Eýran türkmenleriniò medeni, edebi we jemgyýetçilik žurnaly

 

ŽURNAL BARADA


Baº sahypa

Maksady

Redkollegiýa

 

ARHIW


Soòky sany

Ýyllara görä

 

GATNAªYK


Myhman depderi

Habarlaºmak üçin

Dost sahypalar

 

 
Her güne bir nakyl


 

 

 


 
Edebiýat / XVIII - IX  asyr türkmen edebiýaty
Magtymguly Pyragy

 

NÄME SEN?

 

Asla seni görmemiºem, dildarym!

Gumrymy sen, bilbilmi sen, näme sen?!

Gamgyn köòlüm hyýalyòda aldaram,

Bag içinde gülgülmi sen, näme sen?!

 

Garaçymyò, ýa seýitmiò, hojamyò,

Ýa sakymyò, ýa ºerapmyò, ýa jammyò,

Ýa ýylmy sen, ýa gündizmiò, gijemiò,

Ýa Aýmy sen, ýa Günmi sen, näme sen?!

 

Ýa müºkmi sen, ýa kokunar anbarmyò,

Aýda bilmen, ýa çarhmy sen, çenbermiò,

Ýa derýamyò, ýa möwçmi sen, lenbermiò,

Ýa girdapmyò, ýa burgunmyò, näme sen?!

 

Altynmy sen, kümüºmi sen, zermi sen,

Ýa arºmy sen, ýa kürsmi sen, ýermi sen,

Ýa ýakutmyò, ýa merjenmiò, dürmi sen,

Ýa çyragmyò, ýa röwºenmiò, näme sen?!

 

Magtymguly, geç namysdan, aryòdan,

El götergil bu wepasyz käriòden,

Jahan doly, sen gapyl sen ýaryòdan,

Meý-mestmi sen, ýa ºeýdamyò, näme sen?!

 

Magtymgulynyò ºygyrlarynyò mazmuny


 

«Ýaprak» žurnaly döwlete degiºli däldir we ähli toparlardan, guramalardan, partiýalardan we birleºiklerden garaºsyzdyr.
«Ýapragyò» buýsanýany türkmen halkynyò medeniýeti, sungaty we edebiýaty barada garaºsyz
alyp barýanlygydyr.
 

© Ýaprak