Magtymguly Pyragy
SAZYNA
DEGMEZ
Bezimniò
lezzetin bilmeýen adam,
Hünärli
ýigidiò sazyna degmez.
Betsyýakly,
bethüý bolan pis adam
Perizadyò
eden näzine degmez.
Bimagnynyò
sözi janyòdan öter,
Gybat edip,
özi günäge batar,
Ýamanyò
zyýany iline ýeter,
Nadanyò
peýdasy özüne degmez.
Adam bardyr,
any ºalar çagyrdyr,
Adam bar,
zulm edip, garyp agyrdar,
Adam bar,
per düºek ýanyn agyrdar,
Adam bardyr,
ak kiz dyzyna degmez.
Muhannesin
bolmaz namysy-aòy,
Bir söweº
gününde eýlemez jeòi,
Aga-begler,
muhannesiò on müòi
Mert ähliniò
alty ýüzüne degmez.
Magtymguly,
döwran soòudyr adem,
Lahat atly
öýe goýar sen gadam,
Magny söz
aòlamaz biakyl adam
Danalaryò
aýdan sözüne degmez.
|