Eýran türkmenleriniò medeni, edebi we jemgyýetçilik žurnaly

 

ŽURNAL BARADA


Baº sahypa

Maksady

Redkollegiýa

 

ARHIW


Soòky sany

Ýyllara görä

 

GATNAªYK


Myhman depderi

Habarlaºmak üçin

Dost sahypalar

 

 
Her güne bir nakyl


 

 

 


 
Edebiýat / XVIII - IX  asyr türkmen edebiýaty
Magtymguly Pyragy

 

SÖÝMܪEM SENI

 

Ýa habyp, hak resuly sen,

Çyn jandan söýmüºem seni.

Derwüºler gadyr gijesiò

Söýen dek söýmüºem seni.

 

Eýleýip seýr-u seýrany,

Keºt etsem killi Eýrany,

Misli Ybraýym Sarany

Söýen dek söýmüºem seni.

 

Ýakup ýurt etdi Kengany,

Ogludyr Müsür soltany,

Misli Ýusup Züleýhany

Söýen dek söýmüºem seni.

 

Ýalançyny tutdy ady,

Olardyr yºkyò binýady,

Majnun Leýli perizady

Söýen dek söýmüºem seni.

 

Dildi daglaryò zirini,

Tapmaýan biri-birini,

Aºyk Perhat ol ªirini

Söýen dek söýmüºem seni.

 

Egdi meni düòýe maly,

Bolmady yºkym kemaly.

Seýpelmelek Mahjemaly

Söýen dek söýmüºem seni.

 

Basdy muhubbet nyºany,

Keºt eýledim çar köºäni,

Ýemende Warka Gülºany

Söýen dek söýmüºem seni.

 

Gitdi elden ygtyýary,

Galmady sabr-u karary.

Aºyk Nowruz, Gül-Ferhary,

Söýen dek söýmüºem seni.

 

Bir gün ýolukdylar Hyzra,

Durdular nyýaza, nezre,

Bir-birini Wamyk, Uzra

Söýen dek söýmüºem seni.

 

Gezdiler Rumuò düzüni,

Berdiler hakyò karzyny,

Aryzda Ganbar Arzyny

Söýen dek söýmüºem seni.

 

Tutmady olar dünýäni,

Galmady ýary-ýarany,

Misli ol Tahyr-Zöhräni

Söýen dek söýmüºem seni.

 

Bu dünýä goýupdyr kimi,

Hoº tutuò bäº günlük demi,

Aºyk Garyp ªasenemi

Söýen dek söýmüºem seni.

 

Magtymguly, dünýä pany,

Ötüpdir Rüstemler, kany?

Aý, Gün-u Zemin, asmany

Söýen dek söýmüºem seni.

 

Magtymgulynyò ºygyrlarynyò mazmuny


 

«Ýaprak» žurnaly döwlete degiºli däldir we ähli toparlardan, guramalardan, partiýalardan we birleºiklerden garaºsyzdyr.
«Ýapragyò» buýsanýany türkmen halkynyò medeniýeti, sungaty we edebiýaty barada garaºsyz
alyp barýanlygydyr.
 

© Ýaprak