Magtymguly Pyragy
OGLUM –
AZADYM
Azady:
- Paº eýle
syryòny, saklama pynhan,
Emma ki,
sözümden çykmagyl, oglum!
Günde ýüz
köý geler-geçer bu baºa,
Agyrtma,
köòlümi ýykmagyl, oglum!
Magtymguly:
- Utanardym,
syrym paº eýlemezdim,
Paº ederin,
habar alsaò, Azadym!
Ýüz köý
geler-geçer her gün bu baºa,
Istäri bar,
sapar kylsak, Azadym!
-Jepa urma
özüò, çagyr möwlany,
Arzuwlama
hany, begi, soltany,
Besdir bize
owwal taòry bereni,
Aldyrma
köòlüòni, gitmegil, oglum!
-Gidenimiz
ýok alty bile, bäº bile,
Seýran etsek
niçe deò-u duº bile.
Meger ºonda
gamgyn köòlüm hoº bola,
Könül
galkar, karar etmez, Azadym!
-Werziºiò
ýok, ýaº sen, gide bilmer sen,
ªöwür bar,
ºowhun bar, çyda bilmer sen,
Her iºe baº
goºup, ede bilmer sen,
Gitmeklik
ýagdaýyn etmegil, oglum!
-Kiºi
sözlemeýen, syry paº olmaz,
Ýagºydan,
ýamandan aòlan ýaº olmaz,
ªu gez
ibermeseò, köòlüm hoº olmaz,
Raýymyz
gaýtarma, goýber, Azadym!
-Bizi beýle
niçik terk edesiò bar?
Bu ýol
bihudadyr, bir gidesiò bar.
Gel,
gitmegil, saòa köp terhosym bar,
Gaýgy,
harajata batmagyl, oglum!
-Kalbyma
giripdir yslam höwesi,
Teòòedir,
dirhemdir halkyò tamasy,
Köòlüm narow
etme, kylma terhosy,
Bir sapar
iºidir, goýber, Azadym!
-Kuran okyp
gezgil, ýagºy kelamdyr,
Birehim
owgandyr, dini yslamdyr,
Garakçydyr
ýollar, hyzdyr, haramdyr,
Ölermiò,
galarmyò, gitmegil, oglum!
-Syanýyn,
göreýin, bu gün ykbalym,
Ýagºy gün,
hoº sähet gelipmi salym,
Kast edip
janymga, ýetse ajalym,
Bu ýerde hem
bolsa, tapar, Azadym!
-Bilgeºleýin
özüò nirä atar sen?
Niçik iºdir,
muny beýle tutar sen?
Diýgil ahyr,
kimiò bilen gider sen?
Dem tartyp,
her ýana, bakmagyl, oglum!
-Jylawdary
bolmaz Ýazyr han piriò,
Köòül guºy
perwaz urar pakyryò,
Bu gün ýedi
gündür, “alhamd” okyryn,
ªat eýle
köòlümi, goýber, Azadym!
-Azady diýr,
bile sapa süreli,
Eýsem
ibereli, synap göreli,
“Amin” diý,
tur, oglum, pata bereli,
Bir taòry
ýar olsun saòa, git, oglum!
-Magtymguly
aýdar: galmyºam çohdan,
Köòül guºy
telwas urar yrakdan,
Her ýerde
saglygym iste ol hakdan,
Doga kylyp, haka ýalbar, Azadym!
|