Eýran türkmenleriniò medeni, edebi we jemgyýetçilik žurnaly

 

ŽURNAL BARADA


Baº sahypa

Maksady

Redkollegiýa

 

ARHIW


Soòky sany

Ýyllara görä

 

GATNAªYK


Myhman depderi

Habarlaºmak üçin

Dost sahypalar

 

 
Her güne bir nakyl


 

 

 


 
Edebiýat / XVIII - IX  asyr türkmen edebiýaty
Magtymguly Pyragy

 

ÝYKMAÝAN ÄRDEN

 

Hiç köòül ºatlygy çykmaz

Bir köòül ýykmaýan ärden.

Ýagºylyk tamasyn etmäò,

Ýamanlyk çykmaýan ärden.

 

Kimse ile beglik eder,

Bir jem bilen ýola gider,

Kethudalyk ýyrak gider,

Ýaman söz çekmeýen ärden.

 

Ýagºy är il aýbyn açmaz,

Göre-bile haram içmez,

Ýaradan ýazygan geçmez,

Gözýaºyn dökmeýen ärden.

 

Eglenmez, eýýam öwrüler,

Zaman öter, nyrh çöwrüler,

Agyr döwletler aýrylar,

Bir agza bakmaýan ärden.

 

Goçaklara ýasaw güni,

Gurda goýmaz ºir awuny,

Pygamber bizar ýow güni,

Ýoldaºa bakmaýan ärden.

 

Öz-özünden akly ýetmez,

Akyllaryn sözün tutmaz,

Ýoksullyk ýok bolup gitmez,

On iº derk etmeýen ärden.

 

Magtymguly, ýangyl, öçgül,

Ýa lal otur, ýa dür saçgyl,

Bir guýruksyz itdir, gaçgyl

Nesihat ýokmaýan ärden!

 

Magtymgulynyò ºygyrlarynyò mazmuny


 

«Ýaprak» žurnaly döwlete degiºli däldir we ähli toparlardan, guramalardan, partiýalardan we birleºiklerden garaºsyzdyr.
«Ýapragyò» buýsanýany türkmen halkynyò medeniýeti, sungaty we edebiýaty barada garaºsyz
alyp barýanlygydyr.
 

© Ýaprak