Eýran türkmenleriniò medeni, edebi we jemgyýetçilik žurnaly

 

ŽURNAL BARADA


Baº sahypa

Maksady

Redkollegiýa

 

ARHIW


Soòky sany

Ýyllara görä

 

GATNAªYK


Myhman depderi

Habarlaºmak üçin

Dost sahypalar

 

 
Her güne bir nakyl


 

 

 


 
Edebiýat / XVIII - IX  asyr türkmen edebiýaty
Magtymguly Pyragy

 

NURANA DܪMEZ

 

Gözlerimniò röwºeni

Ajap nurana düºmez.

Bagy-Erem gülºeni

Pany-jahana düºmez.

 

Boº goýup sen bu seri,

Urdy yºkyò eseri,

Jan ºehrinde bir peri

Bazar-dükana düºmez.

 

Söwdigim ºirin jandyr,

Ol perige gurbandyr,

Külli aºyk haýrandyr,

Ataº-suzana düºmez.

 

Men pakyram, neýläýin,

Derdi-halym söýläýin,

Ýarym taryp eýläýin,

Gaýry zybana düºmez.

 

Türküstandyr hyýalym,

Açgyl, taòrym, sen ýolum,

Hijran dargydan salym

Däli ummana düºmez.

 

Syýadyr biten güli,

Emma ºirindir tili,

Deºt içre arap ili

Adyl permana düºmez.

 

Gözüm görmüº Hindistan,

Eýran hem Owganystan,

Umman, Hazar, Dehistan…

Ýörsem, mizana düºmez.

 

Mert ýigide ber gaýrat,

Weýrany kylgyl abat,

Ötgür gylyç, arap at

Päli ýamana düºmez.

 

Kybla tutar men ýüzüm,

Galat imesdir sözüm,

Magtymguly diýr, gözüm

Gaýry watana düºmez.

 

Magtymgulynyò ºygyrlarynyò mazmuny


 

«Ýaprak» žurnaly döwlete degiºli däldir we ähli toparlardan, guramalardan, partiýalardan we birleºiklerden garaºsyzdyr.
«Ýapragyò» buýsanýany türkmen halkynyò medeniýeti, sungaty we edebiýaty barada garaºsyz
alyp barýanlygydyr.
 

© Ýaprak