|
ªahyr
Nazmuhammet Pakga
ªahyr
Nazmuhammet Pakga Eýran Türkmenleriniò rubagy ºygrynyò ussady hökmünde
tanalýar. Ol Türkmensähranyò Akgala ºaheriniò ªagaldepe diýen obasynda
dünýä inýär. Ol okuwyny Ataabat obasynda gutarandan soò bir az müddet
medreselerde mugallymçylyk iºi bilen meºgul bolýar.
Nazmuhammet «Jahad-e Daneºgahi» diýlen okuw jaýyny gutaryp, žurnalistlik
iºine baºlaýar. Žurnalist Nazmuhammet Pakga özüniò köp makalalaryny Eýran
Türkmenleriniò syýasy we yjtymagy hal-ýagdaýyna bagyºlap dürli dergilerde
çapa ýetirdi. Onuò makalary Eýranyò Pars dilli dergilerinde, ºeýle-de
«Ýaprak» we «Sähra» dergilerinde hem çap edildi.
Ol diòe žurnalistlikde däl, eýsem ºahyrçlyk we ýazyçylyk bilen
meºgullanyp, öz ussatlygyny bu meýdanlarda hem subuta ýetirdi. Onuò „Söýjek
bolsaò“ diýen ºygyrlar kitaby 1999-njy ýylda çap boldy.
Nazmuhammet Pakga 2002-nji ýylyò Ruhnama aýynyò (sentýabryò) 14-ine
dünýäden ötdi.
ªahyr Nazmuhammet Pakganyò „Söýjek bolsaò“ diýen ºygyrlar kitabyndan
birnäçe rubagylary size hödürleýäris.
Mazar
Men
hoºumy ºatlygymy paýladym
Yºkymy-söýgimi ile paýladym
Ýöne entek bu hasratly kalbymy
Eltip özüm elim bilen jaýladym
Baky
intizar
Ýadyò
akarlarda, olumda galdy
Adyò goºgy bolup, dilimde galdy
Bilýämiò ezizim! ªol günden bäri
Gapyòam gözleri ýoluòda galdy?!
Ýyldyz
Bir
adam bu ýerden göçdi bu gije
Mahmala bürenip, gecdi bu gije
Men ºo mahal aýa bakyp otyrdym
Asmanda bir ýyldyz öçdi bu gije.
Baýdak
Il
derdine derman bola bilsedim.
Söweºde baýdak deý gala bilsedim.
Ölemde-de gülüp ölerdim welin
Watan üçin gurban bola bilsedim.
Ejizlik
Köòlümi her ýana, kowup bilmeýän
Ýüregmiò ýüregni döwüp bilmeýän
Ynha men ºoò üçin, ýekeje salym
Gözellikden gözüm sowup bilmeýän.
Bu
gün
Aý
bilen asmana ara çekdiler
Gül bilen bilbili nara çekdiler
Güneºi zynjyrlap atdylar çaýa
Aºyklary tutup dara çekdiler.
Söýgi
diýmek
Söýgi
diýmek, men-menlikden geçmekdir
Söýgi diýmek, özüòdenem geçmedir
Sen söýgüni sähel zatdyr öýtme,
Söýgi diýmek, ýana-ýana öçmedir.
Haraý
Nirde
sen bir mahal ýitiren söýgim?
Meni öz –özümde gark eden gaýgym
Geliò! Bu ölümden gutaryò meni,
Sen eý ýiten gaýgym, güm bolan söýgim
Haýt!
Dünýä
bezenip dur saçlaryn darap
Sen oòa göz kakýaò, kölüòe ýarap
Munça gyzyklanma bu oýunlara,
Öòde ajal otyr ýoluòa garap!
Saçakly
gujak
Geliber!
Bu sahraò gujagy giòdir,
Gujagyça onuò saçagy giòdir.
Gujagna-saçagna göriplik etseò
ªonda, bu sahrada ýaºamaò kyndyr.
Gapyl
Ýaz gelip geçipdir, duýmandyryn men.
Saz çalyp geçipdir, duýmandyryn men.
Güýz içinde ýaºap ýörän mahalym,
Ýar gülüp geçipdir, duýmandyryn men.
Küýseg
Derýalaryò suwun içdim suwsadym.
Göz ýaºymyò soòun içdim suwsadym.
Men çagamdan beter agladym bu gun,
Enem janyò ak süýdüni küýsedim.
Söz
„Meni söýýäòmi?!“ diýp, müò gezek
sora.
Özüòem söýýän diýip, söýgini gora.
Aýagymyzyò yzy barka bu çölde,
Söýgüden baºga söz düºmesin ara.
Geçelge
Gana-gana ºerabyòdan içsedim.
Humar bolup men özümden göçsedim.
Ne-hä ºerap berdiò, ne humar etdiò,
Wah bir seniò hyýalyòdan geçsedim.
Nyºan
Saz
edende agyr derdy köºändyr
Geòlenende gaýgy-gamdan boºandyr
Aýdymlarny berdi sähraò aòyna
Rubagylam ºolardan bir nyºandyr.
Ýyllar
kerweni
Serhoº
bolup özümden boºamadym
Dem-salym erkana ýaºamadym
Geçdi gitdi ýyllar yzly-yzyna,
Ýöne entek gaýgydan boºamadym
Çyn
aºyk
Aºyklaryò
hakyn haklasaò bolar
Söýgiò sarpasynam saklasaò bolar
Çyn aºyga artykmaç zat gerek däl,
Ýüregiò çaýyna oklasaò bolar.
Çüýrük
tanap
Hasrat
çökdi gözlerime, waý indi!
Gussa ýokdy sözlerime, waý indi!
Ömrüm bir çüýriýen tanaba bagly
Ajal bakdy ýüzlerime, waý indi!
Öwren
Enteg-ä
ir göz ýaºyòy dökerden
Hasratly illeriò ýolun sökerden
Dem salym aýak çek, söýmegi öwren
Gyzyl güli öpüp barýan akardan
Ykbalyò
örki
Güneº
öçer gider, söýgi bolmasa
Aýam göçer gider, söýgi bolmasa
Ýylgyrmak ýat bolar, ýüzün dönderip
Ykbalyò gaçar gider, söýgi bolmasa
Ene
söýgüsi
Gyzlar
meni sazym üçin söýendir
Güýzler meni ýazym üçin söýendir
Her bir kiºi her sebäpli söýse-de
Enem pahyr özüm üçin söýendir
Didar
Müsürde
ºa boldy Ýüsüp-i kengan
Zylaýhanam oòa ýar etdi eýyäm
Hasratly gezerdi „wah!“, diýip obam
Maºgalam
Aýbölegim,
dolan Aýyò bölegi
Gülälegim,
gülzarymyò läligi
Gökden ýere düºup mährini çaýan
Enesi bar, çugly günüò bölegi.
(Aýbölek, Gülälek
- Merhum ºahyryò gyzlarynyò atlary)
|