KIÇI BOLMA,
KIªI BOL!
Eziz oglum, mähriban
gyzym!
Edebi ýaºlykdan öwrenmelidir. Edep
ýaºlygy terbiýelemek üçin ata-babalarymyz tarapyndan
döredilendir. Çünki, çaga edep-terbiýä mätäçdir,
edep-terbiýesiz, öz-özüòden adam bolmak durmuºyò kanunynda
ýokdur. Edebiò binýady bolsa akyldyr — ata-babalarymyzyò
müòlerçe ýyllaryò dowamynda toplan akyl genji-hazynasydyr.
Edep almak ºol akyl hazynasynyò içine girmek we ondan
göterinip bilen baýlygyòy almakdyr.
Agyrlyk agyrlyk bilen göterilýändir.
Ýeòillik agyrlygy göterip bilmez. Akyl hazynasyny götermek
üçin özüòde-de akyl üºügi gerekdir. «Akyl ýaºda bolmaz,
baºda bolar» diýleniniò manysy edep üçin içki — ºahsy
amatlylygyò bolmalydygyna, edep yzgaryny özüne çekip, ömür
gülüni bitirýän göwün topragynyò gerekdigine syrygýar.
Boljak oglan ýaºlykdan bellidir.
Edep seniò kämillige ymtylmagyò daºky
hereketlendirijisidir, emma ol diòe seniò özüòde kämillige
bolan höwesiò barlygynda netije berip biler. ªonuò üçinem,
seniò özüòden, ilkinji nobatda, özüòden kämil çykmak, adam
çykmak erki hem küýsegi gerekdir.
Adamzat öz tebigaty boýunça almaga
höwesekdir. Her kim almaga höwesek. Adamyò ºu
tebigatyndanam onuò bagt meselesi çözülýär. Eger sen
özüòden berip bilseò, onda saòa-da bererler. Durmuºdan
almak mümkinçiligi bilen adam öz bagtyny kesgitleýär.
Diýmek, seniò bagtyò adamlara berip bilýändigiòe baglydyr.
Berseò, alarsyò. Alyp bilseò, özüòi bagtly hasaplarsyò.
Diýmek, bagtyò ºerti, ilki bilen, özgeleri bagtly
etmekdedir.
Adamzadyò almaga höweseklik tebigaty
ata-babalarymyzyò edep hazynasy babatda-da üýtgewsizligine
galsyn! Edepden mümkinçiligiò ýetdiginden köpräk aljak
bol! ªonda bagtly bolarsyò, çünki, edep — jemgyýetiò
ýaºaýyº kadalarydyr, ol kadalary bilmezden we berjaý
etmezden, bagtly bolup bolmaz.
Edebiò ýagºysy ulyny sylamakdyr.
Edebiò baºlangyjy ýaºkiçilik edebidir.
Ýaºkiçilik edebi ulynyò uludygyny ykrar
etmekden baºlanýar. Muny ykrar etmek bolsa, ýaºulynyò
öòünde borçludygyòa, oòa ahlak hem gaýry ýörelgelerde
boýun bolmalydygyòa düºünmekdir.
Ata-babalarymyz ýaºaýyº üçin ähli zatda
ölçegliligiò, rejeliligiò we sazlaºygyò gerekdigini
bilipdirler. Ýaºy ulyny sylamak adamlar arasyndaky
gatnaºyklary ýaº nukdaýnazaryndan sazlaºdyrmak
ýörelgesidir.
Edep — adamyò tebigy-beden ösüºini onuò
ruhy ösüºi bilen sepleºdirmekdir.
Edep — adamyò tebigy ösüºini ruhy-edep
gymmatlyklary bilen ºertlendirmekdir. Eger edep bolmasa,
onda adam ruhy ºahsyýet däl-de, bary-ýogy beden birligi
hökmünde boý alardy, beýle zat adamzat jemgyýetiniò
abadanlygyna zeper ýetirer. Çünki, adamzat ýaºaýºy üçin,
bir tarapdan, tebigy ösüºe ýol bermek, beýleki tarapdan
bolsa, onuò jemgyýet üçin ýaramsyz goºmaça netijelerini
aradan aýyrmak gerekdir. Adam bolmak üçin adam terbiýesi —
edep gerekdir.
Eziz oglum, mähriban gyzym!
Zynhar, ýaºy ulyny syla!
Ýaºkiçilik möwriti türkmen
müçenamasynda, esasan, üç müçäni öz içine alýandyr. Olaryò
birinjisi — çagalyk müçesi, ikinjisi ýetginjeklik,
üçünjisi bolsa, ýigitlik müçesidir. Elbetde, ýaºkiçilik
diýilýän zat öz-özlügiòde däl-de, özüòden ululyk babatda
kesgitlenilýän umumy düºünje. Ýaºy özünden uly barka, her
kimem ýaºkiçidir. Emma ömrüò nukdaýnazaryndan, ýaºkiçilik,
köplenç, ºol üç müçä baglanyºykly närsedir. ªonuò üçinem,
ýaºkiçilik müçeleriniò hersiniò öz edep ºertleri bardyr.
Bu ºertleriò berjaý edilmegi her birimiziò edepli-kadaly
ºahsyýet ösüºimiziò ruhy esaslaryny üpjün eder.
Ýaºkiçiligiò ilkinji möwriti bolan
çagalygyò öz edep ºertleri bardyr. Adamzat çagasy ýedi
ýaºyna çenli beden ºahsyýeti hökmünde gutarnykly kemala
gelýär. Munuò manysy: ol ºoòa çenli ene-atasyndan alan
gan-gen närselerini doly ýüze çykarýar. ªondan soò galan
zatlary — öz ösüºi üçin gerek zatlaryny durmuºdan alyp
ugraýar. Durmuºdan diýýänim — daºyny gurºap alýan
ýagdaýlardan, adamlaryò göreldesinden we sözlerinden alyp
baºlaýar. Ata-babalardan galan gymmatlyklar ulgamy bolan
edep adama çagalykdan berlip baºlanmalydyr. Ýedi we on üç
ýaº aralygynda her bir türkmen çagalyk edebiniò kadalaryny
özleºdirmelidir.
* * *
Çagalyk edebiniò esasy kadalary
ºulardyr:
— öz bedeniòi arassa saklamagy öwren!
Irden turup, el-ýüzüòi ýuwmagy, nahardan öò we soò eliòi
ýuwmagy, irden hem giçlik diºleriòi ýuwmagy, hepdede bir
gezek suwa düºünmegi endik et. ªonda çagada hapysa
gezmekden utanmak duýgusy kemala geler;
— egin-eºigiòi özbaºdak geýinmegi
öwren. Egin-eºigiòi tämiz saklamagy, aýawly saklamagy
endik et;
— hat ýazmagy we okamagy öwrenip baºla;
— öý goºlaryny, enjamlaryny ulanmagy
öwren;
— öý haýwanlaryny idetmegi öwren;
— ýaºyòa laýyk dürli oýunlary oýnamagy
öwren;
— daº-töweregiòi gurºap alýan zatlar —
öý, bakja, soòra mekdep, köçe bilen aragatnaºyk saklamagy
öwren;
— ulular — ata-eneò, doganlaryò,
terbiýeçileriò, mugallymlaryò, goòºularyò, tanyºlaryò
bilen aragatnaºyk saklamagy öwren. «Eje», «kaka», «dost»,
«jora», «mugallym», «daýy», «ata», «ene» diýip ýüzlenmegi
öwren;
— ulular we deò-duºlaryò bilen
salamlaºmagy öwren. Ýat adamlar bilenem, tanyºlar bilenem
her bir gatnaºygyò hökman salamdan baºlanmalydygyny öwren;
— edilen sowgat, ýagºylyk üçin
minnetdarlyk bildirmegi, «Sag bol», «Taòryýalkasyn»
aýtmagy öwren;
— islegiòi, möhümiòi haýyº bilen
bitirmelidigini öwren;
— ulularyò gürrüòini, söhbetini
diòlemegi, olardan öwrenmegi endik edin;
— ulularyò özüòden edýän talabyna
düºünmegi we ýerine ýetirmegi öwren!
On üç ýaºdan adamyò ýetginjeklik müçesi
baºlanýar. Oglandyr gyzyò gylyk-häsiýeti, bolºy, endikleri
we özlerini alyp barºy ýuwaº-ýuwaºdan tapawutlanyp
ugraýar. ªonuò üçin bu döwür beden ösüºi üçinem, aò we
ruhy-ahlak ösüºi üçinem juda ähmiýetlidir. Adam ondan öò
ulularyò dünýäsiniò daºyndady, indi ol kem-kemden ulularyò
dünýäsine aralaºyp ugraýar. Bu ugraýyºyò sazlaºykly we
ºowly bolmagy üçin ºu edep kadalary zerurdyr:
— ulyny syla!
— ulynyò hakyny berjaý et: salam ber,
hal-ahwaly ilki ýaºulynyò soramalydygyny unutma, ýaºuludan
soò özüò hal-ahwal soraºmagy endik edin, ulynyò sözüni
bölme, gaýtawul berme, ýumºuny bitir, garrylara ýardamçy
bol, ula boýun bol, «Etme» diýenini etme, «Et» diýeninden
ýüz dönderme;
— dost, jora tutun, dostuò nämedigini
bil, deò-duºlaryò bilen oòºukly bol, öýde, mekdepde, gaýry
ýerlerde özüòi edepli-tertipli alyp bar, garagolluk etme,
özüòden kiçilere degsinme, ýaramaz endiklerden daºda dur;
— ulularyò ýüz-syrat, beden
kemçiliklerine gülme, ulyny aglatmak kiçä ýaraºmaz.
Ýaºkiçilik edebiniò düýp manysy
ulularyò ýola goýan düzgün-kadalaryny berjaý etmekdir:
— ogurlykdan, uruºdan, ýalan
sözlemekden, etmiºli bolsaò, özüòi aklamakdan, etmiºiòi
özgäò boýnuna atmakdan, özüòden ejizlere azar bermekden
daºda dur;
— öz-özüòe diýeniòi etdirmegi öwren.
Göwnüòe hoº ýakýan zatlaryò hemmesiniò gowulyk däldigine
düºün. Gowy, ýagºy iºleri edesiò gelmeýänem bolsa, hökman
etmelidigine düºün;
— özüòden ekabyrlaryò edeplisine eýer,
biedebiniò yzyna düºme, oòa öýkünme;
— çeper kitaplary okamagy, sungat
eserleri bilen höwrükmegi endik edin. Kiçiniò aladasy
ulalmakdyr, öz kalbyòda öz isleýän ululygyò nusgasyny
döret we ºoòa ymtyl;
— toýa-ýasa gatnaºyp ugra, ilki öz
ºatlygyòa ºatlanmagy, öz hasratyòa ynjamagy öwren, soòra
özgeleriò ºatlyk-gaýgysyna goºulmagy öwren;
— arak, çilim, humarly oýun ýaly erbet
piºelerden daºda dur;
— zähmet çekmegi öwren, mal bakmagyò,
ýer iºlemegiò ýönekeýje endiklerini ele al, gyz bolsaò,
tikin tikmegi, keºde çekmegi, nahar biºirmegi, kir
ýuwmagy, öýi syryp-süpürmegi öwren;
— hünär saýlamagyò pikirini et. Öz gowy
görýän, baºaraýjak hünäriòi almak üçin birnäçe ýyllar
öòünden taýýarlyk gör;
— ene-atanyò berýän zatlarynyò
wagtlaýyndygyna, ömrüòi özüò gazanmalydygyòa düºün.
Ata-ene barjamly bolsa, pul-baýlyk berer, emma özüòde
baºarnyk, akyl bolmasa, olar wagtlaýyndyr, ata-ene wezipe,
iº hem tapyp biler, emma özüòde ukyp, jepakeºlik bolmasa,
olaram wagtlaýyndyr;
— ata-eneden kömege garaº, emma kömegiò
badalgadygyna, baºlangyçdygyna düºün, özüòi seniò özüò
döretmelisiò, özüòi özüò ykrar etmelisiò, diòe seniò özüò
özüò bolup ýaºap bilersiò.
— höwürtgeden ir uçmany, ir uçurym
bolmagy, ir ganatlanmagy baºarjak bol;
— edenli, dogumly, baºarjaò, ot ýaly
bol! Özüò özüòi ykrar etdirmeseò, durmuºyò seni aòsat
ykrar etmejegini bilip goý;
— bagtly bolmagyò ºerti — hünärli
bolmak we hünäriòe ussat bolmakdyr. Daýhan bol, iºçi bol,
mugallym bol, ýene biri bol — öz iºiòe ussat bolsaò, her
kime ýetdirmeýän mertebä eýe bolarsyò. Iºiòi oòarmasaò,
kim bolaòda-da, mertebäò we abraýyò bir aºykça bolar;
— ejiz, sussupes, öýkelek, naýynjar,
biçäre, göwnüçökgün bolmakdan daºda dur. Durmuº ejizleri
halaýan däldir, baºyòa nähili agyr kynçylyk düºende-de,
onuò wagtlaýyndygyny unutma! Galkyn, kynçylykdan seni alyp
çykjak ýene seniò özüòsiò;
— baºyò dikgä, janyò sagka, ýaº baºyò
barka, uzyn ömrüò bary öòüòdekä, nämäniò aladasyny
edersiò?! «Hemme zat özüme bagly» diýen hakykata akyl
ýetir. Hiç zat maòa bagly däl, meniò ºowsuzlygym daºky
ºertler bilen kesgitlenen diýen günüò ömrüòe atanak
çekdigiòdir;
— göriplik etme! Ähli betbagtçylyklaryò
çeºmesi göriplikdedir, betbagtlyk — bagta nädogry
düºünmeklikdir. Bagt — bir adama ýeterlik zady, bir ömre
ýeterlik nygmaty, bir göwne ýeterlik gymmaty, bir akyla
ýeterlik manyny edinip bilmekdedir. Bir adama bolsa juda
azlygam ýeterlikdir;
— özüò bol, ömrüò bolsun! Ömri boº
geçirme, zähmet çek, özgeler-ä zähmetsizem aljagyny alýar
diýip ýalòyºma! Allatagala hiç bir zady mugt berýän
däldir, mugt berlen ýalydyr, berläýende-de soòunyò görgüsi
uludyr. Adam mugt berenok, heý, Alla-da onsoò mugt
berermi?!
* * *
Türkmen asylzadalygy, sypaýylygy,
edep-ekramy, salyhaty müòlerçe-müòlerçe ýyllaryò dowamynda
kämilleºendir. Taryhy tejribesi ýetik halkymyz atlaryndan
itine çenli «tohum mal», «arassa mal» diýen ýaly
düºünjeleri ulanypdyr, adamlar barada bolsa ata-babasyna,
tohum-tijine seredip, «adam çykýan ýer», «han çykýan ýer»
diýen ýaly düºünjelere berk uýupdyr.
Gany asylzadadan ýaramaz perzent dünýä
inmeýär. Asylzada öz neberesine asylzada, begzada
terbiýesini berýär. Türkmeniò edep berºi ýörite mekdep!
Her bir adamyò gözi — onuò kalbynyò,
içki dünýäsiniò gapysy. Käbir hanlar adamlaryò gözlerine
seredip, içindäki matlabyny, käbir lukmanlar bolsa göze
seredip, adamyò näme keselden ejir çekýändigini anyklamagy
baºarypdyr. Adam dili bilen ýalan sözlär, awy ýalap, ant
içer, emma gözleri bilen aldap bilmez, gözler kimiò
kimdigini äºgär edip durandyr. Elbetde, bu gowy adamlar
babatda ºeýle! Emma gözleri bilen aldap bilýän, gözleri
bilen periºdäni hem aòòalak gapdyrýan ýeser kiºiler bar.
Ynsan gözleri gudratdyr. Kalby owadan,
ruhy dünýäsi baý adamyò gözlerinden nur saçylyp,
mähir-muhabbet balkyldap durandyr. ªeýle bir mähriban
gözler bolýar — mähriò ojagy, söýginiò, ezizlemäniò
saçagy! ªeýle bir gözler bolýar — ylla periºdäniò, ylla
ýagºyzadanyò gözleri ýaly. Ol gözlere bakanyòda mähriò
ganyp, Hakyò didaryny gören ýaly bolýarsyò.
Dünýä ºygryýetinde gyz-gelinleriò
gözleri ýaly waspy ýetirilen syna ýokdur. Bir bakyºda
ýyldyrym çakdyryp, ýakyp-ýandyryp, bir bakyºda
galpyldadyp, doòduryp bilýän gözler. Bir bakyºda yºka
uçradyp, akyl-huºuòdan aýryp bilýän gözler. Söýgüsi, yºky
owsun urup duran näz-kereºmeli, jilweli gözler.
Gözüò edebini saklaò! Ýagºy zatlara
seredip, dünýäniò, sungat eserleriniò gözelliginden
gandyrylan gözler hakyky adam oglunda bolýar. Ol gözler
tötänden hem aýyp, wejera närseleri görmez, çünki,
asylzada adamy periºdeler goraýandyr.
Allatagala adam ogluna dünýäniò iò
ýagºy, iò süýji, iò tagamly nygmatlaryny bagyº edipdir.
Adam öz iýýän ajaýyp nygmatlaryna
mynasyp bolmalydyr. Men her bir adamyò gözüne siòe
seredenimde, onuò kalbyny görmäge çalyºýaryn. Käbir adamyò
gözlerine seredeniòde, göwnüò dokunýar, çünki onuò mähri
balkyldap duran gözleriniò aòyrsynda jennetden zyýada ruhy
dünýäsi görünýär. Ynanyò, Adam oglunyò jenneti hem dowzahy
hem öz kalbyndadyr. Kalbynda dowzah bolsa, jennet ýaly
dünýäden peýda bolmaz. Ömrüòi gaharlanyp, zeýrenip,
käýinip, gargap geçirersiò. Kalbyòda dowzah barka, ölüp
hem jennete bararyn öýtme!
Kalby jennetli, baky baharly adamlar bu
dünýäde hem jennetde ýaºaýandyr, ol dünýäde hem olaryò
jennete düºjegi ikuçsuzdyr.
* * *
Eziz türkmenim!
Durmuºyò günleri birsydyrgyn bolany
bilen maksada barýan ýol birsydyrgyn däldir. Bir-de
daglara çykanyòdaky ýaly kötelliklere, kynçylyklara
duºarsyò, bir-de dagdan inen ýaly ºaglap gaýdarsyò. Bir
gün uly ýeòiº gazanarsyò, ýene bir gün kiçijik ýeòiº
gazanyp bilmersiò. Garasaý, durmuº ululy-kiçili
ýeòiºlerden, ýeòliºlerden ybarat. Käte iºiò ºowlaýar, kä
mahal bolsa, içiòi ýakaýyn diýen ýaly, bitäýmeli iºiò hem
bitmeýär.
Maksada okgunly adam ruhdan düºmeýär.
Aýdaly, dünýäniò ýeòil
atletikaçylarynyò ählisiniò bir maksady bar: 100 metr
aralygy sekiz sekuntda geçmeli. Ýüz müò adam ºol maksat
üçin ylgaýar, emma olaryò diòe biri dünýäniò çempiony
bolýar. Ol ºöhrada, baýlyga ýetýär, galanlary näme?
Galanlary tut ýaly saglyk edinýär.
Hekaýat: bir baý adam dagyò harsaò
daºlaryndan jaý saldyrýar eken. Ussasy hakyky ussa bolup,
gyssanman, uly harsaò daºlaryò arasyna kiçi daºlary hem
goýuºdyryp, bekedip, göwnüne jaýlap salýarmyº. Jaýy
gurdurýan adam ussasyna:
— Ussa, uly harsaò daºlardan salsaò,
jaýy çalt bitirip bilersiò. Bu ýumruk ýaly daºlara
güýmenip ýörmäò näme? — diýipdir.
— Saòa jaýyò dessine bitmegi wajypmy ýa
onuò owadan hem mizemez bolmagy wajyp? Men seniò jaýyòa
ömrümiò belli möwsümini bagyº edýän, ºol sebäplem munuò
maòa asyrlap durmagy, pylanynyò guran jaýy diýlip, adymyò
tutulmagy gerek — diýip, ussa jogap beripdir.
Her kim öz durmuºyny
meýilnamalaºdyrýar. Her kim içinden «Men ertir ºeýle-ºeýle
iºleri ederin, öòümizdäki aýda bu iºleri ederin,
üstümizdäki ýylda ºeýle iºleri edip, ºunça gazanç ederin,
pylan hili sepgide ýeterin» diýip, etjek-goýjak iºlerini
ölçerip-dökýär. Emma, hany, aýdyò, her günde, aýda, ýylda
etjek iºiòizi öòünden maksat tutunyp, soòundan edip
bilmedik iºiòiz üçin öz öòüòizde hasabat berýäòizmi?
Adatça, her bir adam özi-özüniò
aklawçysy. Ol ºowsuzlyga uçrasa, öòünde goýan maksadyna
ýetip bilmese: «Meniò iºim ºowlamady. Anha, pylanynyò iºi
mydama ºowuna» diýen ýaly bahanalar bilen özüni aklaýar.
Emma oýlanyp görüò. Mydama erjel
adamlaryò iºi ºowlaýar, erjel, tutanýerli adamlar
gurplanýar, baýaýar, at-abraýa eýe bolýar. Ýaltalaryòky
welin, köplenç, ºowlamaýar, ºowsuzlyk üçin welin, olarda
bahananyò azlyk etjek gümany ýok.
Durmuº deòzinde okgunly ýüzmek üçin
gäminiò ýelkenini wagtynda götermeli, ugurdaº ýelleri doly
peýdalanmaly. Ökde, ussat gämiçiler hatda garºylyklaýyn
ýellerden hem peýdalanmagy baºarýarlar.
Derýa girip, elleriò bilen balyk tutjak
bolup heläk bolman, derýanyò kenaryndakaò irginsizlik
bilen tor örmäni öwrenmeli.
Bitiren iºleriòe buýsanyp, lezzet
almany baºarmaly, ýöne indiki bitirjek iºleriòden geljek
lezzete ymtylmaly.
Käbir kiºiler: «Miweli baglar ýylaºa
getirýär» diýýärler.
Bagbany ugursyz baglar, hakykatdan-da,
ýylaºa getirýär. Bagban tejribeli bolanda miweler biºip
baºlan wagtynda suwdan ozal dersini, gaýry dökünleri
berer, soòra suwdan mazaly gandyrar. ªeýdip hem ol miweler
biºip baºlan çaglary täze ýylky hasylynyò aladasyny eder.
Eger bagban alan hasylyna buýsanyp, hasyl sowlup, güýz
gelensoò dökün berse, daragtlar täze ýylyò pyntyklaryny
ýetiºdirip bilmez.
Hakyky bagban bir ýyl öòünden geljek
ýylyò hasylyny ýetiºdirmegiò gamyny edýändir.
* * *
Wagtyò gadyryny bilmezlik — ömrüò
gadyryny bilmezlikdir. Sagat jykgyldap, wagty hasaplap
barýar. Gijesi ýok, gündizi ýok, jykgyldap, ömrümiziò bir
çetinden gädip gidip otyr. Lukmanlaryò ýürek urgusyny
barlaýºy ýaly, sagat ömrümizi hasaplap otyr, emma
ömrümizden kemelýändir öýdemzok.
Gaýta, käte wagt geçenok diýip, nadyl
bolýarys.
Adamyò wagtdan gaýry beýle biparh
tutýan zady ýokdur.
Bu dünýäde tas ähli zat diýen ýaly
satlyga mündi, diòe wagty satyn alyp bolmaýar, emma
ºonda-da Allanyò Wagtdan bina edip beren ömrüni bisarpa
peýdalanýarys. Kim wagtyny geçirmek üçin balyk tutmaga
gitse, kim küºdüò baºyna çökýär. Kim ýoldaºlary bilen kart
oýnasa, kim kino tomaºa edýär...
Aýratynam, wagtyò bihuda geçirilýän
çagy — ýaºlyk!
Ýaº mahalyò dünýägaraýºyò hem baºga
bolýar, öòüòde tutuº ömür ýatyr: altmyº ýyl, segsen ýyl,
ýüz ýyl! Ömür gözýetimi ýok bimöçber umman bolup görünýär.
Ýaºlyk ýaºlyk bolýar! Ýaºlykda kim ömür hakda, kim wagtyò
gymmaty hakda oýlanýar?! Emma kyrk ýaºy, elli ýaºy arka
atyp, yzyòa bir seredýärsiò welin, göýä ýaºamadyk ýaly,
kyrk-elli ýaºyò nädip geçenini hem duýman galypsyò.
Kyrk-elli ýaºyòda näme bitireniòe seredýärsiò, emma
bitiren ibaly iºiò hem ýok. Kyrkdan soò bolsa, ömür ºeýle
bir çalt geçip baºlaýar, haýran galaýmaly.
Gadymy ata-babalarymyz her gezek Gün
ýaºanynda: «Ömrümiziò ýene bir güni geçdi» diýip,
gam-gussa batar ekenler. Näme üçin biz ömrümiziò iò gymmat
harydyny saman kimin sowrup ýörüs? Sebäbi bize ömür
mugtuna berildi. Beýik Allatagala: «Bar, ýaºa, keýpden
çyk!» diýip, tutuº bir ömri mura-mugtuna berip
goýberipdir. Onda-da nähili lezzetli, eziz, owadan
dünýäde!
Adama ýeke ýola ömür berilýär.
Kimde-kim ýaºlykdan baºlap, her minudyny, her sagadyny,
her gününi manyly iºe sarp etse, ºol kiºi kimligine
garamazdan, iliò içinde hatyraly, döwletli adam bolup,
beýik maksatlara ýetip bilýär.
Wagt bizi belentliklere alyp barýar. On
dokuzynjy asyr rewolýusion pikiri dogurdy. Ol pikir
adamzadyò baºyna nähili elhenç külpetleri getirdi.
Ýigriminji asyr kosmos asyry boldy. Adamzat Zemin
çygryndan çykyp, kosmosa aralaºdy.
Iò esasy zat — dünýäniò ähli
sebitlerinde millionlarça zawod-fabrikler gije-gündiz
iºleýär. Dünýä gije-gündiz iºleýär. Netijede, dünýäde
bolçulyk zamanasy baºlady. Dünýä Wagtyò gadyryny bilip
baºlady. Indi sesden çalt gidýän tizlik adamy
kanagatlandyrmaýar. Oòa indi ýagtylygyò tizligi gerek.
Manyly ömür sürýän adama mydama wagt
ýetmeýär, bihuda ömür sürýän adam bolsa, wagtyny geçirip
bilmeýär.
Adam wagtyò emrine boýun bolmaly
däl-de, tersine, wagty öz hasabyna iºletmeli.
Maòa wagt ýetenok. Ýigrimi dört sagat
maòa az. Men gyssagly iºlerim üçin naharymdan, ukymdan,
dynç almadan kemýärin, emma barybir wagtym ýetenok.
Meniòem jahankeºde bolup, dünýäniò owadan-owadan ýerlerine
keºt edip, lezzetli dynç alasym gelýär, emma wagtyma
gözlerim gyýmaýar. Dünýäniò iò meºhur teatrlarynda iò gowy
oýunlara tomaºa edip, lezzetli dynç alasym gelýär, emma
wagtyma gözlerim gyýmaýar!
Goja Arhimed: «Maòa daýanç nokadyny
berseler, men ýeri agdarardym» diýýär. Eger Allatagala
maòa wagt berse, men hiç bolmanda, Türkmenistany jennet
mekanyna öwrerin!
Eziz ýaºlar!
Allatagalanyò peºgeº beren her gününiò,
her sagadynyò gadyr-gymmatyny bilip, ony many-mazmundan,
ºöhrat-ºandan bezemäge çalºyò! Wagt geçer, ýaºululyk
ýaºyna ýetersiòiz. Ana, ºonda geçen günleriòiz üçin
utanmaly bolmaò. Manyly geçen ömrüòiz özüòize medet
bolsun, il-ulsa görelde bolsun! Bu Garaºsyz diýarda
türkmen diýen belent adyòa mynasyp bolup ýaºa!
* * *
Adamzat ýigriminji asyryò aýagynda Arº
gämisine atlanyp, asmana çykyp, dünýä, Zemin togalagyna
ýokardan, ýagny Allatagalanyò seredýän ýerinden seredip
gördi.
Adam ogly Arº gämisine atlanyp, ýüz müò
ýyllap sežde eden Aýyna aýagyny basdy. Adam oglunyò Arº
gämisi — adamzat ösüºiniò, akyl-paýhasynyò, kämilliginiò
miwesi.
Biziò pikirimiz Arº gämisi ýaly uçup
adamdan adama barýar. Her bir adam bolsa, açylmadyk
planeta, açylmadyk ýyldyz.
Biziò aýdan jümlämizden biziò
kimligimiz, pynhan kalbymyz, kämilligimiz aýan bolýar.
Biziò pikir-paýhasymyz — biziò baº miwämiz.
Biziò öz pikirimiz bar, dünýäniò,
adamlaryò biz hakda öz pikiri bar.
Her bir adam özüniò kemçiliginem,
üstünliginem, ýagºysynam, ýamanynam ýagºy bilýär. Kämil
adam özüniò kemter ýerlerini bassyr-ýussur etmän, özüne
takyk baha berip, özüni tanaýar. Kämil däl adam bolsa,
ýamanlygyna göz ýumup, ýagºysyny ösdürip, özüne özünden
artyk baha berýär.
Her bir adam edýän iºinden, durmuºda
özüni alyp barºyndan, maºgalasyndan, gylyk-häsiýetinden,
aýdýan sözünden açylýar.
Her bir adamyò oý-pikiri, durmuº
hereketleri, edim-gylymy, aýdýan sözleri — ºol adamyò
daºky syýasaty. Hilegär, mekir, ýaramaz, kämil däl
adamlaryò «daºky syýasaty» bilen «içki syýasaty» gabat
gelmeýär, beýle adamlar galp ýaºaýar. Galp adamlar adam
diýen mertebeden pesde durýarlar. Adam mertebesinden pesde
durýan adamlar öz «daºky syýasaty» bilen adamlary, Hudaýy
aldap bolýandyr diýen ters pikire uýýarlar, emma aslynda
olar diòe özüni aldaýarlar.
Kämil adamyò aýdan pikiri ºol kämil
adamyò özüdir.
Bir ýarym müò ýyl geçendigine
garamazdan, Gorkut atany biziò her birimiz tanaýarys,
sebäbi ol ölmejek sözlemlerine, jümlelerine girip, biziò
bilen ýaºap ýör.
Adamzat öz ösen aòyýeti bilen haýwanat
dünýäsinden tapawutlanýar, ºonuò üçinem, Adama älemiò
göwher jygasy diýýärler.
Adamzadyò aòy — onuò Zeminde million
ýyllap ýaºap, toplan tejribesiniò, ösen pikir-paýhasynyò
jemi.
ªeýle adamlar bolýar — olar kuwwatly
aòynyò guly. Olar ösen aòyýetiniò erk-islegi boýunça
hereket edýärler, ýaºaýarlar.
ªeýle adamlar bolýar — olar kuwwatly
aòyna erk edýär, aòyýetini özüne tabyn edip, durmuºyny öz
isleýºi ýaly gurýarlar.
Budda: «Aòyýet — ähli zat; siz nähili
pikir edýän bolsaòyz, ºol hili hem bolarsyòyz» diýýär.
Günleriò bir güni size bu owadan, ajaýyp dünýä tutuksy,
bimany bolup görner, siz ruhdan düºersiòiz. Ýene bir
günem, ºol tutuk dünýä ºeýle owadan, eziz, mähriban bolup
görünýär, siz ganat açyp, asmana uçup baºlarsyòyz. Aslynda
weli, dünýä ºol dünýä. Özgeriºler siziò aòyòyzda bolup
geçýär. ªonuò üçinem biz: «Aòyýetine erk edip bilen,
jümle-jahana erk edip biler» diýýäris.
Eger siziò iºiòiz ºowlaman, edeniòiz
tersine bolup, maòlaýyòyz daºa degýän bolsa — ony
dünýäden, Hudaýdan görmeli däl. ªowsuzlyk biziò aòymyzda!
Biziò dünýä, durmuº, özgeler, özümiz
hakdaky pikirlerimiz — kerpiçler. Biz ºol kerpiçler bilen
hem öz dünýämizi gurýarys. Eger biziò pikirlerimiz daº
ýaly mizemez bolsa, guran binamyz hem mizemez bolar, eger
biziò pikirlerimiz kalbymyzda, beýnimizde biºirilmedik
bolsa, çig kerpiçden salan binamyz uzak durmaz.
Dünýäniò, älemiò merkezi — biziò
aòyýetimizde ýerleºýär.
Ölmez-ýitmezlige barýan ýol-da, ölüme
barýan ýol-da, Haka, hakykata barýan ýol-da, melguna
barýan ýol-da biziò aòymyzda.
Aòyna erk edip bilen adam durmuºda
islendik maksadyna ýetip biler.
Aòyna erk edip bilýän adam durmuº atly
düýpsüz, gözýetimsiz ummanda, ýelkeniò, ýelleriò, ruluò
kömegi bilen ýüzüp, islän ýerine, islän adasyna ýetip
biler. Tersine, aòyna tabyn bolan adam bolsa, deòziò oklan
adasyna barmaga mejbur bolar.
Sen — öz pikiriòsiò! Seniò aòyýetiò
kuwwatly, kämil kalbyò owadan bolsa — sen ýaºaýºyò
lezzetine mynasyp bolarsyò, pikiriòde galplyk bar bolsa,
ömrüòem, durmuºyòam galplygyò pidasy bolar.
Adam ogly gijeler asmana bakyp,
ýyldyzlary çelgi edinse, gündiz beýik danalaryò hem-de
özüniò pikirini çelgi edinýär. Baryp gadymy Müsürde alym
Ptolomeý: «Älemiò merkezi — Zemin, biziò ýaºap ýören
dünýämiz. Älemiò Aýy, Güni, ähli ýyldyzlary biziò
dünýämiziò daºynda aýlanýar» diýen pikiri jahana ýaýypdyr.
Dinler hem bu pikiri hakykat hökmünde kabul edýär. Müò
ýarym ýyl ozal aýdylan ýalòyº pikiri ýok etmek üçin ençeme
alymlar ömrüni bermeli boldy, Jordano Bruno otda ýanmaly,
Galileý bolsa, zyndanda çüýremeli boldy.
Adamzat — dogry pikir bilen ýalòyº
pikiriò, hakykat bilen hyýalyýetiò, geçmiº bilen
gelejegiò, mälim bilen nämälimligiò ummanynda ýüzüp ýören
gämi.
Biziò miwämiz — pikirimiz.
Biz pikirlerimiziò üstüne atlanyp,
Gelejege barýarys.
* * *
Allatagala Adam ogluna Adam mertebesini
bagyº edipdir. Hatda Allatagalanyò otdan bina bolan
periºdeleri hem Adamyò gullugynda goýlandyr. Allanyò iò
arzyly periºdesi Adamyò gullugynda durmagy kiçilik bileni
üçin lagnata galyp, Arºdan kowlup, iblise öwrülendir.
At-abraýy, mertebäni gazanmak ummasyz
kyn, emma gazanan mertebäòe mynasyp bolup ýaºamak has kyn.
Han bol, beg bol, baý bol, ulama bol — parhy ýok, durmuºda
öz derejäòe mynasyp ýaºamagy baºarmasaò, il-ulsuò gözünden
düºýärsiò. Il-ulsuò gözünden düºdüòmi — saòa
begligiòdenem, baýlygyòdanam peýda ýok.
Hekaýat: bir zaman bir ýigide ýüz dürre
jeza beripdirler. Jellat göle hamyndan iýºme gamçyny her
salanda, ol ýigit:
— Eý, Allajan, güýç-gaýrat bereweri! —
diýip, nalyº edýär eken.
Kazy:
— Sen güýç-gaýraty näme etjek, barybir
ölýänçäò seni dürrelemeli.
— Ölmek bar, ölmek bar. Diº gysyp,
merdi-merdana ölmek bar, bagyryp ölmek bar, kazy!
Biz gerdiºi-gerdany kän çarhypelekde
ýaºaýarys, ertir kimiò näme boljagyny bir Allatagala
bilýär. Bu günki garyp ertir depseò deprenmez baý bolup
biler. Bu gün iº tapman ýören kiºi ertir örän uly wezipä
eýe bolup biler. Emma mertebe baýlyk hem däl, dereje hem
däl, ony hiç kimse bermeýär. Ony çagalykdan baºlap, eden
ýagºy iºleriò, hoºgylaw gatnaºygyò, paýhasyò bilen
gazanmaly! Ata-babalarymyzyò aýdyºy ýaly, çemçeläp
ýygnamaly.
Hekaýat: bir gezek soltan Sanjar juma
namazyny okap, wezir-wekilleri bilen metjitden çykýar, ºol
pursatdan peýdalanyp, bir gedaý onuò aýagyny togap edip:
— Soltanym, maòa bir dinar sadaka beriò
— diýipdir.
Soltan Sanjaryò keýpi gowy eken, ol:
— Eý, Allanyò bendesi, sen soltanyò
mertebesini peseldýärsiò — diýen.
Gedaý:
— Onda, soltanym, müò dinar beriò —
diýipdir.
Soltan ýene ýylgyryp:
— Ynha, indi sen öz mertebäò götermejek
zadyny dilediò — diýip, nedimine ümläpdir. Nedim gedaýy
gyra çekip:
— Ynha, saòa bir aý bolelin iýer-içeriò
ýaly bäº dinar — diýýär. Gedaý hem erjel eken:
— Bir aýdan soò men aç öläýmelimi?
— Bir aýda, belkem, Allatagala ryskyòy
açar, juda bermese, metjide gelip, ýene soltana duºjak
bol!
Durmuº öòe barýar. Bir säw bilen weýran
bolan ºäheri ozalkysyndan gowy edip salyp bolar, bir säw
bilen talaòa düºüp, garyp galan il-ulsam doýrup bolar,
emma ýitirilen mertebäòi, ýykylan abraýy dikeltmek üçin
ummasyz köp wagt gerekdir.
Obadaºlaryò, il-ulsuò söýgüsine mynasyp
bolmak üçin, olary iki esse söýmelidir. Il-ulsuò belent
mertebesine mynasyp bolmak üçin, özgeleri sylamagy,
hormatlamagy baºarmalydyr. Söýgini, at-abraýy, mertebäni
pula satyn alyp bolmaýar, basyp alyp, talap alyp bolmaýar,
mertebe — dilege berilmeýär. Söýginiò bahasy — söýgi,
mertebäniò bahasy — mertebe.
Hekaýat: gadym zaman bir han bazardan
birnäçe gul satyn alypdyr. Gul gul bolýar, satyn alnan
guluò kimligini tanamak üçin wagt gerek, sebäbi ol
zamanlarda uruºda talaòçylyga sezewar bolup, mertebeli
adamlar hem gul gandalyny geýmeli bolupdyr. Akylly han
gullary ýeke-ýeke çagyryp, köpek iti bilen bir ýalakda ýal
beripdir. Itiò ýalagynda ýal iýen guly boºadýar eken. It
bilen ýal iýmeden ýüz dönderip, ömrüni gulçulykda
geçirmäge razy kiºileriò kimsini özüne gulam — nöker,
kimsini mal-garasyna çopan edipdir. Hana:
— Han aga, siz gullaryò iò
binamyslaryna azatlyk berip, namysjaòlaryny bolsa, gul
edinýärsiòiz, munuò hikmeti nämedir? — diýip, soranlarynda
han:
— Men satyn alan gullarymyò adam dälini
kowup goýberýärin, adam kybaplaryny alyp galýaryn, sebäbi
men gullaryma örän belent mertebe goýýaryn — diýipdir.
Hekaýat: asly asylzada baýat
türkmenlerinden bolan Mahmyt soltanyò kakasy Söbük pelegiò
gerdiºi bilen gul bazaryna düºýär. Horasanyò häkimi Alp
hökümdar gullaryò arasynda Söbügi ýagºy görýän eken. Iki
ýyl hem gulam bolup gulluk etmänkä Alp hökümdar ony
ýüzbaºy belleýär. Günleriò bir güni Alp hökümdar iki sany
onbaºyny bir oba salgyt ýygnamaga ýollaýar. Oba adamlary
salgyt bermekden ýüz dönderýär. Bir onbaºy Söbüge salgydy
güýç bilen almagy teklip edýär. Emma Söbük güýç ulanmaga
kes-kelläm garºy çykýar. Olar boº gelýärler. Ikinji onbaºy
Alp hökümdara Söbügi ýamanlaýar. Alp hökümdar Söbügi
ýanyna çagyryp:
— Sen näme salgydy zor bilen almaga ýol
bermänsiò, gaýtyp güýç ulanjak onbaºyma hem: «Özüm-ä bir
güýç ulanman, güýç ulanjak bolsaò, saòa hem ýol bermerin»
diýipsiò — diýip, gygyryp baºlaýar. Söbük gullara mahsus
bolmadyk parasat bilen:
— Sebäbi siziò Alyhezretleriòiz bizi
salgyt ýygnamaga ýollady, eger salgydy bermeseler, güýç
ulanyp, söweºip, döwüº gurap alyò diýip perman bermedi.
Biz permansyz söweºe giren bolsak, gul däl-de, kelle
bolardyk. Güýç bilen salgyt ýygnajak bolup hem ýeòilsek,
onuò masgaralygy size degerdi, ºonda siz: «Kim size
söweºip, salgyt ýygnaò diýdi?» diýseòiz, biz ýere girmeli
bolardyk — diýipdir.
Dokuzynjy, on ikinji asyr aralygynda
soltan Mahmydyò, türkmen-seljuk soltanlarynyò,
köneürgençli türkmen soltanlarynyò uly döwletleri döwran
sürýär. Mahmyt soltanyò soltanlygy synanyndan soò
seljuk-türkmen soltanlary, seljuk-türkmen soltanlary
synanyndan soò köneürgençli türkmen soltanlary
birek-biregiò abraýyny, mertebesini saklap, özünden ozalky
soltanlaryò pulhaky bellän adamlaryna aýlyklaryny aýba-aý
berip gelipdirler. Soltan Jelaleddiniò ýanynda bolup, onuò
ömürbeýanyny ýazan ildeºimiz Muhammet Nesewi
Köneürgenç-türkmen soltanlygynyò synmagyna sebäp bolan
zatlaryò biriniò — ozalky soltanlaryò bellän
pulhakylarydygyny adalatly ýazypdyr. Emma hiç kim gaznaly
soltanlarynyò ýa seljuk soltanlarynyò pulhaky bellän
adamlaryny puldan kesmek meselesini soltan Jelaleddine
aýtmaga milt edip bilmändir.
Men at-abraý, mertebäniò nämedigini
örän gowy bilýärin. Esasanam, elhenç ýertitremesinden soò
sopbaº ýalòyz galanymda men kakamyò, atamyò mertebeleri
bilen duºuºyp baºladym.
Mertebe — ata-babalardan gelýän keremli
mukaddeslik. Biziò her birimiz ata-babalarymyzdan galan
mertebäni, at-abraýy has-da belende götermelidiris.
Biz bäº müò ýyllyk ýazmaça taryhy
bolan, dünýäde ýetmiºden gowrak uly döwletler guran,
türkmen elipbiýini dünýä beren beýik halkdyrys. Bäº müò
ýyllyk ýazmaça taryh — buýsanjymyz, jahanyò ilkinji
pygamberi Oguz han, dünýäniò iò danasy Gorkut ata,
serdarlar serdary Görogly dagy biziò ata-babalarymyz.
Biziò her birimiziò mertebämiz gudratly türkmen halysynyò
üstünde dur, biziò her birimiziò mertebämiz gamyºgulak
bedew atyò üstünde çapyp barýar. Biziò her birimiz
dünýäniò medeniýetine ummasyz uly goºandyny goºan halkyò
wekilidiris. Biziò dabanymyzyò astynda keremli türkmen
topragy bar, her birimiziò üstümizde keremli Allatagala
bar! Biz beýik mertebeli halkyò wekilleridiris! Ynha,
ºonuò üçinem, biziò döwletimiz görlüp-eºidilmedik dereje
bilen ösýär! Ine, ºonuò üçinem, biziò ruhumyz al-asmanda
perwaz urýar!
Durmuºda her bir adam öz derejesini, öz
mertebesini bilse, durmuº kämilleºýär. Adam öz kemçiligini
görmegi baºarsa, ony düzetmegi-de baºarar.
* * *
Ýetime dünýäden hiç zat gerek däl.
Onuòam iliòki ýalyjak el ýaly garny bar, iki döwüm çörek
bolsa, oòa bolýar, bolmasa-da bolýar, sebäbi onuò öòüne
dünýäniò nygmatyny, tagamyny üýºürip goýanyòda hem onuò
damagyndan ötmeýär!
Onuò derdi çökder!
Ol derdi çekip görmedikler bilmez!
Magtymguly ýetim hem däl, ýalòyz hem!
Emma ol ýetime derman sözi bilipdir. Ýetim görgülä güler
ýüz berseò, dünýä bereniò! Güler ýüz bermek hem kyn däl.
Ýeke pul çykdajyò ýok, ýöne ýetim oglanjygy göreòde
ýylgyraýmaly. Emma ýalan ýylgyryº bilen çyn ýylgyryºy
ýetim bilýär. Hiç kim bilmese-de, ýetim bilýär!
Özüò ýetim bolsaò, ýer urup ýerde galan
ýeke bolsaò, güler ýüz beren örän-örän gyt bolýar-a!
Hamana, ýetimi görüp ýürekden ýylgyrsa, ýüregi çat açaýjak
ýaly, käbir adamlaò! Meniò ýetim döwürlerim-ä hiç kimden
aýyp eder ýaly däldi. Ol mahallar ýüzüni güldürip biljek
adam hem ýokdy. Raýatlyk urºunda ölenler, basa-baslyk
ýyllary gümgidene gidenler, bäº ýyla çeken uruºda ölen
sansyz ýigitler, yzdaky ölüm-ýitimlerden ýaòa iliò endamy
bez bolandy! Üstesine ýertitremesi!
Ýüz ýetmiº alty müò jan! Ýüz ýetmiº
alty müò ynsan! Bu-da bärkisi! Onuò anyk sanyny bilýän
ýok! Ýekeje maly, ýekeje towugy ölse, bir depder-kagyz
doldurýan hökümet bir respublikada bir gijede ölen ýüz
ýetmiº alty müò adamyò hasabynam almady. Gaýta uly
bedibagtlygy kiçeldip, dünýäden gizlediler!
Güler ýüz! Bugdaý söz!
Men ýaº baºymdan güler ýüzüò nämedigine
akyl ýetirdim.
Men ýaº baºymdan bugdaý sözüò tagamyny
duýmany öwrendim.
Adamda sähelçe göwün bar. Ýekeje hoº
söz bilen adamyò baºyny Arºa ýetirip bolýar. Ýekeje hoº
söz bilen adam ogluny uçuryp, göçürip, ganatlandyryp
bolýar.
Men dünýäde iò arzyly, iò gymmat zadyò
hoº sözdügine akyl ýetirdim!
Men güler ýüzüò dünýäde iò uly
baýlykdygyna akyl ýetirdim.
Adamzat dünýäden baýlyk agtaryp,
daglary düòderip, göwherini, altynyny, laglyny, deòizleri
agdaryp, dürüni, merjenini alýar. Adamzat ýaºap baºlaly
bäri baýlyk ýygnaýar, hazynasyna basýar, demir sandyklar
döredip, baýlygyny goraýar. Ol esasy baýlygyny
altyn-göwherdir öýdýär.
Emma adamzadyò baº baýlygy — ýagºy, hoº
sözler! Adam ogly olary ýaº ýüreginiò töründe saklaýar!
Altyny, göwheri satyn alyp bolýar.
Ýagºy, ýakymly sözleri satyn alybam
bolmaýar, satybam. Men «Hoº sözleri aýdyò birek-birege»
diýen ºygrymy ýöne ýerden döretmedim. Ondaky pikirler
meniò baº küýseglerimiò biri. Men ýaºlyk ýyllarymdan bäri
ºol küýseg bilen ýaºaýaryn.
Men dünýäde ýagºy sözleri ýygnadym.
Meniò bar baýlygym ýagºy sözler.
Ejemiò aýdan mähriban sözleri ýarym
asyrdan soòam meniò kalbymy ýyladyp dur.
Ejemiò aýdan mähirli, nurana sözleri
elli ýyl bäri meniò güýjüme güýç, kuwwatyma kuwwat goºýar.
Ýene bir gezek nygtaýaryn: hoº
sözleriòizi birek-birekden gysganmaò! Mydama birek-birege
hoºgylaw, güler ýüz boluò, hoº sözleri aýdyò, hoº sözlerde
ganat bardyr. Hoº sözler adama ganat berýändir. Hoº sözler
ömre, durmuºyòa älemgoºar çaýýandyr.
* * *
Mähriban oglum!
Eziz gyzym!
Adamlar barada alòasap netije çykarma,
durmuº barada gyssagly netije çykarma, adamlaryò, durmuºyò
erbetdigine däl, gowudygyna ynan, ynamyò hakykaty göz
ýetirmäge mümkinçilik berer. Daºky görnüºiòe görä garºy
alarlar, pähimiòe görä-de ugradarlar. Seniò bilen gürleºen
adamlarda gowy duýgy, gowy pikir galsyn. Mydama gowulykda
ýatlanmagyò aladasynda bol, ºonda iºiò, ömrüò ºow tapar.
Adam ýigitlik müçesinde sözüò hakyky
manysynda uly adam bolýar. Ol indi durmuºyò daºynda
däl-de, jümmüºinde. Ol ilkibaºky öwrenen edep kadalaryny
ulularyò dilinden eºitdi, indi ol edebi durmuºyò öz
dilinden eºider. Ol uly bolup, ula has oòat düºüner, ol
uly bolup, ulynyò gadyryny indi biler.
Çagalyk — pyntyk, ýetginjeklik — gunça,
ýigitlik bir gyzyl güldür.
Ir hünär edinen ir saýlanar, Watan
gullugynda bolýan ýigit ömrüniò iò gözel döwrüni
ýaºaýandyr. Onuò ºu gününe buýsanjy, geljegine ynamy bar.
Iò oòat keýp — adam bolup ýaºamagyò keýpidir. Ol indi
ululyga, ärlige ýetiºdi. Ýöne onuò öòünde has uly
ýaºulular bar. ªonuò üçinem, ýigitligiò ýaºkiçilik edebi
bolmalydyr. Munuò manysy ululara ululykda hemdem, ululykda
aýakdaº bolmakdyr. Özüni uly üçin kiçi saýar, emma uly ony
özi üçin uly saýar. Ýigitlik — hem ýaºkiçi, hem ýaºuly
bolmak möwritidir.
Ýigit ulular bilen dertdeº, akyldaº,
syrdaº hem-de ýürekdeº bolmalydyr. Ýaºy kiçi akyl-paýhasy,
ýüregi ulular bilen ýaºytdaº bolmalydyr. Ol ýigit çykyp,
garrylygyò hut özi üçinem geljekdigine göz ýetirýär. ªonuò
üçinem, onuò özi ata bolup atasyna, ene bolup enesine, aga
bolup agasyna, daýy bolup daýysyna oòat düºünýär. Beýle
kämil kiºi öz-özüni edebe alyp barar, durmuºyò entek
açylmadyk edep kadalaryny öz ýaºaýºy bilen berjaý eder.
Ýene bir aýtjak zadym: eger seniò hereketleriò öòki
edep kadalaryna ters gelmeýän bolsa, onda seniò her bir
hereketiò edeplilikden nyºandyr.