Eýran türkmenleriniò medeni, edebi we jemgyýetçilik žurnaly

 

ŽURNAL BARADA


Baº sahypa

Maksady

Redkollegiýa

 

ARHIW


Soòky sany

Ýyllara görä

 

GATNAªYK


Myhman depderi

Habarlaºmak üçin

Dost sahypalar

 

 
Her güne bir nakyl


 

 

 


 
Edebiýat / Döwürdeº türkmen edebiýaty
Saparmyrat Türkmenbaºy

RUHNAMA

ikinji kitap

TÜRKMENIÒ RUHY BEÝIKLIGI


SÖZBAªYLAR / Türkmeniò ýaºaýyº medeniýeti / Watançylyk ruhy


TÜRKMENIÒ ÝAªAÝYª MEDENIÝETI

 

Eziz watandaºlar!

Biz ýigrimi birinji asyry Türkmeniò Altyn asyry diýip yglan etdik. Hoºniýetli bitarap berkarar döwleti gurduk.

Men Ruhnama kitabyndan soò, her günki özüme gelýän hatlary okap, pikirlenýän, oýlanýan, ahyry hem Ruhnamanyò eliòizdäki ikinji kitabyny — «Türkmeniò ruhy beýikligini» ýazmaly diýen pikire geldim. Biziò bu gezekki söhbetimiz, esasan, türkmeni türkmen edýän ruhy beýikligimiz, edep gymmatlyklarymyz hakda bolar, olar dürs berjaý edilende bagta, bolçulyga eltýän ºaýoldur. Ata-babalarymyz bahasyna hiç bir zat bilen ýetip bolmajak ruhy gymmatlyklary döredipdirler. Deòsiz-taýsyz türkmen edebiniò jöwahyrlygyna, gözelligine, ähmiýetlidigine ºu kitaby okap çykanyòyzda açyk göz ýetirersiòiz.

Adamzat, ylym görlüp-eºidilmedik tizlik bilen ösýär, durmuº, ýaºaýyº, dünýä çylºyrymlaºýar. Ýigrimi birinji asyrda ylym-bilimden ýüküò ýetik bolmasa, kyn bolar. Bilermen alymlar ýakyn ýigrimi-otuz ýylda adamzat akylyndan dörän kompýuterleriò adamdan has akylly boljakdygyna güwä geçýärler. Ylmyò gazanýan üstünliklerine akyl ýetirmek barha-barha düýpli taýýarlygy, sowady talap edýär.

Çagalykdan ýüzmäni öwrenen adam derýa urup, ýüzüp geçip gidiberýär. Ýüzmäni öwrenmedik bolsa, kenarda gaýyk tapylmazmyka diýip, irikgä bolup garaºmaly. Durmuºyò deòze-derýa meòzeýän ýerlerem bar, ony zenana-da, ýylana-da, ýalança-da meòzedýärler, ony gaty kän zada meòzedýärler. Durmuº özüne meòzedilýän ähli zatlardan has çylºyrymly. ªonuò üçin atalaryò borjy — öz ornuna mynasyp nesil taýynlamaly. Mugallymlaryò borjy — mekdebi gutarýan ýaºlaryò dünýäniò islendik ýurdunyò ýaºlaryndan ylym-bilim babatda öòde bolmagyny gazanmaly.

Her nesliò gadyr-gymmaty özünden soò nähili nesil ýetiºdirendigi bilen kesgitlenmeli. Döwletiò, ýurduò, halkyò ösmegi üçin ylymdar-ylymdar nesiller hemiºe gerekdir.

* * *

Dünýäde ºeýle bagt bar — bilmek, öwrenmek, pikir edip, oýlanyp göz ýetirmek bagty.

Dünýäde ºeýle baýlyk bar — ol baýlygyò agramy ýok, hümmeti gaçmaýar, hiç kim talaò salmaýar. Ol baýlyk asmana uçsaò — ganat, deòze girseò — gämi, tümlükde — ºugla saçýan röwºen ýagty. Ol baýlyk — bilmek, öwrenmek baýlygy.

Biz bagtyýar adamlar. Sekiz asyrdan soò Garaºsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletini berkarar edip, ony dünýäniò iò ösen döwletleriniò hataryna goºduk. Biz Garaºsyzlygymyzyò on iki ýylynda ösüp barýan döwletleriò sanawyndan saýlanyp, ösen döwletleriò hataryna goºuldyk. Bu hakykaty BMG-niò Ösüº syýasaty komiteti äleme yglan etdi. Biziò ösüºimiz ykdysadyýetdäki Beýik Galkynyºdyr. Diòe bir ykdysadyýetde däl, eýsem, döwletiò üç esasynda-da — syýasatda-da, ykdysadyýetde-de, ruhyýetde-de biz Watanymyzy 13 ýylda düýpgöter üýtgetdik. Netijede, Türkmenistan täze, kämil ýola gadam basdy. Ýurdumyzda on üç ýylyò içinde uly özgeriºler bolup geçdi. Özem ol hiç hili pidasyz, agyrysyz bolup geçdi. Öòümizde täze mümkinçilikler, bolçulyklar açylýar. Bu deòi-taýy bolmadyk üstünlikler bizi arkaýynçylyga salmaýar. Biz öz wezipämize dogry düºünýäris.

Alp Arslan soltanyò ogly ºazada Mälige atalyk ulamalar her günde on sagat dürli ylymlary okadar ekenler. Mälik ºa, geljekki soltan her günde birnäçe sagat beden hem söweº türgenligini geçer eken. Bary-ýogy bäº-alty sagat ýatypdyr. Ogluna dözmedik ejesi aram-aram:

— ªazadam, senem dynjyòy alaý! Sen ºazada ahyry — diýse, Mälik:

— Eger men halkyò öòüne düºmeli bolmasam, ºu alan bilimim, ylmym, türgenleºigim ýeterlik bolardy, ýöne men halkyò öòüne düºmeli ahyry — diýipdir.

Adam oglunyò röwºen gözleri daºky dünýä bakdyrylyp goýlan bolsa-da, ol adamyò içki dünýäsiniò, kalbynyò gapylarydyr. Adam oglunyò ruhy baýlygy diòe ºol röwºen gözler arkaly girýär. Müò kitap okap, ýüz müò kitap okap, ýüz ýurdy görüp, dünýäniò müò künjüne seýran edip, ol gözleri doýrup bolmaýar!

Biziò gözlerimiz mydama ruhy baýlyga teºne bolsun!

Gözler ºu güne seredip durandyr, akyldar kiºiniò gözleri bolsa gelejegi hem görer.

Adam oglunyò tebigatyna köp bilmek geliºýär, adam näçe köp bildigiçe gözleri ýitelýär, gözýetimi giòeýär. Sowatlylykda owadanlyk bar.

Adam ogluna dünýäni diòlemek üçin iki sany gulak berlipdir. Onuò ruhy baýlygy iki gulagyndan girer. Bimany, ýaramaz gepler dessine adamy ýadadar, emma dana, akylly senalardan welin, adam ogly hiç mahal doýmaýar.

Adam ogluna zyban berlendir. Dünýäde adam oglunyò dili ýaly süýji, eziz, mähriban gudrat ýokdur. Adam oglunyò dilinden çykýan dana-dana sözler adam ogluna ganat berýär. Adam oglunyò dilinden çykýan mähriban sözler doga ýaly, melhem ýaly bizi müò bir dertden halas edýär.

Adam ogly görüp, öwrenip, okap, dünýäni öwrenip kämil çykyp bilýär.

Adam ogly kämil çykyp, Hudaýa golaýlaºýar.

* * *

Mukaddes türkmen sährasynda sähranyò özi bilen ykbaldaº hem reòkdeº bir guº ýaºaýar. ªäheriò gutaryp, sähranyò takyr ýolunyò baºlanýan ýerinde bu guºjagaz myhmansöýer öýüò öýdençeri deýin geleni garºy alýar. Ol ganatlaryny kakyp durºuna, pelpelläp dik asmana galyp gidýär. Göze ilmeýän ganatlaryò hereketi bilen bu kiçijik göwreden çykýan üznüksiz jürküldiniò sazlaºygy dünýä sazlaºygyna girýändigiò iò ilkinji alamaty bolup görünýär. Bu guºjagazyò geò nagma kakyºyny diòleseò, beýniòe türkmen sährasynyò goýnundan çykýan owazlar gelip ugraýar. Bu täsir çagalyk hakydaòy oýarýar. Çagakaò eºiden bir kiçijik rowaýatyò sähranyò goýnunda öòüòden çykýar. Bu rowaýat ºu guºjagazyòky bolmaly. Aslynda bu sähra-da, biziò çagalygymyzam, ºu guºjagazyòky bolmaly. Geçmiºimizi ýitirmän saklaýan bu guºuò torgaý, has dogrusy, mollatorgaý diýen ady bar. Kiçijikdigine seretme, mollatorgaý Allanyò buýrugy bilen Adam atanyò synalary üçin türkmen sährasyndan toprak alyp durka, Ezraýyl periºdäniò kölegesiz kamatyny görendir. Mollatorgaý Adam ata jennetden kowlup, alnan ýerine — ºu sähra düºende-de, onuò hemsyrdaºy, hemsöhbeti bolup gezen janawardyr. Mähribanlygyny gazanany üçin, atamyz Adam oòa Allanyò müòde bir adyny ýekänme-ýekän aýdyp berenmiº.

ªeýdip, torgaý molla, ulama guº bolupdyr. Onuò dik asmana galyp barýarka çykarýan owazlary-da Allanyò gözel atlary bolmaly. Müò bir adyò baryny ýekänme-ýekän sanap bilse, ol jennete uçup gitmeli. Ýöne mollatorgaý hemiºe yzyna gaýdyp gelýär. Sebäbi näme?

Müò birinji ada gezek gelende, jennete geçmäge ýeke söz galandygyny aòlap, gitmezinden öòürti sährany ýene bir gezek — soòky gezek görüp galaýyn niýeti bilen mollatorgaý aºak seredýär. ªonda ýaºaýºyò kölegeli tarapyny görmeli däl edilen göwnaçyk periºdejigiò gözleri öz kölegesine düºýär, onsoò soòky ady ýada salyp bilmedik mollatorgaý yzyna gaýtmaly bolýar diýip delile getirýärler.

Belki-de, älemleriò serhetine ýetende, mollatorgaý Zemin bilen Asmanyò biri-biriniò suratydygyny, aýnasydygyny görüp, yzyna gaýdýandyr.

Dünýä hakykaty Ahyret rowaýatynyò kölegesidir.

Sähra — Asmanyò suratydyr.

Asman hakykatyna ýetmek isleseò, ululykdan sowlup geçmeli. Eger muny wagtynda edip bilmeseò, onda soò ululygyò gabyklaryny sypyryp, çagalygyò uçmahy dünýäsine gaýdyp barmany baºarmaly.

Çagalygyò hakykaty ululygyò hakykatyndan has baý hem hakykydyr. Adam ulaldygyça sähranyò hem asmanyò dilini unudyp, güzeranyò we adatylygyò diline werziº bolýar. Diòe beýik adamlar ömri ötinçä çagalygynyò ajaýyp dünýäsini kalplarynyò töründe saklap bilýärler.

Çagalyk döwrüm mollatorgaý maòa-da Allanyò köp gözel atlaryny, ýüzlerçe sözleri öwredipdi. Soò men olaryò köpüsini unudypdyryn. Unutmak — ýoga gitmek däl, aòdan çykarmak däl-de, aòasty barlygyòa geçirmekdir. Indem men çagalygymyò aòasty sährasynyò ter hakykatyna dolanmaga jan edýärin.

Ýedi-sekiz ýaºlarymda elime ilkinji gezek galam alyp, ºo wagta çenli diòe torgaýa aýdyp beren ºygyrlarymy ýaòy ak kagyza ynanyp ugran mahalym mollatorgaý maòa bir syry açypdy. Ol özüniò periºde owazy bilen meniò beºeri ýüregimiò gulagyna: «Allanyò iò eý görýän atlarynyò biri Ylhamdyr!» diýipdi. Bu owaz Asmanyò çuòlugyndan sähranyò giòligine iberilen wahy bolup, kalbymy heýjana salypdy.

Ylhamyò bir göze görünmesi bahar paslydyr. Togsan dolup, ýere ýyly gidende, tebigatda gaýtadan diriliº baºlanýar. Tebigat öz baky ýaºaýºyny dowam etdirmek üçin täze güýç-kuwwat alýar. Edil ºonuò ýaly, her bir täze eseri döretmek üçin Alla ýüregimize ylham bolup inýär. Ylham ýaºaýyº babatda täze bir açyºa itergi berýär.

Bu ylhamyò maòa beren ýürek açyºynyò bitewi manysy nämeden ybarat boldy?

Ýaºlyk ýyllarymdan çykalym bäri meniò gyzyklanmalarymyò iò ähmiýetli we öz akyl ösüºim üçin netijeli ugry millet baradaky oýlanmalar bolupdy.

Millet diýilýän zadyò we hadysanyò düýp manysy meniò üçin heýjana salyjy meseleleriò biri bolup geldi. Ýazan kitaplarymyò ählisinde hem bu meseläni özen, esas, düýp mesele edip goýupdym. Pelsepe, duýgy, syýasy, anyk taryhy — garaz, ähli taraplardan türkmen milletiniò nämedigini düºündirmek isledim.

Hemmeler uly zatlar kiçi zatlardan döreýär diýip aýdýarlar, emma, hakykatda, tersinedir: uly zatlardan kiçi zatlar döreýändir.

Men aòymda birki öwrüm eden bu pikiri iº depderime syýa bilen baglap goýdum.

Eýsem, bu meniò köpden bäri gözläp ýören kelebimiò ujy dälmi näme? Islendik millet etno-taryhy, syýasy, akyl-ruhy barlyklaryò çugdamlanmagy dälmi näme? Milletiò döremegi üçin esas bolup hyzmat edýän beýik, uly ruhy-medeni çugdamlanma taryhy ösüºiò anyklygyna geçýär, adatdan daºarylyk häsiýetine we tebigatyna eýe bolan hadysalar milletiò barypýatan adatylygy görnüºine geçip gidýär. ªonuò üçinem, milletiò adatdan daºarylygyny, özboluºlylygyny, üýtgeºikligini onuò adaty — gündelik ýaºaýºyndan gözlemeli. Milletiò ruhy pelsepelerini onuò akyldarlarynyò ýazan agyr-agyr sözlemlerinden däl-de, ol pelsepeleriò tebigy ýaºaýan ýeri bolan ýaºaýyº endiklerinden, gündelik medeniýetinden, köpçüligiò içindäki gatnaºyklaryndan gözlemeli. Milletiò pelsepesi onuò ertirden agºama çenli ýerine ýetirýän hereketleriniò endige öwrülen ulgamynda ýaºamaýarmy näme? Milletiò kämillik derejesi onuò bary-ýogy bir bölegi bolan akyl iºgärleriniò kellesinden çykan howaýy ýa tebigy akyl-parasat bilen däl-de, eýsem milletiò tutuº özüniò öz gündelik ºahsyýet, maºgala, garyndaºlyk we beýleki ýörelgeleriniò kemallylygy bilen ölçenilmeli ahyryn. ªonuò üçinem, iò esasy wezipe ºol ýörelgeleri aýdyòlaºdyrmak, olaryò ahlak-akyl esaslandyrmalaryny kesgitlemek, ulgamlaºdyrmak hem-de kämil suratda milletiò özüne gaýdyp bermek bolmalydyr.

* * *

Her bir milletde iki hili pelsepe bardyr: akyl-ruhy pelsepesi we durmuº pelsepesi. Milletiò özboluºlylygy we kämilligi bu iki pelsepäniò özara mynasybeti bilen kesgitlenýär. Milli akyl iºgärleri tarapyndan döredilýän akyl-ruhy pelsepäniò derejesi pes bolsa, ºeýle-de milletiò durmuº pelsepesi hem ýöntem bolsa, onda bu ýerde biz ösmedik milleti görýäris. Eger birinji düzüji ýokary bolup, ikinji düzüji bikemal, köplenç, kemakyl, öwünjeò, halkynyò horlugyna ýanmaýan, diòe özüniò, garyndaºlarynyò aladasyny edýän millet ýolbaºçysy bolsa, ºonda-da kämillik we özboluºlylyk hakynda gürrüò edip bolmaz. Diýmek, akyl iºgärleriniò pelsepesi has ösen baºga bir millete öýkünmäniò netijesi bolan alynma zatdyr. Eger-de, milletiò durmuº pelsepesi we ºol pelsepäniò milli ýaºaýyºda ýerine ýetirilmesi bolan jemgyýetçilik ýörelgeleriò derejesi ösen bolsa, onda siz bu milletiò beýik we gadymy milletdigine ynanyp bilersiòiz. Çünki durmuº pelsepesi diòe ruhy-akyl pelsepe gory baý bolan milletde kemala gelip bilýär. Diòe uly zatlardan kiçi zatlar, diòe gudratdan adatylyk döreýär.

Millete baha bermekde onuò haýsydyr bir wekiliniò dilinden çykan paýhas däl-de, eýsem, onuò köpçüliginiò ýaºaýyº-durmuº medeniýetiniò derejesi has ähmiýetli bolup biler. Çünki birinjide ýaºaýyº aýratynlyklarynyò hususylygy, ikinjide bolsa ählumumylygy bardyr.

Ömrüòden netije almak miweli agajyò hasyla durºy pisint bir zat bolýar. Men miweli ömrümiò hasyly hakda oýa batýaryn. Halka bagyº eden ömrümiò hasylyny mizana goýýaryn. Agajyò üç pasylda topragyò ºiresini alyp, dördünjide miwe eçiliºi ýaly, ömürboýy okap-öwrenip, pikirlenip-degºirip, altmyºyò onundan soò Ruhnama, «Türkmen ilim aman bolsun», «Türkmeniò bäº eýýamynyò ruhy» kitaplarymy ýazmagymyò hikmeti il-ulsa düºnükli bolsa gerek. Emma özüòi söz arkaly egisdigiòçe, aòryòda gowzaman galýan zatlaryò hasam köpdügi duýulýar. Zaw içindäki çeºmäniò göz açyp, mermerpisint daºlaryò astyndaky böreò-böreò durnagöz suwlaryò ýokaryk ymtylyºy ýaly, kalbyòda ömürboýy ýygnanan pikir-duýgular indi öòküsindenem güýçli joº urýar. Onsoò çeºmäniò gözüne gelen ergin ak dürlere täze bir kitap ºekilini berip, okyjynyò teºne kalbyny gandyrasyò gelýär. ªindiki menzilde, häzirki pursatda türkmeniò ýaºaýyº gymmatlyklary hakynda gürrüò etmegi zerur hasaplaýaryn. Bir dem yza gaòrylyp, milli geçmiºimize, paýhas taryhymyza biraz göz aýlasak, akyldarlarymyzyò ruhy belentligi kitabyny ýazmak edähediniò bolandygyny göreris. Görnükli türkmen akyldarlary okap-okap, öwrenip-öwrenip, soòunda edep ylmyndan sapak bermek derejesine ýetiºipdirler. Halkymyò ajaýyp dessurlaryna, olaryò içinde-de paýhas dessurlaryna hormat goýup, ºol ärleriò ýoluny dowam etmegi müwessa bilýärin.

Ruhnamanyò birinji kitabynda men millet pelsepelerimiò bir bölegini ýazyp beýan edipdim. Emma millet mowzugy bir kitapda, bir öwrümde doly ºerh edip gowzadyp boljak mesele däl. Millet baradaky pikirlerimde ºeýle bir netijä geldim: millet iki sany özeni bolan gurluºdyr. Bir-ä onuò maddy özeni, birem ruhy özeni bolýar. Milletiò ruhy özeni birinji, esasy bolup, ol milli ruhy gymmatlyklardan ybaratdyr. Ruhnamada edep hakda edýän söhbetim milleti millet edýän ºol ruhy gymmatlyklaryò bir jäheti, bir ugry barasyndadyr.

Biz bir tarapdan, ata-babalarymyzyò ýörän ýollaryndan gitmeli. Beýleki tarapdan bolsa, öz döwrümiziò öòe çykaran derwaýyslyklaryndan ugur alyp, täze düºünjeleri, täze kesgitlemeleri hem-de täze gymmatlyklary iºläp düzmegi baºarmalydyrys. Ýeri gelende has giòiºräk hem aýdaryn welin, edil häzir özümiò ösüº diýilýän zada düºüniºimi ýaòzydasym gelýär. Akyl babatdaky ösüº durmuºyò özünden alynýan akylyò agramy kitapdan alynýan akylyòkydan has uly gelende peýda bolýan zatdyr. Ösüº diýilýäniò itergisi duýgularyò terligi we pikirleriò täzeligidir, terlikdir täzelik hem kitapdakydan durmuºda has köpdür. Kitapda olar däl-de, kämillik agdyklyk edýär. ªonuò üçinem akyldar göni durmuºdan almalydyr, akyl göni durmuºdan iýmitlenmelidir. ªeýle iýmiti ýeten akyl mes toprakda ekilen agajyò miwe getiriºi ýaly, pikir we hakykat çuòluklaryny köp eçiler. Onsoò milletiò paýhasynyò üsti durmuºdan alnanlar bilen ýetiriler, milletiò akyl ýaºaýºynda täze gözýetimler açylar, milletiò pikir we duýgy dünýäsi giòeler. ªu-da sözüò hakyky manysyndaky ösüºdir.

ªu hakykatdan ugur alyp, men Ruhnamanyò ikinji kitabynda edep akabamyzyò öòki kenarlaryny giòeltmegi, akabanyò ugruny durmuºa tarap öwürmegi, täze pikirler we kesgitlemeler, ahwallar we görüºler bilen akymy çaltlandyrmagy zerurlyk hasapladym. Anyk düºünjeleri ýönekeý düºünje derejesinden has ýokary göterip, has giòeldip we çuòaldyp, anyklaºdyryp, düýpli pelsepewi kesgitlemelere öwürmeli. ªu ýol bilen gidip, men diòe türkmeniò durnukly pikir-gymmatlyk ölçeglerini dikeltmek bilen çäklenmän, eýsem, milletiò pikirleniº örüsini giòeltmek isleýärin. Pikirleniº örüsini giòeltmek üçin Paýhasyò kämillik agajyny janly durmuºyò täzelik we terlik suwy bilen suwarmak gerekdir. ªonda akyl miwesiniò hyrydary bolan adamlar üçin Paýhas agajy özüniò bol hasylyny, janly hasylyny eçilip biler.

* * *

Biziò döwrümiz geçiº döwrüdir. Geçiº döwründe köp köòüller alasarmyk ýagdaýa düºüp, ýolsuzlykdan we geregu-gerekmejek, gysyru-önümli salgylaryò köplüginden kösenýär. ªonda olara gunt ýaly, kenek kimin agramly, durnukly we kesgitli gymmatlyklar, akyl we ýaºaýyº ýörelgeleri gerek bolýar. Berlen akyllaryò, ündelýän pikirleriò çakdanaºalygy, suw ýaly durnuksyzlygy agyr hossa bolup adamlaryò baºyndan inýär. Geçiº döwri, onda-da onuò baºlangyç ýyllary durnuksyzlyk döwrüdir. Çünki, köne çagºaýar, täze bolsa entek kemala gelip, ºekile girip, durnuklaºyp ýetiºenok. ªeýle döwürde paýhasyò durnuklaºdyryjy, esas gözleýji we esaslary goýujy, adamy ugrukdyryjy, eline we aòyna ýoly ýagtyltmaly çyrag beriji iºi zerurdyr. Pikir edip görüò, dünýäde näçe million kitap bar, näçe müò akyldar bar, näçe ýüz akyl bar? Kitaplaryò, akyllaryò, ýörelgeleriò we ýörelgesizlikleriò bu ummanynda adam baºynyò we ýüreginiò gark bolup gitmezligi üçin, bu iºiò najatyny görmek zerurdyr. Olary durnukly we ynamly ýola salmak zerurdyr.

Hakykaty bilmek ähli ýa köp zady bilmek bilen, hakykaty aýtmak baºarnygy ähli ýa köp zady aýtmagy baºarmak bilen bir zat däldir. Hakykaty aýtmak — iò esasy zatlary, seni ertir ºu günki derejäòden has ýokary derejä göterjek zatlary aýtmagy baºarmakdyr. Hakykaty sözlemek baºarnygy aýdyò, düºnükli we sada sözlemek baºarnygydyr. Munuò üçin bolsa kesgitli, çürt-kesik sözlemegi baºarmak gerek. Pikir gymmatlyklary çürt-kesiklik, kesgitlilik, manylylyk häsiýetine eýe bolmalydyr. Geçiº döwrüniò kesgitsizliginden, iki manylylygyndan, ikirjiòlenmeliliginden, gümanlylygyndan kesgitlilige, aýdyòlyga geçilende, munuò özi milletiò gymmatlyklaryò täze ulgamyna eýe bolýandygyny aòladyp biler.

Bize gymmatlyklaryò ulgamy zerur gerekdir. Ulgam — gymmatlyklaryò aýdyò we kesgitli aòladylan ºeýle bir rejesidir, pikirleriò bu rejelenmesi arkaly adamlar ýüregini we beýnisini dokundyrjak, ýaºaýºyna ynam berjek, kalbyna ynanç berjek janly paýhasyò ýörelgelerini edinýärler. Bedeniò iýip hem geýip maza tapyºy ýaly, ruh özüne hakykat bolup görnen gymmatlyklary edinip, ynam, many we herekete badalga tapýandyr. Edebiò ruhy gymmatlyklary adam ºahsyýetiniò ömrüni akyl taýdan delillendirýän, ömri mana getirýän, ýüregi giòeldýän we akyly dokundyrýan pikir gymmatlyklarydyr. Biziò milletimiz taryhy ömrüniò bäº eýýamynda ºeýle gymmatlyklary döredip bilipdir, hut ºol mynasybetli hem türkmen ýitip ýok bolup gitmän, bäº müò ýyl ýaºap bilipdir. Täze ruhy gymmatlyklary döretmek ýoly — türkmeniò mundan beýlägem millet hökmünde dowamat bolmagynyò ýoludyr.


SÖZBAªYLAR / Türkmeniò ýaºaýyº medeniýeti / Watançylyk ruhy


 

 

«Ýaprak» žurnaly döwlete degiºli däldir we ähli toparlardan, guramalardan, partiýalardan we birleºiklerden garaºsyzdyr.
«Ýapragyò» buýsanýany türkmen halkynyò medeniýeti, sungaty we edebiýaty barada garaºsyz
alyp barýanlygydyr.
 

© Ýaprak