TÜRKMEN ÝIGIDI NÄHILI BOLMALY?!
Türkmen öz medeni
gymmatlyklar ulgamynda nusgalyk adamyò ºahsyýetini döredip
bilen halkdyr. Biziò beýik nusgawy edebiýatymyzy okap gör!
Türkmen dessanlarynda-da, ºadessanlarynda-da, türkmen
ºygryýetinde-de sen bir ºahsyýetiò — mert, merdana kiºiniò
merkezde durandygyny görersiò.
Ýaºlykdan dünýä edebiýatynyò dür
däneleri bilen içgin tanºyp, men öz aýratynlyklary boýunça
iki hili edebiýat bar diýen netijä geldim.
Bir hili edebiýat bar, ol durmuºy agyr,
ýaramaz, göze we göwne ýakymsyz halda görkezmäge ýykgyn
edýär.
Baºga bir hili edebiýat bar, ol durmuºy
görkezende, adama nähili ahlak ýörelgeleri bilen
ýaºamagy-da salgy berip bilýär. Ol ýöne bir näme we nähili
diýen meseläni goýanok, ol näme bolmaly we nähili bolmaly
diýen sowala jogap bermegiò hötdesinden gelýär. Biziò
edebiýatymyz ikinji hile girýän edebiýatdyr. «Edebiýat»
sözüniò düýp manysy ºonuò ýalydyr.
Edebiýat — edepler ulgamy diýmekdir.
Adamy ýaºaýºa höweslendirmek, onuò ruhuny joºdurmak
ýöne-möne zat däl, öz-özünden bolaýýan zat däl. Munuò üçin
edebiýata ruhy daýanç nokatlary gerekdir. Biziò nusgawy
edebiýatymyzyò ruhy daýanç nokady türkmeniò ruhy
gymmatlyklar ulgamydyr. Adama ýöne öwüt-ündew berip,
eýt-beýt diýip höwesini, hyjuwyny, ruhuny oýandyryp
bolmaýar. Munuò üçin milletiò tebigy suratda kemala gelýän
ahlak pelsepesiniò, ruhy gymmatlyklarynyò esasly we paýhas
delilli ölçegleri talap edilýär. Biziò nusgawy
ºahyrlarymyz üçin ruhy hem akyl daýanç nokady bolan iki
sany gymmatlygy agzamak ýeterlikdir.
Olaryò birinjisi Alladyr, ikinjisi
halkdyr. ªu iki gymmatlyga gatnaºyk esasynda adam durmuºda
akyl tarapyndan esaslandyrylan ruhy-ahlak, ýagny edep
ýörelgelerini edinip bilýär. Her bir aýdylan pikir, her
bir çagyryº adama ruhy hörek bolup bilmeýär. Ruhy hörek —
islendik adamy ynandyryp biljek akyl delillerine
esaslanýan pikir gymmatlygydyr. Ýazyjy diòe durmuºy
suratlandyryp, ýöne ºol durmuºda adam ºekilli nädip we
nähili ýaºamagy görkezip bilmeýän bolsa, beýle edebiýata
ruhy hörek diýip bolmaz. Sen pylan hili adam diýýän ýazyjy
hakyky ýazyjy däldir, sen pylan hili ýollar bilen
ºeýle-ºeýle beýik adam bolup bilersiò, bolmalysyò diýip
bilýän ýazyjy hakyky ýazyjydyr. «Ýoluòda petik bar» diýýän
adam akyldar däldir, «Petik bolup görünýän — aslynda
ýagtylyga alyp çykjak yºdyr» diýip bilýän kiºi akyldardyr.
Aja: «Sen aj-ow» diýýän sahawatly däldir, ajyò garnyny
doýrup bilýän sahawatly kiºidir.
Nusgawy edebiýatymyzyò beýikligi
adamçylyga barýan ýollary görkezip bilenliginde, kalby aç
kiºilere ruhy hörekler berip bilenligindedir.
* * *
Türkmen edebiniò ulgamynda erkek
kiºiniò edep kadalary, erkek bolmagyò edep ºertleri giòden
beýan edilendir. Muòa gerçeklik edebi diýilýär. Gerçeklik
edebi erkek kiºiniò durmuºda özüni alyp barºynyò
ºertlerini öz içine alýar. Bu ºertler ruhy-ahlak kadalaryò
toplumy bolup, olaryò ýerine ýetirilmegi netijesinde
ºahsyýetde gerçeklik sypatlary kemala gelýär.
Gerçeklik edebiniò birinji ºerti —
ruhubelent bolmakdyr.
Adamyò ruhy edil beýik daglar ýaly,
edil tug kimin belentde bolmalydyr. Daglar Allatagalanyò
ýaradan iò beýik gudratlarynyò biridir — ene Ýeriò
arkasynda oturany üçin belentdir. Tug adam eli bilen dik
asmana galdyrylýandygy üçin belentdir.
Eýsem, adamyò ruhy näme mynasybetli
belent bolmaly? Bu ýerde iki sany daýanç, iki sany esas
bardyr. Ol esaslar türkmeniò milli pelsepesinden gelip
çykýar.
Birinjisi — Hudaýa bolan ynanç,
ikinjisi bolsa, halka bolan ynamdyr. Hudaýa ynanç bize
ºeýle diýýär: Hudaý adamy belli-belli maksatlar üçin
ýaradypdyr, dünýäde hiç bir zat tötänlik däl. Dogulmagam,
ölmegem Allanyò göz öòünde tutan kanunalaýyklygydyr. Özi
ýaradany üçin, ömür bereni üçin, ýagºy hem ýaman ýollary
görkezip, ýagºy ýola düºeniò ýalkanjakdygyny, ýaman ýola
gidene azap beriljegini aýdany üçin, sen öz ömrüòi ahlakly
ötürmelisiò.
Allanyò iò söýýän ahlagy bolsa —
ruhubelentlikdir. Kyn güne düºeniòde peselmeseò, ýeòil
günüòde eselmeseò, munuò özi ruhubelentlikdir. Eselmersiò
— çünki, Hudaýa ynanýansyò, peselmersiò — çünki, Hudaýa
bil baglaýansyò. Bu bäº günlük dünýäde gaýgy-gama ulaºyp,
sähel iºi dert-alada bilip oturmak gerçek ýigide uslyp
däldir. Gola gelen döwrany mynasyp ötür! Has uly
gymmatlygyò — Ýaradanyò bardygyna ynanan ynsan durmuºyò
geldi-geçer ýalpyldysyna göwün bermez, durmuºyò
geldi-geçer kynçylyklarynyò öòünde müzzerilmez, bulary
owunjak zat hasaplar. Ol diòe ºu güni, ºu pursaty bilen
ýaºamaz, ol ertirine-de sereder. Ol durmuº atly üznüksiz
heòòamyò daºyna çykyp, gündelik aladajyklaryò juda-juda
ownuk görünýändigine göz ýetirer.
Ol ºonda göwün diýilýäniò bir kiçijik
guºdugyna, ony kanagatlandyrmak üçin bary-ýogy guºuòky
ýaly ujypsyz zadyò-da ýeterlikdigine göz ýetirer.
Öz-özünden dert tapynyp, sähel iºi gam bilip,
göwnüçökgünlige ýüz urup, sussupes bolmak gerçege
geliºmez. Wagtyòam, rysgalyòam, ömrüòem Alla tarapyn
berilýändigine ynanan kiºi, Allanyò hereketi, jäht etmegi
halaýandygyna ynanan kiºi ruhubelent bolar, çünki ol
göwnüni giò tutar, gaýa-gopuzyò ýokdugyna düºüner.
* * *
Gerçek ýigit halkyna ynanar. Bu ynanç
ony ýekelikden, ýadyrgamakdan, ilden nägile bolmakdan
halas eder. Uly ilde Allanyò ady bardyr. Gerçek ýigit iliò
götermejek iºini etmez. Il-gün türkmen ýigidi üçin ölçeg
birligidir. Il bilen gatnaºykda ýaºamak onuò üçin
toý-baýramdyr. Oòa baºga närse gerekmez. Uly iliò adyna
aºyk bolanyò ýüreginde gam bolmaz. Ol her gezek ädim
ädende, ºeýle diýip pikir eder:
«Hudaýa hoº gelermikä? Il-günüò göwnüne
ýararmyka?!» Il-gün — edep terezisidir. Allanyò halamajak
iºini eden imansyz, il-günüò halamajak iºini eden ryswa
bolar.
Gerçek ýigit her pursatyny
ºadyýanlykda, keýpiçaglykda, ruhy sapada geçirer.
Gerçegiò gaýgy-gamy bir pursatlyk,
ºadyýanlygy ömürlik bolar.
Gerçek adamlar mähriban bolar, her
görenini ýitirip-tapan ýaly garºylar.
Gerçek gussasyny özüne, ºatlygyny iline
berer.
Gerçek aýbyny özünde saklar, ondan
saplanjak bolup çalºar, ºeýtse, özgeleriò gözüne kämil
görner.
Sen eleºan eºikli, hapysa bolup, il
içine çykmarsyò, eýsem, sen öz kalbyò, ýüregiò, göwnüò
hapysa, eleºan görünmegini-de islemersiò ahyryn?!
Sen öz gözüòe özgeleriò diòe owadan hem
oòat görünmegini isleýärsiò, eýsem, özüòi-de iliò ºeýle
halda görmek isleýändigi hakda pikir etmeýärmiò?!
Özgäni sussupes, gaýgyly, periºan halda
göreniòde, saòa ýakymly däldir, eýsem, seniò ºo halda
bolmagyò ile-de ýakymly däldigini oýlanýarmyò?!
Gerçek ýigidiò mydama ýüzi-gözi gülüp
durandyr, nuranadyr, keýpiçagdyr. Öz keýpiçaglygy bilen
özgäniò-de göwnüni açar. ªonda göwün göwünden suw içip,
durmuº gözelleºer, adamlar biri-birine mähriban hem
mylakatly bolarlar.
Gerçeklik edebiniò ýene bir ºerti —
namysjaòlykdyr.
Namysjaòlyk gaýrata baglydyr.
Namysjaòlyk Allanyò we iliò öòündäki arassalygyò, päkligiò
we çirksizligiòdir hem-de olary gorap bilmek dogumyòdyr.
Töwekgellik, batyrlyk, ugurtapyjylyk
hakda gürrüò gidende ejemiò Agöýli serdar hakda aýdan bir
wakasy göz öòümde janlanýar.
Agöýli serdar Nedir ºanyò goºunynda
kesearkaçly ýigitlere serdarlyk edipdir.
Bir gezek agyr ýagdaýa düºüpdirler.
Garºydaºlarynyò goºuny iki-üç esse artyk eken. Muny gören
esgerleriò howy basylyp ugrapdyr.
Nedir ºa hem onuò serkerdeleri howsala
düºüpdirler. Yza gaçmak — masgaraçylyk. Esgerlerde ynam
bolmasa-da, ýeòiº gazanmak kyn düºer. Maksat aýdyò: diòe
ýeòmeli.
Agöýli serdar öz kesearkaçly
ýigitleriniò ýanynda duran ýerinden ähli ýagdaýy
synlapdyr. Birdenem, töwekgellik etmegi ýüregine düwüpdir.
Ol atyny gorduryp, Nedir ºanyò serkerdeleriniò üýºüp duran
ýerine barypdyr.
Agöýli serdarda köne bir dinar bar
eken. Ol goltugyndan dinary çykaryp, adamlara görkezipdir:
— Adamlar, ah-ow, adamlar, meni diòläò.
Men häzir bije atmakçy. ªu dinary ýokary zyòaryn. Eger
dinaryò goçly tarapy ýerde ýokary bolup ýatsa, onda
Allanyò bizi ýalkajaklygy. Eger ýazgyly tarapy ýokary
bolsa, onda Allatagalanyò o tarapdalygy. Kimiò
ýeòjekdigini Allatagala çözýär.
Serkerdeler bir zat diýmäge ýetiºmeýär.
Dinar eýýäm ýokary zyòylypdy. Adamlar dinaryò zyòylan
tarapyna eòdiler. Birdenem, gowur al-asmana galdy.
— Alla bizlik!
— Biz ýeòýäris!
— Goçly tarap ýokary boldy.
— Nedir ºa ýeòýär!
Agöýli serdar dinarynyò gumuny
kakyºdyryp, goltuk jübüsine salypdyr.
Nediriò Agöýli serdaryò bu
özbaºdaklygyna biçak gahary gelipdir. Ol Agöýli serdary
jezalandyrmak üçin ýerinden turupdyr. Adamlaryò duºmanyò
üstüne ýeòmek üçin dyzap gygyryºyp duruºlaryny görüp,
Nedir ºa Agöýlini jezalandyrmagy soòa goýup, söweºi
baºlamaga yºarat edipdir.
ªeýle bir gazaply darkaº bolupdyr.
Darkaºda kesearkaçlylar çäksiz gahrymançylyk
görkezipdirler.
Deò bolmadyk darkaºda Nedir ºa üstün
çykypdyr.
Ýeòiºden soò Nedir ºa Agöýli serdary
ýanyna çagyrypdyr:
— Edýäniò näme seniò? Kim saòa bije at
diýdi?
Agöýli serdar dymypdyr.
— Goºunda her kim kellesine gelenini
etse, o nähili bolar? Dinaryò ýazgyly tarapy ýokary bolan
bolsa näderdiò? Men seni jezalandyrjak.
Agöýli serdar jübüsinden hälki dinary
çykaryp, Nedir ºaga uzadypdyr. Nedir ºa görse, dinaryò iki
tarapynda-a goçuò ºekili bar eken.
Nedir ºa dinary synlap, uludan demini
alypdyr:
— Men aýtdym, sen eºitdiò. Men seni
barybir jezalandyrjak. Ýöne bu gün däl. Ýigitlerimiz, goý,
bu gün dynç alsynlar.
Hiç wagt aýdan sözüni yzyna almaýan
Nedir ºa Agöýli serdary jezalandyrmak baradaky gürrüòiò
üstünden ºol günüò ertesem, soòam barmandyr.
Namysjaò bol, zat üçin, mal-mülk üçin,
wezipe hem ºöhrat üçin mertebäòi aýak astyna taºlama!
Namysjaò bol, bähbit göreýin diýip,
adamçylykdan, abraýdan mahrum bolma!
Namysjaò bol, illere ýeòsäòden gybatyòy
etmäge, üstüòden güldürmäge pursat berme!
Eºigiò gözel bolsun, namysyò-da gözel
bolsun, namysyòy betnyºan etmegiò hatyrasyna gözel eºik
geýmek gözellik däldir.
* * *
Gerçek namysjaòlygy:
— baºyòy dik tutup, il gözüne arkaýyn
bakmak;
— öòýeteniò gepini çekmezlik;
— bähbidiòe, nebsiòe gul bolmazlyk;
— baºa iº düºende, namartlyk etmezlik;
— adamçylyk mertebäòi ýitirmezlik;
— mes ýaºaýyn diýip, peselmezlik;
— zat üçin özüòi satmazlyk;
— zat üçin nebere, dogan-garyndaº
namysyny basgylatmazlyk;
— baº bermek, emma mertebäòi
bermezlikdir.
Gerçek ýigit jomart bolýandyr.
Jomartlyk il-güne söýgiòi subut etmegiò iò ynandyryjy
ýoludyr.
Jomart bol, çünki, günlerde bir gün
ýaºaýyº seniò özüòi jomartlyk bilen ölümiò eline berip
goýberer.
Jomart bol, çünki, Alla saòa jomartlyk
bilen ömür berendir.
Jomart bol, çünki, bereniò özüòde
galar, bermedigiò — ýitip gider. Özüòde galýandygynyò
sebäbi — ömrüòde-de, öleniòden soòam jomart adyò galar,
ýitip gidýänliginiò sebäbi — sende nämäniò bardygyny
özüòden baºga hiç kim bilmez, özüò bolsa, öòi-soòy ýiter
gidersiò.
Gysgançlyk — imansyzlykdandyr. Aslynda
bar zat Allanyòkydyr, zat — baýlyk diòe wagtlaýyn
seniòkidir. Gysgançlyk — zat hemiºelik meniòki diýip dawa
tutmak, Allanyò barlygyna ºek ýetirmekdir. Jomartlyk —
seniò özüòiòem, seniò zadyòyòam Allanyòkydygyny ykrar
etmekdir.
Wagt höküm sürýän dünýäde hemme zat,
baýlygam sergezdandyr, elden-ele, atdan-ada geçýändir. ªu
hakykaty ykrar etmedik — gysgançlyk etmek — Hudaýa
ynanmazlykdyr.
Hudaýdan alanyòy halka ber, halkdan
alanyòy — Hudaýa ber.
Abraý, ýagºy at bakydyr.
Zadyòy terekä salarlar, abraýyòy
Alla-da almaz.
Diòe eliò däl, köòlüòem jomart bolsun!
Ilden ýagºy sözüòi, güler ýüzüòi, açyk
göwnüòi gysganma!
Iò gysganç adam — ilden salamyny
gysganýan adamdyr.
Alla bilen adamsyò, il-gün bilen
kiºisiò.
Berip bilýärkäò bermeseò, almaly günüò
hem alyp bilmersiò.
Ýagºy iº eliòden gelmese, göwnüòde
ýagºy niýetiò bolsun. Iºiò hemiºe niýetiòe görädir.
Dünýäni Niýet atly hökümdar Iº atly hyzmatkäri bilen
dolandyrýandyr.
Janyò — Ýaradandan, ºanyò — halkdandyr.
Alanyòda — bir eliò bilen al, bereniòde
— iki eliò bilen ber. Uly bolsaò, iki eliòi uzadyp, kiçi
bolsaò, bir goluòy uzadyp salamlaºylýandyr.
Öýke-kine etmek köòül husytlygydyr.
Dünýä — dowamatdyr, abraý — bakyýetdir.
Öter dünýä üçin ötmejek abraýyòy satma!
* * *
Türkmen gijesi-gündizi ýelip-ýüwrüp,
hallan atyp, birini iki, ikisini üç etjek bolup, sermenip
ýören halk däldir. Aýdylanjanly diýer, sadaka diýer, ile
berip, il bilen iýer. Toý diýer, tomgy diýer, bahana
tapsa, il üýºürip, bagºy aýtdyryp, ºady-horramlyk kylyp,
il bilen bile iýer.
Oguz han atamyza bakyò: ol her bir
ýöriºden gaýdyp geleninden soò, her bir ºanly seneden soò
uly toý tutup, ulus-ilini jem edip, ºalyk
sowgat-serpaýlaryny, mertebeli atlary, ýurt-ýer paýlapdyr.
Gorkut atamyz her bir ýeòiºden soò, ili
jem edip, toý tutup, ºatlyk kylyp, ýagºy namalaryny
aýdypdyr...
Görogly beg her bir saparyndan
geleninden soò, külli Çandybil ulsuny çagyryp, toý
tutupdyr, mülk, ygta, ºalyk serpaýlaryny paýlapdyr.
Ata-babalarymyzyò bu ýagºy
däp-dessurlaryny biz hem dowam etdirýäris.
Sahylyk — türkmeniò ganynda bar bolan
häsiýetdir. On dördünji asyrda Ürgenje (häzirki
Köneürgenje) gelen jahankeºde alym: «Baºga ýurtlarda her
kim baýlyk toplap, emläk edinip, biri-biri bilen bäsleºse,
bu ýerde myhman alyp, aº-nan berip, zyýapat kylyp,
jomartlyk etmekde bäsleºýärler» diýip ýazypdyr...
Hatam Taý Muhammet pygamberimiz
zamanyndan ozal ýaºap geçen taryhy ºahs. Onuò jomartlygy
baradaky hekaýat äleme dolýar. Hatam Taý sahy türkmen
halkynyò sahylyk babatda buýsanjyna öwrülýär. Ol hatda
dilegçä kellesini hem berip bilýän jomart kiºi.
Türkmen halky sahy, jomart, tarhandöker
halk, sebäbi ol jomart, sahy topragyò ogly!
ªa sahawatly türkmeniò mele topragyndan
misil alyò, toprak az alyp, köp hasyl berýär.
Derýalardan misil alyò, olar mydama
akyp ýatandyrlar, eger olar akmasa, sadyr atar,
kereplär...
Daragtlardan misil alyò, Gün gyzyp
baºladygy olar ýapraklap, adam balasyna saýa salar, Günüò
howry gaçyp, ynsana Günüò nury gerek bolup ugradygy olar
ýapraklaryny döker.
Ýagºy sözler, bugdaý sözler, röwºen
sözler derwiº ýaly köòülden köòle göç eýläp, baran ýerine
aram-karar berer, pähim berer.
Biribar Ybraýym pygamberden:
— Ala-böle seni azyzlanymy bilermi sen?
— diýip sorapdyr.
Pygamber: «Ýok» diýip, jogap beripdir.
— Sen göwne degýäniò däl-de, göwne
degilýäniò ykbalyny saýlap aldyò, ine, ºonuò üçinem, seni
gowy görýärin.
Türkmeniò ganynda ejize hossarlyk bar.
Goý, ol tanyº bolsun, nätanyº bolsun, ezilýäni, ejizi
görse, türkmen ähli zerur iºini bir gapdala goýup, ºol
ejize, ezilýäne kömek-ýardam berer, hossar çykar. Bu
türkmene mahsus häsiýet.
* * *
Seýis görmedik at ºindi at däldir,
haçan-da onuò seýsi duºsa, ol ganatlanyp, ajaýyp gudrata
öwrüler.
Halypa görmedik bagºy bagºylyk etse
edibersin, barybir, ol halkyò ýüreginden orun alyp bilmez.
Nahaly ekeniò bilen bag ýetiºäýmeýär,
bagban ony gyrkar, çyrpar, timarlar, owadan görnüºe salar,
onsoò onuò miwesi hem ullakan, hem datly bolar.
Daglardan, magdan känlerinden tapylan
almaz göwher däldir, ol bary-ýogy almaz daºydyr. Ony
ýuwup, rejeläp, timarlap, köp-köp azap bilen göwhere
öwürýän zergärdir.
Biziò her birimiz özümiziò zergärimiz,
halypamyz, seýsimiz bolup, gylyk-häsiýetlerimizi
timarlaman, ýagºy adam bolup bilmeris.
Allatagala ynsanyò takdyryny, täleýini,
ykbalyny maòlaýyna ýazan-da bolsa, ol syry paº edip,
takdyr ýasaýan gylyk-häsiýetlerimizdir.
Derýa baryp, nan atyò, balyk biler,
balyk bilmese, Halyk biler, emma içinde çeòòek bolmasyn,
eýwana çykyp, guºa-gumursa däne sepiò, emma daºynda tor
bolmasyn, mydama mätäje kömek ediò, emma yzynyò minneti
bolmasyn.
At-abraýy, mertebäni pul döküp, ýa
berim bilen alyp bolmaýar, ýa zor bilen güýje baýrynyp
alyp bolmaýar, hile bilen, pirim gurup alyp bolmaýar. Onuò
ýekeje ýoly bar, diòe ýagºy adam bolmaly!
Saýaly agaç diýerler, miweli agaç
diýerler, daragtlary ikä bölerler, emma miwesiz daragt
ýokdur, miwesiz daragtlara tebigat boý beripdir, ynsana
saýaòy sal diýip...
Watany hak aºyk bolup söýüò, söýgiòiz
size näme etmelidigini salgy berer!
Söýülýän hak aºyk bolup söýüò, söýgiòiz
size näme etmelidigini salgy berer!
Söýülýänler garramaýarlar, goý,
diýarymyz mydama nowjuwan bolsun!
Söýülýänler eziz bolýarlar, goý,
diýarymyz bize ezizimizden hem eziz bolsun!
* * *
Mähribanym!
Türkmençilik — halkyò, iliò-günüò
bähbidini araýan demokratik düzgünlerdir.
Türkmençilik — halkymyzyò öz
milliligine mahsus demokratiýasydyr. Türkmen demokratiýasy
taryhy-geografik ýaºaýºy birmeòzeº bolan beýleki halklar
üçin hem nusga alarlykdyr.
Türkmençilik — türkmen häsiýetiniò
gözbaºydyr.
Türkmençilik — gerçek bolup ýaºamagyò
kada-kanunydyr.
Türkmen hemiºe özüni lebzi halallyk,
ýaºulyny sylamak, ýaºkiçä hormat goýmak, geçirimliligi,
birek-birege bolan ynamy, türkmen paýhasy bilen öz
türkmençilik häsiýetini döredipdir.
Bu häsiýet nesilden-nesle geçip,
türkmeniò milliligine ornapdyr. Bir agza bakmak, bir
patyºa, bir hana gulluk etmek, bir aksakgaly diòlemek
ata-babalarymyzyò oòat häsiýetleriniò biri bolupdyr.
Aòrymyz baryp otparazlyga uýan döwürlerinde hem
agzybirligi türkmençilik häsiýetine siòdiripdir. «Awesta»
kitabynda ºeýle pikirler bar:
— Gözbaºlar jemlenende, hana çuò we
uzyn bolýar.
— Ýumulan barmaklar güýçli ýumruk
döredýär.
— Agaç kök uran ýerinde miwe berýär.
Ata-babalarymyz yslam dinini kabul
edenden soò bir agza bakmagy, bir patyºa, bir hana gulluk
etmegi, töre-aksakgallary diòlemegi has çuòlaºdyrýarlar.
Olar adyl patyºalary, hanlary Hudaýyò ýerdäki ilçisi
hökmünde kabul edýärler.
Oguz zamanynda oguz taýpalary bir oguz
hanlygyna boýun bolýarlar, oguz ýörelgelerinden
ýöreýärler.
Gorkut ata döwründe hökümdarlar
Taòrynyò nazar salan adamy — baºyna döwlet guºy gonan adam
hasaplanypdyr.
Ata-babalarymyz sözüne-lebzine halal
bolupdyr. Hiç haçan ýalan sözlemändir. Bir zady söz berse,
soò hiç bir ýagdaýda-da sözünden dänmändir. ªonuò üçin il
arasynda: «Jan hem agyzdan çykar — lebiz hem» diýilýär.
Türkmen halky yslamy täze eýýamyò
deòine çenli göterdi.
Geçmiºde türkmenleriò yslamy goraýºy
hakda gaty köp ýazgylar galypdyr. Taryhçy Ryza Nurdan
ýekeje mysal getireýin: «Türkmenler ilkibaºda yslam dinine
gazaply garºylyk görkezipdir. Onunjy asyrda türkmenler
yslam dinini doly kabul edipdirler. Türkmenler
musulmanlygy kabul eden wagtyndan baºlap, yslamyò din
gylyjyna öwrüldiler. ªol wagta çenli Ýewropa bilen Hytaýyò
arasynda köpri ýaly bolup duran türkmenler orta asyrlarda
bolup geçen haçlylaryò çykaran dini söweºlerinde
ýewropalylaryò öòüni kesdiler, olaryò ýeòilmeklerine sebäp
boldular. Ýewropalylaryò Aziýany basyp alma pikirini puja
çykaranlar türkmenleriò ýeke özleridir.
Türkmenler bu gaýduwsyzlygy,
gahrymançylygy bilen yslam dinini, yslam dini bilen
birlikde bolsa, arap kowmuny, onuò milli özboluºlylygyny
ýok bolup gitmekden halas etdi. Eger ºol wagt türkmenler
bolmadyk bolsa, bu gün arabyò diòe bir dini däl, onuò ne
dili, ne özi galardy. Ynha, dünýä söweºiniò birnäçe
wakalary ºuny tassyk edýär. Ýöne yslamyýeti gahrymanlarça
ºunça ýyllap gorap, hatda ony Hindistandan, Wena çenli
ýaýradan türkmenlere, dindeºlerine hristianlaryò sapyna
geçip, hyýanat edipdirler. Ýagny täzeden guralan
haçlylaryò ýöriºine Ehi Salibiò goºunynyò hataryna öz
islegleri bilen goºulypdyr. Hakykatdan hem Aziýanyò iò
batyr, güýçli, sagdyn, gaýduwsyz we baºarjaò milleti
türkmenlerdir. Aziýa diýlen wagty türkmenler olaryò
gözüniò öòüne geliberýär. Aziýa syýasatyny we taryhyny
bilmek üçin, hökmany suratda türkmenleri öwrenmek
gereklidir.
Türkmenler Ýewropanyò üstüne hunlar,
parslar, awarlar, osmanlylar ady bilen çozup, rowaçlyk
gazanypdyrlar. Ýewropalylaryò ganly ýöriºlerini ýene-de
türkmenler togtadypdyr. Anadoluda, Malazgirtde garaºsyzlyk
söweºi bolmadyk bolsa, Aziýanyò iºi gaýdýardy. Anadoly
Aziýa üçin mäkäm bir gorag halkasy boldy. Ýewropalylaryò
türkmenlerden nesilden-nesle geçip gelýän gorkusy bardy.
Hindistanda, Müsürde bolup geçýän wakany hem iòlisler
türkmenlerden görüpdiler. Hakykatdan-da, fransuzlara garºy
ªamda çykan gozgalaòlarda esasy kynçylyk döreden
Iskenderun ºäheriniò töweregindäki bir oýnam türkmen
ýigitleridi. Nirede deòsiz-taýsyz ýeòiº gazanylýan bolsa,
onda ol türkmenleriò iºidir diýen ynam, gorky Ýewropa,
Aziýa ýaýrapdy, türkmenler Ýewropanyò, Aziýanyò aòynda
ýeòilmezek, beýik halk hökmünde ýaºaýardy».
* * *
Türkmen taryhynyò dördünji eýýamynyò
döreden ºahsyýet nusgasy — goç ýigitdir. Goç ýigit —
ýokary ahlak sypatlary özünde jemlän ºahsyýetdir. Oòa
rehimdarlyk, kiçigöwünlilik, iliò bähbidi üçin ýaºamak,
pespällik we ruhubelentlik mahsusdyr. Ol öz
töweregindäkileri äsgermezçilik edenok, gaýta, öz
bähbidini, öz isleglerini basyp, il bile ylalaºyga gelmegi
baºarýar. ªeýle ýigide türkmençe arkaly adam diýilýär.
Türkmeniò ruhy dünýäsi goç bile gurdy,
goýun bile möjegi gapma-garºy goýýar. Has giò jähetde
aýdanyòda, munuò özi türkmeniò döwletsizlik eýýamynda
durmuºda agalyk eden ºahsyýet görnüºini — gurdy inkär
etmekdir. Çünki ol ºahsyýet özüniò dyzmaç meýilleriniò
yzyna düºýär, özüniòkiden baºga zady bilmeýär. ªeýdibem,
uly iliò bähbidi we ary köýýär. Bu hili sypat, elbetde,
göçme manyda gurda mahsusdyr.
Ili hormatlamak — adamy, ýanyòdaky
janly adamy hormatlamakdan baºlanýar. Sebäbi il ºeýle
adamlaryò köplüginden emele gelýär. Il-gün ýöne bir howaýy
düºünje däldir.
Türkmen adam ºahsyýetini hormatlamagy
goç ýigidiò esasy sypaty hasaplaýar.
Gurt ýaly bolmaly däl-de, goç kimin
mert, goýun kimin parahatlyk söýüji, hoºniýetli bolmaly.
ªonda adam hem, tutuº il hem döwlet tapar.
Islendik manydaky döwletlilige ýetmek
üçin ºahsyýet öz-özüni çäklendirmäni, öz isleglerini
agyzdyryklamany baºarmalydyr. Türkmen türkmeni baýnatmaýan
häsiýetiò biriniò hem kakabaºlyk, men-menlikdigine oòat
göz ýetiripdir. Men-menlikden el çek, il bile bol, il
oòlasa, atyòy soý, il bile gelen toý-da-baýram, hatda
horlansaòam, urulsaòam il ýagºy diýen pelsepe türkmeniò
baº ýörelgesidir. Çünki diòe ili, halky ºeýle jebis
bitewülige öwürmek arkaly milleti ýokary göterip, döwlete
ýetmek mümkin.
ªeýle pelsepäniò taryhy durmuº
tarapyndan ºertlendirilendigini aýtmak gerek. Türkmen
beýik döwletdir beglikler, hanlyklar eýýamynda ºeýle
pelsepäni ýöretmese-de ýöretmezdi. Çünki maddy, syýasy,
harby taýdan güýçli hem gurnalan millet has hem ýokary
galmagyò aladasynda ýaºaýar. ªahsyýet özüni çäklendirmek
däl-de, özüni doly ykrar etmek barada pikir edýär. Hany,
ol eýýam?! XVIII asyrda pessaý uçmaly, ýorganyòa görä aýak
uzatmaly bolupdy. Indi milletiò içki ruhy düzüminde
özgertme geçirmeli we ony täze gymmatlyklara
ugrukdyrmalydy.
Magtymguly türkmene mert ýigit
nusgasyny berdi. Bu mert ýigit öòki eýýamlaryò mert
ýigidinden düýpli tapawutlanýandyr. Indi onuò mertligi
«Gorkut atadaky» ýa-da «Görogludaky» ýaly baº kesip, gan
dökmek bilen ölçenilenok. Hatda eli gylyçly bolaýanda-da,
gylyç oòa diòe goranmak üçin gerek. Ýöne oòa gylyçdan hem
beter ahlak, ynsap ölçegleri gerek.
Mertlik — durmuºdaky adam
gatnaºyklarynyò hadysasydyr. ªahyryò mertlik düºünjesinde
harby many ikinji orunda durýar. Bu, esasan, ruhy-ahlak
düºünjesi we ruhy-ahlak gymmatlygydyr: «Mert çykar myhmana
güler ýüz bile, namart özün gizlär, myhman ýoluksa».
Akyldar türkmene mertligiò bir wagtky
tarapyny açyp berýär. Ol — myhmansöýerlikdir. Mertlik —
jomartlykdyr, ejizi goldamakdyr, ile azaryòy ýetirmän, öz
derdiòi özüò çekmekdir. Jomartlyk hem ruhy, hem maddy
manyda düºünilýär.
Magtymguly türkmeniò Eflatunydyr.
Sebäbi ol beýik ýunanly ýaly akyl ýetirmäniò, pelsepe
ýöretmäniò baº usulyny — gapma-garºylykly pikirleri özara
çaknyºdyryp, üçünji bir pikiri — hakykaty tapmak usulyny
ussatlyk bile ele alan akyldardyr. Goýun — gurt, mertlik —
namartlyk, husytlyk — jomartlyk, nebis — iman, akmak —
akylly, dana — nadan ýaly gapma-garºylykly jübütler arkaly
ºahyr täze türkmene gerek pikir gymmatlygyny tapmagy
baºarypdyr.
Mert — iliò adamy.
Namart — bir özüni bilýär.
ªeýdip, Magtymgulyda esasy gymmatlyk
bolup il-gün, il-günüò bitewüligi hem-de jebisligi öòe
çykýar.
Beýik akyldar türkmeni agzybirlikden,
syýasy bitewülik bolan döwletden daºlaºdyran
gylyk-häsiýetler, düºünjeler barada köp oýlanypdyr.
Erbetlikleriò çeºmesi adamyò içinde otyr diýen pelsepä
gulluk eden ºahyr ºol içki erbetligi bir söz — «nebis»
diýen söz bilen aòladypdyr. Nebis adamyò dosty ýaly bolup
görünýär. Sebäbi ol adama — ýygna, ýygºyr, döwran sür
diýýär. Emma ol muny wagtlaýyn — adam erkini eline alýança
diýýär. Adam öz erkini dostsyraýan duýga — nebse berenden
soò, ol uly hossa, adam baºyny iýiji bela öwrülýär. Adam
nebsiò guluna, nebsiò elindäki gurjaga we gurala öwrülýär.
Mert, erkek adam — öz nebsine buýrup
bilýän adamdyr. Mert nebsi hemiºe-de özüne duºman saýar.
Sebäbi hut nebis adamy ýakynlarynyò, köpçüligiò,
jemgyýetiò duºmanyna öwürýär.
Nebisden ýalòyz gaçybatalga — imana
göwün bermekdir. ªahsyýet özüniò içki dünýäsini köpçüligiò
gymmatlyklary, Allanyò gymmatlyklary esasynda gurnanda, ol
imanly bolýar. Imanly adamyò güýçli tarapy — oòa gizläre,
bukara, utanara, çekinere hiç hili ýaramazlyk, erbetlik
ýok. Ol içki, ruhy taýdan tämiz adam.
Iman edinen adamda dünýä üçin, kynçylyk
üçin hiç hili gam, hiç hili göwnüçökgünlik bolmaýar.
Iman jemgyýet bilen sazlaºykly
ýaºamagyò ajaýyp içki ruhy usulydyr.
Magtymguly özünden öòki eýýamlaryò
daºky göreºini adamyò içine saldy. Türkmen ºahsyýetiniò
baº göreº diýip öz-özi bilen, öz bikemallygy bilen göreºi
hasap etmegini isledi. Sebäbi ºahsyýetiò täze görnüºinde
esasy sypat ruhanalyk bolmalydy.
Gadymy döwürde bir parasatly ulamanyò
ýanyna ýaº ulama gelip, ºeýle diýipdir:
— Siz örän parasatly adam. Siz
Allatagalanyò nazar salan kiºisi.
Ulama baº atyp, minnetdarlyk
bildiripdir:
— Seniò pikiriò dogry...
Ýaº ulama çykyp gidensoò, parasatly
ulamanyò ýanyna baºga biri gelipdir. Ol ulama ºeýle
diýipdir:
— Sen ýönekeý adam däl. Sen ºeýtan.
ªeýtanlyk gudratyò bilen adamlary özüòe imrindirmegi
baºarýarsyò.
Parasatly ulama minnetdarlyk bildirip,
baºky sözlerini gaýtalapdyr:
— Seniò pikiriò dogry...
Parasatly ulamanyò ýanynda oturan kiºi
bu iki kiºä berlen birmeòzeº jogaba geò galypdyr:
— Men düºünmedim-le, sen gelenleriò
ikisine hem: «Seniò pikiriò dogry» diýdiò. Munuò hikmeti
nämedir?!
Parasatly goja ýanyndaky oturana ºeýle
jogap beripdir:
— Men hakykaty aýtdym. Diòe bir ikisi
däl, men hakda müò adamyò dürlüçe pikirleriniò bolmagy-da
mümkin. Her kim öz dünýäsi boýunça özgä baha berýär.
Onsoò, heý, müò adamyò pikirem bir bolarmy?!
Adamy özgä berýän bahasy bilen-de tanap
bolar.
* * *
Eziz oglum, mähriban gyzym!
Ýer ýaly jomart bol, üstüòden ýaºaýyº
gitmez!
Diliòem jomart bolsun, eliòem jomart
bolsun! Göwnüòem jomart bolsun, akylyòam jomart bolsun!
Dil jomartlygy — ýagºy sözleri
aýtmakdyr.
El jomartlygy — halal zatlary
eçilmekdir.
Göwün jomartlygy — halky söýmekdir.
Akyl jomartlygy — peýdaly pähimleri
ündemekdir.
Jomartlyk — halallykdan nyºandyr.
Diliò jomartlygy — sözüò halallygyndan,
el jomartlygy — zadyò halallygyndan, göwün jomartlygy —
niýetleriò halallygyndan, akyl jomartlygy — pikirleriò
halallygyndandyr.
Jomartlyk — özüòi ile aldyrmakdyr.
Jomart adam — Allanyò ýalkan adamydyr.
Gerçek ýigit dil edebini berjaý
edýändir.
Dil edebi — dilewarlykdyr.
Göwni açygyò — dili süýjüdir, sözleri
mähir-muhabbetden doludyr. Gerçek — bag, agaç kimindir,
ajyny özüne siòdirer, süýjüsini — ile eçiler.
Pähim-paýhasly sözleri köp biler, ýerli-ýerinde ulanar.
Uruº-sögüºiò, jenjeliò ýapan gapylaryny süýji dili,
dilewarlygy bilen açar. Gepini-sözüni her ýerde-de
düºündirip biler.
Dilewarlyk — göwün gapysydyr. Göwnünde
ýaman zadyò ýoklugyny süýji dili bilen subut eder.
Dilewarlyk — göwün açarydyr. Gerçek ýigit ýagºy söz bilen
özüne ýol arçar, öòündäki böwetleri ýykar. Söz bilen göwün
awlar, söz bilen göwün alar. Göwün bolsa galadyr. ªonuò
üçinem, dilewarlyk iò oòat serkerdelikdir.
Söz — akylyò ºaýadydyr. Akylsyz kiºi
akylsyz sözlär, akylly kiºi akylly sözlär. Geplemeli
ýerinde dymmak akyl nalajedeýinligi, dymmaly ýerinde
geplemek akyl ätiýaçsyzlygydyr. Akyl nämäni buýursa, dil
ºony diýer. Akyl Alla tarapyn berler, emma adam berlen
akyly öz zähmeti bilen güli açan ýaly açýandyr. Akyly
açmak üçin köp okamak, zehini açmak üçin köp oýlanmak
gerek.
Gerçek ýigit rehimli hem hamrak
bolýandyr. Rehimdarlyk ejizleriò däl, güýçlüleriò
sypatydyr. Gerçek ýigit özünden ejize, özünden akyly pese,
özünden zehini gowºaga rehim eder. Çünki, onuò göwni
giòdir, oòa özgeleriò gerdeninden basyp ýokary galmak
zerurlygy ýokdur, çünki ol ºeýle-de özgelerden ýokarda
durýandyr. Gerçek ýigit aýal maºgala dözümsiz, neresse
çagalara hamrak bolar.
Gerçegiò endamy gaty, köòli ýumºak
bolar.
Gerçegiò ruhy belent, päli pes bolar.
Gerçegiò baºy gökde, göwni ýer
kimindir.
Gerçek ýigit kiçiniò ýanynda — kiçi,
ulynyò ýanynda — welidir. Kiºi kimin garpyºar, kiºi kimin
garºydaºyny bagyºlap biler.
Kiçi bolma, kiºi bol!
Mertlik, gerçeklik edebiniò miwesi —
öz-özüòden razy bolmak, öz-özüòden kanagat tapmak, öz
göwnüòe ýetmekdir.
Eziz türkmenim!
Taòrynyò ynsana beren peºgeºi
paýhasdyr.
Paýhasyò miwesi ylymdyr. Ylmyò netijesi
terbiýedir. Terbiýäniò netijesi edepdir.
Edebiò netijesi bolsa ýagºy ahlakdyr.
Men ynsan gymmatlyklarynyò içinde
ahlagy iò ýokarda goýýaryn. Çünki biziò ähli ömür iºimiziò
maksady oòat ahlagy döretmekdir. Men talyp ýaºlaryò öòünde
çykyº edenimde, türkmen ýaºlaryna on iki sany ahlagy
sargyt etdim. Ruhnamanyò ºu ikinji kitabyny-da ºol
sargytlary göz öòünde tutup ýazdym. Öz çykyºymda men
ýaºlara mahsus on iki ahlak gymmatlygyny görkezip geçmek
bilen çäklenipdim. Häzirki kitabymda bolsa, ol
gymmatlyklaryò düýp manysyny, dürli taraplaryny has
anyklaºdyrdym we meseläniò jähetlerini has giòeltdim.
Netijede, türkmen ýaºlaryna, umuman, türkmen ºahsyýetine
niýetlenen ruhy edep kadalarynyò birgiden ulgamy döredi.
Edep kadalarynyò öwrenilmegi, özleºdirilip, kalba
siòdirilmegi, her bir ýaº juwanyò durmuºynda ýerine
ýetirilmegi oòat ahlaklylygy terbiýelär.
Edebiò esasynda köp-köp ahlak
gymmatlyklary, ylaýta-da, meniò sargyt eden on iki ahlak
ýörelgäm ýatýar. Olaryò birinjisi — akylly bolmak
hulkudyr. Akyl hem pikir adama dünýä düºünmäge, özüne göz
ýetirmäge kömek edýär. Akyl bolmasa, adam-da bolmaz. Adam
diòe pikirlenip bilýändigi bilen adamdyr.
Akyllylygyò ºerti sagdynlykdyr. Akyl
ruhuò hadysasy bolsa-da, beden üstüne daýanýandyr. Bedene
bolsa, sagdyn akyly üpjün etmek üçin, jan saglygy
gerekdir. Jan saglygy, ilkinji nobatda, adamyò öz
elindedir. Akylly-baºly durmuº endikleri, beden
hereketleri, ýaramaz endiklerden daºda durmak we beýleki
zatlar janyò saglygyny kepillendirip biler. Jan saglygy
ýöne bir hyýal-arzuw edilip, beýleki tarapdanam, saglyk
talaplaryna biperwaý garalanda, ýetdirýän gymmatlyk
däldir. Diýmek, pikirlenmek üçin saglyk gerek, saglyk üçin
bolsa, akyl gerekdir. Bular biri-biri bilen
baglanyºyklydyr.
Baky bagtyýarlyk ýoluna düºen türkmen
iliniò her bir ogul-gyzynyò sagdyn pikirlenmäge ukyby
bolmalydyr, niýet edinen iºini, maksadyny durmuºa geçirmek
üçin on iki süòòi abat bolmalydyr.
Akyl hem beden sagdynlygy pikiriò dogry
hem dürs iºlemegine ºert döredýär. Pikirlenmek möhüm
gymmatlykdyr. Pikirlenip bilmeýän adam aýdylan söze dogry
düºünip bilmez. Dogry düºünmek — sözüò aòyrsynda ýatan
many genjine ýetmekdir. Mana ýetmek üçin degºirmek,
umumylaºdyrmak, netije çykarmak ukyplaryna eýe bolmaly.
Aýdylany ýöne ýat beklemek, düºünmän gaýtalap ýörmek idili
netije bermez. Düºünmek üçin aýdylany ýüregiòe-kalbyòa
siòdirmek, ony öz içki baýlygyòa we ynanjyòa öwürmäni
baºarmak gerekdir. Diòe dogry düºünilip, kalpda orun alan
sözler oòat ahlaga we herekete getirip biler.
Ýaºlar her bir aýdylan zada dogry hem
dürs düºünmelidir, her bir aýdylan zatdan dogry netije
çykarmany baºarmalydyr.
Aslynda öwrenmek, bilim almak diýilýän
zadyò manysy-da ºondadyr. Özbaºdak pikirlenmek, özüòçe
dogry netije çykarmak, soò öz gezegiòde täze-täze
pikirleri açyº etmek hakyky bilimdarlykdyr. Diòe ºeýle
bilimdarlygyò bolan ýerinde hünär, iº miweli zähmete
öwrülýär.
Emma her bir pikiriò, her bir akyl
iºiniò gürrüòsiz ykrar etmek hakykaty bardyr. Ol hakykat
iman hakykatydyr. Iman — Taòrynyò barlygyna we birligine
ynanmakdyr. Akyl ºu jedelsiz hakykatdan ugur almalydyr.
Ýogsa, ol azyp, külli ýaºaýºa howp salyp biler. Imansyz
akyl tebigaty weýran edip, ahlagyò soòuna çykyp biler.
Munuò özi gaýtgynsyz, doly weýranlyk bolardy.
ªonuò üçinem:
Türkmeniò her bir ogul-gyzy Taòra
uýmalydyr. Taòrydan gorkmalydyr.
Diòe ºonda zehin güli açylyp, akyl miwe
berip biler. Iman hem akylyò netijesidir, hem akylyò baº
ºertidir. Iman esasyna daýanmaýan akyl boº gülleýän
agaçdyr. Iman esasyna daýanmaýan akyl garypdyr we
göýdükdir. Imansyz akyl ownukçyldyr, dardyr we
nalajedeýindir.
Imanly bolsaò, zehiniò gül-gül açylar.
ªonda adamyò ähli beden, akyl ukyplary derýa kimin joº
urar. Bossanyò gülleri kimin burk urar. Zehin açylyp, ýat
berkär, syzgyrlyk, düºbülik ukyplary iºe girer. Adam
ºahsyýeti ruhy ºahsyýet bolup oýanar. Ruh ºahsy
akyl-paýhas miwelerinden dadyp, özge hiç bir zadyò
ýetmeýän kämilligine, belentligine ýeter. ªonuò üçinem:
Ýaºlar okan, eºiden, gören zatlaryny
ýadynda saklamagy öwrenmelidir, okanyny unutmaly däldir,
ýaºlar düºbi, syzgyr bolmalydyr, aòlamagy baºarmalydyr.
Bilimiò oòat netijeleriniò biri-de
suhangöýlük hem dilewarlykdyr. Zehini açylyp, ylym
hazynasy ýetik bolan adamyò ýüz-gözi-de üýtgeºik
nuranadyr. Onuò aýdýan sözleri-de üýtgeºik täsirli we
özüne çekijidir. Akyl hazynasy pikir baýlygyndan belli
bolar, pikir baýlygy söz baýlygynda görünýändir.
Geplemegi-sözlemegi oòarmaýanyò ylmyna ynanyp bolmaz.
Ylym akyly, akyl kalby, kalp zybany,
zyban bolsa, adamy herekete getirýändir.
ªonuò üçinem:
Ýaºlar çeper sözli, düºündirmegi we
gürleºmegi baºarýan bolmalydyr.
Durmuº tejribesi ýetik, köpügören adam
bolsa-da, ylymsyz hem bisowat kiºi sözi bilen köpçüligi
imrindirip, özüne çekip hem haýran galdyryp bilmez.
Suhangöýlük we dilewarlyk ylymdandyr.
Emma kämil bolmak üçin bular asla-da
ýeterlik däldir. Diliò owadan hem enaýy sözler bilen boº
iºläp durmazlygy üçin, bu gymmatlyklaryò üstüne ýene bir
esasy gymmatlyk — amal goºulmalydyr. Amal — ähli ruhy
gymmatlyklaryò ölçeg daºydyr, amal — ähli ruhy gylyklaryò
mähek daºydyr. Ylym öwrenip, amal etmeseò, ýaºaýyº
çapyºygynda orta ýolda galmakdyr. Kämil kiºi amaly bilen
kämilligini subut eder. ªonuò üçinem:
Türkmeniò her bir ogul-gyzy öwrenen
zadyna amal etmelidir, tebigy taýdan dogry sözli, ýamany
ýazgarýan bolmalydyr.
Amally bolmak üçin diòe bir sözde däl,
eýsem, iºde-de ýamany ýazgaryp, ýagºyny ykrar etmek gerek.
Meniò tebigy taýdan dogry sözli bolmaly diýýänim sözümiò
aòyrsynda tebigy bolºy, amaly ýatmaly diýdigimdir. Çünki,
söz bilen hereketiò aýry gelmegi ýasamalyk we emelilikdir.
Amala esaslanmaýan söz owadan bolup biler, emma hiç mahal
tebigy, ýagny hakyky bolmaz. Amala esaslanýan, amal bilen
tassyklanmaýan akyl emelidir, bu bolsa ýaºaýºa
ukypsyzlykdyr. Netijede, beýle söz adamy kämil çykarmagyò
däl-de, ony güýmemegiò, wagtyny almagyò seriºdesi bolup
çykýar. Beýle akyl iò soòunda petige direýär, synýar,
akylyò synmagy bolsa, uly-uly ruhy we ahlak kynçylyklaryna
getirýär.
ªonuò üçinem, edepli ruhy ýaºaýºyò ýene
bir gymmatlygy — adamkärçilik we ynsap öòe çykýar.
Ýaºlaryò adamkärçilik sypaty beýik
bolmalydyr.
Ýaºlar ynsabyna görä adalatly,
dogruçyl, akgöwünli bolmalydyr, harama garºy göreºmelidir.
Ynsap amalyò içki ruhy esasydyr.
Akyldan gözbaº alyp, dile gelýän sözüò amala öwrülmegi
diòe bir gymmatlyga — ynsaba baglydyr. Ynsaplylyk gözel
ahlakdyr. Ynsap iki zada — adamyò zandyna we ynanjyna
baglydyr. Alla zandyna guýan bolsa, adamyò özi-de
düºünjelilik bilen ynam hem ynanç edinen bolsa, onuò
amally boljagy ºübhesizdir.
Ynsabyò umydy ýeke bir gymmatlyk —
ruhubelentlikdir. Ruhubelentlik ynamdan gelip çykýar. Öz
gezeginde-de ruhubelentlik ynam we ýaºaýºa söýgi döredýär.
Söýmän, ýaºamak bolmaz. Söýgi — mähirdir. Gün — älemiò
söýgüsidir. Gün bolmasa, älem ýaºaýºy bolmazdy.
Türkmeniò her bir ogul-gyzy maksada
okgunly bolmalydyr, göwnüçökgün bolmaly däldir, ýaºlara
sussupeslik ýaraºmaz.
Ruhubelentligiò daýanjy bolan ynam
mukaddeslikler bilen baglanyºyklydyr. Ol mukaddeslikler
barasynda men dürli edep sapaklarynda giòiºleýin gürrüò
edipdim. Ýöne olaryò içinde iki sanysynyò orny baºgadyr.
Bular Watan hem-de il-gündür.
Ýaºlar Watan üçin, il-gün üçin,
maksady, namysy üçin ölümdenem gorkmaly däldir.
Sebäbi Watan, il-gün, maksat hem-de
namys adam ömrüniò manysyny düzýän ruhy-ahlak
gymmatlyklardyr. Onsoò olar üçin ölümden gorkmazlyk tebigy
zatdyr. Olar bolmasa, ömür ömürem däldir. Ömür üçin ölüme
göni barmak tebigylykdyr. Ömür baýlykdan gymmatlydyr,
baýlyk ömre deò däldir. Ömür öz-özüòi ykrar etmek,
bardygyòy ýagºy adamlar bilen subut etmekdir.
Türkmeniò her bir ogul-gyzy
mertebesiniò öòünde baýlygy, puly pes saýmalydyr.
Türkmeniò her bir ogul-gyzy wagtyny
bihuda geçirenine, netijesiz iºlänine namys etmelidir.
Mähriban gyzym, eziz oglum!
Ömrüòi ömre meòzet! Bu haýyrly iºde meniò edebim saòa
gollanma hem ýardamçy bolsun!