Eýran türkmenleriniò medeni, edebi we jemgyýetçilik žurnaly

 

ŽURNAL BARADA


Baº sahypa

Maksady

Redkollegiýa

 

ARHIW


Soòky sany

Ýyllara görä

 

GATNAªYK


Myhman depderi

Habarlaºmak üçin

Dost sahypalar

 

 
Her güne bir nakyl


 

 

 


 
Edebiýat / Döwürdeº türkmen edebiýaty
Saparmyrat Türkmenbaºy

RUHNAMA

ikinji kitap

TÜRKMENIÒ RUHY BEÝIKLIGI


SÖZBAªYLAR / Ýaºululyk sarpasy / Kiçi bolma, kiºi bol!


ÝAªULULYK SARPASY

 

Türkmen edebi paýhas tarapdan iki sany kanunalaýyklyga esaslanýar. Olaryò birinjisi, ahlaky kanunlaryò hökmürowanlygy we aýratyn alnan adamyò kimligine we nämeligine garaºsyzlygydyr. Ahlak kimdir biriniò islegine, göwnüne tötänden gelen, etseòem, etmeseòem bolýan bir zat däl-de, eýsem, öz kanunlary hökmürowanlyk bilen berjaý edilýän gymmatlyklar ulgamydyr. Bu ulgama adamlar asyrlaryò dowamynda akyl ýetiripdirler we onuò berjaý edilmezliginiò uly-uly kynçylyklara, hatda heläkçilige getirýändigine göz ýetiripdirler. Ahlagyò kanunlary adam tarapyndan döredilmeýär, olar adam tarapyndan açylýarlar we berjaý edilýärler.

Edebimiziò ikinji bir paýhas esasy tebigatyò kanunlarydyr. Tebigatyò kanunlarynyò hökmürowanlygy bize bagly däl. Olary açyp, öwrenip, olara laýyklykda ýaºaýºymyzy gurnap, biz özümizi we durmuºymyzy has abadan hem has oòaýly edýäris.

Ahlak kanunlaryny üýtgedip bolmaýar, uzak taryhy-medeni wagtyò dowamynda olaryò özüniò kem-kemden üýtgemegi mümkin. Tebigatyò kanunlarynyò ömri hasam uzakdyr, megerem, adamzadyò ömründenem uzakdyr.

Milli edebimiziò esaslanýan tebigat kanunlarynyò içinde iki jäheti aýratyn belläsim gelýär. Bularyò ikisi-de adamyò biologik ºahs hökmündäki ýaºaýºyna degiºli. Bir tarapdan, türkmen edebiniò kadalary adamyò jyns aýratynlygyna köp zatlary bagly edip goýýar. Edep kadalary erkek hem aýal üçin baºga-baºga ºertleri göz öòünde tutýar. Bularyò ikisiniòem adamdygyny ykrar etmek bilen, jemgyýetçilik durmuºynda tebigy häsiýetdäki edep gatnaºyklarynyò sazlaºygy üçin aýalyò baºga, erkegiò baºga ýörelgeleriniò bolmalydygyny aýtmaly. Bularyò arasyndaky tapawutlary äsgermezlik etmek, tebigatyò hökmürowan kanunlaryny äsgermezlik etmekdir. Beýleki tarapdan, türkmen edebi adamyò ömrüniò dowamyndaky ýaº ösüºini hasaba alýar. Bu hem tebigatyò kanunydyr. ªonuò üçinem, ata-babalarymyz ýaºy kiçiler üçin bir ulgamdaky, ýaºy ulular üçin baºga bir ulgamdaky edep kadalaryny goldanypdyrlar.

* * *

Türkmeniò ýaºululyk edebi adamyò beden, göwün hem-de akyl kämilligine ýeten döwrüniò kadalar ulgamyny öz içine alýar. Kämillik müçesi otuz ýedi ýaºdan baºlanýandyr. Bu, baºgaça, orta ýaº diýilýänidir. ªol mahal ömrüò esasy birinji döwrüniò yzda galýan, maºgala gurlup, ogul-gyzly bolunýan, hünärde, iºde hem jemgyýetçilik durmuºynda ynamly we ymykly orun alynýan döwürdir. Gepiò gysgasy, adamyò ºahsyýet hökmünde gutarnykly kemal bolýan ýaºydyr. ªondan soò, ýaºkiçilik diýilýäni barha geçmiºe gidip, alnyòda ýaºululygyò dürli müçeleri — pygamberlik, ruhubelentlik, aksakgallyk, gartaòlyk hem Oguz han müçeleri galýar. Ömrüò gözel we abadan bolmagy üçin, kämillikden baºlap, ýaºululyk edebiniò ºertlerine laýyklykda ýaºamak parzdyr. Öòi — jahyllyk, soòy — kämillikdir. Jahyllyk — göwnüò hökmürowanlygydyr, kämillik — paýhasyò hökmürowanlygydyr. Jahyllyga — soòuny saýmazlyk, töwekgellik; kämillige — soòuna garamak, seresaplylyk ýar bolar.

Ýaºyòa görä, dünýäniò gyzygy we manysy üýtgäp-özgerip durýandyr.

Oglanlykda — gyzyk hem many aýakdadyr.

Kämillikde — gyzyk hem many bildedir.

Ululykda — gyzyk hem many dilde bolar.

Aýakda diýilýäni — adam ilki bedeniò, bilde diýilýäni — soòra beden bilen göwnüò, dilde diýilýäni — ahyrynda paýhasyò emrine görä ýaºaýar diýildigidir. Adama oglanlykda iýmek-içmek, ylgamak hoº geler. ªeýdip, bedeniò joºuny çykararsyò, gözüòe dünýä-de ºondan ybarat bolup görner.

Soò kämillik geler: zenana küýlenip, dünýäniò gözel hem süýji tarapyny görersiò. Maºgala gurup, çaga öndürip, ýuwaº-ýuwaºdan küýüò-pikiriò özüòden çagalara, iºe geçer. Ýuwaº-ýuwaºdan baºyòy özüòden galdyryp, töweregiòe syn kylarsyò, özüò däl, töweregiò bilen ýaºarsyò, töweregiò üçin ýaºarsyò, özüòden el göterip, özgelige bararsyò.

Ýaºululykda ömür tejribäò hazynasy baýap, paýhaslanarsyò. ªonda ilki el-aýagyòdan, soòra biliòden giden kuwwat diliòe geler. Nesihatçy bolarsyò. Öz ömrüòde gören-bilen zatlaryòdan çen tutup, öz eden ýalòyºlyklaryò hem säwlikleriò baºa getirýän hossalarynyò ajy miwesini dadyp, özgeleriò bulardan sowlup geçmegini islärsiò, munuò üçin bolsa, akylyòa boýun bolan diliòe ejaza berersiò...

* * *

Ýaºululyk edebiniò baº hem üýtgewsiz ºerti, ýaºyòa görä ýaºamakdyr. Bu ºerti berjaý etmek üçin, ilkinji nobatda, ýaºyòa görä iýip-içmelisiò. Türkmençilikde kyrk ýaºdan soò iýgi-içgide öte ajy we öte süýji tagamlar azaldylýandyr. Beden lezzeti ömür hezzetine görädir. Sen kyrk ýaº ömrüòde kämillige ýetdiò, kämillik diýmek, durmuºyò ajysyny-da, süýjüsini-de ýeterlik görmekdir. Göwnüò ajy-süýjüden dokmäde bolansoò, bedeniòi-de olardan berhiz etgin! Çünki sazlaºykly ömür — ten bilen ruhuò aýakdaº gitmegidir. ªeýle-de, ýaºululykda öte ýagly, öte güýçli naharlardanam daºrakda bolmalysyò. Ýag jahyllyga ýaraºýandyr, güýje jahyllyk bäs gelýändir. Ýaºululykda güýjüò bedenden paýhasyòa, hyjuwyò bolsa, duýgularyòdan pikirleriòe geçýändir. Ýagly-ýüzli naharlardan daºda durmak ýaºululykda owadan görküò esasy ºertidir. Çünki indi sen ylgap-ýüwrüp ýören jahyl däl, ylgamasaò welin, güýçli naharyò yzynda durup bilmersiò. Ýüwrükligiò aýaklaryòdan akylyòa geçendigini unutmagyn! Ylgamakçy bolmasaò, köp iýme.

Türkmende: «Et ete gider, çorba — pete» diýen pähim bar. Bu pähimiò aòyrsynda hekaýat ýatýar. Bir çopan öz çolugy bilen türkmen sährasynda goýun bakýan eken. Çolugyò esasy iºi çopana ýardam etmek, onuò çaý-naharyna seretmek bolýar. Çopandyr çoluk, köplenç, gara çorba edinipdirler. Bir gün çopan tabak baºynda çoluga naharyò etinden köp iýýärsiò diýip igenipdir. ªondan soò, çoluk çorbaò suwuny, çopanam etini iýmeli edilipdir. Eýsem, wagt geçdigiçe, çopanyò-a ýüzi garrap, galòap, gelºiksiz bolup barýarmyº, çolugyò welin, ýüzi öòküligindenem ýigdelip, nurlanyp barýarmyº. Et — agyr iýmit, onuò bar ýokumy çorba geçip galýar. Çorba bilenem çolugyò ýüzüne-petine baryp, ony nurana edýär.

Ýaºululykda iýgi-içginiò diòe bir hilini däl, mukdaryny-da üýtget! Ýaºululykda agzyòa buýur, jahyllykda diliòe buýrup bilmän, az görgüler gördüòmi?!

Saglyk mazasy ýaºululykda bar nygmatdan ileridir.

* * *

Ýaºululykda hakyky görk, hakyky owadanlyk saglykdyr. Saglyk bolsa agyzdandyr. Ýaºlygynda artykmaç bir iº edinmeseò, owadansyò hem görmeklisiò. Çünki ol wagt tebigat görki saòa mugt berýär. Ýaºululykda görk-görmegi özüò gazanmalysyò. ªonda görmegeýligiò birinji ºerti-de ýaºyòa görä iýip-içmekdir. Ýaºulynyò beden görmegeýliginiò birinji ýagysy agyzdyr, ýaºulynyò ruhy görmegeýliginiò esasy ýagysy akylsyzlykdyr. «Ulalyp oòalmadyk» diýilse, «Ak girip, aò girmändir» diýilse, ömür biweçligiòe kesilen iò ýowuz bahadyr.

«Suw — kiçiniòki» diýilýändir. Bu pähimiò manysyna dogry düºün. Kiçi suwdan bir owurtlap, galanyny saòa bermelidir, naharyò güýçlüsini kiçä bergin, suwlusyny özüò algyn. Bir saçak baºynda ýaºuly ilki baºlap, ilki-de gutarmalydyr, kiçilerden az iýmelidir.

Kiçilikden ulalmak köp iýmitden az iýmite, köp ukudan az uka geçmekdir. Az iýgin, az ýatgyn, çünki indi köp iýýänleriò deregine köp pikir etmeli, köp uklaýanlaryò deregine köp alada etmeli möwritiò gelip ýetendir.

Ýaºululykda ýaºlygyò akyl sämediji ýelgini geçip, ömrüò hem dünýäniò hezili, ýaºaýºyò keýpi içgisizem saòa juda duýarlykly we düºnükli bolýandyr. Günüò mähri güýzde bildirýändir.

Ýaºululyk edebiniò ýene bir ºerti — ýaºyòa görä geýinmekdir. Egin-eºik diòe bir endamyòy gizlemek däl, eýsem, ýüregiòi açyp görkezmekdir hem. Ýaºulynyò geýimi onuò ruhunyò agras kämilligini, göwnüniò manyly durnugyny açyp görkezmelidir. Adam ogly ýaºlykda tebigy gözelliginiò üstüni ýetirmekden ötri gözelden gözel, gözeilginç egin-eºigi geýýär. Ýaºlyk göwün galkynmasynyò, emma akyl telperliginiò möwsümidir. ªonuò üçinem, jahyl ýoòa — moda kowalaºýar, özüne däl, mähellä — özgelere meòzemäge çalyºýar. Modada esasy zat gözellik däl-de, gelºiklilikdir. Gelºik, ýaraºyk bolsa, baºgalaryò gözüne owadan görünmekdir. Elbetde, bu hem gerek zat. Emma kämilligiò ýollary düýp manysy boýunça jahyllygyòkynyò tersinedir. Jahyl öz duýgusyny ile ýaýmak islegindedir, ºoòa laýyk bezemen, kaºaò hem gözeilginç eºikleri geýinýär. Ýaºululykda bu gaty gelºiksiz bolar. Bu döwürde, tersine, duýgulary gizleýän, oòa derek mazamsyz, agraslygy, sypaýylygy nygtaýan eºikleri geýmek gerek. Ýaºy has gartaºan türkmen ýaºululary ak kamys, mele reòkli eºikleri geýmegi adat edinipdirler. Bu gowudyr. Ýaºululyga gunduz ýaly aklyk, toprak ýaly melelik geliºýär. Ak kämilligiò, mele bolsa agras hasyllylygyò reòkidir. Miweli bag agras bolýandyr. Gök, gyzyl, gara ýiti reòkler joºgunly duýgyny nygtaýar we ýaºlaryòkydyr.

* * *

Giò ala meýdanda ak kamys ýaly köýneginiò üstünden guºagyny berk guºanan, baºy tahýaly, balagy dyzyna çenli çyzgalan, sakgaly döºüne düºüp duran goja bir goly tanaply, beýleki goly dürre gamçyly sarç bedewe baº öwredip ýör. Goja bedewe tanyº ses bilen haýkyrýar, käte-käte onuò Günüò ºuglasyny oýnap duran bedenini gamçy bilen çawlap hem goýberýär. Ömrüne goja seýsiò gaty ses bilen gürlänini eºitmedik, taýlygyndan bäri diòe endamy sypalanyp öwredilen ýaº bedew gazap bilen agyzdyrygyny çeýneýär, emma dür dänesi ýaly diºleriò demre edip bilýän alajy ýok, ümdüzine gideýin diýse-de, iriºmesinden gaýdýan tanap ony sypdyrmaýar. Sarç bedew, päkize bedew, ynsan göwni ýaly owadan bedew gojanyò daºynda towsup görýär, çarpaýa galyp görýär, emma çäresi ýok. Guýlan kenek ýaly ýaº oglanyò üstüne münmesine gahar edip, ak köpük bolýança pyrlanýar, tüweleýläp aýlanýar.

Goja seýis ata baº öwredýär...

Durmuº hem tez bedew ýaly çarhypelek içre pyrlanyp, kä hyzzynlap, kä loòkuldap, kä çarpaýa galyp, arkasyndaky ýüke çydaman, baºyna urlan uýanyna çydaman bolubilenini bolýar. Emma goja seýis nirede? Ony haýsymyz görýäris?!

Çarhypelek içre pyrlanýan adam pakyry gün-güzerany hem, durmuº hem pyrlandyryp, kä ýük urup, kä ýüküni ýazdyryp, aýlandyryp ýör.

* * *

Geredot eýýamynda agyr iºe, gözgyny durmuºa çydam etmedik gullar zynjyrlaryny baºyndan aýlap urup, gozgalaò turuzýar. Gozgalaò sähelçe wagtda ýangyn ýaly tutaºyp, tutuº ýurda howp salyp baºlaýar. Gozgalaòy ýatyrmak üçin iberilen goºuny zynjyrlary bilen ýaraglanan gullar çym-pytrak edip, olaryò ýaraglary bilen ýaraglanyp, ummasyz uly güýje öwrülýär. Hökümet näme alaç etjegini bilmeýär. ªonda bir ýeser kiºi:

— Meniò diýenimi etseòiz, men ºol gullary ýaòadan zynjyryna getireýin — diýipdir. Hökümet onuò bilen ylalaºýar, diýen zadyny berýärler.

Ýeser kiºi on ýigidi begzadalarça geýindirýär, her biriniò goluna siltedigiò ºuwlap duran gamçy berip, gullara bakan ugradýar.

Gullar sap-sap bolup nobatdaky urºa garaºyp durlar, emma olaryò garaºany bolman, on bir atly barýar. Gullar haýran galýarlar.

Begzada atlylaryò ýolbaºçysy ýeser ýigit on sany eli gamçyly atlydan öòe geçip:

— Duran-duran ýeriòizde ýaraglaryòyzy taºlap, iºli-iºiòe tarap bejit ugraò! — diýip, haýkyryp gygyrýar, on atly hem ýeser kiºiniò hereketini gaýtalaýar: olar gamçylaryny ºuwwuldadyp baºlaýarlar. Endam-jany gamçynyò yzyndan, ruhlary gamçynyò sesinden bez bolan görgüli gullar el-aýaklaryny ýitirip, ýaòadan gullugyna gaýdyp barýarlar.

Biz sowet döwründen aòymyzda galan baknaçylygy aýryp taºlamalydyrys, Garaºsyzlygyò beren erkinligini, azatlygyny ruhumyza siòdirmelidiris!

* * *

Garaºsyz döwleti berkarar edip, öz halkyma gazy, togy, suwy, duzy mugt edenimi bilip, salgytlary ýatyranymy eºidip syýasatçylaryò, özüni bilermen saýýan ykdysatçylaryò, özüni demokratiýanyò penakäri hasaplaýan žurnalistleriò käbiri maòa:

— Bazar ykdysadyýetinde mugt diýen zat ýok. Ykdysadyýet hasaplaºygy gowy görýär... Ykdysadyýetiò kadasy, kanuny ºeýle... — diýip, maslahat berdiler...

Ykdysadyýetiò kadasam bar, kanunam. Emma biz adam ahyry. Meniò çuòòur ynamyma görä, adam ykdysadyýetiò kanunyna gulluk etmeli däl-de, ykdysadyýet ynsan kanunyna gulluk etmeli...

Gypjaga baran ilkinji aýymda meniò beýnimi sarsdyryp, kalbymy lerzana getiren bir waka bolupdy.

Babam meni daºkyrak garyndaºlarymyzyòkydan aýna kesýän guraly alyp gelmäge iberdi. Men ýat obanyò içi bilen ýat köçeden ýöräp ussa agalara bardym. Ol garyndaºymyz ussady, özem ýaºy ýetmiºe baran keselbent adamdy, emma bir göreniòden jynyò alýan mähriban adamdy. Ol babamyò ýanyna gelip, iç döküºerdi. Nury öçen gözleri mähirlidi. Ussa aganyò ogly ºäherde ýaºaýardy. Emma ýer titremede olaryò neberesinden diòe dört ýaºlyja ýekeje oglan aman galypdy. Ussa aganyò ºol çowlugyna özi hossar çykypdy.

Men içki pikirlerime gümra bolup, ussalarda bolýan gohy eºitmän, bir biºeýkelligiò üstünden bardym. Stalin papakly, kitelli, ýany gaýyº sanaçly garynlak bir pyýada sag penjesi bilen ussanyò hykyrtmagyndan alypdyr. Ozalam çalajan, arryk ýaºuly gözlerini petredip, hä diýmän jan beräýjek ýalydy. Meniò gözlerim ussa aganyò gözlerine kaklyºdy. Ussa ýaºuly görkezmejek bolup gözüni ýumdy. ªol mahal hem salgytçy garynlak adam gojany itiberip goýberdi welin, ussa eòter-tüòter bolup ýykylaýmaly boldy, hälem arkasy diwara berildi. Goja aºak syrygyp gaýtdy. Men ylgap barºyma ýykylyp barýan ussany gujakladym.

Stalin papakly salgytçy bolsa gargynýardy:

— Sen sowet hökümetini aldajaksyò. Her seò ýaly ite aldatsa, ondan hökümet bolarmy? Hiç kim bilmese-de, men bilýän öýüòde ýetimek saklaýanyòy. Saklasaò sakla, emma bäº manat hakyòdan gaçyp bukmaò näme? Utan, sakgalyò agyndan utan!..

Salgytça pulam tapyldy, ol puluny alyp, resminamalaryny dolduryp, garry ýaºula gol deregine barmagyny basdyryp gitdi... Emma onuò aýylganç sözleri ºindizem gulagymda ýaòlanyp dur...

Ussanyò kuwwatsyz gollary saòòyldaýardy, göwresi meniò gujagymda saòòyldaýardy. Uzyn hor boýnundaky çaga ýumrugy ýaly tümmi bir aºak, bir ýokaryk gatnaýardy. Hor boýundaky topaz ýaly tümmi gojanyò gahar-gazaby bolup, daº çykjak bolup urunýardy.

Haýsydyr bir goòºusy ussanyò ýetmeýän pulunyò üstüni doldy. Stalin papakly gara bedibagtlyk agzyna gelenini diýip: «Seniò ýaly nejisi Sibir etmeli, gabyr etmeli!» diýip gitdi.

Men ussa tekge berdim, kempiri elinden çekdi. Ussa hiç kimiò ýüzüne bakyp bilmän, melleginiò törüne bakan yraò atyp gitdi.

Hiç kimden ses-seda çykmaýardy.

Men aýna kesýäni dilemän, dessine öýe ylgadym. Men gorkýardym, salgytçy biziò öýümize gelse, babam hem meni gizlejek bolup, ussanyò gününe düºer öýdüp gorkýardym. Men ylgap gelºime gören wakamy bolºy ýaly aýdyp berdim. Babam birmeýdan dymyp oturyp, baºyny ýaýkady:

— Haý, ussa oòarmandyr-ow!..

Salgytçy bize-de geldi...

Men ºol gije ýatyp bilmedim. Dördünji gün diýlende ussa ýogaldy, men ºol gije-de ýatyp bilmedim. Ýetmiº ýaºly, ak sakgally keselbent, pukara ussa namysdan ölüpdi. Ony — ussany salgytçy öldüripdi. Emma ussanyò ýerinde ýekeje adam hem obanyò ussasyny salgytçy öldürdi diýip aýdyp bilmedi, ýogsam tutuº oba salgytçynyò ussany namysa goýºuny, ºol namysdan hem ussanyò ölendigini bilýärdi.

Salgytçy ussanyò ýerine-de gelmedi. Hiç kim ony türmä-de salmady...

Men ºindi Aºgabatdakam ejem Annanyýaz baý hakda, Artyk handyr Taòryguly batyr hakda, Gökdepe galasynyò weýran edilip, ýurdumyzyò basylyp alnyºy barada gürrüò beripdi. Garry atam Taòryguly batyr Gökdepede deò bolmadyk agyr söweºde gahrymanlarça wepat bolupdy. Atam Artyk han ºol uruºda agyr ýaradar bolup, ahyry hem ºol ýaradan ölüpdir. Ejem: «Ýurdumyzy duºman aldy, indi biz bakna, biziò öz ýurdumyzam, öz döwletimizem ýok, ýöne beý diýip hiç ýerde aýdaýmaò» diýip, öwran-öwran sargaýardy. Ejemiò aýdyp beren wakasyny ýatlap, men ºol mahal düºünmedik sözüme — baknalyga düºündim.

Meniò pikirime görä, biz baknadyk, ºonuò üçin ýaºaýan jaýymyza biz salgyt tölemelidik, ýogsam ol jaýam däldi, ýertitremeden soò salnan çalamydar çatmady. ªol çalamydar çatmada ýaºaýan her bir adam hem ýaºap ýöreni üçin salgyt tölemelidi. Hawa, her adam baºyna salgyt tölemelidi, sebäbi biz baknadyk...

Baý-baý, o zamanlar salgyt känd-ow. Gapyòdaky mellegiòe salgyt bermeli. Mellegiòi suwa ýakýanyò üçin salgyt tölemeli. Sygryò, düýäò, eºegiò, atyò sanyna görä salgydy bardy. Mellekde näçe düýp üzümiò bolsa, naryò, erigiò, almaò bolsa, ºolaryò her düýbi üçin salgyt tölemelidi. Puluò barmy, ýokmy diýip senden soraýan ýok, töläýmelisiò! Kime arz etjek? Arzyò ýeterden Asman alysda, arzyòy eºiderden Zemin sowuk!

Ussa aga, elbetde, alaçsyzlykdan ölüpdi, namysdan ölüpdi! Bereýin diýse, puly ýok, arz edeýin diýse, arzyny diòlemäge hökümeti ýok! Oòa ýol galmandy içine salyp öläýmeden baºga!

Ykdysadyýetiò öz kanuny bar, ynsanyò öz kanuny!

Salgyt dünýäniò ähli döwletlerinde diýen ýaly bar, özem ýeòil-ýelpaý hem däl.

ªu ýurdy müòlerçe ýyllar bäri gorap, jan alyp, jan berip, ºu güne gelen halk näme diýip öz ýaºaýan topragynda ýaºaýany üçin salgyt bermeli?!

Ol näme üçin eken bagy — üzümi, nary, almasy, ºetdalysy, üljesi, bägüli üçin salgyt tölemeli? Bag döredene sagbol aýtmazlarmy eýsem?

Her kim öz topragynyò üstünde ýagdaýyna görä jaý salynýar. Näme diýip, ol öz ýaºan jaýyna salgyt tölemeli?

Her maºgala gapysynda, örüde mal saklaýar. Goý, saklasyn. Näme diýip, ol öz maly üçin salgyt tölemeli?

Her maºgala ýeriò eýesi bolup, ýer ekýär, hasylyny Watana tabºyrýar. Näme diýip, ol iºläp alýan hasyly üçin salgyt tölemeli?

Ol salgydy kime tölemeli? Öz döwletine? Öz halky öz döwletine tölemeli? Eger dünýäniò döwletleri biziò ýaly gazy, suwy, elektrik toguny, duzy mugt edip, salgytlary ýatyran bolsalar, diòe biziò döwlet ykdysady kanunlary ulanýan bolsa, baý-baý, dili uzyn žurnalistler dilini-baºyny çeýnäp, meni tankytlardylar-a!

ªol Stalin papak salgytçy ömürlik meniò hakydamda galdy. ªondan soò köp ýyllar geçip, taryhymyz bilen içgin gyzyklanyp ugranymda men uly taryhy wakalara gabat geldim: Mahmyt Gaznaly soltan öz garyndaºlarym diýip, seljuk türkmenlerini häzirki Kaka, Aºgabat sebitlerine göçürip getirýär. Iki garyndaº arasyna bolsa, salgytçylar düºýär. Soltanyò salgytçylary seljuk türkmenlerinden salgyt ýygnanlarynda gödeklige ýol berýärler. Seljuk türkmenleri namys edip, soltana garºy baº göterýärler. ªeýlelikde, birnäçe ýyldan soò seljuklar soltanyò tagtyny syndyryp, ýurduny weýran edýärler. Seljuk türkmenleri beýik soltanlyga öwrülip, dünýäniò ýedi yklymyna hökümdar bolýarlar. Olar hem salgytçylar zerarly synýar: soltan Sanjar Balhda ýaºap ýören oguz türkmenlerinden salgyt ýygnamaga adam ibereninde ol salgytçylar hökmüzorluk edýärler. Balhly oguzlar baº göterip, soltany tagtdan agdaryp, ýesir alýarlar...

Seljuk soltanlary hem Masut soltanyò goýberen ýalòyºyny goýberýär. Men türkmen hökmünde, taryha baha berýän okyjy hökmünde beýik imperiýanyò eýesi soltanyò ýesir düºmegine-de, beýik soltanlygyò synmagyna-da gaty gynanýan, emma günälerini özünde görýärin.

Sebäbi meniò hakydamda garyp ussany öldüren Stalin papakly, gaýyº sanaçly salgytçy dur.

Meniò ynanjyma görä, her bir döwlet halk döwleti bolmaly.

Halk döwleti näme tapsa, näme gazansa, gazananyny halkyna berjek bolmaly.

Döwlet dana goja bolmaly. Döwlet halka ýaºululyk etmeli.

* * *

Iýeniòde rahatlyga, geýeniòde parahatlyga ymtylmak ýaºululyga uslypdyr. Eºigiò bilen durmuº ºatylarynyò öòünde parasatly parahatdygyòy, iýmitde oý-aladalaryò öòünde tolgunçsyz rahatdygyòy görkez. Bir tymsal aýdyp bereýin. Türkmende öòem bir han uly ile jar çekdiripdir: «Kim-de kim bakyda duran goýna beribilenini berip, ºonda-da ony semretmän saklap bilse, entek türkmende görülmedik baýragy bar» diýipdir. Görülmedik baýragy aljak bolup, her kim her hili emeller edipdir, emma bolmandyr, goýny bakyp, ýene-de horlugyna saklamak baºartmandyr. ªonda bir çopan ýigit hanyò ºertini bitirmegiò hötdesinden gelýär. Ol çölden bir möjegi tutup getirýär-de, goýnuò golaýragynda zynjyrlap goýýar. Goýun janawer hem nebsine eýerip, öòüne dökülenini iýýärmiº, hem möjekden gorkusyna gün-günden horlanyp barýarmyº.

Ýaºululykda ýaºyòa görä diýmelidir!

Ýaºlykda ömür paýtunyòy duýgy aty, ýaºululykda bolsa paýhas aty çekýär. Kämillikde akyl käsäò dolup, içiòdäki pikir ºerabyò goýalýar, güýje durýar. Ol seniò ýalòyz ömrüò dünýä hakykatyndan içen ºerabyòdyr. Duýgy atyny akyl jylawy bilen jylawlamasaò, ömür ýollarynda büdüräp, ýalòyºlyklar tozanyna garylyp galarsyò. Bu aýdýanym ýöne bir owadan sözler däl, olaryò ýer ýaly agras we çyn manysyna kämil kiºiler düºüner. Akyl ýaºululygyò tebigy görmegidir. Akylyò iò ýokary derejesi parasatdyr. Parasat — akyl bilen ömür tejribesiniò nikasyndan döreýär.

Parasat üç zatda — sözde, hereketde we ýürekde bolýandyr. Üç üçüò birligi kämillige kemal edýändir. Sözüò parasaty — manyly, ýaºula mahsus we uslyp bolan sözleri sözlemek, ýaºlara we ýaºlyga öwüt-ündew etmekdir. Ýaºlaryò ýagºysyna ýagºy, ýamanyna ýaman diýmek, olary ýagºylyga çagyrmak ýaºulynyò hökmany borjudyr. Eger ol muny etmese, bu onuò adalatsyzlygy hem biperwaýlygydyr. Ýüregiò parasaty — göwnaçyklyk hem-de hoºamaýlykdyr, ýaºlygyò ýalòyºlygyny we gödekligini bagyºlap bilmek, emma gaýtalanmaz ýaly taraºlap bilmekdir.

Hereketiò parasaty — ömrüòi görelde etmekdir. «Et!» diýme, özüò edip görkez! «Etme» diýme, özüò etmekden saklan! Edip bolýanlygyny görkez, etmän, ýaºap bolýanlygyny görkez! Ýaºlygyò baýyr kimin bikemallygynyò ýanynda ýaºululygyò dag kimin kämilligini görkezmeseò, terbiýeläp bilmersiò!

Ýaºululygyò edep ºerti ýaºyòa görä söýmekdir! Ýaºuly söýgüsi — ýaºlara mähir bermekdir. Kyrkyòdan soò ýaº bolmarsyò! Durmuºdan aljagyòy alanyòdan soòam, «Ýene ber!» diýmek betnebislikdir!

Söýgi — yºk ýaºlykda gözeldir. Ýaºululykda ruhy hem beden gujuryò nesilleriò üçin nusga bolmalydyr.

Mähir — akyl söýgüsidir, ºonuò üçinem, ýaºululygyòy mähir bilen beze!
 


SÖZBAªYLAR / Ömrüò manysy / Ýaºululyk sarpasy / Kiçi bolma, kiºi bol!


 

 

«Ýaprak» žurnaly döwlete degiºli däldir we ähli toparlardan, guramalardan, partiýalardan we birleºiklerden garaºsyzdyr.
«Ýapragyò» buýsanýany türkmen halkynyò medeniýeti, sungaty we edebiýaty barada garaºsyz
alyp barýanlygydyr.
 

© Ýaprak