Eýran türkmenleriniò medeni, edebi we jemgyýetçilik žurnaly

 

ŽURNAL BARADA


Baº sahypa

Maksady

Redkollegiýa

 

ARHIW


Soòky sany

Ýyllara görä

 

GATNAªYK


Myhman depderi

Habarlaºmak üçin

Dost sahypalar

 

 
Her güne bir nakyl


 

 

 


 
Edebiýat / XVIII - IX  asyr türkmen edebiýaty
Magtymguly Pyragy

 

PAª EDER SENI

 

Içki syryò aýtma her bir namarda,

Syryò ile ýaýyp, paº eder seni!

Ogry-kezzap bilen obadaº bolma,

Malyòdan aýyryp, aç eder seni!

 

Sam-sam adam bilen oturma, turma,

Zynhar, namart bilen sen söhbet gurma,

Gadyrdan dostuòdan ýüzüò öwürme,

Barsaò, depesine täç eder seni!

 

Bir goç ýigit näzenine ýar bolsa,

Jemalyny bir görmäge zar bolsa,

Aralykda bir ºum rakyp bar bolsa,

Ýagºy dostuò bilen öç eder seni!

 

Sopular ýaòylyp aýtmaz senany,

Säher tursaò, geçgeý barça günäni,

Aýtmawer gybat söz, etme zynany,

Dowzahyò oduna duº eder seni!

 

Magtymguly, ile ýaýdyò nesihat,

Zynhar, ýaman bilen bolmagyn ülpet,

Huda berse sagadatly bir perzent,

Garrygan çagyòda ýaº eder seni!

 

Magtymgulynyò ºygyrlarynyò mazmuny


 

«Ýaprak» žurnaly döwlete degiºli däldir we ähli toparlardan, guramalardan, partiýalardan we birleºiklerden garaºsyzdyr.
«Ýapragyò» buýsanýany türkmen halkynyò medeniýeti, sungaty we edebiýaty barada garaºsyz
alyp barýanlygydyr.
 

© Ýaprak