Eýran türkmenleriniò medeni, edebi we jemgyýetçilik žurnaly

 

ŽURNAL BARADA


Baº sahypa

Maksady

Redkollegiýa

 

ARHIW


Soòky sany

Ýyllara görä

 

GATNAªYK


Myhman depderi

Habarlaºmak üçin

Dost sahypalar

 

 
Her güne bir nakyl


 

 

 


 
Edebiýat / X - XV  asyr türkmen edebiýaty
Abu Seýit Abylhaýyr – Mäne baba

(967–1049)

Mäne babanyò doly ady Abu Seýit Fazlylla Ahmet bin Muhammet bin Ybraýym bolupdyr. Il arasyndaky ýörgünli ady Abu Seýit Abylhaýyr Mäneýidir. Mäne baba onuò lakamydyr. Ol 967-nji ýylda häzirki Kaka etrabynyò (orta asyrlardaky Abiwert, Bawert) Mäne obasynda dünýä inýär. Onuò ata-babasy tebipçilik bilen meºgullanypdyr. Abu  Sagydyò kakasyna Abu Haýyr diýipdirler.

Abu Seýit ýaº wagty gijelerine öýünden çykyp, guýa girip, asmana seredip, Hudaýa mynajat  eder eken. Okuwda aýratyn zehinliligi bilen tapawutlanypdyr. Ol obasynda baºlangyç bilim alandan soò, Marydaky medresede on ýyllap okaýar we öz döwrüniò  dini pelsepe ylmyna eýe bolup, Saragsa barýar. Saragsda pir Abul Fazyla mürit bolýar. Ýedi ýyldan soò pirinden pirlik hyrkasyny geýip, ak pata alyp, obasyna dolanýar.

Mänede Abu Seýit bilim berýär, halkyò arasynda, metjitlerde dini we ahlak mowzuklarda wagyz-nesihat edýär. Onuò iki ogly bolýar. Bir gezek Abu Seýit: “Men ýerde otyrkam uçup bilýärin, asmanda gezip ýörkäm ýerde suwa düºüp bilýärin” diýip men-menlik edýär. ªonda ogullarynyò ulusy ýogalýar. Abu Seýit üç günläp oglunyò guburyny gujaklap, aglap ýatýar. ªonda guburdan ses gelýär: “Amula, pir Aly Apbasyò ýanyna bar, toba et we mürit bol”.

Abu Seýit Amula (häzirki Türkmenabada) gidýär. Üç ýyllap pir Aly Apbasyò müridi bolýar. Aly Apbas oòa ikinji gezek hyrka geýdirýär we täzeden pirlik patasyny berýär. ªondan soò Abu Seýit hiç wagt men-menlik etmändir we adamzadyò mertebesini beýgeltmek, olaryò dost-doganlygyny, agzybirligini gazanmak ugrunda iº alyp barypdyr.

ªol döwürde Orta Aziýa, Eýran, Hindistan we Rumustan soltan Mahmyt Gaznalynyò elinde bolupdyr. Mahmyt Gaznaly Abu Seýidi köºge çagyrypdyr. Emma Abu Seýit barmandyr. Haçan-da Mahmyt Gaznaly ýogalandan soò, onuò ogly Masud Gaznaly ºa bolanda, Seljuk türkmenlerine çakdanaºa çydamsyz azap berip ugrapdyr. Munuò bilenem çäklenmän, uly goºun toplap, olaryò üstüne ýöriº edipdir. ªonda seljuk türkmenleriniò ýaº serkerdeleri Togrul beg bilen Çagry beg “Nätmeli?” diýen sowal bilen Mäne babanyò ýanyna maslahata barypdyrlar. “Indi söweºmeli–diýip, Mäne baba sözüni dowam etdiripdir. –Bilýän, Siziò goºunyòyz san taýdan az. Gep sanda däl. Arkaòyzda Alla bar. Ýeòiºem, geljegem Siziòkidir” diýip, Mäne baba olara ak pata beripdir.

1040-njy ýylyò Magtymguly aýynyò 24-inde Daòdanakan söweºinde seljuk türkmenleri oguz türkmenleriniò gaýy taýpasyndan bolan Masud ºany we onuò goºunyny çym-pytrak edip ýeòýär. ªu döwürden baºlabam Pamir daglaryndan Gara deòze çenli, Syrderýadan Ortaýer deòzine çenli hökümdarlyk eden seljuk türkmenleriniò döwri baºlanýar.

Emma Abu Seýit Mänede galypdyr. ªygyr döredipdir. Ylymly-bilimli adamlar bilen duºuºypdyr. Bir gezek ol belli alym Abu Aly ibn Sina bilen duºuºypdyr.

Abu Seýit Mäne babanyò goºgulary sada, düºnükli, çeper, örän many-mazmunly häsiýete eýedir. Onuò edebi mirasy biziò döwrümize dolulygyna gelip ýetmese-de, uly ºahyr bolandygy döwürdeºleriniò we soòky ýaºap geçen ýazyjy-ºahyrlaryò ýazgylarynda duº gelýär. Birnäçe ýazarlaryò iºlerine salgylanmak bilen köp alymlar Masguly Merwezi, Abu Seýit Mäne baba ýaly ºahyrlaryò atlaryny türkmen edebiýatynyò wekilleri hökmünde agzap geçýärler. Olaryò goºgularynyò halk arasynda saklanyp galmanlygynyò birnäçe sebäpleri bar. Birinjiden, olar goºgularyny arap-pars dillerinde ýazypdyrlar. Ikinjiden, Mäne baba medeni merkezlerden daºda, öz obasynda ýaºapdyr. ªol ýerde hem 1049-njy ýylda aradan çykýar. Ol 83 ýyl we dört aý ýaºaýar. Jemi 1000 (müò) aý ýaºapdyr. 1000 aý ýaºan adama bolsa “ªyhpany” diýipdirler.

Mäne babadan bir ogul–Abu Tahyr galýar. Ol köp ýyllap Mälik ºanyò köºgünde ulamalyk edýär.

 

Rubagylar

 

Gel, gel, her kes bolsaò, gel,

Kapyrmyò, gäwürmiò, butparazmyò, gel,

Bu gapy näumytlaò gapysy däldir,

Ýüz gezek tobany syndyrsaòam, gel.

 

* * *

 

Gözlerimden uky ornun sil aldy,

Kalbym seni görmek üçin suw oldy.

Diýýärler “uklagyl, düýºde görersiò”,

Uky nirde, ýürek-bagrym owuldy.

 

* * *

 

Haweranyò topragynda bar olmaz,

Kiºi meò iºime giriftar olmaz.

Seò jemalyò, haýru-yhsanyò üçin,

Ýüz-müò jany gurban bersem, ar olmaz.

 

* * *

 

Töwerekde selme, erºi-de argaç,

Ýol ugry miweli, miwesiz agaç,

Gök ýüzünde petreýän ak ýyldyz,

Söwer ýara salamymy aýdyp öç.

 

* * *

 

Minnet çekmezligi Hakdan dilegin,

Aýagna toz bolup, her bir telegiò,

Doga bilen iºimiz ýol almasa,

Üç talagyn biýrin çarhypelegiò.

 

* * *

 

Hijran ody bagrym birýan eýledi,

Gam tupany çeºmim girýan eýledi.

Bu köne dünýäniò hary-tikeni,

Oda-suwa salyp haýran eýledi.     

 


Maglumatlar Almagül Ýusubowanyò «Türkmen edebiýatynyò taryhy ösüº döwürleri» atly kitabyndan alyndy. «Baºkent» bilim merkeziniò neºirleri. Aºgabat 2005.
 

 

«Ýaprak» žurnaly döwlete degiºli däldir we ähli toparlardan, guramalardan, partiýalardan we birleºiklerden garaºsyzdyr.
«Ýapragyò» buýsanýany türkmen halkynyò medeniýeti, sungaty we edebiýaty barada garaºsyz
alyp barýanlygydyr.
 

© Ýaprak