|
Seýit Ymameddin Nesimi
(1370-1417)
XIV-XV asyrlarda ýaºap geçen
dünýä belli türkmen ºahyry Seýit Ymameddin Nesiminiò
doglan wagty we ýeri resmi çeºmeler arkaly anyk bolmasa-da,
onuò Rumustana degiºli Halap ºäherinde, türkmenleriò köp
ýaºan ýerinde dünýä inendigi barada ºeýle rowaýat bar:
“Müsürde Mansur al-Hallaç dara çekilýär. Ölmeýär. Ony
parçalaýarlar. Her parçasyndan ses çykyp duransoò gorkup,
ony otlaýarlar. ªonuò külünden Zunnun atly ruhany bir
gysymyny alyp galýar. ªol wagtam harasat gopup, deòizler
joºup, Müsüri suw basyp baºlaýar. Zunnun ºol bir gysym
küli suwa atýar weli, joºgun yzyna gaýdýar. Kül köpürjik
bolup, suwuò ýüzünden akyp, derýa arkaly Halaba gelýär. O
ýerdenem ýaba düºýär. Halabyò emiriniò gyzy tötänden ºol
köpürjikli suwy içýär. ªondanam hamyla bolýar we bir çaga
dünýä inýär. Oòa Seýit diýip at goýýarlar. “ Ýöne
Ymadutdin hem diýýär ekenler.
Alyºir Nowaýy “Nesaimul
Muhubbet” atly tezkiresinde Nesimi barada ºeýle maglumat
berýär: “Seýit Nesimi Yrak we Rum tarapdaky mülkden eken.
Rum türkmenleriniò dilinde goºgy aýdypdyr. “
Nesimi özüniò gelip çykyºy
boýunça türkmen bolupdyr. Yrakda, Siriýada, Liwanda ir
wagtlardan bäri türkmenler ýaºapdyrlar, olar ºol ýerlerde
häzirem ýaºaýarlar.
Nesiminiò Halapda
öldürilendigi belli.
Nesiminiò döredijiligi
ýokary çeperçiligi, çuòòur many-mazmunlylygy bilen
tapawutlanýar. Ol ýaºlygyndan tä jesedinden jany çykýança,
diriligine derisini soýup durkalaram, goºgy döredipdir.
Onuò ýiti pikiri, özboluºly,
batyrgaý dünýägaraýºy, döredijiliginiò ruhubelentligi we
köptaraplylygy akylyòy haýran edýär. Ol gazal ýazmakda
türkmen edebiýatynyò düýbüni tutujydyr. Onuò gazallarynda
gözellik, görk we söýgi wasp edilmek bilen birlikde öz
ýaryna bolan garaýºy we gatnaºyklary arkaly kähalatlarda
ºahsy duýgulary jemgyýetçilik pikiriniò derejesine çenli
ösdürilýär. “Olmasyn” gazalynda:
Maòa dilber, ýeter sen,
özgeler ýar olmasyn,
Bir olar ýar, iki olmaz, iki zynhar olmasyn.
diýip, öz pikirini belent
ahlak duýgulary bilen utgaºdyrýar. Gazalda ºol döwürdäki
köp aýallylyga garºy çykylýar, bir ýar, bir aýal bilen
oòòut etmek, ýaºamak meýli öòe sürülýär.
Durmuºda hemme adamlar, ºol
sanda erkek bilen aýal deò bolmalydyr, söýgi meselesinde
azat bolmalydyr diýen oòyn matlap öòe sürülýär. Bu matlap
Nowaýynyò söýgi lirikasynyò içindenem eriº-argaº bolup
geçýär.
Nesiminiò döredijiliginde
onuò ýiti synçylygy äºgär duýulýar. Onuò köp sanly
ºygyrlarynda, ºol bir wagtyò özünde yºky lirikasynda hem
adam häsiýetleriniò köp taraplary açylyp görkezilýär.
ªahyr “Bellidir” goºgusynda:
Her kiºiniò sormaò aslyn,
yzzatyndan bellidir,
Söhbeti irfan görenler hyzmatyndan bellidir. . .
Eý, Nesimi, nagdyòy nadan eline berme kim,
Jöwheri dana biler kim gymmatyndan bellidir –
diýmek bilen ºahyr adamyò
aslyny sorap bilmegiò edepsizlikdigini, özüni alyp
barºyndan, edebinden, hormatyndan, hereketinden, söz
urºundan, oturyp-turºundan, kimdigini aýan edýändigini
belleýär.
Nesimi dini-sopuçylyk
garaýyºly ºygyrlar, mesnewi we rubagy hem ýazypdyr.
Nesimi özüni hudaýyò bir
bölegi saýan ºahyrdyr. “Enel-hak, menel-hak!” diýip
ýaºaýar we döredýär. Bu “Menem-hak, senem-hak”diýdigidir.
ªonuò üçinem onuò diriligine dabanyndan soýup, derisini
sypyryp alýarlar. Bu barada Magtymguly ºeýle ýazýar:
“Nesimini dabanyndan
soýdular. “
Nesiminiò hormaty ata Watany
bolan Garaºsyz Türkmenistanda belentden tutulýar. Onuò
hormatyna dürli žanrda eserler döredildi.
I. Nuryýew “Rowaýat”, A. Atajanow
“Nesimi”goºgularyny; Andalyp “Nesimi”, A. Agabaýew “Sorag
alamaty” poemalaryny; Nazar
Gullaýew “Pähimiò pidasy” tragediýasy esasynda “Nesimi”
dramasyny döretdi. Bu drama sahnalaºdyryldy we
tomaºaçylara ýetirildi.
1993-nji ýylda Nesiminiò
ºygyrlar diwanynyò üç jiltligi (tomlugy) neºir edildi.
Türkmen sen
Eger ki janda sen, janda
nahan sen,
Ki jandan aýry ýok sen, belki, jan sen.
Kiºi bermez nyºan senden
eger ki,
Ýer-u gök dop-doly jümle nyºan sen.
Nije gizlu diýem menden
seni kim,
Ne ýana bakaram anda aýan sen.
Hajel eýlär ruhuò husn ile
aýy,
Meger, sen fitiýeýi ahyrzaman sen.
Arapnyò nutgy baglandy
dilinden,
Seni kimdir diýen kim, türkmen sen.
Jany terk eýledim, geçdim
jahandan,
Seni bildim ki jan ile jahan sen.
Görünen sen, gören sen-sen
gözümde,
Ne bar söýlemeseò, külli lisan sen.
Hakykat wehýi mutlakdyr bu
sözler,
Bu sözi bil ki andan terjiman sen.
Etegiò silk ahyr tozly
jahandan,
Ne ahyr zubdeýi köwnu mekan sen.
Nesimi, sür bu gün döwran
seniòdir,
Äjäp kim Hysrowy sahyp zaman sen.
Mendedir
Aºyka, gelgil bäri, jan
birle janan mendedir,
Zahyda, sen kaýda sen, nur ile iman mendedir.
Mendedir ol ýer-u göknüò
hikmeti hem gudraty,
Ot bile toprak, howa, suw, jümle ihsan mendedir.
- Hak tagala inderipdir
asmandan dört kitap,
Men any menzur kylman, çünki furkan mendedir.
Ne bakar sen ol kitapnyò
agyna, garasyna,
Aç gulagyò diòlegil, awazy Gurhan mendedir.
Men – Nesimi soralaram
ªahymerdan nesliden,
Ger kabul kylsa halaýyk aýdy gurban mendedir.
Sözi
Ähli magnynyò hemiºe dürru
merjandyr sözi,
Ger özi küfr olsa olsun gerçi imandyr sözi.
Içine bakgyl sen anyò, ne
bakar sen daºyna,
Daºyny daºgary taºla, göwheri kändir sözi.
Hak tagaladan saòa her dem
geler dürli hatab,
Rast sözlär sözüni ol ºahy destandyr sözi.
Jahylyò girme sözüne ki
akyl-u dana iseò,
Jahylyò wallah-billäh, külli ýalgandyr sözi.
Eý, Nesimi, kimse bilmez
bu magnynyò syrryny,
Sözle kim ähli magny derde dermandyr sözi.
Maglumatlar
Almagül Ýusubowanyò
«Türkmen edebiýatynyò taryhy ösüº döwürleri»
atly kitabyndan alyndy.
«Baºkent» bilim merkeziniò neºirleri.
Aºgabat 2005.
|