Bilimnama», seljuk türkmenleri Nyzamylmülküò «Syýasatnama», salyr türkmenleri ªyh ªeref Hojanyò «Müinal mürit» («Talyplara gollanma»), akgoýunly türkmenler Uzyn Hasanyò «Kanunnama»... kitaplaryny ýaºaýyº kanunlary hökmünde gollanma edinipdirler.

Türkmen bilimiò, kitabyò gadyr-gymmatyny mydama arzylan halk. Magtymguly atamyzyò diwanynyò guba düýä çalºylandygy, Ärsary babanyò (XIII–XIV asyr) ªyh ªeref Hojanyò kitaby üçin kyrk düýe nyýaz berendigi, il-günüò sowatlylygy ugrunda irginsiz aladalanandygy barada rowaýatlar saklanyp galypdyr.

Türkmen halkynyò sowatlylyk ugrunda nähili göreºendigi milli miraslarymyzda saklanyp galypdyr. Edebi miraslarymyz bilen içgin tanyºsaòyz, türkmen halkynyò ruhy äleminiò nähili çuòdugyna, nähili röwºendigine, ruhubelentdigine göz ýetirersiòiz.

Ýedinji hazyna — suw.

Beýik Taòry Älemi ýaratjak bolanda, ilki bir dür ýasaýar. Dürden suw, suwdan Älemi, Ýeri ýaradýar. Taòry ilkinji derýa döredende suw Hudaýyò ýüzüni görüpdir. ªonuò üçin ol mydama: «Hakyò ýüzüni ýene bir görsem» diýip, asman ºekilini bagryna basyp, ºol akar durarmyº. Suwuò keramat saýylandygy «Gorkut ata» kitabynda ºeýle beýan edilýär: «Gazanyò öòünden bir suw çykdy: «Suw Hakyò didaryny görendir, men suw bilen habarlaºaýyn» diýip, oòa ýüzlendi».

Dessanlarymyzda-da suwdan salam ibermek, suwdan ýaryny soramak ýaly ýagdaýlar beýan edilýär.

Suwy keramat saýmak ynanjy il arasynda entegem saklanyp galypdyr. Käbir ýerlerde «Suw almaga bimahal barmaly däl» diýen düºünje bar. Eger barlaýsa-da: «Essalawmaleýkim, suw aga!» diýip, suwa ýüzlenilýär.

Ýagºyò ýagmagy bilen güýçli tozanyò ýatýandygyny görüp, gadymy ata-babalarymyz suwa gara güýjüò öòüni alyp bilýän gudrat hökmünde garapdyrlar.

Tüweleýiò turanyny gören çarwalaryò: «Howul bela, sowul bela!» diýip, tüweleýiò gelýän ugruna suw sepmekleri hem suwa ynanylmagy bilen baglanyºyklydyr.

Halk arasynda: «Ýeliò piri — Mirhaýdar, ýagyº-ýagmyryò piri — Burkut, sygryò piri — Zeòòibaba, ekiniò piri — Babadaýhan, oduò piri — Oraz, düýäniò piri — Weýis baba, demriò piri — Dawut, goýnuò piri — Musa» diýen düºünjeleriò bolmagy hem türkmenleriò dürli ynançlarynyò bolandygyny aòladýar.

Ata-babalarymyzyò Hudaýy zenan ºekilinde göz öòüne getirip, ºoòa sežde eden halatlary-da bolupdyr. Sopuçylyk taglymatynda Hudaýy gözel ýar hökmünde göz öòüne getirmek däbi öz gözbaºyny ºol ynançlardan alyp gaýdypdyr.

Yslam dininden ozal türkmenleriò esasy uýan otparazlyk dininiò pygamberi Zaratustra bahar baýramynda suw diýip Murgap derýasynyò kenaryna baranda ýalkym saçýan zada nazary kaklyºypdyr. Oòa Wahu-Mahan (Ýagºy niýet) diýipdir. ªeýlelikde, ot ýagºy niýetiò nyºany hasaplanypdyr. ªol gün Nowruz güni hasaplanýar.

ªol döwürlerde adamlar gökde Güne, ýerde Günüò bir bölegi hökmünde oda çokunypdyrlar. Ýyldyrym çakanda Hudaý gaharlanýandyr öýdüpdirler. ªeýdip, Güne salam bermek, Aýy ýüzüòe sylmak, gelin gelende, baýramçylyklarda ºaman oduny ýakmak, aýry-aýry aýlarda tütün çykarmak, otdan towusmak, näsagyò daºyndan ot aýlamak, ºamanyò dem salan suwundan içmek, suwy Taòry, gudrat hasaplamak ýaly ynançlar türkmenleriò däp-dessuryna siòipdir, yrymlaryna giripdir. Tüýtätin, Gaýtarmyº ata, gökde ýagyº ýagdyrmak üçin sanajyn kakýan Garry mama baradaky suw, ýagmyr bilen baglanyºykly ynançlar otparazçylyk eýýamynda dörän ynançlardyr. Magtymgulynyò «Ýagmyr ýagdyr, Soltanym!» diýen goºgusy hem otparazçylyk eýýamyndaky Göktaòrydan ýagyº ýagdyrmagyny haýyº edilip ýerine ýetirilýän ýörite dessur-tansdan täsirlenmedir.

Eziz ýaºlar!

Halkymyzyò bu ýedi hazynasy onuò ruhy dünýäsini açýan, düºnükli edýän gymmatlyklardyr. Halkymyz ºu hazynalara gatnaºygy, ºeýle hem içki dünýäsi boýunça özge halklardan tapawutlanýar. Elbetde, her bir halkyò öz milli aýratynlyklary, milli gymmatlyklary bolýar. Öz milliligini saklamagy baºarýan, oòa hormat-gadyr goýýan halk mydama agzybirlikde, sylaºyklylykda ýaºaýandyr. Biz ata-babalarymyzyò kämilleºdirip bize ýetiren milli gymmatlyklaryna örän aýawly, paýhasly çemeleºmelidiris we edil ata-babalarymyzyò ediºi deýin öz perzentlerimize geçirmelidiris.

* * *

Halkymyz gözleýär, agtarýar, tapýar. Nädip uly baý bolmaly? Nädip kuwwatly hojalyk bolmaly? Gözlän adam tapýar. Her kimiò gapysynda ençe sygyr, düýe, ýylky bar. Her kimiò gapysynda, hiç bolmanda, özüniò iýjek towugy, hindi towugy, towºany bar.

Daýhanlar, maldarlar ähli salgytlardan azat. Daýhan banklary telekeçilik iºleri bilen meºgullanýanlara, ýer eýelerine, maldarlara karz puly elýeterli edip berip dur. Baýamak üçin baºga näme gerek?!

Diòe sowet döwrüniò aò-düºünjesinden saplanmaly. Döwletiò içindäki her bir maºgala, her bir hojalyk kiçijik döwlet. Her döwletiò ýolbaºçysy nädeninde öz maºgalasyny gurply edip biljekdigi barada oýlanmaly, agtarmaly, gözlemeli.

Ýokardan görkezmä garaºmaly däl.

Käbir adam çagalykdan baºlap iºe werziº, islendik iºi, ozal görüp goýan ýaly, ökde bolýar. Beýle adamlar dogabitdi üºükli, zehinli adamlar.

Umuman, islendik adama iºjeòlik mahsus, sebäbi adamzadyò million ýyl ömründe, geçen durmuºynda ony gara zähmet taplapdyr.

Sowet ýaºaýyº ulgamynda ähli zat döwletiòki boldy. Edýän iºiòe, yhlasyòa görä hak tölenmän, ortaça ölmezödi hak tölenildi. Suw getiren bilen küýze döweniò parhyna bakylmady. Iºleseòem, ºol bir gaty aýlyk, bardym eºek-geldim eºek, iºlemeseòem, ºol bir gaty aýlyk berildi. Netijede, halk iºden çykdy. Ol ºeýle bolaýmalydy, sebäbi edýän iºiò miwesini baºgalar iýse, ol iº öz manysyny ýitirýär. Altmyºynjy ýyllara deòiç kolhozçylara hak tölenilmän, zähmet güni ýazyldy. Ýylyò aýagynda bolsa zähmet gününe ölmezödi iýjek gallaò berildi. Altmyºynjy ýyllardan soòam eýdip-beýdip kolhoz edarasyndan bolgusyzja-da bolsa wezipejik eýelän adam kolhozçydan has köp aýlyk aldy. Iºlemeýän, iºlemejek ýeser adamlar iºleýänden köp gazanyp, gowy ýaºady. ªeýlelikde, adamlar iºden sowady. Ýerler sandan çykdy!

Melleginde öndüren önümiòi satmak hem hyllalla boldy. Peýdakeº diýip at berlip, olara gyýa göz bilen garaldy.

Sagat ýaºamak üçin, ganyò sagdyn aýlanyp durmagy derkar. Ganyò sagdyn aýlanyp durmagy üçin iº zerur. Zähmet çekmek zerur!

* * *

Eziz watandaºlarym!

Men ähli tarapdan ölçerip-döküp, Türkmenistanyò ähli ýeri — dagy-düzi, çöli-sährasy önümçilik üçin ýaramly ýerler, biziò röwºen geljegimiz bar diýip ynam, buýsanç bilen aýdýaryn. Biz Garaºsyzlygyò sanalgy ýylynyò içinde ýerimiziò, suwumyzyò, çölümiziò, dagymyzyò gadyryny bilip, onuò ähli ýerini eºrepi ýaly görüp, bir zada göz ýetirdik: Türkmenistanyò daglarynyò ähli ýerinde diýen ýaly agaç ekmek mümkin. Biziò dagystanlyklarymyz ýakyn gelejekde hoz, arça, kerkaw, çynar, böwürslen tokaýlyklaryna öwrüler. Biz onuò baýyrlaryndan tokaýlaºdyryp baºladyk, ýene kyrk-elli ýyldan Köpetdagam, Köýtendagam, Balkan daglaram tokaýly daglar bolar.

Türkmenistanyò daglarynyò eòòitleri bolan baýyrlar, Hanhowuz, Gülüstan, ªasenem düzlükleri, Kesearkajyò baýyrlyklary miweli-miwesiz tokaýlyklara öwrüler. Dehistan subtropiki tokaýlyklara bürener.

Aýböwürden baºlanýan uç-gyraksyz ümmülmez Üstýurt tekizligi bolçulygyò, rysgal-döwletiò saçagyna öwrüler.

Türkmenistanyò segsen göterimine golaýy çölüstan hasaplanýar. Dogry, çölüstan. Emma ol näme diýip çölüstan?

ªu mahala çenli ýerimiziò bollugy üçin ol ýerler çölüstan!

Häzir Murgap hem Amyderýanyò boýlarynda, ýeriò gytçylyk edýän etraplarynda çägeli düzlükden ýer açýarys. Ol ýerler aòyrsy on ýylyò içinde mes toprakly meýdana öwrülýär. Sür, dökünini ber, hasylyòy al!

Türkmenistanda çölüstan ýok! Türkmenistanyò çölüstany entek adamyò eli degip, gyzyl güle öwrülmeli ekinzarlyklar.

Meniò bu pikirlerime siz dessine: «Arman, suw ýok!» diýersiòiz! Bu pikir diòe siziò pikiriòiz däl, halkymyzyò pikiri, halkymyzyò öòüne düºýän käbir ýolbaºçylaryò pikiri.

Has dogrusy — bu pikir düýnüò, geçmiºiò pikiri.

Geçmiºiò pikirine daýanyp, gelejege gidip bolmaýar.

Türkmenistanda suw köp, gaty köp!

Heý, Allatagala-da ýer berip, suwuny kem edermi? Dogry, Ýewropadaky ýaly üstümizden guýup duranok, derýalarymyz sansyz däl. Ýedi sany derýamyz bar. Eýsem, bir döwlete ýedi derýa azmy? Suw, elbetde, altyn. Altyndan altyn ýasap bilmeseò, günäkäri uzakdan gözleme.

Türkmenistanyò tas ähli ýerini diýen ýaly ekinzarlyga öwürmäge biziò suwumyz hem, baýlygymyz hem, zähmetsöýer halkymyz hem bar.

* * *

Sowet ulgamynyò, gurluºynyò, edara ediºiniò, aòyýetiniò ýalòyº bolºy ýaly, biziò tebigata, topraga bolan garaýºymyz hem ýalòyºdy. Bary-ýogy ýetmiº ýylda topraga zorluk edip, Türkmenistanyò ümmülmez düzlüklerini, ýerlerini hatardan çykardyk. Az berip, köp aljak bolup, topragy harladyk. Diòe biziò topragymyz däl, tutuº Merkezi Aziýanyò ekin meýdanlary, ekilmedik meýdanlary zeýe aldyryldy. Indi ol ýerleri ýer etmekde iº bar! Emma geçmiºde ºeýdildi diýip, geçmiºe gargap otursak, arzyly pursatlary hem ýitireris. Türkmen topragyny halas etmeli!

Türkmen topragyny halas etmeli, emma nädip?

Men bu tutumly iº barada köp oýlandym:

çykalga — Türkmen köli!

Men gijeler Türkmenistanyò kartasynyò üstünde iºläp, pikirler ummanynda gark bolup, Türkmen kölüniò taslamasyny taýynladym. Hünärmenler, alymlar, döwlet ýolbaºçylary, ýere ýakyn ýer eýeleri bilen gürrüòdeº boldum. Olar meniò pikirimi dogry tapdylar.

Türkmen köli — Türkmenistanyò iò uly gurluºygy bolman, Asyryò, Dünýäniò iò uly Gurluºygydyr! Türkmen Köli diòe Türkmenistanyò zaýalanan ýerleriniò däl, Merkezi Aziýanyò zaýalanan ýerleriniò halas edilmesidir.

Türkmen köli dünýä tebigatynyò halas bolmagydyr!

Häzir Türkmen kölüniò gurluºygy güýçli depginler bilen alnyp barylýar.

Türkmen köli diýmek — ini segsen, boýy ýüz ýigrimi kilometr bolan, türkmen gudraty bilen emele gelen täze deòiz diýmekdir!

Türkmen köli diýmek — on müòlerçe kilometr derýa ýaly, ýüz müòlerçe kilometr nobur ýaly, million kilometr ýap ýaly zeýkeºler diýmekdir!

Türkmen köli — gurluºygy amala aºyrylandan soò on müò kilometr derýa, ýüz müò kilometr kiçi derýasy bar diýmekdir. ªeýlelikde, türkmen topragynyò endam-jany ýaºaýºy halas edýän gan damarlary bilen örtüler. Häzir gyssaga düºende Marynyò, Lebabyò, Daºogzuò ir zaman çekilen zeýkeºleriniò suwy bilen ekini hem suwaryp bolýar. Diýmek, million kilometr zeýkeºler diòe topragy arassalaman, geçen ýolunda süzülip-süzülip suwuny hem arassalaýar.

Türkmen köli diýmek — Türkmenistanda ikinji Amyderýanyò döremegi diýmekdir. Dogry, suwy ºor! Emma suw bolsa, ony süýji suwa öwürmek ºu gün üçin çylºyrymly mesele däl. Türkmen kölüniò daº-töwereginde islendik ýerinden gaz guýusyny gazyp, alyp bolýar.

Ýakyn gelejekde Türkmen kölüniò süýjedilen suwy bilen Balkan deresiniò gözýetmez düzlüklerinde, Dehistanyò subtropiki ýerlerinde, Üstýurduò ümmülmez giòiºliklerinde ýaºaýºyò pajarlap ösmegini üpjün ederis.

Million kilometr zeýkeºler Daºogzuò gazaply gyºynyò, türkmeniò yssy tomsunyò ýumºamagyna oòaýly täsir eder.

* * *

Türkmen halkynyò käriz gazyp, ekin meýdanlaryny suwlulandyryp baºlanyndan bäri müòlerçe ýyl geçipdir. Sekiz müò ýyl taryhy bolan Jeýtun ekerançylygyny ilkinji türkmen ekerançylygynyò gözbaºy hasaplap bolar. Jeýtunda suw nagymlarynyò peýdalanylandygyna taryhy çeºmeler ºaýatlyk edýär.

Emma geçen ýetmiº-segsen ýylda kärizleriò ykbaly keç boldy. Kärizlere geçmiºiò köroòòudy hökmünde garaldy. Ýeri burawlap, skwažinalaryò kömegi bilen suw alyp baºlan pursatymyzdan kärizler ýok edilip ugraldy. Emma bäº ýyl, on ýyldan skwažinalaryò suwy ºorlaýar, duzlulyk artýar. Açgözlük bilen has köp suw aljak bolup, negözel çeºmeleri hem guratdyk, kärizleriò ulanyºdan galyp, gözleriniò baglanmagyna sebäp bolduk.

Men aýdýaryn: kärizler geçmiº däldir, kärizler gelejekdir!

Ýaºuly adamlar Kesearkaçda, Etekde, Arçman sebitlerinde müòlerçe kärizleriò bolandygyny aýdýarlar. Hany ol kärizler? Olardan barmak büküp sanaýmalysy galdy. Sebäbi näme?

Sebäbi sowet eýýamynda tebigaty ýeòip, tebigatdan zor bilen almak kadady.

Käriz nämä gerekmiº, haçan-da bir brigada bir aýyò içinde zogdurylyp duran suwly skwažinany ulanmaga berýärkä?

Skwažina gurlup, ýer astyndaky suwlar nasoslar arkaly alnanda tebigatyò garºysyna gidilýär. Kärizler arkaly suw alnanda bolsa, tebigy sazlaºyk bar.

Biz suwuò her damjasyny göwher damjasy ýaly görýäris. Häzir biziò ekýän ýerlerimiz üçin suwumyz ýeterlik bar. Emma ýakyn gelejekde biz has köp ýer ekip, has köp baýlyk almagy öwreneris.

Mäne-Çäçe düzlüginden Balkana çenli dagly-baýyrly ýerlerde kärizleri gazmak döwletimiz üçin ullakan iº däl. Bol suwly kärizleriò akyp durmagy Türkmenistanda ýene bir Amyderýanyò döremegi dälmidir?

Kärizler gelejegiò iºidir. Eýran döwleti kärizler arkaly öz ýerini gülzarlyga öwrüp otyrmanmy?! Biz hem ýakyn döwürden baºlap, kärizleriò giò ulgamyny dörederis. Türkmen halky hiç haçan suwsuzlygyò, gurakçylygyò ejirini çekmez!

Taryhçylar gadym-gadym zamanlarda suwaryº ulgamlarynyò türkmen topragynda döräp, dünýä ýaýrandygyny adalatly ýazýarlar. Türkmenistan gadym-gadym zamanlardan baºlap, ekerançylygyò watany hasaplanýar. Çarwadarçylykdan oturymly çomruçylyga geçilmegi bolsa, adamzat ösüºiniò iò belent basgançaklarynyò biridir.

Ata-babalarymyz mundan alty, ýedi müò ýyl ozal ýap çekip, nobur gazyp, ekin meýdanlaryna suw çekipdirler. Çeºme-çaý suwlaryny ýaplar arkaly ekin meýdanlaryna eltipdirler. Murgap, Tejen we beýleki derýalara bent gurup, suwy göterip, ekin meýdanlaryny nasossyz suwarmagyò hötdesinden gelipdirler. ªonuò üçinem, Türkmenistanyò niresine seretseò, gadymy noburlaryò, ýaplaryò yzy eriº-argaç bolup ýatyr.

Häzir hem adamzat ýedi müò ýyl ozalkysy ýaly ýap çekýär, nobur gazýar, ºeýdip hem ekin meýdanyny suwarýar. Häzir Türkmenistandaky ululy-kiçili ýaplaryò uzynlygy million kilometre barabar bardyr. Million kilometr ýaby gazmaly, her ýylda gazy geçirmeli, her ýylda gögerip çykýan suw çöplerinden arassalamaly. Ýaplara çekilýän zähmet ýere edilýän zähmetden köp bolmasa, az däldir.

Häzir iki million gektar ýeri suwarmak üçin örän uly-uly ýaplary gazmaly bolýarys. Olary gazýan ýörite maºynlar ýok, ekskawatorlar bilen gazmaly. Ekskawator bolsa endigan, tekiz gazmaýar. Netijede, suwuò üçden biri ekin ýerine ýetmän yrýa bolýar. Ululy-kiçili ýaplar haºal otlaryò ösýän-öròeýän hem tohumyny ýaýradýan ýerine öwrülýär.

Bir söz bilen jemläp aýdanymyzda, hasyl almak üçin edýän tagallamyzyò ýaryny biz suw üçin sarp etmeli bolýarys.

Ýakyn gelejekde, Türkmenistan üzümçiligiò Watany bolup, üzümçilik diòe turbalar arkaly damjalaýyn usulda suwarylar.

Ýakyn gelejekde, Türkmenistanda million gektar bagzarlyklar döräp, bagbanlar bagyny turbalar arkaly damjalaýyn usulda suwarar.

Ýakyn gelejekde, Garagum çölüniò içinden eriº-argaç turbalar geçip, Garagum çöli saýaly hem miweli agaçlaryò tokaýyna öwrüler!

Ýakyn gelejekde, Meºedi-Missirian hem-de Dehistan düzlüklerinde hoz, pisse, nar, turunç, narynç tokaýlyklary dörär, olar hem damjalaýyn usulda suwarylar. Dehistanda, Meºedi-Missirianda kofe hem çaý ekinleri ekiler.

Uç-gyraksyz Üstýurt «ak altynyò», ak bugdaýyò mesgenine öwrüler!

Häzir hyýal hem bolsa, ýakyn ýyllarda bu iºleri durmuºa geçirip baºlarys.

* * *

Türkmen her bir zadyny sungat derejesine ýetirmegi baºarypdyr. Türkmen halky guýulary, kärizleri gazmak iºini sungat derejesine ýetiripdir.

Türkmen ömürboýy suwa teºne bolup gelipdir. Biziò topragymyzyò köp bölegini Garagum çöli tutýar. Türkmenleri ekläp-saklap, penalap gelen çölümizde suw damjasy altyn dänesi ýaly görlüpdir. ªonuò üçin suwy — zer, suwçyny — zergär hasaplapdyrlar.

Guýy gazmak hünäri gadymy döwürden bäri iò hormatly kär hasaplanyp gelýär. Guýy ussasy halkyò iò hormatly adamy bolupdyr.

Guýular birnäçe görnüºli bolýar: kak suwy ýygnanýan, takyrlardan gazylan guýa çyrla diýilýär. Olaryò süýji suwy bolýar. Ürgün çägeli gollardan hem guýy gazýarlar. Olaryò suwy ýogynrak bolup, köplenç, mal ýakmak üçin ulanylýar.

ªykgy toýunly, gaty ýerden hem guýy gazylýar. Ýöne beýle guýulary gazmak iòòän kyn bolupdyr. Gaty ýerden gazylan guýa çöwlük hem edilmeýär. ªol hili guýulara suw toýun diwardan damjalap syrygyp ýygnanýar. Olara dam-dam guýular diýilýär.

Gumlular guýulary aýap, gorap saklaýarlar. Wagtal-wagtal arassalaýarlar. Sebäbi gumlularyò suw üpjünçiligi, esasan, ºol guýulara bagly. Garagumda üç ýüz metr çuòluga ýetýän guýular hem bar. Olar dünýädäki iò çuò guýulardyr.

* * *

Guýular gumlular üçin ýaºaýyº çeºmesi bolsa, dag eteklerinde ýaºan ata-babalarymyz üçin kärizleriò ähmiýeti uly bolupdyr. Käriz ussalaryna kärizgenler diýilýär. Olaryò bu kyn, çylºyrymly hünäri gözbaºyny gadymlardan alyp gaýdýar. Dag etek obalarda, ºäherlerde miladydan öòki I müòýyllykda-da kärizler ulanylypdyr.

Käriz ýerasty süýji suwlary toplap, ony ýeriò ýüzüne çykarmak üçin gazylýan ýerasty suw desgasydyr. Olar birnäçe suw toplaýjy guýulardan we olary birleºdirýän ýerasty ýaplardan ybarat. Guýularyò çuòlugy ikiden bäº metre çenli, ini bir metr, her guýynyò aralygy ýigrimiden kyrk metre çenli bolupdyr. Ýerasty ýaplaryò uzynlygy birnäçe kilometre ýetipdir. Her ýüz metr aralykda käriz suwy on-on bäº santimetr ýapgytda ýerleºip, käriziò aýagyna çenli altmyº-ýetmiº metre çenli ýokary galypdyr. Guýular hem, ötükler hem ýykylmaz ýaly, diwarlary agaç, biºen kerpiç bilen berkidilipdir.

Kärizgenleriò sungaty nesilden nesle geçip gelipdir. Kärizlere, köplenç, ony guran ussanyò ýa-da gurduran adamyò ady dakylypdyr. Köpetdagyò eteginde ululy-kiçili 175 sany käriz bolupdyr.

Türkmen topragynda gadymy döwürlerde oturymly ýerlerde emeli suwaryº desgalarynyò bolandygyny hem arheologik tapyndylar ýüze çykardy.

ªeýlelikde, guýular, kärizler emeli suwaryº desgalary bilen utgaºyklylykda, halkymyzy suw bilen üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe bolupdyr. Hut ºonuò üçin, bu ýerasty desgalary bina etmäge halkymyz öz zehinini bagyº edipdir. Zehin bilen el hünäri utgaºanda bolsa, ajaýyp sungat emele gelýär.

* * *

Eziz ýaºlar!

Külalçylyk türkmeniò gadymy medeniýetinde gülläp ösen senetdir. Ýöne orta asyrlardan baºlap, külalçylyk pese gaçyp baºlaýar.

Külalçylyk — küýzegärçilik senedi irki döwürlerde ýurduò günortasyndaky ºäherlerde has giòden ýaýrapdyr. Dehistanda, ªähryslamda, Nusaýda, Merwde, Sarahsda ºykgy palçykdan kürelerde biºirip, gap-gaç ýasamak esasy hünärleriò biri bolupdyr. ªol gap-gaçlar her dürli ºekiller we nagyºlar bilen bezelipdir. ªekillerde biziò ata-babalarymyzyò gündelik durmuºy, ýaºaýºy beýan edilipdir.

VIII–IX asyrlarda küýzegärçilik önümlerini ýasamak sungaty has kämilleºdirilipdir. Misserian, ªähryslam, Durun, Nusaý, Abiwerd ºäherlerinde otuz-kyrk litrlik uly göwrümli humlar, galla saklanýan syrçaly humlar, beýleki azyk önümlerini saklamak üçin golçalar, kersenler, suw küýzeleri ýasalypdyr. Gap-gaçlary owadan syrçalar bilen bezäp, araplaryò has irki «kufi» hatynda ýazgylar ýazypdyrlar. Ýazgylar: «Bereketli bolsun!», «ªu gapda nahar iýeniò iýen tagamy inine siòsin!», «ªu gabyò eýesi uzak ýaºasyn!» ýaly hoºniýetli arzuwlardan ybarat eken.

* * *

Türkmen topragynyò ähli ýerinde adamzat ýaºaýºynyò irki ojaklary bar. ªol ojaklarda-da binaçylyk iºleriniò deslapky nusgalarynyò saklanyp galandygyny arheologlar ýüze çykardylar. Bu toprakda binaçylygyò baºlangyjy öz gözbaºyny miladydan öòki 7–6-njy müòýyllyklaryò sepgidinden — Jeýtundan alyp gaýdýar.

Göksüýri, Garadepe, Namazgadepe, Änew we Ýaòykent gadymky ºäherleriò galyndylarydyr. Bu ýerlerde eýýäm kämilleºen ýaºaýyº jaýlary, hatda köºkler hem bolupdyr.

Miladydan öòki III–II müòýyllyklarda türkmen topragynyò ähli ýerinde ºäherler ösüp baºlaýar. Dehistan, Nusaý, Gürgenç, Margiana ýaly dünýä meºhur ºäherleriò düýbi ezeli döwürde tutulypdyr.

Orta asyryò binagärlik ýadygärlikleri köp ýerlerde saklanyp galypdyr. Olara Sarahsdaky Abul-Fazlyò, Atamyrat etrabyndaky Astanababanyò, Mäne obasynyò ýanyndaky Abu-Seýit Mehneýiniò kümmetleri, Daýahatyn kerwensaraýy, Dehistanyò minaralary, metjitleri we beýlekiler degiºlidir.

Ajaýyp binagärlik ýadygärliklerine baý bolan «Horasan ºäherleriniò enesi» diýlip atlandyrylan gadymy Merw birnäçe galany özüne birleºdirýän ºäher bolupdyr. Margiana gelip gören jahankeºde Strabon bu ºäheriò daºynda iki ýüz elli kilometre ýetýän halkalaýyn diwaryò bolandygyny ýazypdyr.

Maryda gurlan köºkleriò köpüsiniò iki gatdan ybarat bolmagy türkmen binaçylarynyò gadym döwürlerde-de ymarat dikeltmäge ussat bolandyklaryny aòladýar. Her köºk, her jaý özboluºly nagyºlar bilen sünnälenip bezelipdir. Gönüburçly aýlawly, ýokarsy çürelip gidýän derweze görnüºleri jaýlara milli öwüºgin beripdir. Jaýlaryò gümmezleri syrçalanan kerpiçler bilen örtülipdir. Jaýlaryò bular ýaly binaçylyk ºekilleri beýleki ºäherlerde, obalarda gurlan binalar üçin hem häsiýetli bolupdyr.

Marydaky Soltan Sanjaryò kümmedi türkmen binaçylarynyò ºöhrat-ºanydyr. Ol ºeýle bir berk gurlupdyr, hatda ony Çingiz hanyò leºgerleri hem syndyryp bilmändir.

Arap jahankeºdesi Ýakut ibn Hamawi bu kümmediò gümmeziniò bir günlük ýoldan görünýändigini ýazypdyr. Orta asyr ulamasy Reºideddin oòa: «Dünýäde iò uly bina» diýipdir.

Bu binanyò mygmary sarahsly meºhur binaçy ussa Muhammet ibn Atsyzdyr. Binýady dört metr çuòlukdan tutulan otuz sekiz metr beýikligi bolan bu kümmet dörtburçly biºen kerpiçden salnypdyr. Ymaratyò özboluºly binagärlik keºbi, diwarlara salnan nagyºlar türkmen ussalarynyò öçmejek ºöhratydyr.

Merwiò beýleki gözel ýadygärlikleri bolan Gyzbibi kümmedi, Muhammet ibn Zeýdiò aramgähi, Hoja Ýusup Hamedanynyò metjidi — bularyò bary türkmen binagärçilik sungatynyò milli ýörelgeleriniò aýdyò yzlarydyr.

Köneürgenç ºäherinde bina edilen ymaratlar hem halkymyzyò milli binaçylyk ýolunda galan asyl nusgalardyr. Bu ýerdäki Il-Arslanyò, Tekeºiò, Nejmeddin Kubranyò, Soltan Alynyò, Törebeg hanymyò, Pirýar Weliniò kümmetleri, Gutly Temiriò minarasy we beýleki ymaratlar biri-birini gaýtalamaýan täsin görnüºleri bilen akylyòy haýran edýär.

Gutly Temiriò minarasy diòe bir Köneürgençde ýa-da türkmen topragynda saklanyp galan ymaratlaryò arasynda däl, eýsem, tutuº Merkezi Aziýada iò beýik binalaryò biridir. Baºda segsen metre golaý bolan bu minaranyò beýikligi häzir altmyº dört metre ýetýär. Onuò baºyndaky gümmezini Çingiz hanyò basybalyjy leºgerleri ýykypdyr. Bu minara barada ºeýle rowaýat aýdýarlar:

Minarany gurdurýan hökümdar baºga hiç ýerde ºeýle beýik binanyò gurulmazlygy üçin, gurluºyk gutaransoò onuò ussasyny öldürmek kararyna gelenmiº. Hökümdaryò bu piriminden habarly bolup, ussa baºyny halas etmegiò gamyny iýip baºlapdyr. Hem minarany beýgeldipdir, hem özüne gamyºdan, deriden ganat ýasanyp ugrapdyr. Iºini boldum edip, ol özüniò ýasan ºol ganaty bilen minaranyò baºyndan uçup gidipmiº.

Ussalaryò, senetkär adamlaryò hünäri bilen özleriniò baºyny gutaryºlary barada halk arasynda rowaýat köp.

Ýaºlar üçin ähmiýetli hasaplaýandygym üçin, Törebeg hanymyò aramgähiniò döreýºi hakdaky rowaýaty hem gürrüò bereýin.

Rowaýat: atasy ýogalandan soò, ýalòyz gyzy Törebeg hanym tagta çykýar. Törebeg hanym owadan hem tekepbir gyz eken. Köp ýerlerden sawçylar gelipdir, ýöne Törebeg hanymyò hiç bir ýigide, ºazada göwni ýetmändir. Onuò owadanlygy hakdaky gürrüòler men-men diýen ýigitleri heýjana salypdyr. Elinden dür dökülýän bir ussa ýigit Törebeg hanyma aºyk bolupdyr. Ol Törebeg hanymyò gözelligini wasp edip, özüniò aºyklygyny, ýanyp-köýýändigini beýan edip, ençeme goºgy-gazal döredipdir. Seýit atly ol aºyk ýigidiò goºgy-gazallary Törebeg hanymyò hoºuna gelipdir. Ýöne tekepbir gyz syr bermändir. Törebeg hanym Seýitden näme hünäriniò bardygyny sorapdyr. Seýit özüniò ussadygyny, ajaýyp-ajaýyp binalary gurýandygyny aýdypdyr. Törebeg hanym Seýide söýgüsiniò nyºany hökmünde ºäherde owadan bir ymarat gurmagy tabºyrypdyr. Soòundanam, eger ymarata göwni ýetse, oòa durmuºa çykmaga razy boljakdygyny, eger-de ymaraty halamasa, onda ony öldürjekdigini aýdypdyr. Seýit ºerte razy bolup, ymarat gurmaga giriºipdir. Seýit sünnäläp-sünnäläp, entek bu jelegaýlarda görülmedik ajaýyp bir ymarat gurupdyr. Görenler ymaratyò owadanlygyna haýran galypdyrlar. Sähel wagtyò içinde bu owadan ymaratyò at-owazasy jümle-jahana ýaýrapdyr. Törebeg hanym kenizekleri, wezir-wekilleri bilen ymaraty görmäge barypdyr. Ymarat ºa gyzyò göwnünden turupdyr. ªonuò üçinem, bu ymaraty özüne köºk edinipdir. ªa gyz:

— Sen ºundan owadan edibem gurup bilermiò? — diýip sorapdyr.

— Gur diýseò, guraryn — diýip, Seýit jogap beripdir.

— Meniò üçin ýörite aramgäh gur. Meniò üçin guran aramgähiò göwnümden tursa, men saòa durmuºa çykaryn.

Ussa ýigit Törebeg hanymyò sözlerine ganatlanyp, gurluºyga baºlapdyr. Seýit yhlasyny, baºarnygyny, söýgüsini aramgähe siòdiripdir. Netijede hem ýene bir ajaýyp ymarat bina bolupdyr. Törebeg hanym bir sähetli gün ýene öz kenizlerini, wezir-wekillerini yzyna düºürip, aramgähe syn etmäge barypdyr. Ymarat öòküdenem ajaýyp bolupdyr. Görenler haýrana galyp, ussa ýigidiò waspyny ýetirip, kän-kän alkyºlar aýdypdyrlar. Törebeg hanym hem aramgähi halapdyr. Ol ussany ýanyna çagyryp, ºeýle diýipdir.

— Gowy ymarat gurupsyò. Sözüm ýok, seniò eliò hünärine göwnüm ýetdi. Ýöne sen indi maòa öz söýgiòi hem subut edip görkez!

— Söýgimi görkezmek üçin men näme etmeli?

— Guran ºu ymaratyò depesinden özüòi aºak okla!

Törebeg hanymyò bu sözüne onuò ýanynda duranlar haýygypdyr. Duranlar ýerli-ýerden: «Hanym, munyòyz gabahat bolýar. Heý-de, beýle ýowuzlyk bolarmy? Oòa haýpyòyz gelsin! Durmuºa çykmak islemeseòiz, goý, ol öz ýoluna gitsin!» diýipdirler. ªa gyz gözlerini alardyp, ýanyndakylara bir seredipdir welin, ähli kiºi hyrçyny diºläp, baºyny aºak salypdyr.

Aºyk ýigit gulagynyò eºidýän sözlerine ynanmaýan ýaly, ºa gyza çiòerilip-çiòerilip seredipdir. Gulagynyò eºidýän sözlerine onuò teý ynanasy gelmändir. Syrly ýylgyryº, näz-keriºme bilen gyz ýigide aramgähiò depesini görkezipdir, näzik gollary bilen ussanyò ýokaryk çykmaly ýerini görkezýär.

Ussa ýigit yza ºa gyza bakypdyr. Gyzyò ýylgyryp, bakyp durmagy ýigidiò ýüregini elendiripdir. Owadan gözler, näzik beden ussa ýigidiò söýgüsini hasam möwjedipdir. Wysala gowuºmak üçin ähli süteme kaýyl aºyk ölüm hakda birjik-de pikir etmän, söýýän ýarynyò islegini bitirmek niýeti bilen ýokaryk çykmaga baºlapdyr.

Ine, binaò depesi. Hana, aºakda Seýidiò gijeler ýatman küýsän gözel gyzy, özem ºa gyz özüne seredip dur.

Söýgüsine gowuºmak islän ýigit özüni aºak oklapdyr.

Çalajan ýigidi öýlerine äkidipdirler. Ýöne abat süòki, synasy galmadyk ýigit jan beräýmändir. Ol söýýän gyzynyò iò soòky ºertini hem bitirdi ahyryn. Seýit intizarlyk bilen gyza garaºypdyr. ªäheriò kethudalary jemleniºip, Törebeg hanymyò ýanyna barypdyrlar: «Sen ol ýigide özüòi bagyº edýändigiòi aýtmasaò, o görgüli hiç wagtam bu dünýäden gidip bilmez, ejir çeker ýatar» diýip, kethudalar ºa gyza töwella edipdirler. ªa gyz bu töwellany her näçe ýokuº görse-de, kabul edipdir, ussa ýigidiò ýanyna baryp, birki oýnam hoº söz aýdypdyr, durmuºa çykmaga razylyk beripdir. Aºyk ussa Törebeg hanymyò hoº sözlerine rahatlanypdyr, ejirli ýüzüne röwºen çaýylypdyr. Soòam jan beripdir.

Men Ruhnamanyò birinji kitabynda-da ýörite nygtapdym. Her kim durmuºda öz taýyny gözlemeli, tapmaly. Öz deòiòi tapman, ula ymtylsaò, soòunyò nähili betbagtlyklara eltýändigini ata-babalarymyz rowaýata öwrüp, bize ýetirdiler.

* * *

Mähriban oglum! Eziz gyzym!

Durmuºdan gerekli zadyòy aljak bolsaò, özüò durmuºa gerekli bol! Almagyò pikirini etmezden ozal, bermegiò hötdesinden gel, ºonda zeruryò özi üstüòe gelýändir.

Özüò özüòi zähmetiò arkaly döret!

Emgege dözümli bol!

Özüò özüòi nähili kybapda kemala getirseò, ºol kybapdaky adam bolarsyò!

Özüòi ilki pikiriòde, soò iºiòde kemala getir!

ªu günüò iºini ertä goýmak — ºu günüò zähmetiniò lezzetinden we miwesinden özüòi mahrum etmekdir. Galan naharyò tagamynyò baºdaky tagamyça bolmaýandygyny sen bilýärsiò ahyryn! Rehnetiò özi gelýän däldir, kynçylygyò özi gidýän däldir!

Iºläòde iºle gul ýaly, ýaºaòda ýaºa beg ýaly!

Ýaºaýyº — hereketdir, ýaºajak bolsaò, mydama hereketde bol! Eliò, aòyò hem ýüregiò dek durmasyn!

Zähmetde gaýduwsyz bol — kynçylykdan gaýtma! Bagt, ykbal birbada berilýän däldir. Kynçylyk artdygyça, gujuryò artsyn! Kynçylykly maksada ýetmegiò süýjüsi baºgaçadyr.

Tutanýerli bol! Tutan ýeriòi gopar, giden ýeriòden getir!

Üstünlige barýan ýoluò köp bölegi ºowsuzlykdan durýandyr. Dokuz ºowsuzlykdan soò bir üstünlige ýetmek durmuºyò iò bir tebigy halatydyr. Kynçylykdan basylmak öz-özüòi kemsitmekdir.

Maòlaýyò çygjarmasa, agzyò ýagjarmaz!

Eliò ýüwrük, pikiriò ýüwrük, göwnüòem ýüwrük bolsun!

Pikiriòem dury, göwnüòem dury, gözüòem dury bolsun!

Halallyk — arkaò dagydyr!

Adam ºekilli ýaºamagy zähmet bilme!

Ýeòil diýip, harama ulaºma, agyr diýip, halaldan gaçma! Haramyò lezzeti öòünde, halalyò lezzeti soòunda, haramyò ajysy ahyrynda, halalyò süýjüsi-de ahyryndadyr.

Zähmet — mertebedir, mertebäòden ýüz dönderme!

Durmuºy nähili keºpde kabul etseò, ol ºol keºpde-de bolýandyr! Owadan görüp bilseò — owadan, betnyºan görseò — betnyºan görner!

Alanyòa minnetdar bolmagy baºarsaò, bermegi-de baºararsyò. Bermegi baºarsaò — minnetdarlyk görersiò!

Synanyºyp görmedik iºiòe baºaramok diýme!

Bir maksada ýetseò, ondanam ulusyna dalaº et! Maksat gutarsa, ömürem paýawlaýandyr.

Ömrüòi gydyrdanyp geçir!

Gyrmyldan gyr aºar, yrgyldan çat açar!

Der damjasy — dür dänesidir!

Nämäni gözleseò, ºonam taparsyò!

Är — zähmeti bilen, bedew at — ýyndamlygy bilen, gylyç — kesgirligi bilen tanalýandyr. Seni il içinde hormatly, atly-abraýly edip biljek, saòa gowulykda güwä geçip biljek zähmetiòdir. Zähmetden daºlaºdygyò — gowy durmuºdan daºlaºdygyòdyr.

Zeýtun ýagynyò oda ýiti alow berºi deýin, zähmet badyòa bat, adyòa at goºýandyr, ömrüòe aýratyn many-mazmun çaýýandyr.

Bagt daºyòda däl, içiòdedir!

Durmuºdan öýkeleme, durmuº öýkäni kabul edenok, ony özüòe gaýtaryp berýär. Durmuº ähli bereniòi özünde alyp galman, saòa gaýtaryp berýändir. Durmuºa ºatlyk berseò — ºatlyk, bagt berseò —