Magtymguly Pyragy
ÝAT BOLAR
Muhammet
ummaty malsyz bolmasyn,
Malsyz
bolsa, dogan-gardaº ýat bolar.
Gaçara agaò,
iniò, bolmaz hatyraò,
Guwanar
duºmanyò, dostuò mat bolar.
Garyp aýak
ýalaò, kendir guºakdyr,
Bir märekä
barsa, orny aºakdyr,
Garyplar at
münüp, depse – eºekdir,
Döwletliler
eºek münse, at bolar.
Bir dileg
dileseò, möhümiò bitmez,
Dostuò ýhlas
bilen, merhemet etmez,
Märekede
aýdan sözüò jaý tutmaz,
Diòlemezler,
gury, sözüò bad bolar.
Göreº bir
abraý, uruº bir destdir,
Kiºini
kemsiden – özi näkesdir,
Bir mümüne
gybat etmek hebesdir,
Gybatkeºeiò
gazanany ot bolar.
Magtymguly,
ºükür eýlegil hudaga,
Ölüm
barabardyr ºah-u gedaga,
Bisabyr gül
tiz ýolugar belaga,
Sabyrly gul
dura-dura ºat bolar.
|