Eýran türkmenleriniò medeni, edebi we jemgyýetçilik žurnaly

 

ŽURNAL BARADA


Baº sahypa

Maksady

Redkollegiýa

 

ARHIW


Soòky sany

Ýyllara görä

 

GATNAªYK


Myhman depderi

Habarlaºmak üçin

Dost sahypalar

 

 
Her güne bir nakyl


 

 

 


 
Edebiýat / Döwürdeº türkmen edebiýaty
Saparmyrat Türkmenbaºy

RUHNAMA

ikinji kitap

TÜRKMENIÒ RUHY BEÝIKLIGI


SÖZBAªYLAR / Oka, bil, öwren! / Her kim özüne bagban


OKA, BIL, ÖWREN!

 

Eziz oglum, mähriban gyzym!

Külli janly-jandarlaryò içinde Allanyò adamzada beren artykmaçlygy akyldyr. Adam akyly bilen adamdyr. Akyl oòa özge jandarlaryòkydan tapawutlanýan ýaºaýºyny amal etmäge mümkinçilik berýär. Akyl — adamzat ýaºaýºynyò uslybydyr.

Adamy adam edýän akyly kämilleºdirmegiò seriºdesi bilimdir hem ylymdyr. Akyly kämilleºdirmek — adamzadyò akyl ýetiriº ukyplaryny ýaºaýºyò özeninde, esasynda goýmakdyr. Aslynda howaýylyk tebigaty bolan akyly anyk we janly durmuºa getirmek ony durmuºy özgertmegiò usulyna öwürmekdir. Bilim hem-de ylym hut ºu maksada hyzmat edýär.

Allatagala adama akyl beripdir.

Bilimi hem-de ylmy adamzadyò özi tapypdyr.

Howaýylyk bolan akyl ºeýdip, maddy dünýäniò beýleki närseleri ýaly, anyklyk tebigatyna eýe bolupdyr.

Bilimi maddy ähmiýetli güýje öwürmek üçin adamzat öz durmuºynda juda möhüm bir barlygy — mekdep diýilýän zady oýlap tapypdyr. Mekdep Allanyò beren tohumyny topraga atyp, ondan hasyl almagyò alajydyr.

Hat-ýazuwyò oýlap tapylmagy bilen medeniýet döreýär. Adamzat tebigy ýaºaýyºdan medeni ýaºaýºa geçýär. Adamzat daºdan almagyny bes edip, özünden — içinden döredip baºlaýar. Onsoò akyl-paýhas esasy orna geçýär. Adamzat ýaºaýºynyò arabasyny akyl atly ýadamazak, armazak, hiç mahal güýçden gaçmazak, hiç mahal güýji gutarmazak at çekip ugraýar.

Iò uly baýlyk — akyldyr.

Iò uly gymmatlyk — ylymdyr.

Çünki adamzadyò daºyndaky ähli baýlyklar gutarýar, olar çäklidir, sebäbi maddy dünýäniò özi çäklidir. Emma adamyò özi gutarmaýar, adamyò özündäki akyl hem gutarmaýar. Eýsem, ähli howaýy zatlaryòky ýaly, akylyò hem çeºmesi maddy dünýäden aòyrda ýerleºýändir.

ªeýle baýlygyò çeºmesi bu dünýäden däl, ºol sebäpli-de, kör galmaýan, gutarmaýan akyly amal etmegiò, dünýä ornaºdyrmagyò, ºeýdibem, dünýäni özgertmegiò seriºdesi bolan akyly howaýylykdan maddylyga geçirýän ylym-da iò uly gymmatlykdyr. Ylym gymmatyny gaçyrmaýan gymmatlykdyr.

Ylym adamzada hemiºe gerek. ªonuò üçinem, adamlar ylmy we bilimi biri-birine, nesilden-nesle geçirmek, ºeýdibem, akylyò taryhy dowamatyny üpjün etmek üçin mekdebi döredipdirler. ªol sebäpden hem mekdep — akyl öýüdir diýilýär. Akyly ylma, ylmy-da durmuºa öwürmek üçin döredilen mekdep edep barlygynyò bir möhüm giòiºligidir. Ylym-bilim almak ýöne-möne zat däl, munuò üçin degiºli ºertler, dessurlar we kada-düzgünler gerekdir. ªol ºertlere, dessurlara we düzgün-kadalara-da umumylaºdyryp, mekdep edebi diýmelidiris.

Ýedi ýaºymyz dolup, mekdebiò gapysyndan ädim äden günümiz biziò durmuºymyzda täze bir durmuº baºlanýar. Bir wagtlar özüniò güýç-kuwwatynyò, özüniò esasy barlygynyò akyldadygyna düºünen adamzadyò tebigylykdan medenilige geçiºi ýaly, biziò her birimiz mekdep arkaly bir barlykdan baºga bir barlyga geçýäris. Bu geçiºiò düýp pelsepe manysy nämeden ybarat?! Allatagala adamzady ýaradyp, ony Wagt diýilýän ºalygyò içine oklapdyr. Munuò özi ruhy barlykdan maddy barlyga gidiº bolupdyr. Maddy barlygyò esasy sypaty, ömür sürmeginiò baº usuly Wagtdyr. Wagt tebigatyò baº kanuny bolup, külli janly-jandary ahyrky netijede ýokluga alyp barýar. Akyl wagt menzilini yza öwrüp, ýoklugy barlyga döndermek, ýoklugyò üstünde barlygy gurmak mümkinçiligidir. Çünki, ol müdimi barlyk bolan Allanyò özünden adama geçen närsedir. Ine, biziò her birimiz mekdepde özümizden öòki nesilleriò ýoklugy barlyga döndermek ugrunda çeken zähmetleriniò miweleri we netijeleri bilen tanyºýarys, soòra öz gezegimizde olary has-da kämilleºdirýäris. ªeýdip, adamzadyò wagty ýeòip geçmek ukyby artýar. ªeýdip, adamzat Wagtyò gapdalynda bir ýerde müdimilik giòiºligini bina edýär, pelegiò aýlanyp duran gerdiºinden sypyp, Älemiò jümmüºinde bakylyk mesgenini gurýar. ªonuò üçinem, ylym-bilimiò adamzat üçin adatdan daºary ähmiýeti bardyr.

Eziz oglum, mähriban gyzym!

Sen mekdebe, mekdep edebine öz ömrüò düýp özeni, manysy bilen baglanyºykly gymmatlyk hökmünde garamalysyò! Mekdep edebiniò ºertleri mekdep derwezesinden giren pursatyòdan baºlanýandyr. Mekdep — ylym öýüdir, eýsem, bu öýde bolmagyò edep ºertleri-de düýplüdir, çynlakaýdyr we ýerine ýetirilmegi hökmany zerurlykdyr.

Edep ýok ýerinde ylym bolmaz.

Ylym ýok ýerinde akyl bolmaz.

Akyl ýok ýerinde adam bolmaz.

Edep ýok ýerinde adamy-da gözläp oturmaò!

Ylym giòiºligi bolan mekdebiò aýratyn ruhy güýç-kuwwaty we aýratyn ruhy howasy bardyr. Bu giòiºlikde höküm sürýän baº edep kanuny okuwa höwes, bilime teºnelik ºahsy erkiò mekdep düzgünine tabynlygydyr. Mekdep metjit ýaly mukaddes ýerdir. ªonuò üçinem, mekdebe gadam basanyòdan, özüòi ºol mukaddesligiò ruhuna uýgunlaºdyrmalysyò. Okuwçy bol, talyp bol — seniò ýüzüò tuwagy edepdir. Mekdepde edepli ýöremeli, edepli oturmaly, edepli gürleºmeli, edepli sapak almaly, edeplilik bilen bilim netijelerini görkezmelisiò.

Okuw galam tutmakdan, hat ýazmakdan, ýazylany okamakdan baºlanýar. Özüniò düýp manysy boýunça okamak gudratly iºdir. ªonuò üçinem, «okamak» sözi biziò dilimizde, dünýäniò özge halklarynyò dilinde-de üýtgeºik keramatly täsirli manylara eýe bolupdyr. Okamak arkaly biz dünýämiziò içinde baºga bir dünýäni açýarys. Okap, ata-babalarymyzyò ruhy we akyl genji-hazynasynyò gatlaryny açýarys. ªonuò üçinem, galam tutmagy, hat saýgarmagy öwrenmek jennetiò gapysyna el ýetirmäge barabardyr. Biz okap adamlaºýarys. Okap, adamzadyò akyl barlygyna dahylly bolýarys. Okap, adamzadyò bitewi ruhy giòiºligine aralaºýarys. ªonuò üçinem, dünýäleri açmagyò iò ygtybarly hem iò oòat ýoly okuwdyr. Men bu hakykaty ýöne ýere nygtamok. Adamzadyò esasy tebigaty daºyòy gurºap alan, göze öwreniºen barlykdan gaçyp, has owsunjy, has imrindiriji özge bir barlyga geçmekdir. Adam hemiºe özge äleme, baºga owazlara maýyldyr. Çünki, onda akyl bardyr. Akyl — derýa kimin kenarlaryna azm urýan barlykdyr, akyl — ruhuò öz donuna sygman, joº urmasydyr, çarp urmasydyr. Eýsem, akyl akyp ýatan närsedir. Onuò akyº tizligi ýagtylygyò tizliginden-de müòlerçe essedir. Çünki, ýagtylyk — madda, akyl bolsa ruhdur.

Kerpiç bina bolmaga, damja umman bolmaga, toprak ýer bolmaga, öýjük beden bolmaga ymtylýar. Adamzat akyl arkaly Wagtdan gaçyp, bakylyga ymtylýar. Bu ymtylyº okuw arkaly mekdep giòiºliginde kemal edilýär. Hut ºu düýpli hakykat mynasybetli mekdep biziò ömrümiziò iò eziz we iò süýji pursatlarynyò üznüksizligi bolup, ýürek gobsundyryjy çäk bolup hakydamyzda galýar. Okuw bize adam üçin mümkin bolan iò uly baýlygy — pikirlenmek bagtyny berýär. Bu diòe adamzada berlendir. Pikirlenmegiò, dünýä akyl ýetirmegiò lezzeti bilen deòeºdireniòde, dünýäniò özge lezzetleri hiç zatdyr. Hut ºonuò üçinem, biziò geçmiºdäki beýik akyldarlarymyz ºahsy durmuºynda, gün-güzeranynda zahytlyk kadasy boýunça ýaºapdyrlar. Zahytlyk — pikirlenme lezzetiniò hatyrasyna maddy lezzetlerden ýüz döndermekdir. Elbetde, biziò häzirkizaman ýaºaýºymyz özge ýaºaýyº gymmatlyklaryny goldanýar, men sizi zahytlyga çagyramok. Bu ýerde esasy ýörelge atalarymyzyò taryhy sapak — bilime, okuwa ýüregiòi bermek ýörelgesidir.

Ähli lezzetlerden lezzetlisi okuwdyr, okamakdyr. Okamagyò lezzetiniò ornuny hiç bir lezzet tutup bilmez.

* * *

Dünýä — Allatagalanyò mekdebi. Dünýä bir ömürde görüp, seýil edip, lezzet alardan uludyr. Dünýäniò beýik ýeri — bir ömürde akyl ýetirerden çylºyrymlydygydyr. Dünýäniò süýji ýeri — ol bir ömürde jahanda ýaºap, doýup bolmaýanlygydyr.

Kagyz-galam çykaly bäri akyldar adamlar durmuºyò, dünýäniò, ömrüò manysyny düºündirip, galyò-galyò kitap ýazypdyr. Emma olaryò ählisi düýn, ählisi geçmiº! Dünýä bolsa ertire barýar. Dünýä gelejege barýar...

Dünýä — tükeniksizlige barýar.

Ýaºaýyº — kämillige barýar.

Adam ogly — gelejege barýar.

Akyldar dana adamlar geçmiºiò galdyran petde-petde kitaplaryny basgançak edip, ertire seredip görmek isleýärler.

Bir akyldar: «Beýik adam dogulmazdan ozal onuò durmuºdaky ornuny, maksadyny Allatagala kesgitleýär, beýleki adamlar bolsa, durmuºda orunlaryny özleri agtaryp tapmaly» diýipdir.

Beýik adam bol, pes adam bol, parhy ýok, durmuºdaky ornuòy tapyp bilmeseò, ömrüò-ýaºaýºyò güzaba öwrülýär.

Mähriban oglum! Eziz gyzym!

Adam ogluna ýeke ýola ömür berilýär. Adam ogluna ýeke ýola hakyky söýgi berilýär.

Her bir dünýä gelen adam ýaºaýyº bilen, dünýä bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Ýaºaýyºda bolsa ýol kän. Ol ýollaryò galabasy bagta barýar.

Esasy zat, dünýä gelip, öòüòde goýan maksadyòa ýetmeli!

Maksady bolmadyk adam — pagtabent okdur.

Baýyò, garybyò, ministriò ýa çopanyò çagasy bol — parhy ýok, eger durmuºdaky ornuòy tapyp bilmeseò, ýaºaýºyòdan lezzet hem alyp bilmersiò, maksadyòa ýetip hem bilmersiò.

Hekaýat: Hudaý dünýäni, Aýy, Güni, Adamy ýaradyp, pikire batýar: ýaºaýºyò manysyny nirede goýmaly? Belent dagyò üstünde bukmalymy, ýa däli deòziò düýbünde bukmalymy, ýa ýedi gat ýere gömmelimi? Ahyry Hudaý ýaºaýºyò manysyny her bir adamyò kalbynda, içki dünýäsinde bukmaly diýen netijä gelýär. Sebäbi adamyò gözi daºyna seredip dur, ol ýaºaýºyò mazmunyny daºdan gözleýär, çünki, gözüòi özüòe öwürmek adam ogluna baºartmaýar diýip, dünýäniò manysyny adamyò kalbynda bukupdyr.

Adam oglunyò gözi daºyna bakyp durandyr. Ol kimligine garamazdan, pygamberiòem kemçiligini görer, emma özüniòkini welin, aòsat-aòsat görmez!

Eger sen özüòi görüp, özüòe nazar aýlap, özüòi öwrenip baºlasaò, beýik akyldar bolarsyò!

Men Türkmenistan döwletini — sekiz ýüz ýylda bir gezek öz ýurdumyzda arassa türkmen halky bolup guran döwletimizi wyždanyò üstünde gurmak isleýärin:

Türkmenistan döwletiniò binýady — Wyždan;

Tugrasy — Agzybirlik;

Syýasaty — Adalat;

Tugy — Ruhubelentlik!

Ruhubelentlik maksadyòa ýetmegiò iò gysga ýoludyr.

Hekaýat: gadym zamanda bir beg ogly begzada ýagºyzada duºupdyr. Ýagºyzada oòa:

— Ýagºy ýigit, halan zadyòy sora, hasyl bolar — diýipdir.

— Ýagºyzada, meniò bar zadym bar, atam-enem maòa gerek hem gerekmejek baýlygy ýygnapdyr. Mümkin bolsa, sen maòa Ýaradanyò dünýäsini görkez, men ýaºaýºyò üstünem-astynam, geçmiºinem-geljeginem göreýin — diýipdir. Ýagºyzada oòa:

— Dünýäni göreý diýseò, kitabyò üstüne çyk, ºonda dünýäniò depesem, geljegem, geçmiºem görner — diýip, gözden gaýyp bolupdyr.

...Men ýaºlykdan kitaba höwrükdim. Agam Nyýazmyrat mekdepde göreldeli okuwçydy. Mekdep kitaphanasyndaky kitaplaryò galabasyny okandy. Ol bize ºindi bäº ýaºymyzdakak okamagy öwretdi. Sebäbi biz uzynly gün boºduk. Ejemiz-ä, gara daò bilen iºe gidýär, Güni ýaºyryp, halys bolup hem iºden gelýär. Uruº ýyllaryny gözi bilen gören ýaºulular bilýändir, ol zamanda on dört sagat iºlenilýärdi. Häzirkiçe iki esse! ªeýdip hem duºmandan üstün çykmaga, faºistleri ýeòmäge güýçlerini-gaýratlaryny jemläpdiler. Men birinji synpa baramda mugallymlar haýran galdylar. Men eýýäm ikinji synpyò hasabyny iºläp bilýärdim. Mugallymymdan öwgüden baºga eºiden sözüm ýok. ªonuò üçin men hem mekdebiò kitaphanasyny höwür edindim. Nyýazmyrat bilen gyzyklydan-gyzykly kitaplary tapyp okaýardyk. Kitap yzyna kitap okaýardyk.

Men indi yzyma ser salýaryn. Meni baºyma düºen elhenç pajygalardan halas eden hem kitap bolmaly. Sebäbi kitaplar dünýäsi baºga dünýä! Häzirki ýaºap ýören dünýäòden has kämil, has adalatly, has tämiz, hemiºe yzy ýagºy adamlaryò ýeòmegi bilen gutarýar. Çagalykdan kitap okap baºlan çagalar beýnisini, ruhy dünýäsini türgenleºdirýär.

Kitap okaýan kime meòzeº?! Gije-gündiz mülküni sürüp, dökünläp, ýene sürüp, ekin ekip, suwuny berip, ahyry uly hasyl alýan daýhana meòzeº. Kitap okamaýan adam bolsa mülküne seretmeýän, aslynda ol mülkden gaty köp hasyl hantama bolsa-da, hiç hili hasyl alyp bilmejek, mülkünde ýandak, ºora, selme, gyzgan biten daýhana meòzeº.

Men Asman bilen Zemin arasynda ýalòyz galanymda — ýakynlarymy aldyryp, düýbünden ýat, sowuk, yzgytsyz dünýä düºenimde meni kitaplar halas etdi. Men gamlanan çagymda hem, gamsyz çagymda hem, elim sypyndygy kitaba gümra bolýardym. Kitap baºga dünýädi. Ol dünýäde meni hiç kim «baý-gulak çagasy» diýibem, «ýetim» diýibem kemsitmeýärdi...

Kitaby köp okaýan adamyò gözlerem, gursagam, beýnisem doly bolýar. Men kitap okaýan adam bilen kitap okamaýan adamy görenimden tanaýan. Eýdip-beýdip diplom alyp, soòam wezipä geçse-de, kitap okamaýan adamyò baºarýan goºy bolmaýar, hatda adamlar bilen gürleºmegi hem baºarmaýar. Kitap okaýan adamlar bolsa, balarynyò öýi ýaly hüjre-hüjre, öýjük-öýjük bolýar, ºol öýjüklerem mähir-muhabbet, çykgynsyz pursatda dadyòa ýetiºjek zerur zat bilen doly.

Kitap okaýan adamyò mugallymlary, halypalary, dostlary kimler? Dünýä dana-dana kitaplary peºgeº beren beýik akyldarlar, alymlar, ýazyjylar! Olar haýsy zamanada, haçan ýaºap geçendigine, haýsy halkyò wekilidigine garamazdan, seniò mugallymyò, halypaò, dostuò bolýar.

Durmuºda gowy, gurply, baý ýaºamak üçin köp akyl gerek däl. Bütin düýrmegi bilen öz söýýän kärine berlen her bir adam gowy ýaºap biler. Topragy söýýän, yhlasyny, gujur-gaýratyny topragyna bagyºlan adama toprak hem bar baýlygyny eçilip bilýär. Ylymly adam geçmiºiò akyldarlary bilen gepleºmegi baºarsa, topragy söýýän adam toprak bilen, malyny söýýän maldar maly bilen gürleºmegi baºarýar. Bir käri söýüp, ºol käre berlen adam hiç haçan ýamanlyk ýüzüni görmeýär, emma, ºol adamlar üstüne okumyº hem bolaýsa, onda bütinleý baºgaça bolýar. Daýhan ýöne daýhan däl, alym daýhan, maldar bolsa, alym maldar bolýar. Olaryò ýaºaýyºlaryna many-röwºen, bereket goºulýar.

Meniò atam-da, enem-de, hossarlarym-da, dost-ýarlarym-da kitap boldy. Kitap okaýan adamyò ýüregi ynsanperwerleºýär, kalby tämizleºýär, paýhasy kämilleºýär, ruhy baýlygy, parasat baýlygy, dil baýlygy, duýgy baýlygy umman bolýar.

Men kitaplardan basgançak edip, asmana çykyp boljakdygyna-da, kitaplardan ganat edinip, beýleki älemlere baryp boljakdygyna-da ynanýaryn. Gadymy sopulara üns beriò: olar medreselerde, öýde öz döwrüniò ähli beýik kitaplaryny okapdyrlar, özleri kitap ýazypdyrlar, soòam ýalòyzlyga, hylwata çekilip, Beýik Alla bilen birleºmäge jan edipdirler. ªeýdip hem olar ilimiziò uly ulamalary bolupdyrlar.

Durmuºda birnäçe basgançak bar:

— birinji basgançakda öz gün-güzerany, gündelik aladalary bilen öz bala-çagalaryny ekläp, iºine gydyrdanyp ýören adamlaryò adaty durmuºy durýar.

— ikinji basgançakda kitap baryny okap, geçmiºiò, dünýäniò beýik-beýik dana adamlary bilen gürrüòdeº bolup, dünýä akyl ýetirmäge ymtylýan adamlar ýaºaýar.

— üçünji basgançakda ýetiºen, kämil çykan adamlar bolýar.

ªol ýerdenem dünýä, älemlere akyl ýetiriº baºlanýar.

Hekaýat: gadym zamanda bir dana derwüº bütin ömrüne oba-oba, ºäher-ºäher aýlanyp, ulus-ile ýagºy dilegler edip, halys gojalypdyr. Ol öler müddetiniò gelendigini magat bilipdir, üstesine agyr dertläpdir. Garasaý, derwüº ölümiò öò ýanynda özüni bir ºähere atýar. ªähere gelip, öòi bilen, bazara aýlanypdyr, kitap dükanyna barypdyr. Kitap dükançynyò hal-ahwalyny sorapdyr. Dükançy zeýrenipdir.

— Söwdam bolanok.

— Näme, satlykdaky kitaplaryò ugursyzmy?

— Ýok, kitaplarym örän gowy kitaplar. Emma puldar adamlar-a kitap almaýar, sebäbi köpüsiniò sowady ýok. Kitap okaýjak adamlaryò bolsa, golunda puly ýok — diýipdir.

Derwüº mejalsyzdygyna garamazdan, ýola düºüpdir, ýagºy adamlar oòa töwella edip, ýoldan alyp galjak bolupdyrlar. Hekimler bolsa:

— Derwüº, sen indiki oba ýetmän ýolda ölersiò, ýagdaýyò agyr, hiç ýerik gitme, gal! — diýipdir.

Derwüº:

— Bazarynda alyjydan satyjy köp, harytlarynyò bahasy alardan gymmat, kitap dükany alyjysyz ºäherde ölenden bediýan çölde ölüp, ºagallara ºam bolan ýagºydyr — diýip, ýola rowana bolýar.

Mähriban ýaºlar!

Siz her bir hekaýatdan, her bir rowaýatdan many çykarmagy baºaryò. Kitaby özüòize dost-ýaran tutunyò. Dünýäniò manysy kitapdan baºlanýar. Kitap ömrüòize nur-röwºen çaýýar.

Siz owadan diýaryòyzy, beýik Watanyòyzy ýürekden söýüò! ªu topragy, ºu ýurdy ýürekden söýen ºu Watanyò ogly bolup biler, ºu Watan üçin söýgüsini, gujur-gaýratyny, yhlasyny bagyºlanlar ilhalar türkmen bolup bilerler.

Biz Watana ganat berdik, asmana uçmaly siz! Biz Garaºsyz, baky Bitarap Türkmenistany dünýä tanatdyk, indi kämil çykyp, atalaryòyza mynasyp erkin nesil bolup, dünýä tanal–maly siz!

Bagtyòyz iºlese, bir ýylda, üç ýylda, bäº ýylda ýurduò uly baýy, uly mülkdary ýa maldary bolup bilersiòiz, emma parasatly adam bolmak üçin, ylymly alym, döwrebap adam bolmak üçin bolsa, bütin ömrüòe okamalydyr, öwrenmelidir, bilmelidir.

Könelerimiz bir uly pir barada gürrüò edeninde: «Ol pir okap-okap, ganat baglap, uçup bilipdir» diýýär. Men siziò hem okap-okap, ylmyò aòyrbaºyna baryp, uçmagyòyzy arzuw edýärin.

* * *

Adam — tebigatyò perzendi. Dünýäde, jümle-jahanda, älemde bolýan özgeriºler biziò her birimize dahyllydyr. Dünýä, jümle-jahan, älem öz özgeriºleri bilen, bakylygy bilen, tükeniksizligi bilen biziò ebedilik okuw mekdebimiz, mugallymymyz.

Tebigatda bolup geçýän ähli hadysalar möwsümleýin, möwrit-möwrit zynjyr halkalaryndan ybarat. Zemin öz okunyò daºyndan aýlanyp, bir güni, Aý öz okunyò daºyndan aýlanyp, bir aýy, Zemin Günüò daºyndan aýlanyp, bir ýyly amal edýär. Bir ýylda bolsa dört sany pasyl bolup, tükeniksiz ýaºaýºyò bir ýyllyk ülºi döreýär: pyntyklar açylyp, ýaprak çykýar, gül açylýar, miwe getirýär, soòra ºol ýaprak synyp, daragt gyº ukusyna gaýyp bolýar.

Adam ömri hem ºeýle. Biz bäbejik bolup, dünýä gelýäris, çagalyk möwsümini, ýaºlyk, jahyllyk, kämillik, garrylyk möwsümlerini baºdan geçirýäris. Dünýä baºlangyçdan, tamamlamadan, daºgyndan, gaýtgyndan, gijeden, gündizden ybarat.

Serediò, asmanda ºol bir aýlanyp duran nurana Gün daò bilen dünýä ºagalaò-ºowhun, tämizlik, keýpiçaglyk, hyruç, egsilmez güýç paýlap dogýar. Gün öz asman ýoluny tamam edip, agºamlyk bizi aram-karar, ynjalma hem dynç alyº keýpine salyp, ýaºyp gidýär.

Elbetde, gijeden gündiz gowy. Serediò, nurana Gün jümle-jahany tylla nuruna gark edip, lemmer-lemmer ak bulutlara öwüºgin berip, çeºmeleriò ºildir dili tolkunlarynda oýnap, ýaºaýºa aýratyn lezzet berýär.

Älem ummasyz uly tizlik bilen çar tarapa giòäp barýar. Edil ºeýle-de, adamzadyò akyl-paýhasy hem çar tarapa uly tizlik bilen giòäp, gözýetim yzyna gözýetim açyp barýar. Düýnüò tizligi bilen ºu günüò tizligini deòeºdirmek mümkin däl. ªu günüò tizligi bilen ertiriò tizligini deòeºdirip bolmaz!

Mundan ýüz elli ýyl ozal Amerikanyò Prezidenti Linkolnyò öldürilendigi baradaky habar Ýewropa iki hepdeden soò gelip ýetipdir, emma Armstrongyò Aýa aýak basandygy baradaky habary bütin dünýä bir ýarym sekundyò içinde eºidip ýetiºdi.

Ösmek, özgermek — dünýäniò kanuny, älemiò kanuny.

Allatagalanyò peºgeº beren ömrüniò ýekeje minutyny-da bihuda geçirmejek boluò!

Ylmyò, bilimiò gazananlaryny öwrenmäge, durmuºyòyzda peýdalanmaga çalºyò!

Durmuºyò lezzeti — ömrüòi manyly geçirmekdedir. ªonuò üçin hem:

Okaò!

Biliò!

Öwreniò!

* * *

Eziz ýaºlar!

Adamyò çakdanaºa çylºyrymly, çakdanaºa kämil gurlan synasy bar. Biz her iº üçin beýnimize agram salyp durman, galaba iºleri endigimiz boýunça ýerine ýetirýäris. Endik eden adam her gün daòdan sagat bäºde ýa altyda — oýanmaga endik eden sagadynda oýanýar. Hatda adamyò ukusy-da endige boýun egýär, tabyn bolýar. Agºam sagat on ikide ýatmaga, ir sagat bäºde oýanmaga endik eden adama sagat gurmak gerek däldir. Ýatmaly wagty ýatar, turmaly wagty turar.

Bir kethuda kiºi: «Wagtyny belläp, suw hem içmäò, ol endige öwrüler» diýipdir. Adam nämäni endik etse, kem-kemden ºol endiginiò guly bolýar. Adam ýaº mahallary aýnap, oýun edip, çilim kükeden bolýar. Dostlary bilen meýhanalara baryp, meý içýär. Emma erki gowºak adam ºol ýaramaz endige gul bolýar. Aýnap çekilmäge baºlanan çilim endige öwrülýär. Ol çilimi ýanynda götermäge baºlaýar. Aýnap içilen ºerap-meý soòlugy bilen adamy öz guluna öwürýär. Ol her gün arak içmäge mejbur bolýar, ºeýdip hem ol araga-ºeraba garaºly, keselbent adama öwrülýär.

Ýagºy iºlerde endikler biziò gulumyza öwrülýär, ýaman iºlerde, çilim, arak, neºe ýaly ýaramaz keýplerde bolsa, adam ºol endikleriò guluna öwrülýär.

Talyplyk ýyllarymyzdan bir parçany gürrüò bereýin.

Bir gün professor-mugallymlarymyzyò biri bize ºeýle bir düýpli sapak berdi. Göräýmäge ýönekeýje ýaly, ýöne örän düýpli mesele.

Mugallymymyz talyplaryò öòünde aýnadan edilen küýzäni goýdy. Küýzäniò içi görnüp durdy.

Mugallymymyz talyplara ýeke agyz söz aýtman, öz tejribesine baºlady: ol sag tarapynda öòden taýýarlanyp goýlan ýumruk ýaly daºlary küýzäniò içine usullyk bilen salmaga durdy. Tä dolýança küýzäniò içine daº saldy.

Küýze daºdan dolansoò, mugallymymyz bize ýüzlendi:

— Hany, aýdyò, küýze häzir dolumy?

Talyplar baº atdy.

Professor mugallymymyz çep tarapynda öòden taýýar edilip goýlan bedredäki ownujak daºjagazlardan aldy-da, küýzä guýmaga baºlady. Küýze doly däl eken, birnäçe goºawuç ownujak daºlar küýzä sygdy. Professor-mugallym bize ýüzlendi:

— Häzir küýze dolumy?

Biz küýzäniò doludygyny makulladyk.

Professor-mugallym ºondan soò bir bedreden gury çäge alyp, küýzä guýmaga baºlady, küýzäni birsyhly yrgyldadyp, gury çägäniò daºyò hem maýda daºjagazlaryò arasyna siòdirdi. Doly hasaplanan küýzä iki goºawuç gury çäge ýerleºdi.

Professor-mugallym bize ýüzlendi:

— Küýze dolumy?

Biz küýzäniò doludygyny aýtmaga ýaýdandyk.

Professor-mugallymymyz bizden gaýtadan sorajak bolup durmady. Ol bir gapdan suw aldy-da, küýzä ýuwaºjadan suw guýdy.

Küýze doly bolsa-da, suwa ýer tapyldy. Mugallymymyz küýzä ep-esli suw guýdy. Ahyry küýze suwdan doldy.

Mugallymymyz sowalyny gaýtalady:

— Küýze dolumy?

Hiç kimden ses çykmady.

Professor-mugallymymyz bir tokga maýda duzy küýzä az-azdan guýmaga giriºdi. Küýze doly bolsa-da, duza ýer tapyldy. Duz eräp gidip dur. Mugallymymyz bolsa, doly küýzä birsyhly duz guýýar. Küýzä ep-esli duz guýansoò, professor-mugallymymyz bize ýüzlendi:

— Häzir küýze doly gerek?

Men bu wakany ýöne ýere ýatlamok. ªol küýze maòa adam mümkinçiliklerini ýatladýar. Küýze deýin adamyò mümkinçiligem çäksiz. Biz: «Küýze doly» diýýäris, ýöne ºondan soò küýzä köp zatlar sygýar. Men her bir iºde küýze mümkinçiliginden ugur alýaryn. Netije çykarmakda howlukmaly däl. Her bir zadyò anygyna ýetmäge çalyºmaly. Her bir zady düýpli öwrenmek, her bir zada düýpli göz ýetirmek endigini her bir adam özünde kämilleºdirmäge çalyºmalydyr.

Men her gün sagat bäºde oýanýaryn. Her güni Allatagalanyò beren beýik serpaýy hökmünde mynasyp garºylamaga, mynasyp iºlere bagyº etmäge çalyºýaryn.

Adam ogluna ömür ýekeje gezek berilýär. Ýekeje berlen ömri, gaýdyp gaýtalanmajak ömri endiklere aldyrman, lezzetli, manyly ýaºamaga synanyò. Her gün irden ukudan turanyòyzdan soò, endigiòiz boýunça ýuwunmagyò hatyrasyna ýuwunman, lezzet alyp ýuwnuò. Her gün beden türgenleºigini endik boýunça däl-de, hakykatdanam, bedeniòizi kämilleºdirmek üçin türgenleºip görüò, her gün ertirlik edineniòizde endik boýunça däl-de, durmuºyòyzdan, iýýän naharyòyzdan lezzet alyp iýip görüò, höziri, lezzeti, tagamy baºga bolar.

Dostluk, doganlyk, ýaºaýyº salamlaºmakdan baºlanýar! Emma, gynansak-da, salam-helik, hal-ahwal soraºma endige öwrülipdir, diýmek, dostlugam, adamçylygam kem-kemden endige öwrülýär. Emma ºu günden baºlap, siz tanºyòyz, dostuòyz bilen salamlaºanyòyzda halys ýürekden salamlaºyp, dertdeºlik bile hal-ahwal soraºyò, siz bir hepdeden tanºyòyzyò dosta, dostuòyzyò dogana öwrülip barýandygyna göz ýetirersiòiz!

Hekaýat: bir ökde ussanyò gürrüòini berdiler. Ol ussa biºen kerpiçden jaý gurmaga örän ussat eken. Jaýyò ähli iºlerini etmegi baºarýan eken. Ol iki aýda eýesiniò göwni ýeter ýaly jaý salmagyò hötdesinden gelipdir. Ahyry ussa özüne hem jaý gurmaly bolýar. Ol bir aýda kesekiniò jaýynyò boýuny ýetirse, öz jaýynyò bäº aýlaw kerpijini zordan örüpdir. Garasaý, ussa öz jaýyny iki ýylda salyp tamamlapdyr. Obadaºlary:

— Ussa, sen bize iki aýda allanäme jaý salyp bilýärsiò. Öz jaýyòy näme iki ýyla çekdiò? — diýip sorapdyrlar. Ussa:

— Men öz jaýymy salanymda her kerpijini ellerim bilen sypap, göwnüme jaýlap, lezzet alyp saldym, ºol sebäpli hem meniò jaýym iki ýylda ýetiºdi. Siz bolsa maòa ussalygym üçin hak töleýärsiòiz. Men ökde ussanyò salºy ýaly, siziò jaýyòyzy iki aýda salyp bilýärin. Eger meniò yhlasyma, ýürek mährime hak tölejek bolsaòyz, siz aç galarsyòyz, ýogsa-da men aç galaryn! — diýipdir.

Ýaºaýyº bahasy ýok bagtdyr, ony endige öwürmeli däl-de, her bir pursatyndan lezzet alyp, ýaºaýºyòy beýik sungata öwürmegi baºarmaly.

* * *

Dilewarlyk, suhangöýlük sungaty örän ir zamanlarda dörän sungat. Dilewarlygyò, suhangöýlügiò aºagynda ummasyz uly zehin hem akyl-paýhas ýatyr. Mundan iki müò, iki ýarym müò ýyl ozal gadymy Ýunanda, Rimde suhangöýlük sungaty örän beýik derejelere ýetipdir. Suhangöýlügiò uly mekdepleri bolup, onda ýörite zehinli ýaºlar okadylypdyr. Gadymy Nusaýda hem bu sungat ýokary derejelere galypdyr, emma ol döwürden galan ýazmaça çeºmeler oda ýakylypdyr.

Suhangöýlük sungaty örän beýik sungat. Gadymy Ýunanda hem Rimde suhangöýlügini görkezip, uly alymlar belent wezipeleri eýeläpdirler. Sokrat, yslam dünýäsinde Eflatun adyny alan Platon, Aristotel, Seneka, Siseron ýaly ýüzlerçe ulamalar halkyò öòbaºçylaryna öwrülmegi baºarypdyrlar.

Türkmen patyºalary, soltanlary, hanlary suhangöýlük sungatyna diýseò uly hormat goýupdyrlar. Ýiti pikirli, ýerlikli geplemegi baºarýan adamlar bir jümle bilen uly uruºlaryò öòüni almagy, ölüme höküm edileni ölümden alyp galmagy baºarypdyrlar.

Oguz handan baºlap, oguz tagtyna çykan hanlaryò, begleriò nebereleri ýörite mekdepde ençeme ýyllap okadylypdyr. Dilewarlyk mekdebiò esasy sapaklarynyò birine öwrülipdir. Gaznaly, Seljuk, Köneürgenç soltanlary döwründe ºazadalaryò, begzadalaryò mekdebi ýurduò esasy ylmy akademiýasyna öwrülipdir. ªol mekdepde geljekki soltan, wezirler, serkerdeler, ilçiler ylym-terbiýe alypdyrlar. Olarda ençeme daºary ýurt dilini bilmek hökman eken. Hanlar, ºalar, soltanlar köºgünde ýüzlerçe alymlary, ºahyrlary, müneçjimleri, gurrandazlary, hekimleri saklapdyrlar. Her hepdede alymlar söhbeti, ºahyrlaryò ºygyr ýaryºy geçirilipdir. Oba-oba, ºäher-ºäher söküp ýören derwüºler, galandarlaryò hanakalaryna baryp, olar bilen gürrüòdeº bolmak türkmen ºalaryna ýoò bolupdyr. Ondan baºga-da, köºkdäkileriò göwnüni açmak üçin wäºi kiºiler, japaraklar bolupdyr.

Magtymguly atamyz türkmeniò taryhynda ºa Apbasyò suhangöýlügine taý tapylmandygyny nygtaýar.

Eziz türkmen halkym!

Men size niýetläp ýazan bu kitabymda suhangöýlük hakda ýöne ýere gürrüò edemok. Men size suhangöýlügiò, wäºiligiò ýaran bolmagyny isleýärin.

Suhangöýlüge döwlet derejesinde ähmiýet bermek gerek. Biziò altyn ruhly altyn jemgyýetimizde suhangöýlük ruhy gymmatlyklarymyzyò bir ulgamy bolmalydyr.

Mekdeplerde, ýokary mekdeplerde, iº ýerlerinde, dynç alynýan medeniýet köºklerinde ýaºlaryò suhangöýlük, wäºilik agºamlarynyò, dabaralarynyò yzygiderli geçirilmegi ýola goýulsyn.

Suhangöýlük — ruhubelentligiò özenidir.

Ýaponlaryò dzen ruhyýetinde men türkmen ruhyýetine ýakynlyk görýärin. Men dzen rowaýatlaryna, tymsallaryna aýratyn sarpa goýýaryn. Size ýaponlaryò dzeninden bir tymsaly gürrüò bereýin.

Ýaponiýanyò çetki obalarynyò birinde iki dogan ýaºaýan eken. Olar dzen ybadathanasynda monahlyk edýän ekenler. Dzen ybadathanasynyò kadasyna görä, dünýä aýlanýan derwüºler ybadathanalara baryp, iýip-içip, dynç alyp bilipdirler. Ýöne derwüºleriò bu hukugy gazanmagy üçin ybadathananyò monahy bilen dzen boýunça jedele girmeli eken. Jedelde ýeòen derwüºe monahlar näçe islese, hyzmat etmeli eken.

Iki monah doganyò ulusy gaty sowatly, pähimli kiºi eken, ikinji körpesi bolsa, kütek, jalaý eken, bir gözi hem kör eken.

Günleriò bir güni olaryò ybadathanasyna bir derwüº gelýär. Uly dogan inisine buýurýar:

— Gelen derwüºiò ýanyna bar. Onuò bilen dymyp jedel etmek isleýändigiòi aýt.

Ýaº monah gelen myhmanyò ýanyna barýar. Gelen derwüº bilen ýaº monah dymyp jedele baºlaýarlar.

Uly dogan bir görse, derwüº goºhaltasyny arkasyna atyp, ybadathanadan gidip barýar. Uly monah derwüºi saklap, onuò bilen gürrüòdeº bolýar.

— Seniò ajaýyp doganyò bar. Ol meni jedelde ýeòdi — diýip, derwüº aýdypdyr.

— Araòyzda nähili jedel boldy, gürrüò bersene — diýip, uly monah derwüºden sorapdyr.

— Men Buddanyò birdigini, ony ykrar edýändigimi bir barmagymy görkezip aýtdym — diýip, derwüº gürrüò bermäge baºlapdyr. Seniò iniò iki barmagyny görkezip, maòa garºy çykdy: ýokarda Budda hem onuò taglymaty bar diýdi. Men onuò bu pikirini ösdürdim. Buddany, onuò taglymatyny hem-de Budda uýýan, onuò taglymaty boýunça tebigat bilen sazlaºykda ýaºaýan halypalary göz öòünde tutup, üç barmagymy görkezdim. Ol ähli jedeli jemledi: ýumrugyny görkezdi. Men bu pikire haýran galdym. Ol ýumrugyny görkezmek bilen ähli dünýä, ähli zatlar bir bitewülik diýdi. Ähli zatlar bir aòdan döreýär diýdi. Men ýeòilendigimi bilip, turup gaýtdym.

Derwüº öz ýoly bilen gidipdir. ªondan soò uly monah inisiniò ýanyna barypdyr.

— Hany, ýaòky mahaw?! — diýip, kiçi dogan agasyndan sorapdyr.

— Sen ony ýeòipsiò ahyryn?!

— Ýok, men ondan ýeòildim. ªonuò üçinem, men onuò gözünde ot ýakjak.

— Hany, maòa düºündir, näme boldy?

— Ol meni görenden bir gözümiò kördügini aýtdy — diýip, kiçi dogan gürrüò bermäge baºlapdyr. — Ol bir barmagyny görkezip, seniò bir gözüò bar diýýär maòa. Ol keseki bolansoò, men salyhatlylygy saklap, iki barmagymy görkezdim. Iki barmagymy görkezip, onuò iki gözüniò bardygyna, synasynyò kemsizdigine guwanýandygymy mälim etdim. Ol nejis özüne edilen sypaýyçylygy bilenok, walla, bilenok. Agaò iki gözi bilen seniò bir gözüò üç göz bolýar diýip, maòa üç barmagyny somaldyp görkezýär. Heý, munuò ýalam nejislik bolarmy? Onuò sylagy ýetdi. Men çydap bilmän, oòa ýumrugymy görkezdim. Ýumrugymy görkezsem, uruljagyny bilip, namartaýlyk edip, ýerinden turdy. Arz etmek üçin seniò ýanyòa gidendir öýtdüm. Arz etdimi?!

Uly monah ýagºydan-ýamandan hiç zat diýmändir.

* * *

Mähriban oglum!

Eziz gyzym!

Hakykatyò garºysynda ýalan, söýginiò garºysynda ýigrenç, halallygyò garºysynda haramlyk, haýryò garºysynda ºer ýatyr.

Durmuº ummanynyò iki kenary bar, onuò bir kenarynda dowzah, beýleki kenarynda jennet bar. Hudaýyò buýrugyny berjaý edip, jennete düºjekmi ýa melgunyò raýyna gidip, dowzahdan çykjakmy? Bu her adamyò öz iºi!

Gadym-gadym zamanlardan baºlap, biziò ata-babalarymyz nesline-neberesine edep-terbiýe bermegiò örän dogry ýoluny saýlap alypdyrlar. Ata-babalarymyz Sözüò Hudaý tarapyndandygyna ýürekden ynanypdyrlar. Sözi — lebiz bilipdirler. Ýalan sözläninden ölenini ybaly bilipdirler. Ikinjiden hem ata-babalarymyz öz pederleriniò ruhunyò ähli zady görüp durýandygyna ynanypdyrlar.

Häzir hem ýaºuly adamlar: «A-haw, Hudaýym görüp dur ahyry, heý, kesekiniò zadyna el uzadyp bolarmy?», ýa bolmasa: «Hudaýym eºidip durandyr, heý, men sakgalymy sallap, ýalan sözlärinmi?» diýýändir. Biziò ata-babalarymyz Hudaýyò haklygyna, ata-babalarynyò ruhunyò hemradygyna halys ýürekden ynanypdyrlar, ºonuò üçinem, olara ýalan sözlemek ölümden hem agyr bolupdyr.

Men otuzynjy ýyllaryò basa-baslygy baradaky resminamalary köp dörüºdirdim. Bigünä görgüliler töhmet belasyna düºenini bilip, Hudaýa sygnyp «hawa», «ýok» diýen sözden baºga jogap bermändirler. NKWD-niò üçlüginiò berýän soraglary hem ºol bir sorag: «Sen sowet hökümetini ýykjak bolduòmy?», «Sen kolhozyò ammaryny otlamaga gatnaºdyòmy?», «Sen kolhoz baºlygyny zäherlejek bolduòmy?»... Ýalan sözläp bilmän, NKWD-niò soraglarynda urlup, öldürilenlerem köp.

Dogry sözliniò dosty — Hudaý!

Hudaý ähli tarapdan seredip durandyr!

Hudaý, hatda gursagyòdan hem seredip durandyr!

Biziò gursagymyzdaky wyždanymyz, imanymyz — Hudaýyò bir ülºüdir!

Hiç kim görenok diýip, ogurlyk edip bilýän bolsaò, diýmek, sen hiç kimsiò! Sebäbi ogurlyk edeniòi özüò görüp dursuò ahyryn.

Hiç kim bilmez-le diýip, ýalan sözleseò, sen hiç kimsiò! Sebäbi sen ýalan sözleýäniòi özüò bilýärsiò ahyry!

* * *

Eziz oglum, mähriban gyzym!

Atalarymyz: «Haýyr iºi jäht tut!» diýendir. Jäht tutmak diòe bir tiz etmek däldir, gep diòe tizlikde däl, eýsem, çuòlukdadyr hem. Islendik haýyr iºe ýapyºanyòda, çuòluga, düýbe ymtylgyn! Owadan gyzyò yºgyna düºen aºygyò dünýäò bar zadyny unudyºy ýaly, bilime ulaºyp, düýpden, çuòlukdan ýöregin! Goparanyòda, düýbi bilen goparyp algyn! Telperlik, ýalpaklyk, telli-pellilik her närsede-de, onda-da bilimde türkmene nämynasyp zatdyr.

Kitap — adam paýhasynyò maddylaºmagydyr. Biziò kitaba gözümiz öwreniºipdir, bu bolsa mahal-mahal onuò gymmatyna kembaha garamagymyza sebäp bolýar. Emma adamzadyò öz baýlygy bolan akyl howaýylygyny maddylyga öwürmegiò ýollaryny tapman, niçeme asyrlar kösençlik görendigini aýdaýyn. Ahyrsoòunda, adamzat kitap diýen keramaty oýlap tapypdyr. Kitap külli adamzadyò dünýä sygmaýan paýhasyny kiçijik dörtburçluga salyp, biziò elimize tutdurýar. Eýsem, düºünene ºundan gymmat peºgeº bolup bilermi?! Kitap bilen deòeºdirilende, dür hem, göwher hem, altyn-kümüº hem hiç zatdyr. Çünki bularyò biri-de adamzadyò öz döreden närseleri däldir. Kitap welin, akylyò jemidir, adamzadyò öz-özüni ykrar etmesidir. ªol sebäpdenem, kitap gadyryny diòe adam bilýändir. Adamzadyò döreden ähli maddy gymmatlyklarydyr baýlyklary-da — ähli maddy gözellikler, tehnika-senet — bularyò bary akylyò önümidir. Hakyky ylym — durmuºy herekete getiriji güýje öwrülip bilýän ylymdyr.

Özgäò akyly bilen ýaºap bolmaýar. Durmuºda ýaºamagyò üçin özüòde hem üºügiò bolmagy gerek. Mugallym köp zat öwredip biler, adamlar bilen nähili gürleºmeli, özüòi köpçülikde nähili alyp barmaly? Bu zatlar hakda köp gürrüò edilýär. Ýöne durmuºda garaºylmadyk pursatlar bolýar, ºonda nähili jogap bermelidigini mugallymdan soramaga gidip bilmersiò. Adamyò kimdigi adamlar bilen gatnaºygyòda ýüze çykýar. Adamyò aýdýan sözleri — onuò näjüre adamdygynyò ýüze çykmasy. Ine, ºu babatda ýaponlaryò dzen tymsaly bar. Ine, ºol tymsal.

Iki sany ybadathana bar eken. Ol iki ybadathananyò ruhanylary özara gatnaºmaýan ekenler, olar biri-birini özlerine duºman hasaplaýan ekenler. Ruhanylar öz adamlaryna beýleki ybadathananyò adamlary bilen gatnaºyk etmeli däldigini sargyt edýän ekenler.

Her ruhanyda ýaº hyzmatkär bar eken. Ybadathananyò ruhanylary öz ýaº hyzmatkärlerine birmeòzeº öwüt edipdirler.

— Ol ybadathananyò ýaº hyzmatkäri bilen hiç wagt gürleºäýmegin. Olar örän howply adamlardyr.

Ýöne, näme, çaga çaga bolýar. Bir zady etmeli däl diýseò, çaganyò ºol gadagan edilen zady iki esse edesi gelýär. Bir gezek ýolda iki ybadathananyò ýaº hyzmatkärleri duºuºýarlar. Birinji ybadathananyò ýaº hyzmatkäri ikinji ybadathananyò ýaº hyzmatkärinden soraýar:

— Nirä barýarsyò?

Ikinji ybadathananyò hyzmatkäri ýolda ybadathanada öwredilen dzen okuwyny ýatlap gelýän eken. ªonuò üçin hem ikinji ybadathananyò ýaº hyzmatkäri dzen boýunça jogap berýär:

— ªemal meni nirä äkitse, ºol ýere hem gitjek.

Bu söze birinji ybadathananyò ýaº hyzmatkäriniò gahary gelipdir. «Bu meni oýnajak bolýar» diýip pikirlenipdir. Wagt geçdigiçe, gahary artypdyr. Halypanyò diýen sözleri ýadyna düºüpdir. Oòa habar gatandygyna puºman edipdir.

Ýaº hyzmatkär öz halypasynyò ýanyna baryp, «Nirä barýaò?» diýen sowalyna ikinji ybadathananyò hyzmatkäriniò «ªemal meni nirä äkitse, ºol ýere hem gitjek» diýip, jogap berendigini aýdypdyr:

— Halypam, meniò günämi öt. Sen dogry aýdan ekeniò. Olar howply adamlar eken. Men ol hyzmatkär oglanyò bazara gök önüm almaga barýandygyny bilýän-ä. ªonda-da, gep goºmak üçin soran bolaýdym. Ondan gepde utulandygyma gaty gynanýaryn, halypam. Meniò ony gepde utasym gelýär.

Halypa hyzmatkäriniò gürrüòinden ikinji ybadathananyò oglanynyò dzen boýunça jogap berendigini bilipdir we hyzmatkärine ikinji ybadathananyò hyzmatkärini gepde utmagyò ýoluny öwredipdir:

— Sen ertir ºu mahal ýene ikinji ybadathananyò hyzmatkärine duºan ýeriòe bar. Haçan-da, ol oglan gelende sen oòa düýnki sowalyòy ber. Ol oglan saòa ýene düýnki jogabyny berer welin, sen hem oòa dzen boýunça gaýtargysyny ber. Sen ondan: «Eger seniò aýagyò bolmasa näme?» diýip sora. Çünki ruh göwresiz-bedensizdir. Ruh ºemal nirä äkitse gidýändir.

Oglan basdaºyny dzen boýunça sowal berip ýeòjegine hoº bolup, ertesi ºol öòki ýere baryp, garaºmaga baºlapdyr.

Ikinji ybadathananyò hyzmatkäri gelipdir.

— Nirä barýarsyò?

— Bazara gök önüm almaga barýaryn.

Ýeri, näme diýjek?! Oglan halypasyndan öwrenen pelsepesini peýdalanyp bilmedi ahyryn.

Durmuºda mydama seniò isleýän hem garaºýan zatlaryò bolup duranok. Sen dessine jogap bermeli. Durmuºyò owadanlygy hem ºunda.

* * *

Mähriban oglum!

Eziz gyzym!

Mekdepde iki sany edep bardyr. Biri — mugallymlyk edebi, ikinjisi — okuwçylyk edebi.

Mugallym edep ºertlerini berjaý edende, çyn mugallym bolýandyr. «Alym bolmak aòsat, adam bolmak kyn» diýilýändir. Elbetde, alym bolmak hem aòsat däldir, çünki alym bolmagyò ºerti owalbaºda adam bolmakdyr. Adam bolmazdan, alym bolup bolmaýar, diòe köpbilmiº bolup bolýar.

Alym bolmagyò ºerti adam bolmak, ylmyò ºerti-de edepdir. Mugallym alym bolmalydyr. Alym — okuwda, ylymda öz ýoluny agtaran we tapan kiºidir.

Bu ýoluò iki menzili bar: alymlyga çenli menzil we alymlyk menzili.

Birinjide adam özgeleriò döreden ylmyny özüne siòdirýär.

Ikinjide bolsa, ol özünden geò-enaýy pikirleri öndürip ugraýar. Çünki ylym — munuò özi maglumatlaryò, ýat tutulan hakykatlaryò ýöne toplumy däl-de, eýsem, adamyò gözüni açýan täzelikleriò ulgamydyr. Ylym mukdar däl, ylym hildir. Ol adam ºahsyýetini täze bir hile geçirýär.

Her bir okumyº alym bolmaz.

Her bir köpbilmiº ylym eýesi bolup bilmez.

Alym üçin akyl bilen birlikde ýürek hem gerekdir. Ýürek akyly howaýylykdan janlylyga öwürýär. Çyn alym — ylym üçin doglan kiºidir. Ylym onuò watany, özge zatlar bolsa, ol watanyò araçäginden aòyrdaky närselerdir. Emma bularyò arasynda ýykylmaz diwar ýokdur, alym öz ylmyny dünýäni ºuglalandyrjak nura öwürýändir.

Çyn mugallyma — alyma öz kalp öýünde bukup oturmak ýaraºmaz. Iò oòat mugallym — ylmyny özgä berip bilýän alymdyr. Öwredip bilmeýän alym akyl husytlygynyò, pikir gysgançlygynyò guludyr. Ylym ºeýle bir baýlykdyr, ony ile berdigiòçe, ol köpeler, ylym ºeýle bir baýlykdyr, ony hem ile berip bolýandyr, hem ºol birwagtda özüòde alyp galyp bolýandyr, ylym ile berdigiòçe, aòyòda berk kök urýandyr. Bu hakykaty bilýän kiºi çyn alymdyr, onsoò ol hiç mahal zadyny ilden gysganýan däldir.

Mekdepde okuwçylyk edebiniò ºertleri berjaý edilmelidir. Okuwçynyò ýatanda, turanda gözlegi ylym, kitap bolmalydyr. Ylym zehini güýçlüleri, päli pesleri, göwni kiçileri, höwesi ululary gowy görýändir. Okuwçynyò maksady ýat tutmagy öwrenmek, köre-körlük bilen gaýtalap oturmak däl-de, pikirlenmäni öwrenmekdir. Ýat tutmak — mugallymyò bilýäni bilen oòmakdyr.

Ýat tutmak — mugallymyò beren sanly tyllasy bilen oòmakdyr. Pikirlenmegi öwrenmek — içi bimöçber, sansyz tyllaly hazynanyò açaryny edinmekdir.

Eýsem, bilim näme? Bilim ýat tutulan maglumatlar däl. Biz ömürboýy kitap baryny okaýarys, maglumat baryny özleºdirýäris. Emma, aòymyzda olaryò hemmesi saklanyp galýarmy?! Elbetde, ýok. Hakyky bilim — biziò aòymyzda ömürboýy saklanyp galýan zatlardyr. Baºgasy ýele gidýär. Saklanyp galanlary bolsa, biziò öz baýlygymyz, ol biziò aòymyza, ýüregimize siòip, biziò bir bölegimize öwrülip, ýaºamaga seriºde we usul berýär.

ªu babatda Nagyºbendi bilen baglanyºykly bir tymsal bar.

Bahaweddin Nagyºbendiniò ýanyna bir adam baryp:

— Men ýedi yklymy aýlanyp, ol ussatdan, ol ussadyò ýanyna baryp, olardan köp zatlary öwrenip, tarykatda uly ýol geçdim. Ussatlardan öwrenenlerim maòa çäksiz lezzet berýär. Men ýaly ikinji bir adam ýokdur, çünki men ähli kiºiden köp ýerde boldum, köp halypany diòledim. Siziò halypalygyòyz, ussatlygyòyz hakda ýedi yklymyò ähli künjeginde hem eºitdim. Indi meniò sizden öwrenesim gelýär.

Nagyºbendi gürrüòdeºiniò ýedi yklymy aýlanyp, ol halypadan, ol halypa baryp, nämeleri öwrenendigini anyklamak üçin käbir sowallary berýär, soòam öz müritlerine saçagy giòden ýazmagy buýurýar.

ªägirt bolmaga gelen kiºi Nagyºbendiniò bu hezzetine minnetdar bolýar.

Ilki palaw getirilýär. Halypa: «Iý, iýsene!» diýip, ºägirde kemsiz iýdirýär. ªägirt bolmaga gelen kiºi halypa mürähet edip durka doýandygyny aýdyp, yza çekilmegi gelºiksiz görüp, doýansoòam iýýär. Ondan soò gök önüm getirýärler. Ondan soò her hili süýji, ýene palow getirilýär. Getirilýän üznüksiz zatlardan doýman oturmagy gelºiksiz gören ºägirt bolmakçy kiºi getirilen zatlardan iýýär. Sebäbi özüniò iýýändigine Nagyºbendiniò begenýändigini ol görüp dur. Halypany begendirmek ºägirdiò borjy.

Ýigit aºa köp iýýär. Bu hem aºgazana bildirýär. Ol özüni oòaýsyz duýup ugraýar. Ol baºyny ýassyga goýýar.

ªonda Bahaweddin ýigide ºeýle diýýär:

— Özüòizi oòaýsyz duýýarsyòyzmy?

Ýigit baº atýar.

— Sebäbiniò nämedendigini bilýärmiò?

— Aºgazanym siòdirip ýetiºenok.

— Dogry. Ýaº ýigit, seniò ýagdaýyò tarykat meselesinde-de edil häzirki ýagdaýyò ýaly. Sen halypalardan juda köp zatlary öwrenipsiò. Ýöne ol öwrenen zatlaryòy aòyòda özleºdirmeli, aòyòa siòdirmeli. Haýp, ähli öwrenenleriòi özleºdirmänsiò. Men saòa aºa nahary özüòiò kimdigiòi takyk düºündirmek üçin iýdirdim.

Men seniò müritlige durmagyòa garºy däl. Ýöne ilki bilen öwrenenleriòi özleºdirmäge razy bolsaò. Seniò aòyò häzir her hili pikirlerden doly. Ol häzir goºmaça hiç zat kabul edip bilmeýär.

Ýigit halypa bilen ylalaºypdyr.
 


SÖZBAªYLAR / Türkmen ýigidi nähili bolmaly?! / Oka, bil, öwren! / Her kim özüne bagban


 

 

«Ýaprak» žurnaly döwlete degiºli däldir we ähli toparlardan, guramalardan, partiýalardan we birleºiklerden garaºsyzdyr.
«Ýapragyò» buýsanýany türkmen halkynyò medeniýeti, sungaty we edebiýaty barada garaºsyz
alyp barýanlygydyr.
 

© Ýaprak