Eýran türkmenleriniò medeni, edebi we jemgyýetçilik žurnaly

 

ŽURNAL BARADA


Baº sahypa

Maksady

Redkollegiýa

 

ARHIW


Soòky sany

Ýyllara görä

 

GATNAªYK


Myhman depderi

Habarlaºmak üçin

Dost sahypalar

 

 
Her güne bir nakyl


 

 

 


 
Edebiýat / XVIII - IX  asyr türkmen edebiýaty
Beýik Pyragynyò sarpasy

 

XVIII asyrda pany dünýäniò genilik peºgeºi türkmen topragyna gönderildi. Beýik Magtymguly 1733-nji ýylda Gürgen derýasynyò boýunda Kümmet Kowusyò golaýynda Hajygowºan (ªähri Hijran) obasynda Döwletmämmet Azady we Orazgül ejäniò maºgalasynda doguldy.


 

Magtymgulynyò okan medreseleri

 

Idris baba medresesi (Lebap/Türkmenistan),

Gögeldaº medresesi (Buhara/Özbegistan),

ªirgazy medresesi (Hywa/Özbegistan).


 

Magtymgulynyò syýahat eden ýerleri

 

Türküstan, Owganystan, Hindistan, Rumustan (häzirki Türkiýe) Kiçi Aziýa we arap ýurtlary.


Magtymgulynyò gubury

Magtymgulyny Etrek derýasynyò boýunda, “Aktokaý” gonamçylygynda, kakasy Döwletmämmet Azadynyò ýanynda jaýlaýarlar.

1999-njy ýylda bu ýerde gündogaryò ägirt uly söz ussatlaryna mahsus ýadygärlik dikeldildi. Bu ýadygärligiò açylyº dabarasyna Türkmenistanyò ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaºy hem gatnaºdy we giòiºleýin söz sözledi.


Magtymgulynyò Türkmenistandaky sarpasy

Her ýylyò Magtymguly aýynyò 18-ine Galkynyº, Agzybirlik we Magtymgulynyò ºygryýet baýramy bellenilýär.

Türkmenistanyò ähli ºäherlerinde diýen ýaly Magtymgulynyò ýadygärligi, seýilgähleri bar.

  

Türkmenistanyò ýaºlar guramasy Magtymgulynyò adyny göterýär.

Aºgabatda ýerleºýän Türkmen döwlet uniwersiteti Magtymgulynyò adyny göterýär.

Aºgabatda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry iºleýär.

 

ªahyryò dogduk mekany (ozalky Garrygala etraby) Magtymguly etraby diýlip atlandyryldy.

 

Ýylyò dördünji aýy (ozalky maý aýy) Magtymguly aýy diýlip atlandyryldy.

 

Türkmenistanda Magtymguly adyndaky Halkara baýragy barada komitet döredildi. Bu baýrak her ýyl ylymda we medeniýetde ägirt uly üstünlikleri gazanan ºahsyýetlere gowºurylýar.

 

Magtymgulynyò goºgulary birsyhly kitap bolup neºir edilýär.

Bularyò hemmesi Beýik akyldar ºahyra goýulýan çäksiz hormatyò beýanydyr.


Magtymgulynyò barada aýdylanlardan

 

Magtymgulynyò öòe süren ruhy ýörelgesi, ynsap, päklik, erkinlik, adalatlylyk ýörelgeleri türkmen halky üçin ºu günem juda-juda gymmatly bolmagynda galýar. Ol biziò gurjak bagtly ertirimizde-de ºeýle bolar. (Saparmyrat Türkmenbaºy).


 

Magtymguly türkmeniò poeziýasynda gymmatbaha daºlaryò biri bolup, ol biziò zamanamyzda täze ýüzügiò gaºynda gözüòi gamaºdyryjy ºöhlesi bilen lowurdaýar. (Professor E.E. Bertels)


 

Iòlisde meºhur Wilýam ªekspire deòelen ýekeje ºahyr bar. Ol - Magtymgyly. (Braýan Oldis).


 

Onuò (Magtymgulynyò) kitaby, Kurandan soò türkmenleriò arasynda uzak wagtlap ikinji orny eýelejekdir.. Magtymgulynyò eserleriniò biziò üçin gymmatlygy onda türkmen diliniò örän sap nusgalarynyò barlygyndadyr. Bu hili nusgalary onuò at, ýarag hakynda we º.m. temalara bagyºlap ýazan ºygyrlarynda görmek bolýar. Munuò ýaly ýagdaý gündogar halklarynyò edebiýatynda juda seýrek duº gelýär.

Toý-tomguda ýa-da ýönekeý bir üýºmeleòde Magtymgulynyò aýdymlaryndan aýdýan bagºyny diòlemek miýesser gelen pursatlary meniò aòymda asla ýitmejek täsir galdyrdy. Biz Etrekdekäk ºonuò ýaly bagºylaryò biri biziò öz çadyryny gurdy. Günlerde bir gün ol özüniò dutary bilen agºamara biziòkä geldi. Az wagtyò içinde ýaº ýetginjekleriò bir topary onuò daºyny gurºap alany üçin haýsy-da bolsa gahrymançylyk hakyndaky aýdymlaryò birini aýtmaly boldy. Ol ilki bada dutaryò taryna ýuwaº we sallamly kakyp, bogazyna salyp hiòlenmäge baºlady, bu aýdym däl-de hor çekmäge meòzeýärdi. Emma gyzyºandan soòra, dutaryna örän batly kakyp, sesi örän çasly çykmaga baºlady. Tarypy edilýän söweº gazaplaºdygy saýyn, bagºynyò we töweregindäki diòleýjileriò gitdigiçe ruhlary barha göterilip baºlady. Soòra ýaº çarwalar agraslyk bilen dem alyp, telpeklerini ýere urup, guduz açan ýaly saçlaryny penjeläp, öz-özleri bilen söweºe giren ýaly boldular. (Professor A. Wamberi).


 

Magtymguly irmän-arman iºläpdir, halkyna hyzmat edip, ölmez-ýitmez eserler döredipdir, dünýä edebiýatynyò egsilmez hazynasyna öz goºandyny goºupdyr. Halk öz ºahyryny söýüpdir, onuò düzen her bir setirini gyzyla gaplan ýaly edip nesilden-nesle geçiripdir. Sebäbi ol il-gün üçin, ýurt üçin hyzmat edipdir, halkyò duºmanlaryny ýakyp-ýandyryjy ýiti setirleri bilen paº edipdir. ªonuò üçinde ºahyryò iºleýän ussahanasy, ýaºan hüjresi döredijilik öýüne öwrülipdir, kim muºagra aýdyºypdyr, kim muamma düzüºipdir.

Türkmen topragynyò dürli künçlerinden kim atly, kim düýeli, kim eºekli ºahyryò täze-täze eserlerini diòlemek üçin, göçürip almak üçin, ýat tutmakdan ötri gelýänleriò yzy üzülmändir. Çünki halk ony özüniò söýgüli ºahyry, pähimli maslahatçysy, sarsmaz hemaýatçysy diýip tanaýar.Onuò eserleri bagºylaryò dilinde, ºahyrlaryò setirlerinde, jemagatyò aòynda ýurduò ähli künçlerinde belent owaz bilen ýaòlanýar. ªeýlelikde, beýik pähimdaryò özünden soòkulara “ýadygär galdyran” altyn fondy onuò hakyky eýelerine, türkmen halkyna gelip ýetdi. (Professor Mäti Kösäýew).


 

Magtymguly bütindünýä poeziýasynyò genji-hazynasyna giren ºahsyýet, goºgy bilen gürlän akyldardyr. (Resul Gamzatow).


 

Onuò ºöhraty indi bütin dünýä ýüzüne doldy. (Nikolaý Tihonow).

 

 


 

«Ýaprak» žurnaly döwlete degiºli däldir we ähli toparlardan, guramalardan, partiýalardan we birleºiklerden garaºsyzdyr.
«Ýapragyò» buýsanýany türkmen halkynyò medeniýeti, sungaty we edebiýaty barada garaºsyz
alyp barýanlygydyr.
 

© Ýaprak