Magtymguly Pyragy
SAN
BOLSAM
Jam göterip,
baryp ýetdim bir bapdan,
Hyrka geýip,
il içinde san bolsam;
Tün içinde
baryp beýtulla tapdan,
Zar ýyglaýan
sahyplarda hun bolsam.
Abu Sagyt,
Omar Haýýam, Hemedany,
Firdöwsi,
Nyzamy, Hafyz perwany,
Jelaleddin
Rumy, “Jame ul-many”,
Alarnyò
jaýynda men hem kän bolsam.
Damganyda
ýörgen ussat Nowaýy,
“Çar
diwany”, “Perhat-ªirin” zybaýy,
Zahyreddin
Babur, “Mizan-öwzany”,
Gaºlaryna
baryp men Mejnun bolsam.
Okyp bildim
Saadynyò men “Bostanny”,
Gör, ne ajap
Hakanynyò “Meýdany”,
Istär men
“ªahnama”, “Sakynamany”,
Halyf Omar
birlen Süleýman bolsam.
Salman
Afsaly serhoº eýleýip,
Bähram Gury
tutup, mehduº eýleýip,
Azadud-döwläni bir guº eýleýip,
Abu Mähfuz,
Gyzyl Aslan han bolsam,
Ebubekir gan
ýyglap farsda galsa,
Aly, Mämün,
Abisdama deò bolsa.
Zünnun
baryp, Rüstem Zala zor salsa,
Rüstemiò
derdine men derman bolsam,
Galen
Eflatuna ýolun görkezip,
Dawut, Osman
bilen Aly ürküzip,
Kubat pederi
Hosrawyny gorkuzyp,
Olar diýgen
bilen din-iman bolsam.
Arbalet
golunda, eý Magtymguly!
Rüsteme
Iskender hiç tutmaz ýoly,
Ne bolsa,
bilgeý sen ilat hyýaly,
Dertliler
alnyòda men Lukman bolsam.
|