Magtymguly Pyragy
OTUR-TURUªYN
GÖRÜÒ
Her ýigidiò
aslyn bileý diýseòiz,
Märekede
otur-turuºyn görüò!
Birew bilen
aºna bolaý diýseòiz,
Owwal
ykrarynda duruºyn görüò!
Uzak ýola
gidip geler bolsaòyz,
Merdanalyk
gyljyn çalar bolsaòyz,
Bir bedewi
saýlap alar bolsaòyz,
Synasyn,
sagrasyn, geriºin görüò!
Bir pul
düºse bir üflasyò goluna,
Göwsün açypl
gezer gyºyò ýeline,
Hyrydar
bolsaòyz gyza, geline,
Edebin,
ekramyn, oturºyn görüò!
Goç ýigidiò
at-ýaragy ºaý bolsa,
Ýetiºer her
ýerde haý-da haý bolsa,
Özi Hatam
bolup, ýene baý bolsa,
Çar tarapdan
myhman geliºin görüò!
Bir niçäni
kyldyò maly-bisýary,
Bir niçäni
kyldyò bir puluò zary,
Ýagºy-ýaman,
barça adamyò bary
Nobat bile
ötüp baryºyn görüò!
Taòry bizar
erer zekatsyz baýdan,
Zynhar siz
hem gaçyò ol gelen jaýdan,
Merde her iº
düºse, görer hudaýdan,
Namardyò
hemradan görüºin görüò!
Namart ýörer
mydam ölümden gaçyp,
Öýüne
gelende, zäherin saçyp,
Mert ýigit
ölüme synasyn açyp,
Meýdanda
ters söweº guruºyn görüò!
Zalymlar
unudar zikri-Allany,
Arzan
alyp-gymmat satar gallany,
Süýthor
naýynsaplar halal tyllany,
Haram
peýdasyna beriºin görüò!
ªeýtan
melgun hergiz tagat etdirmez,
Haramdan
gaýtarmaz, halal ýutdurmaz,
Namaza
uýdurmaz, roza tutdurmaz,
Lagnaty
ºeýtanyò talaºyn görüò!
Goç ýigidiò
iºi söhbet-saz bolar,
Köòli gyº
bolmaýyn, daýym ýaz bolar,
Ýagºynyò
köòlünde kine az bolar,
Ýamanyò her
günde uruºyn görüò!
Gadyrdan
gardaºdan uzak, daº bolup,
Gadyrsyz ýat
bile garyndaº bolup,
Magtymguly,
näsazlar duº bolup,
Hojanyò,
seýidiò ýörüºin görüò!
|