|
Omar Haýýam
(1040-1123)
Togrul
begiò we Çagry begiò ýolbaºçylygynda Seljuk türkmenleriniò
Gaznalylary kül-peýkun edip, Horasanda tagta çykan
ýyllarynda Ybraýym çadyrçynyò ogly boldy. Oòa Kyýaseddin
Abulfath Omar Haýýam diýip at goýdular. Soòra ylymda we
ºygyr äleminde ol Omar Haýýam hökmünde meºhur boldy.
Omar Haýýam ýaºlygyndan ylma-bilime örän höwesli bolupdyr.
Ýigrimi ýaºyndaka “Matematiki ºekiller” diýen kitabyny
ýazýar we bu kitap bilen ylymly adamlaryò arasynda
tanalýar. ªeýle-de bolsa öz döwrüniò ylym ojaklary
hasaplanan Buharada, soòra Yspyhanda bilimini artdyrýar.
Ýaº alyma Seljuk türkmenleriniò hökümdary Mälik ºa
howandarlyk edýär we Yspyhanda obserwatoriýa açyp berýär.
Omar Haýýam töweregine ýaº alymlary jemläp, astronomiýany,
matematikany öwredýär. Ol 1079-njy ýylda dünýäde iò anyk
we kämil kalendary iºläp düzýär.
Omar Haýýam astronomiýa, matematika, pelsepe ylmy, saz we
beýleki ugurlar boýunça gymmatly eserleri döretdi. Onuò
beýik alymlygyna uly sarpa goýýan alymlar oòa “Alymlaryò
atasy” diýen belent ady dakdylar.
Omar Haýýam dünýä meºhur ºahyrdyr. Ol rubagy žanrynyò
deòsiz-taýsyz ussadydyr. Onuò rubagylary çeperçiligi,
tematiki özboluºlylygy, halkylygy, many-mazmunlylygy bilen
tapawutlanýar. ªahyr rubagylarynda ynsan mertebesini
belende galdyrýar, söýgini, gözelligi hakyky durmuºy wasp
edýär. Terkidünýäligi we göwnüçökgünligi ýazgarýar.
Ýalançylyga, hilä we mekirlige, eden-etdilige garºy
göreºýär. Göräýmäge ol meýi wasp edýän ýaly bolup dur.
Aslynda ºahyr içeni serhoº edýän meýi orta asyryò gaflat
ukusynda ýatan adamlaryò serini oýarmak üçin ylham meýini
içmegini ündeýär. ªeýdibem, durmuºy bolºy ýaly görmegi
talap edýär.
ªahyryò rubagylarynda many-mazmunyò çuòlugy bilen bir
hatarda, erkinlik we erkin pikir ýöretmek, aýyl-saýyl
obrazlary döretmek, diliò baýlygyndan ussatlyk bilen
peýdalanmak aýratynlygy bar. ªonuò üçinem oòa “ªahyrlaryò
ºasy” diýibem at dakdylar.
Seljuk türkmenleriniò hökümdarynyò baº weziri, ºahyryò
ýaºlyk ýoldaºy Nyzam al-Mülk haýynlyk bilen daºary ýurt
içalylary tarapyndan öldürilenden soò, Omar Haýýam haja
gitmek bahanasy bilen Yspyhandan gidýär. Ol haj zyýaratyny
berjaý edip gelensoò, ömrüniò 20-25 ýylyny Nyºapurda ýaºap
geçirýär. 1123-nji ýylda ºol ýerde hem aradan
çykýar.
Rubagylar
Adamzatdyr ähli mahlugyò baºy,
Zyýadadyr onuò akyly, huºy;
Dünýä tegelegi bir ýüzük bolsa,
Ynsandyr bezegi, zynaty, gaºy.
* * *
Aò-bilim ugrunda söý akyl-huºy,
Söýme, bet kiºini, ger tapsaò ýagºy,
Il-halka özüòi söýdürjek bolsaò,
Hoº gylyk bol, bolma ulumsy kiºi.
* * *
Her kim iki günde ýetse bir nana,
Döwük gapdan suw tapdyrsa ynsana,
Neçüýn hyzmat eder özi dek kiºä,
Ýa neçüýn gul bolar her bir nadana?
* * *
Ýas tutdy zamana, men mundan göçdüm,
Çünki ýüz göwherden bir göwher seçdim.
Haýp, ýüz-müò inçe manyly sözi
Ilde bilim az diýp, aýtman geçdim.
* * *
Dost tutun sen aòly hem dogry kesden,
Müò agaç daºda dur gylygy pesden,
Iç , eger bilimli zäher berse-de,
Ýere dök, derman-da ýetse näkesden.
* * *
Men syrly dünýäden gelen bürgütdim,
Bir orun bolar diýp boº niýet etdim.
Bu ýerde tapmamsoò syryma syrdaº,
Öò giren gapymdan çykdym-da gitdim.
* * *
Baºarsaò ynjytma hiç bir kimsäni,
Gazap odun ýakyp, berme nogsany.
Eger sen hemiºe dynçlyk isleseò,
Ynjasaò-da, ynjytmagyn ynsany.
* * *
Çyn aºyklar bakmaz görnüºe, ýüze,
Dowzahy–behiºdi hiç ilmez göze.
Ýassansa per ýassyk ýa gara daºy,
Ýüò, ýüpek geýse hem parhsyz diýr bize.
* * *
Yºk Allaò hökmüdir, bela hem bolsa,
Kim bu hökme sögse hatadyr, bilse,
Erte hasap almak neçüýn bendeden,
Ýagºy-ýaman–bary Taòrydan gelse?
* * *
Tebigat her güli çykarsa ýerden,
Ýene guma garyp, ýok edýär birden.
Toprak bulut bolup asmana galsa,
Aºyklaryò gany ýagar ýokardan.
* * *
Dostumdyr–keseki eýlese wepa,
Ýagymdyr–ýakynym ger berse jepa.
Bal–eger ýakmasa, zäherdir maòa,
Dermandyr–zäherden tapaýsam ºypa.
* * *
Jahana ýetsedi mendäki kuwwat,
Bu harap düzgüni ederdim berbat.
Ýaòadan salardym ºeýle bir dünýä,
Adamlar islegne ýeterdi aòsat.
* * *
Seniò yºgyò ýüki däldir maòa ar,
Bilmez muny nadan, yºkdan bihabar.
Mertlere dermandyr yºgyò ºeraby,
Namart adam ömür beýle bagta zar.
* * *
Aýy ýyla dönse, ökünmez adam,
Gapdalynda bolsa aý ýüzli ýary.
Sözüniò üstünde tapylýan adam,
Mertleriò merdidir, ärleriò äri.
Maglumatlar
Almagül Ýusubowanyò
«Türkmen edebiýatynyò taryhy ösüº döwürleri»
atly kitabyndan alyndy.
«Baºkent» bilim merkeziniò neºirleri.
Aºgabat 2005.
|