Eýran türkmenleriniò medeni, edebi we jemgyýetçilik žurnaly

 

ŽURNAL BARADA


Baº sahypa

Maksady

Redkollegiýa

 

ARHIW


Soòky sany

Ýyllara görä

 

GATNAªYK


Myhman depderi

Habarlaºmak üçin

Dost sahypalar

 

 
Her güne bir nakyl


 

 

 


 
Edebiýat / XVIII - IX  asyr türkmen edebiýaty
Magtymguly Pyragy

 

ZOR BOLAR

 

Ýagºylykda ile özün tanydan –

Alkyº alyp, derejesi zor bolar.

Ýaman bolup, ýagºylygy unudan –

Öz yzzatyn gider, itden hor bolar.

 

Muòly bolar myradyna ýetmeýen,

Müýnli bolar hak emrini turmaýan,

Öz ryzkyna hiç kanagat etmeýen

Gözün diker, kiºi aºyna zar bolar.

 

Her kim ýamanlasa deòi-duºuny,

Özi müºgil eder asan iºini,

Kim dargatsa akyl bilen huºuny,

Eder iºin bilmez, ºermisar bolar.

 

Zehini keç bolar bady ýaòylan,

Biygtyýar bolar goly daòylan,

Göreºde ýykylan, jeòde ýeòilen,

Içi doly namys bilen ar bolar.

 

Gaýraty kem bolar gahary azyò,

Depgini pes bolar matamda sazyò,

Öýine barsaòyz, bir biòyýazyò,

Göwresi gysylar, köòli dar bolar.

 

Kim belany satyn alsa baºyna,

Reºk edip, rakyplar geçer daºyna,

Tokuº etse kim baºarmaz iºine,

Söwdasyndan gele bilse, är bolar.

 

Soòun toba etmez ýaòylyp-ýazan,

Ot ýaksaò gaýnamaz bir gury gazan,

Pähm ediò, her ýerde bir päli azan,

Ýowuz musallata sezewar bolar.

 

Hazyna dönüpdir ömrüm ter güli,

Nazaryn pes tutar ilden, bergili,

Biykbal, ýazykly, ýaman görgüli

Uçraº gelse, bir ýamana ýar bolar.

 

Öòde, yzda görseò her kes gulamyn,

Ondan aýamagyn taòry salamyn,

Kim okyp unutsa hakyò kelamyn,

Kyýamat gün iki gözi kör bolar.

 

Haly müºgil bolar köýüp-ýananyò,

Imany ºikest tapar haram iýeniò,

Kastdan roza, namazyny goýanyò,

Özi küfür, biliò, jaýy dar bolar.

 

Magtymguly, sözle her ne bileniò,

Özüòe kemlik bil aýtman öleniò,

Taraºlap, ºagratgyl köòle geleniò,

Senden soòkulara ýadygär bolar!

 

Magtymgulynyò ºygyrlarynyò mazmuny


 

«Ýaprak» žurnaly döwlete degiºli däldir we ähli toparlardan, guramalardan, partiýalardan we birleºiklerden garaºsyzdyr.
«Ýapragyò» buýsanýany türkmen halkynyò medeniýeti, sungaty we edebiýaty barada garaºsyz
alyp barýanlygydyr.
 

© Ýaprak