ENE – MÄHRIÒ ADAM KEªBINE GIRMEGIDIR
Zenan — mähek daºydyr!
Mähek daºynyò gyzylyò saplygyny
görkeziºi ýaly, her bir milletiò nämedigini onuò zenanlara
bolan garaýºyndan we ol milletde aýalyò eýeleýän ornundan
bilip bolýandyr. «Zenan mähek daºydyr» diýen pelsepäni
döreden türkmen milleti aýala aýratyn söýgi hem hormat
bilen garaýar. Men: «Zenan erkekler üçin kim we näme?»
diýen mesele boýunça gürrüò etmekçi bolýaryn. Türkmen öz
zenanyny baýdaga deòeýär. Baýdak milletiò ar-namysydyr hem
abraýydyr.
Zenan biziò durmuºymyzyò gülüdir. Ol
biziò bütin ýaºaýºymyzy gözellik hem mylaýymlyk bilen
besleýär. ªonuò üçinem, ýaºaýºy zenansyz göz öòüne
getirmek asla mümkin däldir. Biziò tutuº edebiýatymyz
zenan mertebesiniò we zenan gözelliginiò waspyna
bagyºlanandyr. Türkmen dilinde wasp ediliºi ýaly, baºga
hiç bir dilde-de zenanyò tarypy ýetirilen däldir.
Türkmen paýhasy zenanyò edep
sypatlaryny töwerekleýin beýan edýär.
Zenan edebiniò ilkinji ºerti —
uýat-haýaly bolmakdyr. Bu çuòòur hem manyly düºünjedir.
Haýa zenanyò eºiginde-de, özüne beren serenjamynda-da,
hereketinde-de, gep-sözünde-de, göwün-hyýalynda-da
bolmalydyr.
Haýa — zenanyò aýratyn ruhy
tebigatydyr. Halkyò ýok ýerinde, zenan-da ýokdur. Zenanyò
egin-eºiginde bildirýän haýa eºigiò titilik, ºelaýynlyk
ýokundysyndan azat bolmagydyr, beden gözelliginiò
bigänelere güjeòlenmezligindedir. Türkmen zenanynyò uzyn
köýnegi, nagyºly ýakasy, baºatgyjy muòa laýyk gelýär.
Zenan gözelligi onuò beden gözelligi bilen asla-da bir zat
däldir. Türkmeniò milli eºigi zenanyò köpçüligiò öòünde
görünmeli gözelligini saklap, zenanyò diòe öz adamsyna
degiºli gözelligini bolsa, del gözden ýaºyryp, örtüp
goýýar. Munuò özi milli gözellik düºünjämiziò hem
inçeliginden, ahlaklylygyndan we adyllygyndan habar
berýär. Gyz maºgalanyò öz ösüºinde oglandan tapawutlanyp
ugran pursatyndan, onuò terbiýesi baºgaça guralýandyr. Bu
terbiýäniò maksady gyzyò edep-haýasyny çirksiz
saklamakdyr. Haýaly gyzyò hereketi, gep-sözi baºga
bolmalydyr. Oòa ýumºaklyk, çeýelik mahsus bolmalydyr.
Wahahaýlap gülýän, gatydan gygyryp gürleýän, gödek,
gelºiksiz sözleri diline alýan türkmen gyzyny göz öòüne
getirmegem mümkin däldir.
Zenanyò ýöreýºinde-de, oturºynda-da, iº
ediºinde-de ýumºaklyk bildirip durmalydyr. Zenan ýöreýºine
türkmençe ýeriò gaýmagyny bozman ýöremek, oturºyna kepderi
oturyºy, iº ediºine guba gaz hereketi diýilýär. Beýle
hereketde zoòtarlyk hem gödeòsilik ýokdur. Türkmen zenany
ýylgyranda bägülüò açylyºyny ýatladýar, geplände bilbiliò
saýraýºynyò owazy eºidilýär. Bu owaz howanyò asudalygyny
bozman, kalbyò aýnasyny garaltman, göwün gulaklaryna baryp
ýetýär. Türkmen zenanyna erkegiò bar ýerinde aýaklaryny
uzyn salyp oturmak, aýaklarynyò arasyny açyp ýa
aýbogdaºyny gurup oturmak mahsus däldir.
Haýa — ýüzdedir we gözdedir. Türkmen
zenany erkegiò gözüniò içine seredip, ýüzüne göni dikanlap
gürleºmez. Olar iò ýakynlary bilenem bir tarapa bakyp,
ýüzüniò bir tarapyny ýeòi bilen ýapyp gürleºýändir. Zenany
urmak, onda-da ýüzüne urmak külli günädir, iò uly aýypdyr.
Erkek bilen ol aradaºlykda durup, köplenjem baº atyp ýa-da
baºyny ýaýkap habarlaºýandyr. Türkmende gyzlaryò ýüzi
açykdyr, gelinleriò bolsa, köplenç, agzy ýaºmaklydyr.
Ýaºmak — türkmen gelniniò erkek hossarlarynyò ýanyndaky
hormat-sylagydyr. ªonuò üçinem, ýaºmak uzak wagtlap dowam
edýär. Erkek hossary ýa garry eneler gelniò özüne sylag
edýändigini görüp, monça bolup, birnäçe wagt geçenden soò,
minnetdarlyk sowgat-serpaýy bilen gelniò agzyny
açdyrýarlar. Çünki sylag diòe gep-sözde däl, eýsem,
hereketdedir hem. Zenan tarapyn aragatnaºygyò gözelligi
diòe gepleºikde däl, eýsem, dymmakdadyr hem.
* * *
Täze gelen gelni garry eneler maòlaýyna
sylýar. Edil ºonuò ýaly edip, täze dogan Aý hem maòlaýa
sylynýar. Bu örän gadymy eýýamdan galan mukaddes
hereketdir. Çünki gadymy eždatlarymyz Aýa hem aýala Hudaý
hökmünde garapdyrlar. Aý — aýallyk jynsynyò nyºanydyr. Aý
gijäniò tümlügini kowýar, dünýä ýagtylyk çaýýar. Türkmen
zenanynyò edebi durmuº gödekliklerini kowup, dünýämize
gözellik çaýýar. Onuò güler we nurana ýüzüni görüp, ähli
dert-aladamyz, ownuk ünjülerimiz ýok bolup gidýär. Onuò
ilkinji sözünden ýüreklerimiz ýylap, kalbymyz aram tapýar.
Zenan jemalyny görüp, ýüreklerimiz hem gozgalaò, hem
teselli tapýar, çünki Allatagala zenany ýüregimiziò
ýakynyndaky gapyrgadan ýaradandyr. Adam ata zenanly bolmak
üçin bir synasynyò kemelmegine dözendir. Munuò özi Adam
tarapyndan örän uly akyllylyk bolupdyr, çünki ol juda az
zadyny berip, oòa derek örän beýik bagtyny alyp bilipdir.
Zenanyò ikinji bir edep sypaty
päklikdir. Türkmen gözeli päkdir, päkligini nikasy we
wepasy bilen subut edýändir. Päkligiò netijesi-de
päkizelikdir. Päklik durmuºda dogruçyllyk, adyllyk bolup
ýüze çykýar. Men öz ömrümde zenanlaryò erkeklere garanda
has dogruçyl, has adyldygyna köp gezek göz ýetirdim.
Päklik zenanyò asyl tebigaty bilen baglanyºyklydyr. Ýalan
— ýüregiò kiri, aýalyò ýüregi bolsa päkizedir.
Türkmen zenanynyò üçünji edep sypaty —
mähremlik. Mähremlik — mähir eýesi bolmak. Zenan gözleri
bize kimirsiz mähir bilen garaýar, ene elleri biziò mähir
bilen baºymyzy sypaýar, hatyn bizi uzak aýralykdan soò
edalylyk, haýa hem mähir bilen bagryna basýar. Zenan
bolmasa, dünýä mähirden mahrum galardy.
Türkmen zenanyna gözellik hem näziklik
mahsusdyr. Zenan gözelligi Allatagalanyò ýaradan iò nepis
zadydyr. Gözellige hemme zat — boý-syrat, kaddy-kamat,
türkmeniò üç ýogyn, üç inçe, üç ak, üç gara diýýäni — bary
girýändir.
Üç ýogyn — saçy, gerdeni we bilegi;
üç inçe — barmagy, bili we saçynyò
tary;
üç ak — ýaòagy, alkymy we göwsi;
üç gara — zülpi, gözi we gaºydyr.
Zenan biziò üçin enedir, hatyndyr,
uýadyr we gyzdyr. Türkmeniò zenan edebiniò ºertleri
zenanyò ºu dört tejelligine baglylykda aýry-aýrylykda
anyklaºýar.
* * *
Çaga atanyò bilinden, enäniò ýüreginden
önýändir. Perzent enesi üçin ýüreginiò bir bölegidir.
ªonuò üçinem, perzent bilen ene mähir arkaly
baglanyºyklydyr. Ene bolmak — mährem bolmakdyr. Ene
perzendi göwresindekä, ýüreginden oòa mähir inderip
durmalydyr, ºonda rehemdäki düwünçek kanagat hem bagt
bilen çaga öwrülýändir. Ene bäbegini mähir berip
emdirmelidir, diòe ºonda bäbek bagtlylyk bilen
ösüp-ulalýandyr. Ene çagasyna mähir berip, soò naz-nygmat
bermelidir, ene çagasyny mähir bilen mekdebe ugradyp,
mähir bilenem garºy almalydyr. Ene çagasyna mähir bilen
gatyrganyp, mähir bilen gujagynda götermeli, mähirli
elleri bilen baºyny sypamaly, mähir bilen öwüt-ündew edip,
dogry ýola gönükdirmelidir. Perzent näçe uzaga gitse-de,
ojagyò duzy hem ene ýüreginiò mähri hemiºe ony dogduk
öýüne gaýtaryp getirer.
Ene — mähriò adam keºbine girmegidir.
Aýal edebiniò baº ºerti — wepadyr.
Türkmen zenany adamsynyò öòünde aýal, öý-ojagynda
keýwanydyr. Aýal diòe özi üçin däl, eýsem, çagalary we
adamsy üçin ýaºaýar, öz ömrüni ºolaryò ömrüne sapýar.
ªonuò üçinem, türkmen ojagy öçenok, ºonuò üçinem, türkmen
öýi zenanyò gerdeninde saklanýar. Ol ir ertirden giç
agºama çenli öý-içeriniò aladasy bilen gydyrdanyp geçýär.
Biº-düº, kir-çäk, öý-ojak arassalygy — erkekleriò iò
gahrymany-da aýalyò edýän bu iºleriniò ondan birini-de
edip ýetiºýän däldir.
Türkmen zenany dilinde «Men wepaly»
diýmeýär, ol öz wepasyny bütin ömri, iºleri bilen
görkezýär. Ýöne bularyò barynyò daºyndan hatyn ýene gazanç
hem edýär ahyryn. Erkek munça-munça ýagºylygyò astyndan
çykmak hakynda pikir bir edýärmikä?! Äri är edýän aýaldyr.
Aýal — öýüò Hudaýydyr!
Türkmen zenany erkekden has
artykmaçdyr. Zenan bagyºlap bilýär, zenan ärini bagyºlar,
är aýalyny bagyºlap bilmeýär. Munuò özi zenanyò ähli
günälerimizi bagyºlaýjy, bizi ýalkaýjy rehimli Hudaýa
erkege garanyòda has ýakyndygyny görkezýär. Zenan
näletkerde ogly-da bagyºlap bilýär, çünki ol adamsynyò we
perzendiniò iliò gözüne ilmeýän ýagºy taraplaryny-da
görmäge ukyplydyr. Bu ukyp onda näletkerdäniò düzeljegine
bolan ynamy döredýär. Aýal adamsynyò ýaramaz
etmiºlerini-de özüne siòdirip otyr. Ol adamsynyò bikemal
taraplaryny-da gizläp, ýuwup-ýuwmarlap, ile syr bildirmän
otyr. Men kämahal oturyp pikir edýärin: eý, Hudaý, türkmen
zenanynyò gerdenine daglaryò götermejek nähili agyr
ýükleri urlupdyr?! ªolaryò baryny-da ol erkeklere elýetmez
çydam hem mertlik bilen çekip ýör. Onsoò erkege däl,
eýsem, aýala mert, merdana diýmeli ahyryn!
Türkmen öz aýalynda nesliniò dowamatyny
görüpdir.
Zenan — bakylygyò nyºany.
Zenan — bakylygyò açary.
Zenan — bakylyga geçelge.
Bakylyk bolsa — perzentlerdir. ªonuò
üçinem, biz çagalarymyza üýtgeºik hamraklyk bilen
bakýarys. Biziò bu dünýäde goýýan iò uly nyºanymyz
perzentlerimizdir.
Eger perzent, çaga biziò ruhy-biologik
nyºanymyz bolsa, biziò döredijilik iºimiziò miweleri-de
dünýäde galdyrýan ruhy nyºanlarymyzdyr. Ruhy gymmatlyklary
döretmek, binalary gurmak, döwlet döretmek — bularyò bary
ruhy döredijilik iºleridir. Ýöne ºolary-da biz öz
perzentlerimiz üçin amal edýäris. ªonuò üçinem, nesilleri
terbiýelemek, olaryò maddy hem ruhy abadançylygynyò
aladasyny etmek iò uly ahlaklylykdyr. Geljegi döretmek,
goluò hem paýhasyò güýji bilen arzuwlary amal etmek iò uly
ahlaky gahrymançylykdyr.
Türkmen çaga gezek gelende gaty hamrak,
duýguçyl halk. Türkmeniò häsiýetinde agraslyk bilen
hamraklyk utgaºýar. Ýogsam, göräýmäge, bu häsiýetler
tebigaty boýunça biri-birine ýat häsiýetler ýaly. Agraslyk
gyòyrlyk bilen sepleºip gidýän häsiýet. Ýowuz taryhy
durmuº hem türkmen tebigaty onda ºeýle häsiýeti kemala
getiripdir. Emma çaga meselesindäki hamraklyk onuò
ýüreginiò ýowuzlaºmagyna ýol bermändir. Çaga söýgüsi
arkaly türkmen durmuºa söýgüsini, ýüreginiò duýgudan
püre-pürlenip durandygyny görkezipdir. Çaga türkmende
gyòyrlykdan, biperwaýlykdan, göwün sowuklygyndan halas
ahlak sypatlarynyò kemala gelmegine sebäp bolupdyr.
Çaga terbiýelemekde ata-babalarymyzyò
toplan baý mirasy bar. ªol baý mirasy mekdeplerde ýaºlara
elýeterli etmek, öwretmek gerek.
Soòky döwürlerde çaga terbiýesini erkek
kiºileriò köpüsi aýallarynyò üstüne atdylar. Zenanlar
bir-ä içeriniò ähli keºigini çekmeli, hemem çagalara
terbiýe bermeli. Zenanlaryò keºigi hiç wagtam ýeòil bolan
däldir, ýöne häzirki döwürde öòki döwürlerdäkidenem has
artdy. Ärini, maºgalasyny ekläp-saklap ýören iºjeò
zenanlar az däl.
Zenanlar durmuºda okgunly, gaýduwsyz.
* * *
Mähribanlarym!
Diniò biziò altyn döwrümizde iki hili
özboluºly jemgyýetçilik manysy bardyr. Birinjiden, din —
ynanç-ygtykatlaryò ulgamydyr. Ikinjiden bolsa, din —
durmuº keºbimizdir. Garaºsyz türkmen döwletinde biz
dünýewi durmuº keºbini alyp barýarys. Emma diniò, onuò
ynanç-ygtykat taraplarynyò ahlak manysyny goldanýarys.
Çünki ahlak dinden gelip çykýandyr. Diniò ahlak
kada-kanunlary ýüzlerçe ýyllaryò dowamynda türkmeniò içki
ynanjyna öwrüldi. Din türkmeniò ýüreginde ahlak binalaryny
gurdy. Ol binalaryò berkdigine ýetmiº ýyllyk hudaýsyzlyk
döwründe-de olaryò ýykylmandygy oòat ºaýatlyk edýär. ªonuò
üçinem, biziò haýyr hem ºer, haramlyk hem halallyk,
ynsaplylyk hem naýynsaplyk ýaly düºünjelerimiz özüniò
gelip çykyºy boýunça din bilen baglanyºyklydyr. Günä bilen
sogap hem ºonuò ýalydyr. Dini düºünjeleriò esasynda o
dünýä, dowzah hem jennet ýaly düºünjeler ýatan bolsa,
dünýewi-ahlaky ýörelgeleriò esasynda türkmen döwletiniò,
türkmen jemgyýetiniò, Altyn asyryò öòündäki borç duýgulary
ýatýar.
Özüniò düýp aýratynlyklary boýunça
aýala ikinji derejeli ºahs hökmünde garan yslam hem
türkmen durmuºynda aýalyò ornuny peseldip bilmedi. Sebäbi
aýalyò durmuºda tutýan ºol uly orny türkmeniò has gadymy
ynançlary, onda-da ruhy ynançlary bilen baglanyºyklydyr.
Ruhy ynanç diýmek bolsa, bir görnendäkisinden juda uly
zatdyr. ªu wagta çenli materialistler durmuº ynanjy
döredýär diýip geldiler. Emma taryh, hakykat tersine
ºaýatlyk edýär: ynanç durmuºy, ºol sanda taryhy durmuºy-da
döredýär, ruhy ynanç durmuºy dolandyrýar, oòa dowamatyò
görnüºlerini hem usullaryny berýär. Biziò arheologlarymyz
Türkmenistanyò iò gadymy oturymly ýerlerinden beýleki
tapyndylar bilen birlikde aýal hudaýlarynyò örän köp
ºekiljiklerini tapýarlar. Ata-babalarymyz aýala hudaý,
keramat hökmünde garapdyrlar. ªeýle ruhy ynanç, ruhy
garaýyº degiºlilikde aýalyò durmuºdaky ornuny-da
kesgitläpdir. Keramat hökmünde garalýan aýalyò durmuºdaky
erk-ygtyýary, hukuklary örän uly bolupdyr.
Yslam dininiò gelmegi bilen türkmen
aýaly, elbetde, hudaýlyk ähmiýetinden kesilipdir. Emma oòa
keramat hökmünde garalmagy ruhy ynançlarda-da, janly
durmuºda-da dowam edipdir. Göroglynyò aýaly Agaýunusyò
ºahsyýetini ýatlaò. Agaýunus — perizat. Periler bolsa,
adamdan akyl-paýhasy, aslyýeti, ahlak sypatlary boýunça
has ýokarda durýarlar. Olaryò asly — otdan. Ot türkmeniò
ruhy düºünjesinde keramatyò nyºanydyr. Ot arassalaýar, ot
ýalkym saçýar, ot garaòkylygy aradan aýryp, nur saçýar.
Orta Aziýanyò beýleki halklarynyò ynançlaryndan
tapawutlylykda türkmenlerde periler diòe aýal jynsly
diýlip hasaplanylýar.
ªeýle ruhy ynanç aýalyò jemgyýetdäki
ornuny-da, maºgaladaky ornuny-da kesgitleýär. Taryhy
kitaplar türkmenlerde dürli döwürlerde patyºa aýallaryò
bolandygyna ºaýatlyk edýärler. Aýallaryò içinde ºahyrlar,
bagºylar, alymlar, hatda harbylar hem bolupdyr. Maºgalada
bolsa, birinjilik elmydama aýala degiºlidir. ªonuò üçinem,
türkmen dilinde ºeýle diýilýär: aýal — maºgala! Bu dil
aýratynlygy ruhy ynanç aýratynlygyndan gelip çykýar. Eger
maºgala jemgyýetiò esasy birligi bolsa, eger jemgyýet örän
köp sanly maºgalalardan ybarat bolýan bolsa, onda
türkmenlerde aýal jemgyýetiò eýesidir. Jemgyýetiò ahlagy
aýalyò ahlagyna gönüden-göni baglydyr. ªonuò üçinem, bu
beýik hakykata oòat düºünen ata-babalarymyz aýalyò
erk-ygtyýary, ahlak belentligi hem kämilligi hakynda
aýratyn alada edipdirler. Türkmenlerde aýal keramat, ahlak
gymmatlygy hasaplanypdyr.
Dünýäniò tagamy durmuºyò eºreti,
ýaºaýºyò gözelligi hem gönezligi bolan türkmen aýaly Altyn
asyrda ruhubelentligiò täze bir basgançagyna çykdy. Aýal —
türkmen ahlagynyò päkligidir!
* * *
Okuwy ýaòy tamamlap geläýen
uçurlarymdy. Iºde bir kärdeºime diýseò synym oturdy. Ol
iºine ökdedi, iºjanlydy, özem edeni bolup barýardy.
Günortan çaýyny kä meòkide, kä oòkuda içerdik. Onuò
maºgalasy ýaly agzybir maºgala örän seýrekdi. Arasy iki
ýaºdan, setir ogullary bar, özlerem uly adamdan kiçeldilen
ýaly. Salamly-helikli, ýeke-ýekeden gündeligini kakasyna
görkezip, berekella alyp gidýärler. Öýlerine barsaò, çaýam
basyrylgy durandyr, iýer-içerem taýyndyr. Süýji dilli
aýalynyò elem süýji. Onuò adamsyna hormat goýºuny söz
bilen beýan eder ýaly däl. Adamsynyò aýalyny ýürekden gowy
görýändigem her sözünden bildirip dur. Men:
— Tüweleme, çagalaryòa terbiýe berip
bilipsiò — diýdim.
— Terbiýe ejesindendir... ªeýle-ºeýle
etseòiz, kakaòyz hoº bolar diýip, meniò adym bilen
seýisläp ýörendir.
Men olaryò bagtly maºgalasyna daºyndan
buýsanýardym, Zöhre-Tahyr bolup, söýºüp, durmuº
gurandyrlar öýdýärdim. Soò bir öwrümde bolan wakany gürrüò
berse-de, men ozalky pikirimde galdym...
Meniò kärdeºim ºindi okap ýörkä
ene-atasy daº obada garyndaºlary bilen guda bolýarlar, toý
sähedi bellenýär, gelnalyjy ugradylýar. Emma bolmasyz
ýagdaý bolýar duruberýär. Gelnalyjy oba ýetip gelýär, gyz
bolsa gaçypdyr!.. Kakasy bende kellesini tutup, bagryny
ýere beräýipdir, bu namysa çydaman, aýallar-a
orlaºypdyr... Garasaý, türkmeniò ölümden erbet görýän iºi
bolupdyr.
Gyzyny durmuºa çykarjak bolan adam iki
dogan eken. Bu masgaraçylyga çydamadyk inisiniò gyzy
ejesine:
— Ýüzügaralykdan sypyp bolar öýtseòiz,
meni çykaraýyò — diýip, olary köºeºdirmäge çalºypdyr.
Ýaºuly tapylyp, maslahat oòlanýar.
Inisiniò entek ýaºy doly ýetmedik gyzyny gaçan gyza derek
durmuºa çykarýarlar. Ynha, ºol gyz meniò kärdeºimiò aýaly
eken! Men geçmiºde bolan bu wakany eºidenimden soò,
kärdeºimiò maºgalasyna has hem synym oturyp, has hem sylap
baºladym. Soò bir öwrümde kärdeºim äre gaçan gyzyò ýagdaýy
barada gürrüò berdi: onuòky ºowlamandyr. Ene-atadan geçip,
gaçyp baran äri bile bir ýylam ýaºaºyp bilmändir, häzirem
üçünjimi-dördünji äri bilen ýaºaºyp ýörmüº, gatnaºyklary
ýokmuº...
Durmuºda her hili zatlar bolup biler,
ýöne är bilen gaçmak diýen zady welin, men oòlamaýaryn.
Gaçmak — bu bagtyòdan gaçmakdyr. Hiç bir ata-ene
perzendiniò betbagt bolmagyny isleýän däldir. Her hili
ýagdaý ýüze çykanda-da düºüniºip bolar. Çaga ýetiºdirmegiò
kynçylygyny her bir kiºi bilýändir. Jigeriòden önen
perzendiò ýüzüòe gara çekip gitse, bu çökder urgy bolýar.
Mähriban ýaºlar!
Öýlenmekde-de, durmuºa çykmakda-da
howlukmaçlyk etmäò! Türkmene her bir iºde ýedi ölçäp bir
kesmek mahsusdyr. Her bir tutumda ata-eneòiziò iò ýakyn
maslahatçyòyzdygyny unutmaò. Bir iº etmekçi bolsaòyz,
hökman ata-eneòize sala salyò. ªonda olaryò depesi gök
dirär. Siziò iºiòiziò ºow almagy, bagtyòyzyò açylmagy üçin
etek alty-ýeò ýedi bolup ylgar!
Ata-enäniò garºysyna gidilip,
gazanyljak zat biçak uly, biçak gymmatly bolsa-da, ºol
bähbidiòizden geçmegi baºarsaòyz, döwlet taparsyòyz, bagt
taparsyòyz.
* * *
Zergärçilik miladydan öòki III–II
müòýyllyklarda hakyky sungat derejesinde ýüze çykyp, ösüp
baºlapdyr. Ýöne zergärçiligiò ilkinji alamatlary has
gadymy döwürlerde, ilkidurmuº adamlarynyò awçylyk bilen
meºgul bolan zamanlarynda döräpdir. Türkmen topragynda
irki adamlaryò gonalgalary bolan Jebel, Damdamçeºme
düºelgelerinden iò ýönekeýje bezeg daºlary tapyldy.
Jeýtunda ýaºan adamlar balykgulaklary aýal-gyzlaryò bezeg
ºaýlary üçin ulanypdyrlar.
Aýal-gyzlar üçin gymmatbahaly daºlardan
monjuk, asyk, ýüzük ýaly zatlary ýasamak Parfiýa
döwletiniò paýtagty Nusaýda has hem ýörgünli bolupdyr. ªol
ýerden tapylan ýüzükleriò gaºynda möhür ºekiliniò bardygy
hem zergärçiligiò bu ýerde ýokary derejede bolandygyny
görkezýär. Baýramalynyò ýakynyndaky harabalykdan tapylan
bir müòden gowrak monjuklaryò we haýwanlaryò ºekili
çekilen möhürleriò V–VI asyrlara degiºlidigini alymlar
kesgitlediler.
Türkmenler ºaýlary, esasan, kümüºden
ýasapdyrlar. Sebäbi kümºüò saglyga peýdasy türkmenlere
gadymdan mälim bolupdyr. Kümüº köp kesel döredijileri ýok
edýär, bedeniò gan aýlanyºyny sazlaºdyrmaga kömek edýär.
Zergärçilik orta asyrlarda has ösüpdir.
Ýörite kümüºçiler obalary bolupdyr. Seljuk ºasy Mälik ºa
döwründe Maryda 15 müò zergär bolupdyr. Olar aýal-gyzlary,
atlary bezemek üçin örän ajaýyp ºaýlary ýasap satypdyrlar.
Gyzlara, gelinlere, ýaºy durugºan zenanlara ýaºyna görä
ºaýlar ýasalypdyr. Gupba, çekelik, sümsüle, kökenli ýüzük,
apbasy gyzlara degiºli ºaýlar bolsa, asyk, saçýüzi,
maòlaýlyk, bilezik, çapraz-çaòòa gelinlere degiºli ºaýlar
hasaplanypdyr. Ýaºy bir çene baran zenanlar düwmeleri,
ºelpeleri bolmadyk tumar, heýkel, bent ýaly salyhatly
ºaýlary dakynypdyrlar.
ªaýlar çagalara-da dakylypdyr.
Oglanjyklara ok-ýaý ºekilli ºaýlar, gyzjagazlara düwmeler,
dogaçyr dakylypdyr. Hatda kähalatlarda ik, ikbaº hem
kümüºden ýasalypdyr.
Gelin-gyzlaryò boýuny-baºyny bezeýän,
ºyòòyrdaºyp, ajaýyp, näzik owaz edýän ºaýlar, çarpaýa
galanda, Günüò tygyna ýalpyldaýan bedew atyò kümüº
bezegleri, çagajyklaryò ädimine görä düòòürdeºýän
düwmeleriò owazy türkmenleriò göwnüni galkyndyrypdyr,
olaryò ruhuny göteripdir, ýaºaýºa höwesini artdyrypdyr.
Türkmen ºaý-sep, zergärçilik sungatyna
keramat hökmünde garaýar. Biziò gadymy ºaý-seplerimiz
peri-peýker ýaly gözelleriò bezegi bolup geldi. Türkmen
bedew atyny hem ºaýlamagy hökmany bilýär. Dünýä
bazarlarynda gadymy ºaý-seplerimize örän gymmat baha
kesilýär. Dünýäniò meºhur kinoýyldyzlary, teatr
ýyldyzlary, sungat, edebiýat bilen dahylly meºhur
zenanlary hökmandan-hökman türkmen ºaý-seplerini dakynmagy
dereje bilýärler.
Türkmen gyzlarynyò ºaý-seplerine üns
beriò: gupba — tuwalga, çekelik — bukaw — boýundan gylyç
salynmazlygyny üpjün edýär, gülýaka döºi, gursagy goraýar.
Bilezik goly, donuò öòüne, arka tarapyna dakylýan dürli
apbasylar, dürli ºaýlar peýkamdan goraýar. Türkmen gyzyny
doly ºaý-sep bilen bezeseò — ol doly söweº geýmine giren
juda owadan söweºiji gyz bolýar. Hasaplanyp görülse, bir
aýal ähli ºaý-sepini dakynsa, otuz alty kilogram
altyn-kümüº götermeli bolýar.
Türkmeniò zenana goýýan bahasyna bakyò!
* * *
Keºde çekmek gelin-gyzlarymyzyò ýürek
arzuwyndan, on barmagynyò gudratyndan dörän sungatdyr.
Edil halynyò, keçäniò nagyºlary ýaly, keºdeleriò hem syrly
manylary bar. Her keºdäniò öz orny bolup, olar aýal hem
erkek adamlaryò, çagalaryò eºiklerine ýaº aýratynlygyna
görä salynýar. Gelin-gyzlaryò tahýasy, köýneginiò
ýakalary, kürte-çyrpylary, elbukjalary, erkek kiºiniò
tahýalary, ezýaka köýneginiò ýakasy, elýaglygy keºde bilen
nagyºlanýar.
Halynyò, keçäniò keºde — nagyºlarynyò
arasynda-da özara baglanyºyk bar. Mysal üçin, alaja, goçak
nagyºlary ºularyò hemmesinde gabat gelýär. Munuò özi
türkmen gelin-gyzlarynyò bu sungatynyò diòe olaryò öz
kalbyndan syzylyp, türkmen topragynda dörändigini
aòladýar. Olar türkmen ruhunyò reòklere siòen näzik
owazlarydyr.
* * *
Gorkut ata türkmeniò maºgala ahlagynyò
esasyny goýdy. Ol türkmen maºgalasynda aýalyò kesgitleýji
ornuny ykrar etdi. Ahlak mugallymy hökmünde ol edil erkek
kiºileriòki ýaly, aýallaryòam birnäçe ahlaky kysymyny
beýan etdi.
Oòyn ahlakdaky aýallara öýüò —
maºgalanyò daýanjy diýip at berdi.
Ýagºy aýal maºgalanyò abadançylygynyò
daýanjydyr.
Ýagºy aýal öýüò rysgalynyò daýanjydyr.
Ýagºy aýal öýüò akylynyò daýanjydyr.
Ýagºy aýal öýüò ar-namysynyò
daýanjydyr.
Ýagºy aýal maºgalanyò at-abraýynyò
daýanjydyr.
Daýanç — sütündir.
Daýanç aýrylansoò, abadançylygam,
rysgalam, akyl-paýhasam, ar-namys hem, at-abraý hem
galmaýar.
ªeýdip, Gorkut ata türkmen zenanyny
gaty belende galdyrdy.
Erkek — aýaly bilen erkekdir.
Äri är edýänem — aýal, äri gara ýer
edýänem — aýal.
ªuny tekrarlan Gorkut ata ýene aýtdy:
Aýalyò ýykan öýüni Taòry hem düzedip
bilmez.
Är — öýüò goragy, aýal — öýüò diregi,
direg bolmasa, goragyò ne manysy bar.
Aýal äri üçin ýaºar, är ili üçin ýaºar.
Gorkut atanyò maºgala baradaky
pikirleri türkmen maºgalasynyò ahlak durkunyò doly kemala
gelendigini görkezýär. ªol durkuò içinde aýal maºgalanyò
öz mizemez orny bar. Hiç kim ol orny eýeläp, tutup
bilmeýär.
* * *
Eziz gyzym!
Gyz edebiniò baº ºerti — ekramly
bolmakdyr. Ol enesiniò öòünde-de, atasynyò öòünde-de,
özgeleriò ýanynda-da ekramly hem mylaýymzada bolmalydyr.
Ebtini oòarman ýörene, synasyna seretmän ýörene türkmen
gyzy diýmek bolmaz. Ol bir özüni däl, doganlaryny-da,
öý-ojagy-da bezeýär ahyryn.
Gyzyò ýüregi näzik, akyly mähek
bolýandyr. Gyzyò zehini oglanyòkydan ýiti bolýandyr. Gyz
ºonda-da ata-enesinden erkek doganyna garanda, az tamakin
bolýar. Çünki, gyz göwni pessaýdyr.
Uýa edebiniò baº ºerti — mähriban
bolmakdyr.
Naçar uýa dag ýaly erkek doganyò
söýgedidir.
Mähriban gyzym!
Türkmeniò zenan edebi gözeldir, manylydyr hem sadadan
gelen çylºyrymlydyr. Türkmen adyna mynasyp boljak bolsaò,
ony ýagºy öwren, durmuºyòda özüòe mahsus wepalylyk bilen
onuò ºertlerini berjaý edip ýaºa! Goý, göreniò gözi
gitsin! ªonda seniò göwnüò göteriler. Ömrüòe röwºenlik
çaýylar!