Magtymguly Pyragy
TÜRKMEN
BINASY
Gurdugym
aslynda bilgil, bu zeminiò myhydyr,
Erer ol
erkan mydam, budur ki türkmen binasy.
Terki-dünýä
eýleýip, gelse rakyplar gaºyna,
Bil,
polatdan bina bolgan, budur türkmen galasy.
Süleýman hem
Rüstem, Zal, Jemºit oòa bolmuº geda,
Günde ýüz
müò salsa leºger, degmez ºanyò belasy.
Daglar ondan
alar taglym, leºgeri sap-sap durar,
Her salanda
zülpükaryn artar ýigitniò höwesi.
Teke, ýomut,
ýazyr, gökleò, Ahal ili bir bolup.
Kylsa bir
jaýga ýörüiºni, açylar gül lälesi.
Külli
gyzylbaº baryny atdy dag arkasyna,
Gije-saba
ýatmaýyr, geler olarnyò nalasy.
Her ýan
gadam ursa saýýat, bolmaýyr olduºgär,
Bendi kylyp
alabilmez, düºmez türkmen balasy.
Aryflar
dem-dem geler, toýy bardyr her zaman,
Merdi-merdan
sözüdir ol, ýokdur köòül hilesi.
Aýdadyr
Magtymguly, ýokdur köòülde bir gara,
Hak sylaýyp,
kylymyº nazar, bardyr onuò saýasy.
|