JEMGYÝET
Hyjuwdan doly Nowruz
Gündogaryò
iò gadymdan gelýän toý-baýramyndan biri Nowruzdyr. Bu baýram
diniò, haýsydyr bir zamananyò, ºanly ýeòºiò, syýasy düºünjäniò
baýramy däl. Ol gyºyò sowlup töwerege jan girmegi bilen
ýüreklerde dörän heýjanyò baýramy. Çyga garalan toprakdan
ýaºyl otlaryò dümterip ösüºini, jadyly düwünçek çözülen ýaly
pyntyklar ýarylyp ýaºyl ýapraklaryò çykyºyny, gunçalaryò güle
öwrülip, çar-ýanyò dürli owazdan doluºyny gören ýürek neneò
heýjana gelmesin?!
„Gelse
Nowruz äleme, reò kylar jahan peýda“ diýip ýazan, her
görnüºden asyl manyny çykaran beýik ºahyr Magtymguly Pyragynyò
nowruzy wasp edýän täsin ºygry bar. ªygyrýet sungatynyò bu
öçmejek ýadygärligi örän çeper ýazylanlygy bilen haýran
galdyrýar hem-de dünýä düºünmäge kömek edýär. Goºgudaky
häzirki günlerimizde ulanyºdan galan, düºünmesi
kyn türkmen we arap-pars sözlerini klassyk edebiýatyò
sözlüginden peýdalanyp has sadalaºdyralyò. Beýtmek goºgynyò
ähli ºiresini dökýänem bolsa, ºahyryò ussatlygyna, Nowruza
düºünmegiò hatyrasyna ony baºardygymyzça ýönekeýleºdirip okap
göreliò.
„Gelse
nowruz äleme, reò kylar jahan peýda“,
ýagny nowruz gelse jahanda dürli reòkler peýda bolar.
„Ebrler
owaz urup, dag kylar duman peýda“,
ýagny bulutlar owaz edip daglarda duman peýda bolar.
„Bijanlar
jana gelip, açarlar dahan peýda“,
ýagny jansyz ýatan zatlara jan girip, dil açarlar.
„Gögermedik
giýalar, gögerip rowan peýda“,
ýagny gögermän ýatan otlar gögerip jana girerler.
„Ederler
haýwanatga hem sud-u zyýan peýda“,
ýagny haýwanlara hem peýda, hem zyýan ederler.
„Ýer
ýüzüne ýaýylyp, ýörirler nahan peýda“,
ýagny ýer ýüzünde aç-açan hem gizlin ýaýraýyº peýda bolar.
„Wabeste
dahan guºlar kylarlar zyban peýda“,
ýagny guºlar saýrap dil açarlar.
ªahyr nowruz
gelse „her äºýanyò özüne öz owazy bolar geò“ diýip
ýazýar. Hakykatdanam baharda-ýazda owazlar täsin eºidilýär.
Çünki, „Zemin sebzezar olup, teninden aýrylar zeò“,
ýagny nowruz gelende zemin ýaºyl geýnip, ýüzünden posy dökülen
ýaly bolýar. „Sebze içre sandywaç ýüz tilde kylar äheò“,
ýagny al-ýaºyl meýdanda bilbiller ýüz dürli owaz bilen
saýramaga baºlar. „Zemin hyzyrpuº olup, gül bitirmiº
reòbe-reò, Hyruja gelip älem kylarlar pygan peýda“, ýagny
ýer ýüzi lälezarlyk bolup, reòbe-reò güller açylypdyr,
üýtgeºiklik diòe ýerde bolup geçmän, Asman hyruja gelip, pygan
çekýän bulutlardan gözýaºlar ýaly damjalar dökülýär.
„Surud-y
seda birle jahan ýüzi abatdyr“, ýagny aýdymdyr-owaz bilen
jahan ýüzi abatdyr. „Olma suruda magrur, paýanasy bibatdyr“,
ýagny dünýä diòe aýdym-sazdyr öýdüp maksatsyz entäp ýörme,
soòy erbet bolar. „Hak yºkynda zinde jan, biliò,
baky-haýýatdyr“, ýagny Allahyò yºky bilen ynsana ömür baky
berlendir. „Her tende ki yºk olmaz, ruzy-ezel mematdyr“,
ýagny Allahyò yºky bolmasa adam direlmez. „Ýaz ötünçä ýer-u
gök günden-güne zyýatdyr, Bir haºry-kyýamatdyr, bir
ýowmy-arasatdyr, Dähr içre bolar her dem, jahan içre jan peýda“,
ýagny ýaz geçinçä ýer-gök gün-günden has owadandyr, emma
jahanda peýda bolan, dünýä inen zatlaryò hemmesi kyýamat güni
bir ýere jemlenmelidir, ahyrynda kyýamat geler. „Zerbaba
zowkun olma, baka ýokdur döwletde“, ýagny zerden tikilen
dona höwes etme, baýlyk baky däldir. „Ömrüòi bada berme,
sen bu darel mähnetde“, ýagny ömrüòi boº geçirme. „Ýeter
saòa iru-giç ne ýazylsa kysmatda, Janyòa jepa eýläp munça
gezme hasretde, Sowap ýagºy amalda, ýa jud ýagºy niýetde“,
ýagny gara nebse buýrup bilmän jepa çekip, hasratly ýaºama-da
sogap iºleri et, niýetiò ýagºylyk etmekde bolsun. „Älem
barça hyzmatda, adam ýatyp gaflatda, Hasylyò ataº bolgaý,
eýleseò ýaman peýda“, asmandan ýagan ýagyº ýagyp ýerde gök
otlar gögerdi, adam bu zatlaryò öz-özünden bolmaýandygy
hakynda pikir etmelidir, ukuda ýaly pikirlenmän, ýaman iºler
edip ýaºasaò hasylyò ot bolar, netijede oda ýanarsyò.
Goºgy ºeýle
setirler bilen jemlenýär.
Magtymguly,
ýyglar men bu bagty-syýahymdan,
Gorkaram jan apaty, el-aýak güwähimden,
Umydym hasyl olmaz, bu ömri-tebahymdan,
Jan köýdi jeset içre bu ataºy-ahymdan,
Golum sunup dilär men hajatym Allahymdan,
Bende men, umydym köp ol keremli ºahymdan,
Eýlegeý arasatda gül kibi iman peýda.
Gülleriò
açylýan döwri Magtymguly Pyragy Allahdan gül ýaly iman dileýär.
Ynsanlara ýamanlyk etmekden saklanyp sogap iºleri, ýagºy
niýetde ýaºamagy ündeýär. On ýedinji asyrda ýaºap geçen bir
türkmen ºahyrynyò Nowruz bilen baglanyºykly ºygyr ýazyp, bu
edilen dilegi ähli asyrlara we milletlere degiºli ýaly bolup
eºidilýär.
Maglumatlar
www.eyho.8m.net -den alyndy.
 |