Eýran türkmenleriniò medeni, edebi we jemgyýetçilik žurnaly

 

ŽURNAL BARADA


Baº sahypa

Maksady

Redkollegiýa

 

ARHIW


Soòky sany

Ýyllara görä

 

GATNAªYK


Myhman depderi

Habarlaºmak üçin

Dost sahypalar

 

 
Her güne bir nakyl


 

 

 


 
Edebiýat / XVIII - IX  asyr türkmen edebiýaty
Magtymguly Pyragy

 

ªYPA BER

 

Bu çölde rehm eýle garyp halyma,

Älemni ýaratgan subhan, ºypa ber!

Çoh yzaly, dertli ºirin janyma

Ýa, Mustafa, fahry-jahan, ºypa ber!

 

On iki ymam, biri-birinden serwer,

Ýedi weli, ýaran bolup, medet ber,

Meºhet, Gara Baba, ýa ªiº pygamber,

Hasan, Huseýin, ªahymerdan, ºypa ber!

 

Nuh pygamber, nazar eýle bir nepes,

Ömrümi bihuda geçirdim – ebes.

Zekeriýa pygamber, ýa, Hyzyr, Ylýas,

Kowus, Kyýas, Musa, Ymran, ºypa ber!

 

Ybrahymyò jandan aýryldy taby,

Käbä baran hajy tapar sowaby,

Gara Älem ata, ýa Halat nebi,

Gözli ata, Baba Selman, ºypa ber!

 

Ogul döwletini bermän egesi,

Yzynda bir nyºan ýokdur nowasy,

Döw-periniò, ynsyò, jynsyò patºasy,

Soltan bolan ºa Süleýman, ºypa ber!

 

Özüò dogry gözle, ýa rebbim jelil,

Barçanyò ryzkyna özüò sen kepil,

Ýa Dawut, ýa Jirjis, Ybraýym Hlyl,

Ebabekir, Omar, Osman, ºypa ber!

 

Dat eýläp, tilimden kyldym pyganlar,

Ýaº ýerine akdy gözümden ganlar,

Horezm ýurdunda ýatan jananlar,

Ismi Mahmyt – är päliwan, ºypa ber!

 

Möwlam, ýetir mesgenime, ýurdyma,

Ýüzüm düºsün arslanyma, gurdyma,

Magtymguly aýdar, meniò derdime

Dünýäniò tebibi – Lukman, ºypa ber!

 

Magtymgulynyò ºygyrlarynyò mazmuny


 

«Ýaprak» žurnaly döwlete degiºli däldir we ähli toparlardan, guramalardan, partiýalardan we birleºiklerden garaºsyzdyr.
«Ýapragyò» buýsanýany türkmen halkynyò medeniýeti, sungaty we edebiýaty barada garaºsyz
alyp barýanlygydyr.
 

© Ýaprak