Eýran türkmenleriniò medeni, edebi we jemgyýetçilik žurnaly

 

ŽURNAL BARADA


Baº sahypa

Maksady

Redkollegiýa

 

ARHIW


Soòky sany

Ýyllara görä

 

GATNAªYK


Myhman depderi

Habarlaºmak üçin

Dost sahypalar

 

 
Her güne bir nakyl


 

 

 


 
Edebiýat / XVIII - IX  asyr türkmen edebiýaty
Magtymguly Pyragy

 

“TURGUL !” DIÝDILER

(Düýº)

 

Bir gije ýatyrdym tünüò ýarynda,

Bir tört atly gelip: “Turgul !” diýdiler.

“Habar biýrmiz saòa pursat jaýynda,

ªol ýerde ärler bar, görgül” diýdiler.

 

Nazarym ýetiºgeç ºol tört merdana,

Köòlüm joºa geldi, baºym gerdana,

ªol wagtda bar idi iki diwana:

“Durma, oglan, anda bargyl !” diýdiler.

 

ªol iki diwana tutdy golumdan,

Alyban gitdiler durgan ýerimden.

Bir yºarat boldy anyò birinden:

“Seýranda baryban durgul !” diýdiler.

 

Olturypdyk, geldi iki pirzada,

Gözünden ýaº akar, dili dogada,

“Hüw, hak !” diýip çykdy alty pyýada,

“Adam indi geler, görgül !” diýdiler.

 

Bir tört atly geldi, bary sebzebaz,

Asalary ýaºyl, aty teblebaz.

“Mejlis halkasyny gurmaò beýle az,

Adam köpdür, ulug gurgul !”diýdiler.

 

Daºdan çykdy, altmyº atly gördüler,

“Muhammet !” diýip, tamam garºy ýördüler,

Saglyk-salamatlyk bir-bir sordular,

“Durmaò, ulug jaýa ýörgül !” diýdiler.

 

Bir atyò ardyna meni berdiler,

Seýranda ºol jaýa baryp durdular,

Tamam olturdylar, mejlis gurdular,

“Oglan-maòa-ara girgil!” diýdiler.

 

“Alydyr” diýdiler, tutdy destimden,

Borýa düºegimi aldy astymdan.

Men bilmedim, bir zat guýdy üstümden,

“Ýolugan döwrandyr, sürgül!” diýdiler.

 

Haýdardan soradym barça atba-at:

“Hazreti pygamber oldur, bolma ýat,

Ol Selim hojadyr, ol Baba zürýat,

Ol Weýsel Karadyr, bilgil!” diýdiler.

 

“Ol Bahaweddindir, ol hem bir ärdir,-

Biri Zeòòi Baba ol-da namdardyr,

Ol söýenºip duran tört çaryýardyr,

Maksadyò ne bolsa aýgyl!” diýdiler.

 

ªol wagytda duran iki ºeýhi-ºap,

“Bu oglana pata beriò – diýdi – sap –

Ýüz ýigrimi tört müò enbiýa, eshap,

Barysy ºolardyr, bilgil!” diýdiler.

 

Resululla aýdy: “Ýa, ªahymerdan,

Eýa, Selim hoja, ýa, Baba Selman,

Ebubekir-Sytdyk, ýa, Omar, Osman,

Bu gulnuò maksadyn bergil!” diýdiler.

 

Selim, Baba Selman buýurdy merde,

Pyýalany tutup, saldylar derde,

Gitdi akyl huºum, ýatdym ºol ýerde

“Arºda, ferºde ne bar, görgül!” diýdiler.

 

Ýel boldum, ýügirdim ýeriò damarna,

Nazarym tokundy Arºyò kemerne,

“Jebrut äleminde Jelil syryna –

Gelip, özüò garap götgül!” diýdiler.

 

Näge hyýal etsem, ele getirdim,

Kaýda baksam, aòa nazar ýetirdim,

Bu hal ile men parahat ýatyrdym,

Ýüzüme tüýkürip: “Tur gul!” diýdiler.

 

Resululla aýdy: “Eshaplar, ýörüò,

Oglany uzadyò, bir pata beriò,-

Buýurdy tört atla, eltip tabºyryò,

Getirgen jaýyòda goýgul!” diýdiler.

 

Turup, Magtymguly gözün açypdyr,

Serine ne köýler gelip geçipdir,

Hyra ner dek ak köpükler saçypdyr,

“Oglan, Alla ýaryò bargyl, bargyl!” diýdiler.

 

Magtymgulynyò ºygyrlarynyò mazmuny


 

«Ýaprak» žurnaly döwlete degiºli däldir we ähli toparlardan, guramalardan, partiýalardan we birleºiklerden garaºsyzdyr.
«Ýapragyò» buýsanýany türkmen halkynyò medeniýeti, sungaty we edebiýaty barada garaºsyz
alyp barýanlygydyr.
 

© Ýaprak