Eýran türkmenleriniò medeni, edebi we jemgyýetçilik žurnaly

 

ŽURNAL BARADA


Baº sahypa

Maksady

Redkollegiýa

 

ARHIW


Soòky sany

Ýyllara görä

 

GATNAªYK


Myhman depderi

Habarlaºmak üçin

Dost sahypalar

 

 
Her güne bir nakyl


 

 

 


 
Edebiýat / Döwürdeº türkmen edebiýaty
Saparmyrat Türkmenbaºy

RUHNAMA

ikinji kitap

TÜRKMENIÒ RUHY BEÝIKLIGI


SÖZBAªYLAR / Ömrüò manysy / Ýaºululyk sarpasy


ÖMRÜÒ MANYSY

 

Eziz oglum, mähriban gyzym!

Adamzadyò iò gözel ruhy häsiýetleriniò biri söýgüdir. Adam söýmäge ukyplydyr we adam söýülmäge mätäçdir. Gözel hulk bolan söýgi barasynda türkmen halky garaýyºlaryò hem-de hakykatlaryò birgiden ulgamyny döredipdir. Bu ulgam örän gadymy döwürlerden gözbaº alyp gaýdýar. Söýgi düºünjesi, türkmeniò söýgi babatdaky garaýºy biziò medeni mirasymyzyò möhüm gymmatlyklaryny emele getirýär. Milli aò haýsydyr bir meseläniò uly çuòluklaryna aralaºanda, millet ºol meseläni ýöne bir pikirler, garaýyºlar derejesinde aòlaman, eýsem, özboluºly hem gaýtalanmaz pelsepe dörediji bolup çykyº edýär.

Türkmeniò milli söýgi pelsepesi çuòdur. ªol pelsepeden ugur alsaò, türkmen çuòòur ruhy hadysa bolan söýginiò iki görnüºini tapawutlandyrýar. Olaryò biri Ylahy söýgi, beýlekisi bolsa Zemin söýgüsidir. Bular mazmuny we dünýäniò, ýaºaýºyò dürli jähetlerini içine alýanlygy bilen tapawutlanýar. Bular söýginiò iki sany dürli ölçegidir we iki sany aýry-aýry ululyklarydyr.

Ynsan söýgüsi iki adamyò — zenan bilen erkegiò arasyndaky gatnaºygyò hilidir. Ylahy söýgi bolsa has uly taraplaryò — adamzat bilen Allanyò, Ýaradan bilen Ýaradylanyò arasyndaky çuòòur hem düýpleýin arabaglanyºykdyr. Eger ynsan söýgüsi biziò nusgawy dünýewi-durmuºy sungatymyzda beýan edilen bolsa, ylahy söýgi milli sopuçylyk pelsepämizde we sungatymyzda aýdyòlaºdyrylypdyr. Bu iki ruhy hadysany biri-birine ýat mazmun hasaplamak, bulary biri-birine garºy goýmak nädogrudyr. Esasy wezipe, olaryò sazlaºykly baglanyºygyna, biri-biriniò üstüni ýetirýän bitewi ruhy hadysalar hökmündäki baglanyºygyna göz ýetirmekden ybaratdyr. Men Ruhnamada täze pelsepe ýörelgesini — bitewülik pelsepesini esaslandyrdym. ªol esasda-da, ähli meseleleri, ºol sanda söýgi meselesini dogry düºündirip bolar. Bu sazlaºygy ºeýle göz öòüne getirmeli: ynsan beden we beden islegleriniò çägindäki ruhy hajatlaryny söýgi jähetinden aòladanda, ynsany söýgi ýüze çykýar, haçan-da ol bu çäklerden çykyp, bakylyk jähetindäki söýgi we ýaºaýyº ruhy hajatlaryny aòlap ugranda, ylahy söýgi kemala gelýär. Bularyò ikisi-de bakylykdyr, ýöne birinjisi dünýäniò çägindäki, ikinjisi bolsa, dünýäleriò serhetindäki bakylykdyr. Birinjisi birlik hökmündäki ynsan ºahsyýetine, ikinjisi bolsa, ählumumylyk hökmündäki ylah ºahsyýetine gönükdirilendir. Ynsan arasyndaky gatnaºyk ynsandyr ylah arasyndaky baglanyºykdan gerimi boýunça, elbetde, dardyr, emma munuò özi onuò gymmatlyk ähmiýetiniò pesdigini aòlatmaýar. Bu ýerde meseläni dowamat çözýär, ynsan hem bakydyr, ylah hem bakydyr. Ynsan gaýtalanmak, üznüksiz dogulmak arkaly, ylah gaýtalanmazlygy, üýtgewsizligi bilen bakydyr.

Emma XXI asyrda türkmen aòyýetinde söýginiò hil taýdan baºga üçünji bir görnüºi-de döredi. Ol dünýe söýgüsi ýa-da dünýewi söýgüdir. Munuò özi ynsan bilen dünýäniò arasyndaky ruhy gatnaºygyò hadysasydyr. Bu hili söýgi türkmen ruhy dünýäni bakylyk hökmünde aòlandan soò, dünýäni bakylyk we gözellik diýip ykrar edenden soò döredi.

Söýginiò üç hilinde-de esasy zat ikiçäklikdir. Ikiçäkligiò ýok ýerinde söýgi ýokdur. Söýgi — ruhy gatnaºyklaryò ählumumylykdan ikiçäklige geçmegidir. Üç söýgüde-de «men» bilen «sen» bar,

ynsan söýgüsinde bu Erkek bilen Aýal;

ylahy söýgüde Adam bilen Hudaý;

dünýewi söýgüde bolsa Adam bilen Dünýädir.

Söýgi ºeýle bir baglanyºyk bolup, onuò kemala gelmegi üçin, hökmany suratda, iki tarapyò ºahsyýetleºmegi gerekdir. ªonuò üçinem, ruhy «meniò» ºahsyýet derejesine ýetmegi söýginiò ruhy mazmuny üçin hökmanydyr. Hut ºonuò bilenem söýgi beýik ruhy hadysadyr.

* * *

Eziz oglum, mähriban gyzym!

Türkmeniò pelsepesinde tebigaty we derejesi boýunça söýginiò üç görnüºi tapawutlandyrylýandyr. Olar mähir, yºk hem-de muhabbetdir.

Mähir — ten, duýgy ýokundysy bolmadyk söýgüdir. Ata-enäniò perzende, perzendiniò ata-enä, doganlaryò biri-birine, adamyò Watana we millete bolan söýgüsi mähir diýip kesgitlenilýär. Hut ºonuò üçinem, biz mähriban ene, mähriban dogan, mähriban Watan diýen jümleleri ulanýarys. Mähir, aslynda ata-babalarymyzyò uýan hudaýlarynyò biri bolan Gün hudaýynyò adydyr. Mähirde hiç hili pynhanlyk ýokdur, ol ºahsyýet bolan ynsanlaryò biri-birine ýa-da ynsan bilen ºahsyýetleºdirilýän Watanyò, milletiò arasyndaky ruhy baglanyºyk bolsa-da, bu gatnaºygy ikiçäklik çäginden çykaryp, köpçülige ýetirmek tebigy bir zatdyr.

Yºk — söýginiò dartgynlylygynyò iò ýokary derejesidir. Yºk — söýgi duýgusynyò dolup-daºmasydyr. Söýgi özüniò az pursatlyk ºol dolup-daºma — dälilik derejesinden geçenden soò, durugyºyp, agraslaºyp, muhabbete öwrülýär.

Muhabbet — söýgä hemiºelik häsiýetini berýär. Çünki, ºonda duýgy akyl eleginden geçýär, duýgy akyl sütünleri bilen berkidilýär. Söýgi muhabbete öwrülmese, duýgy bolup galýar. Duýgy bolsa wagtlaýyn we ötegçi zatdyr.

Adam ömrüniò dowamynda biz söýginiò dürli hillerini basgançakdan geçen ýaly baºdan geçirýäris. Ynsanyò ilkinji baºdan geçirýän söýgüsi ynsany söýgüdir. Jynsy kämillige çenli adam ynsany söýginiò mähir atly görnüºini bilýär. ªol döwürde adam ºahsyýeti bitewidir, emma sadalyk derejesindedir. On dört ýaºdan adama yºk heseri sataºýar, onuò jynsy duýgulary bitewi ösüºinde esasy itergä öwrülýär. Näme üçin on dört ýaºda?! Bu gün dünýä alymlary her ýedi ýyldan adamyò akylynda hem bedeninde täzeleniºiò, özgeriºiò bolup geçýändigini subut etdiler. Bu gün ata-babalarymyzyò durmuºa ornaºdyran zatlary, aýdanlary dünýä ylmy taýyndan esaslandyrylýar. Her ýedi ýyldan adamyò ösüºiniò bir döwri gutarýar. Her ýedi ýylyò adamyò akylynda we bedeninde bitirýän zatlary bar. Ýedi ýaºda hökmürowan çagalyk döwri gutarýar. Ikinji döwri soranjaòlyk, bilesigelijilik diýip atlandyrmak isleýärin. On dört ýaºda soranjaòlyk, bilesigelijilik döwri gutaryp, yºk gapysyny açýar. Indi ony dünýäni unudyp oýnamak däl-de, gyzlar gyzyklandyrýar. Bu döwür kämillik müçesine çenli dowam edýär. Kämillik müçesinde ynsanda dünýä söýgüsi oýanýar. Dünýä söýgüsi adam garradykça böwºeòleºip biler, emma asla ýitip gitmez. Ruhubelentlik müçesinden baºlap, ynsanyò söýgi meselesindäki esasy orny ylah söýgüsi eýeläp ugraýar.

Hindistan — türkmen halkynyò taryhynyò bir ülºi. Hindi topragynda türkmeniò men-men diýen ärleri ýatyr. Hindi topragynda türkmen halkynyò gahrymançylyk, mertlik yzlary ýatyr.

Nedir ºanyò Hindistandaky bir permany onuò dünýäsini has doly açýar. ªa permanynda Hindistandaky patyºalaryò hem türkmendigini buýsanç bilen nygtap, basyp alan ºäherinde Delide ýene öòki patyºany — Muhammedi patyºa belländigi, onuò türkmendigi, mundan beýläk Muhammet patyºanyò her ýyl özüne salgyt tölemelidigi aýdylýar. Mahmyt Gaznalynyò döreden urdu dilinde Hindistanda gürleýänleriò köpdügem guwandyrýar. Türkmenleriò Haýdarabat, Döwletabat, Swargadwara, Adylabat, Jahanpena ýaly ençeme ºäherleri döredendigi-de guwandyrýar. Ýöne meniò häzirki gürrüòim bu zatlar hakynda däl-de, türkmenleriò Dähli (Deli) atlandyran ºäherindäki ýekeje waka hakynda. Gürrüò çyn sungatyò — Täçmahalyò döreýºi hakda.

Jahan ºa ªiraz ºäherinde bir ussat mygmaryò — binaçynyò bardygyny eºidip, ony ýanyna çagyrýar. Ol mygmar sopuçylyk ylmyna berlen adam eken. Özüni ªirazy diýip atlandyran mygmary Jahan ºa dergähine çagyrýar:

— Sen hakda köp gürrüò bar. Meniò eºidiºime görä, sen adamyò elinden tutup, ýüzüni, boý-syratyny, aýaldygyny ýa erkekdigini görmezden, ºol adamyò heýkelini döredip bilýärmiºiò. ªu dogrumy?

— Siz hakykaty eºidipsiòiz, hökümdar.

— Munuò hakykatdygyny nädip subut edersiò?

— Siz öz köºgüòiziò zenanlaryndan ýigrimi bäº sanysyny perdäniò aòry tarapynda goýuò. Goý, men olaryò ýekejesiniò hem ýüz keºbini görmäýin. Ýöne gerlen perdede olaryò ellerinden tutup görmäge mümkinçilik bolsun. ªonda men olaryò birisini saýlap alaýyn we ºol saýlan zenanymyò ýüzüni görmesem hem heýkelini janly ýaly edip döredeýin — diýip, ªirazy aýdypdyr. — Hökümdar, ýöne meniò hem bir ºertim bar. Ýigrimi bäº zenanyò içinden meniò heýkelini döreden gyzyma öýlenmäge rugsat beriò. Heýkeliò sähelçe kemçiligi bolsa, size meniò ºertimi berjaý etmegiò zerurlygy bolmaz.

Jahan ºa ªiraza elini uzadypdyr:

— Men seniò ºertiò bilen ylalaºýaryn.

Perdäniò aòyrsynda köºkdäki owadan gyrnaklary hatara durzupdyrlar. ªirazy olaryò ellerinden tutup, hiç birisinde-de saklanmandyr. ªanyò gyzy bilesigelijilik bilen perdäniò aòyrsyndan elini uzadypdyr. Onuò elinden tutan ªirazy birden saklanypdyr.

— Ine, maòa gerek el!

ªirazy gyzyò eline öz ýüzügini geýdiripdir. Bu barada eºiden ºa ör-gökden gelipdir: «Eý, gyzym, bu näme etdigiò boldugy seniò? Ol garyp kiºi birden seniò heýkeliòi döredäýse nädersiò?». «Ol meni görenog-a, kaka». ªu pikir Jahan ºaga belli bir derejede teselli beripdir.

Heýkeltaraº üç aýlap ussahanadan çykman, gije-gündiz iºläpdir.

Heýkel taýýar bolupdyr. Jahan ºa öz wezir-wekilleri bilen heýkeli görmäge barypdyr.

Görse, ºanyò gyzy gelenleriò öòünde sülmüräp dur. Gelenler birbada heýkeli ºanyò gyzydyr öýdüpdirler. Tas ºanyò özem gyzyndan: «Sen bu ýerde näme iºläp ýörsüò?» diýip soran eken.

ªa serede-serede heýkelden ýeke kemçiligem tapmandyr. Onda-da gyzyny heýkeltaraºa bermezlik üçin heýkelden kemçilik agtaryp, gaty kösenipdir. Hernäçe yhlas etse-de, kemçilik tapyp bilmändir.

Heýkeliò hakyt gyzyna meòzeýändigini görende ºanyò aýaly-ha hasam erbet boldy. Gyzynyò garyp heýkeltaraºa durmuºa çykmaly boljakdygyny gaýgy edip näsaglapdyr. Ol ºol wagt göwreli bolansoò, wagtyndan biraz öò çaga dogrup, ýaº üstünden aýrylýar. ªanyò aýalynyò ady Mumtaj Mahaldy.

ªa agyr ýagdaýda ªirazy ýanyna çagyryp, hakykaty, bolan zatlary doly gürrüò berýär.

— Merhemetli hökümdar, siz maòa beren sözüòiz üçin biynjalyk bolmaò. Hökman däl. Men siziò aýalyòyzyò ölümine sebäp bolandygyma çäksiz gynanýaryn. Men gelen ýerime — ªiraza giderin. Gyzyòyz maòa durmuºa çyksyn diýip aýtmazlyga söz berýärin. Siz bu barada beren ähtiòizi ýadyòyzdan çykaryò.

— Bu mümkin däl — diýip, Jahan ºa janykdy. — Men ýadymdan çykaryp bilemok. Sen garaº. Men oýlanaýyn, bir çykalga taparyn.

ªa wezirlerine maslahat salýar. Baº wezir ºeýle maslahat berýär.

— Bir iº gyzyòy bermek üçin az bolýar. Bu heýkeltaraº, goý, ýene bir gudrat görkezsin.

— Näme etsin?

— Seniò aýalyò ýogaldy. Goý, heýkeltaraº aýalyò mazary üçin entek dünýäde ýok türbetiò çyzgysyny taýýarlasyn. Biz onuò taýýarlan türbetini halamarys. Wessalam! ªirazy ªiraza gaýdar.

ªiraza ºanyò aýalynyò mazary üçin dünýäde iò gözel türbet gurmak isleýändikleri, ºonuò üçinem, ilki türbetiò çyzgysyny taýýarlamalydygy, çyzgy ºaga ýaran ýagdaýynda ºa gyzynyò oòa durmuºa çykaryljakdygy aýdylýar.

ªirazy:

— Men razy — diýýär.

Jahan ºa: «Men hiç haçanam razy bolmaryn» diýip, içini gepledýär.

ªirazy yhlas bilen iºe giriºýär. Owadandan owadan çyzgylar edýär. Çekilen türbetleriò çyzgylary, her näçe gowy bolsa-da, Jahan ºa her gezek ºol bir sözüni gaýtalaýar: «Göwnümden turanok».

Baº wezir agyr ýagdaýa düºýär. Çünki, ªirazynyò taýýarlaýan çyzgylary juda owadandy, «Halamadym, bolanok» diýmäge ynsabyò çatar ýaly däldi. Baº wezir ahyr çykalga tapýar. Ol heýkeltaraºyò gulagyna iler ýaly myº-myº ýaýradýar: «Heýkeltaraºyò öýlenmekçi bolýan ºa gyzy gaty agyr ýagdaýda kesel ýatyrmyº». Baº wezir ikinji hepde gyzyò ýagdaýy agyrlaºýarmyº diýip, myº-myº ýaýradýar, üçünji hepdäniò myº-myºy hem ºa gyzynyò agyr keselden galman, ölendigi hakyndady. ªol habar baranda ªirazy türbetiò soòky nusgasyny taýýarlaýardy.

ªirazy soòky nusgany ºaga eltip berdi. Soòky nusgany gören ºa «Halamok» diýip bilmedi, bu sözi aýtmaga ynsaby çatmady.

Men bu hekaýaty sungatyò gudratyny, güýjüni nygtamak üçin gürrüò berdim.

* * *

Eziz oglum, mähriban gyzym!

Biziò al-ýaºyl Zemin togalagymyzy ummanlaryò, deòizleriò gurºap durºy ýaly, her bir adamy çar tarapyndan söýgi gurºaýar. Adam söýgi gujagynda dünýä inýär, söýgi sallançagynda kemala gelýär. Adamzat döredijilige meýil edip, dileki hem ýazmaça eserler döredip baºlany bäri, onuò döredýän ähli eseriniò ondan dokuzysy söýgi eserleridir.

Söýgi Zeminde düºünip hem düºündirip hem bolmaýan gudratdyr!

Birek-biregi tanamaýan iki ýaº juwan tötänleýin biri-birine nazar salýar. Garaºylmadyk ýagdaýda ýigidiòem, gyzyòam gözlerinde ýyldyrym çakyp, olar bir bakyºda aºyk-magºuk bolýarlar. Beýle söýginiò öòünde durup biljek güýç hem gudrat ýok. Zöhre gyzyò yºgyna düºen Tahyr magºugynyò didaryny görmäge barýarka, öòünden gara daglar çykýar. Tahyr ataºly yºk aýdymyny aýdýar welin, gara daglar para-para bolup, ýol açyp berýär. Agaýunusyò yºgyna düºen Görogly beg daglaryò sili ýaly aždarha garºy söweºe çykýar, aždarhany gyzyl gana boýaýar.

Asmanda älemlere nur saçyp, jümle-jahany ýagtyldyp, nuruna çoýup duran Gün ýaly söýgi hem adamzady gudratly, keramatly nuruna çoýýar. Islendik ýurduò, islendik zamanyò islendik dilinde döredilen söýgi aýdymy dünýäniò ähli adamy üçin ýürekdeº, ähli dildäki adama düºnükli.

Hakykatdan-da, yºk derdine sezewar bolan adam janly-jandaryò, haýwanlaryò, ösümlikleriò, daglaryò-daºlaryò diline düºünýär. Söýen ynsan adamdan has belende galyp, Hudaýa golaýlaºýar, ynha, ºonuò üçinem, ol dünýädäki ähli dillere düºünýär, ösümliklere, haýwanlara düºünýär.

ªahyry dünýä berýän söýgüdir. Ýaº suratçy ýa heýkeltaraº ýigit öz söýgüsiniò jadyly keºbini döretjek bolup, gara daglaryò daºlaryny ýonýar, öz janyndan gara daºa jan berýär. ªeýlelikde, döredijilik baºlanýar.

Allanyò gudraty bilen lal oglan söýgä sataºsa, hökman dil açyp, gygyryp aýdyma zowladar.

Allanyò gudraty bilen kör oglan söýgä sataºsa, ol hökman yºk oduny görer!

Allatagalanyò öz eziz adamlaryny saýlaýºy ýaly, söýgi päk, arassa, ýagºy adamlary saýlaýar. Söýgi adamlaryò ählisine degip çykaýmaýar. Ol diòe bagty gelen ýaº ýigide, ýaº gyza sataºýar.

Adamzat gowakdan çykaly bäri söýgini keramat derejesine göterip, söýgi barada aýdym döredýär, saz döredýär, dessan döredýär. Ol söýgi eserleri bolsa, umumyadamzat ruhy hazynalaryna öwrülýär.

Çeºmeler, çaýlar — depesi ümürli-dumanly daglaryò söýgüsidir.

Çabgalar, baranlar — däli ummanlaryò söýgüsidir.

Elwan güller, ýaºyl maýsalar — topragyò söýgüsidir.

Gadymy ynanç bar: beýik-beýik daglary lerzana getirip çakan ýyldyrymyò biri ahyry dagyò jigerine ot berip, onuò pynhanda ýatan çeºmesine ýol arçaýarmyº. ªeýdip hem janly-jandaryò jany, adamzadyò melhemi bolan çeºmeler döreýärmiº.

Müò adamy yºk oduna sezewar eden onuò aly hezretleri Söýgi olaryò birini ºahyr, birini sazanda, birini aýdymçy, birini suratçy edermiº.

Dünýäni bendi eden beýik ºahyrlar, alymlar, serdarlar, aýdymçylar gudratly söýgüden gözbaº alyp gaýdýar, ºonuò üçinem, olar beýik bolýar, ölmez-ýitmez bolýar.

Hakyky söýgi jahanyò, adamzadyò kada-kanunlaryndan, düzgün-tertiplerinden has beýikdedir, çünki, hakyky söýgi — adamzadyò täze belentligi!

Aºyk bilen magºuk Adam ata bilen How ene ýaly dünýäde diòe birek-biregi görýär. Aºyk bilen magºuk üçin dünýäde özlerinden baºga adam ýok.

* * *

Dünýä, ýaºaýyº, adam ºeýle bir kämil ýaradylypdyr welin, doly akyl ýetirmäge ömür gysga gelýär. Çagajyk dünýä inip, onuò ýigit çykmagy üçin azyndan ýigrimi ýyl gerek, kämil adam çykmagy üçin otuz ýyl gerek. Ýigrimi ýyl, otuz ýyl uzak möhlet! Adama gulluk edýän jandarlaryò aglabasynyò ömri ýigrimi ýyl. Adamdan näçe esse güýçli bedew atlar, esrik inerler, öküzler dört-bäº ýylyò içinde baº kämilligine ýetýärler. Näme diýip tebigat adamyò ýetiºmegi üçin beýle uzak möhlet belledikän?! Megerem, Hudaý, tebigat adam çagasyny söýgüden, mähirden gandyrmak üçin ºeýle uzak möhlet bellän bolsa gerek!

Çagajyk dünýä inýär. Ata-enäniò bagty dünýä inýär. Ata-ene dünýä inen perzendiniò özünden has ezizdigine akyl ýetirýär. Durjan-durjan, ýörjen-ýörjen bolan çaganyò joòkuldapjyk äden her ädimi atanyò-enäniò bagty. Dil çykaryp baºlan çagajygyò aýdan her sözi, her jümlesi ene-atanyò bagty! Çagajygy ene gujagyndan sypdyrsa, atasy gujagyna alýar, atasynyò gujagyndan çykan çaga ene gujagyna dolýar.

Ene-ata gije-gündiz çagasyna söýgüsini, mährini, buýsanjyny siòdirýär.

Çagajyk gije-gündiz tükenmez söýgi hem mähir bolup, ene-atasynyò kalbyny gandyrýar.

Her bir çaganyò geýim-gejimi söýgüden, iýjek-içjegi mähirden! Diýmek, dünýä gelen çagajygyò ýigit çykmagy birinji mesele däl-de, Hudaý üçin, adamzadyò ýaºaýºy üçin çagajygyò söýgi hem mähirden ganmagy birinji mesele bolup durýar.

Çagajyk ýigit çykýar, ony göwün söýen gyzyna öýlendirýärler. Olardan perzent dünýä inýär. Ýaº ene-ata perzendini söýüp, ganyp bilmeýär, emma garry ata-ene üçin agtygynyò söýgüsi öz çagasynyò söýgüsinden hem eziz. Ejesi-kakasy-da çagany söýýär, emma ene-atanyò söýgüsi has artykmaç! Agtyga ýüzi düºen her bir adam meniò bu sözlerimi makullar. Agtyk perzendiòden-de eziz bolýar!

Diýmek, tebigat, Hudaý bizi söýgüden söýgä uçradýar, bizi söýgüden söýgä alyp barýar.

* * *

Eziz ýaºlar!

Men ºu ýerde ýaºlyk ýyllarymyò bir parçasy baradaky «Ilkinji serpaý» atly hekaýatymy siziò dykgatyòyza hödürleýärin.

Bäºinji synpda okaýarkam, menden on ýaº çemesi uly, goºunda gulluk edip gelen Aºyr atly ýigit ýörite ýanyma geldi. Äpet ýigit bir müýni bar ýaly meniò öòümde bir gyzarýar, bir agarýar. Gaty aljyraòòy:

— Syr saklap bilýäòmi?

— Bilýän!

— Saparmyrat jan! — diýip, Aºyr özüne zor salyp ýylgyrjaklady. — Syr saklap bilýänligiò üçin men seniò ýanyòa geldim. Häzirki aýtjak zatlarymy ikimizden baºga hiç kim bilmeli däldir. Diòe ikimiziò aramyzda galmalydyr.

— Arkaýyn bol, aýdyber.

— Aýtsam, Saparmyrat jan, men bir gyza aºyk boldum. Senem ony tanaýaò. Nurjemal diýýärler adyna.

— Nurjemalmy? Obamyzda iò owadan gyzlaò biri ol.

— Ana, ºol gyzy, biler bolsaò, Saparmyrat jan, men söýýän-dä. ªol gyzy almagym üçin seniò kömegiò gerek.

— Men näme kömek edeýin?

— ªol gyza meniò adymdan goºgy ýazmaly. Sen goºgy ýazyp bilýäò-ä. Goºgulaò diwar gazetde-de bar eken, gördüm. Nurjemal goºgyny okap, maòa durmuºa çykmaga razy bolsun. Joºup-joºup ýazyp bersene! Özüò bilýäò, men-ä goºgy ýazyp bilemok. Mekdepde diòe sen ýazýaò. Sen öòem birki ýigide kömek edenmiºiò diýip eºitdim.

Haýyºy bitirmesem, Aºyryò ýalbaryp günüme goýmajagyny aòamsoò, men Nurjemala Aºyryò adyndan söýgi hatyny goºgy bilen ýazdym.

Goºgyny Aºyr halady. Iki günläp sünnäläp göçürdi.

Aºyr iki-üç gündenem ylgap ýanyma geldi. Ol meni garsa gujaklap, pyrlap, bäº-alty gezek daºyndan aýlady:

— Saparmyrat jan, sag bol, sagja bol, sen maòa hakyt doganlyk kömegini etdiò. Hiç kimiò edip bilmejek kömegini etdiò.

— Anygrak aýtsana.

— Anygrak aýtsam, ýaòy Nurjemala duºdum. Ol meni görüp ýylgyrdy. Hakyt ýylgyryp seretdi maòa. Soòam näme diýenini bilýäòmi? «Sen-ä hakyky ºahyr ekeniò, oglan. Men-ä sen beýle gowy goºgy ýazyp bilýänsiòem öýtmändirin» diýdi. Hakyt ºeýle diýdi. Özem ºeýle bir mähir bilen seretdi welin, Saparmyrat jan, ynan, endamymdan garynja ýörän ýaly bolup gitdi. Söýgi bü! Ýene bir goºgy ýazyp berseò, ol doly maòa göwün berýär. Soò öýlerine sawçy iberäýýän. Wessalam.

Aºyryò diýºi ýaly boldy. Nurjemal ikinji goºgyny hem gowy görüpdir. Aºyry hem hakyky ºahyr diýip taryplapdyr.

Netijede, Aºyr maksadyna ýetdi: sawçylaryò saçagy kabul edilipdir.

Obada Aºyr bilen Nurjemalyò toýy boldy.

ªol toýda Aºyryò iò arzyly myhmany, elbetde, men boldum.

Toýdan bäº-alty aý geçensoò, ýolda men Aºyr bilen Nurjemala tötänden gabat geldim.

— Nurjemal, sen meniò beren goºgylarymy okap, maòa: «Hakyky ºahyr ekeniò» diýdiò. Hakyky ºahyr men däl, ine, ºu ýigit — diýip, Aºyr ýylgyrjaklady.

— Aºyr, bu syr biziò ikimiziò aramyzda galmalydy ahyryn, äht ediºipdig-ä.

— Ähtimiz öz möwritini ýitirdi, Saparmyrat jan. Indi men Nurjemaly sypdyrmaýan. Munuò özüniòem meni taºlap gitjek ýeri bolmaz.

— Hakykatdanam ºol gowy goºgulary sen ýazdyòmy? — diýip, Nurjemal geòirgenmesini daºyna çykardy. — Sen entek ýaº-a, onuò ýaly owadan sözleri nädip tapdyò?!

— Siz aýyplaºmaò.

— Ýok, ýok, sen gowy iº etdiò. Men hakda juda gowy goºgular ýazdyò. Men ol goºgulary ömrümiò ahyryna çenli bukjamda saklaryn. Aºyr ikimizi bagtly etdiò, özüòem bagtly bol! — diýip, Nurjemal meniò egnimden sypady.

Nurjemalyò egnimden sypamagy döredijiligime berlen ilkinji serpaýdy.

* * *

Eziz oglum!

Sazlaºykly türkmen ºahsyýetine söýginiò ähli görnüºleri mahsus bolmalydyr. Emma ýaº wagtynda ynsan, esasan,
yºk — muhabbet bilen ýaºaýar. Biziò ajaýyp dessanlarymyz, gözel ºygryýetimiz, köplenç, muhabbet barasyndadyr. Sen bu söýgüde ata-babalarymyzyò ykrar eden söýgi edebiniò ºertlerini berjaý etmelisiò. Söýgi edebinde oglanyò öz edebi, gyzyò öz edebi bolmalydyr.

Eziz oglum!

Sen öz söýgiòe akyl bilen göz ýetirmelisiò!

Söýgi — duýgudyr, emma söýginiò hakyky bolmagy üçin duýgy ýeterlik däldir. Duýgy bary-ýogy söýginiò badalgasydyr, baºlangyjydyr. Duýgular akyl tarapyndan rejelenenden soò, hakyky söýgi döreýändir. Yz — nyºan goýman, uçup gidýän duýgy söýgi däldir.

Söýýän ýürege akyllylyk mahsusdyr. Ten duýgusy haýwanlarda-da bardyr. Emma ynsan söýgüsi akylyò gatanjy we ruhuò parasady bilen parhlanýandyr. ªonuò üçinem, ýüregiòde dörän duýgynyò hakyky söýgüdigine göz ýetirmek üçin wagt gerekdir. Söýgi ten isleglerinden baºlansa-da, ruhy islegler bilen jem bolýandyr. Çyn söýgi ten islegleriniò däl, ruhuò islegleriniò kanagatlandyrylmagyna mätäçdir. Duýgy tende döreýändir, tende-de eda bolýandyr. Söýgi bolsa, ten islegleriniò ruhy isleglere, hajatlara ösüp geçmegidir.

ªonuò üçinem, söýgiòi wagt bilen syna!

Gadymy dessanlarymyzda aºyklyk möhleti ýedi ýyl diýlip kesgitlenilipdir. Hut ºol sebäpden dessanlarda ýedi ýyldan soò mesele bir ýaòalyk edilýändir — ýa aºyk magºugyna gowºar, ýa-da olar wepat bolarlar.

Söýgi ýüregiò gözünden baºlanýandyr, paýhasyò gözi bilenem dowam edýändir. Gözden baºlanýan söýginiò döwri iò süýji, iò ajap döwürdir. Aºyklyk zamanyndaky ýaly owadan dünýä soò hiç mahalam size nesip edýän däldir. Söýgi arzuwlary ýürege iò oòat ruhy iýmitdir. Dünýä durºuna gözellik, dünýä durºuna mähribanlyk, ýaºamak ne hezildir. Dünýäniò kynçylyklary, aladalary juda ownujak zatlar bolup görünýändir. Söýgi külli ýaºaýºy, bütin ömri bala garyp, seniò ygtyýaryòa berýändir. Sen ºonda öz söýgiòde päk, arassa hem edepli bolgun! Aºyklygyò pynhan bolsun, duýgularyò deò-duº, dost-ýar bilen paýlaºar ýaly zat, hanyman däldir. Söýginiò tagamy, lezzeti we süýjüsi pynhanlykdadyr.

Derdiòi diòe ikiçägiò bilen, syrlaryòy diòe söýgüliò bilen paýlaºmalydyr. Söýgi seniò hasam agraslaºmagyòa, kämilleºmegiòe, ulalmagyòa ýardam etmelidir. Duýgularyò içine tarap ösüp gidende, söýgi berkeýändir. Tä nika gyýylýança, söýgi gatnaºyklary pynhan-pynhan ºirin sözleºikden, hyýaly hem edepli gözleºikden aòry geçmeli däldir. Agraslyk we akyllylyk çyn söýgi üçin böwet däl-de, tebigylykdyr. Duýgularyò gödeòsiligi, aç-açanlygy, bahyllygy söýgini betnyºanlyk derejesine düºürýändir.

Söýeni söý, söýmedige süýkenme! Özüni söýmeýändigini görmek ýigit üçin uly betbagtlyk bolup görünýär, emma ºonda-da özüòi ele al, mertebäòi sakla! Söýmedige süýkenmek has uly betnyºanlykdyr.

Söýgi tebigatyò hulky, çünki gözellik tebigatdandyr. Emma söýgi tebigatdan has ýokarky barlykda — ruhda dowamat edýändir. Aºyk söýgüsini magºugyò kabul edendigini görensoò, ºoòa görä bolmalydyr. Söýgini süýji hem manyly gözellige öwürýän zat aºyk bilen magºugyò belli bir aradaºlykda saklanmaklarydyr. Aradaºlyk diòe biri-biriòe gowºanyòdan soò aradan aýrylýandyr.

Sen söýgiòi söz bilen däl, bolºuò bilen görkezmelisiò. Söz söýgüde esasy zat däl, ol, köplenç, artykmaçlyk we ýerliksizlikdir. Akylly ýürek az sözleýändir. Köp söz söýgüdäki galplygyò alamatydyr. Diliò däl, hereketleriò, bolºuò sözlesin!

Söýgi dowamaty maºgala gurlandan soò baºlanýandyr. Maºgala hem nikadan soòam dowam edýän, duýgularyò terligini saklaýan söýgi hakyky söýgüdir. Aºyklyk-magºuklyk är-aýallyga geçenden soò, ana, ºondan soò, has aýan bolýar. Eger soòky gatnaºyklar duýgynyò üstünde guralan bolsa, olar ýitip gidýärler. Eger olar akylly ýüregiò söýgi-muhabbetiniò üstünde guralan bolsa, söýgi barha gül açýar, ýüregiò duýgulary terleºýär, adam öz ruhy gujuryny öz taýyna geçirip, biri-birine ömür uzaklygyny bagyº edýärler.

* * *

Mähriban gyzym!

Türkmen gyzynyò söýgüsi haýalydyr, ejaplydyr we agrasdyr. Türkmen gözeli aºygyny diòe ýüregi däl, eýsem, öz mertebe-derejesi bilenem söýýändir. Söýgüde türkmen gyzy oglandanam akyllydyr we agrasdyr. Oglandan has pikirli, has öòdengörüjidir. Türkmen gyzy hiç mahal däliräp söýýän däldir. Ol atymyna golaýlatmaýan jerendir. Ol wepalydyr, wepa diýmek soòuna bakmak, soòuny bagyº etmek diýmekdir. Türkmen gyzynyò wepasy, maksady nika hem maºgaladyr. Gyz maºgala üçin we maºgala diýip söýýändir. ªonuò üçinem, türkmende gyza maºgala diýilýändir. Akyl we agraslyk, wepa we ejap türkmen gözeliniò tebigatyndaky esasy häsiýetlerdir. ªonuò üçinem, wepaly, ejaply, akylly we agras söýmek türkmen tebigylygynyò alamatydyr.

Türkmen halkynyò gyza terbiýe berºi üýtgeºik.

Gyzjagaz gulpajygyny örüp ugranyndan ejesi: «Kömek et, gyzym, ony et, muny et» diýip, berekellasyny ýetirip, iº buýrup baºlar. Joralary bilen oýnamaga-da goýberer, ýöne kiçijiklikden baºlap tikin-çatyn, gaýma, el iºlerini-de öwreder. Sähel ulaldygy haly-palas baºyna geçirer. Gaty ýadatmazam, oba içinde selk-selk gezdirmezem. Nahar-ºor etmänem öwreder.

Türkmen maºgalasynda gyza aýratyn sarpa goýulýar. Garybrak bolsa-da, özi geýmez, gyzyny geýindirer. Gyzyò göwni ýykylmaz. Gyza bedew ata seredilen ýaly serediler, oglana iº atyna seredilen ýaly. Gyz eýýäm ýaºlykdan özüne aýratyn hormat goýulýandygyny, buýsanylýandygyny, ene-atasynyò görer gözüdigini duýup baºlar. Gyz öýde aýratyn söýgüden gandyrylar. Ol ºeýde-ºeýde özüniò tutuº öýüò mertebesidigine, kakasynyò, erkek doganlarynyò namys-arydygyna, tutuº maºgalanyò, tutuº kowmuò baýdagydygyna, tugudygyna akyl ýetirer. Özüne dil ýetse, öýüni ýel ýykjakdygyna, özüne ýokjak garanyò tutuº maºgalanyò maòlaýyny garaltjakdygyna gowy düºüner.

Her bir türkmen gyzy on üç-on dört ýaºyndan baºlap, diòe ene-atasynyò ýa-da doganlarynyò däl, goòºy-golamlarynyò hem daº-ýakyn garyndaºlarynyò gözüniò astynda, garamagynda gezýändigini bilýändir. Ol akylly, edepli-ekramly bolsa, dumly-duºdan özüne garaýan gözlerde mähir-buýsanç duýar, edepsizlik etse welin, ºol gözleriò ählisinde ýazgaryº, sowuk bakyº görer. Sähelçe paýhasy, üºügi bar gyz dogan-garyndaºynyò, doganlarynyò, ene-atasynyò ýüzüni ýere saldyrjak iºiò gyrasynda görünmez, çünki ol tutuº maºgalanyò tugy ahyryn. Ol tutuº kowmuò tug göterijisi ahyryn! Ine, ºol sebäplem, türkmen gyzlary tug göterijiler ýaly örän buýsanjaò bolýarlar!

Gyz ýetiºer, sawçy döküler, nesibeli kiºi guda bolar. Gyzly öý galyò salar! ªu ýerde «Gorkut ata» kitabyndaky Däli Garçaryò uýasy üçin goýan adaty bolmadyk, geò ºertini ýada salalyò. Bamsy Begrek Banuçeçek atly gyza aºyk bolýar, ony babasyna duýdurýar. Babasy: «Ogul, Banuçeçegiò Däli Garçar atly gardaºy bardyr, gudaçylyga baranyò kellesini aparar» diýýär.

Hakykatdan-da, Däli Garçar ºeýle äht edýär. Sebäbi näme? Sebäbi gyzly öýden umydygär köp. Bolaram geljek gudaçylyga, bolmazam. Özüni oòaranam geljek gudaçylyga, oòarmadygam! Däli Garçaryò ºol sözünden soò kim ol gyza gudaçylyga baryp biljek?!

Diòe hak aºyk!

Hak aºyk ölümden gorkmaz, hak aºyk aýraçylykdan gorkar! Ony Garçar bilýär, hak aºygy saýlamak üçin hem däli ºertini goýýar!

Gyzly öý galyò salýar, ogully öý galyò toplaýar, öýlenjek ogla öý dikilýär. Türkmende öýlenmek diýmek «öý» sözünden bolup, «täze öý dikmek» manysy bar. Täze öýe bolsa, hemme zat gerek! Hemme zady hem iki guda galyò bilen çözýär. Öýem, goº-golam hem, ýorgan-düºek hem, garasaý, bir hojalyga gerek-ýaragyò bary galyòda bar. Galyòy alan ata-ene onuò baryny bir gaýtarýar, üstesine barlyrak bolsa, özündenem goºýar. Sebäbi ýaº çatynjalaryò tüýs ýaºaýjak wagty, hiç zatdan har-hor bolmaly däl. Ýaº çatynjalar çaga-çugaly boljak wagty, hiç zadyò aladasyny etmeli däl! Ine, galyòyò düýp manysy nirede ýatyr!

Türkmeniò iki gudasy birleºip, üçünji sagdyn maºgalany döredýär! Hany, onsoò bu ýerde näme aýyp bar?! Bir zady unutmaly däl, türkmen halky islendik nysagyny, kada-kanunyny, däp-dessuryny uzyn taryhyò dowamynda oýlap-ölçerip, pähim-paýhas eleginden geçirip, taraºlap-taraºlap kämil döretdi, özem zerur bolandan soò döretdi. Bu gün gaty diplom alyp, ýetmiº ýedi arkamyzdan akyllysyrap, olaryò ýörelgesinden çyksak, gaty ýalòyºarys!

Dogrusy, baknalyk ýyllarynda köp dessurlarymyza, däplerimize palta saldyryp, köp-köp ýalòyºlyklary baºdan geçirmeli bolduk.

Türkmen halky gyzlardan gelin, gelinden ene ýetiºdiren bolsa, sowet döwründe dünýäni aòk edýän haly-palas dokap bilýän gyzlara, keºde edip, gaýma gaýap bilýän inçe senetli gyzlara kürelerde kerpiç kesdirip, tarladyp traktor sürdürdiler...

Indi ýetmiº ýylda ýol berlen nogsanlyklarymyza ýol bermek bolmaz.

Gelin-gyzlar agyr iºlerde iºlemesin, iºledilmesin!

Gelin-gyzlar durmuºymyzyò bezegi bolsun, ýaºaýºymyzyò halallygy bolsun, ýüzümiziò tuwagy bolsun!

Gelin-gyzlar durmuºymyzyò al-elwan bahary bolsun!

* * *

Orta asyrlarda türkmenleriò arasyna gelen arap alymy haýran galyp: «Olaryò aýallary öz ärlerindenem, keseki erkeklerdenem ýüzüni ýapmaýarlar... Olar, ºonuò ýaly-da, azgynçylyk diýen zadyò nämediginem bilmeýärler» diýip ýazýar.

Türkmen nikasy — mukaddes. Ol nika aòsat-aòsat bozulmandyr. Birinjiden, guda bolnanda ýigit tarap gyzyò, gyz tarap ýigidiò ýedi puºduna, kowum-hyºdyna çenli öwrenipdir. Ýaº barabarlygy saklanypdyr. Eger ärli aýal aýagyny gyºyk bassa, ony äri hem öldürip bilipdir, äriniò doganlaram. Gyzyò öz hossarlaram tohuma gara getirýäne ýowuz darapdyr. Eger aýal aýagyny gyºyk basmaýan bolsa, düýpli bir sebäbi bolmasa, erkek kiºi aýalyny kowup hem biläýmeýär. Erkek aýalyny kowjak bolsa, onuò hossarlary soraýar, kazy soraýar:

— Aýagyny gyºyk basdymy? Naharyòy biºirip, kiriòi ýuwmaýarmy?

Aýalyòy kowmak üçin düýpli bir sebäbiò bolaýmasa, kazy-da, aksakgallar-da, öz hossarlaryò-da, aýalyò hossarlary-da, ony saòa kowduraýmaýar.

Ruhnamanyò birinji kitabynda-da aýdyºym ýaly, çaga edinmek meselesi türkmende örän möhüm mesele. Biziò ata-babalarymyz çaga edinjek bolanlarynda, muòa ýörite taýýarlyk görüpdirler. Bir aýyò dowamynda äri hem, aýaly hem gaharlanmaz ýaly, artykmaç iýmez ýaly, arkaýyn ýaºar ýaly ºert döredipdirler. Eger maºgala ogul isleýän bolsa, hamylalyk döwri diòe guzuka biçilen iººek goýnuò eti iýdirilipdir, ak-gök, gawun-garpyz bol edilipdir. Tebip aýal gelne, ýigidiò hossarlary ýigide özüni alyp barmagyò ýollaryny öwredipdirler. ªol jogapkärli pursatda ýigide ºerap içmek, gaýry keýpler gadagan edilipdir. Ene garnynda çaga galanyndan soò, är-aýallyk iºi hem bes edilipdir. Saýyrdyò halk saýyrdyò çaga isläpdir!

* * *

Allatagala biziò ýaºaýan dünýämizi, gör, nähili owadan, tämiz, gözel hem kämil edip ýaradypdyr. Eger biziò içki dünýämiz hem daºky dünýä ýaly owadan, eziz, gözel, tämiz, päkize hem mähriban bolmasa, ol ýerde ruhumyz göýdük bolar!

Ruhuò iýmiti — söýgi! Ruhuò ganaty — söýgi!

«Mukaddes Watanyny janyndan artyk söýüp, il-ulsuny keramat bilip, Watanyna howp abanan güni ata atlanyp, söweºde ºirin janyny gurban berýän gerçekler göni jennete barar» diýip, ata-babalarymyz ynanypdyr.

Ýaòy ýaºlygyò bir gyrasyndan girip, birek-birekde keramatly söýgä uçrap, al-asmanda kepderi ýaly ganat kakyp ýören aºyk-magºuklaryò ruhy, meger, iò kämil ruhdur, sebäbi olaryò göwresi ruhuna tabyn, sebäbi olaryò ruhy bilen birlikde göwresi hem al-asmanda uçup ýör.

Biziò ruhumyz — biziò mazmunymyzdyr!

Daýhan ýerini sürýär, ekýär, dökün berýär, suwarýar. Ak bugdaýly gallasy deòiz ýaly owsunýar. Daýhan orak orýar, dag ýaly harman ýasaýar, döwýär. Sykylyklap, Haýdar babadan medet diläp, harmanyny sowurýar.

Dag ýaly harmandan depe ýaly çäç galýar!

Ynha, dünýäniò manysy! Bir gün geler, harmanymyzy sowurmaly bolarys. Näçeräk çäjiò galsa, dünýäde abraýyò-hormatyò ºol bolar.

Allatagala älemi, jümle-jahany, ýaºaýºyò göwher jygasy — Adam ogluny söýgüsinden, mährinden, nurundan, paýhasyndan-parasadyndan ýaradypdyr. Ol bu dünýäde söýüp, mähir ummanynda ýüzüp, tämizlenip, kämilleºip, ýene Allanyò dergähine dolanyp bolýandyr.

Eziz oglum!

Eziz gyzym!

Söýüp hem söýlüp, owadan ýaºaò!

Ýaºaýyº söýgüdir. Siz söýgi dünýäsinde ýaºaýansyòyz. Bu ajaýyp dünýäde, bu ajaýyp ýaºaýyºda söýgiòiz özüòiz deýin owadan bolsun!

Söýülýän kiºi owadandyr, bagtlydyr. Owadan boluò! Bagtly boluò!
 


SÖZBAªYLAR / Adamy dostundan tanarlar / Ömrüò manysy / Ýaºululyk sarpasy


 

 

«Ýaprak» žurnaly döwlete degiºli däldir we ähli toparlardan, guramalardan, partiýalardan we birleºiklerden garaºsyzdyr.
«Ýapragyò» buýsanýany türkmen halkynyò medeniýeti, sungaty we edebiýaty barada garaºsyz
alyp barýanlygydyr.
 

© Ýaprak